Beýik Göreş
30—Njy Bap.
Adam Bilen Şeýtanyn Arasyndaky Duşmançylyk
“Sen bilen aýalyň,
Seniň tohumyň hilen aýalyň tohumynyň arasyna,
Duşmançylyk salaryn Men.
Onuň nesli seniň kelläňi owradar,
Sen bolsa onuň dabanyndan çakarsyň”
BG 413.1
(Gelip çykyş 3:15).
Adam günä edenden soň, Hudaýyň şeýtanyň üstünden çykaran hökümi zamananyň ahyryna çenli bolan asyrlaryň hemmesini öz içine alýan we ýer ýüzünde ýaşaýan nesilleriň hemmesiniň gatnaşjak beýik göreşini öňünden habar berýän pygamberligem bolupdy. BG 413.2
Hudaý: “Duşmançylyk salary Men” diýýär. Bu duşmançylyk tebigy ýol bilen peýda bolmaýar. Ynsan Hudaýyň Kanunyny bozanda. onuň tebigaty günä bilen zaýalandy, şonuň üçin ol şeýtan bilen bile hereket edip başlady. Elbetde, günäkär adam bilen erbetligi başlaýjynyň arasynda hiç hili duşmançylyk ýok. olaryň ikisem, Hudaýyň hakykatyndan daşlaşyp, murdar boldular. Şol pursatdan başlap, beýik dönük rahatlygyny ebedilik ýitirdi. Ol rahatlygy diňe öz aldan adamlary öz göreldesine eýerenlerinde tapdy. Şol sebäpli-de, kowlan perişdeler bilen hudaýsyz adamlar bikanun birleşmede birigýärler. Eger bu zatlara Reb aýratyn usulda goşulmadyk bolsa, onda şeýtan bilen adam göge göreşinde birigerdiler we tutuş adamzat nesli şeýtana garşy durmagyň deregine, Hudaýa garşy çykardy. BG 413.3
Şeýtan Göge garşy göreşinde özüne ýaran edinjek bolup, öz döwründe perişdeleri azdyryşy ýaly, adamlary-da günä etmeklige itekleýär. Şeýtan bilen onuň kowlan perişdeleri deň derejede Mesihi çuňdan ýigrendiler. Başga meselelerde olaryň garaýyşlary çapraz gelen bolsa-da, Älemiň Patyşasynyň ygtyýary bilen göreşmeklik olary berk birleşdirdi. Ýöne şeýtan özi bilen aýalyň, öz tohumy bilen aýalyň tohumynyň arasynda boljak duşmançylyk hakda eşidende, adamy azdyrjak bolup etjek synanyşyklaryna çägiň goýlandygyna, adamyň şeýtanyň täsirine hem güýjüne garşy çykmaga mümkinçilik aljakdygyna düşündi. BG 413.4
Şeýtanyň adam nesline bolan duşmançylygy güýçlenýär, sebäbi Mesih adamlara Hudaýyň söýgüsini hem rehimini almaga kömek etdi. Ol Hudaýyň adamy halas etme planyna päsgel bermek, Onuň elleriniň işine dil ýetirip hem-de betnyşanlaşdyryp, Hudaýyň üstüne biabraýçylyk kölegesini taşlamak, gögüň ýaşaýjylaryny gynandyrmak we ýer ýüzüni hasratdan hem başyna gitmeden doldurmak isleýär. Ol bu erbetlikleriň hemmesini Hudaýyň adamy ýaradandygynyň tebigy netijesi hökmünde görkezýär. BG 414.1
Mesihiň adam janyna sowgat berýän merhemeti ony şeýtanyň duşmany edýär. Bu özgerdiji rehim hem täzeleýji güýç bolmadyk bolsa, adam şeýtanyň ýesiri, guly, öz hojaýynynyň ähli ynjyklyklaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýän sadyk hyzmatkäri bolup, hemişelik galardy. Yöne täze prinsipler kalpdaky günäli asudalygy bozýar-da, adamy göreşe çekýär. Mesih adama özüni zalyma hem zorluk ulanyja garşy durmaga ukyply edýän güýji berýär. Şonda ol günä bolan islegini ýitirýär-de, ony ýigrenip başlaýar. Ozal özüni gurşap alan höwesleri ýeňýär. Ol şeýle etmek bilen özünde ýokardan berlen güýjüň hereket edýändigini subut edýär. BG 414.2
Mesihiň ruhy bilen şeýtanyň ruhunyň arasyndaky barlyşyksyz garşydaşlyk dünýäniň Mesihi kabul etmesinde, aýratynam, aýdyň göründi. Yehudylar Ony diňe bir Özüniň ýere garyp, hiç hili ýalkymsyz hem kaşaňlyksyz gelendigi üçin inkär etmediler. Olar Onuň şol daşky artykmaçlyklaryň ýoklugyny artygy bilen dolduryp biljek güýje eýediginide gördüler. Mesihiň päkligi bilen mukaddesligi kanunsyzlarda ýigrenç döretdi. Onuň Özüni inkär etmeden we Hudaýa bolan çäksiz wepalylykdan doly bolan durmuşy bu tekepbir hem şöhratparaz halka hemişe ýazgarma bolýardy. Bu Hudaýyň Ogluna bolan duşmançylykly gatnaşyklary döredýärdi. Şeýtan bilen erbet perişdeler näletkerde adamlar bilen bile birikdiler. Dönükleriň ähli güýji hem gaýraty hakykatyň Goragçysy bilen göreşe tarap okdurylandy. BG 414.3
Mesihiň yzyna eýerijilere-de, şol duşmançylyk görkezilýär. Günäniň ýigrenjiligine akyl ýetiren her bir adam gökdäki güýçleriň kömegi bilen synaga garşy göreşip başlanda, gutulgysyz ýagdaýda şeýtanyň we onuň ýaranlarynyň gazabyny döredýär. Hakykatyň arassa prinsiplerine bolan ýigrenç, onuň goragçylaryny aýyplamak we yzarlamak günä hem günäkär barka, hereket eder. Mesihiň yzyna eýerýänler bilen şeýtanyň hyzmatkärleriniň arasynda hiç hili ylalaşyk bolmaz. Haçyň öjükdirmesi bu günem bes edilmedi. “Mesih Isada Hudaýyň ýoluna mynasyp ýaşamak isleýänleriň bary azar çeker” (2 Timoteos 3:12). BG 414.4
Şeýtanyň tarapdarlary onuň Hudaýyň dolandyryşyna garşy duran hökümdarlygyny berkitmäge hem mäkämleşdirmäge hemişe synanyşýarlar. Munuň üçin olar Mesihiň yzyna eýerijileri azdyrmaga we olary Hudaýa biwepalyk etmäge mejbur etjek bolup dyrjaşýarlar. Özleriniň öňbaşçysy ýaly, şeýtanyň tarapdarlary-da, bu maksada ýetjek bolup, Mukaddes Ýazgyny nädogry düşündirýärler we ýoýýarlar. Şeýtanyň Hudaýa töhmet atmaga jan edişi ýaly, onuň ýaranlaram, Hudaýyň halkyny betnam etmäge dyrjaşýarlar. Mesihiň jellatlaryna ýolbaşçylyk eden ruh hudaýsyzlary Onuň yzyna eýerijileri heläk etmäge höweslendirýärler. Bu zatlaryň hemmesi iň ilkinji pygamberlikde aýdylandyr: BG 414.5
“Sen bilen aýalyň, BG 415.1
Seniň tohumyň bilen aýalyň tohumynyň arasyna, BG 415.2
Duşmançylyk salaryn Men“. Bu duşmançylyk zamananyň ahyryna çenli dowam eder. BG 415.3
Munuň ýaly söweş üçin şeýtan bar güýjüni ýygnaýar-da, ähli goşunlaryny söweşe girizýär. Näme üçin ol çynlakaý garşylyk görmeýärkä? Näme üçin Mesihiň esgerleri beýle gowşak hem perwaýsyzka? Sebäbi olar, aslyýetinde, Mesihden daşda, Onuň Ruhundan mahrum. Günä olar üçin Rebbe ýigrenji hem nejis bolup görnüşi ýaly bolup görünmeýär. Olar Mesihiň edişi ýaly, şeýtana şeýle aýgytly hem tutanýeri garşylyk görkezmeýärler. Olar günäniň erbetligine hem mekirligine doly düşünmeýärler we garaňkylygyň patyşasy babatda doly ýalňyşýarlar. Şeýtanyň hüjümleri bolmasyly ýaly gaýtawuly almaýar, sebäbi şeýtanyn güýji hem hilegärligi, Mesihe hem Onuň Ýygnagyna garşy alnyp barylýan beýik göreşiň gerimi hakda örän az zat bellidir. Gaty köp adamlar şeýtan babatda ýalňyşýarlar. Olar özleriniň duşmanynyň - erbet perişdelere hökümdarlyk edende, inçelik bilen oýlanylyp tapylan planlaryň hem ussat strategiýanyň kömegi bilen janlary halas etmekde Mesihe garşy göreşýän kuwwatly serkerdebaşy hakda bilmeýärler. Imanlylar, hatda Hoş Habaryň gullukçylaram, şeýtanyň hüjümleri hakda az gürrüň berýärler-de, seýrek duş gelýän tötänleýin ýatlamalar bilen çäklenýärler. Olar şeýtanyň hemişelik işi hem üstünligi hakdaky şaýatlyklary ünssüz galdyrýarlar. Adamlar şeýtanyň mekirligi baradaky köpsanly duýduryşlary äsgermezçilik edýärler. Şonda olar şeýtanyň ýaşaýandygyny asla äsgermeýän ýaly duýgy döreýär. BG 415.4
Adamlar şeýtanyň hileli pikirleri hakda bilmezlikde bolýarkalar, bu hüşgär duşman olaryň her bir ädimini yzarlaýar. Ol maşgala durmuşyna okdurylyp girýär, oňa islendik şäher köçesinde duş gelmek bolýar, doga etme ýygnanyşyklary-da, döwlet maslahatlary-da, suduň iş diňlemeleride onsuz geçmeýär. Hemme ýerde ol aljyraňňylyk döredip ýör, maşgallary bozup hem ýigrenç, duşmançylyk, bäsdeşlik ruhuny, gozgalaňçylykly höwesleri hem ölümi ekip, adamlary gaharlandyrýar hem azdyrýar, jany hem teni heläk edýär. Mesihiler bolsa, bu zatlaryň hemmesini Hudaý tarapyndan bellenilendir öýdüp, bolmaly zat ýaly seredip ýör. BG 415.5
Hudaýyň halkyny dünýäden aýra edýän haýatlary weýran etmek bilen şeýtan hemişe bu halky ýeňmäge synanyşyp ýör. Gadymy Ysraýyl butparazlar bilen gadagan edilen gatnaşyklara girmäge het edip, günä etdi. Häzirki Ysraýylam, şonuň ýaly aldawdan gaça durup bilmedi. “Hudaýyň keşbi bolan Mesihiň şöhratynyň Hoş Habarynyň nury olary ýagtylandyrmasyn diýip, bu dünýäniň taňrysy imansyzlaryň akyllaryny küteldendir” (2 Korintoslylar 4:4). Mesihe ýüregi bilen berilmedik her bir adam şeýtanyň hyzmatkäridir. Eger adamyň ýüregine nur aralaşmadyk bolsa, ol hökman günä tarap ymtylyp, ony aýnatmaga hem aklamaga meýilli bolar. Yüregi täzelenen adam günä bolan ýigrenji duýup, oňa aýgytly garşy çykar. Irnanly adamlar näletkerdeleriň hem hudaýsyzlaryň jemgyýetini ileri tutanda, olar özlerini howpa serewar edýändirler. Şeýtan kämil hem syrly duzaklaryň kömegi bilen zatlaryň hakyky ýagdaýyna olaryň gözlerini ýapýar. Olar munuň ýaly jemgyýetiň özlerine diňe zelel getirýändigini görmän, häsiýetinde, sözlerinde we hereketlerinde dünýä meňzeş bolup başlaýarlar-da, kör bolýarlar, gitdigiçe haykaty ýalandn tapawutlandyrma ukybyny ýitirýärler. BG 415.6
Dünýewi adatlary kabul etmek bilen Yygnak dünýä ýakynlaşýar. Günä edilýän geçirijilik günäniň az derejede ýigrenji bolup görünmegine hökman alyp barar. Şeýtanyň hyzmatkärleri bilen gatnaşyk saklaýanlar tizara olaryň höklimdaryndanam gorkmasyny bes eder. Öz borjumyzy ýerine ýetirýärkäk, patyşa köşgündäki Danyýeliň durmuşynda bolup geçişi ýaly, biz synaga salynýarys, ýöne Rebbiň özümizi gorajakdygyna şübhelenmän bileris. Yöne synaga özümiz eglişik etsek, ir-de, giçde ýykylarys. BG 416.1
Şeýtan günäniň gulçulygyna düşer öýdülmeýän adamyň üsti bilen uly üstünlik gazanyp işläp bilýär. Zehinli hem bilimli adamlar, edil bu zatlar Hudaýdan gorkynyň ýoklugynyň öwezini dolýan ýaly ýa-da Rebbiň göwnünden turmany gazanma eýe edýän ýaly, elbetde, hormatdan hem sylagdan peýdalanýarlar. Zehin bilen medeniýet öz - özünden Hudaýyň sylagy bolup durýandyr, ýöne olar bilen päk ahlagyň ýoklugynyň öwezini doldurmaga umyt baglaýan bolsalar, eger bu sylaglar jany Hudaýa ýakynlaşdyrmanyň deregine, ony Hudaýdan daşlaşdyrýan bolsa, onda olar lagnat hem duzak bolar. Köpler ýokary medeniýet we edepli özüňi alyp baryş şol adamyň Mesihe degişliligine şaýatlyk edýär diýip pikir edýär. Bu gaty uly ýalňyşlykdyr. Munuň ýaly gowy häsiýetler her bir mesihini bezemelidir, sebäbi olar hakyky diniň peýdasyna güýçli täsir edip bilerler, ýöne ol häsiýetler Hudaýa degişli bolmalydyr, beýle bolmadyk ýagdaýynda olar erbetligiň peýdasyna ýardam berýän güýçler bolarlar. Medeniýetde ahlaksyz hasaplanylýan zady etmäge özüne rugsat bermeýän ýokary medeniýetli diýseň zehinli adamyň şeýtanyň elindäki ýylmanan guraly bolýan wagtlaram bolýar. Yalan täsiri bilen ýalan göreldesi, munuň ýaly adamy Mesihiň sowatsyz hem medeniýetsiz garşydaşlary bilen deňeşdireniňde, has howply duşmany edýär. BG 416.2
Süleýman çyn ýürekden doga etmek we Hudaý bilen gepleşmek arkaly, bütin dünýäni haýran eden hem aňk eden akyldarlyga ýetdi. Ýöne ol öz güýjüniň Çeşmesinden ýüz öwriip, diňe özüne bil baglap başlanda, synagyň pidasy boldy. Şol sebäpden hem, bu iň akyldar patyşa sowgat berlen ajaýyp ukyplar şeýtanyň has täzirli ýaragyna öwürdi. BG 417.1
Şeýtan hemişe adamlaryň aklyny kör etmäge çalyşýan bolsa-da, mesihiler elmydama özleriniň alyp barýan “söweşiniň adamlara garşy dül-de, hökümdarlara garşy ygtyýarlylara garşy, bu garaňky dünýäniň häkimiýetlerine garşydygyný” (Efesliler 6:12) ýadynda saklamalydyrlar. Köp asyrlardan soň bize: “Hüşgär boluň, oýanyň. Ýagyňyz bolan iblis arlaýjy arslan kimin aýlanyp, ýuwutjagyny agtaryp ýörendir” (I Petrus 5:8), “Iblisiň hilelerine garşy durup biler ýaly, Hudaýyň ähli ýaraglaryny dakynyň” (Efesliler 6:11) diýen ruhlandyrylan duýduryşlar gelip ýetdi. BG 417.2
Adam atanyň günlerinden bäri, adamzadyň duşmany ezmekden, heläk etmekden we ýok etmekden ýadaman gelýär. Indi ol özüniň Yygnak bilen etjek soňky söweşine taýýarlanýar. Isanyň yzyna düşjekleriň hemmesi bu ýadamazak duşman bilen söweşe girerler. Mesihi Hudaýyň beren Nusgasyna näçe köp jan etse, ol şonçada, köp derejede şeýtanyň nyşanasy bolar. Şeýtanyň mekirlikleriniň üstüni açyp, olary Mesihiň halkyna görkezmek bilen Rebbiň hatyrasyna zähmet çekjekleriň bary Hudaýa gulluk etmekligiň beýik tabyn bolma, “köp gözýaşlar hem synaglar” bilen baglanyşyklydygyny tassyklaýan resul Pawlusyň şaýatlygyna goşulyp bilerler. BG 417.3
Şeýtan Mesihiň ýanyna iň mekir hem güýçli synaglar bilen geldi, ýöne diňe ýeňiş gazandy. Isa diňe biziň bähbidimiz üçin göreşdi. Onuň gazanan ýeňişleri bize-de ýeňiji bolmaga kömek etdi. Mesih Özüne ýüz tutýanlaryň hemmesine kömek elini uzadýar. Eger adam şeýtana tabyn bolmak islemese, onda şeýtan ony ýeňip bilmez. Şeýtanyň adamyň erkiniň üstünden hiç hili ygtyýary ýokdur, ol adamy günä etmäge mejbur edip bilmez. Ol adama islendik agyryny berip biler, emma ony murdar edip bilmez. Mesihiň ýeňşinden ruhlanan mesihiler günä hem şeýtana garşy gaýduwsyzlyk hem batyrlyk bilen göreşmelidirler. BG 417.4