Beýik Göreş
6—Njy Bap.
Gus We Iýeronim
Hoş Habar Begimiýa baryp, IX ýüzýyllykda aralaşdy. Mukaddes Kitap terjime edildi, şonuň üçin köpçülikleýin ýygnanyşyklar halkyň ene dilinde geçýärdi. Yöne papalygyň häkimligi ulaldygyça, Hudaýyň Sözide, kem - kemden öçürilip, ikinji derejeli bir zat boldy. “Patyşalaryň tekepbirligini ýatyrmagy” özüne wezipe edip alan Grigoriý VII halky gul etme isleginde özünden öňkülerden pes däldi. Şol sebäpdenem, şu maksada eýerip, ol çeh dilinde ýygnanyşyk geçirmäni gadagan edýän bullany çykardy. Papa: “Gullugyň nätanyş dilde geçirilmegi Hudaýyň isleýän zadydyr, bu karary ýerine ýetirmezligiň netijesinde her hili butparazlyk hem ýeretik taglymatlar peýda boldy” diýdi. Şeýdip, Rim Hudaýyň Sözüniň ýagtylygyny öçürip, halky garaňkyda goýjak boldy. Ýöne Gökler ýygnagy saklamanyň başga ýoluny tapdy. Fransiýada we ltaliýada yzarlanylan waldensleriň we albigoýslaryň köpüsi Bogemiýa göçüp geldiler. Olar aç - açan wagyz etmeseler-de, barybir gizlin işlediler, özlerem juda janypkeşlik bilen işlediler. Şeýle ýol bilen hakyky iman taglymaty ýüzýyllyklardan ýüzýyllyklara geçirildi. BG 82.1
Gusdan öňem, Bogemide ybadathanalardaky haramçylyklary we halkyň arasyndaky azgynçylyklary ýazgarýan adamlar bolupdyr. Olaryň garaýyşlary iň uly gyzyklanmalary döredipdir. Gorka düşen dini ýolbaşçylar Hoş Habaryň şägirtlerine garşy aýaga galdylar welin, yzarlamalar başlandy. Tokaýlarda we daglarda ýygnanyşyklar geçirmäge mejbur bolan bu adamlary esgerler yzarladylar, şeýdip, olaryň köpüsi gurban boldular. Soňrak Rim ynamyny wagyz etmeýänleri otda ýakmak barada karar çykaryldy. Ý öne mesihiler janlaryny bermek bilen öz işleriniň dabaralanmagyna bil bagladylar. Görgi görenleriň biri: “Gutulyş diňe haça çüýlenilen Halasgäriň üsti bilen alynýar” diýip öwredýär. Şol hem ölümiň öň ýanynda: “Häzir hakykatyň duşmanlarynyň gazaby bizden üstün çykdy, ýöne hemişe beýle bolup durmaz. Ýönekeý halkyň arasyndan gylyçsyz, häkimliksiz biri çykar, duşmanlarynyň oňa garşy çykmaga güýji ýetmez” diýýär. Lýuteriň döwri entek uzakdady, ýöne Rime garşy eden şaýatlygy halklary tolgundyrmaly bolan adam eýýäm doglupdy. BG 82.2
Yan Gus ýönekeý maşgaladan gelip çykdy. Ol kakasynyň ölüminden soň, ir ýetim galdy. Onuň bilimi we “Rebden gorkmany” iň gymmat hazyna hasaplan takwa ejesi bar güýji bilen şol mirasy ogly üçin gazanmaga dyrjaşdy. Ilki Gus şäherçedäki liseýde okadyda, ondan soň, Pariž uniwersitetine okuwa girdi. Ol bu uniwersitete mugt okuwa alyndy. Gus ejesi bilen Praga ugrady. Öz ogluna hiç zat berip bilmedik görgüli dul aýal beýik şähere ýakynlaşanda, dyza çöküp, ýetim galan ýigidiň ýanynda Gökdäki Atasyndan onuň üstüne ak patalaryny guýmagyny ýalbaryp sorady. Onuň öz dogasyna nähili jogabyň boljakdygyny öňünden göreni gümanadyr. BG 83.1
Uniwersitetde Gus özüniň ýadawsyz janypkeşligi we ajaýyp üstünlikleri bilen tapawutlanyp başlady. Onuň halal durmuşy, ýumşak, ýakymly äheňleri ählumumy hormata eýe boldy. Ol Rim Ybadathanasynyň wepaly janköýeridi, şonuň üçin onuň ak patasyny almagy jany - teni bilen isleýärdi. Haýsydyr bir baýramçylyk mynasybetli onuň toba etmäge gidýän, wada berlen bagyşlamany almak üçin ýörişlere gatnaşýan wagtlaram bolýardy. Uniwersiteti gutarandan soň, ol ruhany boldy. Bu wezipesinde-de tapawutlanandygy üçin ol imperatoryň köşgüne çagyrylýar. Ol şeýle hem, professor bolýar, ondan soňam, öz bilim alan uniwersitetiniň rectory bolýar. Bary - ýogy birnäçe ýyldan soň, okuwyna tölemäge serişdesi bolmadyk sadaja okuwçy ýurduň buýsanjy boldy, şonuň üçin onuň ady bütin Yewropa belli boldy. BG 83.2
Yöne Gus Reformasiýanyň işini başga wezipede başlady. ruhy derejäni alanyna birnäçe ýyl geçenden soň, ol Beýtullaham kapellasynyň wragyzçysy wezipesine bellenilýär. Kapellany esaslandyryjy çeh dilinde wagyz edilmegine rugsat berilmegi üçin tagalla edip, muňa aýratyn ähmiýet berdi. Rimiň garşy çykmasyna garamazdan, barybir Bogeminiň käbir ýerlerinde ene dilinde wagyz edildi. Ýöne halk umumylykda Mukaddes Kitaby bilmeýärdi, şol sebäpdenem, jemgyýetiň gatlaklarynyň arasynda iň ýigrenji günäler gülläp ösýärdi. Gus Hudaýyň Sözüne salgylanyp, ýamanlygy rehimsizlik bilen ýazgaryp, adamlaryň aňlaryna hakykat we arassalyk düşünjelerini guýdy. BG 83.3
Praganyň ýaşaýjylarynyň biri, soňy bilen Gusuň ýakyn egindeşi bolan Iýeronim Angliýadan gaýdyp gelende, özi bilen Uiklifiň ýygyndylaryny getirýär. Angliýanyň Uiklifiň ýygyndylaryny kabul eden şa zenany durmuşa çykmazyndan ozal bogem şa gyzydy. Onuň howandarlygy astynda reformatoryň işleri şa zena nynyň öz ýurdunda giňden ýaýradyldy. Gus şol ýygyndylary ürç edip okaýar. Ol bu ýygyndylaryň awtoryny hakyky mesihi hasaplap, onuň teklip edýän reformalaryny kabul etmäge taýýar bolýar. Gus muňa doly akyl ýetirmesede, öziini rim Ybadathanasyndan uzaklary alyp gitmeli bolan ýola düşdi. BG 83.4
Şol wagt Praga Angliýadan iki sany daşary ýurtly gelýär. Nuruň täsir eden bu bilimli adamlary uzakdaky bu ýurtda-da ony ýaýratmak isleýärdiler. Papanyň ýolbaşçylygyna garşy çykyşlary aç - açan başlandyklary sebäpli, olar häkimiýet tarapyndan bolan yzarlamalar zerarly, özleriniň usullaryny derrew üýtgetmeli boldular. Wagyzçy boluşlary ýaly, suratkeşem bolandyklary üçin özleriniň bu ussatlygyndan peýdalanmagy maksat edindiler. Şeýlelikde, tizara şäherlilere olaryň iki suraty hödürlenildi. Suratlaryň biri Mesihiň Iýeuralime girişi, “kiçigöwünlilik bilen taýharyň üstünde oturan” (Matta 21:5), şägirtleri bilen bile, uzak syýahatlar sebäpli, solan geýimli, aýak ýalaňaç bu şähere girişi şekillendirýärdi. Beýleki surat bolsa, papanyň dabarasyny şekillendirýärdi: nepis geýimleri geýen papa kellesine üç dişli täji geýip, diýseň owadan bezelen atyň üstünde otyr, öňde sazandalar barýar, olaryň yzlaryndan bolsa, kaşaň geýimleri geýen dindar ýolbaşçylar bilen ruhany ýolbaşçylar barýar. BG 84.1
Bu ähli gatlaklara degişli adamlaryň ünsüni özüne çeken wagyz bolupdy. Bu suratlary görmek üçin halkyň märekesi topar tutup gelýärdi. Iki suratyň manysy hemmelere diýen ýaly düşnüklidi. Mesih Mugallymyň kiçigöwünliligi hem sadalygy bilen özüni Mesihiň hyzmatkäri hökmünde atlandyrýan papanyň tekepbirligi hem ulumsylygynyň arasyndaky gapma - garşylyk köp adamlary çuň tolgundyrdy. Pragada tolgunşyklar başlandy, şol sebäpdenem, daşary ýurtlular gidenini gowy gördüler. Emma olaryň beren sapagy unudylmady. Bu suratlar Gusda uly täsir galdyrdy-da, ony has uly yhlas bilen Mukaddes Kitaby we Uiklifiň ýygyndylaryny öwrenmäge ruhlandyrdy. Ol Uiklifiň taglymatyny doly kabul etmäge taýýar bolmasada, papalygyň hakyky özenini aýdyň gördi we uly yhlas bilen papalyk iýerarhiýasynyň tekepbirliginni, şöhratparazlygyny we günäliligini ýazgardy. BG 84.2
Nur Bogemiýadan Germaniýa geçdi, sebäbi Praga uniwersitetinde ýüze çykan bulam - bujarlyklar nemes talyplaryny öýlerine gitmäge mejbur etdi. Olaryň käbirleri Gusdan Mukaddes Kitap barada birinji bilimleri alypdy, şonuň üçin indi Hoş Habary özleriniň ýurdunda wagyz edýärdiler. BG 84.3
Pragada bolup geçýän zatlar hakdaky habar Rime baryp ýetýär, şoňa göre-de, Gusa papanyň ýanyna barmak buýruk berilýär. Korol we korolyň aýaly, uniwersitet, dworýanlar we döwlet işgärleri papa Gusa Pragada galmaga rugsat bermegini, gerek bolan düşündirişler üçin öz wekillerini goýberjekdiklerini aýdyp haýyş etdiler. BG 84.4
Ol döwürlerde munuň ýaly höküm ählumumy birahatlygy döredýärdi. Şonda geçirilýän dabaralar papa elinde jennetiň we dowzahyň açary bolan, hem raýatlyk, hem ybadathana hökümini çykarmaga ygtyýarly bolan Hudaýyň ýerdäki ilçisi hökmünde garaýan halky mümkin boldugyça güýçli gorkuzmak üçin geçirilýärdi. Adamlar ybadathanadan çykarylanlar üçin jennetiň gapysynyň ýapykdygyna, papa şol jezany ýatyrýança, ölüleriň jennete girip bilmejekdigine ynanýardylar. Bu gorkunç betbagtçylygyň alamaty hökmünde gulluklaryň hemmesi ýapylýardy, ybadathanalarýapylýardy, toý dabaralary ybadathananyň howlusynda geçirilýärdi. Ölüleri mukaddes edilen ýerde jaýlamaklyk gadagan edilýärdi, şonuň üçin olary hiç bir däpsiz çem gelen ýerde gömýärdiler. Ine, ýaşaýjylaryň aňynda hereket edýän şeýle usullar bilen Rim adamlary özüne tabyn etjek bolýardy. BG 84.5
Tutuş Praga aljyraňňylyga düşdi. Köpler başyna inen betbagtçylykda Gusy aýyplap, ony rim suduna bermekligi talap edýärdiler. Göterilen tüweleý ýatyşýança, reformator wagtlaýyn özüniň dogduk obasyna gidýär. Ol Pragada galan dostlaryna ýüzlenip: “Eger men sizi terk eden bolsam, onda munuň sebäbi Isa Mesihiň göreldesine eýerendigimdedir. Erbet niýetli adamlaryň özüňi ebedi ýazgarma duçar etmegine ýol bermek bolmaz, takwa adamlaryň üstüne bolgusyzlyk hem yzarlama inderip bolmaz. Meniň wagtlaýyn gaýtmagymyň ýene bir sebäbi, hudaýsyz ruhanylaryň Hudaýyň Sözüni wagyz etmegi gadagan etmek bilen uzaga çeken söweşi alyp barmaklary mümkin, ýöne men sizi özümiň Hudaýyň kömegi bilen ugrunda ölmäge-de taýýar bolan hakykatymdan, Hudaýyň hakykatyndan ýüz öwürmegiňiz üçin gaýtmadym” diýip ýazdy. Gus öz işini bes etdirmedi-de, sebitlere aýlanyp, hemme ýerde hakykata teşne bolan adamlara Hudaýyň Sözüni wagyz etdi. Şeýlelikde, Hoş Habaryň wagyz edilmesini basyp ýatyrmak üçin papanyň gören çäresi onuň hasda güýçli ýaýramagyna sebäp boldy: “Çünki biz hakykata garşy hiç bir iş edip bilmän, dihe hakykat ugrunda bir iş edip bilýäris” (2 Korintoslylar 13:8). BG 85.1
Gus üçin gynaýjy göreşleriň günleri geldi. ybadathana ony özüniň gök gümmürdisine meňzeş urgulary bilen weýran etmäge umyt baglaýan bolsada, Gus entek onuň mertebesini ýokary tutýardy. Rim Ybadathanasy onuň üçin entegem öňküleri ýaly, Mesihiň gelni, papa bolsa, Rebbiň ýerdäki wekili hem ilçisi bolmagynagalýardy. Aslyýetinde Gus prinsipiň özüne garşy däl-de, papalyk häkimiýetiniň goýberen hyýanatçylykly ulanmalaryna garşy göreşýärdi. Şoňa görä-de, onuň aklynyň delilleri bilen ynsabynyň talaplarynyň arasynda gazaply söweş gidýärdi. Eger buygtyýar, özüniň hasap edişi ýaly, adalatly hem halal bolýan bolsa, onda ol näme üçin oňa garşy çykmanyň zerurlygyny duýýarka? Tabyn bolmaklyk, onuň eýýäm görşi ýaly, günä etmekligi aňladýardy, ýöne näme üçin hakyky ybadathana tabyn bolmaklyk ynsabyň hem aklyň garşy çykmasyny döredýärkä? Ol bu meseläni çözüp bilmeýärdi, şübheler ony ýekeje minutlygam terketmeýärdi. Şeýdip, ahyrsoňunda ol: “Halasgäriň döwründäki ruhanylaryň öz kanuny işlerini bikanun işler üçin ulanan wagtynda bolup geçen zatlar bolýarda, şol bir wakalar gaýtalanýar. Şuny esas hökmünde kabul edip, Gus aklyň kabul eden hakykaty bolan Mukaddes Ýazgynyň hakykatynyň ynsaba ýolbaşçylyk etmelidigini başgalarada wagyz edipdi. Başga sözler bilen aýtsak, hakykata tarap barýan ýeke - täk ýoly dini ýolbaşçylaryň üsti bilen gepleýän ybadathana däl-de, Mukaddes Kitabyň üsti bilen gepleýän Hudaý görkezýär. BG 85.2
Birnäçe wagt geçip, Pragadaky tolgunmalar ýatyşandan soň, Gus has güýçli yhlas hem batyrgaýlyk bilen Hudaýyň Sözüni wagyz etmek üçin Beýtullaham kapellasyna gaýdyp geldi. Onuň duşmanlary hereketdediler we güýçlüdiler, ýöne şa zenany we hanlyklar, halkyň aglaba bölegi reformatory goldaýardylar. Onuň arassa hem beýgeldilen taglymatyny we takwa durmuşyny Rimiň agyn taglymaty we dindar ýolbaşçylaryň açgözlügi hem azgynlygy bilen deňeşdirenlerinde, köpler Gusuň tarapynda bolmagy özlerine mertebe bilýärdiler. BG 86.1
Şu wagta çenli Gus özbaşdak işläpdi, emma indi Reformasiýa entek Angliýadaka, Uiklifiň taglymatyny kabul eden Iýeronimem goşuldy. Şu pursatdan başlap, bu iki adamyň ykbaly şeýle berk ýapyşýar-da, olar hatda ölümde-de aýrylmazak bolýarlar. Iýeronimde ajaýyp dilewarlyk bilen alymlyk zehini bardy. Bu bolsa ony jemgyýetiň söýgüsine we hormatyna eýe edipdi, ýöne Gus has prisipial we berkdi. Gusuň sowukganly pähimliligi öz dostunyň ahlak taýdan beýikligini mesihilik kiçigöwünliligi bilen boýun alan ganygyzgyn hem göçgünli lýeronimiň jylawy ýalydy, şonuň üçin ol Gusuň maslahatlaryna gulak asýardy. Olaryň bilelikdäki işi bilen Reformasiýanyň işi tiz öňe süýşýärdi. BG 86.2
Hudaý bu iki adama Rimiň köp ýalňyşlyklaryny açyp görkezmek bilen olaryň aklyny ýiti şöhler bilen ýagtyltdy, ýöne olar dünýäniň üstüne inderilmeli bolan nuruň dolulygyny alyp bilmediler. Hudaý bu adamlaryň kömegi bilen halky katolisizmiň garaňkylygyndan çykardy, ýöne olara gaty köp päsgelçilikler garaşýardy, şol sebäbe görä-de, Hudaý olar näçeräk derejede sygdyryp bilse, şol derejede-de açyp görkezmek bilen olary ädimme - ädim alyp barýardy. Olar bar nury derrew kabul etmeklige taýýardylar. Eger nur olaryň üstüne bar dolulygynda inen bolsa, onda olar köp wagtlap garakçylykda bolan adamyň günüň günortanky ýagtysyna çydam edip bilmeýşi ýaly, onuň ýalkymyna çydam edip bilmezdiler. Şonuň üçin Reb bu adamlara Öz nuruny kem - kemden, ýagny halkyň ony kabul edip biler ýaly derejesinde açdy. Her ýüzýyllykda halky Reformasiýa ýoly bilen has aňry alyp gidýän täze wepaly işçiler çykýardy. BG 86.3
Ybadathanada bölünişik dowam edýärdi. Indi bolsa, üç papa ygtyýara dalaşgärlik edýärdi. Şeýdip, olaryň arasynda bolup geçýän göreş dini dünýäni agzalalykdan we jenaýatdan doldurýardy. Mundan artyk anafemalar bilen kanagatlanmadyk papalar ýaragyň güýjüne ýüzlendiler. Olaryň hersi öz goşunyny ýygnap, ony ýaraglar bilen üpjün etmek isleýärdi. Munuň üçin zerur bolan puly tapjak bolup, hemme ýerlerde ybadathana sowgatlary satuwa çykarylyp, teklip edilýärdi. Özleriniň ýokarky halypalaryna öýkünen ruhanylaram, özleriniň ygtyýaryny berkitmek we bäsdeşlerini sem etmek üçin simoniniň kömegine we harby hereketlere ýüz urdular. Günde däl-de, sagatda artýan batyrlyk bilen Gus diniň adyndan edilýän ýigrenji işlere garşy göçgünli çykyş etdi. Halkam dini dünýäniň üstüne inen betbagtçylykda rim iýerarhlaryny aç - açan aýyplady. BG 86.4
Yene-de, Praga şäheri gandöküşikli tutluşyklaryň gyrasynda ýaly bolup göründi. Bu Hudaýyň hyzmatkäriniň “Ysraýyl halkyny biynjalyk edýän” (1 Patyşalar 18:17) diýlip aýyplanylyşy ýaly bolupdy. Şäher ýene-de papanyň näletine duçar boldy. Şeýdip, Gus ýene-de, özüniň mähriban obasyna gitdi. Beýtullaham kapellasynyň münberinden hakykata şeýle wepalylyk hem batyrlyk bilen şaýatlyk eden ses kesildi. Gusa bütin mesihilik dünýäsine ýüzlenip has ýokary münberde wagyz etmeklik garaşýardy. Mundan öň ol öz durmuşy bilen hakykata wepalylygyny tassyklamalydy. BG 87.1
Ýewropany iýip barýan ýaralary bejermek üçin Konstansda Bütindünýä sobory ýygnandy. Ol üç sany bäsdeş papalaryň biri bolan Ioann XXIII tarapyndan imperator Sigizmundyň talaby boýunça çagyryldy. Günäli hereketleri şol döwrüň ähli dini ýolbaşçylarynda bolşy ýaly, hatda ruhany ýolbaşçylary tarapyndan edilen tankyda-da döz gelmedik papa loann soboryň çagyrylmagy bilen asla gyzyklanmaýardy. Emma ol Sigizmundyň emrine garşy çykmaga het edip bilmedi. BG 87.2
Bu soborda çözülmeli bolan esasy meseleler şulardy: ybadathanadaky bölünişikleriň soňuna çykmak we ýeresi köki - damary bilen ýok etmek. Täze taglymatyň baş jarçysy hökmünde Yan Gusam, beýleki iki antitip bilen bilelikde çagyryldy. Yokarda agzalyp geçilen papalar özleriniň takdyryndan gorkup, sobora gelmediler-de, öz wekillerini iberdiler. Sobor öz inisiatiwasy bilen çagyrylan ýaly edip, özüni alyp barýan papa loanny iň erbet duýgular parçalaýardy. Ol imperatiorda özüni tagtdan gizlin agdarma niýetiniň bardyr öýdüp şübhelenýärdi hem-de ruhany lyga ysnat getirýän jenaýatlary, bu wezipesini saklajak bolup eden jenaýatlary üçin jogap bermeli bolar öýdüp heder edýärdi. Ýöne bu zatlara garamazdan ol ýokary derejeli adamlar köşk emeldarlary bilen bilelikde Konstansa aňrybaş kaşaňlykda geld. Ähli dini ýolbaşçylar we şäheriň ýolbaşçylary halkyň giden märekesiniň içinden geçip gelýärkä, onuň öňünden çykdylar. Onuň depesinde dört sany baş kazynyň göterip gelýän altyn baldahin bardy (baldahin - owadan matadan edilýän çadyr). Öňde dabaraly ýöriş barýardy. Ýokary derejeli ruhanylaryň we hanlaryň ajaýyp geýimleri has uly täsir döredýärdi. BG 87.3
Şu wagtda Kanstansa başga bir ýolagçam ýakynlaşyp gelýärdi. Gusa özüne abanýan howplar gaty gowy aýandy. Ol ganhor ruhanylaryň pida bolmagynyň mümkindigini öňünden duýup, öz dostlary bilen hemişelik hoşlaşdy. Bogem korolyndan gorag hatyny alandygyna, ýolda imperator Sigizmund tarapyndan şeýle hatyň ýene biriniň berlendigine garamazdan, ol barybir ölüme taýýarlanyp geldi. BG 88.1
Ol Pragada galan dostlaryna ýazan hatynda: “Doganlarym, ... men köp sanly ölüm howply duşmanlarym bilen duşuşmak üçin koroldan gorag hatyny alyp gidýärin... ýöne men Gudratygüýçli Hudaýa we öz Halasgärime bil baglaýaryn. Onuňsiziň gyzgyn dogalaryňyzy eşitjekdigine we nähoşluklar bilen göreşip bilerim ýaly, meniň dilime Öz akyldarlygyny we paýhasyny goýjakdygyna ynanýaryn, hakykatda berkemegim hem sygany, zyndany, eger gerek bolsa, zalym ölümi-de, batyrgaýlyk bilen kabul edip bilerim ýaly, maňa Mukaddes Ruhuny sowgat berjeginede ynanýaryn. lsa Mesih Özüniň söýýänleri üçin ejir çekdi, şonuň üçin öz gutulyşymyzyň hatyrasyna hemme zady nädip sabyrlylyk bilen geçirmelidiginiň nusgasyny goýandygy geň galarlykly zat däldir. Ol biziň Hudaýymyz, biz bolsa Onuň ýaradanlary; Ol biziň Rebbimiz, biz bolsa, Onuň hyzmatkärleri; Ol dünýäniň Mugallymy, biz bolsa hiç zatça-da bolmadyk ölümli adamlar, emma muňa garamazdan, Ol ejir çekdi! Eger görgüler bizi arassalaýan bolsa, onda näme üçin biz görgi görmeli dälmişik? Şonuň üçin, meniň gadyrdanlarym, eger meniň ölümim Onuň şöhratlanmagyna ýardam edýän bolsa, onda şol wagtyň tizräk gelmegi we özüme garaşýan zatlaryň hemmesini mizemezlik bilen çekmegime kömek etmegi üçin doga ediň. Yöne eger maňa ýene-de siziň ýanyňyza gaýdyp gelmek nesip etse, onda meniň çirksiz gaýdyp gelmegim, ýagny Hoş Habar hakykatynyň ýekeje harpy barada-da dymmazlygym, şeýdibem, öz doganlarym öýküner ýaly, nusga galdyrmagym üçin Hudaýa doga ediň. Biziň, hiç haçan Pragada duşuşmazlygymyz mümkin, ýöne Gudratygüýçli Hudaýa makul bolsa, onda Ol meniň siziň ýanyňyza gaýdyp gelmegime ýol berer, ine, şonda biz bilelikde has uly batyrlyk bilen Onuň kanunyna akyl ýetirmekde we söýgüde öseris”. BG 88.2
Özüniň Hoş Habaryň okuwçysy bolan ruhana ýazan başga bir hatynda Gus diýseň kiçigöwünlilik bilen “nepis geýimleri höwes bilen geýdim we manysyz oýunlara köp wagtymy sarp etdim diýip, öz ýalňyşlyklary hakda ýazýar. Soň ol aşaky tolgundyryjy nesihaty bir ýere jemleýär: “Goý, seniň aklyňy girdejiler bilen baýlyk däl-de, Hudaýyň şöhraty bilen janlaryň gutulyşy eýelesin. Öýüňiň öz kalbyňdan artyk bezelmeginden seresap bol we ruhy ösüş barada başga zatlardan köp aladaian. Garyplar bilen takwa hem pesgöwiinli gatnaşykda bol hem-de puluňy boş ýere sowurma. Eger durmuşyňy üýtgedip, artykmaçlyklardan özüňi saklamasaň, onda senem men ýaly, gaty erbet ejir çekersiň diýip gorkýaryn... sen meniň taglymatym bilen tanyş, sebäbi çagalykdan bäri, menden nesihat alyp gelýärsiň, şonuň üçin bu barada saňa ýazmagy artykmaçiyk diýip hasaplaýaryn. Men saňa Rebbimiziň rehimdarlygy bilen ýalbarýaryn. meniň şöhratparazlyk zerarly goýberen ýalňyşlyklarymyň ýekejesinem goýberäýme”. 01 konwertiň ýüzüne: “Dostum, senden haýyş edýärin, meniň ölümim hakda ynamly maglumaty alýançaň, bukjany açma” diýip ýazýar. BG 88.3
Gus öz ýolunda öz taglymatynyň ýaýraýandy gy baradaky subutnamalara duş geldi, öz işine nähili gyzyklanma bilen seredýändiklerini gördi. Ony garşy almak üçin halkyň toparlary üýşdi, käbir ýerlerde bolsa, şäher häkimiýetiniň wekilleri köçelerde onuň ýanynda gitdi. BG 89.1
Konstansa gelen Gusa doly azatlyk berildi. Patyşanyň gorag hatyna Gusuň goraglydygyna ynandyrýan papanyň şahsy gorag haty hem goşuldy. Yöne bu dabaraly we birnäçe gezek gaýtalanan ynandyrmalara garamazdan, reformator papanyň we ýokary derejeli ruhanylaryň buýrugy boýunça tussag edilip, ýürek bulandyryjy ýerzemine taşlanyldy. Biraz wagtdan soň ony Reýniň garşysynda ýerleşýän gala geçirdiler. Şol ýerde hem, ol bendi hökmünde saklanyldy. Yöne papa özüniň ähtiýalan hereketinden köp peýda tapmady, sebäbi onuň özem şol ýerzeminiň bendisi boldy. Adam öldürmelerden, simonilerden we zynahorlukdan başga-da, ol soboryň öňünde iň pes jenaýatlarda - “agza alyp aýdyp bolmajak günälerde” - aýyplanyldy. Sobor Ioannyň günäsini tassyklady, şeýdip, ahyrynda ol tagtyndan mahrum bolup, zyndana atyldy. Papanyň garşydaşlaram agdarylyp, täze papa saýlanyldy. BG 89.2
Papa Gusuň şol wagta çenli dini ýolbaşçylary aýyplan we öz reformalarynyň wajyplygyny esaslandyran jenaýatlaryndan-da, agyr jenaýatlary eden bolsa-da, barybir papany agdaran şol sobor reformatoryňam ýazgarylmalydygyny nygtady. Gusuň türmä salynmagy Bogemide uly närazylyk döretdi. Kuwwatly knýazlar munuň ýaly zorluga garşylyk görkezip, sobora gaharly garşydaşlygyny iberdiler. öz gorag hatynyň äsgerilmezligine höwes bilen ýol beren korol hem, Gusy gorady. Ýöne reformatoryň duşmanlary gazaply hem aýgytlydylar. Olar imperatoryň ters düşünjesinden we butparazlygyndan, şeýle hem, onuň Ybadathana wepalylygyndan peýdalandylar. Olar “pyrryldakçylara we pyrryldakçylykda şübhelenilýän adamlara özlerinde korollaryň beren gorag haty bolanda-da, beren sözüňi saklamagyň hökman dälligini” subut etmek üçin imperatora gaty uly delilleri getirdiler. Şeýdibem, olar ýeňiş gazandylar. BG 89.3
Tussaglyk hem kesel zerarly güýçden gaçan Gusy sobora alyp geldiler. (zyndanyň çygly hem porsy howasy ýesirde güýçden gaçyryjy ysytma döretdi. Bu kesel ony tas gabra alyp barypdy). Zynjyrlar bilen gandallanan Gus sözi hem hormaty özi üçin howpsuzlygyň girewi bolan imperatoryň öňünde durdy. Uzaga çeken sorag wagtynda ol sarsmazlyk bilen hakykatyň tarapyny tutdy we ýygnanyşan ybadathana hem döwlet ýolbaşçylarynyň ýanynda ybadathana iýerarhiýasynyň zaýalygyny dabaraly hem batyrgaýlyk bilen paş etdi. Oňa ýa-ha öz garaýyşlaryndan ýüz öwürmeklik, ýa-da ölmegi saýlamaklyk teklip edilende, ol görgi görüp ölmekligi saýlady. BG 90.1
Hudaýyň merhemeti ony goldady. Gutarnykly höküme çenli görgi gören hepdeleriniň dowamynda, gögüň rahatlygy onuň kalbyny doldurdy. Ol öz dostuna: “Men bu haty türmede, ellerim gandally, ertirki çykjak ölüm jezasyna garaşyp otyrkam ýazýaryn... Isa Mesihiň kömegi bilen ýene-de ajaýyp mesgenlerde duşuşanymyzda, synaglaryň hem gynamalaryň içinde Rebbiň maňa nähili rehim edendigini, nähili gudrat bilen meni goldandygyny bilersiň” diýip, hat ýazýar. BG 90.2
Gus özüniň gaýgyly zyndanyndan hak imanyň ýeňşini gördi. Bir gezek onuň gören düýşi özüni diýseň gynandyrdy. Ol düýşünde özüniň Pragadaky Hoş Habary wagyz eden ýerindäki kapellanyň diwarlaryna çeken Mesihiň keşbini şekillendirip duran suratyny papa bilen ýepiskoplaryň ýok edenini gördi. Ýöne ertesi gün ol başga düýş gördi. Duşmanlaryň gyryp aýran zatlaryny köp suratkeşler üýşüşip, has ýagtyly reňkler bilen dikeltdiler. Busuratkeşler özleriniň işini gutaranlaryndan soň, giden märekä ýüzlenip: “Goý, indi papa öz ýepiskoplary bilen bile gelibersin, gaýdyp, bu suraty ýok etmek olara başartmaz!” diýdiler. Bu düýşler gürrüň berip bolandan soň, reformator: “Mesihiň keşbiniň hiç haçan süpürilip taşlanylmajakdygyna men ynanýaryn. Olar Ony ýok etjek bolýarlar, ýöne Ol ýüreklerde mendende ussat wagyzçylar tarapyndan gaýtadan dikeldiler” diýmek bilen öz sözüniň üstüni ýetirdi. BG 90.3
Gusy soňky gezek sobora getirdiler. Ol ýene-de öz garaýyşlaryndan ýüz öürmekden boýun towlady. Soň ol kasam etme bilen beren sözüni şeýle haýasyz usul bilen bozan monarha ýiti nazaryny dikip: “Men bu ýere şu sobora gatnaşýan imperatordan howpsuzlygyma ynandyrma hatyny alyp geldim” diýdi. Hemmeleriň gözleri özüne seredende, Sigizmundyň ýüzi gyzardy. BG 90.4
Ölüm jezasy çykaryldy. Ondan soň rehimi inderme dabarasy başlandy. Ýepiskoplar ýesire ruhanynyň geýmini geýdirenlerinde, ol: “Hirodes Pilatusyň ýanyna äkitmeklerini buýruk berende, Rebbimiz Isa Mesihe-de, üstünden gülmek üçin ak geýim geýdirildi” diýdi. Gusa ýene-de garaýşyndan el çekmeklik teklip edildi. ýöne ol halka ýüzlenip: “Onda men Göklere nähili göz bilen serederin? Hakyky Hoş Habary wagyz eden adamlaryma näme diýerin? Yok, men bu gün ölüme höküm edilen pany tene garanda, olaryň gutulyşyny has gymmatly hasaplaýaryn” diýdi. Soň onuň egninden geýimlerini çykaryp başladylar. Her ýepiskop däbiň öz berjaý etmeli bölegini berjaý edende, onuň geýminiň her böleginiň üstünde nälet sözlerini aýtdy. Ahyrynda olar onuň kellesine piramida şekilli kagyz mitrany, ýagny ruhanylaryň geýýän papagyny geýdirdiler. Ol mitranyň ýüzünde arwah - jynlaryň her hili gokrunç şekilleri bilen göze ilip duran: “Barypýatan pyrryldakçy” diýen ýazgy bardy. Gus: “Men masgaraçylyk täjini Seniň hatyraňa geýýärin, meniň Isam, Senem meniň üçin tiken täjini geýipdiň ahyry” diýdi BG 90.5
Soň ýolbaşçy ruhanylar: “Indi biz seniň ruhuňy şeýtana berýäris” diýdiler. “Men bolsa, öz ruhumy Seniň elleriňe berýärin, ýa Reb Isa, çünki meni Sen halas etdiň” diýip, Gus jogap berdi. BG 91.1
Soň raýatlyk ýolbaşçylary işe girişdiler, ondan soň, ony jeza berilýän ýere alyp gitdiler. Onuň yzyna sansyz - sajaksyz halk düşdi: ýüzlerçe ýaragly esgerler, kaşaň geýimleri geýen ruhanylardyr ýepiskoplar hem Konstansyň ýaşaýjylary bardy. Gusy sütüne daňyp, ody ýakaýmak galanda, görgi görýäne imanyndan el çekip, özüni halas etmeklik ýene bir gezek teklip edildi. Şonda Gus: “Men nähili ýalňyşlyklardan ýüz öwürmeli? Men öziimde hiç hili ýazyk görmeýärin. Men Hudaýy şaýat edinýärin - meniň eden we ýazan zatlarymyň hemmesi janlary günäden hem ebedi ölümden halas etme maksady bilen edildi, şonuň üçin öwreden hakykatyma şatlanyp, Öz Ganym bile möhürleýärin” diýdi. Öz töwereginde ol ýalynlap başlanda, ol: “Dawut Ogly, Isa, maňa rehim et” diýip aýdym aýdyp başlady-da, sesi ebedilik bes edilýänçä gaýtalady. BG 91.2
Hatda duşmanlary-da, Gusuň gahrymançylykly hereketine haýran galdylar. Papalygyň janköýeri Gusuň görgi görüp ölşüni we ondan soň tizara ölen lýerohimiň wepat bolşuny suratlandyranda: “Olar özlerini oda toý dabarasyna taýýarlan ýaly taýýarlap, özleriniň soňky sagadyny batyrlyk bilen garşy aldylar. Olar agyrynyň ýekeje sesinem çykarmadylar. Yalyn ýokary galanda, olar nagma aýdyp başladylar. Hatda möwç alýan ýalnam, olaryň aýdymyny derrew sem edip bilmedi” diýýär. BG 91.3
Ot Gusuň bedeninde özüniň weýran edijilikli işini edip bolandan soň, kül gum bilen bilelikde ýygnalyp alyndy-da, Reýne taşlanyldy. Derýa ony bu ýerden alyp, okeana äkitdi. Gusy yzarlaýjylar onuň wagyz eden hakykatlaryny ýok etmek başardandyr diýen umyt bilen özlerini biderek ýere aldadylar. Şol gün özleriniň derýa taşlan külüniň tohum kimin ýeriň ähli künjeklerine ýetip, iň uzakdaky ýurtlarda-da, birgiden pyntyklary ýarjakdygyna - hakykatyň şaýatlarynyň köpeljekdigine - akyl ýetirendikleri gümanadyr. Konstansdaky soborlar zalynda Hoş Habara şaýatlyk edip ýaňlanan ses ýaň kimin, geljekki asyrlaryň hemmesinde ýaňlanar durar. Gus öldi, emma onuň ugrunda ölen hakykaty hiç haçanam ölmez. Onuň imany bilen sarsmazlygy gynamalaryň we ölümiň haýbat atýandygyna garamazdan, hakykaty öňe sürmekde köplere görelde boldy. Onuň bütin dünýäniň öňünde ýazgarylmagy Rimiň zalym ähtiýalanlygyny görkezdi. Şeýdip, hakykatyň duşmanlary özleri düşünmeseler-de, ýok etjek bolup dyrjaşan ideýalarynyň ýaýramagyna ýardam etdiler. BG 91.4
Ýöne Konstansda ýene bir gynaýjy sütüni dikdiler. Ýene bir görgi gören adamyň gany hakykata şaýatlyk etmelidi. Ugramazynyň öň ýanynda Gus bilen hoşlaşan Iýeronim oňa batyr hem berk bolmagyň wajypdygyny ýatladypdy-da, howp abanan ýagdaýda öziiniň kömege barjagyna söz beripdi. Reformatoryň türmä salnandygyny eşidende, wepaly şägirt derrew öz wadasyny ýerine ýetirmekçi boldy. Hiç hili gorag hatyny almazdan, ýanyna diňe bir dostuny alyp, Iýeronim eglenmän ýola düşdi. Barmaly ýerine baryp ýetende, Gusy azatlyga çykarmak üçin özüniň üstüne howpy abandyrmakdan başga hiç zat edip bilmejegine göz ýetirýär. Ol şäherden gaçjak boldy, emma tutuldy. Ony zynjyrlar bilen daňyp, esgerler toparynyň goragy astynda Konstansa alyp geldiler. Bu ýerde ol soboryň öňünde öz garşysyna ýöňkelen aýyplama jogap berjek bolanda, ol ýere gatnaşyjylar: uOny oda äkidiň, oda äkidiň!” diýip gygyrdylar. Ony zyndana salyp, agyr ejirleri çeker ýaly edip, gandallap goýdular-da, diňe çörek bilen suw berdiler. Zyndana salnanyna birnäçe aý geçenden soň, Iýeronim agyr syrkawlaýar, şol sebäpdenem, türmeçiler ölüm ony özleriniň ellerinden alar öýdüp gorkýarlar-da, lýeronim ol ýerde bir ýyla golaý oturan bolsa-da, oňa beýle gazaply daramadylar. BG 92.1
Gusuň ölümi papaçylaryň garaşan netijelerini bermedi. Gorag hatynyň bozulmagy nägilelikleriň tupanyny turuzdy, şonuň üçin sobor Iýeronimi oda taşlaman, islendik serişdeler bilen imanyndan ýüz öwürmäge mejbur etmeklik howpsuzrak bolar diýip hasaplady. Ony soboryň ýygnagynyň öňüne getirip, imanyny inkär etmegi ýa-da ölmegi teklip etdiler. Türmä salnan wagtlarynda ölüm Iýeronime gören görgüleri bilen deňeşdireniňde, arzyly myhman ýaly bolup göründi, emma indi welin, keselden ýaňa gurbatdan gaçan, wagşyçylykly daramalardan, gorkuzylyp horluk ýamanyny gören, şübheler sebäpli ruhdan gaçan, dostlaryndan jyda düşüp, Gusuň ölümi bilen haýbat atylan Iýeronim gaýratyny ýitirip, sobora tabyn bolmagy makul bildi. Soň ol katolik ynamda durjagyna kasam içdi we Uiklif bilen Gusuň taglymatlaryny soboryň ýazgarmasynyň adalatlydygyny, ýöne özleriniň öwreden “mukaddes hakykatlarynyň” beýle däldigini aýtdy. BG 92.2
Iýeronim bu hilä ýüz urmak bilen ynsabyň sesini öçürmäge we özüne garaşýan ykbaldan gaça durmaga umyt baglady. Ýöne öz - özi bilen ýeke galanda, öz eden hereketine akyl ýetirdi. Ol Gusuň batyrlygyny we wepalylygyny ýada saldy, Gusuň özüni alyp barşyny özüniň hakykaty inkär etmesi bilen deňeşdirdi. lýeronim gulluk etmäge wada beren we özi üçin haçdaky ölüme giden Hudaý Mugallymyny ýada saldy. BG 93.1
Ol hakykaty ret etmezinden öň, görgüleriniň hemmesinde Hudaýyň merhemetli wadalaryndan teselli hem goldaw tapýardy, emma indi welin. ynsabyň horlamasy bilen şübheler onuň kalbyny paralaýardy. 01 Rim bilen ýaraşma gelýänçä, ýene köp zady ret etmelidigini bilýärdi. Onuň düşen ýoly diňe imandan doly ýüz öwürmeklige alyp barýardy. Şonuň üçin ol diňe gysga wagtlaýyn ezýetlerden gaça durmak üçin Rebbi ret etmezlik kararyna geldi. BG 93.2
Tizara ony ýene-de sobora alyp bardylar. Onuň tabynlygy kazylary kanagatlandyrmady. Gusuň ölüminden hyjuw alan bu adamlar täze pidalara teşnediler. lýeronim hakykatdan diňe doly ýüz öwürmek bilen janyny halas edip bilýärdi. Emma ol ol imanyny açyk yglan edip, görgi görüp ölen doganynyň yzyndan oda girme kararyna geldi. BG 93.3
O1 özüniň başdaky hakykaty ret etmeseinden ýüz öwiirdi hem-de ölüme höküm edilen adam hökmünde özüni goramany dabaraly talap etdi. Onuň aýtjak sözleriniň täsirinden heder eden ýolbaşçy ruhanylar ondan diňe özüne garşy ýöňkelen aýyplamalaryň adalatlydygyny tassyklaýanyny ýada olara garşy çykýanyny aýtmaga rugsat berdiler. Iýeronim munuň ýaly zalymlyga we adalatsyzlyga garşy çykdy. “340 günläp, siz meni aýylganç ýerzeminde sakladyňyz, men hemme zatdan mahrum bolup, hapaçylykda, zibiliň hem porsynyň içinde ýaşadym. Soň siz meni bu ýere alyp geldiňiz, indi bolsa, meniň ganym duşmanlaryma ýaranjaňlyk edip, meni diňlemekden boýun gaçyrýarsyňyzmy? Eger siz, dogrudanam, paýhasly bolsaňyz hemde dünýäniň nury bolmak isleýän bolsaňyz, serediň, adalata garşy günä edýän bolaýmaň. Özüm barada aýtsam, onda men gözgyny ölümli adam. Meniň durmuşym hiç zada degmeýär. Şonuň üçin, eger size adalatsyz höküm çykarýanyňyzy öňünden aýdýan bolsam, onda muny özüme seredende, siziň üçin has peýdaly bolmagy üçin şeýle edýändirin”. BG 93.4
Ahyrsoňy onuň haýyşy kanagatlandyryldy. Lýeronim kazylaryň ýanynda dyza çöküp, hakykata garşy we öz Mugallymyna mynasyp bolmadyk hiç bir zady aýtmazlygy üçin öz sözlerini we pikirini Mukaddes Ruhuň ugrukdyrmagyny sorap doga etdi. Şol gün onuň üstünde Hudaýyň ilkinji şägirtlere beren wadasy amala aşdy: “Siz olara we milletlere güwälik bolar ýaly, Men sebäpli hökümdarlaryň, patyşalaryň huzuryna eltilersiňiz. Ýöne olar sizi eltip tabşyranlarynda, nähili ýa näme diýjegiňizi gaýfgy etnuiň, çünki näme diýilmelidigi şol sagatda size berler. Çünki gepleýän siz däl-de, siz arkaly gepleýän Ataňyzyň Ruhudyr” (Matta 10:18-20). BG 93.5
lýeronimiň sözleri hatda duşmanlarynyň arasynda-da haýran galma hem guwanç döretdi. Tutuş bir ýylyň dowamynda ol zyndana salnyp, okama mümkinçiliginden, hatda Hudaýyň ýagtysyndanam mahrum bolup, çekerden çökder gelýän ten azaplaryny we ruhy bulam - bujarlygy çekdi. Emma bu zatlara garamazdan, ol edil şol wagtyň hemmesini taýýarlanmak bilen we ylmy sapaklarda geçiren ýaly, şeýle güýçli hem takyk subutnamalary getirdi. Ol diňleýjileriniň ünslerini ýüzgöriiji kazylar tarapyndan höküm edilen dogry adamlaryň uzyn setirine çekdi. Her bir nesilde diýen ýaly, öz döwürdeşlerini ruhlandyrmaga çalşan hem-de jemgyýetiň içinden masgaralanyp kowulan, birazrak wagt geçenden soňam, üsti hormat - sylagdan dolan adamlar bolupdy. Hatda Mesihiň Özi-de, adalatsyz sud tarapyndan garakçy kimin ýazgarylypdy. BG 94.1
lýeronim hakykaty inkär eden wagtynda, Gusa çykarylan hökümiň adalatlydygyny tassyklapdy, ýöne indi bolsa, ol öz aýdan sözlerine köpçüligiň öňünde ökünip, görgi görüp ölen bu adamyň günäsizdigini we kemçiliksizdigini yglan etdi. Ol: “Men ony çagalykdan bäri tanaýaryn. 01 iň ýokary derejedäki ajaýyp, adalatly hem mukaddes adamdy. Ol özüniň günäsizligine garamazdan ýazgaryldy... özüm barada aýtsam, onda men ölmäge taýýar, şonuň üçin hem men hiç kimiň aldap bilmejek Hudaýynyň öňünde öz atan töhmeti üçin günleriň birinde jogap berjek duşmanlarymyň hem ýalan şaýatlaryň özüm üçin taýýarlan ezýetleriň öňünde yza çekilmerin” diýdi. BG 94.2
Özüni hakykatdan ýüz öwürmekde ýazgaryp, Iýeronim sözüni dowam etdirip: “Çagalykdan bäri eden günälerimiň hemmesiniň içinde bu ýowuz ýerde Uiklif bilen mukaddes görgi gören, meniň mugallymym hem dostum Ýan Gusa berlen bikanun jezanyň goldamak bilen eden günäm ýaly, ynsabymyň üstüne labyr salyp, maňa beýle betbagtçylyk hem ezýet bereni ýokdur. Men janym - tenim bilen günäme toba edip, gorky bilen ony, ölümden gorkanymy, şol sebäpdenem, olaryň taglymatyny ýazgaranymy boýun alýaryn... Men Gudratygüýçli Hudaýdan günälerimiň baryna, aýratynam, soňky günäme, ähli günälerimiň iň ýigrenjisine bagyşlama sowgat bermegini ýalbaryp soraýaryn” diýdi. Ol öz kazylaryna seredip: “Siz Uiklif bilen Ýan Gusy Ybadathananyň taglymatyna ysnat getirendikleri üçin däl-de, dini ýolbaşçylaryň haýasyz işine - açgözlüligine, tekepbirligine we ýolbaşçy ruhanylaryň hem ruhanylaryň köp sanly etmişlerine - tegmil basandyklary üçinýazgardyňyz. Olaryň aýdan zatlarynyň hiç birinem inkär edip bolmaýar, menem olaryň pikirlerini goldaýaryn” diýdi. BG 94.3
Onuň sözi bölündi. Yolbaşçy ruhanylar gazapdan ýaňa sandyraşyp: “Ýene nähili subutnama gerek? Biziň öňümizde kök urup giden pyrryldakçy dur!” diýşip gygyryşdylar. BG 94.4
Aljyraňňylyga düşmedik lýeronim asudalyk bilen: “Siz men ölmekden gorkýandyryn öýdýärsiňizmi? Sizmeni tutuş bir ýylyň dowamynda ölümdende aýylganç bolan ýerzeminde sakladyňyz. Siz maňa türke, ýehudylara ýa-da butparazlara daralyşyndan-da, beter daradyňyz. Meniňtenim süňkleriň üstünde diriligine çüýredi, ýöne barybir men arz edemok, sebäbi arz etmeklik ýüregi hem ruhy bar bolan adamy kemsidýär, emma men mesihilere beýle wagşyçylykly daralýandygyna haýran galýandygymy gizläp bilemok” diýdi. BG 95.1
Yene-de nägilelikleriň tupany turdy, şol sebäplem, Iýeronimi zyndana alyp gitdiler. Şeýle-de bolsa, diňleýjileriň içinde lýeronimiň sözleriniň beýan edip bolmajak derejede täsir eden adamlaram tapyldy - olar ony halas etmek islediler. lýeronimiň ýanyna Ybadathananyň görnükli adamlary baryp, ony sobora tabyn bolmaga yrjak boldular. Onuň öňünde iň öwşün atyjy perspektiwalary şekillendirdiler, Rime garşy çykmasyny bes etse bolýardy. Ýöne bu dünýäniň ähli şöhraty teklip edilen öz Mugallymy ýaly, lýeronim mizemezligine galdy. BG 95.2
Ol: “Meniň ýalňyşýandygymy Mukaddes Ýazgynyň kömegi bilen subut ediň, şonda men imanymy ret ederin diýdi. BG 95.3
Synaýjylaryň biri: “Mukaddes Ýazgy! Näme, ol hemme zadyň ölçeg birligi bolmalymy? Oňa Ybadathananyň düşündirişi bolmasa kim düşünip biler?” diýdi. BG 95.4
lýeronim oňa: “Eýsem, adamlaryň däpleri biziň Halasgärimiziň Hoş Habaryndan-da beter ynama mynasypmydyr? Pawlus imanlylary adam däplerine gulak asmaga çagyrmady-da: “Ýazga eýeriň” diýdi” diýip jogap berdi. Ol: BG 95.5
“Pyrryldakçy! Men seni biderek ýere şunça wagtlap yrjak bolupdyryn. Görýärin welin, seni arwah eýeläpdir” diýen jogaby aldy. BG 95.6
Tizara ölüm jezasynyň hökümi çykaryldy-da, lýeronimi-de, Gusuň ömrüniň gutaran ýerine alyp gitdiler. Ýolda barýarka, ol aýdym aýtdy, ýüzünde bolsa, şatlyk bilen rahatlyk öwşün atýardy. Onuň nazary Mesihe dikilendi, şol sebäpdenem, ölüm onuň üçin özüniň eýmençligini ýitiripdi. Jellat onuň arka tarapyndan ody ýakjak bolanda, lýeronim oňa: “Gaýrata galyp, bärik, öňe çyk! Ody meniň gözlerimiň öňünde ýak. Eger men gorkan bolsam, onda bu ýerde bolmazdym” diýip ýüzlenýär. BG 95.7
Ýalyn öz daşyny gurşap alanda, ol: “Ýa Reb, Gudratygüýçli Atam! Maňa rehim et-de, günälerimi bagyşla, sebäbi Sen meniň hemişe Öz hakykatyňy söýenimi bilýärsiň” diýip doga etmäge başlady. Onuň sesi kesildi, ýöne dili barybir pyşyrdap doga edýärdi. Ot öz etmeli işini edenden soň, öleniň küli gumy bilen bilelikde süpürilip alnyp, edil Gusuňky ýaly, Reýne taşlanyldy. BG 95.8
Şeýdip, Hudaýyň nur ýaýradyjylary wepat boldular. Yöne olaryň wagyz eden nurunyň, olaryň gahrymançylykly göreldesiniň nuruny öçürmek mümkin däldir. hiç kimiň güni yzyna gaýtaryp bilmeýşi ýaly, dünýänin üstünde öwşün atan daň şapagyna hiç kim päsgel berip bilmedi. BG 95.9
Gusa ölüm jezasynyň berilmegi Bogemide nägilelikler partlamasyny döretdi. Onuň ruhanylaryň gazabynyň we imperatoryň haýynlygynyň pidasy bolup ölenini bütin halk bildi. Gus hakda hakykatyň dogruçyl mugallymy hökmünde gürrüň etdiler. Oňa ölüm jezasyny beren soboram, ganhorlukda aýyplanyldy. Indi onuň taglymaty ählumumy ünsi özüne çekdi. Oz wagtynda papanyň görkezmesi bilen Uiklifiň ýygyndylary oda taşlanyldy. Emma indi welin, onuň aman galan işleri gizlenilen ýerinden çykarylyp. Mukaddes Kitap ýa-da onuň alnyp bilinen bölekleri bilen bilelikde öwrenildi. Şeýdip, köpler reformatiki imany kabul etdiler. BG 96.1
Gusy öldürenler bir çetde galyp, özleriniň pidasynyň işleriniň dabarasyna asudalyk bilen seredip durmadylar. Papa bilen imperator bilelikdäki güýji bilen bu hereketi basyp ýatyrmagy makul bildiler. Şeýdibem, Sigizmundyň goşuny Bogemiýa döküldi. BG 96.2
Ýöne halasgärem peýda boldy. Öz döwrüniň iň meşhur generallarynyň biri bolan Žižka bogem goşunynyň serkerdebaşysydy. Uruş yglan edilenine köp wagt geçmänkä, onuň gözi tutuldy. Halk Hudaýyň kömegine bil baglap, özleriniň işiniň adalatlydygyna ynanyp, Rimiň iň kuwwatly goşun bölümlerini çym—pytrak etdi. Imperator gaýta - gaýta täze goşun bölümlerini iberdi emma olar masgaraçylyk bilen Bogemiden yzlaryna gaýdyp geldiler. Gustistler ölümden gorkman, gaýduwsyz batyrlyk bilen söweşdiler, ýöne olary hiç zat çök düşmäge mejbur edip bilmedi. Urşuň başlananyna birnäçe ýyl geçenden soň, edermen Zižka öldi-de, onuň ýerine batyr hem zehinli general Prokop geldi. Ol käbir zatlarda has ezber ýolbaşçydy. BG 96.3
Kör esgeriň ölendigini eşiden Bogemiýanyň duşmanlary ýitirilen zatlary yzyna gaýratyp almanyň pursaty gelendir öýtdüler. Papa gusistleriň garşysyna haçly ýöriş yglan etdi. Şeýdip, ýene-de ummasyz goşun Bogiminiň üstüne indi, ýöne olaram agyr ýeňlişe sezewar boldular. Ikinji ýöriş yglan edildi. Ýewropanyň papa ygrarly bolan ýuillarynyň hemmesinden erkekler mobilizasiýa edildi, pul hem ýaragýygnaldy. Köpler tizara bogemli pyrryldakçylaryň soňuny görme umydy bilen papanyň baýdagynyň astynda durdular. Yeňşe bolan ynamdan ýaňa ganatlanan ägirt güýçler Bogemiýa hüjüm etdiler. Halk duşmany abraý bilen garşy almak üçin ýene-de birikdi. lki goşun aralarynda diňe derýa galýança, biri - birine ýakyn geldi. “Harby artykmaçlyk haç göterijiler tarapdady, ýöne derýadan geçip, gusistler bilen söweşmäniň deregine, olar seslerini çykarman saklandylar-da, özleriniň öňlerinde duran esgerlere seretdiler”. Birden söweşsiz zatsyz kuwwatly goşun göze görünmeýän eli bulap goýberen ýaly, garyşdy hem pytrady. Gusistlerem, duşmana gazaply zarba urdular. Olar gaçgaklary yzarlap, ullakan oljalary basyp aldylar, şol sebäpdenem, uruş bogemlilere garyplaşmanyň deregine baýlyk getirdi. BG 96.4
Birnäçe ýyl geçenden soň, eýýäm başga papanyň döwründe, ýene-de haçly ýöriş yglan edildi. Yene-de papa ygrarly bolan Ýewropa ýurtlaryndan ähli güýçleriň we serişdeleriň mobilizasiýalary başlandy. Yörişe gatnaşyjylara her hili artykmaçlyklary, şol sanda iň ýigrenji jenaýatlary-da, doly bagyşlamaklyk wada berildi. Uruşda ölenlere göklerde baýrak beriljekdigine, diri galanlara bolsa, hormat hem sahy sylaglar wada berildi. Şeýdip, ýene-de ägirt uly goşun ýygnalyp, Bogemiýanyň içine kürsäp girildi. Gusistleriň goşuny basybalyjylary gyzyklandyryp, tizara ýeňşiň gazanyljakdygyna umyt berip, hile bilen ýurduň içine çekjek bolup, yza çekildiler. Ahyrsoňunda Prokopyň goşuny saklanyp, duşman bilen duşuşyga taýýarlandy. Ine, şu ýerde hem, haç göterijiler özleriniň ýalňyşandyklaryny bilip, söweşjeň pozisiýany eýeläp başladylar. Entek gözýetimde gusistler peýda bolmankalar, olaryň ýakynlaşyp gelýän seslerini eşidenlerinde, haç göterijiler ýene dowla düşdüler. Şonuň üçin generallaram, adaty esgerlerem, ýaraglaryny taşlap, dürli tarapa gaçdylar. Papanyň goşuna ýolbaşçylyk eden wekiliniň gorkan we dargan goşunlary ýygnajak bolup eden tagallalary biderek boldy. Peýdasyz synanyşyklaryndan ýaňa gaýratyny ýitiren wekiliň özem gaçyp barýan adamlaryň akymy bilen alnyp gidildi. Papanyň goşuny ýeňildi, ýeňenlere bolsa, ýene baý olja ýetdi. BG 97.1
Şeýdip, Yewropanyň iň güýçli döwletleri tarapyndan ýaraglandyrylan, iň batyr hem edennen adamlaryndan ybarat bolup, urşa gaty gowy derejede taýýarlanylan ägirt uly goşuny ikinji gezek şeýle ähmiýetsizje hem kiçijik ýurduň goraýjylaryndan ýekeje söweşsiz gaçyp gaýtmaga mejbur boldy. Buzatlaryň hemmesinde Hudaýyň güýjüniň hereketleri göze görnüp durdy. Basybalyjylar adatdan daşary gorky bilen ýeňildiler. Gyzyl deňizde fyrownyň goşunyny çym - pytrak eden we midian goşunlaryny Gedegondan hem onuň üç ýüz esgerinden gaçmaga mejbur eden, bir gijede aşurlylary dargadan Reb ezijini jezalandyrmak üçin ýene-de ellerini uzatdy. uOlar ol ýerde, gorky ýok ýerde gaty gorkdular; çünki Hudaý seni gabanlaryň süňklerini dagatdy; sen olary uýada goýduh; çünki Hudaý olary ret etdr (Zebur 53:5). BG 97.2
Şonda papanyň güýç bilen ýeňiş gazanma umydyny ýitiren serdarlary juda inçe diplomatiýa ýüz urdular. Formal ýagdaýda bogemlilere wyždan azatlygyny beren, aslyýetinde bolsa, olary Rimiň eline beren şertnama baglaşyldy. Bogemliler Rim bilen parahatçylyk baglaşmanyň şerti hökmünde özleri tarapdan dört punkty - Mukaddes Kitaby wagyz etme azatlygyny, bütin Yygnagyň çörek hem şerap bilen Rebbiň agşamyny geçirmegi ýygnanyşyklary ene dilinde geçirmegi, dini ýolbaşçylary häkimiýet başyna we islendik dünýewi guramalara ýolbaşçylyk etmegine rugsat bermezligi, kanuny bozan ruhanylary raýatlyk suduna bermekligi - öňe sürdüler. Papalyk ahyrsoňunda gusistleriň “öňe süren dört punktyny kabul etmäge razy boldular, ýöne olary düşündirme hukugyny, ýagny wajyp işleriň hemmesini sobor bilen çözme hukugyny özlerinde galdyrdylar. BG 97.3
Gysgaça aýtsak, soňky sözi papa bilen imperator aýtmalydy”. Şu şertlerde parahatçylyk baglaşyldy. Şeýdip, Rim aldaw hem ähtiýalanlyk bilen göreşler hem uruşlar bilen ýetip bilmedik zadyna ýetdi. Gusistleriň öňe süren düzgünleri ýaly, Mukaddes Kitaby-da düşündirme hukugyny berkitmek bilen Rim olary öz maksadyna laýyklykda ýoýmaga mümkinçilik aldy. BG 98.1
Bogemlileriň aglaba bölegi munda özleriniň azatlygynyň üstüne abanýan ölüm howply haýbaty gördülerde, beýle şertnama bilen ylalaşyp bilmediler. Şeýdip, gusistleriň arasynda göreşe hem gandökülişige alyp baran agzalalyk peýda boldy. Bu özara bolan galmagallarda takwa Prokop ölýär-de, Bogemiýa öz azatlygyny ýitirýär. BG 98.2
Gus bilen Iýeronimi ölüme höküm eden Sigizmund Bogemiýanyň koroly boldy-da, bogemlileriň hukugyny goramaga kasam edendigine garamazdan. Papalygyň berkemegine ýardam etdi. Yöne Rimiň öňünde ýaranjaňlyk edip, ol örän az zat gazandy. Ýigrimi ýylyň dowamynda onuň jany hemişe howpdan hem howsaladan doly boldy. Dowamly hem peýdasyz uruşlar onuň gaznasyny boşatdy we ägirt uly goşunlary heläk etdi. Şondan soň, ol bir ýyl patyşalyk edip, ýurdy raýatlyk urşunyň gyrasynda goýup hem öz adyny masgaraçylyk bilen örtüp dünýäden ötdi. BG 98.3
Tolgunyşyklar, göreşler hem gandöküşikler dowam etdi. Bogemiýa ýene-de daşary ýurt goşunlary çozup girdiler, içki özara göreşlerem milleti garyp düşürmegi dowam etdirdiler, Hoş Habara wepalylygyna galanlaryň başyndan bolsa, gazaply yzarlamalar indi. Olaryň öňki doganlary Rim bilen ylalaşyga girip, olaryň nädogrulyklaryny kabul edenlerinden soň, gadymy imanyň tarapdarlary “birleşdirilen doganlyk” adyny göterýän aýratyn ýygnak döretdiler. Bu ädim jemgyýetiň ähli gatlaklarynda olara bolan ýigrenji döretdi. Emma olaryň berkligi yranmazlygyna galdy. Tokaýlarda we gowaklarda özlerine gaçybatalga gözlemäge mejbur bolan bu adamlar Hudaýyň Sözüni okamak we özleriniň Ýaradyjysyna doga etmek üçin bilelikde ýygnanyşmaklaryny dowam etdirdiler. BG 98.4
Gizlinlikde dürli ýurtlara iberilen habarçylar arkaly olar “dürli şäherlerde özleri ýaly hakykatyň tarapdarlarynyň bardygy, olaryňam, yzarlamalara sezewar edilýändikleri, Mukaddes Ýazgynyň prinsiplerine esaslanýan ýygnagyň Alp daglarynda bireýýäm özüne gaçybatalga tapandygy, bu ýygnagyňam Rimiň butparaz däplerine garşy çykýandygy” barada bildiler. Bu habarlar uly şatlyk bilen kabul edildi hem-de waldensler bilen berk gatnaşyklar ýola goýuldy. BG 98.5
Hoş Habaryn hakykatlaryna wepalylygyna galan bogemliler yzarlamalar gijesiniň iň tüm sagadynda-da, daňdanyň şapagyna garaşýan adamlar kimin, gözlerini göge dikdiler. “Olaryň paýyna gazaply bije düşdi... olar ilki Gusuň aýdan, soňam, Iýeronimiň: “ýüzýyllyklar geçenden soň, gün geler” diýip gaýtalan sözlerini ýada saldylar. Gusistleriň bu sözleri Ysraýylyň gul edilen nesilleri üçin Ýusubyň: “Men ölerin, ýöne Hudaý siziň dadyňyza ýetişip, sizi alyp çykar” diýen sözleriniň ýaňlanyşy ýaly ýaňlandy. “XV ýüzýyllygyň ahyrynda “birleşdirilen doganlygyň” ýygnaklarynyň sany ep - esli köpeldi. Olar öňküleri ýaly, yzarlamalara duçar boldular, ýöne yzarlamalar öňküleri ýaly gazaply däldi. XVI asyryň başlarynda Bogemi bilen Morawide 200 ýygnak bardy”. “Oduň hem gylyjyň heläk edijilikli güýjünden aman galan bu köp sanly galyndysy Gusuň öňünden aýdan daň şapagyny garşy almak miýesser etdi”. BG 99.1