Beýik Göreş
22—Nji Bap.
Berjaý Bolan Pygamberlik
1844-nji ýylyň bahary—Mesihiň gelmeli wagty diýlip çaklanylan, Onuň gelmegine iman bilen garaşanlaryň birneme wagtlap, şübhe hem ynamsyzlyk içinde bolan wagty-geçdi. Dünýä bu adamlary aldawyň pidasy hasaplady, emma olaryň özleri üçin Hudaýyň Sözi öňküsi ýaly, teselliniň çeşmesi bolmagynda galdy. Köpler özleriniň imanynyň esasyny barlamak üçin Yazgyny öwrenmeklerini dowam etdirdi, şonuň üçin has ýiti ýagtylyga tarap okdurylyp, pygamberlikleri gaýta - gaýta okadylar. Olaryň gözlerini ýetiren Mukaddes Kitap şaýatlyklary özleri üçin kesitli hem ynandyryjy boldy. Alamatlar Mesihiň geljek wagtynyň ýakyndygyny ýalňyşsyz görkezdi. Hudaýyň günäkärleriň imana gelmesinde, mesihileriň ruhy taýdan täzeden dogulmasynda aýan bolan aýratyn ak patalary bu habaryň Reb tarapdan iberilendigini tassyklady. Şol wagtda imanlylar özleriniň başlaryndan inen sustupesligi düşündirip bilmedik bolsalar-da, barybir şol wagtyň bütin dowamynda özlerini Hudaýyň alyp barandygyny duýdular. BG 316.1
Mesihiň Ikinji gelmesine degişli bolan pygamberlikler bilen Mukaddes Ýazgydan alnan öwüt baglanyşyklydyr. Ol öwüt Mukaddes Kitapda belli bir karara gelmezlik hem kesgitsizlik ýagdaýynda bolanlar üçin ýörite saklanylandyr. Ol olary şu pursatda düşünip bolmajak, ýöne geljekde düşnükli bolup biljek zada sabyrlylyk hem iman bien garaşmaga ruhlandyrdy. BG 316.2
Ol Habakuk pygamberiň Kitabyndan alnan parçadyr: BG 316.3
“Gözegçilik edýän ýerimde duraryn,
Diňiň üstüne çykaryn,
Rebbiň maňa näme diýjegini bileýin,
Şikaýatyma näme jogap berjegini göreýin.
Reb maňa şeýle jogap berdi:
“Aýanlygy ýaz,
Habarçy bir nazarda okar ýaly
Ony daşyň ýüzüne oýup ýaz.
Aýanlyk bellenen wagt üçindir,
01 kyýamat barada aýdýar, bu ýalan däl,
Haýal bolsa-da, sen oňa garaş,
Ol wagt hökman geler, eglenmez.
Sered-ä olaryň tekepbirligine!
Olaryň niýeti betpäl.
Emma dogruçyl iman bilen ýaşar»”
BG 316.4
(Habukuk 2:1-4)
Rebbiň: BG 317.1
“Aýanlygy ýaz,
Habarçy bir nazarda okar ýaly
BG 317.2
Ony daşyň ýüzüne oýup ýaz” diýen buýrugy baryp, 1842-nji ýylda Çarlz Fiçi Danyýeliň we Ylhamyň pygamberlikleri üçin illýustrasiýa taýýarlamaga ruhlandyrypdy. Bu shemanyň neşir edilmegine Habakuk arkaly berlen buýrugyň ýerine ýetmesi boldy. Ýöne, şeýle-de bolsa, şol bir pygamberlikde görnüşiň amala aşmasynda eglenmäniň - wagtyň haýallanmasynyň - boljakdygy hakda hem gürrüň edilýändigini hiç kim görmedi. Ählumumy sustupeslikden soň, Mukaddes Yazgynyň bu ýeri aýratyn mana we ähmiýete eýe boldy: BG 317.3
“Aýanlyk bellenen wagt üçindir,
01 kyýamat barada aýdýar, bu ýalan däl,
Haýal bolsa-da, sen oňa garaş,
Ol wagt hökman geler, eglenmez ...
Emma dogruçyl iman bilen ýaşar“.
BG 317.4
Ezekiýeliň pygamberlikleriniň käbir ýerleri-de, imanlylar üçin güýjüň hem teselliniň çeşmesi boldy: BG 317.5
“Maňa Rebbiň sözi geldi: «Eý, ynsan ogly! Sizih ysraýyl ýurdunda “Günler geçer gider, her bir aýanlyk puç bolar” diýýän bu nakylyhyz name? Şonuh üçin hem olara Tahry Reb: ... “Günler ýakyndyr, ähli aýanlygyh amala aşmagynyh günleri ýakyndyr” dijýär diý... Muny Reb bolan Men aýdýandyryn we Menih aýdan zatlarym amala-da aşar. Eý, pitneçi halk, indi bu gaýra goýulmaz, Men sözi aýdaryn we ony amala aşyraryn. Muny Tahry Reb diýýär”. “Ine, ysraýyl halky: “Oha gelen aýanlyk geljekki günler üçindir, ol uzak geljek barada pygamberlik edýär” diýýärler». Munuň üçin olara Tahry Reb şeýle diýýär diý: «Menih sözlerimih hiç biri indi gaýra goýulmaz, näme aýtsam, şol söz amala aşar. Muny Tahry Reb diýýär»” (Ezekiýel 12:21-25,27,28). BG 317.6
Rebbe garaşýanlar başdan ahyryň haçan geljekdigini bilýän Rebbiň özleriniň lapykeçligini köp asyrlar öňünden görüp, olara ruhlandyrma hem umyt sözlerini iberendigine ynanyp begendiler. Eger Mukaddes Yazgynyň olary sabyrlylyk bilen garaşmaga we Hudaýyň Sözüne ynanmaga çagyrýan bu tekstleri bolmadyk bolsa, onda synagyň şol gorkunç pursatlarynda olaryň imany yraň atardy. BG 317.7
Mattanyň Hoş Habarynyň 25-nji babyndaky on gyz hakdaky tymsalyň hem, adwentistlere göni dahyly bardyr. Mattanyň Hoş Habarynyň 24- nji babynda Mesih şäirtleriniň Öz gelmesiniň alamatlary hakdaky soraglaryna jogap berende, Özüniň Birinjihemlkinjigelmeleriniňarasynda bolup geçjek dünýä taryhyndaky we Yygnakdaky wajyp wakalary, has takygy, lýerusalimiň weýran bolmasyny, butparazlar hem papaçylar tarapyndan Yygnagyň yzarlanjagyny, şunuň bilen baglanyşyklylykda Ýygnagyň görgi görjekdigini, günüň hem aýyň tutuljakdygyny, ýyldyzlaryň düşjekdigini görkezdi. Mundan soň, Ol Özüniň gelip, Patyşalygyny dikeltjekdini aýdyp, Özüniň gelmegine garaşýan gullaryň iki görnüşi hakdaky tymsaly gürrüň berdi. 25 - nji bap: “Şonda Gögiiň Patyşalygy çyralaryny alyp, giýewi garşylamaga çykan on gyz ýaly bolar” diýen sözler bilen başlanýar. Bu ýerde gürrüň soňky günlerdäki, ýagny 24-nji babyň ahyrynda gürrüňi edilen Ýygnak barada barýar. Bu tymsalda Hudaýyň halkynyň başdan geçirmeli bolan zatlary günortaly halkyň toýunyň mysalynda görkezilipdir. BG 317.8
“ Şonda Gögüň Patyşalygy çyralaryny alyp, giýewi garşylamaga çykan on gyz ýaly bolar. Olaryň bäşisi akylsyz, bäşisi-de akylly eken. Akylsyzlar çyralaryny alýarlar, ýöne ýanlaryna ýag almaýarlar... Giýew gijä galanda, hemmesi irkilip uklaýarlar. Yarygije: <Ine, giýew gelýär, garşylamaga çykyň!> diýen batly ses eşidilýär” BG 318.1
Birinji perişdäniň habarynda gürrüňi edilýän Mesihiň gelmesi bu ýerde giýewiň gelmesi bilen şekillendirilýär. Rebbiň tizara geljekdigi baradaky wagyz bilen bilelikde edilen beýik Reformasiýa gyzlaryň gelmesi bilen aňladylypdyr. Mattanyň Hoş Habarynyň 24-nji babynda bolşy ýaly, bu tymsalda-da, adamlaryň iki görnüşi görkezilipdir. Hemmeler şemlerini, Mukadddes Kitaplaryny aldylar-da, onuň ýagtysyna Giýewi garşylamak iiçin çykdylar. Akylsyzlar “çyralaryny alýarlar, ýöne ýanlaryna ýag almaýarlar”. “Akyllylar çyralary bilen birlikde gaplarda ýag äkidýärler“. Bu adamlar Hudaýuyň merhemetini, ýagny Hudaýyň Sözüni “aýaklaryna nur, ýollaryna ýagtylyk” eden Mukaddes Ruhuň täzeden dogulma güýjüni aldylar. Olar Hudaýyň öňündäki gorkuda hakykaty bilmek üçin Ýazgyny öwrendiler we ýaşaýyş hem ýiirek arassalygyna tarap jany bilen dyrjaşdylar. Olar özleriniň şahsy tejribesinde köp zady başdan geçirdiler, şonuň üçin olaryň görgä ýugrulan imanyny, ýagny Hudaýa hem Onuň Sözüne bolan imanyny lapykeçlik hem Rebbiň gelmesiniň haýallanmasy gowşadyp bilmedi. Beýlekileri bolsa, “çyralaryny alýarlar, ýöne ýanlaryna ýag almaýarlar” Bu adamlar pursatlaýyn göçgünlilik astynda hereket etdiler. Dabaraly habar olaryň kalplarynda gorky döretdi, ýöne olar doganlarynyň imanyna bil baglap, duýgularyň ýylpyldaýan ýagtysy bilen kanagatlandylar, ýöne aslyýetinde olarda esasly hakykat bilimi ýokdy, şonuň üçin olar ýüreklerinde merhemetiň özgerdiji täsirini duýmaýardylar. Olar tizara sylag almanyň şatlykly umydyndan dolup, Rebbi garşy almaga çykýarlar, ýöne lapykeçligi hem Rebbiň gelmesiniň haýallygyny başdan geçirmäge dýbünden taýýar däldiler. Synag wagty gelende bolsa, olaryň imany gowşady we şemleri öçdi. BG 318.2
“Giýew gijä galanda, hemmesi irkilip uklaýarlar“. Giýewiň gijä galmasy Rebbe garaşma wagtyny, lapykeçligi we eglenme ýaly bolup görünmäni alamatlandyrýar. Şol näbellilik döwründe ýarym hem ýüzleý iman eden adamlar adwentistlik habaryna gyzyklanmasyny ýitirip başladylarda, göreşden ýüz öwürdiler. Yöne imany Mukaddes Kitaby şahsy taýdan bilmäniň üstünde duran adamlar gaýanyň üstünde berk durdular, şonuň üçin lapykeçligiň hiç hili tolkuny olary yrandyryp bilmedi. “hemmesi irkilip uklaýarlar” - käbirleri öz imanyny ýitirip, düýbünden gaýgysyz - gamsyz, beýlekileri has ýiti nura sabyrlylyk bilen garaşyp uklady. Şeýle-de bolsa, şol synag gijesinde olar belli bir derejde işe bolan özüniň yhlasyny hem wepalylygyny ýitiren ýaly bolup göründi. Yarym hem ýüzleý iman eden adamlar mundan artyk öz doganlarynyň imanyna bil baglap bilmediler. Her kim ýekelikde ýa-ha durýar, ýa-da ýykylýar. BG 318.3
Şu wagtda fanatizm döräp başiaýar. Ozal özlerini habaryň yhlasly tarapdarlary hasaplan adamlaryň birnäçeleri indi durmuşyň ýeke - täk ýalňyşsyz gollanmasy hökmünde Hudaýyň Sözüni inkär edip hem-de Ruhuň ugrukdyrmasyna dalaşgärlik edip, özlerini öz duýgularynyň, alan täsirleriniň we fantaziýalarynyň ygtyýaryna berdiler. Birnäçeieri paýhassyz, kör yhlas bilen özleriniň göreldelerine eýermedikleriň hemmesini ýazgardylar. Adwentistieriň köpüsi bu adamlaryň fanatik garaýyşlary bilen ylalaşmadylar, şeýle-de bolsa, hakykat kölegä taşlanyldy. BG 319.1
Şunuň ýaly ýol bilen şeýtan Hudaýyň işine päsgel berip, ony ýok etmäge dyrjaşdy. Adwentistieriň ideýalary adamlary tolgundyrdy. şonuň üçin müňlerçe günäkärler Hudaýa iman etdiler. Öz işlerine wepaly bolan adamlar bolsa, hatda haýallyk wagtynda-da, özlerini ýatdan çykaryp, hakykaty wagyz etdiler. Garaňkylygyň patyşasy köp ýitgiler çekdi. Şonuň üçin Hudaýyň işini abraýdan düşürjek bolup, ol Rebbiň Ikinji gezek tizara geljekdigine çyndan ynanýan adamlary aldap, olary soňky derejä iteklemäge dyrjaşdy. Onuň hyzmatkärleri adamlarda adwentistlik ynamyna bolan ýigrenji oýarmak üçin islendik ýalňyşlygy, islendik nädogrulygy ýa-da ýigrenji hereketleri ulanmaga, olary çişirip, baryny adamlaryň öňlerinde goýmaga taýýardylar. Şeýlelikde, Rebbiň Ikinji gezek gelmesine ynanýanlar, şol bir wagtyň özünde-de, şeýtanyň ygtyýary astynda bolan adam näçe köp bolsa, şeýtan olary bütin Yygnagyň wekilleri hökmünde görkezip, olardan özi üçin köp peýda alyp bilýärdi. BG 319.2
Şeýtan “doganlaryň aýyplaýjysydyr”. Ol adamlary Hudaýyň çagalaryny ýalňyşlyklaryny we ýetmezçiliklerini agtarmaga we olara aýratyn üns bermäge öjükdirýär, şol bir wagtyň özündede, adwentistleriň iň gowy işleri göze ilmän galýar. Reb janlary halas etmäniň üstünde zähmet çekip başlanda, şeýtan hemişe has işjeň hereket edip başlaýar. Hudaýyň çagalary Rebbiň öňüne gelenlerinde, şeýtanam, olar bilen bile gelýär. Her gezekki dini galkynyşda ol Yygnaga ýürekleri nurlanmadyk we durnukly akly bolmadyk adamlary alyp gelmeklige çalyşýar. Şonuň ýaly adamlar hakykaty bölekleýin kabul edip, imanlylara birigenlerinde, şeýtan olaryň kömegi bilen entek berkemedik imanlylary özüniň bolgusyzteoriýalary bilen azdyrmaga jan edýär. Hudaýyň çagalarynyň arasynda, dogalar öýünde bolýandygy ýa-da Rebbiň Saçagyna gatnaşýandygy üçin ýekeje adamam özüni hakyky imanly hasaplap bilmez. Iň dabaraly ýygnanyşyklarda-da, öz elindäki gural hökmünde şeýtan köplenç bolýandyr. BG 319.3
Erbetligiň patyşasy Hudaýyň halkynyň Gökdäki şähere tarap barýan ýolundaky her bir daban ýer üçin göreşýär. Yygnagyň bütin taryhynyň dowamynda ýejeke özgerlişigem, tekiz hem ýylmanak bolup geçmedi. Resul Pawlusyň günlerinde-de, şeýle boldy. Resul nirede ýygnak döretse-de, şol ýerde hemişe imany kabul eden, ýöne heläk edijilikli ýeresi girizen, ýagny kabul edilen ýagdaýynda hakykata bolan söýgini öçürme howpuny abandyran ýeresi getiren adamlaram tapyldy. BG 320.1
Lýuterem, özleri arkaly Hudaýyň göni hereket edýändigini aýdýan, şol sebäpli-de, özleriniň ideýalaryny hem pikirlerini Yazgynyň şaýatlyklaryndan ýokary goýmaga dyrjaşan her hili fanatikler zerarly, köp kynçylyklar hem hasratlar çekdi. Iman hem Hudaý bilen gatnaşma tejrinesi ýetmezçilik eden, emma özüne göwniýetme hem täzelige çekilme islegi ýeterlik bolanlar bu täze mugallymlar tarapyndan aldanylyp, Hudaýyň Lýuter tarapyndan döreden zatlarynyň hemmesini berbat edtilerde, şeýtanyň tarapdarlary boldular. Özleriniň täsiriniň we imanynyň arkasyndan dünýä üçin ak pata bolan doganlar Uesliler we beýleki reformatorlar tebigy bolmadyk yhlasy bolan, durnuksyz hem mukaddes edilmedik, fanatizmiň her hili görnüşi bilen zäherlenilen adamlar tarapyndan özleriniň öňlerinde goýlup çykylan şeýtanyň mekir duzaklaryna her ädimlerinde duş geldiler. BG 320.2
Uilýam Miller fanatikleri hiç haçanam halamaýardy. Lýuteriň öz döwründe aýdyşy ýaly, Millerem her bir ruhuň Hudaýyň Sözi bilen synalmalydygyny aýdýardy. Miller: “Biziň döwrümizde şeýtan birnäçe adamlaryň aklyna uludan hökümdarlyk edýär. Biz adamda nähili ruhuň bardygyny nädip bilmeli? Mukaddes Kitap: “Olaryň miwesi boýunça bilersiňiz” diýip jogap berýär. Ruhlar örän köp, şonuň üçin bize ruhlary synamaklyk buýruk berýär. Bizi sagdyn, dogry hem takwa durmuşda ýaşamaga höweslendirmeýän ruh Mesihiň Ruhy däldir. Fanatizmiň çykarýan ähli hokgalarynyň şeýtanyň işidigine gün geçdigiçe köp göz ýetirýärin... Biziň köpimiz doly mukaddes edilmä dalaşgärlik edýärisde, hakykat içinde hakykat barada pikir etmeýän adamlar ýaly nadan bolup, adam rowaýatlaryna eýerýäris” diýýär. BG 320.3
“Azaşma ruhy bizi hakykatdan daşlaşdyrýar, Hudaýyň Ruhy bolsa, bizi hakykata alyp gelýär. Yöne siz adam azaşma içinde bolubam, özünde hakykat bardyr öýdip biljegini aýdýarsyňyz. Onda nähili hakykat bar? Bizde muňa şeýle jogap bar: “Ruh bilen Söz doly utgaşmada bolýandyr. Eger adam özüni Hudaýyň Sözi bilen barlanda, öz häsiýetiniň Söze doly laýyk gelýändigini görse, onda ol özüniň hakykata eýe diýip hasaplap biler, ýöne eger ol özüni dolandyrýan ruhuň Hudaýyň Kanunynyň we tutuş Sözüň umumy ugruna gabat gelmeýändigini görse, onda şeýtanyň duzagyna düşmez ýaly, juda seresap bolmalydyr. Men adamlardaky takwalygy bir boýun alyjy nazarda, bir çyn ýürekden çykan sözde, agyr dem almada we gözden akýan ýaşlarda mesihilik dünýäsinde höküm sürýän galmagala seredende, köp görýärdim”. BG 320.4
Reformasiýa günlerinde Reformasiýanyň duşmanlary fanatizme garşy yzygiderli göreşýänleri fanatizmde hem aýyplaýardy lar. Adwentistik hereketiniň garşydaşlary-da, şeýle edipdiler. Fanatikleriň ýalňyşlyklaryny ters düşündirmek we bilgeşleýin çişirmek bilen kanagatlanman olar, hatda, bölekleýinem, hakykata meňzeş bolmadyk bolgusyz taryhlary ýaýradýardylar. Bu adamlar ýigrenjiň hem ters pikirleriň täsiri astynda hereket edýärdiler. Mesihiň gapynyň agzyndadygy baradaky habar olaryň ynjalygyny gaçyrdy. Olar munuň hakykat bolup çykaryndan howatyr etdiler, şol bir wagtyň özünde-de, bu beýle däldir diýip umyt etdiler - ine, olaryň adwentistlere hem olaryň ynamyna garşy bolan ýigrenjiniň syry nämede eken. BG 321.1
Eger birnäçe fanatige adwentistleriň hataryna girmeklik başardan bolsa, onda bu adwentistlik hereketiniň Hudaýdan däldigini aňlatmaýar. Resul Pawlusyň ýa-da Lýuteriň döwründe Ýygnakda ýalançylaryň hem fanatikleriň bar bolrnagy olaryň işiniň ähmiýetini azaltmandy. BG 321.2
Goý, Hudaýyň halky ukudan oýanyp, toba etme we Reformasiýa işine jany—teni bilen başlasyn. Goý, Mesihde hakykatyň nähili ekendigine düşünmek üçin, Ýazgyny öwrenmeklige başlasyn. Goý, özüni durky bilen Hudaýa bagyş etsin. Şonda şeýtanyň öňküsi ýaly, işjeň hem uklamaýan duşmandygy baradaky subutnamalar ýetmezçilik etmez. Her hili mekirliklere ýüz urmak, öz patyşalygynyň kowlan perişdeleriniň hemmesini özüne kömek etmeklige çagyrmak bilen şeýtan öz güýjüni görkezer. BG 321.3
Fanatizm hem böliinişik Mesihiň Ikinji gezek geljekdigi baradaky habar zerarly döremedi. Olar adwentistler aljyraňňylykda we şübhelilikde bolan wagtynda, 1844-nji ýylyň tomsunda döredi. Birinji perişdäniň habary we “ýarygijedäki gygyryş” fanatizmiň hem bölünişigiň güýjüni saklady. Bu dabaraly herekete gatnaşyjylar agzybirdiler. Olaryň ýürekleri ýakynlaryna hem tizara görmegi umyt edilýän Isa Mesihe bolan söýgüden doludy. Imandaky birlik, bagtly daýançdaky birlik olary islendik ters hereket üçin elýetmez edýärdi, şeýtanyň hüjümlerinden gorag bolup gulluk edýärdi BG 321.4
“Giýew gijä galanda, hemmesi irkilip uklaýarlar. Ýarygije: <Ine, giýew gelýär, garşylamaga çykyň!> diýen batly ses eşidilýär Şonda ýaňky gyzlaryň hemmesi turup, çyralaryny taýýarlaýarlar” (Matta 25:5-7). 1844nji ýylyň tomsunda, başda 2300 günüň ahyrynyň degişli edilen pursatyň ýarym möhleti gutaranda, soňundan şol ýylyň tomsuna çenli, şol döwrüň gutarandygy, dogduranam, bilnende, Ýazgy boýunça: “Ine, giýew gelýär” diýen habar yglan edilip başlandy. BG 322.1
Artakserksiň Iýerusalimi dikeltmek baradaky permanynyň biziň eramyzdan öňki 457-nji ýylyň öň çaklanylyşy ýaly, ýazynda däl-de, güýzünde güýje girendigi, şol wagtdan hem, 2300 günlük döwrüň sanalyp başlanandygy bilindi. 547-nji ýylyň güýzünden sanalyp başlanylan 2300 ýyl 1844-nji ýylyň güýzünde gutardy. BG 322.2
Köneäht obrazlary hem, Ýazgyda: “mukaddes ýerin arassalanylmasy” diýlip atlandyrylýan wakalaryň bolmaly wagtynyň güýzde boljakdygyny görkezýär. Isanyň Birinji gelmesine degişli bolan obrazlaryň ýerine ýetendiginiň esasynda bu mesele has kesgitli hem aýdyň boldy. BG 322.3
Pesah guzusynyň gurbanlyk berilmegi Isanyň ölüminiň kölegesi bolupdy. Resul Pawls: “Çünki biziň Pashalyk guzymyz Mesih-de gurban edilendir” (1 Korintoslylar 5:7) diýýär. Rebbe getirilen ilkinji hasyllaryň silkelenen galla desseleri Mesihiň ölümden direlmesiniň obrazy bolupdy. Rebbiň ölümden direlmesi we Onuň bütin halky hakda gürrüň edende, resul Pawlus: “…ilkinji miwe bolan Mesih, Ol gelensoň hem Mesihiňkiler ‘ (1 Korintoslylar 15:23) diýýär. Hasyl ýygymynyň öň ýanynda ilkinji bişen sümmüllerden bolup, silkelenen galla dessesi kimin, Mesih dogrular ölümden direlen wagtynda ýygnalyp, Hudaýyň ammaryna ýygnaljak halas edilenleriň ölümsiz hasylynyň arasynda birinji bolup durýandyr. BG 322.4
Bu obrazlar diňe durmuşda amala aşman, eýsem, wagtynda-da amala aşdy. Birinji ýehudy aýynyň on dördünji gününde, hut on bäş asyryň dowamynda pesah guzusynyň gurbanlyk getirilen aýynda, Mesih Oz şägirtleri bilen bile pesah naharyny iýdi. Şeýle etmek bilen Ol “dünýäniň günäsini Öz üstüne alan Hudaýyň Guzusy” hökmünde Öz ölümini ýatlap geçirmeli bolan Rebbiň Agşamyny döretdi. Şol gije-de, Ol näletkerdeler tarapyndan tutulyp, haça çüýlenilip öldürildi. Silkelenen galla dessesiniň obrazy hökmünde Rebbimiz“ölenleriň ilkinjisi”, ähli ölümden direlen, “ujypsyz bedenlen” “Onuň şöhratly bedenine meňzedilip” (Filipililer 3:20, 21) üýtgediljek ölümden direlen dogry adamlaryň hemmesiniň başlangyjy hökmünde üçülenji gün ölümden direldi. BG 322.5
Edil şunuň ýaly bolup, Mesihiň Ikinji gezek gelmesine degişli bolan nyşany gullugyň obrazlary-da, öz wagtynda amala aşmalydy. Musanyň kanunyna laýyklykda mukaddes ýeriň arassalanmasy ýa-da beýik halas ediş Güni ýedinji ýehudy aýynyň onunjy gününde bolup geçmelidi (Lewiler 16:29-34 serediň). Şol günde baş ruhany tutuş Ysraýyl halky üçin halas edilmäni ýerine ýetirip, mukaddes ýeri ýehudylaryň günälerinden arassalap, halkyň ýanyna çykýardy-da, halka ak pata berýärdi. BG 322.6
Şuňa meňzeşlikde, millerçiler Mesihiň, biziň Baş Rruhanymyzyň günäni we günäkärleri ýok etmek üçin gelip, ýeri arassalap, Öz halkyna mübärekölümsizliksylagyny berjegine ynanýarlar. Ýedinji aýyň onunjy güni - beýik halas etme günüdir, mukaddes ýeriň arassalanylýan wagtydyr. 1844nji ýylda bu gün 22-nji oktýabra düşdi. Şol günde hem, Rebbiň gelerine garaşyldy. Bu 2300 günlük döwür güýzde gutarar diýlip geçirilen hasaplanma gabat gelipdi. Netije inkär edip bolmasyz ýaly bolup görnüpdi. BG 323.1
Mattanyň Hoş Habarynyň 25nji babyndaky tymsalda giýew gelmezinden öň garaşma hem uky wagty gelýär. Bu-da, Köne Ähtiň pygamberligine we obrazlaryna gabat gelipdi. Imanlylar özleriniň gelen netijelerine çuňdan ynanypdylar, şonuň üçin “ýarygijäniň sesini” müňlerçe adamlar yglan edipdiler. BG 323.2
Äpet deňiz tolkuny kimin, bu hereket bütin ýurtda bes edildi. Tutuş Hudaýyň halky Reb bilen duşuşmak üçin ukudan oýanýança, habary şäherden şähere, obadan oba, hatda ýurduň iň daş künjeklerine-de aralaşyp, ýaýratdylar. Dogup gelýän günüň şöhleleriniň astynda daňdanyň sowugynyň yza serpilişi ýaly, bu güýjüň nurunyň öňünde fanatizm köki bilen gaýyp boldy. Şübhe bilen aljyraňňylyk ýitdi-de, imanlylaryň kalbyny umyt bilen batyrlyk ýagtylandyrdy. Sözüň hem Hudaýyň Ruhunyň saklaýjy güýjüni alman adamlaryň hereket edýän ýerleriniň hemmesinde ýüze çykýan soňky derejelilikden gaça durmak başartdy. Hemme zat gadymky Ysraýylyň Hudaýyň paş ediji gullarynyň çykyşlarynyň täsiri astynda Hudaýa tabyn bolan we gaýdyp gelen döwrüni ýada saldy. Bu islendik wagtda Hudaýyň işine mahsus bolýan zatdyr. Hiç kim göçgünli şagalaňa üns bermedi, adamlar öz ýürekleriniň jümmüşine seretdiler, günälerine toba etdiler we dünýä bilen arasyny kesdiler. Özlerini Reb bilen duşuşyga taýýarlama yhlasyndan doly bolan adamlar tutanýerlilik bilen eden dogalaryny göge gönükdirdiler we özlerini durky bilen Hudaýa bagyş etdiler. BG 323.3
Bolup geçýän zatlary suratlandyranda, Miller: “Adamlar şatlygyny ýörite aýap goýup, bütin gök hem ýer şatlanan wagtynda, bilelikde söz bilen beýan edip bolmajak we şöratlandyryjy şatlyk bilen şatlanjak bolýan ýaly bolup göründi. Gaty ýüzlenme sesleri eşidilmeýär, sebäbi hemmeler Arhangeliň gökden geljek sesine garaşýarlar. Aýdymçylar seslerini çykarmaýar. Olaram, perişdeleriň goşunlary we gögüň hory bilen bir nagmada birigip biljek wagtyna garaşýan ýaly boldy... Hiç kim garşy çykyjy duýgyny aýtmaýar, sebäbi hemmäniň ýüregi birdi we akly birdi” diýýär. BG 323.4
Muny gözi bilen gören başga biri näme diýýär: “Bu hereket hemme ýerde Gudratygüýçli Hudaýyň öňünde ýürekleri çuň derňemäni we tabyn bolmany döretdi. Dünýä bilen gatnaşyk gowşady, garşydaşlyklar bilen duşmançylyk geçmişe gitdi, günälere toba edildi, hemmeler çuň toba içinde ötünç hem kabul edilmegini sorap, Hudaýyň öňünde baş egdiier. Munuň ýaly özüni kiçeltmäni we toba etmäni dünýä entek görmändi. Yowel pygamberiň üsti bilen öňden welilik edilip aýdylyşy ýaly, Hudaýyň beýik gününiň ýakynlaşmasy adamlary eşiklerini däl-de, ýürekierini ýyrtyp, ozarada, agyda hem möňňürmede Hudaýa ýiizlenmeklige höweslendirdi. Rebbiň Zakarýa pygamberiň üsti bilen aýdyşy ýaly, merhemet hem rehim Ruhy Onuň çagalarynyň üstüne döküldi: “Olar özleriniň deşim-deşim edenine, ýagny Maňa serederler, ... ajy gözýaş dökerler” we “Rebbe garaşýanlar Onuň öňünde ýüreklerini tabyn etdiler”. BG 324.1
Resullaryň döwründen başlap, beýik dini hereketleriň hiç birinde-de, adam kämilsizliginden we şeýtanyň azdyrmasyndan şeýle azat bolan 1844nji ýylyň güýzündäki ýaly hereketiň ýekejesem bolmandy. Hatda häzirem, eýýäm köp ýyllar geçenden soňam, bu işe gatnaşanlaryň we hakykata berk ynananlaryň hemmesi şol ak pataly hereketiň mukaddes täsirini duýmaklaryny dowam etdirýärler we onuň Hudaýdan bolandygyna şaýatlyk edýärler. BG 324.2
“Giýew gelýär, garşylamaga çykyň!” diýen gaty ses ýaňlananda, garaşýanlar “turup, çyralaryny taýýariaýarlar”; olar Hudaýyň Sözüni görlüp - eşidilmedik yhlas biien öwrendiier. Sustupes bolanlary ruhlandyrmak we olary habary kabul etmäge taýýarlamak üçin Gökden perişdeier iberildi. Iş adamyň akyldarlygy hem alymlygy biien däl-de, Hudaýyň güýji bilen öňe süýşdi. Habary ilki bolup, iň bilimliler ýa-da zehinliler eşdip kabul etmediler-de, iň tabynlar we wepalylar eşidip kabul etdiler. Fermerler atyzlarda ýygnalmadyk bugdaýlaryny goýup, ussalar gurallaryny goýup, gözlerindäki şatlyk ýaşy bilen Hudaýyň ekin meýdanyna duýduryşy wagyz etmek üçin gitdiler. Ozal Hudaýyň işine ýoibaşçylyk edenler bu herekete iň soňkularyň hatarynda goşuldylar. Ybadathanalar bu habaryň öňünde özleriniň gapylaryny berk ýapdylar, habary kabul edenler bolsa, öz ýygnagyny terk etdiler. “Ýarygijedäki sesiň” ikinji perişdäniň habary biien utgaşyp, ol habara has uly güýç bermegi Hudaýyň paýhasyna makul boldy. BG 324.3
“Ine, giýew gelýär” diýen habar hiç bolmanda, aýdyň hem kesgitli Mukaddes Kitap şaýatlygyna Esaslanany üçinem, hiç hili subutnamany talap etmedi. Bu sözler adamyň kalbyna aýratyn ygtyýar bilen eýeledi. Olar şübhelere hem düşünmezliklere hiç hili orun galdyrmady. Mesihiň lýerusalime dabaraly girişinde ýurduň ähli künjeklerinden ýygnanan adamlar Isanyň yzyna düşüp gelýän mähellä goşuiyp, Zeýtun dagyna tarap gidenlerinde, bolup geçýän zatlaryň bar dabaralylygyny duýup, “Rebbiň adyndan Gelýän gutly bolsun!” diýen sese goşuldylar (Matta 21:9). Adwentist hereketine-de, edil şunuň ýaly usulda imansyzlar gelip goşuldylar. Olaryň käbirleri bilesigelijilikden, käbirleri-de, gülmek üçin geldiler, ýöne şol gelenleriň hemmesem, “Ine, giýew gelýär” diýen habaryň ýeňilmezek güýjüni özlerinde duýdular. BG 324.4
Şol wagtda adamlarda şunuň ýaly berk iman, sylagsyz galmajak iman bardy. Bu hem olara eden dogalaryna jogap almaga mümkinçilik berýärdi. Guran ýere düşýän ýagyş kimin, merhemet Ruhy hakykaty kabul etmäge teşne bolanlaryň üstlerine indi. Tizara özleriniň Halasgäri bilen ýüzebe - ýüz duşuşmagy umyt edenler söz bilen beýan edip bolmajak şatlygy duýdular. Mukaddes Ruhuň ýumşadyjy, tabyn ediji güýji ýürekleri eretdi, şonuň üçin hem, Onuň ak patasy hakykatyň hakyky tarapdarlarynyň üstüne sahylyk bilen döküldi. BG 325.1
Bu habary açyk ýiirek bilen kabul edenler birkemsiz taýýarlanyp, Reb bilen duşuşmaga umyt eden wagtlaryna ýakynlaşdylar. Her gün irden Hudaýyň özlerini kabul edendigine göz ýetirmegi özleriniň iň ilkinji borçlary hasaplaýardylar. Olar jan hem tende bir bolup, biri - biri iiçin gyzgyn doga edýärdiler. Hudaý bilen gatnaşykda bolmak üçin olar çola ýerlerde duşuşýardylar, meýdanlaryň we kiçiräk tokaýlaryň içinde gorag sorap, dileglerini göge gönükdirýärdiler. Halasgäriň göwnünden turmaklygy gazanmaklyk olar üçin derwaýys çörekden-de gerek zatdy. Eger nämedir bir zat özleriniň kalbyny gaýgylandyran bolsa, ýüreklerinde rahatlyk höküm sürýänçä, özlerine ýer tapmaýardylar. Hemme zady bagyşlaýan merhemeti özlerinde duýanlarynda soň, olar özleriniň şeýle çyn ýürekden söýýän Rebbini görmäge diýseň teşnediler. BG 325.2
Ýöne olara ýene-de, sustupeslik garaşýardy. Görkezilen wagt geçdi, emma Halasgär gelmedi. Olar şeýle yranmaz umyt bilen Halasgäriň gelerine garaşypdylar, şonuň üçin hem, indi Merýem boş gabryň ýanyna gelende, onuň boşdugyny görüp, “Rebbimi mazardan çykaryp äkidipdirler, Ony nirede goýandyklaryny bilmeýärin” (Yahýa 20:13) diýip gygyran wagtyndakysy ýaly ýagdaýdadylar. BG 325.3
Yhlaslylyk hem-de bu habaryň hakyky bolup çykmagynyň mümkindiginden howatyr etme duýgusy imansyzlary birazrak wagtlap saklady. Bellelilen wagt geçip giidendede, olaryň bu duýgulary derrew ýitip gidibermedi. Ilki olar Mesihe garaşanlaryň lapykeçliginiň üstünden aç—açan gülmäge het edip bilmediler. Ýöne Hudaýyň gazabynyň hiç hili alamaty görünmänden soň, olaryň howatyrlygy gaýyp boldy-da, Hudaýyň hakyky çagalarynyň üstlerinden gülüp, olary ýaňsylap başladylar. Yaňyjada, özleriniň Rebbiň tizara geljegine ynanýandyklaryny aýdyp oturan gaty köp sanly adamlar özleriniň imanyndan ýüz öwürdiler. Özlerine has-da göwni ýetýänler tekepbirliginde çuň öýkeläp, bu dünýäden gaçyp gitme islegini duýdular. Olar Ýunus pygamber kimin, Rebbi günäkärlediler-de, ölenini gowy gördüler. Pikirleri Hudaýyň Sözüne dälde, başgalaryň pikirlerine esaslananlar bolsa, indi özleriniň garaýyşlaryny üýtgetmäge taýýardylar. Hudaýsyzlar gowşak hem gorkak adamlary özleriniň tarapyna çekip, hemmesi bilelikde indi hiç kimden gorkmaýandyklaryny, hiç kime garaşmajakdyklaryny aýtdylar. Wagt geçdi, Rebbem gelmedi, dünýäde indi ozal nähili bolan bolsa, müňlerçe ýyllabam, şonuň ýalylygyna galar. BG 325.4
Dumukly hem çyn imanly adamlar Mesihiň adynyň hatyrasyna hemme zatlaryny gurban etdiler, şonuň üçin Onuň barlygyny ozal hiç haçan duýup görmedik ýagdaýynda duýdular. Dünýä soňky duýduryşy habar berdik diýip hasaplan we tizara özleriniň Mugallymy hem mukaddes perişdeler bilen duşuşmaga umyt baglan bu adamlar bu habardan ýüz öwrenleriň jemgyýetinden gaça durmaga çalyşdylar. Olar bütin ýürekleri bilen: “Gel, Reb Isa, tizräk gel!” diýip doga etdiler. Ýöne Ol gelmedi. Indi ýene-de, aladalaryň hem kynçylyklaryň agyr ýüküni öz üstüňe alyp, ýazgarmalary, ýalňyşmalary hem dünýäniň gülküsini çekmelidi. Olaryň imany bilen sabry, haleykatdanam, gorkunç synaga salyndy. BG 326.1
Emma bu lapykeçlik Isa Birinji gezek gelen wagtyndaky şägirtleriň başdan geçireninden uly däldi. Mesih Iýerusalime dabaraly ýagdaýda giren wagtynda, şägirtleri Onuň Dawudyň tagtynda oturyp, Ysraýyly basybalyjylardan halas etjegine ynanypdylar. Tekepbir umytlardan we şatlykly tamaladan doly bolan şägirtler biri - birinden öňürdip, öz Patyşasyna mümkin bolan hormatlaryň hemmesini edýärdiler. Köpler halynyň deregine, Onuň öňünde özleriniň eşiklerini ýazýardylar, başgalar bolsa, salam beriji manyda palma şahalaryny galgadýardylar. Şatlykly adamlar begenç bilen: “Duwut Ogluna hosanna!” diýip gygyryşýardylar. Gazap atyna atlanan we howsala düşen fariseýler Isadan şägirtleriniň seslerini kesmäge mejbur etmegini talap edenlerinde, Isa: “Size aýdýaryn: olar dymsa, daşlar gygyryşar” (Luka 19:40) diýdi. Pygamberlik amala aşmalydy. Şägirtler Hudaýyň islegine görä hereket etdiler, ýöne barybir olara lapykeçlik garaşýardy. Bary - ýogy birnäçe gün geçenden soň, olar Halasgäriň görgi görüp öleniniň we jaýlanylyşynyň şaýady boldular. Iň ýönekeýje arzuw hem umydyň ýerine ýetmesem miýesser etmedi. Olaryň tamalary Mesih bilen bilelikde öldi. Diňe Reb ýeňiş bilen gabyrdan çykandan soň, şägirtler hemme zadyň pygamberliklerde aýdylandygyna, “ Mesihiň görgi görüp ölüp. ölümden direlmeginiň zerur holandygyna” (Resullaryň işleri 17:3) düşündiler. BG 326.2
Mundan 500 ýyl ozal Reb Zakarýa pygamberiň üsti bilen: BG 326.3
“Şatlan, eý, Siýon gyzy, şatlan!
Eý, Iýerusalim gyzy, belent owaz bilen gygyr!
lne, patyşaň saňa tarap gelýär.
Adyl hem ýeňijidir Ol!
Ol bir eşege, eşegiň balasyna,
heniz münülmedik bir taýhara münüp,
pes göwünlilik bilen saha gelýär” .
BG 326.4
(Zakarýa 9:9) diýipdi.
Eger şägirtler Isanyň göni suda hem ölüme barýandygyny öňünden bilen bolsalar, onda olar bu pygamberligi ýerine ýetirip bilmezdiler. BG 327.1
Edil şunuň ýaly usulda Miller bilen onuň egindeşleri pygamberligi ýerine ýetirip, Hudaý tarapyndan ruhlandyrylan Sözdäki dünýä niýetlenilen habary yglan etdiler. Ýöne eger olar özlerine lapykeçligiň garaşýandygyny aýdýan, şol bir wagtyň özünde-de, Rebbiň Ikinji gezek geljeginiň ähli halklara wagyz ediljekdigi baradaky beýleki habary özünde saklaýan pygamberlige doly düşünen bolsalar, onda bu işi ýerine ýetirip bilmezdiler. Birinji hem ikinji perişdeleriň habarlary öz wagtynda yglan edildi-de, olara Reb tarapyndan bellenilen, kesgitlenilen zatlary ýerine ýetirdiler. BG 327.2
Eger wagt geçen, Mesihem gelmedik bolsa,onda adwentistleriň ynam taglymaty hereket etmesini bes eder diýip çaklan dünýä bu hereketi synlady. Güýçli synaga döz gelip bilmän, köpler öz imanyndan ýüz öwren bolsalar-da, başgalary berk durdular. Adwentistlik hereketiniň göze görnüp duran miweleri - tabynlyk ruhy, özüňi analizlemäge meýillilik, dünýäden ýüz öwürmek, we durmuşyň düýpli özgermesi - bu habaryň Hudaýdan gelip çykandygynyň iň dilewarlykly şaýatlygy boldy. Eýsem, olar Mesihiň Ikinji geljegi barada wagyz etmäge özlerini Mukaddes Ruhuň güýjüniň höweslendirendigine garşy çykyp bilerlermi? Eýsem, olar pygamberlik döwürleriniň hasaplanylyşyny ýalňyş saýyp bilerlermi? Olaryň pygamberligi düşündiriş sistemasyny ret etmeklik iň gazaply garşydaşyna-da başartmady. Mukaddes Kitapdan subutnamasy bolmadyk bu adamlar aňlary Hudaýyň Ruhy tarapyndan nurlandyrylan, ýürekleri Onuň gyzgyn söýgüsi tarapyndan ugrukdyrylan adamlaryň ýürekden dogasi etme we Mukaddes Ýazgyny yhlas bilen öwrenmesi arkaly işlenilen öz ynam taglymatynyň esaslaryndan ýüz öwrüp bilmediler. Eýsem, olar jemgyýetiň ähli gatlaklary tarapyndan adwentistleriň üstüne ýagdyrylan iň berk tankyda, halkyň dini mugallymlarynyň we meşhur filosoflaryň gazaply ýigrenjine hem-de ylmy ret etmeleriň hüjümine, owadan sözli ýazgarmalara, ýaňsylamalara we kemsitmelere döz gelen hakykatdan ýüz öwrüp bilerlermi? BG 327.3
Dogry, garaşylýan waka bolmady, ýöne bu Hudaýyň Sözüne bolan imany yrandyryp bilmedi. Ýunus Ninewäniň köçelerinde 40 günden soň şäheriň weýran boljakdygyny aýdanda, Reb Ninewiniň ýaşaýjylarynyň durmuşynda bolup geçen özgerişlere onuň ünsüni çekdi. Soň Ol synag möhletini uzaltdy. Şeýle-de bolsa, Ýunusyň wagzy Hudaýdandy, şonuň üçin şäher Onuň emri boýunça synaga salnypdy. Adwentistlerem, edil şunuň ýaly edip, Rebbiň özlerine dtinýä suduň boljakdygy hakda duýduryş bermegi tabşyrandygyna ynandylar. Olar: “Bu habar özüni eşidenleriň ýüreklerini synady-da, käbirlerinde öz Rebbini garşy almaga isleg, käbirlerindede, köp ýa-da az derejede ýigrenç döretdi. Hudaý muny görýändir... Bu habar adamlar özleriniň ýüreklerine seredip, eger bellenilen wagtda Reb gelen bolsa, onda özleriniň kimiň tarapynda boljak ekendiklerini, Ol gelen gününde: “lne, biziň bil baglan Hudaýymyz Şu, 01 bizi halas etdi” diýip gygyrmaga taýýardyklaryny ýa däldiklerini biler ýaly, olary iki lagere böldi. Ýa-da olar gaýalara hem daglara ýüzlenip, Guzynyň gazabyndan özlerini gizlemekleri üçin üstlerine inmegi sorarlar. BG 327.4
Şeýdip, biziň pikir edişimiz ýaly, Hudaý Öz halkyny synady. Ol synag sagadynda Öz halkynyň Özüniň goýmale isleýän esasynda durup biljek bilmejegini, bu dünýäden ýüz öwrüp, Hudaýyň Sözüne doly daýanmaga taýýardyklaryny ýa däldiklerini görmek üçin olaryň imanyny synady” diýdiler. BG 328.1
Öňküleri ýaly, hemme zadyň Hudaýyň islegi bilen bolandygyna ynananlaryň duýgularyny Uilýam Miller şeýle beýan edýär: “Eger men dunnuşy özümde bar bolan subutnamalara eýe bolup, täzeden ýaşamaly bolan bolsam, onda Hudaýyň hem ýakynlarymyň öňlerinde dogruçyl bolup, ýenede öz geçen ýolumdan geçerdim”. “Men öz üstümde hiç kimiň ganynyň ýokdugyna ynanýaryn. Men kimdir biriniň ýazgarylmasynda günäkär bolmajak bolup, elimden gelen zatlaryň hemmesini etdim. Iki gezek lapykeçligi başdan geçiren bolsamda, men entek gutarnykly ýykylan däldirin... Meniň Mesihiň geljegine bolan ynamym öňküsi ýaly berkdir. Men köp ýyllaryň dowamyndaky çynlakaý pikirlenmelerden soň, öz borjum hasaplan zadymy etdim. Eger men ýalňyşan bolsam, onda diňe öz ýakynlarymy söýenim hemde Hudaýyň öňündäki borjumy ýerine ýetirmek isländigim sebäpli ýalňyşandyryn” diýip, Hudaýyň adamy ýazmasyny dowam etdirýär. “Men bir zady anyk bilýärin - men özümiň çyn ýürekden ynanan zadymy wagyz etdim, şonda Hudaýam meniň bilen bile boldy. Onuň güýji meniň ýazan işlerimde aýan boldy, şeýdip, köp gowy zatlar edildi. Biziň döwrebap wagyzlarymyzyň kömegi bilen müňlerçe adamlar Ýazgyny öwrenip başladylar we Mesihiň arassalaýjy ganyna bolan iman arkaly Hudaý bilen ýaraşdylar. Men hiç haçanam, meşhur adamlaryň ak patasyny aljak bolmadym hem-de dünýäniň ýigrenjiniň öňünde müzzermedim. Şonuň üçin häzirem, men olaryň göwnünden turmaga dyrjaşanok, şol sebäpli-de, olaryň gahary gelse-de, öz borjuma wepaly boljak. Men öz janyma ýapyşyp ýatamok, şoňa göräde, eger Hudaýyň emri bilen janymy ýitirmegim Oňa makul bolsa, şondada, sarsmaryn diýip umyt edýärin”. BG 328.2
Hudaý Öz halkyny terk etmedi. Onuň Ruhy-da, öňküsi ýaly, howul - haralykda alan nurundan ýüz öwürmedikler we adwentist hereketine dil ýetirmedikler bilen boldy. Ýewreýlere hatda şol agyr döwürde ejir çekenler üçin goltgy beriji hem duýduryjy sözler ýazylypdyr: “Şeýlelikde, gaýratyňyzy elden bermäň, onuň sylagy> uludyr. Çünki Hudayyň islegini berjaý edeňizden soň wada gowşar ýaly, sabyr size gereklidir. Çünki az salymdan soň: «Geljek geler, gijä galmaz. Meniň dogry’ adamym iman bilenýaşar. Egerdeyza çekilse, Men ony halamaryn”. Bizyza çekilip, heläklenýänlerden dälde, iman edip gutulýanlardandyrys” (Ýewreýler 10:35-39). BG 328.3
Rebbiň Ikinji gezek gelmeginiň ýakynlygy baradaky sözlerden bu nesihatyň soňky günlerdäki Ýygnaga gönükdirilendigi gömüp durandyr: ;tSebäbi ýene azajyk, özän azajyk wagtdan Reb geler, haýal etmez”. Bu ýerde göwnümize eglenilýän ýaly bolup görünýändigi we Rebbiň tiz gelmejekdigi barada aýdyň aýdylýar. Bu nesihat adwentistleriň işi bilen aýratyn utgaşýar. Bu sözler gönükdirilen halka iman meselesinde gämi heläkçiligi howp salýardy. Olar Hudaýyň Sözüniň görkezmelerine we Mukaddes Ruhuň ugrukdyrmasyna eýerip, Hudaýyň emrini ýerine ýetirdiler. Şeýle-de bosa, Onuň özleriniň duçar edilen synagy babatdaky niýetine düşünip bilmediler, olar Hudaýyň özlerini näme üçin bu ýoldan alyp gidendigine düşünmediler, şonuň üçin özleriniň, dogrudanam, Hudaý tarapyndan alnyp barylýandyklary babatda şübhelendiler. Bu wagta: “Dogry adam iman bilen ýaşar” diýen söz hasda gowy gabat geldi. “Yarygijedäki sesiň” ýiti şöhlesi özleriniň ýoluny ýagtyldanda, olar pygamberligiň hata ýazylyp çap edilendigini, tiz berjaý bolýan alamatlar bolsa, Mesihiň gelmesiniň ýakynlandygy hakda gürrüň berdiler, şonuň üçin olar duýulýan nurda gezdiler. Indi olar lapykeçligiň hem sustupesligiň ýüki astynda diňe Hudaýa hem Onuň Sözüne bolan iman bilen durup bilýärdiler. BG 329.1
Heşelle kakýan dünýä: “Sizi aldadylar, öz imanyňyzdan ýüz öwrüň-de, adwentistlik hereketiniň şeýtandandygyny aýdaýyň” diýdi. Ýöne Hudaýyň Sözi: uEger kim yza çekilse, şony halamaryn” diýdi. Indi imany ret etmek, Mukaddes Ruhuň habara hemralyk eden güýjüne gai*şy çykmaklyk imandan dänmäni we ölümi aňladýardy. Resul Pawlusyň: “Şeýlelikde, gaýratyňyzy elden bermäň, onuň sylagy uludyr... sabyr size gereklidir. Çünki az salymdan soň: «Geljek geler, gijä galmaz” diýen sözleri olaryň durnuklylygyny berkitdi. Olar ýeke-täk dogry ýoldan gitmelidiler, günleriň birinde Hudaýdan alan nuruny aýamalydylar, Onuň wadalaryna berk bil baglamadylar we täze nury almak üçin sabyrly garaşyp hem oýa bolup, Yazgyny öwrenmeklerini dowam etdirmelidiler. BG 329.2