Beýik Göreş

38/51

31— Nji Bap.
Erbet Ruhlaryň Gizlin Gözlegleri

Görünýän dünýä bilen görünmeýän dünýäniň baglanyşygy, Hudaýyň perişdeleriniň gullugy we erbet ruhlaryň gizlin gözlegleri - adamzat taryhyndan aýra bolmaýan bu zatlaryň hemmesi barada Mukaddes Ýazgyda gürrüň edilýär. Häzirki zaman adamlary erbet ruhlaryň, “gutulyşy miras aljaklara” (Ýewreýler 1:14) hyzmat edýän mukaddes perişdeleriň bardygyna gitdigiçe az ynanýarlar-da, olaraölenadamlaryňjanlary hökmünde düşünýärler. Emma Mukaddes Ýazgy diňe bir gowy perişdeleriň däl-de, erbet perişdeleriňem bardygyna şaýatlyk edip, olaryň ölen adamlaryň bedensiz ruhlary däldiklerini inkär edip bolmajak derejede subut edýär. BG 418.1

Perişdeler adam ýaradylmazyndan öňem bardy. Ýeriň düýbi tutulanda - “daň ýyldyilary aýdym aýdyşdy, ähli ylahy barlyklar begenjinden gygyryşdylar” (Eýýup 38:7). Adamlar günä edenlerinden soň, entek hiç kim ölmedigem bolsa, perişdeleri ýaşaýyş agajyny goramaga iberdiler. Perişdeler özleriniň tebigaty boýunça adamlardan güýçlüräkdirler, sebäbi mezmurçy adamyň perişdelerden az kem peseldilendigini aýdýar (Zebur 8:6 serediň). BG 418.2

Biz Mukaddes Ýazgydan gökdäki zatlaryň sany, güýji hem şöhraty hakda bilýäris, olaryň Rebbiň dolandyryşyna we gutulyş işine nähili dahylynyň bardygy hakda bilýäris. “Reb tagtyny göklerde gurdy Onuň patyşalygy hemmäniň üstünden höküm sürýär” (Zebur 103:19). Pygamberem: “tagtyň... töwereginde bir topar perişdäniň sesini eşitdim” (Ylham 5:11) diýýär. Olar şalaryň Şasynyň kabulhanasynda garaşýarlar - “Onuň sözüniň owazyny eşidip, sözüni berjaý edýän... perişdeler... islegini berjaý edýän emeldarlarydyr...” (Zebur 103:20-21). Danyýel gökden iberilenleriň müňlerçesini, on müňlerçesini gördi. Resul Pawlus “garaňkylygyň perişdeleri” hakda gürrüň edýär (Danyýel 7:10; Ýewreýler 12:22 serediň). Hudaýyň tabşyryklaryny berjaý edenlerinde, perişdeler ýyldyrym kimin uçýarlar (Ezekiýel 1:14 serediň). Olar nähili ajaýyp, olaryň hereketleri nähili çalt! Halasgäriň mazarynyň ýanynda peýda bolan perişde “...ýyldyrym kimin, eginbaşy gar ýaly akdý“. Onuň görnüşi garawullary gaty gorkuzdy welin, olar “öli kimin ýere ýykyldylar” (Matta 28:3-4). Tekepbir aşurly bolan Sanherip Ysraýyla ölüm howpuny salyp, Hudaýy ýaňsylanda hem Oňa dil ýetirende, “edil şol gije Rebbiň perişdesi gidip, Aşurlaryň düşelgesinde ýüz segsen bäş müň adamy öldürdi”. “Reb bir perişde ýollap, Aşur patyşasynyň düşelgesindäki ähli edermen esgerleri, serkerdeleri we baştutanlary ýok eldi. Şeýdip, Sanherip biabraýlyk bilen öz ýurduna dolanyp geldi” (2 Patyşalar 19:35; 2 Ýyl ýazgylary 32:21). BG 418.3

Perişdeler Hudaýyň çagalarynyň ýanyna rehimdarlyk gullugy üçin iberilýär. Olar Ybraýyma ak pata wadasyny ýetirdiler. Olar ölüme höküm edilen Sodomyň derwezesine dogry adam bolan Luty eýmenç ölümden halas etmäni berk ýüreklerine düwüp geldiler. Olar surnugan Ylýasyň ýanyna açlykdan ölüp barýarka geldiler. Elýaşany duşmanlary gabap alanda, şähere otly arabalar hem atlylar iberildi. Danyýel butparaz patyşanyň köşgündekä, Hudaýyň akyldarlygyny soranda hem ýolbarsly çukura taşlanylanda, perişdeler oňa kömek etdiler. Hirodesiň zyndanynda ölüme garaşyp ýatyrka, Petrusa, Filippide Pawlus bilen Silasa perişdeler göründi. Olar Pawlus bilen onuň ýoldaşlaryna tupanda aman galmaga kömek etdiler. Petrusy gutulyş habary bilen butparazlaryň ýanyna iberenlerinde, Korniliusyň gözlerini Hoş Habar hakykatyna açdylar. Şeýdip, mukaddes perişdeler hemme wagtlarda-da, Hudaýyň halkyna hyzmat etdier. BG 419.1

Her mesihide goragçy - perişde bar. Bu gökdäki garawullar dogry adamy şeýtanyň hilelerinden goraýarlar. Muny şeýtanyň özem boýun alyp: “Eýýup Hudaýdan ýöne ýere gorkýandyr öýdýäňmi? Sen onuň özüni, maşgalasyny we bar mal-mülküni Öz penaňda saklaýarsyň ahyryn! ” (Eýýup 1:9-10) diýýär. Mezmurçynyň aýtmagyna görä, Reb Öz halkyny şeýle bir goraýar welin, “Rebbiň perişdesi Ondan gorkýanlaryň daşynda düşelge gurýandyr, olary halas edýändir” (Zebur 34:7). Halasgär Özüne iman edýänleriň aladasyny edýär: “Bu körpelerden birini äsgermezlik etmekden gaça duruň, çünki size aýdýaryn, bularyň Gökdäki perişdeleri Meniň Gökde bolan Atamyň elmydam ýüzüni görýärler” (Matta 18:10). Hudaýyň çagalaryna gulluk etmek üçin bellenilen perişdeler hemişe Gökdäki Atamyzyň ýanyna arkaýyn baryp bilýärler. BG 419.2

Garaňkylygyň patyşasynyň ähli mekir aldawlary we tükeniksiz gizlin gözlegleri, erbetligiň bar güýji Hudaýyň halkynyň başyndan inýär, ýöne bu halk gökdäki perişdeleriň ýadawsyz goragy bilen üpjün edilendir. Imanlylar, dogrudanam, muňa mätäçdirler. Hudaý Öz çagalaryna merhemet hem gorama wadasyny berýär, sebäbi olaryň erbetligiň nähili kuwwatly güýji bilen - aýgytlylykdan doly bolan hem-de ýadamazak ummasyz güýçler bilen, howpuny hiç zat bilen deňeşdirip bolmajak güýçler bilen - iş salyşýandyklary Oňa mälimdir. BG 419.3

Başda erbet ruhlar öz tebigaty boýunça-da günäsizdiler, güýçde hem şöhratda häzir Hudaýyň ilçileri bolup durýan mukaddes perişdeler deňdiler. Emma olar günä edenlerinden soň, Hudaýy betnam etmek we adamy ýok etmek üçin birikdiler. Turzan gozgalaňynda şeýtana goldaw bermek bilen olar bilelikde gökden kowuldylar-da, ondan soňam, hemme asyrlaryň dowamynda Hudaýyň ygtyýaryna garşy göreşdiler. Mukaddes Ýazgy bize olaryň dildüwşügi hem dolandyrşy hakda, şeýle hem, adamlary parahatçylykdan we bagtdan mahrum etmäge çalyşýan dürli derejedäki erbet ruhlaryň güýji, mekirligi, pirimleri hakda gürrüň berýär. BG 420.1

Bu ruhlaryň bardygy hakda Köne Ähtde örän seýrek agzalyp geçilýär. Erbet ruhlar özlerini Mesihiň ýerdäki gullugy wagtynda has göze görünýän derej ede aýan etdiler. Mesih ýere adamy halas etmek üçin öňden taýýarlanylan plany ýerine ýetirmek üçin geldi, şonuň üçinem, şeýtan bu dünýä diňe özüniň hukugynyň bardygyny aýdyp, hukugyny gorady. Ýeriň Palestinadan başga hemme ýerinde butparazlyk tohumyny ekmeklik oňa başartdy. Şol sebäpdenem, Mesih bu ýere, şeýtanyň täsiriniň juda bir güýçli bolmadyk ýerine, bu halky gögüň nury bilen ýagtyltmaga geldi. Şu ýerdede, iki garşydaş güýç çaknyşdy. isa hemmeleri Öz ýanyna gelip, Özünde bagyşlanma hem parahatlyk almaga çagyrdy-da, gujagyny söýgi bilen açdy. Garaňkylygyň güýçleri özleriniň ygtyýarynyň bütewi gäldigini, Mesihiň işi üstünlik gazanan ýagdaýynda özleriniň hökümdarlygynyň ahyrynyň derrew geljekdigini gördüler. Şeýtan zynjyrlanan ýolbars kimin, gazaplanyp, adamlaryň tenleriniň hem janlarynyň üstünden özüniň ygtyýarynyň bardygyny gödeklik bilen görkezdi. BG 420.2

Täze Äht arwah eýelän adamlaryň bolandygyny aýdyň aýdýar. Şol adamlar diňe bir ten taýdan azap çekmediler. Mesih Özüniň kim bilen iş salyşýandygyna gaty gowy düşünýärdi. Ol erbet ruhlaryň barlygyny anyk bilýärdi we olaryň işlerini tanaýardy. BG 420.3

Mukaddes Yazgyda biz erbet ruhlaryň köp sanlydygynyň, güýjüniň hem mekirliginiň, şeýle hem, Mesihiň kuwwatyna hem rehimdarlygyna aýdyň mysallary tapýarys. Bu Gadaralaryň ýurdundaky jyn eýelän adamlaryň sagaldylyşy baradaky wakadyr. Bu betbagt jynly adamlar islendik daňylary gyryp, agyzlaryny köpürjikledip aýylganç ses edýärdiler. töweregi uwwuldydan doldurýardylar, özlerine ýara salýardylar hem ýanlaryna ýakynlaşanlaryň hemmesi üçin howpludylar. Olaryň ganap duran hem para - para edilen tenleri we garaňkyradylan akyllary garaňkylygyň patyşasyny begendirýän şekil bolup durýardy. Jyn eýelänleriň biri: “Adym Legion, çünki biz köpdüris” (Markus 5:9) diýdi. Rim goşunynda bir legion üç ýa-da bäş müň adamdan ybarat bolýardy. Şeýtanyň goşunlary-da, toparlara bölünendi, bu jynlaryň degişli bolan topary hem, az sanly legionly däldi. BG 420.4

Erbet ruhlar Isanyň buýrugyna tabyn bolup, özleriniň pidasyndan çykdylar. Jynlardan halas bolan adamlar hem, şonuň üçin Halasgäriň aýaklarynyň ýanynda köşeşip, rahatlanyp hem sagdyn akylda oturdylar. Yöne jynlaryň girmäge rugsat berlen doňuz sürüsi kölüň çuň ýerine paýyrdap gaýtdy. Gadara ýurdunyň ýaşaýjylary üçin bu ýitgi örän uly bolup göründi, şol sebäpdenem, olar Mesihiň ak patalaryndan boýun towladylar, şonuň üçin Hudaýyň Halasgäri ol ýerden gitmeli boldy. Şeýtan şuny hem isleýärdi. Süriniň ölüminde Isany günäkärläp, şeýtan adamlarda egoistik gorky döretdi, şonuň üçin olar Hudaýyň Mugallymyny diňlemekden ýüz öwürdiler. Şeýtan betbagtçylyklarda hemişe özüni hem ýaranlaryny günäkärlemegiň deregine, ýitgileriň, betbagtçylyklaryň hem görgüleriň ählisinde mesihileri aýyplaýarlar. Ol hemişe günäni kesel kelleden alyp, sagdyn kelläniň üstüne goýýar. BG 421.1

Ýöne Mesihiň planlary bozulmady. Isa gara güýçlere doňuz sürüsini ýok etmäge rugsat berdi. Şeýle elmek bilen Ol ýehudylaryň bu arassa bolmadyk haýwanlary gazanjyň hatyrasyna saklap ýörendikleriniň üstüni açyp görkezdi. Eger Mesih jynlary saklamadyk bolsa, onda jynlar diňe doňuzlary däl, eýsem, olaryň eýelerinem, köle özleri bilen alyp giderdiler. Diňe Mesihiň rehimdarlygy hem duýgudaşlygy sebäpli, olar halas boldular. Mundan başga-da, bu wakanyň bolmagyna şeýtanyň adamlara hem haýwanlara zalymlyk bilen hökümdarlyk edýändigini Mesihiň şägirtleriniň öz gözleri bilen görmekleri üçin ýol berildi. Halasgär Öz şägirtleriniň özleriniň duş gelmeli boljak duşmanyny gowy tanamaklaryny, onuň mekirligine hem hilelerine aldanyp, ýeňilmezligini isleýärdi. Isa, şeýle hem, ol ýeriň ýaşaýjylarynyň Mesihiň şeýtanyň baglaryny üzüp taşlamaga we onuň ýesirlerini halas etmäge ukyplydygyny görmeklerini isledi. Isa bu ýurtdan gitmeli bolan bolsa-da, Onuň gudrat bilen azat eden adamlary özleriniň Ýalkaýjysyna şaýatlyk etmek üçin galdylar. BG 421.2

Mukaddes Ýazgyda şuňa meňzeş başga mysallaram duş gelýär. Isa fenikiýaly aýalyň gyzyndanam, erbet ruhlary kowýar (Markus 7:2630 serediň). “Onsoň jyn uran bir kör hem lal adamy Isanyň ýanyna getirdiler” (Matta 12:22 serediň). Bu oglanda “ony heläklejek bolup, telim gezek oda, suwa atan” (Markus 9:17-27 serediň) lallyk ruh bardy. Kapemaumdaky sabat gününiň ýygnanyşygyny “arwah-jynyň” gynap ýören bir adamy bozdy (Luka 4:3336 serediň). Duýgudaş Halasgär bu betbagt adamlaryň hemmesini halas etdi. Bolan wakalaryň hemmesinde diýen ýaly, Mesih jynlara paýhasly zatlara ýüzlenen ýaly ýüzlenip, olara öz pidasyndan çykmagy we gaýdyp, ony gynamazlygy buýruk berdi. Kopemaumdaky dileg edýänler Mesihiň güýjüni görenlerinde, haýran galdylar-da, “Bunähili söz? Olygtyýar hem gudrat bilen al-arwahlara buýruk berýär. Olar hem çykýarlar” (Luka 4:36) diýişdiler. BG 421.3

Jyn eýelän adamlar adatça erbet ejir çekýärdiler, ýöne bu meselede düzgünden çykmalaram bardy. Adatdan daşary güýje eýe boljak bolup, bimäçe adamlar özlerini şeýtanyň ygtyýaryna meýletin berdiler. Elbetde, munuň ýaly adamlar jynlar bilen duşmançylykda bolmadylar. Palçylar Simun jadygöý, Elimas jadygöý we Filippide Pawlus bilen Silasyň yzyna düşüp ýören gyrnak şunuň ýaly derejä degişlidirler. BG 422.1

Erbet güýçleriň täsiri Ýazgynyň kesgitli hem her taraplaýyn şaýatlyklaryna garamazdan, şeýtanyň we onuň perişdeleriniň bardygyna garşy çykýan adamlar üçin uly howp bolup durýandyr. Olaryň mekirligi hem hilegärligi babatda bizmezlikde bolýan wagtymyzda olar ummasyz artykmaçlyga eýe bolýarlar. Ençe adamlar öz aklyna daýanýandyryn öýdüp, olaryň maslahatlaryna hem tekliplerine eýerýärler. Ahyrzaman, şeýtanyň aldamak hem heläk etmek üçin adatdan daşary güýç bilen hereket etjek wagty ýakynlaşdygyça, ol hemme ýerde özüniň barlygyna ynamsyzlyk ekýär. Düýdünden bildirmän we gizlin hereket etmek üçin şeýtanyň edýän hilegärligi şunda jemlenendir. BG 422.2

Beýik ýalançy öz mekirliginiň üstüniň açyljagyndan gorkuşy ýaly, başga hiç zatdanam gorkýan däldir. Özüniň hakyky häsiýetini hem niýetlerini gowy maskalaşdyrmak üçin ol adamlara diňe ýigrençli gülkini döretjek bolup, özüni şunuň ýaly görnüşde görkezmäge çalyşýar. Özüni ýigrenji, gülkünç hem nejis - ýarymhaýwan, ýarymadam - görnüşinde şekillendirmekleri şeýtany doly kanagatlandyrýar. Bilimli adamlaryň özi hakda gülküli hem degişme äheňinde gürrüň etmekleri şeýtana ýaraýar. BG 422.3

Diýseň ezber ussatlyk bilen özüniň hakyky tebigatyny gizlemegiň özüne başardandygy sebäpli, hemme ýerde şol bir: “Eýsem, ol, dogrudanam, barmy?” diýen sorag ýaňlanýar. Dini dünýä Hudaýyň Sözüniň aýdyň subutnamalary bilen çürt - kesik garşydaşlykda durýan taglymaty kabul etdi. Bu-da, şeýtanyň işiniň üstünligi hakda gürrüň berýär. Şeýtanyň özüniň bardygyny pikirine-de, getirmeýän adamlary şeýle aňsatlyk bilen tabyn edýändigi sebäpli, Hudaýyň Sözünde onuň erbet işleriniň ençeme mysallary getirilýär. Ol mysallar biziň öňümizde şeýtanyň gizlin güýçlerini açýar we bizi hemişe onuň hüjümlerini yza serpikdirmäge taýýar bolmaga ruhlandyrýar. Eger Halasgärimiziň kuwwatly güýjünde ygtybarly gaçybatalgamyz bolmadyk bolsa, onda şeýtanyň güýji bilen erbetligi bizde kanuny howsala hem tolgunma döredip bilerdi. Biz emlägimizi hem janymyzy erbet adamlardan gorajak bolup, öýümizi sürgüler hem gulplar bilen gaty berk ýapyşdyrýarys, emma elmydama ýüregimize girelge gözläp ýören we garşysyna öz güýjümiz bilen goranyp bilmejek ruhumyz bolan erbet ruhlar hakda juda seýrek pikir edýäris. Eger olara rugsat berlen bolsa, onda olar aklymyzy garaňkyradardy, tenimizi paralardy, emlägimizi hem janymyzy ýok ederdi. Görgüler bilen weýrançylyklar ol ruhlara çyn şatlygy getirýär. Hudaýyň duýduryşlarynyň garşysyna gidip, Hudaý özlerinden BG 422.4

el çekip, özlerini erbet ruhlaryň ygtyýaryna berýänçä, şeýtanyň synaglaryna ýol berýänleriň ýagdaýy nähili eýmenç. Yöne Mesihiň yzyna düşýänler elmydama Onuň goragy astynda bolýandyr. Olary goramak üçin gögüň güýji artygy bilen bolan kuwwatly perişdeleri iberilýär. Şonuň üçin şeýtan Hudaýyň Öz halkynyň daşyna goýan garawullaryny böwsüp geçmäge güýçsüz bolup çykýar. BG 423.1