Beýik Göreş
29—Njy Bap.
Erbetligiň Gelip Çykyşy
Günäniň gelip çykyşy we onuň ýaşap ýörmeginiň sebäbi köpler üçin çözüp bolmaýan tapmaça bolup durýar. Gutulgysyz ýagdaýda hasraty hem boşap galmany getirýän erbetligiň weýrançylykly hereketlerini görende, adamlar biygtyýar: “Akyldarlygy, hökümdarlygy hem söýgüsi çäksiz boian Hudaý nädip munuň bolmagyna ýol berip bildikä?’ diýen soragy berýärler. Olar bu syra akyl ýetirip bilmeýärler. Olar özleriniň düşünmezligi hem şübheleri içinde Hudaýyň Sözünde aýdyň açylan hemde biziň gutulyşymyz üçin niýetlenilen hakykatlary görmeýärler. Günäniň ýaşap ýörmesiniň sebäbini bilmäge dyrjaşyp, Rebbiň hiç haçan açmadyk zadyna aralaşmaga synanyşýanlaram bar. Olar, elbetde, özlerinde peýda bolan soraglara jogap tapman. tankyt hem şübhe ruhuna gurşalyp, Mukaddes Ýazgyny ret etmesini bu meseläni çözmäniň mümkin däldigini aýtmak bilen aklaýarlar. Rowaýatlaryň we ýalňyşlyklara alyp barýan düşündirişleriň güýçli täsiri özleriniň ünsüni Rebbiň tebigaty, Onuň dolandyryşynyň tebigaty we Onuň günä bolan garaýşy hakdaky Mukaddes Kitap taglymatyndan sowýandygy sebäpli, erbetligiň beýik kynçylyklaryna kanagatlanarly jogap tapyp bilmeýän adamlaram bar. BG 402.1
Günäniň gelip çykyşyny we ýaşap ýörmesini logiki taýdan esaslandyrmak mümkin däl. Şol bir wagtyň özündede, günäniň gelip çykyşy we köki - damary bilen gutarnykly ýok ediljekdigine garanymyzda, Hudaýyň erbetlige bildirýän adalatyna we rehimdarlygyna doly derejede göz ýetirmek bolar. Yazgy Hudaýyň günäniň gelip çykyşy üçin hiç hili jogapkärçilik çekmeýändigini diýseň düşnükli aýdýar. Hudaýyň merhemetiniň öz ugruna aýrylmasam, Hudaýyň dolandyryşynda gökde gozgalaň turuzmaklyga alyp baraýjak kemçiliklerem bolmady. Günä çagyrylmadyk myhmandyr. Onuň peýda bolmasyny hiç zat bilen düşündirip bolmaýar. Bu akyl ýetirip bolmajak syrdyr; günäni aklamak - ony goramakdyr. Eger günäniň bar bolmagynyň sebäbini tapmak ýada onuň emele gelmesini aklamak başartsa, onda ol günä bolmasyny bes ederdi. Günäniň mümkin bolan ýeke - täk kesgitlemesi Mukaddes Ýazgydaky: “Günä Kanuny bozmakdyr” diýen söz bolsa gerek. Günä Hudaýyň dolandyryşynyň esaslanýan beýik söýgi kanuny bilen ylalaşyp bolmajak garşydaşlykda durýan prinsipe eýermäniň netijesinde peýda bolýar. BG 402.2
Bütin Älemde erbetlik peýda bolmazyndan ozal parahatlyk bilen şatlyk höküm sürýärdi. Hemme zat ýaradanyň islegi bilen doly sazlaşykda bolýardy. Hudaýa bolan söýgi hemme zatdan ýokarydy, birek - birege bolan söýgi adalatly hem arassady. Mesih - Söz, Hudaýyň ýeke - täk Ogly - Ebedi Atasy bilen birdi. Olaryň tebigaty hem niýetleri birdi. Biitin Älemde Hudaýyň bar maksady bagyş edilen Kişi - bu Mesihdi. Ata Mesihiň üsti bilen gökdäki zatlaryň hemmesini ýaratdy. “Sebäbi Gökdäki weýerdäki görimýän hem görünmeýän zatlary, tagtlardyr häkimiýetleri, hökümdarlyklardyr ygtyýarlary - baryny Şol ýaratdy. Her zat Ol arkaly we Onuň üçinýaradyldy” (Koloseliler 1:16). BG 403.1
Hudaýyň dolandyryşynyň esasynyň söýgi Kanuny bolup durýandygy sebäpli, ýaradylanlaryň hemmesiniň bagty Kanunyň beýik dogrulyk prinsiplerine näderejede laýyk gelýändigine baglydy. Hudaý Oz ýaradan zatlarynyňhemmesiniň Özüne söýgüde gulluk etmeklerini we Özüniň häsiýetine paýhasly düşünmeden gelip çykýan hormaty goýmaklaryny isleýär. Hudaý mejbury gullukdan hiç hili kanagatlanma tapmaýar, şonuň üçin adamlar Hudaýa meýletin gulluk ederleri ýaly, Ol hemmelere azat erk sowgat berýär. BG 403.2
Ýöne bu azatlykdan hyýanatçylykly peýdalananam tapyldy. Giinä ilkinji gezek Mesihden soň ikinji bolan, Hudaýyň sylan we öz kuwwatynda hem şöhratynda Hudaýyň beýleki ýaradanlaryndan ýokarda duran biri tarapyndan emele getirildi. Lýusifer günä etmezinden ozal birinji akylly, mukaddes hem çirksiz kerubdy. “Taňry Reb şeýle diýýär diý: “Kämilligiň möhüri, danalygyň we gözelligiň aňrybaşy sendiň. Sen Eremde Hudaýyň bagyndadyň; lagyl, topaz, göwher, sary ýakut, hakyk, ýaşyl gaşlar, ýakut, pöwrize we zümerret ýaly ähli gymmatbaha daşlara we altyna gaplanypdyň... Sen goragçy kerup hökmünde ganatlaryňy ýaýyp oturdyň, seni Men belläpdim. Sen Hudaýyň mukaddes dagyndadyň, otly daşlaryň arasynda gezdiň. Ýaradylan günüňden tä senden ýazyk tapylýança, ýollaryňda aýypsyzdyň” (Ezekiýel 28:12-15). BG 403.3
Lýusefir öz tebigatynyň gowy häsiýetlerini başgalara ak pata bermeklige we Ýaradany şöhratlandyrmaga göniikdirmek bilen hemişe gökdäki goşunyň söýgüsinden hem hormatyndan, şeýle hem, Hudaýyň söýgüsinden peýdalanyp bilýärdi. Ýöne pygamber: “Owadanlygyň zerarly ýüregiňi tekepbir tutdyň, şöhratparazlygyňdan ýaňa danalygyňy harladyň; Men seni ýere çaldym; görsünler diýip, patyşalaryň öňüne zyňdym” (Ezekiýel 28:17) diýýär. Ýuwaş - ýuwaşdan Lýusifer özünde artykmaçlyga dyrjaşmany döredip başlady. “Sen ýüregiňi hudaý ýaly tutdyň” (Ezekiýel 28:6). BG 403.4
“Sen ýüregiňde diýdiň:
«Göklere çykaryn,
tagtymy Hudaýyň ýyldyzlaryndan
ýokarda goýaryn.
Bulutlaryň depesine çykaryn,
Allatagala ýaly ederin özümi»”
BG 404.1
(Işaýa 14:13-14).
Hudaýyň ýaradanlaryna özleriniň Ýaradyjysyny hemme zatdan-da, ýokary goýup söýmegi öwretmegiň we Oňa wepaly bolmagyň deregine, Lýusifer olary özüne gulluk etmäge we tagzym etmäge mejbur etdi. Ata Hudaýyň Öz Ogluny gurşap alan sylag—hormatyndan peýdalanmak islän gökdäki goşunlaryň bu hökümdary diňe ýeke—täk Mesihe degişli bolan ygtyýary almagyň küýüne düşdi. BG 404.2
Tutuş gök Ýaradany şöhratlandyrmakdan we Hudaýa öwgi aýtmakdan aýratyn şatlyk tapýardy. Hudaý şu derejede hormatlanylan wagtynda, hemme zat asudalykda hem eşretdedi. Ýöne indi gökdäki sazlaşyk bozulypdy. Özüni beýgeltme, özüne gulluk etme Ýaradanyň maksadyna şobada garşy daşlyk boldy-da, Hudaýyň şöhratyny birinji ýerde goýanlaryň aňlarynda erbet zady syzmany döretdi. Göklerdäki maslahatlarda Lýusiferden oýlanmagyny haýyş etdiler. Hudaýyň Ogly oňa Ýaradanyň beýikligini, merhemetli hem adalatlydygyny, Onuň Kanunynyň mukaddes hem sarsmazdygyny subut etdi. Hudaý göklerde tertip - düzgün gurady, emma Lýusifer olary äsgermezçilik etdi we şeýle etmek bilen öz Ýaradyjysyny biabraý etdi, munuň üçin ol özüni ölüm ummanyna duçar etdi. Tükeniksiz söýgüden hem rehimdarlykdan syzyp çykan duýduryşlaryň hemmesi ondaky garşydaşlyk ruhuny has-da güýjetdi. Lýusifer göripçilik duýgusynyň özüni gurşap almagyna ýol berdi, şol sebäpdenem, onuň hereketleri has-da, aýgytly boldy. BG 404.3
Özniň ajaýyplygyna buýsanyp, ol iň beýik ygtyýary isledi. Ol öziine Rebbiň beren beýik hormatyna mynasyp baha bermedi hem-de beren sylaglary üçin Ýaradyjysyna minnetdarlyk bildirmedi. Gökdäki zatlaryň hemmesinden özüniň artykmaçdygyna buýsanyp, Hudaý bilen deň bolmagy arzuw etdi. Gökdäki goşunlar oňa söýgi hem hormat bilen garadylar. Olar onuň buýruklaryny şatlyk bilen ýerine ýetirdiler, sebäbi ol iň ýokary akyldarlyga hem şöhrata gurşalypdy... emma gökleriň yglan edilen hökümdary Hudaýyň Atasy bilen deň derejede ygtyýara hem şöhrata eýe bolan Ogludy. Lýusifere Hudaýyň ähli maslahatlary açylman wagtynda-da, Mesih Hudaýyň ähli maslahatlaryna gatnaşdy. Bu kuwwatly perişde ýokary ygtyýaryň Mesihe degişli bolmalydygyny sorady. Näme üçin ol menden, Lýusiferden, ýokarda? BG 404.4
Lýusifer Hudaýyň öňündäki öz ýerini terk edip, perişdeleriň arasynda nägilelik ruhuny ekip başlady. Özüni golaýlaşyp bolmajak syrlylyk bilen gurşap hem hakyky niýetlerini Hudaýa çuň hormat goýma maskasynyň astynda gizläp, ol gökdäkileriň hemmesiniň tabyn bolan kanunyna nägilelik döretmäge çalyşdy-da, ol kanunlaryň düýbünden gerek bolmajak çäklendirmeleri özünde saklaýandygyny birmanyly usulda görkezdi. Perişdeler özleriniň tebigaty boýunça mukaddes bolandyklary sebäpli, olary öz erkniň höweslerine eýermelidiklerine ynandyrdy. Lýusifer özüne Hudaýyň Mesihe iň ýokary hormaty bermek bilen adalatsyz daran ýaly görnüşe girdi-de, özüne duýgudaşlyk döretmäge çalyşdy. Ol ulurak ygtyýara hem ýokarrak derejä özüni beýgeltmek üçin çykjak bolman, eýsem, gökdäki ýaşaýanlaryň hemmesiniň has ýokary derejä göterilmekleri üçinsynanyşýandygyny aýtdy. BG 404.5
Reb Özüniň beýik rehimdarlygynda Lýusifere sabyrlylyk görkezdi. Ol nägilelik ruhuny ekenden soňam, özüniň beýik derejesinden derrew jyda düşmedi. Hatda wepaly perişdeleriň öňünde öz bikanun talaplaryny öňe sürende-de, derejesini ýitirmedi. Ol gökde uzak wagtlap boldy. Toba edip, kiçelse, onda bagyşlanyljakdygyny oňa köp gezekler teklip etdiler. Çäksiz Söýginiň we Akyldarlygyň bar tagallasy oňa öz ýalňyşlygyny açyp görkezmeklige gönükdirilendi. Şol wagta çenli göklerde dawa ruhy mälim däldi. Başda Lýusiferiň özi nähili ummana agdarylyp barýandygyna düşünmedi, öz duýgularynyň hakyky tebigatyna akyl ýetirmedi. nägilelik üçin hiç hili esasyň ýokdugy oňa görkezilende, Lýusifer özüniň bimamladygyna, Hudaýyň talaplarynyň adalatlydygyna göz ýetirdi. Ol bütin gögüň öňtinde muny boýun almalydy. Eger ol şonuň ýaly eden bolsa, onda özünide, köp perişdeleri-de, halas ederdi. Şol wagtda ol entek belli bir derejede Hudaýa wepalydy. Ýolbaşçy kerubyň derejesinden mahrum bolsa-da, barybir, eger Ýaradanyň akyldarlygyny ykrar edip hem-de özüne Hudaýyň planynda berlen ýer bilen kanagatlanyp oturan bolsa, özüniň öňki hukuklaryny alardy. Emma tekepbirlik oňa tabyn bolmaga rugsat bermedi. Özüniň nukdaýnazaryny, hereketlerini tutanýerlilik bilen gorap hem-de toba eder ýaly hiç zat etmändigini aýdyp, öz Ýaradany bilen beýik göreş ýoluna gutarnykly düşdi. BG 405.1
Ol özüniň aňrybaş aklynyň baryny öz gol astynda bolan perişdeleri azdyrmaga gönükdirdi. Hatda Mesihiň beren duýduryşlary-da, onuň dönüklik planynyň peýdasyna ýoýuldy. Şeýtan özüni aýratyn gowy görýänlere hormatyň goýmalysy ýaly goýulmaýandygyndan, öz azatlygynyň gödek hem bikanun bozulýandygyndan arz etdi. Mesihiň sözlerini üýtgetmek bilen ol Hudaýyň Ogluny Lýusiferigökdäkiýaşaýjylaryň hemmesiniň öňünde masgara etmek niýetiniň bardygynda aýyplap, dürli duzaklara hem göni töhmete ýüz urdy. Ol özüniň wepaly perişdeler bilen ylalaşmazlygyny ýalan görnüşde görkezmäge çalyşdy. Aldamagy hem öz tarapyna çekmegi başartmadyklary ol gäkdäki ýaşaýjylaryň bähbidine perwaýsyzlykda aýyplady. Hudaýa wepaly bolup galanlary bolsa, ol öz eden zatlarynda aýyplady. Özüne Hudaýyň adalatsyz daraýandygyna başgalary ynandyrjak bolup, Onuň aýdan sözlerini we eden hereketlerini üýtgedip düşündirip başlady. Onuň mekir syýasaty her hili pirimleriň kömegi bilen perişdeleriň arasynda bulam-bujarlyk döretmekdi, Hudaýyň niýetleri babatda düşnüşmezligi emele getirmekde jemlenendi. Iň ýönekeý zatlaryň hemmesini ol gizlin hasap etdi-de, Ýehowanyň iň aýdyň kararlaryny ussatlyk bilen ýoýdy, olary şübhe astyna saldy. Özüniň ýokary derejesi, Hudaýyň dolandyryşyna degişliligi onuň tassyklamalaryna uly güýç berdi, şonuň üçin köpler aldawa düşüp, Gökdäki ygtyýara garşy bolan gozgalaňa goşuldy. BG 405.2
Nägilelik ruhy aç — açan gozgalaňa ýazýança, Hudaý Özüniň akyldarlygynda şeýtana öz işini dowam etdirmäge rugsat berdi. Şeýtanyň planlarynyň doly ýüze çykmagy, onuň hakyky tebigatyny hem ugruny hemmeleriň görmegi üçin şeýle etmek wajyp bolupdy. Lýusifer mesh edilen kerub bolany üçin ýokary derejäni eýeleýärdi, gögüň ýaşaýjylarynyň uly söýgüsinden peýdalanýardy hem olara güýçli täsirini ýetirýärdi. Reb diňe gögiiň ýaşaýjylaryny däl-de, Öz ýaradan dünýäleriniň hemmesini dolandyrýardy, şonuň üçin şeýtanam, eger öz gozgalaňyna gögüň perişdelerini çekmek başartsa. onda beýleki dünýäleri-de, aldawa salaryn öýdüp umyt edýärdi. Ol her hili duzak gurmalara we mekirlige ýüz urup, öz delillerini diýseň başarjaňlyk hem ussatlyk bilen gurnady. Onuň aldawa salmasynyň güýji örän uludy, şol sebäpdenem, ýalanyň donuny geýip, üstünlige ýetdi. Hatda wepaly perişdelerem, onuň häsiýetine doly akyl ýetirip we edýän işleriniň nämä alyp barjakdygyna düşünip bilmediler. BG 406.1
Şeýtan şeýle ýokary derejäni eýeländigi sebäpli, onuň edýän hereketleriniň hemmesi şeýle akyl ýetirip bolmajak syrlylyk bilen paş boldy welin, onuň işleriniň hakyky tebigatyna düşünmek perişdelere örän kyn boldy. Günä ösüp ýetişýänçä, onuň nähili heläk ediji netijeleriň üstiinden alyp barjakdygyna düşünmek kyn bolupdy. Şol wagta çenli Hudaýyň Äleminde munuň ýaly zat bolmandy, şol sebäpdenem, mukaddes perişdeler günäniň tebigaty hem mekirligi hakda hiç zat bilmeýärdiler. Olar Hudaýyň Kanunyny bozmadan gelip çykýan eýmenç netijeleri pikirine-de getirip bilmeýärdiler. llki şeýtan öz niýetlerini özüniň Hudaýa bolan ýasama wepalylygynyň örtügi astynda gizledi. Ol Rebbiň şöhratyny berkleşdirmäge we güýçlendirmäge çalyşýandygyny, Onuň hökümdarlygyny hem abraýyny pugtalandyrýandygyny hem-de gögüň ýaşaýjylarynyň bähbidine ýardam edýändigini nygtaýar. Özüniň gol astyndaky perişdeleriň aňyna nägileligiň zäherini damja - damjadan damdyryp, bar ýokary ussatlyk bilen şol nägileligi ýok etmäge çalyşýansyran boldy. Hudaýyň dolandyryşynyň şertlerini hem kanunlaryny üýtgetmegiň zerurdygyny öňe sürmek bilen gökde ylalaşygy diňe şeýle etmek bilen saklamagyň mümkindigini düşündirdi. BG 406.2
Reb günä garşy diňe dogrulyk hem hakykat bilen göreşip bilýärdi. Şeýtan bolsa, Hudaýyň ýüz urup bilmejek zadyndan - aldaw hem ýaranjaňlygy - ulandy. Ol Hudaýyň Sözüni ýoýmaga çalyşdy hem-de Onuň dolandyryş planyny perişdeleriň öňünde ýalan manyda gerkezmäge, Rebbiň gökdäki ýaşaýjylary Öz kanunlaryna hem kararlaryna tabyn etmek bilen, Öz ýaradanlaryndan tabynlygy hem diýen edijiligi talap etmek bilen adalatsyzlyk edýändigini, Onuň hökümdarlygy Öz eline aljak bolup jan edýändigini nygtady. Şonuň üçin gögüň ýaşaýjylarynyň hemmesine, şeýle hem, beýleki dünýälere Hudaýyň dolandyryşynyň adalatlydygyny we Onuň Kanunynyň kämildigini görkesmek zerur boldy. Şeýtan Älemiň abadançylygy üçin özüniň ýanyp - bişýändigini görkezensirän boldy. Şol sebäpdenem, hökümdarlygy zor bilen aljak bolýan şeýtanyň hakyky häsiýetine we hakyky niýetlerine hemmeler düşünmelidiler. Onuň özüni öz kanunsyzlyklary bilen paş etmegi üçin bolsa, belli bir wagt gerek boldy. BG 407.1
Şeýtan özüniň gökde döreden bölünişiginde Hudaýyň kanunyny hem dolandyryşyny günäkärledi. 01 bar erbetligiň Hudaýyň ýolbaşçylygynyň netijesidigini, özüniň ýeke - täk maksadynyň Ýehowanyň kararlaryny kämilleşdirmek bolup durýandygyny yglan etdi. Şol sebäpli hem, ol öz talaplarynyň häsiýetini görüp, Hudaýyň kanunyna girizmegi teklip edenözgerişleri iş ýüzünde görkezmegi zerurdy. Ony özüniň eden hereketlleri ýazgarmalydy. Şeýtan ilkibaşdan özüniň gozgalaňçy däldigini aýtdy. Ýalançyny tutuş Älemiň öňünde paş etmek gerekdi. BG 407.2
Hatda onuň mundan artyk gökde galmaly däldigi çözülenden soňam, Tükeniksiz Akyldarlyk şeýtany ýok etmedi. Hudaýyň diňe söýgä esaslanýan gullugy kabul edýändigi üçin ýaradanlarynyň Oňa bolan wepalylygy diňe Onuň adalatyna hem rehimine göz ýetirmede jemlenýändir. Gögüň hem beýleki dünýäleriň ýaşaýjylary günäniň tebigatyna hem onuň netijelerine akyl ýetirmäge ýagdaýy bolmandygy sebäpli, eger Hudaý şeýtany ýok etse, onda Ony adalatly hem rehimdar hasaplap bilmezdiler. Eger şeýtany derrew ýok eden bolsalar, onda olar Rebbe söýgi bilen däl-de, gorky bilen gulluk ederdiler. Ýalançam, doly ýeňilmezdi, gozgalaňçylyk ruhuny köki bilen aýryp taşlap bolmazdy. Erbetlik ýetişmelidir. Bütin Älemiň ebedi abadançylygy üçin şeýtanyň Hudaýyň dolandyryşyna garşy bildirýän aýyplamasynyň ýaradylan zatlaryň hemmesiniň öňünde hakyky manysynda durmagy üçin oňa öz prinsiplerini doly ösdürmäge rugsat edildi. Şeýle edilende, Rebbiň adalaty, rehimdarlygy hem Onuň Kanunynyň mizemezligi, hiç hili şübhesiz, hemişelik berkeýärdi. BG 407.3
Geljekki asyrlaryň hemmesinde şeýtanyň gozgalaňy Älem üçin sapak, günäniň tebigatynyň hem eýmenç netijeleriniň ebedi şaýatlygy bolmalydy. Şeýtanyň hereketi we onuň perişdelere bolşy ýaly, adamlara-da ýetirýän täsiri Hudaýyň ygtyýaryny äsgermezçilik etmekligiň nämä alyp barýandygyny görkezmelidi. Bu zatlaryň hemmesi Rebbiň ýaradanlarynyň hemmesiniň abadançylygynyň Hudaýyň Kanunyny berjaý edişine we Hudaýyň prinsiplerine eýerişine baglydygyna şaýatlyk edýär. Şeýlelikde, bu eýmenç gozgalaň kanunsyzlygyň hakyky tebigatyna paýhasly zatlaryň gözlerini açmalydy, howpsuzlyga ýardam edip, mukaddes jandarlaryň hemmesi üçin ebedi duýduryş bolmalydy, günä etmekden, gutulgysyz görgülerden we jezadan saklamalydy. BG 408.1
Beýik ýalançy gökdäki göreş tamamlanýança, özüni aklamagyny dowam etdirdi. Şeýtanyň özüne duýgudaşlyk bildirýänler bilen bilelikde eşretli mesgenden kowuljakdygy aýan bolanda, gozgalaňçylaryň öňbaşçysy Yaradanyň Kanunyny ýigrenýändigini açyk yglan etdi. Ol öz tassyklamasyny gaýtalady, şonuň üçin perişdelere onuň tassyklamasyna gözegçilik etmek gerek bolmady, ýöne özlerini üýtgewsiz ýagdaýda ýagşylyk etmäge meýillendirjek şahsy erkine esaslanmalydylar. Şeýtan Hudaýyň kararlarynyň özleriniň azatlygyny çäklendirýändigini, şol sebäpli-de, Kanunyň gandalyndan boşadylan gökdäki goşunlar has ýokary hem şöhratly derejä ýeter ýaly, Kanuny ýok etmegiň gerekdigini aýtdy. BG 408.2
Şeýtan bilen onuň tarapdarlary özleriniň gozgalaň turzandyklarynyň bar günäsini bir agyzdan Mesihiň üstüne ýüklediler-de, eger özüni ýazgarmadyk bolsalar, onda etmezdiklerini aýtdylar. Hudaýa garşy gödeklik bilen baş galdyrmak, tabyn bolmazlyklarynda berk dunnak, güýçlerinde baryny edip, Hudaýyň hökümdarlygyny agdarjak bolmaga çalyşmak, şol bir wagtyň özündede, özlerini zalym ghökümdarlygyň pidasy ýaly edip görkezmek bilen beýik ýalançy hem onuň tarapdarlaryy ahyrsoňy göklerden kowuldy. BG 408.3
Gökde gozgalaň turuzmaga alyp baran şol ruh häzirki wagta çenli-de, ýerdäki gozgalaňçylary ruhlandyryp ýör. Adamlaryň arasynda-da, şeýtan perişdeleri aldap geçiren syýasatyny geçirýär. Tabynsyzlyk çagalarynda onuň ruhy şu günem hökümdarlyk edýär. Şol çagalaram, edil şeýtan ýaly, Hudaýyň Kanunynyň çäklendirmelerini ýok etmäge jan edýär we şol Kanunyň buýruklaryny bozana azatlyk wada berýär. Şol ruh günä paş edilende, ýigrenç hem garşydaşlyk döretmesini dowam etdirýär. Hudaýdan gelýän paş ediji habar wyždany oýandyranda, şeýtan adamlary özlerini aklamaga we töweregindäkilerden duýgudaşlyk bilen goldaw gözlemäge meýillendirýär. Adamlar özleriniň ýalňyşlyklaryny düzetmäniň deregine, paş ediji ýüze çykan ýakymsyz ýagdaýlaryň ýeke - täk sebäpkäri ýaly, oňa garşy gozgalaň turuzýar. Habylyň günlerinden başlap, häzirki döwre çenli, şunuň ýaly gatnaşyk günäni ýazgarmaga het edip bilýänleriň hemmesine garşy edilýär. BG 408.4
Edil gökde edişi ýaly, hereket edip, şeýtan adamlarda Reb barada gazaply hem zalym şa hökmünde ýalan pikir döredip, olary günä tarap yrdy. Bu işinde üstünlik gazanyp, öz wagtynda şeýtany-da, gozgalaň turuzmaga iteklän Hudaýyň adalatsyz talaplarynyň adamy-da günä alyp barandygyny yglan etdi. BG 409.1
Ýöne Gudratygüýçli Öz tebigatyny şeýle açyp görkezýär:
«Men Rebdirin, Rebdirin,
Rehimli we merhemetli Hudaýdyryn. Men giňgöwünli,
Tükeniksiz söýgüden doly we wepalydyryn.
Müňlerçe nesillere baky söýgimi görkezerin.
Etmişi, ýazygy we günäni bagyşlaýaryn.
Ýöne günälini jezasyz hem goýmaýaryn.
Atalarynyň etmişiniň jezasyny çagalaryna,
Olaryň çagalarynyň çagalaryna,
Olaryň üçünji we dördünji arkasyna çekdirerin»
BG 409.2
(Müsürden çykyş 34:6-7).
Hudaý şeýtany göklerden kowmak bilen Öz adalatyny tassyklady hem-de Öz tagtynyň abraýyny saklady. Yöne adam bu günäli ruhuň aldawyna düşüp, günä edende, Hudaý Öz söýgüsine Özüniň ýekeje Ogluny giinäli adamzat üçin ölüme bermek bilen subut etdi. BG 409.3
Munda Reb Özüni durky bilen açyp görkezdi. Haç - Lýusiferiň saýian günä ýolunyň hiç bir görnüşde-de, Hudaýyň dolandyryşyndaky kemçilikleriň netijesi däldigini diýseň kuwwatlylyk bilen subut etdi. BG 409.4
Halasgäriň ýerdäki gullugy wagtynda, Mesih bilen şeýtanyň arasynda bolup geçen göreşde beýik ýalançy özüni doly paş etdi. Şeýtanyň dünýäniň Halasgäriniň üstüne eden gazaply hüjümieri ýaiy, başga hiç zadam gögüň perişdelerini şeýtandan şeýle ýüz öwürmäge, Älemdäki wepaly galanlaryň hemmesini ondan daşlaşmaga mejbur edip biimändi. Mesihiň özüne tagzym etmesini talap eden şeýtanyň Hudaýa gödek dil ýetirmesi, isany dagyň depesinde we ybadathananyň ýokarsynda goýan wagtyndaky tekepbirlikli öwünjeňligi, Mesihe baş aýlandyryjy ýokarlykdan Özüni oklamaga eden teklibinde açylan erbet niýeti, Mesihi bir ýerden başga ýere gitmäge mejbur eden ganmazak gazaplylyk bilen yzarlamasy, ahyrsoňunda ruhanyiar bilen halkyň ýüreklerine täsir etmesi netijesinde, olaryň Mesihiň söýgüsini ret edip, küteklik bilen: “Ony haça çüýle, haça çüýle!” diýip gygyrmasy - bu zatlaryň hemmesi Älemde haýran galma hem ýigrenç döretdi. BG 409.5
Mesihi inkär etmeklige dünýäni hut şeýtan ynandyrdy. Isany ýok etmek üçin ýamanlygyň patyşasy bar güýjüni hem mekirligini orta goýdy, sebäbi ol Halasgäriň rehiminiň hem söýgüsiniň, duýgudaşlygynyň hem mylaýym näzikliginiň Rebbiň häsiýetini dünýä açýandygyny gördi. Şeýtan Hudaýyň Oglunyň her bir sözüne garşy göreşdi, şonuň üçin, Halasgäriň durmuşyny görgüden hem hasratdan doldurmak üçin öz ýaragy hökmünde adamlary ulandy. Isanyň işine päsgel bermäge jan edende kömege çagyran toslamalary hem mekirligi, tabynsyzlyk ogullarynyň üsti bilen görkezen ýigrenji, durmuşy deňsiz - taýsyz ýagşylygyň we takwalygyň nusgasy Bolanyň adyna bildiren iň gazaply ýazgarmalary - bu zatlaryň hemmesi çuň kök urup giden ar alma teşneliginden syzyp çykýardy. Sessiz elhençlige gurşalan tutuş asman Golgotada Hudaýyň Ogluny uzak saklanan göripçiligiň, gazabyň, ýigrenjiň hem ar alyjylygyň ýalnynyň çabyraýşyna seredip durdy. BG 409.6
Beýik Gurbanlyk getirilenden soň, Mesih Öz Atasyna: “Seniň Maňa berenleriň-de, bolan ýerimde Meniň bilen bile bolmagyny” (Yahýa 17:24) soraýan haýyşyny ýetirýänçä, perişdelerdentagzymy kabul etmekden ýüz öwrüp, göklere galdy. Şonda Atanyň tagtyndan söz bilen beýan edip bolmajak söýgüden we güýçden doly bolan: “Hudaýyň ähli perişdeleri Oňa sežde etsin” (Yewreýler 1:6) diýen jogap ýaňlandy. Isada ýekejede tegmil galmandy. Onuň kemsidilmesi gutardy. Onuň gurbanlygy kabu! edildi, şol sebäpdenem, Oňa bar atdan ýokary at berildi. BG 410.1
Indi şeýtana öz günäsini aklamak mümkin bolmady. Ol özüniň hakyky ýalançyllyk hem ganhorluk tebigatynyň bardygyny bildi. Şeýtanyň öz gol astyndaky adam ogullaryny dolandyran şol ruhy gögüň ýaşaýjylarynyňam arasynda peýda bolup bijlekdigi indi düşnükli bolupdy. 01 Hudaýyň Kanunyny bozmaklygyň Älemiň ýaşaýjylaryna azatlyk getirjekdigini hem-de olary ýokary galdyrjakdygyny aýtdy, ýöne indi düşnükli bolşy ýaly, bu olary diňe gulçulyga hem azmaklyga alyp baryp biljekdi. BG 410.2
Şeýtanyň Hudaýyň häsiýetine we dolandyryşyna atan töhmeti hakyky manysynda aýan boldy. Şeýtan Hudaýy Öz ýaradanlaryndan tabynlygy hem gulak asyjylygy talap etmek bilen olara Öz islegini güýç bilen kabul etdirmekde we hemmeleri özlerini ret etmäge çagyranda, Ýaradyjynyň Özüniň hiç hili pida etmändigini, diňe Özüni şöhratlandyrmaga dyrjaşandygyny aýdyp, şu zatlarda hem Ony aýyplady. Indi ýykylan hem günäli adamy halas etmek üçin Älemiň Hökümdarynyň söýginiň getirmäge ukyply bolan nähili beýik gurbanlyklarynyň birini getirendigini hemmeler gördüler; “Yagny Hudaý dünýäni Özi bilen Mesihde ýaraşdyrdy” (2 Korintoslylar 5:19). BG 410.3
Sylaşyga hem ýokary hökümdarlyga dyrjaşmak bilen Lýusiferiň günäniň öňünde gapyny açanyny, Mesihiň bolsa, günäni ýok etjek bolup, Özüni hatda ölüme çenli-de tabyn bolup kiçeldenini hemmeler gördüler. BG 410.4
Hudaý Özüniň gozgalaň prinsiplerini ýigrenýändigini görkezdi. Hudaýyň şeýtany ýazgarmasynda bolşy ýaly, adamy halas etmesinde-de, aýan bolan adalatyny bütin gök gördi. Eger Hudaýyň Kanuny üýtgewsiz bolýan bolsa, ony bozana bagyşlama bolup bilmeýän bolsa, onda her bir Kanuny bozyjynyň Ýaradanyň rehiminden hemişelik mahrum edilmelidigini Lýusifer aýtdy. Ol günäli adamzadyň halas edilip bolmajakdygyny, şoňa görä-de, özüniň oljasy bolýandygyny aýtdy. Ýöne Mesihiň ölümi adamyň peýdasyna şeýle delil boldy welin, ony ret etmek mümkin bolmady. Kanun boýunça bellenilen jeza Hudaý bilen deň Bolanyň üstüne düşdi, şonuň üçin indi adam Mesihiň dogrulygyny alyp, tabyn hem takwa ýaşaýşy bilen Hudaýyň Oglunyň şeýtanyň ygtyýarynyň üstünden ýeňiş gazanyşy ýaly, ýeňiş gazanyp biler. Şeýlelikde, Hudaý Isa imanedýänleriňhemmesiniň dogry hem aklaýjy Hudaýy bolup durýar. Ýöne Mesih ýere diňe bir görgüler hem ölüm bilen töleg töläp, adamy halas etmek üçin gelmedi. Onuň öňünde “Kanuny beýgeltmeklik hem şöhratlandyrmaklyk” durdy. Ol muny diňe bir ýerdäki ýaşaýjylaryň Özüne bolmalysy ýaly hormat bilen garamaklary üçin dälde, eýsem, Älemdäki ýaşalýan dünýäleriň hemmesine Kanunyň üýtgedilmändigini subut etmek üçinem etmelidi. Eger Kanunyň buýruklaryny ýatyrmak mümkin bolan bolsa, onda ony bozanlary halas etmek üçin Hudaýyň Oglunyň Öz janyny bermegi gerek bolmazdy. Mesihiň ölümi Kanunyň bozulmazlygyny subut edýär. Günäkärlere bolan çäksiz söýginiň Ata bilen Ogly iteklän bu gurbanlygy biitin Äleme adalat bilen rehimiň Rebbiň Kanuny bilen dolandyryşynyň esasy bolup durýandygyny subut edýär. Diňe şu halas ediş plany, mundan kiçi zat däl, Hudaýyň häsiýeti hakdaky hakykaty dikeldip bildi. BG 410.5
Soňky sudda günäniň emele gelmegi üçin hiç hili sebäbiň ýokdugy düşnükli bolar. Bütin ýeriň Kazysy şeýtandan: “Näme üçin sen Meniň garşyma gozgalaň turzup, Patyşalygymyň wekillerini alyp gitdiň?” diýen soraga jogap talap eder. Şonda erbetligi başlaýjy özüni aklamak üçin hiç zat aýdyp bilmez. Hiç kim ýekeje sözem aýdyp bilmez, bütin gozgalaňçy goşun gepleýiş ukybyny ýitirer. BG 411.1
Golgotadaky haç Kanunyň mizemezligini tassyklaýar hem-de günä üçin beilýän jezanyň ölümdigini bütin Äleme görkezýär. Halasgäriň ölümiň öň ýanyndaky: “Berjaý boldy!” diýen sözi şeýtan üçin höküm bolup ýaňlanypdy. Şunça wagtlap dowam eden beýik göreşiň ahyry kesgitlenildi, şonuň üçin erbetligi köki bilen gutarnykly ýok etme mümkin boldy. Hudaýyň Ogly “ölum güýjüne eýe bolany, ýagny iblisi ölüm arkaly ýok etjek” (Ýewreýler 2:14) bolup, gabryň derwezesinden geçdi. Lýusiferiň ýokarlanma islegi özüniň: BG 411.2
“tagtymy Hudaýyň ýyldyzlaryndanýokarda goýaryn. BG 411.3
... özümi Allatagala dek ederin” (lşaýa 14:13-14) diýen sözlerinde beýanyny tapdy. Reb: “Men seni... ýer ýüzünde kül etdim... sen... ebedilik ýok bolarsyň” (Ezekiýel 28:18-19) diýýär. “Ine, ol gün ojak ýaly ýanyp gelýär. Ähli tekepbirler we hemme erbetlik edýänler saman kimin bolarlar. Olgün olaryň hemmesini ot ýandyrar. Olarda ne kök, ne-de baldak galar” (Malaky 4:1). BG 411.4
Bütin Älem günäniň bardygyny we onuň netijeleriniň nähilidigini görer. Eger onuň doly ýok edilmesi ilkibaşda bolan bolsa, onda bu perişdeleri gorka salyp, Hudaýa biabraýlyk getirerdi. Indi ol Hudaýyň islegini ýerine ýetirmekden iň beýik lezzeti alýan we ýüreklerinde Onuň Kanuny möhürlenilen Älem ýaşaýjylarynyň öňünde Hudaýyň söýgüsiniň subutnamasy bolar we Ony beýgelder. Şondan soň, hiç haçan erbetlik bolmaz. Hudaýyň Sözi: “Muşakgat ikilenç inmez” (Nahum 1:9) diýýär. Şeýtanyň gulçulyk gandaly hökmünde görkezen Hudaýyň Kanuny azatlyk Kanuny hökmünde sylanar. Synagdan geçen we synaga döz gelen ýaradylyş şondan soň, hiç haçan öz öňünde Özüniň bar akyl ýetmez söýgüsi hem çäksiz akyldarlygy bilen doly derejesinde açylan Hudaýa bolan söýgüsinde hiç haçan yranmaz. BG 412.1