Beýik Göreş
7—Nji Bap.
Lýuteriň Rimden Aýra Bolmagy
Ýygnagy papalygyň garaňkylygyndan çykaryp, has kämil hem arassa imana alyp barmaga çagyrylanlaryň arasynda Martin Lýuter iň meşhur ýeri eýeleýär. Hudaýdan gorkmadan başga gorkyny bilmeýän, iman üçin Mukaddes Ýazgydan başga esasy ykrar etmeýän gabanjaň imanly, joşgunly hem wepaly Martin Lýuter öz döwrüniň habarçysy boldy. Ýygnagy üýtgetmek we dünýä aň bermek boýunça Hudaý onuň üsti bilen beýik işi etdi. BG 100.1
Hoş Habaryň ilkinji habarçylary ýaly, Lýuter garyp jemgyýetden çykdy. Ol özüniň irki çagalygyny nemes daýhanynyň sadaja öýünde geçirdi. Onuň magdan gazyjy bolan kakasy oglunyň okuwy üçin puly agyr zähmeti bilen gazanýardy. Ol öz oglunyň bilim alyp, hukukçy bolmagyny isleýärdi, ýöne Hudaý ondan tutuş ýüzýyllyklaryň dowamynda abat galjak beýik ýygnagyň gurluşykçysy ýasamagy karar edindi. Kynçylyklar, mahrum edilmeler we gazaply tertip - düzgün Çäksiz Akyldarlygyň Lýuteri öz durmuşyndaky iň esasy işe taýýarlan mekdebi bolupdy. BG 100.2
Lýuteriň kakasy aýgytly, gönümel hem dogruçyl adam bolupdyr. Ol örän berk häsiýetli bolup, ýiti hem ösen akly bilen tapawutlanýardy. Ol soňuna seretmezden, öz borjuna wepalylygy saklady. Sagdyn pikir ony monahlara ymansyz garamaga meýillendirdi. Ol öz razyçylygyny alman, monastyra giren Lýuteriň hereketlerinden diýseň nägile boldy. Ol ogly bilen ýaraşýança iki ýyl geçdi, ýöne şonda-da onuň garaýyşlary öňküligine galdy. BG 100.3
Lýuteriň ene - atasy çagalarynyň terbiýesine we bilimine aýratyn üns berdiler. Olar çagalaryna Hudaýy tanamagy nesihat bermäge hem-de olarda mesihilik ahlagyny ösdürmäge çalyşýardylar. Kakasy Martiniň hemişe Hudaýy ýada salyp, Onuň hakykatyny ýaýratmaga gulluk etmegi üçin oglunyň ýanynda ýygy - ýygydan doga edýärdi. Bu ene—ata öz çagalarynyň ahlak hem akyl taýdan ösmekleri üçin özleriniň agyr zähmetli durmuşynyň ýol berýän islendik mümkinçiliklerden peýdalanýardylar. Olar özleriniň aýgytlylygynda we berkliginde käwagt öte geçýärdiler, ýöne reformator käwagt ene — atasy ýalňyşan bolsalar—da, olaryň terbiýesiniň ýigrenje däl-de, gaýtam, goldawa mynasypdygyny bilýärdi. BG 100.4
Lýuteriň örän ir baran mekdebinde oňa berk daraýardylar, hatda käwagt urýardylaram. Onuň ene - atasy garyp bolandygy sebäpli, başga şähere okamaga gidende, bir gapydan beýleki gapa baryp aýdym aýtmak bilen iýmitini gazanmaga mejbur bolýardy, köplenç hem aç gezýärdi. BG 101.1
Şol döwürlerde diniň keşbine girip, höküm sürýän garaňky butparazlyk oglany gorkudan doldurypdy. Ol gaýgyly geljek hakda titreme bilen pikir edip we gowy Gökdäki Ata däl-de, berk häsiýetli, rehimsiz kazy, zalym hökümdar hökmünde göz öňüne getiren Hudaýy hakda pikir edende hemişe duýýan gorkusyny duýup, ýüregindäki agyr pikirler bilen ýatýardy. BG 101.2
Şeýle-de bolsa, köp sanly hem beýle güýçli lapykeçlikleriň bolandygyna garamazdan, Lýuter saklap bolmajak güýç bilen öz kalbynyň şeýle teşne bolan ahlak hem akyl kämilliginiň nusgasyna tarap öňe gitdi. Ol bilimleri nebsewürlik bilen aldy. Onuň çynlakaý, işjeň akly göz üçin edilýän ýa-da ýüzleý edilýän zatlar bilen kanagatlanmady, şonuň üçin ol ähli ähmiýetli hem degerli zatlara tarap okduryldy. BG 101.3
18 ýaşynda Erfurt uniwersitetine okuwa girende, onuň material ýagdaýy öňkülerinden gowulaşdy. Onuň zähmetsöýer hem tygşytly ene - atasy pul ýygnap, indi oglunyň mätäçliklerine kömek edip bilýärdi. Rehimli hem sagdyn pikirli dostlary bilen saklan gatnaşyklary belli bir derejede onuň mekdepden soň kalbynda galan çökündileri aýyrdy. BG 101.4
Ol iň gowy ýazyjylaryň eserlerini öwrendi, öz aklyny olaryň ýagty pikirleri bilen baýlaşdyrdy we olaryň akyldarlygyny özüniň akyldarlygy etdi. Hatda öňki mugallymlar tarapyndan döredilen iň gazaply şertlerinde-de, ol täsin ukyplylyk görkezdi. Indi bolsa, ondan has gowy şertlerde bolsa, onuň akly öňküsindende tiz ösdi. Ajaýyp ýatkeşlik, işjeň akyl, ösen logiki pikirlenme we janypkeşlik oňa öz ýoldaşlarynyň içinde tizara birinji ýeri eýelemäge kömek etdi. Sapaklardaky tertip - düzgünlilik ony kämil akyldar edip, hakykata düşünişini ýitileşdirdi. Bu bolsa oňa soňky durmuş göreşlerinde kömek etdi. BG 101.5
Lýuter Hudaýdan gorkýardy, bu bolsa oňa öňde goýan maksatlaryndan gyra çekilmezlige, Rebbiň öňünde kiçigöwünli bolmaga kömek etdi. Ol özüniň Hudaýyň kömegine elmydama garaşlydygyna akyl ýetirýärdi, şonuň üçin her gününi doga etmekden başlaýarrdy. Onuň ýüregi özüniň goldaw hem ýolbaşçylyk etmegini soraýan Hudaýyna tarap gönügendi. Ol: “ýumşuň ýarysyny öwrenenden, doga edeniň gowy” diýip köp aýdýardy. BG 101.6
Bir gün uniwersitetiň kitaphanasynda kitaplara seredişdirip ýörkä, Lýuter latyn Mukaddes Kitabyny gördi. Bu wagta çenli ol munuň ýaly kitaby hiç haçanam görmändi, hatda onuň ýaly kitap bardyram öýtmändi. Jemgyýetçilik ýygnanyşyklary wagtynda, ol Hoş Habardan we Hatlardan alnan parçalary eşidýärdide, şol parçalar Mukaddes Kitaby düzýändir öýdýärdi. Indi bolsa ol tutuş Mukaddes Kitaby görüpdi. Ol begenç hem haýran galmanyň garyşyk duýgulary bilen mukaddes sahypalary agdaryşdyrdy. Ol ýüreginiň gürsüldisi astynda sandyrap, ýaşaýyş sözlerini okady, käwagt hem saklanyp: “Wah, Hudaý meniň özüme şeýle kitap beräýsedi!” diýdi. Gögüň perişdeleri onuň daşyny gaplady, Hudaýyň tagtyndan çykýan nuruň şöhleleride, oňa hakykat hazynasyny açdy. Ol hemişe Hudaýy ynjytmakdan gorkýardy, indi bolsa, ozal hiç haçan düşünmedik zadyna düşünip, özüniň günäli ýagdaýdadygyn akyl ýetirdi. BG 101.7
Günälerine bagyşlama almagy we Hudaý bilen ýaraşmagy çyn ýürekden islemegi ony monastyra girmäge meýillendirdi. Ol ýerde ony iň hapa işleri etmäge mejbur etdiler we sadaka dilemäge goýberdiler. Ol adamlaryň özlerine hormat hem ykrar edilme gazanmak isleýän ýaşyndady, şol sebäpdenem, bu ýaranjaňlyk onuň näzik kalby üçin kemsidiji boldy, ýöne ol bu zatlary öz günäleri üçin jeza hasaplap, kemsidilmäni sabyrlylyk bilen çekdi. BG 102.1
Gädip almak başardan her bir minudyny ol okuwa bagyş etdi. Hatda okuw üçin uka hem sadaja nahara niýetlenen wagtynam pida etdi. Hudaýyň Sözüni öwrenmeklik oňa iň uly kanagatlanma getirdi. Ol Mukaddes Kitabyň monastyryň diwaryna zynjyrlar bilen daňlyp goýlandygyny gördi, şoňa görä-de, ol şu ýerde ýygy—ýygydan saklanýardy. 01 öz günäliligine köp akyl ýetirdigiçe, bagyşlamany hem rahatlygy öz işleri bilen gazanmaklyga dyrjaşýardy. O1 monahlyk tabynlygy bilen ýetip bilmedik zadyny oraza tutup, uklaman we ýenjilmek bilen samsyk meýillerine kök urdurmaga çalşyp, örän gaty düzgünli durmuşda ýaşaýardy. 01 ýüregini arassalap, Hudaýdan aklanma almak üçin hiç hili pidanyň öňünde saklanmaýardy. Ol soňundan: “Men, dogrudanam, takwa monahdym, şonuň üçin monastyryň buýruklaryny göz öňüne getirerdenem, takyk edip ýerine ýetirýärdim. Eger monahlardan biri öz gahrymançylyklary bilen Gökdäki Patyşalyga mynasyp bolup bilýän bolsa, men, gürrüňsiz muňa hukukly bolardym... eger munuň ýaly ýagdaý ýene azajyk wagtlap dowam eden bolsa, onda ol meni gabra alyp barardy. Ol sansyz - sajaksyz meýletin gazaply mahrum bolmalardan ýaňa güýjüniň aglaba bölegini ýitirdi, soň hiç haçan doly saplanyp bilmedik ysytmalary bilen huşuny ýitirmeleri başlandy. Ýöne adamyň güýji ýeterden aşa bolan bu tagallalara garamazdan, onuň teşne kalby rahatlyk tapmady. Ahyrsoňunda, ol doly puhdan düşmä baryp ýetdi. BG 102.2
Lýuteriň göwnüne hemme zat eýýäm ýitirilen ýaly bolanda, Hudaý onuň ýanyna dostuny hem kömekçisini iberdi. Takwa Ştaupis Lýutere Hudaýyň Sözüne düşünmäge kömek etdi; onuň ünsüni özözünden sowdy, Hudaýyň Kanunyny bozandygy sebäpli, eziji günä duýgusyndan saplanmaga kömek etdi we onuň nazaryny Isa - günäleri bagyşlaýan Halasgäre gönükdirdi... “Öz günäleriň sebäpli, özüi paralamagyň deregine, Halasgäriň gujagyna gel. Oňa daýan, Onuň durmuşynyň dogrulygyna bil bagla, Onuň ölüminiň halas edijilikli güýjüne iman et... Hudaýyň Ogluna tabyn bol. Rebbiň merhemetlidigine bolan ynamy saňa bermek üçin Ol Ynsan boldy. Ony söý, sebäbi Ol seni ilki söýdi”. Merhemetiň bu habarçysy şeýle diýdi. Onuň sözleri Lýuterde aýrylmaz täsir galdyrdy. Kök urup giden günäler bilen uzak wagtlap dowam eden göreşden soň, ol ahyrynda hakykaty tanap bildi, halys bolan kalbynda bosa, rahatlyk höküm sürdi. BG 102.3
Lýuter ruhanyçylyk derejesini kabul edenden soň, Wittenberg uniwersitetine mugallymçylyk işine çagyrylýar. Ol ýerde ol asyl nusganyň dilinde Mukaddes Kitaby öwrenmek bilen meşgullanýar. Şol bir wagtyň özünde-de, ol Mukaddes Kitap boýunça leksiýa okap başlaýar. Şeýdip, onuň diňleýjileri özleri üçin Zebury, Injili we Hatlary öwrenýärler. Onuň dosty hem mugallymy bolan Ştaupis, ony münberde durup, Hudaýyň Sözüni öwretmelidigine ynandyrýar. Lýuter özüni Isanyň ady bilen halka ýüzlenmäge mynasyp däl duýup ikirjiňlendi. Ol diňe uzak wagtlap dowam eden içki göreşden soň, dostlarynyň haýyşyna ahyrsoňy boýun boldy. Ol wagtda ol eýýäm Mukaddes Kitaby gowy bilýärdi, şonuň üçin Hudaýyň merhemeti onuň üstünde boldy. Onuň dilewarlygy diňleýjileri özüne çekýärdi. Onuň beýan edýän hakykatynyň güýji bilen aýdyňlygy aňlara täsirini ýetirýärdi, joşgunlylygy bolsa, ýüreklere okdurylyp görýärdi. BG 103.1
Lýuter öňküleri ýaly, papalyk Ybadathanasynyň wepaly oglulygyna galýardy, şonuň üçin geljekde öz pozisiýasynyň üýtgejekdigi kellesinede gelmeýärdi. Hudaýyň güýji ony Rime ugratdy. Ol pyýada syýahar edip barşyna, monastyrlarda düşläp geçdi. Bir italýan monastyry özüniň kaşaňlygy, baýlygy hem ajaýyplygy bilen haýran etdi. Üpjünçiligi döwlet gaznasyndan alýandyklary sebäpli, monahlar kaşaň jaýlarda ýaşaýardylar, baý geýimleri geýýärdiler we juda gowy iýmitlenýärdiler. Lýuter bu zatlary özüniň durmuşyndaky özüni inkär etmäni hem mahrum edilmeleri deňeşdirip, doly aljyraňňylyga düşdi. Ony erbet duýgular gynady. BG 103.2
Ahyrsoňunda, ol ýeri depäniň üstündäki arzyly şäheri gördi. Kalbynyň aňry ujuna çenli tolgunan Lýuter ýere ýüzinligine düşüp: “Eý, mukaddes şäher, salam!” diýip ýüzlendi. Ol şähere aýlandy, ybadathanalara bardy, ýadaman her hili gudratlar hakda gürrüňler beren ruhanylary hem monahlary diňledi we dini çäreleriň hemmesine gatnaşdy. Ol hemme ýerde özüniň erbetligi bilen haýran eden işleri gördi. Ol ähli derejedäki ruhanylaryň arasynda-da? kanunsyzlygyň höküm sürýändigini gördi. Ol ýolbaşçy ruhanylaryň gelşiksiz degişmelerini eşitdi-de, hatda ybadat edilen wagtyndada ýüze çykýan Hudaýa ýigrenji dil ýetirmelerden ýaňa aňk boldy. Ol hem monahlaryň, hem şäher ýaşaýjylarynyň arasynda jalaýlygyň hem azgynçylygyň bardygyny gördi. Ol hemme ýerde dogrulygyň deregine haramçylyga duş geldi. Ol: “Rimde nähili günäleriň edilýändigini, masgaraçylykly işleriň edilýändigini göz öňüne getirmegem kyn. Ynanmak üçin bu zatlaryň hemmesini görmek we eşitmek gerek. Bu ýerde: “Eger dowzah bar bolsa, onda ol Rimiň üstünde gurlandyr. Ol ähli günäleriň çykýan ummanydyr” diýip ýazýar. BG 103.3
Papa özüniň kararynda “Pilatyň basgançagy” diýlip atlandyrylýan, myş - myşlara görä, Halasgärimiz Rimiň ýokary sudundan çykanda ýörän, haýsydyrbirgudratbilenlýerusalimden Rime geçirilen basgançakdan dyzynda çykanlaryň hemmesiniň günäsini bagyşlajakdygyna wada berýär. Bir gezek Lýuter höwes bilen şol basgançakdan galyp barýarka, birden gök gümmürdisiniň sesi ýaly bir ses: “Dogry adam iman bilen ýaşar” (Rimliler 1:17) diýdi. 01 böküp, aýak üstüne galdy-da, gorky hem utanç bilen howlukmaç gitdi. Şondan soň, Mukaddes Kitap tekstiniň bu sözleri onuň kalbynda elmydama ýaňlandy durdy. Garaşman durka, ol adamyň öz işleriniň kömegi bilen gutulmaga edýän umydynyň bar aldawçylygyny gördi we Mesihiň eden işine hemişe iman etmegiň zerurdygyny gördi. Onuň gözleri papalygyň nädogry işlerini görmek üçin açyldy. Ol Rimden yza gaýdanda, ondan bütin ýüregi bilen “yzyna gaýtdy”. Şol wagtdan başlabam, ahyrsoňunda papalyk ybadathanasy bilen arany doly açýança, ondan daşlaşmasy başlandy. BG 104.1
Lýuter Rimden dolanyp gelenden soň, Wittenberg uniwersitetinde ylahyýetiň doktory derejesini aldy. Indi onuň boş wagtlary bardy, şonuň üçin özüni yhlas edýän Mukaddes Ýazgysyny öwrenmeklige bagyş edip bilýärdi. Ol öz ömrüniň günlerini papalygyň taglymatlaryna ýa-da sözlerine däl-de, Hudaýyň Sözüne janypkeşlik bilen akyl ýetirmeklige we wepalylyk bilen ony wagyz etjekdigine dabaraly wada berdi. Indi ol eýýäm ýönekeý monah ýa-da ylahyýetiň professory däl-de, Hudaýyň hakykata ajygyp, suwsan sürüsini bakmaga çagyrylan Mukaddes Kitabyň meşhur habarçysydy. Ol mesihileriň imanynyň ýeke—täk çeşmesi Mukaddes Ýazgy bolmalydyr diýip, gaty aýgytly aýtdy. Bu sözler papalyk häkimliginiň edil düýp teýkaryna weýran edijilikli urgyny urdy, bu sözlerde Reformasiýanyň ýaşaýyş wajyplygyndaky prinsip jemlenýärdi. BG 104.2
Lýuter adam teoriýalarynyň Hudaýyň Sözünden ýokaryy tutulmagynyň nähili howpy abandyrýandygyny gördi. 01 sholastlaryň hudaýsyz filosofiýasynyň üstüne batyrlyk bilen hüjüm etdide, adamlaryň aňynyň üstünden şeýle uzak wagtlap hökümdarlyk eden ylahyýeti tankytlady. Bu akyldarlyklary inkär etmek bilen Lýuter olaryň diňe bir peýdasyz bolman. eýsem, zelellidigini-de aýtdy. Şonda ol diňleýjilerini filosoflaryň hem ylahyýetçileriň ýalan akyldarlygyndan aýryp, pygamberleriň we resullaryň beýan eden ebedi hakykatlaryna tarap gönükdirmäge çalyşdy. BG 104.3
Ol öz sözüni iň dartgynly üsnlülik bilen diňleýän teşne märekä nähili gymmatly habary aýtdy! Adamlar entek hiç haçan muňa meňzeş zady eşitmändiler. Halasgäriň söýgüsi baradaky Hoş Habar, Onuň halas edijilikli Ganynyň sowgat beren bagyşlanma we ýaraşdynnasyna ynandyrmalar - bu zatlaryň hemmesi adamlaryň ýüreklerini şatlyga besläp, ölmejek umydy döretdi. Wittenbergde soňky döwrüň ýakynlaşmagy bilen has-da ýagty bolup, şöhleleri ýeriň iň uzakdaky künjeklerine-de, aralaşmaly bolan ot ýakyldy. BG 105.1
Ýöne ýagtylyk bilen garaňkylyk biri - biri bilen oňuşýan däldir. Hakykat bilen nädogurlygyň arasynda yzy üzülmeýän göreş gidýär. Haýsy hem bolsa bir zady goramaklyk we goldamaklyk beýlekisine garşy göreşip, ony ret etmegi aňladýar. Halasgärimiziň Özi: “Men parahatçylyk getirmedim -de, gylyç getirdim” (Matta 10:34) diýdi. Lýuter öziiniň reformatorçylyk işine başlanyna birnäçe ýyl geçenden soň: “Hudaý meni ýöne bir alyp barman, eýsem, öňe itekleýär, Ol meni Özi bilen äkidýär. Indi men özüme ygtyýar etmeýärin. Men asudalykda ýaşaýaryn, emma munuň deregine, tolgunyşyklaryň hem galagoplugyň edil goýy ýerinde bolup çykýaryn” diýip belleýär. Indi oňa hakyky söweş meýdany garaşýardy. BG 105.2
Katolik Ybadathanasy Hudaýyň merhemetini satmak bilen meşgullanýardy. Ybadathana sypalarynyň ýanynda pul çalşyjylaryň stollary durýardy, howada bolsa, satyjylaryň hem alyjylaryň sesi ýaňlanýardy. Rimde mukaddes Petrus ybadathanasynyň gurluşygy üçin serişde ýygnalýar diýen bahana bilen papa tarapyndan ingulýasiýalaryň ählihalk satylyşy başlandy; günäler pula bagyşlanylýardy. Jenaýat ýoly bilen Hudaýyň adyny şöhratlandyrmak üçin ybadathana galdyrmaklyk, bikanun alnan serişdelere burç daşyny goýmaklyk öňde durdy! Emma Rime beýiklik bolup gulluk etmeli bolan zat onuň kuwwatyna we beýikligine iň weýrançylykly urgyny urdy. Papalygyň edýän hereketleri onuň iň aýgytly hem güýçli duşmanlarynyň peýda bolmagyna alyp bardy. Papalyk tagtyny we rim iýerarhynyň kellesindäki üç dişli täjini sarsdyran göreş başlandy. BG 105.3
Germaniýada indulgensiýalaryň astylyşyna ýolbaşçylyk eden Tesel atly ýolbaşçy adamyň jemgyýete we Hudaýyň Kanunyna garşy eden iň erbet jenaýatlarynyň üsti açyldy, ýöne barybir mynasyp bolan jezasyndan gutuldy. Munuň üstesinede, oňa papalygyň iň bir öz bähbidini araýjy hem ynsapsyz maksatlaryny ýerine ýetirmeklik tabşyrylypdy. Ol deňeşdirip bolmajak bihaýalyk bilen nadan hem butparaz halky aldamaga çalşyp, gudratlar baradaky akla sygmajak basnýalary gürrüň berdi. Eger Hudaýyň Sözi adamlara elýeter bolan bolsa, onda olary beýle aňsatlyk bilen aldamak mümkin bolmazdy. Halky rim Ybadathanasynyň gözegçiligi astynda saklamak, onuň ygtyýaryny we tekepbir serdarlarynyň baýlygyny artdyrmak üçin Mukaddes Kitaby halkdan gizleýärdiler. BG 105.4
Şähere giren Teseliň öňünde: “Hudaýyň hem mukaddes atanyň merhemeti indi siziň gapyňyza geldi” diýip gygyrýan jarçy ýöreýärdi. Halkam, bihaýa kezzaby edil Gökden özleriniň ýanyna gelen Hudaýyň Özi ýaly edip kabul edýärdi. Ybadathanada haýasyzlyk bilen söwda edilýärdi, Teselem, münberde durup, Hudaýyň iň gymmatly sowgady hökmünde indulgensiýany öwüp, arşa çykarýardy. Ol indulgensiýanyň öz eýesiniň häzirki hem geljekde etjek günälerini bagyşlaýandygyny, hatda “toba etmegiňem gerek däldigini” düşündirdi. Mundan başga-da, ol öz diňleýjilerini indulgensiýanyň diňe bir diri adamlary däl, eýsem, ölüleri-de halas etme güýjüne eýedigini, pullar öz gutusynda jyňňyrdan badyna, janlaryň syrat köprüsinden çykyp, jennete düşýändigine ynandyrardy. BG 106.1
Jadygöý Simun gudrat görkezer ýaly, güýji resullara pula satmaklaryny teklip edende, Petrus oňa: “Puluň özüh bilen bile heläk bolsun! Çünki sen Hudaýyh sylagyny pul bilen satyn alaryn öýtdüň” (Resullaryň işleri 8:20) diýdi. Ýöne Teseliň teklibini müňlerçe adamlar alyp göterdi. Altyn hem kümüş onuň gaznasyna derýa bolup akdy. Pula satyn alynmasy mümkin bolan gutulyş günäkärden toba gelmegi, iman etmegi we günä bilen hemişe göreşmegi teklip edýän gutulyşdan aňsat alyndy. BG 106.2
Alymlar we katolik Ybadathananyň takwa adamlary indulgensiýalar baradaky taglymata garşy baş galdyrdylar. Köpler Hudaýyň ylhamyna we sagdyn pikire garşy çykýan tassyklamalara ynanmadylar. Nädogry söwda edilmesine garşy ýekeje ýolbaşçy ruhany-da, sesini çykaryp bilmedi, ýöne pikir edýän adamlaryň köpüsi birahat bolup, özlerine: “Hudaý Öz saýlan gurallarynyň üsti bilen Ybadathanany arassalamazmy?” diýen soragy berdiler. BG 106.3
Entegem, papalygyň janköýer tarapdary bolan Lýuter indulgensiýa satyjylaryň Hudaýa ysnat getiriji gödekligini görende, akly başyndan uçdy. Onuň ybadathanasynyň köp adamlary özlerinegünäleribagyşlamany satyn alyp, özleriniň ruhy çopany hökmünde Lýuteriň ýanyna gelýärlerde, toba edýändikleri ýa-da täze durmuşa başlamak isleýändikleri üçin däl-de, indulgensiýa satyn alandyklary üçin dürli günälerini boýun alyp, günälerine doly bagyşlanma almaga umyt baglaýarlar. Lýuter olaryň toba etmelerini diňlemekden ýüz öwürýärde, eger toba gelip, ýaşaýyş obrazyny üýtgetmeseler, onda öljekdiklerini olara aýdýar. Aljyraňňylyga düşen we hiç zada düşünmedik ol adamlar Teseliň ýanyna gaýdyp baryp, özleriniň ruhy ýolbaşçysynyň özlerinden toba etme sözlerini kabul etmek islemeýändigini aýdyp arz edýärler, has batyrrak bolan birnäçeleri pullaryny yzyna bermeklerini talap etdiler. Bu monahy juda gazaplandyrdy. Ol agzyndan iň aýylganç lagnatlary ýagdyryp, jemgyýetçilik ýerlerinde ot ýakmaga söz berdi we “iň mukaddes indulgensiýalaryna garşy çykmaga het edip bilendigi sebäpli, pyrryldakçylaryň hemmesini oda ýakmaga papadan ygtyýar alanyny” aýtdy. BG 106.4
Şonda Lýuter hakykat ugrunda batyrgaýlyk bilen göreşip başlady. Ol münberden durup, halka dabaraly hem çynlakaý duýduryş berdi. Günäniň bar ýigrenjiligini açyp görkezmek bilen ol adamyň öz güýji bilen günäsini azaldyp ýa-da ondan gaça durup bilmeýändigini öwretdi. Diňe toba gelmeklik, diňe Isa Mesihe iman etmeklik günäkäre gutulyş berip biler. Mesihiň merhemetini pula satyn alyp bolmaýar - ol mugt sowgatdyr. Lýuter adamlara indulgensiýany satyn alman, iman bilen haça çüýlenilen Halasgäre garamaklaryny maslahat berdi. Ol öz—özüni kemsitmek hem persala etmek bilen bolgusyz ýere gutulyş almaga umyt eden wagtyndaky ajy tejribesi hakdagürrüň berdi-de, öz diňleýjilerini rahatlyk bilen şatlygy diňe özüne bil baglamagy bes edenden we Mesih tarapa iman bilen öwrülenden soň eýe bolandygyna ynandyrdy. BG 107.1
Tesel öňküleri ýaly, öz söwdasyny dowam etdirdi we bolgusyz garşylyklary bildirdi. Şol sebäpdenem Lýuter has aýgytly garşy çykma bilen bu gözgyny hyýanatçylyga garşy çykyş etme kararyna geldi. Tizara oňa amatly ýagdaýam berildi. Wittenberg ybadathanasynda uly baýramçylyklarda halkyň öňünde goýulýan mukaddes jesetler bardy, şonda ybadathana gelip, toba etme sözlerini aýdanlaryň hemmesiniň günäleri geçilýärdi. Şunuň ýaly günlerde halk aýratynam köp ýygnalýardy. Iň uly baýramçylyklaryü biri - “ähli mukaddesleriň” güni - ýakynlaşýardy. Bu baýramçylygyň öňüsyrasynda Lýuter ybadathana tarap barýan milletiň arasyna goşulyp baryp, ybadathananyň gapysyna indulgensiýa garşy bolan 95 tezisli kagyzy ýelmeýär. Şonda ol öz tezislerini uniwersitetde we garşydaşlarynyň ýanynda goramaga taýýardygyny aýdýar. BG 107.2
Şol 95 tezis ählumumy ünsi özüne çekýär. Hemmeler olary gaýta - gaýta okadylar. Şäherde we uniwersitetde uly tolgunmalar başlandy. Lýuteriň tezislerinde papa-da, başga hiç bir adama-da, günäleri bagyşlama we günäler üçin jezany ýatyrma hukugynyň hiç haçan berilmändigi hakda gürrüň edilýärdi. Onda, şeýle hem, bu zatlaryň hemmesiniň aldaw bilen pul almak üçin edilýän mekir usuldygy, bu zatlaryň halkyň yrymçyllygyna esaslanylyp edilýändigi, şeýtanyň bu ýalana ynanýanlaryň janyny heläk etmek üçin düzen hilegär planydygy aýdylýardy. Lýuter, şeýle hem, Ybadathananyň iň gymmatly hazynasynyň Mesihiň Hoş Habary bolup durýandygyny, onda açylan Hudaýyň merhemetiniň şol merhemeti iman hem toba ýoly bilen gözleýän her bir adama mugt berilýändigini subut etdi. BG 107.3
Lýuteriň tezisleri hakykatyň duşmanlaryna nägilelik bildirdi, emma ony hiç kim kabul etmäge het edip bilmedi. Göni birnäçe günden soň, bütin Germaniýa Lýteriň galdyran meseleleri hakda bildi. Tizara-da, olar hakda bütin mesihilik dünýäsi gürrüň etdi. Ybadathanada höküm sürýän aýylganç kanunsyzlyklara hasrat bilen garan, ýöne oňa nädip garşy çykjakdyklaryny bilmän ýören takwa katolikleriň köpüsi Lýuteriň tezislerini uly şatlyk bilen okadylar we olarda Hudaýyň sesini eşitdiler. Olar bu işde rim tagtyndan çykýan kanunsyzlyklar akymynyň soňuna çykmak isleýän Hudaýyň rehimli ellerini gördüler. Knýazlar hem kazylar adamlara öz kararlaryny inkär etme hukugyny bermegi gadagan eden tekepbir papalyk häkimiýetiniň çäklendiriljekdigine gizlin begendiler. BG 108.1
Ýöne günäni söýýän butparaz halk özlerinden gorkularyň hem howplaryň hemmesini ýatyrýan süýji aldawyň öz elinden alynjagyny aýdyp gorkuzylýar. Jenaýaty goran mekir dini ýolbaşçylar özleriniň girdejilerine howpuň abanýandygyny duýup, çensiz gaharlandylar. Ruhanylar özleriniň talaplaryny goramak üçin birikdiler. Reformatora iň ganym duşmanlary bilen duşuşmaklyk garaşýardy. Birnäçeleri ony artykmaç hoklukmada we ganygyzgynlykda aýypladylar. Beýlekiler ony Hudaýyň erki boýunça däl-de, tekepbirlige we ýasama batyrgaýlyga daýanyp hereket edýär diýip hasaplap, özüne göwniýetmede aýypladylar. Lýuter muňa jogap hökmünde: “Haýsydyr bir täze ideýany öňe sürýän adamyň köplenç tekepbiriň görnüşinde bolýandygyny, onuň hökmany suratda bölünişik döretmekde aýyplanýanyny kim bilmeýär? Näme üçin Mesihem, beýleki görgi görüp ölenlerem, ölüme höküm edildi? Sebäbi olara öz döwrüniň akyldarlygyna ýigrenç bilen garaýan uly tekepbir hökmünde garadylar, olar bolsa, kök urup giden däplere we düşünjelere eýerýänler bilen kiçigöwünlilikde maslahatlaşman, täze ideýalary batyrgaýlyk bilen öňe sürüpdiler ahyry” diýip ýazdy. BG 108.2
Ol ýene-de: “Meniň edýän zatlarymy düýbünden adam akyldarlygy bilen etmän, Hudaýyň emri bilen edýärin. Eger bu iş Hudaýdan bolsa, onda ony kim saklap biler? Eger ol Hudaýdan däl bolsa, onda ony kim öňe süýşürip biler? Eý, göklerdäki Ýaradyjy mukaddes Atam, meniňem däl, olaryňam däl, biziňem däl, diňe Seniň erkiň amala aşsyn” diýip ýazdy. BG 108.3
Lýuter bu işde Mukaddes Ruh tarapyndan ugrukdyrylýan bolsada, oňa iň gazaply göreş garaşýardy. Duşmanlarynyň ýazgarmalary onuň üstünden kuwwatly akym kimin indi, şol sebäpdenem, onuň niýetlerini nädogry düşündirmeklik, şahsyýetine we hereketlerine adalatsyz baha bermeklik - bu zatlaryň hemmesi bilelikde yz galdyrman geçmedi. Ol ybadathanada bolşy ýaly, okuw jaýlaryndaky halk ýolbaşçylarynyň özüne Reformasiýa işinde taýýarlyk bilen birikdikjeklerine ynamlydy. Yokary wezipedäki adamlardan goldawsözlerinieşidende,olaryňözüne düşünýändiklerini görende, Lýuteriň ýüregi şatlykdan hem umytdan doldy. Ol Ybadathana üçin täze günüň daň şapagynyň dogjakdygyna ynanýardy. Ýöne tizara ol goldamalar ýazgarma bilen ýigrenje öwrüldi. Döwlet hem ybdathana ýolbaşçylarynyň köpüsi Lýuteriň tezisleriniň hakykylygyna ynanýardylar, ýöne Lýuteriň taglymatyny kabul etmeden soň, hökman uly özgerlişikleriň geljekdigi olara tizara düşnükli boldy. Aň - bilim berme bilen reformasiýa halkyň içinde Rimiň doly ygtyýarlylygyny kesmegi aňladýardy. Mundan soň, onuň gaznasyna papalyk köşgüniň ajaýyplygyny saklap oturan sahy akymyň gurajakdygam aýdyňdy. Munuň üstesine-de, halka özbaşdak pikirlenmegi hem hereket etmegi öwretmek we Mesihde gutulyşyň ýeke - täk umydyny görmegi öwretmek papanyň tagtyny yrandyrmagy, ahyrsoňunda-da, şol ýolbaşçylaryň abraýyny çym - pytrak etmegi aňladýardy. Adamlara aň - bilim bermek üçin iberilen adama garşy çykyş etmek bilen olar Mesihe we hakykata garşy çykyş edýärdiler. BG 108.4
Käwagt Lýuter öz borjy hakda pikirlenende, sandyraýardy: ol bu dünýäniň güýçlülerine ýekelikde garşy çykýardy. Käwagt ony şübheler gurşap alýardy: “Ybadathananyň häkimligine garşy çykmaga ony, dogrudanam, Hudaý alyp barýarmyka?” Ol: “Öňünde ýerdäki patyşalaryň we tutuş dünýäniň titreýän papasynyň beýikligine garşy çykar ýaly, men kimmişim?... ilkinji iki ýylyň içinde meniň nähili ejir çekenimi, nähili lapykeçlikde bolanymy hiç kim bilmeýär” diýip ýazýar. Ýöne ol doly lapykeçlige duçar edilmedi. Adam goldawlarynyň hemmesi ýok bolanda, ol diňe Hudaýa seredip, Onuň hemme zada güýji ýetýän ellerine doly bil baglamagy öwrendi. BG 109.1
Lýuter öz pikirdeşine ýüzlenip şeýle ýazýar: “Biz güýçlendirilen sapaklar bilenem, aklymyzy dartgynlaşdyrmak bilenem, Mukaddes Ýazga düşünip bilmeris. Seniň ilkinji wezipäň Özüniň beýik merhemeti bilen Öz Sözüniň hakyky manysyny açmagyny Hudaýdan ýalbaryp sorap doga etmekdir, sebäbi Hudaýyň Sözüniň ýeke - täk düşündirijisi şol Sözüň Awtorynyň Özi bolup durýandyr. Onuň Özi: “Hemmelere Hudaý bilim berer” diýýär. Nämedir bir zada öz güýjüň bilen ýetmäge umyt baglama; öz aklyňa bil baglama; diňe Rebbe hem Onuň Ruhunyň täsirine bil bagla. Hemme zady şahsy tejribesinde başdan geçiren adam hökmünde maňa ynanaý”. Hudaý tarapyndan öz döwri üçin dabaraly hakykatlary wagyz etmäge çagyrylanlaryň hemmesi bu sözlerden örän peýdaly sapak alyp bilerler. Bu hakykatlar şeýtany we özlerine basnýalar bilen köşeşdirilmegini isleýän adamlary gazaplandyrýar. Erbetligiň güýçleri bilen göreşmek üçin adam akyldarlygy bilen paýhasy ýeterlik däldir. BG 109.2
Eger Lýuteriň duşmanlary däplere we dessurlara ýa-da papanyň kararlary bilen hökimligine salgylanan bolsalar, reformator Mukaddes Kitaba we diňe Mukaddes Kitaba ýüzlendi. Formalizmiň hem butparazçylygyň gullary Mukaddes Ýazgydan alan subutnamalary inkär edip bilmediler, şonuň üçin olar ýehudylaryň Mesihiň ganyna suwsaýyşlary ýaly, Lýuteriň ganyna suwsadylar. Rimiň janköýerleri: “Ol pyrryldakçy. Bu gorkunç pyrryldakça hiç bolmanda ýekeje sagat ýaşamaga rugsat bermegem, Ybadathananyň işine haýynlyk etmekdir. 01 dar agajynyň küýseýän adamydyrü!” diýip gygyryşdylar. Ýöne Lýutere olaryň gazabynyň pidasy bolmak miýesser etmedi. Ol özüne Hudaý tarapyndan buýrulan işi etmek gerekdi, şol sebäpdenem, ony gögüň perişdeleri gorady. Şeýle-de bolsa, Lýuterden gymmatly nury alanlaryň köpüsi şeýtanyň ýigrenjiniň esasy predmeti boldy, şoňa görä-de, olar ahyr netijesinde hakykatyň hatyrasyna görgülere hem ölüme tarap batyrlyk bilen gitdiler. BG 110.1
Lýuteriň taglymaty tutuş sagdyn pikirli Germaniýany özüne çekdi. Onuň müňlerçe adamlaryň aňyny oýaran wagyzlary hem düzmeleri nur getirdi. Ybadathanany şeýle uzak wagtlap ýesirlikde saklan öli fatalizmiň ýerine diri iman geldi. Halk gün—günden katalizmiň butparazçylygyna bolan ynamyny köp ýitirdi. Yzagalak garaýyşlaryň BG 110.2
gandallary ýuwaş - ýuwaşdan gyrlyp ugrady. Lýuteriň ähli taglymatlary we aýdylan sözleri öwrenmekde ikiýüzli gylyç hökmünde ulanan Hudaýyň Sözi adamlaryň ýüreklerine taiap ýol saldy. Hemme ýerde ruhy aň - bilime we progrese tarap ymtylyşlar duýuldy. Tutuş ýüzýyllyklaryň dowamynda munuň ýaly zatlar bolmandy. Şeýle uzak wagtlap adatlara we däplere, ýerdäki tarapdarlara umyt baglan halk toba etme ýalbaryşlary we iman bilen haça çüýlenilen Mesihe ýüzlendiler. BG 110.3
Bu ruhlanma papalygyň ýolbaşçylarynda gitdigiçe hwatyrlanmany artdyrdy. Yeresde bildirilýän aýyplama jogap bermek üçin Lýutere Rime barmaklyk buýruk berildi. Lýuteriň dostlary bu buýrugy gorky bilen kabul etdiler. Olar Isa Mesihiň adynyň hatyrasyna görgi görüp ölenleriň ganyna boýalan bu betkär şäherde özleriniň dostuna nähili howpuň abanýandygyna akyl ýetirýärdiler. Olar onuň Rime gitmegine garşy çykyp, Lýuteriň ähli düşündirişleri Germaniýadan bermegini talap etdiler. BG 110.4
Olaryň talaplary ahyrsoňunda kanagatlandyryldy, şol sebäpdenem, Lýuteriň işini diňlemek üçin ýany bilen papanyň Lýuteri ýeretik hökmünde yglan edýän hatyny alyp gelen wekili geldi. Papanyň wekili “gaýra goýman talap arzasyny berip, ony tussag astyna aldyrmalydy”. Eger ýolbaşçy ruhana Lýuteri ynandyrmak başartmasa, ýagny Lýuteriň tabyn bolmadyk ýagdaýynda oňa “ony bütin Germaniýada kanundan daşary diýip yglan etmäge, onuň yzyna eýerýänleri yzarlamaga, näletlemäge we Ybadathanadan çykarmaklyga” ygtyýar berildi. Mundan başgada, papa öz wekiline Lýuteriň we onuň tarapdarlarynyň’ işine garşy çykmajaklaryň, imperatordan başga, döwletde ýa-da Ybadathanada nähili derejäni eýeleýändigine garamazdan hemmeleri heläk ediji ýeresi köki - damary bilen ýok etmäniň hatyrasyna Ybadathanadan çykarmagy we Rimiň adalatly suduna bermegi tabşyrdy. BG 110.5
Bu zatlaryň hemmesi papalygyň ruhuny hemme zatdan-da gowy görkezdi. Bu dokumentde mesihiligiň prinsiplerine ýa-da iň ýönekeý adalatada jinnek ýalyjagam kakdyrma ýok. Lýuter Rimden gaty uzakda ýaşady we işledi. Onuň öz garaýyşlamy düşündirmäge mümkinçiligi ýokdy, şeýle-de bolsa, işine garamazyndan öňürti, ony eýýäm ýeretik hökmünde yglan edipdiler we şol bir günüň içinde derňew geçirip, aýypladylar we ýazgardylar. Bu zatlaryň hemmesini Ybadathanada we döwletde ýeke - täk beýik hem günäsiz hökümdarlyk hasaplanylan, öz - özüne at berip ýören “mukaddes ata” edýärdi. BG 111.1
Lýuter duýgudaşlyga hem hakyky dostuň maslahatyna gaty mätäç bolan bu wagtynda, Hudaýyň emri bilen Wittenberge Melanhton geldi. Yaş, salykatly, çekinjeň Melanhton özüniň sagdyn pikirleri, giň düşünjeleri, dilewarlygy, arassalygy hem päk ýürekliligi bilen hemmeleriň ünsüni hem hormatyny gazandy. Onuň ajaýyp ukyby özüniň ýumşaklyk hem edeplilik ýaly häsiýetlerini azaltmady. Tizara ol Hoş Habaryň iň ynamly janköýeri, Lýuteriň iň wepaly dosty, iň gymmatly kömekçisi boldy. Onuň salykatlylygy, ünslüligi we ussatlygy Lýuteriň batyrlygynyň we gaýratlylygynyň üstüni şowlylyk bilen ýetirdi. Olaryň hyzmatdaşlygy Lýuter üçin ullakan daýanç boldy we Reformasiýanyň işine täze güýç berdi. BG 111.2
Augsburg suduň edilmeli ýeri diýlip bellenildi, şol sebäpdenem, Lýuter ol ýere pyýada ugrady. Onuň üstüne çynlakaý howp abanyp durdy. Ýolda ony öldürmäge haýbat atdylar, şonuň üçin dostlary ondan töwekgelçilik etmezligi, hatda wagtlaýynça Wittenbergden gidip, başga ýerde, dostlarynyň biriniň öýünde bolmagyda teklip etdiler. Emma ol Hudaý tarapyndan bellenilen işleri taşlap gitmek islemedi. Ol töwereginde möwç alyp duran tupanlara garamazdan, özüniň hakykatyň goragçysy bolmalydygyna düşünýärdi. 01: “Men Yermeýa ýaly, “jedelleşýän hem dawa edýäri” adamdyryn (Yermeýa 10:15). Ýöne maňa näçe köp haýbat atsalar, şonça-da begenýärin... Olar eýýäm meniň adymy hem abraýymy garaladylar. Diňe bir zat - meniň gözgyny bedenim - galdy. Onda näme, goý, olar onam alsynlar: olar meniň ömrümi bimäçe sagatlyk gysgaldarlar. Emma janym barada aýtsam welin, olar ony alyp bilmezler. Mesihiň Sözüni dünýä yglan etmek isleýän adam islendik pursatda ölüme garaşybermelidir” diýýär. BG 111.3
Lýuteriň Augsburga gelendigi baradaky habar papanyň wekilinde uly kanagatlanma getirdi. Bütin dünýäniň ünsüni özüne çeken birahat pyrryldakçy indi Rimiň elinde ýaly bolup göründi, şonuň üçin wekil awuny elinden gidermezlik üçin hemme zady etme kararyna geldi. Reformatora özi üçin gorag hatyny almak başartmady. Dostlary ony howpsuzlyk kepilini alman, papanyň wekiliniň ýanyna barmazlyga ony yrjak boldular-da, şol haty özleri imperatordan almaga jan etdiler. Wekil Lýuteri garaýşyndan ýüz öwürderin diýip umyt etdi. Lýuter ondan ýüz öwürmedik ýagdaýda-da, wekil ony Rime alyp barmagy karar edindi. Rimde Lýuter Gus bilen Iýeronimiň gününe salynmalydy. Satyn alnan adamlar Lýuteri gorag hatyny alman, wekiliň rehimine bil baglap, onuň ýanyna barmalydygyna ynandyrmaga çalyşdylar. Ýöne reformator papanyň ilçisiniň ýanyna imperatoryň goragy kepil geçýän dokumentini alman barmakdan aýgytly boýun towlady. BG 112.1
Şonda Lýuteriň duşmanlary oňa ýagşylyk hem mylakatlylyk bilen täsir etmäge synanyşdylar. Lýuter bilen bolan duşuşyklarda wekil diýseň dostlukly gürleşdi, ýöne Ybadathananyň hökümdarlygyna doly tabyn bolmagy we hiç bir düşündirmesiz hem subutnamasyz öz taglymatynyň her bir bölejigini inkär etmegi talap etdi. Ýöne onuň öz iş salyşýan adamyna bolmalysy ýaly baha bermändigi göze dürtülip durdy. Lýuter oňa jogap berende, özüniň Ybadathana bolan hormatyny, hakykata tapar ymtylyşyny, öz taglymatyna degişli bolan soraglaryň hemmesine jogap bermäge hemde olary abraýly uniwersitetleriň seretmegine bermäge taýýardygyny beýan etdi. Şol bir wagtyň özünde-de, ol öňünden garalman we söhbetdeşlikler geçirilmän, öz taglymatyny inkär etme talabyna garşylyk bildirdi. BG 112.2
Ýadaman oňa: “Inkär et! Inkär et!” diýip, bir aýdan zatlaryny gaýtaladylar durdular. Reformator özüniň Mukaddes Ýazga esaslanýandygyny görkezip, hakykaty inkär edip bilmejekdigini berk aýtdy. Lýuteriň subutnamalaryny ret etmäge güýji ýetmedik wekil kä onuň üstüne sögünçler bilen ýazgarmalary ýagdyrdy, kä ýaranjaňlyk bilen satyn almaga çalyşdy, kä-de, gaharlanyp, Ybadathananyň atalarynyň aýdyp geçen sözlerini her diirli rawaýartlary getirip, reformatora ýekeje söz aýtmaga-da mümkinçilik bermedi. Ahyrsoňunda Lýuter muňa meňzeş gürrüňleriň peýdasyzdygyny görüp, hat görnüşinde jogap bermäge höwessiz berlen rugsatnamany aldy. BG 112.3
“Bu hukugy almak bilen aýyplanylýan adam ikitaraplaýyn peýda görýär. llki bilen ýazylan sud etmek üçin dürli adamlara berlip bilner, ikinjiden, eger ynsabyňa ýüzlenmeseň, onda tekepbir, düşnüksiz samyrdap ýören zalymy gorkuzmaga mümkinçilik peýda bolýar, ýogsam, ol özüniň tekepbir sözleri bilen bizi mynjyratmaga çalyşar”. BG 112.4
Indiki duşuşykda Lýuter gysgajyk, ýöne Mukaddes Ýazgynyň köp sanly aýatlary bilen berkidilen gutarnykly jogaby berdi. Lýuter ýazan zatlaryny sesli okap bolandan soň, kagyzy kardinala berdi, ol hem, munuň işe hiç hili dahyly bolmadyk boş sözleriň toplumydygyny aýdyp gygyryp, kagyzy zyňyp goýberdi. Şonda Lýuter ruhlanma bilen bu dini ýolbaşçynyň nämä ynanandygy - Ybadathananyň taglymatlary we adatlary - hakda gürrüň berip, şolaryň kömegi bilen kardinalyň tassyklamalarynyň hemmesini inkär etdi. BG 113.1
Lýuteriň subutnamalary çirksizdi, şol sebäplem, wekil özüne erk edip bilmän gazap bilen : “Inkär et! Eger şeýle etmeseň, onda men seni Rime goýbererin. Ol ýerde sen özleriniň işini gowy bilýän kazylaryň öňünde durarsyň. Men seni we ýaranlaryňy anafema berip, saňa duýgudaşlyk bildirenleriň hemmesini Ybadathanadan çykararyn” diýip gygyrdy. Soň hem: “Inkär et ýada gaýdyp gözüme görünme” diýip sözüniň üstüni ýetirdi. BG 113.2
Lýuter dostlary bilen bilelikde derrew çykyp gitdi-de, şeýle etmek bilen hiç hili inkär etme hakda söziiňem bolup bilmejekdigini düşündirdi. Kadrinal işiň beýle bolaryna garaşmandy. Ol Lýuteri güýç hem gorkuzma arkaly mejbur ederin diýen umyt bilen özüni aldaýardy. Yöne öz planlary çym - pytrak bolandan soň, janynyň ýananyny gizläp bilmedi. BG 113.3
Lýuteriň batyrgaýlykly çykyşy yz galdyrman geçip gitmedi. Duşuşyga gatnaşan adamlar bu iki adamyň hereketlerini deňeşdirip, hersiniň dogrulygy we güýji hakda laýyk gelýän netijeleri çykarmaga mümkinçilik aldylar. Nähili haýrangaldyryjy gapma - garşylyk! Salykatly, ýönekeý hem ýanbermezek reformator Hudaýyň güýjüne daýandy-da, hakykaty gorady; papanyň özüne göwni ýetýän hem hökümli, tekepdir hem paýhassyz ilçisi Mukaddes Yazgydan ýekeje subutnama hem getirmän, diňe: “Inkär et! Ýogsam, Rime ugradylyp, ol ýerde mynasyp bolan jezaňy alarsyň!” diýip çirkin gygyrdy oturdy. BG 113.4
Lýuterde gorag hatynyň bardygyna garamazdan, oňa tussag etme howpy abanýardy. Reformatoryň Augsburgda mundan beýläk galmagynyň peýdasyzdygyny görenlerinde, onuň Wittenberge gaýdyp gitmegini talap etdiler. Juda seresap bolmak gerekdi. Şeýdip, gije atly diňe magistratyň beren bir ýolbelediniň hemralyk etmeginde, Lýuter Augsburgdan gidýär. Gaýgyly duýgularyň paralaýan reformatory şäheriň garaňky hem çola köçelerinden ýöreýär. Ol zalym hem mekir duşmanlarynyň ony ýok etmegi ýüreklerine düwendiklerini, özüniň her ädimini yzarlaýandyklaryny bilýärdi. Gurlan duzaklardan saplanmaklyk oňa başardarmyka? Bu güýçli birahatlyk hem çyn ýürekden doga etme pursatlary bolupdy. Ine, ol eýýäm şäher derwezesiniň ýanyna baryp ýetdi. Derweze açyldy-da, ol ýolbelet bilen bile päsgelçiliksiz geçdi. Özlerini howpsuzlykda duýan gaçgaklar, atlaryny gyssadylar. Rim ruhanysy Lýuteriň gidenini bilende, ol eýýäm uzakdady. Şeýtan bilen onuň şärikdeşleri ýeňildiler. Olaryň öz awy hasaplan adamy guşuň guş tutýan adamyň torundan gaçyşy ýaly, olaryň ellerinden sypdy. BG 113.5
Lýuteriň gaçanyny bilende, wekil gaty haýran galdy we gaharlandy. Wekil özüniň bu ybadathananyň rahatlygyny bozýan adama görkezjek aýgytly gaýtawulynyň özüne gowy baýrak getirjegine umyt baglaýardy, ýöne indi şatlykly tamalaryň bary masgaraçylyk bilen puç bolupdy. Ol özüniň bar gazabyny Fridrihe, Saksoni kurfýurstyna Lýuteri berk ýazgaryp we Fridrihden reformatory Rime ibermegi ýa-da ony Saksoniden kowmagy talap edip ýazan hatyna pürkdi. BG 114.1
Lýuterem öz gezeginde özüniň ýalňyş hereket edýändigini wekil bilen papanyň Mukaddes Ýazgynyň esasynda subut etmeklerini talap etdi we şeýle edilen ýagdaýda öz garaýyşlaryny inkär etjekdigine söz berdi. Şonda ol şunuň ýaly mukaddes işiň hatyrasyna ejir çekmäge mynasyp görendigi üçin Rebbe ýadawsyz minnetdarlyk bildirdi. BG 114.2
Kurfyurst Lýuteriň taglymaty bilen az tanyşdy, ýöne ony reformatoryň aýdan sözleriniň çyn ýürekden çykýanlygy, güýji hem aýdyňlygy aňk etdi, şol sebäpdenem, ol işiň doly anygyna ýetilýänçä, oňa berk howandarlyk etmegi karar edindi. Ol wekiliň ýüzlenmesine: “Siz doktor Martin Lýuteriň Augsburga geleni bilen kanagatlanmalysyňyz. Biz siziň ony ynandyrmanyň deregine, öz garaýşyny inkär etmäge mejbur ederiňize garaşmandyk. Biziň BG 114.3
döwletimizdäki alymlaryň ýekejesem, maňa Martin Lýuteriň taglymatynyň hudaýsyz taglymatdygyny, mesihilige garşydygyny ýa-da ýeretikdigini aýtmandy” diýip jogap ýazdy. Şeýdip, kurfýurst Lýuteri Rime ibermekden ýa-da öýünden kowmakdan boýun towlady. BG 114.4
Fridrih jemgyýetdäki ahlaklylygyň ýagdaýynyň gözgynydygyny gördi. Reformanyň bolmagyna mätäçligiň gaty uludygy göze görnüp durdy. Eger adamlar Hudaýyň talaplaryny ýerine ýetirip, özleriniň hakykat bilen arassalanan ynsabyna laýyklykda hereket etseler, onda jenaýata garşy göreşmek üçin uly serişdeleri sarp etmeli bolmajakdygyna ol düşünýärdi. Ol Lýuteriň işleriniň hut şol takwa maksada gönükdirilendigini gördide, Ybadathanada sergin şemalyň öwsendigine içinden begendi. BG 114.5
Ol Lýuteriň uniwersitetiniň professory hökmünde-de adaty bolmadyk üstünlikden peýdalanýandygyny görmän bilmedi. Lýuteriň öz tezislerini ybadathananyň gapysyna ýelmänine ýaňy bir ýyl geçen bolsa-da, ybadathana ähli mukaddesleriň baýramyna gelýänleriň köpelýäni mese - mälim bildirýärdi. Rim özüniň öňki wepadarlaryndan mahrum boldy, sadakalaryň akymy azalypdy, ýöne Wittenburg boşap galmady - indi ony mukaddesleriň jesetlerine tagzym etmä gelen zyýaratçylar däl-de, uniwersitetiň talyplary doldurýardy. Lýuteriň düzmeleri diňe bir Germaniýada Mukaddes Ýazga gyzyklanma döretmändi - dürli ýurtlardan ýaş ýigitler Wittenberg uniwersitetinde okamak üçin gelýärdiler. Yigitler Wittenberge ýakynlaşanlarynda, “ellerini göge galdyryp, gadym döwürlerde Siondan nuruň çykyp, iň uzakdaky ýurtlara-daýalkymyny seçişi ýaly, bu şäherdenem, hakykat nurunyň şöhleleriniň ýaýraýandygy üçin Hudaýa minnetdarlyk bildirýärdiler”. BG 114.6
Şeýle-de bolsa, Lýuter katolisizmiň taglymatlaryndan doly göwni geçmändi. Yönemukaddeshakykatlary papanyň kakarlary bilen deňeşdirende, akly haýran bolýardy. Ol: “Men papanyň permanlaryny okaýaryn... bilemok - papa antimesihiň özümi ýada Mesihiň resulymy - Mesih onuň dokumentlerinde beýle betnam edilen we haça çüýlenilen” diýip ýazýar. Barybir Lýuter bu wagt öňküleri ýaly, rim Ybadathanasynyň janköýeridi, şol sebäpdenem, haçan hem bolsa bir wagt ondan çykarylaryn öýtmeýärdi. BG 115.1
Lýuteriň düzmeleri bilen taglymatlary ähli mesihi halklaryň arasyna ýaýrady. Onuň ideýalary Şweýsariýa bilen Gollandiýada kök urup başlady. onuň düzmeleri Fransiýa we Ispaniýa tarap özüne ýol ýasap başlady. Angliýada onuň taglymaty edil ýaşaýyş sözi ýaly kabul edildi. Hakykat Belgiýa bilen Italiýada aralaşdy. Müňlerçe adamlar ölüm howply doňup galmany üstlerinden kakyp düşürip, şatlyk we nurly durmuşa bolan umyt üçin oýandylar. BG 115.2
Lýuteriň hüjümleri Rimde gitdigiçe köp gaharlanma döretdi, şol sebäplem, birnäçe ynamyna berlin katolikler. şol sanda katolik uniwersitetleriniň alymlarynyňam käbirleri şu gozgalaňçy monahy öldüren adamyň günä etmeýändigini yglan etdiler. Bir gezek reformatoryň ýanyna bir nätanyş adam jübüsinde sapança gizläp gelýärde, ondan näme üçin ýeke gidýändigini soraýar. Lýuter oňa: “Meniň janym Rebbiň elinde. Ol meniň Güýjüm hem Galkanym. Şeýle bolanda, adam maňa näme edip biler?” diýip jogap berýär. Munuň ýaly sözleri eşidenden soň, nätanyşyň ýüzi agarýar-da, edil gögüň perişdesini gören ýaly bolup, howlukmaç gidýär. BG 115.3
Rim Lýuteri ýok etmek üçin elinden gelenini etdi, emma ony Reb gorady. Onuň taglymaty hemme ýerde - “kepbelerde hem monastyrlarda, ... baýlaryňgalalarynda, uniwersitetlerde, korollaryň köşklerinde” - öwredildi, şonuň üçin hemme ýerde onuň goragy üçin aýaga galan takwa adamlar tapyldy. BG 115.4
Gusuň işleri bilen tanşanda, Lýuter bogem reformatorynyň Lýuteriň özüniň şeýle uzak wagtlap gözlän, häzirem wagyz edýän iman bilen aklanmanyň beýik hakykatyny ykrar edýändigine düşiindi. Lýuter: “Biziň hemmämiz Pawlus, Awgustin we men özümiz bilmesegem, gusistler ekenik!” diýýär. 01: “Hudaý dünýäni 100 ýyl öziine habar berlen hakykaty ýakany iiçin jezalandyrýar” diýip, sözüni dowam etdirýär. BG 115.5
Lýuter Germaniýanyň imperatoryna we knýazlaryna ýüzlenmesinde mesihiligiň reformasiýasyna çagyrýarda, papa babatda: “Özüni Mesihiň ýerdäki wekili hasaplaýanyň hatda imperatoryň hem deňeşip bilmejek gözelligi içinde ýaşaýandygyny görmek gorkunç hem ajydyr. Eýsem, bu garyp lsa ýa-da sadaja Petrusa meňzeýärmi? Papanyň dünýäniň hökümdarydygyny aýdýarlar! Ýöne papanyň özüni ýerdäki wekili hasaplaýan Mesihi: “Meniň Patyşalygym bu dünýäden däldir diýdi. Ýerdäki wekiliň mülki öz Hojaýynynyňkydan artykmaç bolup bilermi?” diýýär. BG 115.6
Ol uniwersitetler hakda: “Eger janypkeşlik bilen Mukaddes Ýazgy öwredilmese, ýigitlikde oňa bil baglanylmasa, onda ýokary okuw jaýlary dowzahyň derwezesi bolarmyka diýip gorkýaryn. Men Mukaddes Ýazgynyň esasy orny eýelemeýän ýerine öz çagasyny ýerleşdirmegi hiç kime maslahat bermeýärin. Içinde Hudaýyň Sözi üns bilen öwrenilmeýän islendik okuw jaýy ýaşlaryň ahlagyny bozar” diýip ýazýar. BG 116.1
Bu ýüzlenme ýyldyrym çaltlygynda bütin Germaniýa ýaýrady we halkyň arasynda güýçli tolgunyşyklar döretdi. Köpler Reformasiýanyň baýdagy astynda durma islegini duýdular. Lýuteriň ar alma teşne bolan garşydaşlary papany aýgytly çäreleri görmäge ynandyrdylar. Soň Lýuteriň taglymatyny lagnata berme karary çykaryldy. Reformator bilen onuň yzyna eýerijilere oýlanmaga 60 gün wagt berildi. Şonda eger şu möhlet geçýänçä, özleriniň ideýalaryndan ýüz öwürmeseler, onda olara Ybadathanadan çykarylmagyň garaşýandygy aýdyldy. BG 116.2
Bu Reformasiýa üçin haýbatly hem aýgytly pursat boldy. Tutuş ýüzýyllyklaryň dowamynda Rirniň Ybadathanadan çykarma baradaky hökümi iň kuwwatly monarhlarda-da gorky döretdi; ol beýik imperiýalary garyplyga hem boşap galmaklyga duçar etdi. Bu nälete duçar edilenlere gorky hem eýmenç seretdiler; olar özleriniň öňki dostlaryny gutarnykly ýitirdiler; olara jenaýatkär hökmünde daradylar, ýabany haýwanlar kimin garadylar. Lýuter öz üstünde gopmaga taýýar bolup duran tupanyň bardygyny bilýärdi, ýöne ol Mesihiň kömegine hem goragyna bil baglap, berkligine galdy. Ol ejir çekeniň imany hem batyrgaýlygy bilen: “Men nämäniň boljakdygyny bilmeýärin, bilmegem islemeýärin... urgy nirä urulsa-da, men asuda bolaryn... Eger Atanyň erki bolmasa, ýapraklaram düşmeýän bolsa, onda biz Onuň özümiz hakda alada edýändigine has-da ynamly bolup bileris. Hudaýyň Sözi üçin ölmeklik aňsat, sebäbi jan - ten bolan Sözüň Özem öldi. Eger biz Onuň bilen bile ölsek, onda Onuň bilenem direleris hem-de, eger bizden öňde Onuň çeken zatlaryny çeksek, onda Onuň bolýan ýerinde ebedi hem hemişelik bolarys” diýip ýazýar. BG 116.3
Papanyň bullasy Lýutere baryp ýetende, ol: “Men ony hudaýsyz hem ýalan zat hökmünde ýigrenýärin we ret edýärin... Sebäbi ol Mesihiň Özüni ýazgarýar... Men bu gowy iş üçin azajyk ejir çekýändigime begenýärin. Indi men özümi hattda azat duýýaryn, sebäbi papanyň antimesihdigine, onuň tagtynyň bolsa, şeýtanyň öz tagtydygyna göz ýetirdim” diýýär. BG 116.4
Rimiň dekreti yz galdyrman bilmedi. Adamy tabyn bolmaga mejbur etmek iiçin türme, gynamalar we gylyç ýeterlik derejede güýçli serişdeler boldy. Ejizler hem butparazlar papanyň permanlaryndan gorkýardylar, şonuň üçin köpler Lýuteriň edýän zatlaryny öňküleri ýaly gowy görýän bolsalarda, janlaryny Reformasiýanyň ugrunda bererden gymmat görýärdiler. Hemme zat reformatoryň işiniň soňunyň gelendigi hakda gürrüň berýän ýaly bolup görünýärdi. BG 117.1
Emma Lýuter hemişekisi ýaly batyrdy. Rim ony anafema berdi, şoňa görä-de, hemmeler onuň ýa öz ideýasyndan ýüz öwrerine, ýa-da ölerine garaşýardy. Yöne Lýuter akla sygmajak güýç bilen Rimiň üsttine garşylykly ýazgarmalary ýagdyrdyda, özüniň Ybadathanadan hemişelik aýrylmagy niýet edinýändigini köpçüligiň öňünde yglan etdi. 01 köp talyplaryň, alymlaryň, şäher ýaşaýjylarynyň öňünde papanyň bullasyny kanoniki kanunlar hem papa häkimliginiň ygtyýaryny esaslandyrýan ýörite dokumentler bilen bilelikde ýakdy. Ol: “Yönekeý adamlaryň aňyndan hakykaty köki - damary bilen goparyp aýyrjak bolup hem olaryň janlarymy heläk etjek bolup, duşmanlarym meniň kitaplarymy ýakdylar, indi bolsa. bu zatlaryň hemmesine jogap edip, men olaryň kitaplaryny ýakýaryn” diýdi. Indi hakykatdan çynlakaý göreş başlanýar. Şu wagta çenli men papany çalaja biynjalyk etdim. Men bu işi Hudaýyň hatyrasyna başladym, ýöne ol mensiz, ýöne Onuň giiýji bilen tamamlanylar” diýdi. BG 117.2
Lýuter öz işi babatda duşmanlarynyň goýberen ýaralaýjy belliklerine: “Kim bilýär, meni Hudaý çagyrmadymy; olar özleriniň meni ýigrenmek bilen Hudaýyň Özüni ýigrenýändiklerinden seresap bolmaly dälmidirler? Müsürden çykylanda, Musa ýekedi; Ylýas Ahabyň patyşalygynda ýekedi; Işaýa lýerusalimde ýekedi; Ezekiýel Babylda ýekedi... Hudaý hiç haçanam pygamber bolmaklyga ruhanylary ýada tanymal adamlary çagyrmaýardyda, adatça göze ilmeýän, ýönekeý adamlary çagyrýardy, hatda bir gezek Amos çopanam çagyrdy. Her nesildede, öz janyna töwekgelçilik edip, bu dünýäniň beýiklerini, patyşalaryny, knýazlaryny, ruhanylaryny hem alymlaryny paş eden dogry adamlar tapylypdy... Men özüme “pygamber” diýjek bolamok, ýöne olara gorkmagyň gerekdigini, sebäbi özümiň ýekedigimi, olaryň bolsa, köpçülikdiklerini aýtmak isleýärin. Men Rebbiň öz dilimiň üsti bilen gepleýändigine, olaryň ýanynda bolsa, Hudaýyň ýokdugyna ynanýaryn” diýip jogap berdi. BG 117.3
Şeýle-de bolsa, Ybadathanadan gutarnykly aýrylmaklyk Lýutere elhenç içki göreşsiz bolup geçmedi. Şol wagtda ol: “Men ene süýdi bilen özleşdirilen garaýyşlary özüňden alyp taşlamanyň kyndygyny her gün duýýaryn. Mukaddes Ýazgy öz tarapymda bolsa - da, papa antimesih hökmünde garşy çykyş etme kararymda mamladygyma göz ýetirmezimden öň, men näçe ejirler çekdim! Men kalbymyň nähili ezýetlerini çekmedim! Men papaçylaryň agzyndan düşmeýän: “Näme, diňe seniň özüň paýhasly-da, galanlaryň hemmesi ýalňyşýar? Eger özüň ýalňyşýan bolup, öz taglymatyň bilen ebedi ýazgarylma duçar boljak janlaram azdyrýan bolsaň näme?” diýen soraglary özüme gaýta - gaýta berdim. Mesih Özüniň çirksiz Sözi bilen bu şübheleriň hemmesiniň garşysyna meniň ýüregimi berkidýänçä, men öz—özüm hem şeýtan bilen göreşdim” diýip ýazýar. BG 117.4
Papa eger öz ideýasyndan ýüz öwürmese, onda Lýuteri Ybadathanadan çykarjagyny aýdyp haýbat atdy, indi bolsa, öz haýbatyny ýerine ýetirdi. Reformatoryň rim Ybadathanasyndan kowulýandygy baradaky gutarnykly bulla hem Lýuteri, hem onuň taglymatyny kabul edýänleri gaty erbet näletledi. Indi diňe beýik söweş doly güýjünde alawlady. BG 118.1
Göreş - bu öz döwri üçin Hoş Habary wagyz etmelik Hudaýyň saýlanlarynyň hemmesiniň ykbalydyr. Lýuteriň günlerinde onuň öz döwri üçin aýratyn wajyp bolan hakykat wagyz edildi. Biziň günlerimizde bolsa, öz döwrümiziň Ýygangy üçin wajyp bolan hakykat wagyz edilýär. Bu zatlar Kimiň islegi bilen bolýan bolsa, Şol hem, adamlary dürli şertleriň içinde goýup, öz döwrüne hem içinde ýaşaýan şertlerine gabat gelýän aýratyn işi olara tabşyrýar. Eger olar Onuň iberen nurunyň gadryny bilseler, onda olaryň öňlerinde has giň gözýetimler açylýar. Ýöne biziň günlerimizdäki adamlaryň köpüsi hakykaty Lýuter bilen göreşen papaçylardan köp bilmäge dyrjaşmaýarlar. Biziň günlerimizdede, öňki asyrlardaky ýaly, Hudaýyň Sözüne däl-de, adam teoriýalaryna hem adatlary has ileri tutulýar. Goý, häzirki döwürde hakykaty wagyz edýän adamlar hakykatyň reformatorlaryň döwründäkiden uly guwanç bilen kabul edilerine garaşmasynlar. Hakykat bilen ýalňyşlygyň, Mesih bilen şeýtanyň arasyndaky göreş biziň dünýämiziň soňy gelýänçä diňe güýjär. BG 118.2
Isa Öz şägirtlerine: “Dünýäden bolan bolsaňyz, dünýä sizi özüniňkiler kimin söýerdi. Ýöne dünýäden däldigiňiz üçin, Meniň sizi dünýäden saýlap alanlygym üçin, ine, şunuň üçin dünýä sizi ýigrenýär. Meniň size “Gul öz agasyndan uly däldir” diýen sözümi ýada salyň. Olar Meni yzarlan bolsalar, onda sizide yzarlarlar. Meniň sözümi tutan bolsalar, siziňkini-de tutarlar ” (Ýahýa 15:19-20) diýdi. Mundan başgada, Rebbimiz: “Ähli adamlar sizi taryplan mahaly waý halyňyza! Çünki olaryň atalaryýalan pygamberlere-de şeýle edendirler” (Luka 6:26) diýdi. Häzirki dünýäniňem ruhy Mesihiň ruhuna edil öňki döwürlerdäki ýaly garşy çykýar. şonuň üçin Hudaýyň hakykat Sözüni wagyz edýänleri özlerinden öňkülerden köp düşünme bilen kabul etmezler, hakykata garşy alnyp barylýan göreşiň görnüşiniň üýtgemegi, duşmançylygyň beýle aýdyň hem açyk bolmazlygy mümkin, emma hakykata bolan ýigrenç bar bolmagyny dowam etdirer-de, zamananyň ahyryna çenli ýok bolmaz. BG 118.3