Beýik Göreş
32—Nji Bap.
Şeýtanyň Duzagy
Mesih bilen şeýtanyň arasynda, ine, eýýäm alty müň ýyla golaý dowam edip gelýän beýik göreş ahyrlap barýar, şonuň üçin şeýtan adamy halas etme planyny bozmaga we Mesihiň yzyna eýerijileri öz duzagyna düşürmäge synanyşyp, öz tagallasyny on esse güýçlendirýär. Onuň maksady - adamlary garaňkylykda saklamakdyr, Mesihiň araçylyk gullugy gutaryp, eýýäm günä üçin hiç hili gurbanlygyň galmadyk wagtyna çenli toba gelmäge ýol bermezlikdir. BG 424.1
Adamlar öz ygtyýaryna garşy çykmak üçin hiç hili tagalla etmände, ýygnakda hem dünýäde perwaýsyzlyk ruhy höküm sürende, şeýtan asudalykda bolýar—oňa öz ýesirliginde bolanlary ýitirme howpy abanmaýar. Ýöne adamlar bakyýet bilen baglanyşykly bolan meseleler hakda pikirlenip başlanlarynda hemde ýüreklerinde: “Halas bolmak üçin men näme etmeli?” diýen sorag peýda bolanda, şeýtan derrew aýaga galyp, Mesihiň ygtyýaryna garşy hereket etmäge we Mukaddes Ruhuň täsirini bitarap etmäge synanyşýar. BG 424.2
Mukaddes Ýazgyda perişdeler bilen bilelikde Hudaýyň öňüne şeýtanyňam gelendigi hakdaky bir waka barada gürräň berilýär (Eýýup 1:6 serediň). 01 Ebedi Patyşanyň öňünde tagzym etmek üçin dälde, özüniň dogry adamlara garşy niýetini amala aşyrmak üçin barýar. Ol ýygnanyşyklara-da, şol maksat bilen barýar. Göze görünmezden, ol güýjünde baryny edip, doga edýänleriň pikirini eýelemäge çalyşýar. Zehinli serkerdebaşy kimin, ol planyny öz wagtynda düzýär. Wagyzçynyň Ýazgyny öwrenmeklige berlendigini görüp, şeýtanam, öňde duran wagzyň temasynda ünsüni jemleýär. Soň özüniň bu meselede aldan adamlaryna hakykat habary baryp ýetmez ýaly ýagdaýlary döretjek bolup, bar güýjüni, mekirligini hem sungatyny ulanýar. Şeýdip, duýduryşa has ýiti mätäç bolanlar gaýragoýulmasyz işler bilen başagaý bolýar ýa-da başga ýagdaýlar ony özüne çekip, özi üçin ýaşaýşa ýetiriji ys bolup biläýjek sözleri eşitmäge päsgel berýär. BG 424.3
Halky gurşap alan garaňkylygyň Hudaýyň hyzmatkärlerine agram salýandygyny şeýtan görýär. Ol olaryň Hudaýyň merhemetiniň hem güýjüniň perwaýsyzlyk. biagyrylyk hem sustluk garaňkylygyny dargatmagyny sorap, çyn ýürekden doga edýändiklerini eşidýär. Şonuň üçin ol täze güýç bilen aldaw toruny örmäge başlaýar. Ol adamlaryň özlerine eşitmesi hemme zatdan zerur gerek bolan zadyna perwaýsyz galar ýaly, olary horanlyk ýa-da özleriniň göwnünden turmanyň başga bir görnüşi bilen synaga salýar. BG 425.1
Doga etmekden ýa-da Ýazgyny okamakdan ünsüni sowup bilen adamlarynyň hemmesiniň öz oljasy boljagyny şeýtan gaty gowy bilýär. Şonuň üçin ol mümkin bolan duzaklar bilen adamyň aklyny eýelemek isleýär. Özlerini takwa adam hasaplasalar-da, hakykaty bilmek bilen meşgullanman, başgalaryň ýetmezçiliklerini hem ýalňyşlyklaryny gözlemek bilen meşgullanýan adamlar hemişe-de tapylýar. Munuň ýaly adamlar şeýtanyň sag eli bolýar. Doganlaryň aýyplaýjylary juda köp. Olar, aýratynam. Reb Öz islegini amala aşyranda, hakyky imanly adamlaram, ony ýerine ýetirmäge çalşanlarynda has işjeň bolýarlar. Şeýtanyň gol astyndakylar hakykata tabyn bolýanlaryň hereketlerini ýoýmaga çalyşýarlar. Mesihiň iň berlen, ýürekdeş hem özüni aýamaýan hyzmatkärlerini olar ýalançylar hem ýoldan çykan adamlar hökmünde görkezýärler. Olar her bir bähbitli hem gowy işiň motiwini bozup düşündirýärler, oýlanyp tapylan töhmetleri ýaýradýarlar, imanda tejribesiz bem berkemedik adamlaryň aňynda şübhe ekýärler. Her bir amatly pursatda olar arassa hem dogry zatlaryň hemmesini ýigrenji hem ýalan edip görkezmäge dyrjaşýarlar. BG 425.2
Ýöne şunuň ýaly adamlaryň bardygyny hiç kimem bilmän galmaly däldir. Olaryň kimiň çagalarydygyny, kimiň yzyna eýerýändigini we kimiň işini ýerine ýetirýändiklerini bilmek kyn däldir. “Siz olary miwelerinden tanarsyňyz” (Matta 7:16). Olar şeýtana, mekir ganhora, doganlaryň aýyplaýjysyna meňzeýärler. BG 425.3
Beýik ýalançynyň islendik wagtda, islendik usul bilen şeýtanyň heläk etjek bolýanlarynyň aklyna laýyk geljek dürli ýereslerini döretmäge taýýar bolan ýaranlary köpdür. Onuň wezipesi Ýygnaga höwessiz, täzeden dogulmadyk, şübhäniň hem imansyzlygyň çeşmesi boljak, Hudaýyň işiniň üstünlik gazanmagyny isleýänlere päsgel berjek adamlary getirmekden ybaratdyr. Hudaýa we Onuň Sözüne hakyky imany bolmasa-da, barybir hakykatyň birnäçe prinsiplerini ykrar edýän, şol sebäpdenem, mesihi hasaplanylyp, öz ýalňyşlyklaryny ruhy hakykat hökmünde görkezmäge mümkinçilik alýan adamlaram az däl. BG 425.4
Şeýtan: “adamlaryň nämä ynanýandyklarynyň tapawudy ýok” diýen şygary ulanyp, aýratyn üstünlige ýetdi. Söýgi bilen kabul edilen hakykatyň kalby durlandyrýandygyny şeýtan bilýär, şonuň üçin ony ýasama teoriýalar, basnýalar we ýalanhoşhabar bilen çalyşmaga elmydama dyrjaşýar. Hudaýyň hyzmatkärleri iň başyndan bäri, diňe bir günäkärler bolman, eýsem, janlary heläk ediji azaşmalaryň çeşmesi bolup durýan ýalan mugallymlar bilen hemişelik söweşi alyp barýarlar. Ylýas, Yermeýa, Pawlus dagy adamlary Hudaýyň Sözünden daşlaşdyrýanlar bilen gaýduwsyz söweşleri alyp bardylar. Garaýyşlaryň munuň ýaly giňligi, ýagny adamyň nämä ynanýandygynyň ähmiýeti bolmadyk ýagdaýy, hakykatyň bu goragçylarynda hiç hiki goldaw tapmady. BG 425.5
Yazgynyň kesgitlenilmedik, oýlanylyp tapylan düşündirişleri, biziň mesihilik dünýäsinde tapýan dini ynam babatdaky biri - birine garşy çykýan ençeme teoriýalarymyz - bu zatlaryň hemmesi şeýle etmek bilen adamlaryň aňyny bulaşdyryp, olary hakykatdan daşlaşdyrmaga dyrjaşýan beýik ýalançynyň işiniň netijesidir. Häzirki zaman mesihilik ýygnaklaryndaky agzalalyklar hem bölünişikler köp ýagdaýlarda Yazgyny haýsydyr bir gowy görlen teoriýa gabat getirjek bolup ýoýma adatynyň giň ýaýrandygy bilen düşündirilýär. Hudaýyň Sözüni ünsli öwrenmeklige hem-de tabyn ýürek bilen Onuň islegine akyl ýetirmäge derek köpler adaty bolmadyk we asyl nusga bolan bir zady gözleýärler. BG 426.1
Yalan taglymatlary hem mesihilik adaty bolmadyk adatlary tassyklamak üçin Mukaddes Ýazgynyň kontekstinden bölnip alnan ýeüer ulanylýar, kä halatlarda öz pikirini subut etmek üçin belli bir aýadyň diňe ýarymy alynýar, ýogsam, şol aýadyň galan bölegi aýdylýan zady inkär edýär. Adamlar ýylan mekirligi bilen biri—birine baglanyşygy bolmadyk jümleleriň üýşmegini döredýärler-de, olary özlerine ýaraýşy ýaly edip düşündirýärler. Şeýdip, köpler Hudaýyň Sözüni bilgeşleýin ýoýýarlar. Janly düşünjä eýe bolan beýleki adamlar bolsa, Mukaddes Yazgynyň obrazlaryna hem nyşanlaryna ýüzlenýärler. Olary özleriniň fantaziýasy näme diýse, şonuň ýaly-da düşündirýärler, ýöne Mukaddes Kitabyň öz - özüni açyp görkezýändigini hasaba almaýarlarda, ondan soňam, özleriniň pikirlerini Mukaddes kitap taglymaty hökmünde görkezýärler. BG 426.2
Eger Mukaddes Yazgy doga edilmän, tabyn ruhsuz hem nury tanamaga bolan teşne düşünjesiz öwrensek, onda iň kyn hakykatlar ýaly, iň düşnükli hem ýönekeý hakykatlarada, nädogry düşündiler. Papalygyň ýolbaşçylary Mukaddes Kitapdan özleriniň niýetlerine has gowy jogap bolýan ýerleri saýlap alýarlar-da, olary isleýişleri ýaly düşündirip, olary halka aýdýarlar. Şeýdip, olar halky Mukaddes Kitaby özbaşdak öwrenme we onuň mukaddes hakykatlaryna akyl ýetirme artykmaçlygyndan mahrum edýärler. Mukaddes Kitaby adamlara tutuşlygyna bermelidir, sebäbi ol şonuň ýaly okalmalydyr. Yazgynyň hakykatlary hakda beýle ýoýulan düşünjeleri alandan, Mukaddes Kitap hakda hiç zat bilmäniň has gowudyr. BG 426.3
Mukaddes Kitap - bu Yaradanyň islegine akyl ýetirmäge dyrjaşýanlaryň hemmesi üçin gollanmadyr. Hudaý adamlara “gaty dogry pygamberlik sözüni” berdi, perişdeler, hatda Mesihiň Özi-de, Danyýel bilen Ýahýa tizara boljak zatlary düşündirdiler. Biziň gutulyşymyza degişli bolan iň wajyp hakykatlar syra gurşalyp galmady. Olar bize hakykaty gözleýänlerde düşünişmezlik ýada gaharlanma döretmez ýaly edilip açyldy. Reb Habakuk pygdamberiň üsti bilen: BG 427.1
“Aýanlygy ýaz,
Habarçy bir nazarda okar ýaly
Ony daşyň ýüzüne oýup ýaz”
BG 427.2
(Habakuk 2:2) diýdi.
Hudaýyň Sözi doga edip okaýanlaryň hemmesi üçin düşnüklidir. Her bir wepaly hem dogruçyl jan hakykat nuruna gelýändir: “Dogry adam üçin nur ... begenç ekilendir” (Zebur 97:11). Eger agzalary hakykaty edil “gizlin hazyna” kimin gözlemese, ýekeje ýygnagam ösüp bilýän däldir. BG 427.3
Garaýyşlaryň giçligine çagyryş öz maksadyna ýetmek üçin el gowşuryp oturman zähmet çekýän beýik ýalançynyň mekirligine köpleriň gözlerini ýumdy. Mukaddes Kitaby adam pikirleri bilen çalşanda, Hudaýyň Kanuny inkär edilýär, ýygnaklar bolsa, özleriniň azatlyk gazanandyklaryny aýtsalar-da, günäniň duzagyna düşýärler. BG 427.4
Ylmy açyşlar köpler üçin lagnat boldy. Hudaý ylym hem tehnika ulgamyndaky açyşlaryň üsti bilen dünýäniň üstüne nuruň akymlarynyň inmegine ýol berdi, ýöne hatda iň beýik akyldarlaram, eger Hudaýyň Sözüne esaslanmasalar, ylym bilen ylhamyň arasyndaky arabaglanyşyga düşünjek bolanda, petige girip galarlar. BG 427.5
Adamyň material hem ruhy dünýä degişli bolan bilimleri doly hem kämil däldir, şonuň üçin ençe adamlar özleriniň ylmy garaýyşlaryny Mukaddes Kitap taglymaty bilen baglanyşdyryp bilmeýärler. Köpler ylmy çaklamalar bilen pikirleri ylmy faktlar hökmünde düşünýärler-de, Hudaýyň Sözi şu “ýalan bilim” (1 Timoteos 6:20) bilen barlanylandyr öýdýärler. Olar ýaradana hem Onuň işlerine akyl ýetirip bilmeýärler, bu zatlaryň hemmesini tebigy kanunlar bilen düşündirip bilmeýärler, şol sebäpli-de, Mukaddes Kitap taryhyna olar hakyky däl diýip düşünýärler. Köne hem Täze Ähtleriň şaýatlyklarynyň dogrudygyna şübhelenýänler, köplenç, ýene bir ädim ädýärler-de, Hudaýyň barlygyna şübhelenip başlaýarlar-da7 çäksiz güýji tebigata degişli edýärler. Şeýdip, iman labyryny ýitirip, hudaýsyzlyk gaýasyna baryp urulýarlar. BG 427.6
Şeýle etmek bilen köpler imandan ýalňyşlyga geçýärler-de, şeýtanyň ýesirleri bolýarlar. Adamlar özleriniň Ýaradyjysyndan akyllyrak bolmak isleýärler. Adam filosofiýasy bakyýetde-de açylmajak syrlara akyl ýetirmäge we olary düşündirmäge synanyşýar. Eger adamlar Rebbiň Özi hem Öz niýetleri hakda Özüniň açýandygyna synanyşan bolsalar, onda Ýehowanyň şöhraty, beýikligi hem güýji hakda dogry düşünje alardylar hem-de özleriniň ejizligine akyl ýetirip, özlerine hem çagalaryna açylan zatlar bilen kanagatlanardyiar. BG 427.7
Şeýtanyň iň ussat aldawy onuň adamlary bilimiň Rebbiň bize açmagy niýet hem edinmedik ulgamlarynda çaklama gurmaklyga meýillendirmeginde jemlenendir. Şu sebäbe görä-de, Lýusifer gökden mahrum bolupdy. Hudaýyň Öz syrlarynyň hemmesini özüne açyp görkezmändiginden nägiledigini görkezmek bilen şeýtan özüne ynanylan ýokary wezipäni eýeleýän ýerindäki işi hakda açylan zatlary doly äsgermezçilik etdi. Özüne ýakyn perişdeleriň arasynda nägilelik ruhuny oýaryp, ol olaryň günä etmegine sebäp boldy. Ol häzirki döwürde-de, şol bir ruh bilen adamlary zäherlemäge we Hudaýyň göni görkezmelerini äsgermezçilik etmäge mejbur edýär. BG 428.1
Mukaddes Kitabyň aýdyň hem ýüzgörmezek hakykatlaryny kabul etmek islemeýän adamlar özleriniň wyždanyny köşeşdirmek üçin hemişe ýakymly basnýalary döredýärler. Haýsy taglymatyň ruhulygy näçe az bolsa, özüňi inkär etmäni we tabyn bolmany näçe az talap etse, şol şonça-da, höwes bilen köp kabul edilýär. Adamlar özleriniň aklyny ten islegleriniň gullugyna goýýarlar-da, şonuň bilen aklyny gowşadýarlar. Ýazgyny toba gelmek hem Hudaýyň ugrukdyrmasyny çyn ýürekden doga edip dilemek bilen öwrenerden özlerini juda akylly saýyp, olar garaňkylygyň güýçlerinden goragsyz galýarlar. Şeýtan bolsa, pursatdan peýdalanyp, hakykatyň deregine olara ýalany sokýar-da, olaryň isleglerini kanagatlandyrmaga taýýar bolýar. Papaçylar hut şunuň ýaly ýol bilenem, adamlaryň aňlaryny eýelediler, şeýdibem, hakykaty inkär etdiler, sebäbi hakykaty wagyz etmeklik haçy öz içine alýar, portestantlaram şu ýol bilen gidýärler. Durmuşy oňaýlyklaryň we rahatlygyň hatyrasyna, dünýäden hiç zatda tapawutlanmazlygyň hatyrasyna Hudaýyň Sözüni inkär edýänleriň hemmesi iň eýmenç ýeresi Mukaddes Kitap hakykaty hökmünde kabul etmäge taýýardyrlar. Özboluşly häsiýeti bilen hakykaty inkär edýän adam islendik ýalňyşlyga eglişik edýändir. Ýöne bir ýalňyşlyga gorky bilen seredýän adam başga zady höwes bilen kabul edýär. Resul Pawlus: “hakykaty söýmegi, şeýdip hem gutulmagy ret edendikleri üçin ... ýalana ynansynlar diýip, Hudaý olara bir aldawçy güýç ýollaýar. Ol muny hakykata ynanman, ýamanlygy halaýanlaryň bary höküm edilsin diýip edýär” (2 Selanikliler 2:10-12) diýýär. Şu duýduryşy ýatda saklap, haýsydyr bir taglymaty kabul edenimizde, örän hüşgär bolalyň. BG 428.2
Beýik ýalançynyň ýesir ediji aldawlarynyň arasynda ýalan taglymat bilen spiritizmiň hyýaly gudratlary bardyr. Şeýtan nur perişdesiniň görnüşine girip, öz duzaklaryny garaşmadyk ýerleriňde gurýar. Eger adamlar Hudaýyň Sözüni doga edip, janypkeşlikli öwrenseler, olar garaňkylykda galdyrylmazdylar we ýalan taglymatlar bilen gyzyklanmazdylar. Yöne olar hakykaty inkär etmek bilen aldawyň pidasy bolýarlar. BG 428.3
Başga bir howply ýalňyşlyk Mesihiň Hudaýlygyna hem-de ýere gelýänçe Onuň bar bolýandygyna garşy çykmakda jemlenendir. Bu taglymat Halasgärimiziň Özniň Atasy bilen aragatnaşyklary, Hudaýlyk tebigaty we öňden bardygy babatdaky aýdyň sözlerine göni garşy çykýan bolsada, ony özleriniň Hudaýyň Sözüne ynanýandygyny aýdýanlaram kabul edýärler. Bu tagiymaty diňe Mukaddes Ýazgyny bilgeşleýin ýoýmak isleýänler kabul edip bilýärier. Ol taglymat diňe bir adamyň halas edijilikii Gurbanlyk baradaky düşünjesini peseltmän, eýsem, Hudaýyň ylhamy hökmünde Mukaddes Kitaba bolan ynamynam ýok edýär. Hut şonuň üçinem, bu taglymat aýratyn howpludyr we kyn ret edilýändir. Adamlar Hudaýyň Sözüniň Mesihiň Hudaýlygy baradaky şaýatlygyny inkär edenlerinde, olary ynandyrjak bolmaklyk peýdasyz bolar, olara ýerlikli subutnamalaryň ýekejesem täsir etmez: “Tebigy adam Hudaýyň Ruhuna degişli zatlary unamaz, çünki bular onuň üçin akmaklykdyr, bulary bilip bilmez, sebäbi bulara ruh boýunça düşünilýändir” (1 Korintoslylar 2:14). Bu ýalňyşlygy kabul edýänleriň ýekejesem, Mesihiň häsiýeti ýa-da Hudaýyň adamy halas etme baradaky beýik plany hakda dogry düşünjeli bolup bilmez. BG 429.1
Başga bir mekir, zyýanly hem tiz ýaýraýan ýalňyşlygam bar. Köpler şeýtan, aslyýetinde, ýok, Yazgyda bolsa, onuň ady adamlaryň erbet pikirlerini hem meýillerini aňlatmak üçin agzalýar diýip hasaplaýarlar. BG 429.2
Mesihiň Ikinji gezek gelmesi - bu Onuň her bir adama ölümden soň görünjekdigi baradaky düşünje-de bardyr. Bu ýalan Mesihiň gökleriň bulutlarynda gelerine garaşýanlary alada goýýar we olaryň ünsüni sowýar. Köp asyrlaryň dowamynda şeýtan: “Ine, Mesih içki otaglarda” (Matta 24:26) diýip, az pyşyrdamady. Köpler bu sözlere aldanyp heläk boldular. BG 429.3
Dünýewi aky ldarlyk doga etmekligiň wajyplyk däldigini öwredýär. Alymlar ýokary goýberilen dogalara real jogabyň bolmajakdygyny, şeýle bolan ýagdaýynda, munuň gudrat boljakdygyny, gudratyň bolsa, bolmaýandygyny aýdýarlar. Olar Älemiň belli bir kanunlar bilen dolandyrylýandygyny, Hudaýyňam, olara garşy hiç zat etmeýändigini aýdýarlar. Şeýlelikde, olar Hudaýyň kanunlary edil Hudaýyň azatlygyny aradan aýyrýan ýaly, Rebbi Özüniň kanunlaryna tabyn edýärler. Muna meňzeş taglymatlar Mukaddes Kitabyň şaýatlygyna garşy bolýar. Eýsem. Mesih bilen Onuň resullary gudratlary görkezmedimi? Bu günem rehimdar Halasgär diri bolup, Özüniň ýerde ýaşan wagtyndakysy ýaly, iman dogasyna höwes bilen jogap berýär. Tebigy zat adatdan daşary zat bilen goňşulykda bolýar. Doga etmezden alyp bilmejek zadymyzy çyn ýürekden edýän dogamyza jogap hökmünde bermeklik Hudaýyň maksadynyň bir bölegidir. BG 429.4
Bu gün mesihilik ýygnaklarynda näçe diýseň ýalan taglymatlar bilen oýlanylyp tapylan ideýalar bar! Hudaýyň Sözüniň beren prinsipleriniň hiç bolmanda birini aýyrmagyň netijeleriniň ähli heläk ediji netijelerini göz öňüne getirmek mümkin däl. Şunuň ýaly ädimi ätmäge het edip bilenleriň diňe az sanlysy diňe haýsydyr bir hakykaty ret etmekden lezzet alýarlar. Köp bölegi bolsa, gutaran hudaýsyz bolýançalar, prinsipleriň hemmesini biri - biriniň yzyndan ret edýärler. BG 430.1
Meşhur teologiýanyň ýalňyşlyklary köpleri Mukaddes Kitapdan aýryp, şübheçilüge alyp bardy. Adalatlylyk, rehimdarlyk, ýagşylyk - bu iň beýik gymmatlyklardyr, şonuň üçin Mukaddes Kitapda olaryň depgilenýändigine adamy ynandyranlarynda, ol Hudaýyň Sözünden, umuman, ýüz öwürýär. BG 430.2
Şeýtan şuny hem maksat edinýär. Ol adamdaky Hudaýa we Onuň Sözüne bolan ynamy ýok etmekden başga zady beýle güýçli islemeýär. Şübhelenýänleriň ummasyz goşunyna şeýtan ýolbaşçylyk edýär. Ol güýjünde baryny edip, adamlary öz tarapyna çekmek isleýär. Ynamsyzlyk moda öwrülip barýar. Günäni ýigrenýändigi hem paş edýändigi üçin adamlaryň uly topary Hudaýyň Sözüne hem onuň Awtoryna şübhe bilen garaýarlar. Onuň talaplaryna tabyn bolmak islemeýänler Onuň abraýyny düşürmek isleýärler. Munuň ýaly adamlar Ýazgydan ýa-da wagyzdan ýalňyş tapmak üçin Mukaddes Kitaby okaýarlar we wagyzçyny diňleýärler. Diňe özleriniň borja äsgermezçilikli garaýandygyny aklamak üçin gaty köp adamlar hudaýsyz bolýarlar. Başga birlerini tekepbirlik bilen bikärlik imansyzlyga alyp barýar. Yeňil durmuşy gaty gowy görýän bu adamlar özüňi ret etme bilen tagalla etmekligi talap edýän hormata mynasyp hiç bir zadynam edip bilmeýärler, şol sebäpdenem, Mukaddes Kitaby tankyt edip, özlerinde akyldarlyk mertebesini berkitmek isleýärler. Biziň çäkli, Hudaýyň akyldarlygy bilen bilim berilmedik aklymyz köp zada ýetip bilmeýär. Şonuň üçin şular ýaly adamlar tankyt üçin hemişe bahana tapýarlar. Başga birleri ynamsyzlygyň, şübheçilligiň we hudaýsyzlygyň tarapynda durmaklyk aýratyn gowulykdyr diýip hasaplaýarlar. Bu adamlaryň ýasama ak ýürekliligi özüne ynamlylyk bilen tekepbirligi gizleýär. Mukaddes Ýazgynyň adamlary petige alyp barýan tekstlerini gözläp tapmakdan köp adamlar aýratyn lezzet alýarlar. Köpler özlerinin guş tutujynyň toruna çolaşýandygyna düşünmän, ilki diňe jedelleşmäni gowy görýändigi üçin tankytçylyk hem yrsarama bilen meşgullanýarlar. Yöne bir gezek özleriniň ynamsyzdyklaryny aýdandan soň, şol nukdaýnazaryny saklamagy özleriniň borjy hasaplaýarlar. Şeýle etmek bilen olar näletkerdeler bilen birigip, özleriniň öňünde jennetiň gapysyny ýapýarlar. BG 430.3
Reb Öz Sözünde Özüniň Hudaýlyk tebigaty na ýeterlik derejede subutnama getirdi. Biziň halas bolmamyza degişli bolan beýik hakykatlar aýdyň hem kesgitli beýan edilendir. Ony çyn ýürekden gözleýänleriň hemmesine wada berlen Mukaddes Ruhuň kömegi bilen her bir adam şol hakykatlara özbaşdak ýetip bilýärler. Hudaý adamlara berk esas berdi, olar şol esasyň üstünde özleriniň imanyny gurup biler. BG 431.1
Ýöne adamyň çäkli akly Tükeniksiziň planlaryna we niýetlerine doly ýetip bilmeýär. Biz derňew bilen Hudaýy hiç haçanam tapyp bilmeris. Özüne umyt baglaýan el bilen Onuň ajaýyplygyny gizläp duran tutyny götermäge synyşmak gerek däldir. Resul: “Hudaýyň baýlygy, akyldarlygy; bilimi çuňdur! Onuň hökümleri akyla sygmaz, ýollary bilinmezdir!” (Rimliler 11:33) diýip ýüzlenýär. Bize diňe özümiz bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklarda tükeniksiz güýç bilen birikdirilen çäksiz söýginiň we rehimdarlygyň Hudaýy herekete getirýändigine düşünmeklik berlendiir. Gökdäki Atamyz hemme zady akyldarlyk hem dogrulyk bilen dolandyrýar, şonuň üçin bizde sustupeslik hem ynamsyzlyk bildirmäge hiç hili sebäp ýokdur, ýöne biz Onuň öňünde takwa sandyrama içinde dyza çökmelidiris. Ol Öz niýetlerini biziň bähbidimize ýardam berer ýaly derejede açýar, “ondan ýokary” bolanlaryny biz Onuň gudratygüýçli ellerine we söýgüden doly ýüregine ynanmalydyrys. BG 431.2
Hudaýyň imanymyz üçin ýeterlik bolan esasy berendigine garamazdan, 01 hiç haçanam, ynamsyzlyga sebäp bolýan zatlaryň hemtnesini aradan aýyrmaýar. Öz şübhelerini asmak üçin gaňyrçak gözleýän her bir adam ony hökman tapar. Hudaýyň Sözüni kabul etmekden we oňa tabyn bolmakdan boýun towlaýanlar böwetleriň hemmesi çym - pytrak edilýänçä we şübhelenme mümkinçilikleriniň hemmesi aradan aýrylýança, hiç haçan nura gelmeýärler. BG 431.3
Hudaý bilen duşmançylykda bolan täzeden dogulmadyk ýüregiň tebigy netijesi Hudaýa ynamsyzlyk bolýandyr. Yöne iman Mukaddes Ruhuň Özi tarapyndan ruhlandyrylýar, şonuň üçin ol gowy saklanylsa, öser hem berkär. Aýgytly tagallalary etmezden, hiç kimem imanda berkäp bilmez. Şol sebäbe görä-de, eger adamlar öz imanyny berkitmek üçin Hudaýyň beren subutnamalary hakda pikirlenmegiň deregine, özlerine şübhelenmäge ýol berip, her hili kemçilikleri gözleseler, onda olar özleriniň şübhesinde has-da köp berkärler. BG 431.4
Yöne Hudaýyň wadalaryna şübhelenip, Onuň merhemetine ynanmaýanlar başgalary Mesihiň ýanyna çekmegiň deregine, özleriniň göreldeleri bilen adamlary Ondan daşlaşdyrýarlar. Munuň ýaly adamlar özleriniň uzyn hem ýaýraň şahalaryny beýkeli ösümlikleriň üstüne ýaýradyp, olary sowuk kölegede solmaklyga hem ölmeklige sezewar edýän miwesiz agaçlar kimindir. Bu adamlaryň bar durmuşyy özlerine garşy dyngysyz şaýatlyk bolar. Olar şübhe hem ynamsyzlyk tohumyny ekýärler, şonuň BG 431.5
Şübheden saplanmagy çyn ýürekden isleýänleriň hemmesi üçin diňe ýekeje ýol bardyr:toslanylyptapylansoraglary goýmanyň we düşünmeýän zatlaiyny tankyda duçar etmäniň deregine, özleriniň üstlerine eýýän ýagyp duran nuruň ýoluny açmalydyrlar, şonda olary has-da ýagtyly nur ýagtyldar. Goý, olar özlerine düşnükli bolan borçlary ýerine ýetirsinler, bu hem olara entegem şübhe döredip duran hakykatlara akyl ýetirmäge, soňam, şol hakykatlara laýyklykda ýaşamaga kömek eder. BG 432.1
Şeýtan şeýle ussatlyk bilen basyrylan emeli zady görkezip biler welin, özüni inkär etmeklik we pida edijilik kime ýat bolsa, şol adamlaram, aldanmaga taýýar bolup, ony hakykat hökmünde kabul edýärler, ýöne islendik baha bilen hakykaty bilmäge dyrjaşýan jany öz ygtyýaryna tabyn edip bilmeýär. Mesih hakykatdyr, “Ähli ynsanlary ýagtylandyrýan hakyky Nurdur” (Ýahýa 1:9). Hakykat Ruhy adamlara bar hakykaty öwretmek üçin iberilendir. Şonun üçin Hudaýyň Ogly ynam bilen: “Gözläň, taparsyhyz” diýdi. Eger “biri Hudayyh islegini berjaý etmek isleýän bolsa, onda ... ol bu taglymaty biler” (Matta 7:7; Ýahýa 7:17). BG 432.2
Mesihiň yzyna eýerij ilere özlerine garşy guraýan şeýtanyň we onuň tarapdarlarynyň dildüwşügi az derejede mälimdir. Yöne Göklerde Oturan olaryň kömegi bilen Özüniň çuň maksatlaryny amala aşyrmak üçin bu mekir pirimleri yzyna serpikdirýär. Reb adamlaryň lapykeçliginden we ezýetlerinden lezzet alýandygy üçin Öz halkynyň otly synaglardan geçmegine ýol bermeýär-de, günäniň üstünden gutarnykly ýeňiş gazanmak üçin görgüleriň zerurlygy sebäpli, ýol berýär. Eger Hudaý Öz halkyny synaglardan goran bolsa, bu Onuň şöhraty bilen bir ýere sygmajak hem yzygiderli däl bolan zat bolardy, sebäbi synaglaryň maksady adamlara ähli azdyryjy zatlara garşy durmagy öwretmekde jemlenendir. BG 432.3
Barypýatan deýýuslaram, arwahlaram, Hudaýyň işine garşy durup bilýän däldir, eger tabynlykda toba gelip, günälerimizi boýun alsak hem günälerimizi taşlap, Onuň wadalaryna öz hukugymyzyň bardygyny görkezsek, bizi Rebden aýyrmaga güýçleri ýetmez. Gizlin bolsa-da, aç - açan bolsa-da, her bir synaga, her bir garşydaşlyga üstümlikli garşylyk görkezip bolar. “Güýç we zorluk bilen däl-de, diňe Menih Ruhum bilen iş bitirersiň. Muny Hökmürowan Reb diýýär” (Zakarýa 4:6). BG 432.4
“Çünki Rebbiň gözleri dogrulara tarap, gulagy olaryh ýalbaryşlaryna gerlendir... Yagşylyk etmek üçin gaýrat etsehiz, size kim ýamanlyk etjek?” (1 Petrus 3:12-13). Bilgam sahy sowgatlaryň wadasyna özüni oýnadyp, Ysraýyla garşy jady ulananda we Rebbe gurbanlyk getirip, Onuň halkynyň üstüne lagnat ýagdyrjak bolanda, Hudaýyň Ruhy bu erbetligiň ýoluna böwet boldy. Şonda Balgam: “Hudaýyň näletlemedigini men nädip näletläýin? Rebbiň gargamadygyna men nähili gargaýyn? “Maňa-da dogruçyl adamlaryň ölüşi dek ölmäge, ömrümiň ysraýylyňky deý gutarmagyna rugsat et!” diýip gygyrmaga mejbur boldy. Gaýtadan gurbanlyk getirilende, näletkerde pygamber gygyryp: uIne, Ol maňa Ysraýyly ýalka diýip emr etdi. Hudaýyň Özi ýalkanda, men ony üýtgedip bilmeýärin. Men Yakuba hiç hili betbagtlyk ýokdugyny Ysraýylda bela-beteriň bolmajagyny görýärin. Ysraýylyň Hudaýy Reb olar bilendir “Ýakuba hiç bir doga-jady täsir etmez, Ysraýylyň garşysyna täleý garanyň peýdasy ýokdur. lndi bolsa Ysraýyl we Ýakup hakiia: Gör, Hudaýyň eden zatlaryny!” diýerler” diýdi. Üçünji gezek gurbanlyk sypalary gurlup, Bilgam ýene-de, Ysraýyly näletlemäge synanyşdy. Ýöne pygamberiň dili öz erkine garşy gidip, Hudaýyň Ruhunyň aýtmak islän zatlaryny aýtdy-da, Öz saýlan halkynyň abadançylygyny yglan etdi we onuň duşmanlarynyň erbet pirimlerini ýazgardy: “Çünki Ysraýyly ýalkan ýalkanar Näletlän näletlener” (Müsürden çykyş 23:8, 10, 20-21, 23; 24:9). 01 wagtlarda Ysraýyl halky Hudaýa wepalydy. Bu halk Onuň Kanunyn tabyn bolup ýaşap ýörkä, ýeriň ýa-da dowzahyň hiç hili güýji ony ýeňip bilmedi. Ýöne Bilgama Hudaýyň çagalaryna aýtmaga rugsat edilmedik nälet sözleri olary günä alyp baranda, ol barybir olaryň üstünden indi. Hudaýyň tabşyryklaryny bozmak bilen olar özlerini Hudaýdan daşlaşdyrdylar-da, heläk edijiniň gol astyna düşdüler. BG 432.5
Mesihe wepaly bolan iň ejiz janyňam, garaňkylyga garşy tistünlikli göreşip biljekdigini we eger ol özüni aç - açan görkezse, onda mynasyp gaýtawul beriljegini şeýtan gaty gowy bilýär. Şonuň üçin ol haçyň esgerlerini özleriniň golaýlaşyp bolmazak galasyndan aldap çykarmaga çalyşýar. Onuň özi bolsa, öz goşuny bilen bukuda gizlenip, islendik pursatda öz territoriýasyna girmäge het edip bilen her bir adamy ýok etmek üçin garaşýar. Biz diňe tabynlyk bilen Hudaýa bil baglap, Onuň ähli tabşyryklaryny ýerine ýetirenimizde, hiç zat howp salmaýar. BG 433.1
Eger hiç bolmanda, ýekeje gününi, ýekeje sagadyny doga etmän geçirse, adam özüni howpsuz duýup bilmez. Rebden Öz Sözüne düşünmäge akyldarlyk bermegini aýratyn soramagymyz gerekdir. Onuň Sözünde aldawçynyň ähli mekirlikleri paş edilendir, onda aldawça garşy haýsy serişdeleriň kömegi bilen üstünlikli garşy çykyp biljekdigimiz açylandyr. Şeýtan - Mukaddes Ýazgyny gaty gowy bilýändir. Ol biziň üçin büdreme daşy etjek bolýan her bir tekstini özüçe düşündirýär. Biz özümiziň Hudaýa baglydygymyzy hiç haçanam ýadymyzdan çykarman, Mukaddes Kitaby tabyn ýürek bilen öwrenmegimiz gerekdir. Biz hemişe iman bilen: “Bizi synaga salma” diýip doga etmek bilen elmydama şeýtanyň aldawyna garşy hüşgärlikde bolmalydyrys. BG 433.2