Beýik Göreş
5—Nji Bap.
Jon Uiklif (1324—1384)
Reformasiýa çenli Mukaddes Kitabyň birnäçe ekzemplýary galypdy, emma Hudaý Öz Sözüniň ýitip gitmegine ýol bermedi. Onuň hakykatlary hemişelik gizlin galmaly däldi. Reb birwagtlar Öz hyzmatkärlerini azatlyga çykarmak üçin zyndanyň gapylaryny we demir derwezeleri açyşy ýaly, ýaşaýyş sözüni gandallar duran baglary-da, aňsatlyk bilen çym—pytrak edip bilýärdi. Dürli ýurtlarda adamlar Mukaddes Ruhuň täsiri astynda gizlenen hazynany gözleýän ýaly, hakykaty gözlediler. Olar Hudaýyň özleriniň aklyny nurlandyrmasy bilen Mukaddes Ýazga tarap öwrüldiler, uly gyzyklanma bilen mukaddes setirleri öwrendiler. Olar Nury tanamak üçin hemme zatlaryny pida etmäge taýýardylar. Bu adamlar hemme zada derrew akyl ýetiren bolmasalar-da, ozal gizlin bolan, birwagtlar jaýlanan hakykatlaryň köpüsi olara düşnükli boldy. Gögüň iberen habarçylary hökmünde olar ýalňyşlyk hem butparazlyk gandallaryny owratmaga we şeýle uzak wagtlap gulçulygyň aldawy astynda bolanlary özleriniň azatlygyny goramak üçin aýaga galmaklyga çagyrdy. BG 68.1
Uzak ýüzýyllyklaryň dowamynda Hudaýyň Sözüni diňe bilimli adamlar düşüner ýaly dilde okamak bolýardy. Ony diňe waldensler özleriniň dilinde okaýardylar. Ýöne Mukaddes Ýazgynyň dürli dillere terjime edilen wagtam gelip ýetdi. Biziň dünýämiz üçin ýarygije bolan wagt geçdi. Köp ýurtlarda garaňkylyk ýuwaş - ýuwaşdan aýrylyp, dogup gelýän güneşiň illdnji alamatlary peýda bolup başlady. BG 68.2
XIV ýüzýyllykda Angliýada “Reformasiýanyň daň ýyldyzy’ dogdy. Jon Uiklif diňe bir Angliýa üçin däl-de, eýsem, bütin mesihilik dünýäsi üçin reformalaryň habarçysy boldy. Onuň Rime garşy aýdan sözleri hiç haçan bes edilmeli däldi. Onuň çykyşy diňe bir aýratyn şahsyýetleriň däl-de, eýsem, ýygnaklaryň we tutuş halklaryň azat bolmagyna alyp baran göreşiň başyny başlady. BG 68.3
Uiklif libereal bilim aldy, emma Rebden gorkmaklyk onuň üçin akyldarlygyň başyny aňladýardy. Ol kollejde özüniň yhlasly takwalygy, meşhur ukyplary we esasly akyl ýetirişi bilen bellidi. Ol özüniň bilime bolan doýmaz - dolmaz dyrjaşmalary bilen ylmyň ähli ulgamlary bilen tanyşmaga dyrjaşdy. Ol sholastiki filosofiýany, raýatlyk we ybadathana hukugyny, aýratynam, öz ýurdunyň hukuklaryny öwrendi. Onuň şondan soňky işlerinde alan biliminiň täsiri duýulýardy. Şol döwrüň synlap oýlanma filosofiýasyny esasly öwrenmeklik bu filosofiýanyň ejizlikleriniň we ýalňyşlyklarynyň üstüni açmakda oňa kömek etdi. Raýatlyk we ybadathana hukuklaryny öwrenmeklik bolsa, ony raýatlyk we dini azatlyk ugrundaky beýik göreşe taýýarlady. Hudaýyň Sözüniň gylyjyny başarnykly ulanyp bilendigi üçin gumanitar ylymlaryndanam habarlydy we sholastlaryň taktikasy bilen gowy tanyşdy. Onuň zehinliligi bilen akyl ýetirişiniň giňligi ony diňe bir dostlarynyň däl-de, eýsem, duýmanlarynyňam hormatyna eýe etdi. Onuň yzyna eýerenler özleriniň ýurduň tanymal akyldarlarynyň arasynda meşhur derejäni eýelän serdaryna guwanç bilen seredýärdiler. Onuň duşmanlary bolsa, özleriniň nadanlygynyň hem ejizliginiň üstüniň açylaryndan gorkup, Reformasiýa bolan ýigrenjini bildirip bilmeýärdiler. BG 68.4
Uiklif talyp wagtyndan başlap, Mukaddes Kitaby öwrenip başlady. Mukaddes Kitaby diňe haýsydyr bir gadymy dilde okamak bolýan wagtynda, sowatsyz halk üçin ýapyklygyna galan hakykat çeşmesine tarap barýan ýoly diňe alymlar tapyp bilýärdi. Şeýlelikde, Uiklifiň reformator hökmündäki geljekki işiniň ýoly taýýarlanypdy. Alymlar Mukaddes Kitaby öwrenenlerinde, Hudaýyň şertsiz merhemeti hakdaky beýik hakykaty tapdylar. Olar bu hakykaty aç - açanlygyň gazanany etmeklige çalyşdylar we adamlara diri Söze tarap öwrülmäge kömek etdiler. Uiklif Mukaddes Ýazga üns berende, ony edil öz işlerini nähili esaslylyk bilen ýazan bolsa, ony-da şonuň ýaly esaslylyk bilen öwrenmäge başlady. BG 69.1
Bu wagta çenli ol hemişe sholastiki bilimler, Ybadathana taglymatlary bilenem kanagatlandyrylyp bilinmedik bilime bolan düşündirip bolmadyk teşneligi hemişe duýdy ýördi. Şol sebäpdenem, ol Hudaýyň Sözünde şeýle köp wagtlap gözlän zadyny tapdy. Mukaddes Kitapda ol gutulyşyň jikme -jik planyny gördi, Mesih ýeke -täk Töwellaçy hökmünde adam üçin ejir çekdi. Uiklif özüni durky bilen Mesihe bolan gulluga bagyş etdi we özüne açylan hakykatlary wagyz etmegi berk karar edindi. BG 69.2
Özünden soňky reformatorlar ýaly, Uiklif öz işiniň başynda işiň netijeleriniň hemmesini öňden görmedi. Ol Rime garşy hereket etmekçi bolmady. Ýöne hakykata bolan wepalylyk ýalana garşy göreşden başga hiç zadyň üstüne dökülmedi. Papalygyň ýalňyşy özüne näçe açyk görünse, ol Mukaddes Kitap hakykatlaryny şonça-da, yhlasly wagyz etdi. Ol adam rowaýatlarynyň hatyrasyna Rimiň Hudaýyň Sözüni pida edendigini gördi; ol dindarlary Mukaddes Yazgyny inkär etmekde gaýduwsyz aýyplady we Mukaddes Kitaby halka gaýtaryp berip, ybadathauada onuň abraýyny galdyrmagy talap etdi. Ol ukyply hem akly ýetýän halypady hem dilewar wagyzçydy. Özüniň gündelik durmuşy bolsa, öz wagyz eden hakykatlaryny berkidýärdi. Onuň Mukaddes Kitaby bilşi, kemçiliksiz logiki pikirlenmesi, durmuşyndaky arassalyk, mizemez batyrgaýlygy we adalatlylygy ony ählumumy harmata hem ynama eýe etdi. Onuň döwürdeşleriniň köpüsi özleriniň eýerýän iman taglymatynda kanagatlanma tapmaýardylar. Rim Ybadathanasynda höküm sürýän kanunsyzlyk olary gaharlandyrýardy, şonuň üçinem, olar Uiklifiň wagyz edýän hakykatlaryny aç - açan şatlyk bilen kabul edýärdiler. Papalygyň ýolbaşçylary gazapdan ýaňa titreşip, bu reformatoryň gitdigiçe köp täsiri ýetirip bilýändigini görýärdiler. BG 69.3
Uiklif ýalňyşlyklary ussatlyk bilen paş etmegi başarýardy, şol sebäpdenem, ol Rimiň goldamagy bilen edilen köp sanly hyýanatçylykly peýdalanmalara garşy gaýduwsyz çykyş etdi. Korolyň kapellany (kapellan -ruhany) bolany üçin ol papanyň iňlis monarhyndan alýan salgydyny batyrgaýlyk bilen ýazgardy we papanyň dünýewi häkimýete göz gyzdynnasynyň logika ters gelşi ýaly, ylhama-da ters gelýändigini görkezdi. Papanyň talaplary ozalam, uly ýigrenç döredýärdi, şol sebäpdenem, Uiklifiň paş etmesi döwlet işgärlerine-de, ýerlikli täsirini etirdi. Korol bilen hanlyklar birigip, dünýewi häkimiýete göz gyzdyrýan papanyň talaplaryny ret etdiler-de, salgytdan ýüz öwürdiler. Şeýdip, Angliýada papanyň abraýyna göze görnüp duran urgy uruldy. BG 70.1
Reformatoryň uzak hem tutanýerlilik bilen garşysyna göreş alyp baran başga bir erbetligi garyp düşen monahçylyk jemgyýetiniň esasydy. Monahlar halkyň abadançylygynyň ösmegine çynlakaý päsgelçilik bolmak bilen bütin Angliýany dolduryp durdylar. Olar özleriniň mugthorlugy bilen ykdysadyýeti, bilimi we ahlaklylygy pese düşürýärdiler. Garyp düşen monahlaryň bikär ýaşaýyş obrazy bu jemgyýeti eklemäge mejbur bolan zähmetkeş halk üçin agyr ýük bolýardy, ýöne iň esasy zat - peýdaly zähmetiň ähmiýeti peseldi. Ýaşlar çüýrediji täsire duçar edildi, maşgalanyň esaslary yraň atdy. Monahlaryň täsiri astynda köpler monastyrlara gitdiler. Olar muny diňe bir ene—atasyndan bisorag etmek bilen çäklenmän, eýsem, olaryň islegine garşy gidibem edýärdiler. Monahlyk jemgyýetiniň talaplaryny ogullyk borjundan we wezipesinden ýokary tutan katolik Ybadathanasynyň atalarynyň biri: “Eger kakaň seniň gapyň bosagasynda aglap hem möňňürip ýatan bolsa-da, eger ejeň seniň öz göwresinde göterilip, göwsünden iýmitlendirilendigiňi ýatladyp, duýgyňy oýarjak bolýan bolsa-da, bilip goý, sen olara üns bermän, Isanyň ýanyna howlukmalysyň” diýdi. Munuň ýaly “zalym adamçylyksyzlyk” soňunda bu taglymaty Lýuteriň atlandyryşy ýaly, “mesihiligiň hem ynsanlygyň däl-de, gaýtam, möjekligiň hem zalymlygyň beýany” bolupdy, çagalar bilen ene - atalaryň arasyndaky gatnaşyklar ýitileşipdi. Şeýdip, din ýolbaşçylary gadymky fariseýler kimin, özleriniň rowaýatlarynyň hatyrasyna Hudaýyň tabşyrygyny ýatyrypdylar. Netijede maşgalalar dargapdy, garry ene - atalar bolsa, özleriniň çagalaryndan jyda düşüpdiler. BG 70.2
Hatda uniwersitetleriň talyplaram, özlerini ýalan wadalaryna aldadyp, olaryň jemgyýetine girdiler. Köpler soňundan özleriniň şeýle saýlawy edendiklerine, durmuşyny zaýalandyklaryna we ene—atasynyň göwünlerine degendiklerine ökündiler, ýöne bir gezek bu duzaga düşen adama öňki azatlygyny almak mümkin bolmaýardy. Şol wagtlarda monahlaryň täsirinden heder eden ene - atalar çagalaryny uniwersitetlere goýbermekden boýun towladylar. Netijede uly okuw merkezlerinde okaýanlaryň sany derrew azaldy. Okuw jaýlary pese düşdi, bilimsizlik bolsa ýokarlandy. BG 71.1
Papa monahlara toba etmeleri kabul etme we günäleri bagyşlama hukugyny berdi. Bu hem, ullakan erbetligiň çeşmesi boldy. Monahlar baýamanyň yşgyna düşendigi üçin günäleri şeýle aňsatlyk bilen bagyşladylar welin, olaryň ýanlaryna her hili jenaýatçylaryň akymy gelip başlady. munuň netijesinde iň erbet jenaýatlar köpeldi. Garyplar hem syrkawlar özleriniň ygtyýaryna tabşyryldy. Olar üçin berlen sowgatlar bolsa, her hili gorkuzmalara ýüz urup, halkdan sadaka talap eden we özleriniň jemgyýetine kömek bermekden ýüz öwren adamlary “hudaýsyz” diýip yglan eden monahlara berilýärdi. Özleriniň ýasama garyplygyna garamazdan, monahlar derrew baýadylar. Olaryň ajaýyp öýleri bilen bu jemgyýetiň agzalarynyň lezzetini alan näz - nygmatly iýmitleri diňe halkyň ösýän garyplygyny görkezdi. Baýlygyň we lezzetleriň içinde wagtyny geçirip ýören monahlar adamlary aldamak we gyzyklandyrmak üçin ýadaman - ýaltanman dürli gudratlar we adaty bolmadyk wakalar hakda gürrüň bermeklige nadanlary höweslendirdiler. Olar özleriniň abraýyny butparazlygy ýaýratmak we dini borjuň papanyň ýolbaşçylygyny ykrar etmekden, mukaddeslere tagzym etmekden we monahlara sadakalar bermekden ybaratdygyna adamlary ynandyrmak bilen sakladylar. Bu düzgünleri ýerine ýetirmäniň jennete barýan göni ýoldugyna halky ýadawsyzlyk bilen ynandyrdylar. BG 71.2
Takwa alymlaryň we adamlaryň garyp düşen monahlyk jemgyýetlerini nähili hem bolsa bir usul bilen reformilirlejek bolup eden synanyşyklary biderek boldy. Has ýiti akla eýe bolan Uiklif bu haramçylygyň köküni görkezip, monahlygyň ýalandygyny paş etdi we ony inkär etmekligi talap etdi. Bu mesele boýunça çekeleşmeler turdy. Syýahatçylyk edip ýören monahlar papanyň indulgensiýasyny satyp, köpleri oýlanmaklyga mejbur etdiler - günäleriň bagyşlanmasyny pula satyn almak kanunymy? Adamlar: “bagyşlamany rim papasyndan gözländen, ony diläp, Hudaýa ýüzleneniň gowy dälmi?” diýen soragy özlerine berip başladylar. Köpler monahlaryň çenini - çägini bilmeýän ýaly bolup görnen açgözliiginiň artýandygyna gaharlandylar. Olar: “Monahlar bilen rim ruhanylary edil rak keseliniň çişi kimin, bizi iýip barýarlar. Hudaý bizi halas etmelidir, ýogsam, halk öler” diýýärdiler. Garyp düşen monahlar özleriniň açgözlügini aklajak bolup, Halasgäriň yzyna eýerijiler bolan boldular-da, lsanyň şägitleriniňem, halkyň beren zekatynyň hasabyna ýaşandyklaryny aýtdylar. Bu tassyklama olaryň özleriniň garşysyna baş göterdi, sebäbi köpler hakykaty gözläp, Mukaddes Kitaby öwrenmäge başladylar. Bu bolsa, Rimiň niýetine juda ujypsyzja derejede gabat gelýärdi. Adamlar rim Ybadathanasynyň gaty berk gizlän ýaşaýyş Çeşmesine öwrüldiler. BG 71.3
Uiklif mohanlara garşy makalalar ýazyp, olary çap etmäge başlady. ol muny monahlar bilen çekeleşik alyp barmak üçin etmedi-de, adamlaryň ünsüni Mukaddes Kitap taglymatlaryna we onuň Awtoryna çekmek üçin etdi. Uiklif papanyň hem, günäleri bagyşlamaga we ybadathanadan çykarmaga edil adaty ruhanylaryňky ýaly hukugynyň bardygyny, eger öz üstüne Hudaýyň ýazgarmasyny almadyk bolsa, onda ýekeje adamam, dogrudan hem, ybadathanadan çykarylyp bilinmez. Bu papanyň millionlarça adamlaryň janlarynyň we tenleriniň üstünden ruhy hem dünýewi hökümdarlygy giň gerim bilen öňe süren pursatyna Uiklifiň uly täsir bilen eden urgusy boldy. BG 72.1
Iňlis täjini Rimiň göz gyzdyrmasyndan goramaga çagyrylan Uiklif korolyň ilçisi bellenilip, iki ýylyny Niderlandiýada geçirdi we ol ýerde maslahatlara papanyň wekilleri bilen bilelikde gatnaşdy. Ol ýerde Uiklif Fransiýanyň, Italiýanyň, Ispaniýanyň dini ýolbaşçylary bilen arkaýyn gatnaşdy, ozal özi üçin gizlin bolan dini durmuşyň beýleki tarapy bilen tanyşdy. Daşary ýurtda ol köp zada düşündi we köp zada akyl ýetirdi. Onuň alan tejribeleri özüniň işlerinde beýanyny tapdy. Papalyk köşgüniň wekilleri oňa papalyk iýerarhiýasynyň hakyky özenini we maksadyny görkezdiler. Angliýa gaýdyp gelenden soň, ol açgözlügiň, tekepbirligiň we aldawyň Rimiň hakyky hudaýlary bolup durýandygyny tassyklamak bilen öz ideýalaryny has uly gönümellik we yhlas bilen wagyz etmegini dowam etdirdi. BG 72.2
Ol öz işleriniň birinde papa we onuň egindeşleri hakda: “Olar biziň garyp adamlaryň durmuşyny üpjün edip biläýjek zatlarymyzy alýarlar. Munuň üstesine-de, her ýylda korollyk gaznasyndan ybadathana däplerini ýerine ýetirmek we ybadathananyň başgamätäçlikleri üçinmüňlerçemarka gidýär. Bu bolsa, özüni eklemeklige mesihileri mejbur edýän “simoniýa” diýlip atlandyrlýan ýigrenji ýeresdir. Eger biziň ýurdumyzda altyndan daglar bolup, oňa bu tekepbir salgyt ýygnaýjylardan başga hiç kim elini degirmeýän bolanda-da, ol irde-giçde gutarardy, sebäbi salgytçylar biziň ähli pullarymyzy alyp, onuň deregine bize özleriniň simoniýasy zerarly gelen Hudaýyň lagnatyndan başga hiç zat bermeýärler” diýdi. BG 72.3
Uiklif Angliýa gaýdyp gelenden soň, tizara korol ony Lýutterwot ýygnagyna belledi. Bu korolyň Uiklifiň batyrgaý sözlerinden asla nägile däldigine şaýatlyk edýärdi. Uiklifiň täsiri howlynyň durmuşynda bolşy ýaly, bütin milletiň imanynyň täzeden dikeldilmesinde-de duýuldy. BG 73.1
Yöne tizara Rimiň gümmürdileri Uiklifiň üstünden inip başlady. Angliýa - uniwersitete, korola we ruhanylaiyň ýolbaşçylaryna - üç sany bulla iberildi. Olar ýeres mugallymyny sem etmek üçin aýgytly hem gaýragoýulmasyz çäreleri görmegi buýruk berýärdi. Papanyň bullary gelmezinden öň, gazap atyna münen ýepiskoplar Uiklifi suda çagyrdylar. Uiklif ol ýere ýurduň iki sany güýçli hanlarynyň we suduň binasynyň içine okdurylyp giren milletiň hemralyk etmeginde bardy. Milletiň bu hereketi kazylary gorkuzdy, şol sebäpdenem, Uiklifiň işi soňa goýlup, parahatçylyk bilen gidip, öz işini dowam etdirmäge rugsat berildi. Tizara Eduard III dünýäden ötdi. Onuň gartaşan ýaşdadygyndan peýdalanyp, ony reformatoryň garşysyna öjükdirmäge synanyşypdylar. Emma ol dünýäden ötenden soň, ýurduň hökümet ýolbaşçysy Uiklifiň öňki howandary boldy. BG 73.2
Yöne Angliýa gelen bullalar koroly pyrryldakçyny tutup, ony türmä salmaklyga borçly edýärdi. Bu bolsa, Uiklife oduň garaşýandygyny aýdýardy. Uiklifiň tizara ganhor hem ar alyjy Rimiň pidasy boljakdygy göze görnüp durdy. Emma gadymda nesilbaşa: “Gorkma! Men seniň galkanyňdyryn” (Gelip çykyş 15:1) diýen Reb ellerini uzadyp, Öz hyzmatkärini gorady. Ölüm reformatoryň däl-de, Uiklifi ýok etmek baradaky görkezmäni beren papanyň üstünden indi. Grigoriý XI öldi, şeýdip, Uiklifiň ykbalyny çözmeklik tabşyrylan ybadathana sudy bolmady. BG 73.3
Hudaýyň öňden görüjiligi Reformasiýanyň ösmegi üçin amatly bolan mümkinçilikleri döredip, şondan beýläkki wakalaryň hemmesini dolandyrdy. Grigoriýniň ölüminden soň, öz aralarynda bäsdeşlik eden iki papany saýlamaklyk boldy. Göreş alyp barýan bu toparlaryň ikisem, özleriniň günäsizligine aç - açan dalaşgärlik etdiler. Olaryň ikisem, öz garşydaşynyň garşysyna urşa gitmäge halky çagyiýardy-da, özleriniň çagyryşlaryny garşydaşynyň adyna aýdýan näletleri hem özleriniň yzyna eýerenlere göklerdäki sylagy wada bermek bilen berkidýärdiler. Bu wakalar papalygyň ygtyýaryny ep - esli peseltdi. Bu gazaply göreşler wagtynda, Uiklifi gününe goýdular. Papalar bolsa, biri biriniň üstüne nälet hem ikitaraplaýyn aýyplama ýagdyrmagy dowam etdirdiler. Jenaýatlar bilen köpçüligiň öňündäki dawalar ybadathanadaky adaty ýagdaý boldy. Reformator bolsa, bu wagtda Lýuterwodr ýygnagynda ýekelikde oturyp, adamlaryň ünsüni bäsdeşlik edýän papalardan sowup, dünýäniň Patyşatyna - Isa - tarapa sowmak üçin güýjünde baryny edýärdi. BG 73.4
Yzy bilen duşmançylygy we ahlak taýdan dargamany alyp gelen bölünişik Reformasiýa üçin ýol taýýarlapdy, sebäbi halk papalygyň hakyky ýüzüni görmäge mümkinçilik alypdy. Uiklif özüniň “Papalaryň duşmançylygy hakda” diýen işinde Uiklif halky biri - birini “antimesih” diýip atlandyrýan bu iki ruhanynyň nähili mamla däldiginiň pikirini etmeklige çagyrdy. Ol: “Hudaý indiden beýläk şeýtanyň olaryň diňe birini eýelemegine ýol berip bilmez..., şonuň üçin adamlar Mesihiň ady bilen olaryň häkimliginden aňsat halas bolar ýaly, ikisiniň maňlaýlaryny çaknyşdyrdy” diýýär. BG 74.1
Uiklif öz Mugallymy ýaly, Hoş Habary garyplara wagyz etdi. Ol nuruň diňe bir ýygnagyna gelýän az sanly maşgalalaryna ýaýramagyna ýol berip bilmedi, şol sebäpdenem nury bütin Angliýa sowgat bermegi karar edindi. Şu niýet bilenem, ol ýönekeý, bagyş edilen, hakykata wepaly, şonuň üçinem, hakykatyň ýaýramagyndan başga hiç zady islemeýän adamlardan ybarat bolan wagyzçylar toparyny döretdi. Bu wagyzçylar hemme ýerlere gitdiler; olar bazar meýdanlarynda, uly şäherleriň köçelerinde we uly ýollarda ders berdiler. Olar garry, syrkaw, garyp adamlary gözläp tapdylar-da, olara Hudaýyň merhemeti baradaky hoş habary alyp bardylar. BG 74.2
Uiklif Oksfordda ylahyýetiň doktory bolany üçin uniwersitetiň auditoriýalarynda Hudaýyň Sözüni wagyz etdi. Ol talyplara hakykat Sözüni ýetirmeklige şeýle bir berlipdi welin, ony “Hoş Habaryň doktory” diýip atlandyrýardylar. Yöne onuň Mukaddes Kitaby iňlis diline terjime etmegi öz durmuşynda eden iň beýik işi bolupdy. Uiklif özüniň “Ýazgynyň hakykaty we ähmiýeti” atly kitabynda Angliýadaky her bir adam Hudaýyň gudratly işleri hakda öz ene dilinde okar ýaly, Mukaddes Kitaby terjime etmek isleýändigini habar beripdi. BG 74.3
Ýöne onuň işi duýdansyz ýagdaýda saklandy. Ol entek altmyş ýaşyna barmadygam bolsa, üznüksiz çekilen zähmet, yImy sapaklar, duşmanlarynyň hüjümleri onuň güýjüni alypdy. 01 wagtyndan öň garrapdy we howply kesel bilen keselläpdi. Monahlar bu habary uly şatlyk bilen kabul etdiler. Uiklif ybadathana eden erbetligine gaty ökünýändir öýdüp, olar onuň toba etme sözlerini diňlemek üçin onuň ýanyna howlukmaç gitdiler. Duşmanlarynyň ölüm ýassygy bolar diýip umyt eden syrkawynyň düşeginiň daşynda dört monastyryň wekilleri dört sany döwlet ýolbaşçysy bilen ýygnandy. Olar Uiklife: “Ölüm ýakyn geldi, öz ýalňyşlyklaryňyza toba ediň-de, biziň ýanymyzda bize garşy aýdan zatlaryňyzyň hemmesini inkär ediň” diýdiler. Reformator bu zatlary sesini çykarman diňledi-de, öz hyzmatkärinden özüni galdyryp, düşekde oturdyp goýmagyny haýyş etdi. Soň hem, öz öňünde durup, jogaba garaşýan adamlaryň hemmesine parahat nazaryny aýlap, ýygy-ýygydan olary sandyradan berk hem gaty sesi bilen: “Men ölmeýärinde, monahlaryň ganhorlukly işlerini ýene-de paş etmek üçin ýaşaryn” diýdi. Gaharlanan hem haýran galan monahlar onuň ýanyndan gitmäge howlukdylar. BG 74.4
Uiklifiň sözleri ýerine ýetdi. Ol öz halkynyň eline Rime garşy bolan iň kuwwatly ýaraglaryň biri bolan, Gögüň özi tarapyndan azat etmek, aň - bilim bermek we dünýä wagyz etmek üçin beren Mukaddes Kitabyny bermek üçin ýaşady. Mukaddes Kitabyň terjimesiniň üstünde işlände, ol hemişe kynçylyklara we päsgelçiliklere duş geldi. Keselden ýeňlendigini bileni üçin ol özünde işlemek üçin az wagtyň galanyny bildi. Ol özüne nähili garşy çykmalary ýeňip geçmegiň gerekdigini gördi, emma Hudaýyň Sözüniň wadalary sowgat berlen bu adarn batyrgaýlyk bilen öňe hereket etdi. Tejribe bilen baýlaşdyrylan ýiti aklyny saklap, ol Hudaýyň aýratyn öňden görmesi bilen bu beýik işi tamamlamaga taýýarlanylypdy. Mesihileriň hemmesi aladadan we tolgunmadan doly bolan wagtlarynda, refomiator özüniň Lýutter ýygnagynda, gazaplaşýan harasatdan uzakda, öňde goýan maksadyny asudalykda ýerine ýetirýärdi. BG 75.1
Ahyrsoňy iş tamamlandy - Mukaddes Kitap ilkinji gezek iňlis diline terjime edildi. Indi Hudaýyň Sözi Angliýa üçinem elýeter boldy. Indi reformator zyndandanam, otdanam gorkmaýardy. 01 iňlis halkyna hiç haçan sönmejek ýagtylygy beripdi. Öz watandaşlaryny Mukaddes Kitap bilen tanyşdyryp, ol öz ýurdunyň gülläp ösmegi we abadanlyk hem günäden azat bolmagy üçin söweş meýdanlaryndan iň beýik ýeňişleri gazanan islendik serkerdeden-de uly işleri etdi. BG 75.2
Ol wagtlarda entek kitap çap etmeler belli däldi, şol sebäpdenem, Mukaddes Kitap örän hysyrdyly hem ýadadyjy ýol bilen ýaýrap bilýärdi. Mukaddes Kitaby edinme isleginiň şeýle güýçli bolandygy sebäpli, köpler ony göçürmek bilen meşgullandylar, emma bu islegleriň hemmesini kanagatlandyryp bilmedi. Baý müşderiler tutuş Mukaddes Kitaby satyn alýardylar. Başgalar bolsa, onuň diňe käbir bölümlerini satyn alýardylar. Köp ýagdaýlarda tutuş kitaby satyn almak üçin birnäçe maşgala birigýärdi. Şeýdip, Uiklifiň Mukaddes Kitaby gysga wagtyň içinde ýönekeý adamlaryň öýlerine tarap barýan ýoly tapdy. BG 75.3
Adamlaryň aklyllaryna ýüzlenmeklik olaiy papalyk taglymatlaryna biygtyýar tabyn bolma ýagdaýyna alyp barypdy. Uiklif protestantizmiň esasy prinsiplerini - Mesihe bolan iman arkaly gutulyşy we Mukaddes Yazgynyň çirksizligini - wagyz edip başlady. Uiklifiň taýýarlan wagyzçylary Mukaddes Kitap bilen bilelikde reformatoryň işlerini-de ýaýradýardylar. Olaryň işleri şeýle bir üstünlikli boldy welin, Angliýanyň ýarysy diýen ýaly, täze jmany kabul etdi. BG 75.4
Mukaddes Kitabyň ýaýramagy ybadathana ýolbaşçylaryny köp biynjalyk etdi. Indi olaryň öňünde Uiklife garanda has kuwwatly bolan güýç bilen göreşmeklik garaşýardy. 01 kuwwatyň garşysyna olaryň gylyjynda güýç ýokdy. Ol wagtlarda entek Angliýada Mukaddes Kitaby gadagan edýän ýekeje kanunam ýokdy, sebäbi ol ozal hiç haçanam olaryň ene dilinde bolmandy. Wagtyň geçmegi bilen şonuň ýaly kanunlar çykaryldy we ýerine ýetirildi. Häzirlikçe bolsa, dini ýolbaşçylaryň garşydaşlygyna garamazdan, Hudaýyň Sözi ýaýramagyny dowam etdirýärdi. BG 76.1
Papalygyň ýolbaşçylary reformatory dymmaga mejbur etmegiň usulyny oýlap tapmaga başladylar. Üç tribunal Uiklifi döwüp bilmedi. Ilki episkoplyk sinody onuň işlerini pyrryldak hökmünde yglan etdi. Soň ýaş korol Riçard II goldawyna daýanyp, dini ýolbaşçylar bu nälet siňen taglymaty kim goldasa şonuň zyndana salynjakdygy baradaky karary aldylar. BG 76.2
Uiklif parlamente ýüzlendi; ol milli ýygnagyň öňünde iýerarhiýany gaýduwsyzlyk bilen ýazgardy we ybdathana tarapyndan sanksiýalaşdyrylan hyýanatçylykly peýdalanmalary barlamaklygy talap etdi. OI uly ynamlylyk bilen papalygyň dini ýolbaşçylarynyň açgözlügini we zaýalygyny suratlandyrdy. Onuň sözleri duşmanlaryny aljyraňňylyga saldy. Uiklifiň öňki egindeşleri hem dostlary ýan bermeli boldular, şol sebäpdenem, duşmanlary garran, ýalňyz, hemmeler tarapyndan terk edilen reformatoryň korolyň hem papalygyň ygtyýarynyň öňünde baş egerine garaşdylar. Emma munun deregine papaçylaryň özleri ýeňildiler. Uiklifiň ýalynly sözlerinden heder eden parlament ony yzarlamak baradaky edikti ýatyrdy, şonuň üçin reformator ýene-de azatlykda galdy. BG 76.3
Ol korollygyň ýokary ruhy sudunyň öňünde durdy. Papaçylar bu gezek pyrryldakça rehim edilmejegine, Rimiňem ýeňiş gazanjakdygyna, Uiklifiň işiniň soňuna çykyljakdygyna ynamlydylar. Eger olara öz niýetini amala aşyrmak başartsa, onda Uiklif öz taglymatyndan ýüz öwürmäge mejbur bolýardy, ýogsam, oňa ot garaşýardy. BG 76.4
Ýöne Uiklif ýüz öwürmedi - ol ikiýüzlülik etmedi. Ol öz taglymatyny gaýduwsyzlyk bilen gorady we aýyplamalary batyrlyk bilen yzyna serpikdirdi. Özi, öz ýagdaýy hakda unudyp, ol öz diňleýjilerine Hudaýyň hökümini ýatlatdy we olaryň pikirleri bilen hilesini ebedi hakykatyň terezilerinde çekdi. Suduň zalynda Mukaddes Ruhuň barlygy duýuldy. Diňleýjiler Hudaýdan çykýan güýje aňk bolup galdylar. Olarda sud bolan ýerden gitmäge güýçleri ýok ýaly boldy. Reformatoryň sözleri edil Hudaýyň peýkamlary kimin, olaryň ýüreklerinden parran geçipdi. Özüne ýeresde bildirilen aýyplamany Uiklif weýran ediji güýç bilen aýyplaýjylaryň özlerine garşy öwürdi. Reformator olaryň näme üçin öz butparazlygynda tutanýerlilik edýändiklerini we ony ýaýratmagy dowam etdirýändiklerini nygtap sorady. Olar ýeňil gazanç üçin Hudaýyň merhemetini satýarlar. BG 76.5
Ahyrynda ol: “Siz nähili pikir edýärsiňiz, özüňiz kime garşy göreşýärsiňiz? Gabryň pyrasynda duran goja garşymy? Yok! Siz Hakykat bilen söweşýärsiňiz, ýöne Hakykat sizden güýçlüdir, şonuň üçin siz ýeňilersiňiz” diýdi. OI şu sözleri aýdyp, ýygnakdan çykyp gitdi, emma garşydaşlarynyň ýekejesem, ony saklamaga het edip bilmedi. BG 77.1
Uiklifiň işleri gutardy diýen ýalydy. Onuň şunça wagtlap, hakykat baýdagyny göteren elleri hä diýmän aşak sallanmalydy, ýöne ol Hoş Habara wepalylygyna ýene bir gezek şaýatlyk etmelidi. Onuň öňünde butparaz patyşalygyň galasynyň içinde hakykaty yglan etmeklik durdy. Uiklif Rimdäki papalyk tribunalynyň öňündäki suda, ýagny mukaddesleriň ganlarynyň köp gezekler dökülen ýerine,çagyryldy. Olözüstüneabanýan howpuň barlygyna düşünýärdi, ýöne eger ysmazlyk öz syýahatyna päsgel bermedik bolsa, onda ol bu çagyryşa tabyn bolardy. Rimde Uiklifiň sesini eştimedik bolsalar-da, ol entegem galam tutup bilýärdi, şonuň üçin ol bu mümkinçilikden peýdalandy. Reformator öz ýaşaýan ýerinden papa hat ýazdy. Bu hatda sylaşykly äheň bilen mesihilik ruhy bar bolsa-da, ol papalyk tagtynyň kaşaňlygyny we tekepbirligini ýazgarýardy. BG 77.2
01: ‘cMen öz pikirimi her bir adama, aýratynam, Rimiň ýepiskopyna. açyk aýdyp bilýändigime şat. Özümi sagdyn akylda hasaplaýandygym üçin ol meniň imanymy wagyz etmämi ýa-ha kabul eder, ýa-da, eger men ýalňyşýan bolsam, hakykata getirer. BG 77.3
Hemme zatdan öňürti men Mesihiň Hoş Habary - bu Hudaýyň Kanunynyň düýp özenidir... şol sebäpdenem, Rimiň ýepiskopynyň Mesihiň ýerdäki wekili bolup durýandygy üçin ol Hoş Habaryň kanunlaryna beýleki adamlardan köpräk tabyn bolmalydyr. Sebäbi Mesihiň şägirtleriniň beýikligi dünýewi şöhratda we hormatda dälde, Mesihe ýakynlykda we Mesihiň ähli işlerinde Onuň yzyna takyk düşmekde jemlenipdi... Mesih Özüniň syýahatçylykly durmuşynda hiç hili dünýewi häkimiýete we şöhrata eýe bolmadyk garyp adamlaryň biri bolupdy... BG 77.4
Wepaly adamlaryň ýekejesem, hatda papanyň özüne-de, haýsydyr bir mukaddese-se öýkünmeli däl-de, diňe Rebbimiz Isa Mesihe öýkünmelidir. Petrus bilen Zebedeýiň ogullary Mesihiň tersine, dünýewi şöhrata dyrjaşyp, günä etdiler, şonuň üçin hem, biz olaryň ýalňyşlyklaryndan seresap bolmalydyrys... BG 77.5
Papa ýerdäki işleriniň baryny dünýewi häkimlige berip, dine howandarlyk etmelidir, sebäbi Mesih hem resullar şeýle etdiler. Eger men bir zatda ýalňyşýan bolsam, onda doly tabynlyk içinde islendik ýazgarmany hem düzedişi, eger zerur bolsa, hatda ölümi-de kabul etmäge taýýar. Eger ýagdaýym bolan bolsa, Rim ýepiskopynyň ýanyna özüm barardym. Emma Reb Öz bilşi ýaly etdi, şonuň üçin men adamlardan köpräk Hudaýa tabyn bolmalydyryn...” BG 77.6
Ol ahyrynda: “papamyz Urban VI we onuň ähli dini ýolbaşçylary özleriniň durmuşynda we işlerinde halka dogry nesihatlary berip, hemme zatda Hudaýa wepaly bolmaklary üçin Hudaýyň Urban VI we onuň ähli dini ýolbaşçylaryny Rebbimiz Isa Mesihiň göreldesine eýermeklige ruhlandyrymagyny sorap doga edeliň” diýip ýazýar. Şeýdip, Uiklif papanyň we ruhanylarynyň öňlerinde, Mesihiň kiçigöwlmliligini we mylaýymlygyny, diňe olaryňam däl-de, eýsem, bütin mesihilik dünýäsiniňem öňünde papa hem ruhanylar bilen özleriniň Mugallymynyň arasyndaky tapawudy görkezdi. BG 78.1
Uiklif öz wepalylygy üçin janyny töleg hökmünde tölemelidir öýdýärdi. Korol, papa we ýepiskoplar bary ony heläk etmek üçin birigipdi, şol sebäplem, otdan gutulma ýok ýaly bolup görünýärdi. Yöne onuň batyrlygy sarsmazdy. “Siz näme üçin görgi göreniň täji özüňizden uzakdadyr öýdýärsiňiz? Mesihiň Hoş Habaryny tekepbir ruhany ýolbaşçylaryna wagyz edip başlaň, size görgi görüp ölmekden gaça durmak mümkin däldir. Näme? Men ýaşamaly we dymmaly? ... Hiç haçan! Goý, urgy meniň üstümden insin, men oňa garaşýaryn...”. BG 78.2
Ýöne Hudaýyň güýji entegem, Öz hyzmatkärini goraýardy. Bütin ömrüniň dowamynda her gün ölüm howpy astynda hakykaty batyrgaýlyk bilen goran adam özüniň ganym duşmanlaryna aw bolmaly däldi. Uiklif özüni howpdan goramagyň aladasyny hiç haçan etmändi; onuň goragy Reb bolupdy. Şol sebäpdenem, duşmanlary ýeňiş gazanandyklaryna ynamly bolanlarynda, Rebbiň eli wagyzçyny olaryň ýetip bilmejek ýerinde gizledi. Uiklif Lýutterwortdaky jaýynda çörek bölme etmäge taýýarlanyp otyrka, ony ysmazlyk urýar-da, şobada gutarýar. BG 78.3
Hudaý Uiklife belli bir ýumuş berdi. Ol onuň diline Sözüň hakykatyny saldy we şol Söz halkyň gymmatlygy bolup biler ýaly, ony gorady. Hudaý beýik Reformasiýa işiniň düýbi tutulýança, Uiklifiň janyny we işlerini gorady. BG 78.4
Uiklif orta asyryň garaňkylygyndan çykdy. Ol bu ýol bilen ilkinji bolup gitdi. Ol görelde alyp, Reformasiýanyň prinsiplerini öwrener ýaly, ondan öňde reformator ýokdy. Ýahýa Çokundyryjy ýaly, aýratyn missiýa üçin çagyrylan Uiklif täze eýýamyň habarçysy boldy. Şeýle-de bolsa, onuň hakykata düşünişi bütewiligi hem dolulygy bilen tapawutlandy. Onuň taglymaty hatda ýüz ýyl geçenden soňam, ýetilip bilinmejek derejesinde durdy. Onuň goýan fundamenti şeýle çuň hem, şeýle giňdi, onuň üstünde gurlan bina şeýle berk hem çirksiz bolup, onuň yzyndan ýöränler tarapyndan hiç hili rekonstruksiýa edilmegine we täzlenilmegine mätäç däldi. BG 78.5
Adamlaryň wyždanyny we aňlaryny azat etmeli bolan, Rimiň ýeňişli at arabalaryna daňlan halklary azat etmeli bolan, Uiklif tarapyndan başlanylan beýik hereket öz başlangyjyny Mukaddes Kitapdan alýar. IV asyrdan başlap, ähli ýüzýyllyklaryň üstünden akyp geçmeli bolan dirilik suwy kimin, bu ak pata çeşmesi şu ýerden akyp başlaýar. Uiklif Mukaddes Yazgyny Hudaýyň erkiniň joşgunly ylhamy, imanyň we ýaşaýşyň hemme zady öz içine alýan düzgüni hökmünde doly iman bilen kabul etdi. Ol rim Ybadathanasyna Hudaýyň ybadathanasy, el degirmesiz mertebe hökmünde şertsiz hormat goýma ruhunda terbiýelenýär. Oňa ýüzýyllyklardan öň döredilen taglymaty we adaty höwes bilen kabul etmegi gürrüňsiz öwretdiler, emma ol Rebbiň Mukaddes Sözüne tarap öwrülmek üçin bu zatlaryň hemmesini taşlady. Bu onuň halkyda ynanmaga çagyran mertebeli Sözüdi. 01 adamlara papanyň üsti bilen ýüzlenýän ybadathananyň däl-de, halka Öz Sözüniň üsti bilen ýüzlenýän Rebbiň ýeke - täk mertebe bolup durýandygyny nygtady. Soň ol Mukaddes Kitabyň Hudaýyň isleginiň kämii ylhamy, Mukaddes Ruhuň bolsa, ýeke - täk Düşündiriji bolup durýandygyny, şol sebäpdenem, Mukaddes Ýazgyny öwrenýän her bir adamyň Onuň kömegi bilen öz borjuna hem wezipesine düşünmelidigini düşündirýär. Şeýle etmek bilen ol papa we rim Ybadathanasyna eýeren adamlary Hudaýyň Sözüne akyl ýetinne ýoluna gönükdirýär. BG 78.6
Uiklif iň meşhur reformatorlaryň biridir.Aklyňgiňliginde,pikirlenmäniň aýdyňlygynda, garaýyşlaryň berkliginde we hakykatyň tarapyny almada onuň yzyna eýerijileriň juda az sanlysy onuň bilen deňeşip bilýär. ýaşaýşyň arassalygy, derňewlerinde we zähmetde ýadawsyzlyk, satylmazak dogruçyllyk, söýgüde Mesihe öýkünmeklik hem-de gulluga wepalylyk - ine, häsiýetiň haýsy gylyklary reformatorlaryň ilkinjisini nähili häsiýetlendirýän eken. Bu zatlaryň hemmesem, şol döwrüň ruhy garaňkylygyna we ahlak taýdan zaýalanmasyna garşylykda edildi. BG 79.1
Bu üýtgeşik şahsyýet Mukaddes Ýazgynyň terbiýeleýji we üýtgediji güýjüniň şaýadydyr. 01 nähili adam bolan bolsa, ony Mukaddes Kitap şeýle etdi. Hudaýyň ylhamynyň beýik hakykatlaryna akyl ýetirmäge dyrjaşmaklyk biziň ukybymyzy janlandyiýar hem ösdürýär, aklymyzy giňeldýär, düşbüligimizi ýiteldip, pikirlerimizi kämilleşdirýär. Mukaddes Kitaby öwrenmeklik başga zadyň etmedigini edip, biziň her bir pikirimizi, duýgymyzy we meýlimizi gowulaşdyrýar. 01 bize maksada okgunlylyk, sabyrlylyk, batyrlyk hem ruhuň güýjüni berýär. Ol häsiýeti arassalap, kalbymyzy nurlandyrýar. Mukaddes Kitaby öwrenijiniň aklyny göni Tükeniksiz Akyldarlyk bilen birikdirýän takwalyk hem çynlakaýlyk bilen öwrenmeklik bu dünýä köp zady wada berýän ukyply we takwa prinsipli tanymal adamlary bererdi. Hiç bir filosofiki taglymatlardyr mekdepler şu derejede täsirli bolan netijeleri bermäge ukyply däldir. Mezmurçy: “Seniň sözüň açylyşy nur saçýar garamaýaklara akyl berý’är” (Zebur 119:130) diýýär. BG 79.2
Uiklifiň wagyz eden taglymaty ýene birnäçe wagtlap ýaýramasyny dowam etdirdi. Onuň uiklifistler we lollardlar ady bilen belli bolan yzyna eýerijileri Hoş Habarynyň nuruny diňe bir Angliýa däl-de, başga ýurtlarada ýaýratdylar. Uiklifiň serdarsyz galan yzyna eýerijileri has-da uly yhlas bilen işlediler, şonuň üçin olary diňlejek bolup, giden märekeleriň akymy gelýärdi. Imana gelenleriň arasynda ýokary derejeli adamlaram bardy, hatda korolyň aýalam bu imany kabul etdi. Köp ýerlerdäki halklaryň adatlarynda uly özgerişler bolup geçdi: ybadathanalardan papalygyň butparaz nyşanlary aýryldy. Ýöne mundan köp wagt geçmänkä, Mukaddes Kitaby öz durmuşynyň gollanmasy etmäge gaýrat edenleriň üstünde gazaply tupan turdy. Iňlis monarhlary öz ygtyýaryny Rimiň goldawy bilen berkitmäge yhlas bilen dyrjaşyp ýörşüne hiç bir ikirjiňlenmesiz Reformasiýanyň yzyna eýerijileri gurban etdiler. Şeýdip, Angliýanyň taryhynda ilkinji gezek Hoş Habaryň şägirtleriniň biri - biriniň yzyndan ýanyp ölen ody alawlady. Bir ölüm jezasynyň yzyndan beýlekisi berilýärdi. Hakykatyň kanuny däl diýlip yglan edilen we yzarlanylan goraýjylary özleriniň nalalaryny diňe Goşunlar Hudaýy bolan Rebbe aýdyp bilýärdiler. Ybadathananyň duşmanlary we watan dönükleri hökmünde yzarlanylan imanlylar özlerine garyplaryň sadaja öýlerinde gaçybatalga tapyp, dag jülgelerinde we gowaklarda gizlenip, gizlin ýerlerde Hoş Habary wagyz etmegi dowam etdirdiler. BG 80.1
Yzarlamalaryň gazabyna garamazdan, tutuş ýüzýyllyklaryň dowamynda hoşhabar imanynyň ýaýran ýoýulmalaryna garşy pes göwünli, sarsmaz, çyn ýürekden çykýan we sabyrly ses ýaňlandy durdy. Ol döwrüň mesihileri hakykata diňe bölekleýin akyl ýetirýärdiler. Ýöne muňa garamazdan olar Hudaýyň Sözüni söýmegi, oňa tabyn bolmagy, onuň ugrunda sabyrlylyk bilen görgi görmegi öwrendiler. Resullaryň günlerindäki şägirtleri ýaly, olaryň köpüsi özleriniň ýerdäki emlägini Hudaýyň işiniň hatyrasyna pida etdiler. Özleriniň hususy öýlerinde galanlar bolsa, kowlan doganlaryna şatlyk bilen gonalga berdiler. Özleriniňem başyndan şu işler inende, olar ykbalyň urgusyny taýýarlyk bilen kabul etdiler. Elbetde, özlerini yzarlaýjylaryň gazabyndan gorkup, imany ret etme bahasyny töläp, özlerine azatlyk satyn alanlaram boldy. Olar öz garaýyşlaryny köpçüligiň öňünde inkär edip, türmelerden toba gelen günäkärleriň geýimlerinde çykdylar. Ýöne wepalylaryň sany-da az däldi. Olaryň arasynda ýokary hem aşak gatlaklardan zyndanlara, “lollardlaryň minaralaryna, salnan adamlaram duş gelýärdiler, ýöne olar hatda ýalynyň içinde gynamalaryň astynda-da, imandan dänmän, gaýtam, “Mesihiň görgülerini paýlaşmaga” mynasyp bolandyklaryna begendiler. BG 80.2
Papaçylara diri Uiklifiň hötdesinden gelmek başartmandy, ýöne ol ölen soňam, olary günlerine goýmady. Reformatoryň ölenine kyrk ýyl geçenden soň, Konstans soborynyň karary bilen Uiklifiň süňkleri mazardan çykarylyp alnyp, köpçüligiň öňünde ýakyldy-da, külem goňşy çeşmä taşlanyldy. Ýazyjylaryň biri: “Bu kiçijik suw akymy onuň külüni Eýwona, ol ýerdenem, Sewerne äkitdi. Sewern hem kiçiräk deňizlere, olaram öz gezeginde aňyrsyna - bärsine göz ýetmeýän okeanlara alyp gitdi. Şeýdip, Uiklifiň küli häzirki döwürdede bütin dünýä ýaýraýan taglymatynyň nyşany boldy” diýip ýazýar. Uiklifiň duşmanlarynyň özleriniň jenaýatçylykly işiniň manysyna düşüneni düşünmäni gümanadyr! BG 80.3
Uiklifiň işleriniň kömegi bilen BogemidenbolanGusÝankatolisizmiň köp sanly ýalňyşlyklaryndan ýüz öwrüp, Reformasiýa ýoluna düşdi. Şeýdip, biri—birinden gaty uzakda ýerleşen bu iki ýurtda hakykat tohumy ekildi. Bu taglymat Bogemiden başga ýurtlara ýaýrady. Adamlar birwagtlar unudylan Hudaýyň Sözüne tarap öwrüldiler. Hudaýyň eli beýik Reformasiýa üçin ýol arassalady. BG 81.1