Beýik Göreş

40/51

33—Nji Bap.
Birinji Beýik Aldaýyş

Baryp, adamzat taryhynyň bosagasynda şeýtan biziň ilkinji ata - enemizi aldamaga synanyşdy. Gökde gozgalaň turzanynda, ol ýerdäki ýaşaýjylaryňam Hudaýyň dolandyryşyna garşy alyp barýan göreşinde özüni goldamaga mejbur etmek isledi. Adam ata bilen How ene Hudaýyň Kanunyna tabyn bolanlarynda, diýseň bagtlydylar. Bu bolsa, şeýtanyň gökde Hudaýyň Kanunynyň şahsyýeti ezýändigini we Rebbiň ýaradanlaryny şatlykdam mahrum edýändigini aýdýan pikirlerini ret edýärdi. Mundan başgada, şeýtan dogruçyl jübüte nähili ajaýyp künjegiň taýýarlanandygyny görende, ony göripçilik gurşap aldy. Şeýtan olary Hudaýdan aýyrmak üçin günä etmäge mejbur etmegi we olary öz erkine tabyn edip, ýeri eýelemegi hem-de Hudaýyň Patyşalygyna garşy durýan öz patyşalygyny gurmagy berk ýüregine düwdi. BG 434.1

Eger şeýtan özüniň hakyky tebigatyny gören bolsa, onda derrew yza serpikdirmäni atardy, sebäbi Adam ata bilen How ene bu howply duşman babatda duýduryş alypdylar. Ýöne ol öz niýetlerini gizläp, elbetde, maksadyna ýetmek üçin garaňkylykda hereket etdi. 01 araçy hökmünde şol wagtlarda diýseň owadan görnüşli bolan ýylany ulanyp, How enä ýüzlenip: “Dogrudanam, Hudaý size bagdaky agaçlaryň hiç birinden iýmäň diýdimi?” (Gelip çykyş 3:1) diýip sorady. Eger How ene aldawçy bilen gepleşmekden ýüz öwren bolsa, onda oňa hiç zat howp salmazdy, ýöne ol onuň bilen gepleşmäge het etdide, onuň gizlin göztegleriniň pidasy boldy. Häzirem köpler hut şunuň ýaly usul bilen ýeňilýärler. Olar Hudaýyň tabşyryklaryna şübhelenýärlerde, olary inkär edýärler. Rebbiň buýruklaryna tabyn bolmagyň deregine, şeýtanyň toslamalaryndan başga hiç zadam bolmadyk, adam teoriýalaryny kabul edýärler. BG 434.2

Yöne Hudaý: „Siz bagjm ortasyndaky agajyň miwesinden iýmelem dälsiňiz, oňa degmelem dälsiňiz, ýogsam ölersiňiz” diýdi». Ýylan aýala şeýle diýdi: «Ýok, ýok! Ölmersiňiz. Şol agajyň miwesinden dadan günüňiz, Hudaý siziň gözüňiziň açyljakdygyny we edil Hudaý kimin boljakdygyňyzy hem-de ýagşy-ýamany saýgarjakdygyňyzy bilýär»” (Gelip çykyş 3:2-5). Ýylan adamlaryň Hudaýa meňzeş boljakdyklaryny, akyldarlykdan dolup, ösüşiň has ýokary derejesine galjakdyklaryny aýdýar. How ene bu synaga maý berýär-de, soň Adam atanam günä etmeklige alyp barýar. Olar ýylanyň Hudaýyň aýdan zadyny göz öňünde tutmandygy baradaky sözlerine ynandylar. Şeýdip, özleriniň Ýaradyjysyna ştibhelenip, Hudaý özleriniň azatlygyny çäklendirýär, Onuň Kanunyny bozmak bilen ýokary galyp, beýik akyldarlyk gazanarys diýen karara geldiler. BG 434.3

Ýöne Adam ata giinä edenden soň: “...şondan iýen günüh sen hökman ölersin” diýen sözleriň manysyna düşündi. Ol şeýtanyň ynandyryşy ýaly, ýaşaýşyň has ýokary derejesine ýetdimi? Eger bu şeýle bolan bolsa, onda Kanuny bozmaklyk beýik ýagşylyk bolup, şeýtanam, adam nesliniň ýagşylyk edijisi bolardy. Emma Adam ata Rebbiň höküminiň düýbünden beýle manysynyň ýokdugyny gördi. Hudaý günäsiniň jezasy hökmünde ynsanyň öz alnan topragyna gaýdyp barmalydygyny aýtdy. “Çiinki topraksyh sen we ýene-de topraga öwrülersih” (Gelip çykyş 3:19). Şeýtanyň: “Gözlerihiz açylar” diýen sözleri Rebbe gulak asmadyk Adam bilen Howuň özleriniň ýalňyşlygyna gözleriniň açylandygy manysynda dogry bolup çykdy. Olar ýamanlyga akyl ýetirdiler-de, diýen etmezligiň ajy hasylyny datdylar. BG 435.1

Erem bagynda ýaşaýyş agajyy ösüp durdy. Onuň miweleri ömri ebedi uzaldýardy. Eger Adam ata Hudaýa wepalylygyna galan bolsa, onda ýaşaýyş agajynyň ýanyna arkaýyn baryp bilerdi we ebedi ýaşardy. Emma günä etmek bilen ol bu hukukdan jyda düşüp, öltimli boldy. Hudaýyň: “Çünki topraksyh sen we ýene-de topraga öwrülersih” diýen hökümi ýaşaýşy doly bes etmäni görkezýär. BG 435.2

Ynsana tabyn bolan ýagdaýynda wada berilýän ölümsizlik günä edilenden soň ýitirildi. Adam ata nesillerine özünde ýok zady berip bilmedi, şonuň üçin hem, eger Hudaý Öz Ogluny gurban berip, ynsana ölümsizlik hukugyny gaýtaryp bermedik bolsa, ondagünäli adamzatda hiç hili umyt galmazdy “…ölüm hem ähli adamlara geçdi, çünki olaryh hemmesi günä etdi” ýöne Mesih “ýaşaýyş hem ölmezligi Hoş Habar arkaly” aýan etdi (Rimliler 5:12; 2 Timoteos 1:10). Ölümsizlik diňe Mesihiň üsti bilen gazanylyp bilner. Isa: “Ogla iman eden ebedi ýaşar. Ogla iman etmedik ýaşaýyş görmez, Ol Hudaýyh gazabyna sezewar bolar” (Ýahýa 3:36) diýýär. Eger teklip edilen şertleri ýerine ýetirse, her bir adam bu bahasyna ýetip bolmajak ak pata eýe bolup biler. “Yagşy işde çydamlylyk görkezip, şöhrat, hormat we çüýremezligi agtarýanlaryn” (Rimliler 2:7) hemmesi ebedi ýaşaýşy alarlar. BG 435.3

Adam ata gulak asmazlyk arkaly ýaşaýşy wada beren ýeke—täk şeýtan ýalançy bolup çykdy. Ýylanyň Erem bagyndaky: “Siz ölmersiňiz” diýen sözleridüýpesasyndajanyňölümsizligi baradaky birinji wagyz boldy. Emma diňe şeýtanyň abraýyna esaslanýan bu sözler mesihilik ýygnaklarynyň hemmesinde ýaňlanýar, şonuň üçin ony adamlaryň köpüsi ilkinji ata - enemiz ýaly, olary höwes bilen kabul edýärler. Hudaýyň: “Günä eden adam ölmelidir” (Ezekiýel 18:20) diýen hökümi ýoýulan görnüşde: “Giinä eden adam ölmeýär-de, ebedi ýaşaýar” diýlen görnüşde görkezilýär. Adamlaryň şeýtanyň sözlerine şeýle köre - körlük bilen garaýandyklaryna we Rebbiň sözlerine telim ynamsyzlyk görkezýändiklerine biz diňe haýran bolup bileris. BG 435.4

Eger günä edenden soň, ynsan ýaşaýyş agajynyň ýanyna goýberilen bolsa, onda ol ebedi ýaşardy-da, günäde ebedileşdirilerdi. Emma ýalynly gylyjy bolan kerub ýaşaýayş agajyna barýan ýoly goramak üçin goýuldy (Gelip çykyş 3:24 serediň). Adam atanyň maşgalasynyň ýekeje agzasynada, şol çäkden geçip, ýaşaýyş berýän miwä galtaşmaga rugsat edilen däldir. BG 436.1

Ýöne şeýtan öz perişdelerine adamlary ynsanyň tebigy ölümsizligine ynandyrmagy buýruk berdi. Mundan soň, olar hemmeleri günäkäriň dowzahyň ebedi azabyna duçar edilendigine ynandyryp bildiler. Häzir garaňkylygyň patyşasy öz ýaranlarynyň üsti bilen hereket edip, Hudaýy ar alyjy zalym hökmünde görkezýär-de, Onuň Özüne ýaramaýanlaryň hemmesini otly köle zyňýandygyny, şeýle etmek bilen hemmeleri Öz gazabyndan ýaňa ebedi azap çekmäge mejbur edýändigini aýdýar. Günäkärleriň sönmez otda çekerden çökder gelýän azaby çekmesinifi Ýaradana lezzet berýändigini aýdýar. BG 436.2

Bu beýik duşman Ýaradany - bütin adamzadyň Ýalkaýjysyny - öz häsiýetlerinde görkezmäge çalyşýar. Zalymlyk - bu şeýtanyň häsiýetidir. Hudaý söýgüdir, şol sebäpli-de, birinji beýik gozgalaňçy dünýä günä tohumyny ekmezden öň, Hudaýyň ýaradan zatlary päkdi, mukaddesdi hem ajaýypdy. Adamy günä etmeklige itekleýän, soňam, eger başartsa, ony heläk edýän duşman - bu şeýtandyr. Ol adamy gurşap almak bilen özüniň weýran edijilikli aldaw işini dowam etdirýär. Öz pidalarynyň ölümi şeýtana näçe diýseň şatlyk getirýär! Eger erkinde bolan bolsa. ol tutuş adam neslini öz duzagyna çekerdi. Eger Hudaý goşulmadyk bolsa, onda Adam atanyň neslinden ýekejesem, gutulmaga umytly bolmazdy. BG 436.3

llkinji ene - atamyzyň Yaradana bolan ynamyny üzmek we olary Onuň akyldarlykly dolandyryşyna hem kararlarynyň adalatlydygyna şübhelenmäge mejbur etmek bilen öz wagtynda aldaýşy ýaly, şeýtan bu günem, şu usul bilen adamlary ýeňmäge dyrjaşýar. Şeýtan bilen onuň ýaranlary özleriniň gazabyny hem tabyn bolmazlgyny aklajak, Hudaýy özlerinden-de beter keşpde görkezýärler. Beýik ýalançy özüne mahsus bolan zalymlykda biziň Gökdäki Atamyzy aýyplamaga çalyşýar. Ol özüni diňe şunuň ýaly adalatsyz hökümdara tabyn bolmandygy üçin gökden kowlan pida, görgüli edip görkezmäge dyrjaşýar. Şeýtan özüniň - talap etmezekden gelen ýumşak, gazaply kanunlary bolan Ýehowa asla meňzemeýän hökümdaryň - hökiimdarlygy astynda adamlaryň lezzet alyp biljek azatlygyny dünýä berýär. Şeýdip, adamlary aldamak we olary Hudaýa wepalylyk ýolundan alyp gitmek oňa başardýar. BG 436.4

Ölen günäkärleriň özleriniň ýerdäki gysga ömrüniň dowamynda eden günäleri üçin ýalnyň içinde ezýet çekip, baky gynaljakdyklary baradaky taglymat söýgi, rehimdarlyk, hatda biziň adalatlylyga düşünişimiz bilenem, nähili bir ýere sygjak zat däl. Şeýle-de bolsa, bu taglymat hemme ýerde wagyz edilip, köp ýygnaklaryň ynam nyşanyna girýär. Ylahyýetiň bir bilimli düşünjeli doktory: “Dowzahda gynalýanlaryň tomaşasy dogrularyň ebedi bagtyny has-da giiýçlendirýär. Olar ol ýerde özlerine meňzeşleri, özleriniňki ýaly tebigatlylary we özlerinki ýaly şertlerde doglanlary şeýle gözgyny ýagdaýda, özlerini bolsa şeýle hormatly ýagdaýda görenlerinde, bu olara özleriniň näderejede bagtlydyklaryna düşünmäge kömek eder” diýýär. Başga bir ylanyýetçi: “Ýazgaryjy höküm gazap gabynyň üstünde ebedi berjaý boldugyça, olaryň görgi tüssesi bu gözgyny jandarlaryň tarapyna geçmegiň deregine: “Omyn, Haleluýa, şöhrat Saňa, ýa Reb!” diýjekleriň rehimdarlyk gaplarynyň gözleriniň öňünde ebedi asmana galar durar. BG 437.1

Mukaddes Ýazgynyň niresinde şunuň ýally taglymaty tapyp bolýar? Gökdäki halas edilenler bar nebsiagyryjylyk hem duýgudaşlyyk, hatda ýönekeý ynsanperwerlik duýgusyndanam, beýle mahrum edilermikä? Ýa-da bu duýgularyň deregine gaýduwsyzlaryň sowuk - salalygy hem ýabanylaryň zalymlygy gelermikä? Ýok, ýene bir gezek ýok, Hudaýyň Kitabynda muňa meňzeş zat ýok. Munuň ýaly ideýalary wagzy edýänleriň bilimli, hatda dogruçyl adam bolýan bolmagam mümkin, ýöne olar şeýtanyň mekirligi bilen aldananlardylar. Şeýtan olary Mukaddes Ýazgynyň aýdyň jümlelerini nädogry düşündirmäge meýillendirip, Mukaddes Kitapdan Halasgärimize däl-de, özüne mahsus bolan zalymlygy hem howpy tapmaga mejbur edýär. «.Öz barlygymdan ant içýärin. Muny Taňry Reb diýýär. Men erbet adamyň ölüminden dälde, onuň erbet ýolundan dönüp, diri galmagyndan hoşal bolýaryn. Dönüňl Erbet ýollaryňyzdan dönüň! Eýsem, sen näme üçin öljek, eý, ysraýyl halky?» (Ezekiýel 33:11). BG 437.2

Günäkätleriň görgüleri, Özüniň dowzah odunda saklaýanlarynyň iňňildileri hem nalalary Rebbe ýaraýar diýip çaklaýanymyzda-da, bu görgüleriň näme peýdasy bar? Şol eýmenç nala sesleriniň Tükeniksiz Söýginiň gulagyna şirin mukam bolup eşidilmegi boljak zatmy? Günäkärleriň tükeniksiz görgüleriniň Älemdäki rahatlygy hem parahatçylygy weýran edýän günäni Hudaýyň ýigrenýändigine şaýatlyk edýändigini tassyklaýarlar. O, nähili aýylganç hudaýsyzlyk! Onda Hudaýyň günä bolan ýigrenji onuň ebedileşdirilmegine sebäp bolýar-da? Eger bu ylahyýetçilere ynansaň, bagyşlanylmaga hiç hili umyt bolmadyk hemişelik görgüler ol pidalary has-da gazaplandyryp, Hudaýa dil ýetiriji sögünçleri gaharly paýradyp, hemişe özleriniň günäleriniň agramyny köpeldýärler. Tükeniksiz asyrlaryň dowamynda günäni elmydama köpeldip durmaklyk Hudaýyň şöhratlanmagyna ýardam edip bilmez. BG 437.3

Yeretik taglymatyň ebedi gynamalar baradaky taglymatynyň özi bilen alyp gelen erbetligine adam akly baha bermäge ukyply däldir. Mukaddes Kitabyň söýgüden, ýagşylykdan, aşa duýgudaşlykdan doly taglymaty ters pikirler bilen garaňkyradylyp, eýmençlik bilen reňklenilipdir. Eger şeýtanyň Rebbi nähili ýalan keşpde şekillendirýändigini hasaba alsak, onda rehimdar Ýaradyjymyzdan gorkýandyklaryna, hatda ýigrenýändiklerinede, haýran galyp oturmalymyka? Ýygnak wagyzlarynyň üsti bilen bütin dünýä ýaýraýan Hudaý barada gorky döredýän munuň ýaly düşünjeler müňlerçe, hatda millionlarça-da, şübheçilleri hem hudaýsyzlary döretdi. BG 438.1

Ebedi görgüler baradaky teoriýa - bu Babylyň, ýagny şu beýik kemçiniň ähli halklara içiren ýigrenji şerabyny düzýän ýalan taglymatlaryň biridir (Ylham 14:8; 17:2 serediň). Mesihiň gullukçylarynyň bu ýeresi kabul edip, ony ýaýratmagy, dogrudanam, syr bolup durýandyr. Olar ony ýalan sabady alyşlary ýaly, Rimden aldylar. Şunuň ýaly garaýyşlary beýik hem gowy adamlaryň wagyz edendiklerem dogry, ýöne olar akymy biziň üstümize inen nur bilen ýagtylandyrylmandylar. Olar diňe özleriniň wagtynda şöhle saçan nur üçin jogapkärçilik çekdiler; biz öz günlerimizde öwşün atýan nur üçin jogap beiýäris. Eger Hudaýyň Sözüniň şaýatlygyndan ýüz öwrüp, atalarymyzyň şeýle öwredendikleri sebäpli, ýalan taglymaty kabul etsek, onda Babyla çykarylan höküm göni bize-de çykarylan höküm bolar, sebäbi biz onuň ýigrenji şerabyndan içýäris. BG 438.2

Ebedi görgüler baradaky taglymata gaharlanan ençe adamlar garşydaş ýalňyşlyga ýüz urýarlar. Olar Mukaddes Ýazgynyň söýgüden hem rehimdarlykdan doly edip suratlandyrýanyny görýärler-de, Onuň Öz ýaradanlaryny dowzahyň ebedi odunda ýanmak üçin ýazgaryp biljegine ynanmaýarlar. Ýönejanyň öz tebigaty boýunça ölümsizdigi baradaley nukdaýnazara esaslanyp, ahyrsoňunda tutuş adamzat halas bolýar diýen netijä gelýärler. Ençeler Mukaddes Kitapdaky howplara gorkuzma ýa-da gulak asyjylyk üçin gaýratlandyrma serişdesi hökmünde garaýarlar, ýöne onuň göni manysynda berjaý boljagyna ynanmaýarlar. Netijede, günäkär Hudaýyň talaplaryny äsgermezçilik edip, günäli lezzetleriň içinde ýaşasada, barybir Rebbiň rehimine bil baglap bilýän ýaly bolup çykýar. Hudaýyň merhemetini ykrar edip, adalatyny äsgermezçilik edýän bu taglymat ten islegli adamyň göwnünden turýar-da, ony öz günäleri içinde has-da gödek hudaýsyz edýär. BG 438.3

Özleriniň heläk ediji taglymatlaryny esaslandyrjak bolup, ähliumumy gutulyşa ynanýanlaryň Mukaddes Ýazgyny ýoýýandyklaryny görkezmek üçin olaryň özleriniň aýdan sözlerine ýüzlenmek ýeterlikdir. Betbagtçylykly ýagdaýyň netijesinde ölen bir ýaş ýigidiň jaýlanyş çäresinde gullukçy - uniwersalist Yazgydan Dawuda degişli bolan: “Amnonyň ölüminden soň, ... Dawut patyşa köşeşdi (2 Şamuwel 13:39) diýen ýeri saýlady. BG 438.4

Bu ruhy çopan: “bu günäli dünýäni terk edýänlere, mysal üçin, serhoş ýagdaýda öýlänlere, eşigindäki jenaýatyň ganly tegmillerini ýuwman ölýänlere ýa-da şu ýigit ýaly, imana gelmäniň şatlygyny görmän ölýänlere nänäniň garaşýandygyny menden köp soraýarlar. Biz Ýazgynyň bu aýylganç meseläni çözüşinden doly kanagatlanýarys. Amnon ýokary derejeli günäkär adam bolupdy. Ol taba gelmedik jenaýatçydy. Ony serhoş wagtynda öldürýärler. Dawut bolsa, Hudaýyň pygamberidi. O dünýäde ogluna nämäniň - hasratyňmy ýada lezzetiň - garaşýandygy oňa belli bolan bolmalydy. Onuň ýüreginiň meýli nähilidi? “Amnonyň ölüminden soň, köp wagtyň geçmegi bilen Dawut patyşa köşeşdi, ol indi Abşalomy yzarlajak hem bolmadý\ BG 439.1

Bu sözlerden nähili netije çykarmak bolar? Eýsem, Dawudyň tükeniksiz görgülere ynanmandygy görnüp duranokmy? Bu göze görnüp dur, şonuň üçin biz bu ýerde has köşeşdiriji, has aňly - bilimli hem rehimli ylmy çaklamanyň ýagty hem nurly tassyklamasyny tapýarys. Şol ylmy çaklama laýyklykda, ahyrsoňy bütin Älemde parahatçylyk bilen arassaçylyk höküm sürer. Ol öz BG 439.2

oglunyň ölenini görübem, köşeşdi. Bu nädip beýle bolup biler? Näme üçin? Sebäbi Dawut pygamberlik nazarynda öz oglunyň ähli synaglardan saplanandygyny, günäniň gulçulygyndan hem onuň çüýrediji täsirinden azat bolandygyny, ýeterlik derejede mukaddes hem nurlandyrylan bolup, göge galýan hem şatlanýan ruhlaryň jemgyýetine goýberilendigini gördi. Onuň ýeke - täk tesellisi öz söýgüli oglunyň günäniň hem görgüleriň ygtyýaryndan saplanyp, özüni Mukaddes Ruhuň ösdürjek hem garaňky janyny beýgeltjek, akyl üçin gögüň paýhasynyň we ölümsiz söýginiň süýji begenjiniň açyljak ýerindediginden, şeýle usul bilen onuň mukaddes edilen tebigatynyň rahatlykdan lezzet alyp, gökdäki watanynda şatlanjagyndan ybaratdy. BG 439.3

Şeýdip, gökdäki gutulyşyň biziň bu durmuşdaky eden günälerimize bagly däldigi, onuň ýürekdäki özgerişlere, häzirki imana, haýsydyr bir dini yglan etmeklige bagly däldigi bize düşnükli bolýar”. BG 439.4

Şeýlelikde, Mesihiň ýalan mugallymy bir wagtlar ýylanyň Erem bagynda: “Ýok, ýok! Ölmersiňiz. Şol agajyň miwesinden dadan günüňiz, ... siziň gözüňiz açylyp, ... hudaýlar kimin bolarsyňyz” diýip aýdan ýalan sözlerini gaýtalady. Şeýtan barypýatan günäkärleriň - ganhorlaryň, synahorlaryň hem talaňçylaryň—öz ölüminden soň, eşretli ölümsizligi miras alyp bilýändiklerini aýdýar. BG 439.5

Mukaddes Ýazgyny beýle ýoýan ruhy çopan nämä esaslandyka? Dawudyň Gudratygüýçliniň islegine tabyn bolýan ýeke—täk jümlesine. “Amnonyň ölüminden soň, köp wagtyň geçmegi bilen Dawut patyşa köşeşdi, ol indi Abşalomy yzarlajak hem bolmady” (2 Şamuwel 13:39). Wagt agyrynyň hem ýitginiň ýitiligini ýumşatdy, şonuň üçin Dawudyň pikirleri ölen oglundan sowlup, eden jenaýaty üçin adalatly jezanyň öňiinde sandyraýan diri ogluna gönükdi. Bu öz uýasyny zorlan serhoş Amnonyň ölümden soň, eşretli ýere barandygynyň, ol ýerde arassalanyp hem aklanyp, günäsiz perişdeleriň maşgala agzasy bolandygynyň subutnamasy hökmünde öňe sürülýär! Wah, elbetde, bu ten höwesli ýürege lezzet berýän örän şirin toslamadyr. Bu şeýtanyň özüniň toslamasydyr, ol öz miwesini getirer. Eger adamlara şeýle öwredýän bolsalar, onda günä bilen nogsanlygyň gülläp ösýändigine haýran galyp bolarmy? BG 439.6

Bu ýalan mugallyma ruh boýunça ýakyn bolanlaryň köpüsi edil onuň hereket edişi ýaly hereket edýärler. Mukaddes Ýazgydan birnäçe sözi alýarlar-da, ony kontekstinden bölüp aýyrýarlar. Şonda bölünip alnan sözleriň konteksti özüne degişli edilýän düşündirişden düýbünden başgaça manyny berýär. Şeýdip, hiç zat bilen baglanyşykly bolmadyk parçalary ýoýýarlar-da, olary Hudaýyň Sözünde hiç hili esasy bolmadyk taglymatlary tassyklamak üçin ulanýarlar. Serhoş Amnonyň jennetdedigini subut etmäge çalşylýan şaýatlyklar Mukaddes Kitabyň arakhorlaryň Hudaýyň Patyşalygyny miras almaýandygy (1 Korintoslylar 6:10) baradaky kesgitli hem gürrüňsiz tassyklamasyna garşy bolýan adam çaklamasydyr. Ine, şeýle etmek bilen müňkürler, şübhelenýän imansyzlaryň hemmesi hakykaty ýalana öwürýärler. Ençeler, örän köp adamlar şunuň ýaly akyldarlyk bilen aldanyp, özlerine hiç zadyň howp salmaýandygy baradaky pikirleriň rahatlandyrmasy bilen uklap ýatyrlar. BG 440.1

Eger ölümden soň, adamlaryň hemmesi derrew jennete düşseler, onda biz ölümi ýaşaýyşdan köpräk islärdik. Bu ýalňyş pikir köpleri öz janyna kast edip ölme kararyna alyp bardy. Hasrat, kynçylyklar hem sustupeslik zerarly juda keýpsiz ýörkäk, özümiziň ömür tanapymyzy üzüp, ebedi bagt dünýäsine geçmeklik diýseň özüne çekiji hem aňsat bolup görünýär. BG 440.2

Reb Öz Sözünde Özüniň Kanunyny bozanlaryň jezalandyrylandygyna inkär edip bolmajak subutnamalary getirdi. Özüni günäkäre mynasyp bolan jezasyny bererden Rebbiň juda rehimdardygy baradaky pikir bilen köşeşdirýänler goý, Golgota haçyna seretsin. Hudaýyň bigünä Oglunyň ölümi “günäniň muzdunyň ölümdigine”, Hudaýyň Kanunyny bozmaklygyň öz yzy bilen adalatly jezany hem alyp gelmelidigine şaýatlyk edýär. Günäsiz Mesih biziň üçin günäkär boldy. Ol kanunsyzlyk üçin günäni Öz üstüne aldy, şonuň üçin Atasy Ondan ýüzüni öwürdi. Onuň ýüregi muňa çydam etmedide, Ol öldi. Bu beýik Gurbanlyk günäkärleriň halas edilmegi üçin getirildi. Adam başga hiç ýol bilenem, günäniň jezasyndan azat bolmany alyp bilmedi. Şunuň ýaly gymmat baha bilen gazanylan ýaraşma gatnaşmakdan boýun towlaýan her bir jan günäsi üçin ýazygy hem jezany özi çekmeli bolar. BG 440.3

Gullukçy - uniwersalistiň mukaddes perişdeler bilen bilelikde gökde ýerleşdiren hudaýsyzlary hem toba gelmedik günäkärleri hakda Mukaddes Kitabyň ýene näme diýýändigine seredeliň. BG 441.1

Men suwsana ýaşaýyş suwunyň çeşmesinden mugt suw bererin” Bu wada diňe suwsaýanlara degişlidir. Diňe ýaşaýyş suwuna bolan mätäçligi duýýanlar we galan zatlaryň hemmesini unudyp, şol ýaşaýşy gözleýänler ony alarlar. “Yeňen, ine, bulary miras alar. Men onuň Hudaýy; ol-da Meniň oglum bolar” (Ylham 21:6, 7). Biziň görşümiz ýaly, bu ýerde şertler bellenilipdir: hemme zady miras almak üçin biz günä garşy göreşip, ony ýeňmelidiris. BG 441.2

Reb Işaýa pygamberiň üsti bilen: BG 441.3

Dogrulara aýdyň, ýagşylyk görerler olar, çünki öz işleriniň miwesini iýerler. BG 441.4

Pisleriň dat gününe! BG 441.5

Betbagtçylyk iner olaryň başyna, elleri bilen edenlerini eginleri bilen çekerler” (Işaýa 3:10-11) diýýär. Akyldar Süleýman: “Günäkär ýüz gezekýamanlyk edip, ömrüni uzaldýan bolsa hem, men ýene Hudaýdan gorkýanlaryň gowulyk görjekdigini bilýärin, çünki olar Onuň huzurynda gorkýarlar. Emma pis adam gowulyk görmez, kölegäniň uzalyşy ýaly onuň ömri uzalmaz, çünki ol Hudaýyň huzurynda gorkýan däldir” (Wagyz kitaby 8:12-13) diýýär. Pawlus şaýatlyk edip: “Sen keçjallygyňa, toba gelmezýüregiňe görä, gazap güni üçin Hudaýyň adyl hökiiminiň aýan boljak güni üçin, özüňe gazap ýygnaýarsyň. Hudaý her kişä öz eden işine görä hak berer”, “ýamanlyk eden her adama muşakgat we gaýgydyr” (Rimliler 2:56, 9) diýýär. BG 441.6

Şuny bilip goýuň, hiç bir ahlaksyzyň, hapanyň ýa-da butparaz açgözüň Mesihiň we Hudaýyň Patyşalygynda mirasy ýokdur” (Efesliler 5:5). “Hemmeler bilen parahatçylykda ýaşamak, mukaddes bolmak üçin tagalla ediň. Mukaddes bolman, hiç kim Rebbi görüp bilmez” (Ýewreýler 12:14). “Ýaşaýyş agajyndan iýmitlenme hakyny almak, derwezelerden geçip, şähere girmek üçin, Onuň tabşyryklaryny berjaý edenler bagtlydyr! Itler, ýagny jadygöýler, zynagärler, ganhorlar, butparazlar, ýalany söýüp, işlerini ýalan bilen ýöredenleriň bary daşarda galar” (Ylham 22:14-15). BG 441.7

Hudaý adama Öz häsiýetini, şeýle hem, günä bolan garaýşyny açdy: BG 441.8

Men Rebdirin, Rebdirin,
Rehimli we merhemetli Hudaýdyryn.
Men giňgöwünli,
Tükeniksiz söýgüden doly we wepalydyryn.
Müňlerçe nesillere baky söýgimi görkezerin.
Etmişi, ýazygy we günäni bagyşlaýaryn.
Yöne günälini jezasyz hem goýmaýaryn.
Atalarynyň etmişiniň jezasyny çagalaryna,
Olaryň çagalarynyň çagalaryna,
BG 441.9

Olaryň üçünji we dördünji arkasyna çekdirerin” (Müsürden çykyş 34:67). “Reb Özüni söýýänleriň ählisini gorar, ähli erbetleri bolsa heläk eder” (Zebur 145:20). “Jenaýatçylar bolsa bilelikde ýok ediler; erbetleriň soňy kesilip taşlanmakdyr” (Zebur 37:38). Reb gozgalaňyň soňuna çykmak üçin Öz ygtyýaryny hem güýjüni ulanar. Şeýle-de bolsa, Hudaýyň rehimdar, sabyrly, dugudaş häsiýetine jogap berýän sudlaryň hemmesi adalatly bolar. BG 442.1

Reb hiç kimi mejbur etmeýär, hiç kimiň erkini basyp ýatyrmaýar. Gulçulyk tabynlygy Hudaýa lezzet bermeýär. Ol Öz eliniň ýaradanlarynyň Özüni söýmegini isleýär, sebäbi Hudaý söýgä mynasypdyr. Ol adamlaryň Özüne meýletin gulak asmaklaryny isleýär, sebäbi olara Hudaýyň akyldarlygyny, adalatyny we ýagşylygyny bilmeklik berlendir. Şonuň üçin Hudaý hakda dogry düşünjesi bolan adamlar Onuň häsiýetine haýran galyp, Ony söýerler hem Oňa ýapyşarlar. BG 442.2

Halasgäriň Öz göreldesi bilen bize öwreden ýagşylyk, rehimdarlyk we söýgi prinsipleri Hudaýyň tebigatyny aňry ýany bilen takyk beýan edýär. Mesih Öz Atasytndan alan zadyndan başga hiç zady öwretmeýändigini aýtdy. Hudaýyň dolandyryşynyň prinsipleri Halasgäriň: “Duşmanyňyzy söýüň” diýen tabşyrygy bilen kämil sazlaşykda bolýandyr. Hudaý näletkerdelerole-de, Öz adalatyny görkezýär. muny bütin Älemiň bähbidi, Onuň sudunyň öz üstüne barjaklarynyň hatyrasyna edýär. Reb olary Hudaýyň kanunlaryna hem adalatyna laýyklykda bagtly etmek isledi. Hudaý olary Öz söýgüsiniň alamatlary bilen gurşap alýar. 01 olara ÖzKanunyny bilmekligi sowgat berýär we rehimdarlygyny olaryň üstlerinden guýýar, ýöne olar Onuň söýgüsini ýigrenýärler we Kanuny bilen rehimdarlygynyň üstünde ülýärler. Olar Hudaýdan hemişe sowgatlary kabul edip, ähli abadançylyklary Berijini biabraý edýärler. Olar Hudaýy ýigrenýärler, sebäbi Onuň özleriniň günäsini ýigrenýändigini bilýärler. Reb olaryň kejirligine sabyrlylyk bilen garaýar, ýöne ahyrsoňunda olaryň ykbalynyň çözüljek pursatam geler. Hudaý gozgalaňçylary güýç bilen Öz tarapyna çekermi? Ol olaiy Öz erkini ýerine ýetirmäge mejbur edermi? BG 442.3

Şeýtany öz serdary hökmünde saýlanlar we onuň gol astynda bolýanlar Hudaýyň öňünde durmaga taýýar däldirler. Olarda tekepbirlik, aldaw, azgynçylyk hem zalymlyk möhüri durandyr. Eýsem, olar göge baryp, özleriniň bu ýerde ýigrenen Kişisiniň ýanynda bolup bilerlermi? Ýalançy hiç haçan hakykaty kabul etmez; pes göwünlilik özüne göwniýetme we tekepbirlik bilen bir ýerde, arassalyk azgynçylyk bilen bir ýerde, päk söýgi egoizm bilen bir ýerde bolup bilmez. Öztiniň ýerdäki öz bähbidini araýan gyzyklanmalary bilen durşuna başagaý bolanlara nähili şatlyk garaşyp biler? BG 442.4

Bar ömrüni Hudaýa garşy gozgalaň turuzmaklyga bagyş edenler birden Göge baryp, beýik hem mukaddes kämilligi görüp bilermi, her bir janyň şatlykdan ýaňa öwşün atýan ýerine, her ýiize söýginiň ýazylan ýerine, Hudaý bilen Guzyny yzyny üzmän şöhratlandyrýan sazyň ýaňlanýan ýerine, tagtda Oturanyň ýüzünden yzy üzülmän nur akymlarynyň çykyp, halas edilenleriň üstüne gonýan ýerine baryp bilermi; ýürekleri Hudaýa, hakykata we mukaddeslige bolan ýigrençden doly bolanlar bu mukaddes zatlar bilen gatnaşykda bolup, olar bilen bilelikde öwgi aýdymyny aýdyp bilerlermi? Eýsem, olar Hudaýyň hem Guzynň şöhratyna çydam edip bilerlermi? Ýok, ýene bir gezek ýok; olara gök üçin özleriniň häsiýetini formulirlemeklige tutuş ýyllar synag möhleti berildi, ýöne olar özlerine arassalygy söýmegi öwretmediler. Olar, şeýdip, gögüň diline düşünip bilmediler, indi bolsa, juda giç boldy. Gozgalaňa bagyş edilen durmuş olary göge ýaramsyz etdi. Onuň arassalygy, mukaddesligi hem asudalygy olar üçin gynama, Hudaýyň şöhraty bolsa, iýiji ot bolardy. Olar bu zatlaryň hemmesine döz gelip bilmezdiler, şonuň üçin olarda bir isleg, ýagny bu mukaddes ýerden gaçma islegi bolardy. Olar özlerini halas etmek üçin ölen Halasgäriň gözlerinden gizlenmek üçin ölmegi-de, gowy görerdiler. Hudaýsyzlaryň ykbalyny olaryň öz saýlawy çözer. Olar özlerini gökden meýletin mahrum etdiler. Hudaý bolsa, olary özleriniň çydap bilmejek ýerine girizmän, öňküleri ýaly, adalatlylygyna hem rehimdarlygyna galýar. BG 442.5

Suw basmasy ýaly, beýik otly gün kanunsyzlyga Hudaýyň hökümi bolar. Günäkärler Hudaýyň ygtyýarynatabyn bolmaga hiç hili isleg bildirmediler. Olaryň islegi tolgunyşyklarda aýan boldy, şonuň üçin ýaşaýyş gutaranda, pikirleriň gidişini üýtgetmek eýýäm müçmkin däl bolýar. Kanunsyzlykdan tabynlyga, ýigrençden söýgä tarap öwrülmäge juda giç bolýar. BG 443.1

Ganhor Kabyla rehim etmek bilen Hudaý günäkäre ebedi ýaşamaga we islän zadyny etmäge rugsat bermekligiň nämä alyp barjakdygyny dünýä görkezdi. Kabyl öz täsiri hem göreldesi bilen öz nesilleriniň köpüsini günä alyp gitdi. Şeýdip, ahyrsoňunda “Hudaýyň nazarynda ýer ýüzi azgynçylykdan we zulumdan doldy” (Gelip çykyş 6:11) we uolaryň kalhyndaky oý-pikirleri we niýetleri hemişe pislikden doludý’ (5 aýat). BG 443.2

Hudaý dünýä bolan ýüregi awama duýgusy zerarly, Nuhuň günlerinde ýeriň ýüzünden adamlary ýok etdi. Ol edil şu meýil bilen Sodomyň azgyn ýaşaýjylaryny gyrdy. Aldawyň mekir ussatlygynyňtäsiri astyndanädogrulyk edýänler halkyň duýgudaşlygyndan hem goldawyndan peýdalanýarlar hem-de şeýle etmek bilen hemişe başgalary-da, gozgalaňa çekýärler. Kabylyň we Nuhuň günlerinde-de, Ybraýym bilen Lutuň döwründe-de, şeýle bolupdy, biziň günlerimzdede şeýle bolýar. Hudaý bütin Äleme ýüregi awaýandygy üçin ahyrsoňunda, Öz merhemetini inkär edýänleriň hemmesini hemişelik ýok eder. BG 443.3

Sebäbi günäniň muzdy ölüm, Hudaýyň sylagy holsa, Rehhimiz Mesih Isada ehedi ýaşaýyşdyr” (Rimliler 6:23). Dogrular üçin ýaşaýyş miras bolanda, ölüm hudaýsyzlaryň ykbaly bolýar. Musa Ysraýyla: “Ine, bu gün men siziň öňüňizde ýaşaýyş we ýagşylyk, ölüm we ýamanlyk goýýaryn” (Kanun taglymaty 30:15) diýdi. Bu ýerde gürrüňi edilýän ölüm Adam atanyň başyndan inen ölüm däldir, sebäbi adam öz günäleri üçin muzd alýar. Bu ýerde ebedi ýaşaýşa garşy goýulýan “ikinji ölüm” hakda gürrüň edilýär. BG 443.4

Adam atanyň günäsiniň netijesinde tutuş adamzat nesli ölümiň gol astyna düşdi. Hemmeler deň derejede gabyra girýärler. Yöne başga bir tarapdan gutulyş plany gabyrdan halas bolmany teklip edýär. “hem dogrularyň, hem egrileriň ölümden direlmegi” (Resullaryň işleri 24:15) bolar. “Çünki Adam ata bagly bolup, hemmäniň ölşi ýaly, Mesihe bagly bolup hem hemmeler ýaşaýşa ýeler” (1 Korintoslylar 15:22). Ýöne ölümden direlenleriň bu iki toparynyň arasynda serhet geçirilendir. “Muňa geň galmaň, çünki gabyrdakylaryň hemmesiniň Onuň sesini eşitjek wagtlary geler. Haýyr iş edenler ýaşamak üçin, şer iş edenler bolsa höküm üçin direler” (Ýahýa 5:28-29). “Ilkinji direlişde paýy bolan bagtly, mukaddesdir Ikinji ölümiň olara güýji ýetmez” (Ylham 20:6). Ýöne toba etme hem iman arkaly bagyşlanma almadyklar kanunsyzlyklary üçin jezasyny çekmelidirler - “günäniň muzduny” tölemelidirler. Olar öz hereketleriniň dowamlylygyna we agyrlygyna baglylykda dürli jezalary çekerler, soň ikinji ölüm üstlerinden iner. Özüniň adalatlylyk we rehimdarlyk prinsplerine görä günäkäri günäsi içinde halas edip bilmeýändigi sebäpli, Hudaý ony ýaşaýyşdan mahrum edýär. Günäkär ýaşaýyş hukugyny özi ýitirdi we öz işleri bilen oňa mynasyp däldigini subut etdi. Ruhlandyrtylan ýazyjy: “Ýene az-kem sabyr et, erbet ýok bolar. Hawa, onuň ýerine seredersiň, ol ýokdur“. “...hiç wagt bolmadyk ýaly bolarlar” (Zebur 36:10; Abadýa 16). Biabraýçylyk hem masgaraçylyk bilen gurşalan ol adamlarebedi unudylma berler. BG 444.1

Hasraty hem görgüleri bilen bilelikde günäniň soňuna şeýle çykylar. Mezmurçy: “Sen milletlere käýediň, erbetleri berbat etdiň; olaryň atiaryny mydamlyk, ebedilik öçürdiň. Duşmanlar weýran bolup, müdümilik tükendi; köklerini ýolan şäherleriň ýatlamalary bilen ýok boldý” (Zebur 9:5-6) diýýär. Ýahýa bakyýete seredende, älemiň öwgi senasyny eşidýär, ol senada sazlaşygyň bozulmasy ýokdy. Bütin ýaradylyş, ýerdäki hem gökdäki ähli zatlar Hudaýa şöhrat aýdýardylar (Ylham 5:13 serediň). Bu wagtda ol ýerde Rebbe dil ýetirip biläýjek ölüme barýan ýekeje janam bolmaýar. Dowzahyň odunda towlanýan ejir çekijileriň nalalary halas bolanlaryň senalary bilen goşulyşmaz. Tebigy ölümsizlik baradaky taglymat ebedi görgi baradaky düşünje ýaly, ölümden soňky aňly ýagdaý hakdaky düşünjäni döretdi. Bu Mukaddes Kitabyň taglymatyna, sagdyn pikire we biziň ynsanperwerlik duýgymyza garşy çykýar. Meşhur taglymata laýyklykda, gökdäki halas edilenler ýerde bolup geçýän zatlaryň hemmesini, ylaýtada, goýup gaýdan dostlarynyň hem ýakynlarynyň durmuşyny synlaýarlar. Ýöne gökdäki halas bolanlar öz ýakynlarynyň agyr ýagdaýlaryny synlap, olaryň edýän günälerini görüp, olaryň gaýgysyny, sustupesligini hem hasratlaryny görüp, özlerini nädip bagtly duýup bilerler? Bu zatlaryň hemmesini görensoň olar, nädip, özlerini bagtly hasaplap bilerler. Toba gelmedik janyň tenden çykan badyna, dowzahyň oduna düşýändigi baradaky taglymat nähili ýigrenji! Öz dostlarynyň ölüme taýýarlanmandygyny, şol sebäpdenem, olara günäleri üçin ebedi görginiň, ölümiň garaşýandygyny görýänler kalbyň nähili janhowly ýagdaýyny duýarlar. Ýüregiňi gyýyjy bu pikir sebäpli, köpler aklyndan azaşdy. BG 444.2

Bu meseleler babatda Ýazgy näme diýýär? Dawut ölümden soň, adamyň aňyny ýitirýändigini aýdýar. “Onuh ruhy çykyp, özi topraga öwrülip, niýetleri şol günüň özünde puja çykar” (Zebur 146:4). Süleýmanam, bu pikiri tassyklaýar: “Olaryň söýgüsi, ýigrenji we gabanjaňlygy eýýäm ýok bolandyr. Ölüler günüň astynda bolup geçýän ähli zatlara goşulyp bilmezler“. “Eliň etmäge name tapsa, ony bar güýjüň bilen et; çünki seniň barýan ölüler diýarymda ne iş, ne düşünje, ne bilim, ne-de danalyk bolar” (Wagyz kitaby 9:6, 10). BG 445.1

Ezekiýanyň dogasyna jogap hökmünde onuň ömri ýene on bäş ýyl uzaldylanda, minnetdar bolan patyşa beýik rehimi üçin öwgüler aýtdy. BG 445.2

Çünki ölüler dünýäsi Saňa şilkür etmez,
ölüm Saňa öwgüler aýtmaz,
Seniň wepalylygyňa
umyt baglap bilmezler
gabyra inýänler.
Bu gün meniň edişim ýaly,
diriler, diňe diriler
BG 445.3

Saňa şükür edýärler” (Işaýa 38:18-19). Meşhur teologiýa ölen dogry adamy eşretli mekanlarda ölümsiz dil bilen gökde Hudaýy ebedi şöhratlandyrýan ýaly edip görkezýär, ýöne Ezekiýa ölümde munuň ýaly ýalkymly perspektiwany görüp bilmedi. Onuň sözlerine mezmurçynyň: “Ölümde Seni ýatlama ýokdur; ölüler diýaiynda Saňa kim şükür eder?”. “Rebbi ölüler, gabra girýänleriň hemmesi öwmezler” diýen sözleri-de şaýatlyk edýär. BG 445.4

Petrus Pentikost gününde: “atamyz Dawut hakda size açygymy sözlesem, ol öldi, jaýlandy, mazary bolsa şu güne çenli aramyzda dur”. “Çünki Dawmt Göge çykanok” (Resullaryň işleri 2:29, 34) diýdi. Dawut mazarda ýatyr, bu bolsa, dogry adamlaryň ölümden soň, göge barmaýandyklaryna şaýatlyk edýär. Diňe ölümden direlende we Mesihiň ölümden direlendiiginiň arkasyndan Dawut ahyrsoňunda, Hudaýyň sag tarapynda oturyp biler. BG 445.5

Pawlus: “Çünki ölüler direlmeýän bolsa, Mesih hem direlen däldir Mesih direhnedik bolsa, onda siziň imanyňyz hem puç bolup, siz entek öz günäleriňiziň içindesiňiz. Şeýle hem Mesihde imanly bolup ölenlerde heläk bolandyr” (1 Korintoslylar 15:16-18) diýýär. Eger dört müň ýylyň dowamynda dogry adamlar göge giden bolsalar, onda Pawlus, eger ölümden direlme ýok bolsa, Mesihde bolup ölenleriň heläk bolandyklaryny nädip aýdyp bilýär? Onda ölümden direlme-de gerek bolmazdy. BG 445.6

Görgi gören Tindal öliileriň ýagdaýy hakda şeýle diýipdir: “Men olaryň Mesihiň we Hudaýyň saýlanan perişdeleriniň bolýan doly şöhratynda bolýandyklaryna ynanmaýandygymy açyk boýun alýaryn. Meniň imanym munuň bilen ylalaşmaýar, sebäbi eger bu şeýle bolan bolsa, tende ölümden direlme baradaky wagyz biderek bolardy”. BG 446.1

Ölümsizlige bolan umydyň ölümden direlme baradaky Mukaddes Kitap taglymatyny ählumumy äsgermezçilik etmäge alyp barandygyna garşy çykmak mümkin däl. Bu meýil: “Ölümden direlme baradaky taglymat häzirki döwürdäkä seredeniňde, ilkinji mesihilerde has uly iins berilmeden peýdalandy! Näme üçin beýle bolduka? Resullar hemişe bu taglymatyň üstünde durup geçdiler we onuň kömegi bilen Rebbiň yzyna eýerenleri ruhlandyrdylar, goldadylar we olaryň imanyny berkitdiler. Olar bizi döwrümizdäki yzyna eýerijileri ölümden direlme hakda örän seýrek ýatlaýarlar. Ilkinji mesihiler ölümden direlişe bu barada resullar nähili güýç bilen wagyz eden bolsalar, şonuň ýaly güýç bilenem iman etdiler. Biziň nähili wagyz edýändigimiz bolsa, diňleýjiIerimiziň muňa nähili ynanýandyklaryndan görnüp durandyr. Hoş Habarlarda ölümden direlme habaryna iň ýiti üns berilýär başga hiç zadam onuň äsgermezçilik edilişi ýaly edilmeýär” diýip aýdan Adam Klark tarapyndanam bellenilipdir. BG 446.2

Ölümden direlme baradaky şöhratly hakykat doly diýen ýaly garaňkylykda gizlendi diýen ýaly bolýança we mesihilik dünýäsi ony ýitirer ýagdaýa barýança, şunuň ýaly ýagdaý dowam etdi. Bir nieşhur dini ýazyjylaryň biri resul Pawlusyň (1 Selanikliler 4:13-18) sözlerini teswirlände: “Teselliniň we oňaýlylygyň praktiki maksatlarynda dogrularyň eşretli ölümsizligi baradaky taglymat Rebbiň Ikinji gezek geljegi baradaky her hili şübheli taglymaty aňymyzdan gysyp çykarýar. Ölenimizden soň, Reb biziň yzymyzdan gelýär. Biz hut şuňa-da garaşýarys we muňa umyt baglaýarys. Ölenler eýýäm şöhrata girdiler. Olar sud hem ebedi bagtlylyk barada habar berjek surnaý seslerine garaşmaýarlar” diýýär. BG 446.3

YönelsaÖzşägirtleriniňýanlaryndan gitmekçi bolanda, Ol şägirtleriň tizara Öz ýanyna barjakdyklaryny aýtmady. 01: “Gidip ýer taýýarlanymdan soň, siziň hem Öz ýanymda bolmagyňyz üçin ýene gelip, sizi Özüm bilen alyp giderin” (Yahýa 14:3) diýdi. Mundan soň, Pawlus: “Çünki Rebbiň Özi emirli gygyryş bilen, baş perişdäniň sesi bilen, Hudaýyň surnaýy bilen Gökden iner, şeýlelikde, ilki bilen Mesihe degişli ölüler direler. Ondan soňra biz, galan diriler olar bilen bile Rebbi howada garşylamak üçin, bulutlar içinde alnyp göterileris. Şeýlelikde, elmydama Reb bilen bile bolarys” diýýär. Soň ol: “Ine, şu sözler bilen biri-biriňize göwünlik beriň” diýip, sözüniň üstüni ýetirýär. Bu teselli sözleri biziň ozal uniwersialist Ýygnagyň ýygnak gullukçysynyň wazyndan getiren parçamyza nähili çapraz gelýär! Soňky özüniň hasratdan ýaňa çöken dostlaryny hiç hili günälere garamazdan, ölüleriň göge, perişdeleriň jemgyýetine kabul ediljekdigini aýtmak bilen köşeşdirýär. Pawlus doganlaryna Mesihiň geljekdäki gelmesini, şonda mazar gandallarynyň gyryljak we “Mesihe degişli bolan ölüleriň’ebedi ýaşaýyş üçin direljek wagtyny görkezýär. BG 446.4

Adam eşretli mekana girmezden öň, onuň durmuşy hem häsiýeti ürç edilip öwrenilmelidir; her bir adamyň işi Hudaý tarapyndan barlanylmalydyr. Hemmeler kitaplardaky ýazgylara laýyklykda sud edilip, öz işleri boýunça baýragyny alar. Resul Pawlusyň: ‘“Çiinki Hudaý bir güni belledi. Ol Öz saýlan Adamy arkaly dünýäniň üstünden şol günde adyl höküm çykarar. Hudaý bu Adamy ölümden direltmek bilen, hemmelere subutnama berdi” (Resullaryň işleri 17:31) diýen sözlerine üns beriň. Bu ýerde resul dünýäniň üstünden sud etmek üçin bellenilen geljekki kesgitli wagt hakda göni gürrüň edýär. BG 447.1

Yahuda-da, şu wagta salgylanýar: “01 öz mertebelerini saklaman, mesgenlerini terk eden perişdeleri hem ebedi zynjyrlar bilen baglap, tümlük astynda magşar günüň hökümine saklady” Mundan soň, ol Hangyň sözlerini getirýär: “hemmeleriň üstünden höküm çykarmaga... Reb, ine, miiňlerçe mukaddesi bilen geldi” (Ýahuda 6, 15). Ýahýa: “Tagiyň öňünde duran uly, kiçi ölüleri gördüm. Onsoň käbir kitaplar açyldy... Kitaplarda ýazylanlara seredilip, ölüleryň üstünden edenlerine görä höküm çykaryldy” (Ylham 20:12). BG 447.2

Eger käbir adamlar eýýäm gökde şatlanyp ýören bolsalar, beýlekilerem, dowzahda görgi görýän bolsalar, onda geljekki sud nämä gerek? Hudaýyň Sözüniň bu wajyp meseleler babatdaky taglymaty takyk hem aýdyňdyr, şonuň üçin oňa iň ýönekeý adamlaram düşünip bilýärler. Ýöne salykatly hem pikirlenýän adam bu diýseň giň ýaýran teoriýada adalatly hem paýhasly nämäni tapyp bilerler? Eger dogry adamlar, belki-de, uzak asyrlaryň dowamyndan bäri bolýan bolmagam mümkin, Onuň bilen bile bolýan bolsalar, onda derňew sudundan soň, nädip: “Berekella, ýagşy, sadyk hyzmatkär! ... agaň şatlygyna şärik bol” diýen sözleri eşidip bilerler? Hudaýsyzlar bütinýer ýüzüniň Kazysynyň agzyndan: “Eý, lagnatlylar, Meniň ýanymdan aýrylyň, ... ebedi oda gidiň” (Matta 25:21, 41) diýen sözleri eşitmek üçin dowzahyň hemme ýerinden ýygnanarmykalar? O, nähili gorkunç ýaňsy! Hudaýyň akyldarlygyny we adalatyny nähili masgaraçylyk bilen abraýdan düşürme! BG 447.3

Janyň ölümsizligi baradaky teoriýa Rimiň butparazlardan kabul edip, mesihilik dinine ornaşdyran ýalan taglymatlarynyň biridir. Martin Lýuter bu taglymaty “rim kanunlarynyň dersli topbagyny emele getirýän bolgusyz basnýalara” degişli edýär. Süleýmanyň Wagyzçy Kitabyndaky: ölüler özleriniň ölüminden soň hiç zady bilmeýärler” diýen sözlerine teswirleme berende, reformator: “Bu ölüleriň hiç zat duýmaýandyklaryny subut edýän ýene bir ýerdir. Ol ýerde borç, ylym, bilim we akyldarlyk duýgusy ýok. şonuň üçin Süleýman olaryň ýatandyklaryny we hiç zat duýmaýandyklaryny aýdýar. Olar üçin gün we ýyl ýok, şol sebäpli-de, olar oýananlarynda, bir pursatlyk irkilen ýaly bolup görner” diýýär. BG 447.4

Derrew ölümden soň, dogrularyň öz baýragyny, hudaýsyzlaryň jezasyny alýandyklary hakdaky tassyklamany biz Mukaddes Yazgynyň hiç ýerindenem tapmaýarys. Nesilbaşylaram, pygamberlerem, bize munuň ýaly ynamy galdyrmandyrlar. Mesihem, Onuň resullaram, bu babatda hiç hili kakdyrma-da galdyrmandyrlar. Mukaddes Kitap ölüleriň derrew göge düşýändiklerini aýdyň öwredýär. Olar hakda ählumumy direlişe çenli uklap ýatan adamlar hökmünde gürrüň edilýär (l Selanikliler 4:13; Eýýup 14:10-12 serediň). Kümüş zynjyryň üzülen güni we altyn daňynyň çözülen gününde (Wagyz kitaby 12:6 serediň), adam pikirleriniň hemmesi gaýyp bolar. Gabra girýänler dymmalyk ýurduna düşýändirler. Olar günüň astynda başga nämeleriň edilýändigi hakda hiç zat bilmeýärler (Eýýup 14:21 serediň). Sumugan dogry adam üçin bagtly dynç alyş! Uzyn bolsa-da, gysga bolsa-da, wagt olar üçin bir pursata deňdir. Olar uklap ýatyrlar, şonuň üçin Rebbiň surnaýy olary şöhratly ölümsizlik üçin oýarar. “Çünki surnaý çalynjak, ölüler çüýremez bolup, direljek, biz üýtgediljekdiris. Sebäbi bu çüýreýän çüýremezlik donuny geýmelidir, bu ölümli ölmezlik donuny geýmelidir Bu çüýreýän çüýremezlik, bu ölümli ölmezlik donuny geýende, «ölüm ýeňişde ýuwduldy» diýen söz ýerine ýeter” (1 Korintoslylar 15:52-54). Soň çuň ukudan oýarylan ol adamlar ömrüniň ölüm bilen kesilen ýerinden ýaşap başlarlar. Soňky pursatda olaryň aňy ölüm ezýedi bilen gaýgylanypdy, soňky pikir özleriniň gabryň ygtyýaryna gidýändikleri hakdady. Olar gabyrdan çykanlarynda, ilkinji şatlykly pikiri: “Eý ölüm, hany senih tikenih? Eý, ölüler diýary, hany senih ýeňşiň?” (55-nji aýat) diýen ýeňişli ses bilen utgaşar. BG 448.1