Beýik Göreş
21—Nji Bap.
Ret Edilen Duýduryş
Uilýam Miller bilen onuň egindeşleri Mesihiň lkinji gezek gelmeji baradaky hakykaty bir maksat - adamlary sud gününe taýýarlamak maksady - bilen wagyz etdiler. Olar şeýle hem, mesihiligi wagyz edýänleri galkyndyrmaga, olaryň ünsüni hakyky umyda çekmäge, mesihilik durmuşynyň çuň tejribesiniň hiç zada çalşyp bolmaýan zatdygyna düşünmäge kömek etmäge dyrjaşdylar we imana gelmedikleriň üstünde-de, elbetde, işläp, toba etmäniň hem-de Hudaýa iman getirmäniň wajyplygyna akyl ýetirmäge kömek berdiler. “Olar adamlary haýsydyr bir sekta ýa-da partiýa gimiegi wagyz etmediler-de, ähli konfessiýalaryň hem toparlaryň aralarynda zähmet çekdiler, ýöne olaryň guramaçylyk hem tertip - düzgün işlerine goşulmadylar”. BG 303.1
Miller: “Meniň ýazan işlerim hiç haçanam, nähilidir bir täze iman taglymatyny döretmeklige ýa-da bir iman taglymatyna ýokary galdyryp, beýlekisine zelel ýetirmeklige gönükdirilmedi. Mende diňe ýekeje isleg, adamlara peýda getirme islegi bolupdy. Men Mesih bilen tizara duşuşma umydy mesihileriň hemmesini begendirer, meniň pikirim bilen ylalaşmaýanlar hakykaty kabul edenleri gaty bir köp gowy görmän ýörmezler diýip pikiredýärdim. Mende aýratyn ýygnaklar guramak baradaky pikir meniň kelläme-de gelmedi. Mende ýeke - täk pikir - adamlara Hudaýa tarap öwrülmäge kömek etmek, dünýä suduň gelýändigini habar bermek, ýakynlarymy Reb bilen duşuşyga ýüreklerini taýýarlamaga ynandyrmak bolupdy. Meniň işlerimiň kömegi bilen imana gelenleriň köpüsi dürli ýygnaklara birikdiler” diýdi. BG 303.2
Birnäçe wagtlap, Milleriň işlerine gowy garadylar, sebäbi olar ýygnagyň ösüşine ýardam edýärdi. Yöne gullukçylaryň we dini ýolbaşçylaryň adwentist taglymatyny inkär edendikleri üçin oňa bolan gyzyklanmany basyp ýatyrjak bolup, diňe bir oňa münberlerden şyltak atmak bilen çäklenmän, eýsem, Ýygnak agzalaryna Mesihiň Ikinji gezek gelmesi baradaky habaryň wagyz edilýän ýerine barmaklygam, hatda bu umyt barada jemgyýetçilik ýygnanyşyklarynda agzamagam gadagan edildi. Şeýdip, imanlylar kyn ýagdaýa düşdüler. Özleriniň ýygnagyna wepaly bolandyklar üçin olar ýygnakdan gitmek islemeýärdiler, ýöne Hudaýyň Sözüniň şaýatlyklaryny özlerinden gizleýändiklerini, pygamberlikleriň üstünde pikirlenmegi gadagan edýändiklerini görenlerinde, Hudaýa wepaly bolmaklygyň bu talaplar bilen bir ýere sygyşmajagyny gördüler. Olar şondan soň, Hudaýyň Sözüniň şaýatlygyny basyp ýatyrmaga çalyşýanlary Mesihiň Yygnagy, “hakykatyň sütüni we esasy” hasaplap bilmediler. Olar özleriniň ýygnaklaryndan çykmakdan başga çykalgany görmediler. Şonuň üçin 1844-nji ýylyň tomsunda 50 müňe golaý adam öz ýygnagyndan çykdy. BG 303.3
Edil şu wagtda Birleşen Ştatlardaky ýygnaklaryň köpüsinde ep - esli özgerişler boldy. Köp ýyllaryň dowamynda dünýewi adatlara hem däplere kem - kemden bolsa-da, barybir bes edilmeýän süýşmeler göze ilýärdi. Bu bolsa, öz yzy bilen ruhulygyň pese düşmesini alyp gelýärdi, ýöne 1844-nji ýylda nähilidir bir duýdansyz hem birden bolan pese düşme ýurduň ýygnaklarynda diýen ýaly hemmesinde bolup geçdi. Munuň sebäbini hiç kim düşündirip bilmedik bolsa-da, bu fakt diýseň göze ilginçdi. Hatda muny köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen Ybadathana-da teswirleme berdiler. BG 304.1
Filadelfiýadaky preswiterian ýygnagynda Barns, giçden meşhur bolan teswirlemäniň awtory, şäheriň öňde baryjy ýygnaklarynyň biriniň ruhy çopany: “ol ýygnakda eýýäm ýigrimi ýyldan bäri gulluk edip gelýär, ýöne soňky Rebbiň Agşamy çäresine çenli, çörek döwme çäresi geçirilen wagtynda, täzeden iman edenleriň ýygnaga goşulmadyk wagty bolmandy. Häzir galkynyşam, imana gelme-de ýok. Ýygnak agzalary merhemetde ösmeýärler we öz janynyň gutulyşy hakda gürleşmek üçin hiç kim onuň iş otagyna girmeýär. Telekeçiligiň, täjirçiligiň we önümçiligiň ösmegi bilen ruhy ýagdaýyň pese düşýändigi duýulýar. Şunuň ýaly ýagdaý denominasiýalaryň hemmesinde-de bellenilýýär” diýdi. BG 304.2
Şol ýylyň fewralynda Oberlin kollejiniň professory Finneý: “Biz ýurdumyzdaky ähli protestant ýygnaklarynyň ýa-da perwaýsyzlyk görkezýändigini, ýa-da şu ýüzýyllykda bolup geçen ahlak häsiýetli reformalaryň hemmesine diýen ýaly, duşmançylyk görkezýändigini boýun almaga mejburdyrys. Käbir kadadan çykmalaram bar, ýöne olar şeýle az welin, biz bir üýtgewsiz fakt hakda gürrüň edip bileris: ýygnaklar durgunlylykda durýar, hemme ýerde ruhy gaty gorkunç parhsyzlyk höküm sürýär. Muňa bütin ýurduň dini habar beriş serişdeleri-de şaýatlyk edýär. Ýygnagyň gitdigiçe köp agzalary modanyň guluna öwrülýärler, günäli keýplere, tanslara, şagalaňlara gatnaşýarlar... jikme - jik gürrüň edip oturmanyň hajaty ýok, faktlaryň hemmesi özleri üçin gürleýärler. Ýygnagyň gözümiziň öňünde dargaýanyny görenimizde, bu zatlaryň hemmesi biziň üstümize agyr ýük bolup düşýär. Olar Rebden daşlaşdylar, Rebbem olardan” diýdi. BG 304.3
Bir edebiýatçy “Ruhy teleskop” žurnalynda: “Biz hiç haçanam, häzirki ýaly dini pese düşmäniň şaýady bolmandyk. Ýygnak, dogrudanam, ukudan oýanyp, öz betbagtçylygynyň sebäbini gözlemelidir, sebäbi Siony gowy görýän her bir adam muňa diňe betbagtçylyk hökmünde seredip biler. Ýürekden iman edenleriň az sanlylygy bilen bai-ypýatan günäkärleriň gödekligini hem ýüreginiň gatamasyny deňeşdirip: “Eýsem, Hudaý rehim etmesini unudaýdymyka? Näme, merhemet gapysy ýapylaýdymyka?” diýip, biygtyýar gygyryp ýüzlenýäris. BG 305.1
Ýygnagyň şunuň ýaly ýagdaýa baryp ýetmegi köp sebäpler bilen düşündirilýär. Halklaryň üstlerindäki ruhy garaňkylygyň goýalýanynyň sebäbi, Rebbiň olary gögüň merhemetinden bilgeşleýin mahrum edýändiginde däl-de, bu Hudaýyň nuruny äsgermezçilik etmäniň, hatda ret etmäniňem netijesi bolup durýandyr. Bu hakykaty tassyklaýan gaty gowy mysal - bu Mesihiň döwründäki ýehudylaryň taryhydyr. Dünýewi aladalara batan bu adamlar Hudaýy hem Onuň Sözüni unutdylar. Olaryň akly garaňkyrady, olar biderek ýere hysyrdadylar, şol sebäpli-de, olaryň ýüreklerinde diňe ýerdäki höwesler üçin ýer galdy. Şonuň üçin olar Mesihiň gelmegi babatda nadansyzlyk içinde boldular, şoňa görä-de, özleriniň tekepbirligi hem imansyzlygy bilen Halasgäri inkär etdiler. Ýöne hatda şol ýagdaýda-da, Hudaý ýehudy halkyny garaňkylykda galdyryp, gutulyşa bolan hukugyndan mahrum etmedi. Ýöne hakykaty inkär edenler gögüň sylanyny alma islegini doly ýitirdiler. Olar içlerindäki ýagtylyk garaňlylyga öwrülýänçä, “garaňkylyga “ýagtylyk”, ýagtylyga ugaraňkylyk” diýdiler. Ol garaňkylyk nähili gözedürtmedi! BG 305.2
Şeýtan hemişe - de şunuň ýaly maksada eýerýäradamlary diňe dini däpleri saklap, durmuşy ak patany ýatdan çykarmaga mejbur edýär. Ýehudylar Hoş Habary inkär edip, gadymy däp - dessurlary gabanjaňlyk bilen berjaý etmegi dowam etdirdiler, özleriniň milli taýdan ýeke - täkligini berk goradylar, şol bir wagtyň özündede, Rebbiň özlerini terk edendigini ykrar etmän bilmediler. Danyýeliň pygamberligi Mesühiň geljek wagtyny şeýle takyk görkezýärdi we Onuň özümi hakda şeýle kesgitli gürrüň edýärdi welin, olar her hili ýol bilen ony öwrenmeklige bolan yhlasy peseltmäge çalyşýardylar. Şeýdibem, ahyr soňunda, dini mugallymlar bu wagty hasaplamaga synanyşanlary näletläp başladylar. Ysraýyl halky özüniň körlüginde we toba gelmezekliginde şondan soňky asyrlaryň hemmesiniň dowamynda Hoş Habaryň ak pata berýändigine, gögüň nuruny inkär edýänleriň hemmesine berilýän dabaraly hem haýbatly duşduryşlara garamazdan, rehimdarlyk bilen teklip edilen gutulyşa perwaýsyzlygyna galdy. BG 305.3
Şuňa meňzeş perwaýsyzlygyň bar ýerinde özüne ýaraşy hasylam bolýandyr. Diňe özüniň tebigy ymtylyşlaryna laýyk gelmeýändigi sebäpli, özündäki borç duýgusyny bilgeşleýin basyp ýatyrýanlar ahyrsoňunda hakykaty ýalandan tapawutlandyrma ukybyny ýitirýär. Şonda akyl kütelip, wyždan irkilýýär, ýürek gatap, jan Hudaýdan daşlaşýar. Eger Yygnak ýigrenç bilen Hudaýyň hakykatyny inkär etse, ol garaňkylyga batar, iman bilen söýgi sowaşar, ýat bolma bilen agzalalyk höküm sürer. Ýygnak agzalary öz güýçlerini diňe dünýewi zatlarda jemlände, günäkärler özleriniň toga gelmezekliginde has-da berkärler. BG 306.1
Ylham Kitabynyň 14-nji babyndaky birinji perişdäniň Hudaýyň hökümini yglan ediji we adamlary Rebden gorkmaklyga çagyryjy habary imanlylara zaýalanyp barýan dünýäniň täsirinden seresap bolmagy, hakyky ýagdaýyna hem imandan dänmesine gözlerini açmaklyga gönükdirilendi. Reb şu habar bilen Ýygnaga duýduryş goýberdi. Eger şol duýduryş kabul edilen bolsa, onda ol özlerini Hudaýdan daşlaşdyrýan bar erbetlikleri köki - damary bilen aýryp taşlardy. Eger olar gökden gelen habary kabul eden bolsalar, Rebbiň öňünde ýüreklerini peseldip, Onuň bilen duşuşyga taýýarlanyp başlardylar. Şonda Ruh bilen Hudaýyň güýji-de, olaryň aralarynda peýda bolardy. Şonda Ýygnak. resullaryň günlerindäki ýaly, imanlylaryň bir jan, bir teri” bolan wagtyndakysy, “Rebbiň sözüni gaýratlylyk bilen aýdan wagtlaryndakysy”, “Rebbiň Yygnaga her gün halas edilen adamlary getiren” wagtyndakysy ýaly, ak pataly iman birligine we söýgä ýeterdi (Resullaryň işleri 4:32, 31; 2;47). BG 306.2
Eger Hudaýyň çagalary Rebbiň Sözüniň sahypalaryndan öwşün atan nury kabul eden bolsalar, onda olar Mesihiň diläp doga eden we resulyň: “çagyrylanyňyzda bir umyda çagyrylyşyňyz ýaly, ten bir, Ruh bir, Reb bir, iman bir, çokundyryş birdir” (Efesliler 4:4-5) diýip ýazan birligine ýeterdiler. BG 306.3
Adwentist habaryny kabul edenler hut şunuň ýaly beýik ak patalary aldylar. Olar dürli ýygnaklardan çykdylar. Ozal olary aýra salan päsgelçilikler aradan aýryldy. Iman meselesindäki gapma -garşylyklar kül boldy. Ýerdäki müňýyllyk patyşalyga bolan esassyz umyt taşlanyldy. Rebbiň Ikinji gelmesine nädogry düşünmeler ýeňilip geçildi. Tekepbirlik bilen dünýwei bähbitler geçmişde galdy, kineler bagyşlanyldy, ýürekler ýakymly gatnaşyklarda sazlaşdylar, şonuň üçin adamlar arasynda söýgi hem şatlyk höküm sürdi. Eger şu taglymaty kabul etmek arkaly ony kabul eden adamlarda şonuň ýaly üýtgeşmeler bolan bolsa, onda ony kabul etmedikleriň durmuşam edil şunuň ýaly bolup üýtgärdi. BG 306.4
Emma ýygnaklar bu duýduryşa üns bermediler. Olaryň “Ysraýyl öýüniň garawullary” ýaly, Isanyň geljeginiň alamatlaryny ilki bolup bilmeli bolsalar-da, pygamberleriň şaýatlyklarynam, döwürleriň alamatlarynam görmediler. Yerdäki umytlar hem şöhratparazlykly ymtylyşlar olaryň ýüreklerni doldurdy, Hudaýa hem Onuň Sözüne bolan söýgi bolsa sowady, şonuň üçin Mesihiň Ikinii gezek geljekdigi baradaky habary eşidenlerinde, bu olaryň imansyzlygyny we ters pikirliligini has-da öjükdirdi. Adwentist hakykatyny ylahyýet boýunça bilimi bolmadyk ýönekeý adamlar wagyz edendikleri sebäpli, hakykata bolmalysy ýaly gulak asmadylar. Gadymda bolşy ýaly, Hudaýyň Sözüniň aýdyň şaýatlyklaryna: “Ýolbaşçylardan ýa-da fariseýlerden biri ynandymy?” diýip sorag bilen jogap berdiler. Pygamberlik döwürlerine esaslandyrylan subutnamalary ret etmegiň aňsat däldigine iş ýüztinde göz ýetirendikleri sebäpli, köpler pygamberlik kitaplarynyň möhürlenendigini, şonuň üçin olara düşünip bolmaýandygyny aýdyp, pygamberliklere çuň aralaşmak islemediler. Köpler özleriniň ruhy çopanlaryna köre - körlük bilen ynanyp, duýduryşy diňlemekden boýun towladylar. Başga birleri hakykata göz ýetiren bolsalar-da, “sinagogadan çykarylan adam” bolmakdan gorkup, muny açyk ykrar etmäge het edip bilmediler. Rebbiň synag hem Ýygnagyň arassalanmagy üçin iberen habary dünýäni Mesihden gowy görýänleriň sanynyň nähili köpdügini görkezdi. Olary dünýä bilen baglanyşdyran baglar Göge üns bererden güýçli bolup çykdy. Olar özleri üçin dünýäniň akyldarlygyny saýladylar-da, ýüregi synaýan hakykat habaryyny inkär etdiler. BG 306.5
Birinji perişdäniň duýduryşyny kabul etmekden ýüz öwürmek bilen adamlar gök tarapyndan özleriniň düzelmeklerine niýetlenilip iberilen serişdelerden - de, ýüz öwürdiler. Wepaly Şaýat olaryň durmuşyndan özlerini Hudaýdan aýra saýlan zatlary aýyrmak isledi, emma olar ýigrenç bilen Ondan ýüz öwürdiler-de, dünýä bilen birleşigi hem dostlugy öňkülerinden-de güýçli gözläp başladylar. Ine, ýygnaklaryň 1844nji ýyldaky şol doňup galmasynyň. imandan dänmesiniň we ruhy ölüminiň gorkunç ýagdaýynyň sebäbi nämede eken. BG 307.1
Ylhamyň 14-nji babynda biz birinji perişdäniň yzyndan ikinji perişdäniň: “Ýykyldy! Öz zyna azgynlygynyň şerabyny ähli milletlere içiren uly Babyl ýykyldy!” diýip gygyryp gelýänini okaýarys. “Babyl” sözi “wawil” sözünden bolup, “bulam - bujarlyk”, “tertipsizlik” diýen manyny aňladýar. Mukaddes Ýazgyda bu söz bilen ähli ýalňyşlyklary we imandan dänmeleri aňladýarlar. Ylhamyň 17nji babynda Babyl aýal görnüşinde berilýär - bu nyşan Mukaddes Kitapda Ýygnagy aňlatmak üçin ulanylýar. Päk ahlakly aýal arassa Ýygnagy, azgyn aýal bolsa, imandan dänen Yygnagy görkezýär. BG 307.2
Mesih bilen Onuň Ýygnagynyň arasyndaky mukaddes hem berk gatnaşyklar Mukaddes Kitapda nika baglanyşygy hökmünde beýan edilýär. Reb Özüni Öz halky bilen dabaraly ähtde baglanyşdyrdy. Ol halkynyň Hudaýy bolmaga wada berdi, halk hem, Onuň halky, diňe Oňa degişli halk bolmaga wada berdi. Hudaý: BG 307.3
“Seni özüme ebedi adaglaryn. BG 308.1
Dogrulyk, adalatlylyk hem wepaly söýgi, rehimlilik bilen Özüme alaryri’ (Hoşeýa 2:19) we: “Men siziň bilen biikdim” diýdi. Resul Pawlus hem bu meňzetmäni Täze Ähtde ulanyp: “men sizi päk gyz hökmünde Mesihe hödürlemek üçin diňe bir äre niýededim” (2 Korintoslylar 11:2) diýýär. BG 308.2
Mesihe ynanmasyny we Ony söýmesini bes edip, ýerdäki abadançylyklara ysnyşanda Ýygnagyň görkezýän biwepalygy är - aýallyk wadasyny bozmaklyk bilen deňeşdirilýär. Hudaýdan daşlaşan Ysraýylyň günäsi hut şeýle nyşan bilen hem berlendir, Hudaýyň ajaýyp söýgüsi, ýagny olaryň ret eden söýgüsi bosa, aşaky tolgundyryjy sözlerde suratlandyrylýar: “Saňa ant içip, seniň bilen äht baglaşdym, sen-de Meniňki bolduň. Muny Taňry Reb diýyär “... owadanlygyňyň çeni-çaky bolman, şa aýalynyň derejesine ýetdiň, Owadanlygyň sebäpli şöhratyň milletleriň arasyna ýaýrady, saňa bagyşlan şöwketim sebäpli, owadanlygyň kämildi... Yöne sen owadanlygyňa bil bagladyň, şöhratyňdan peýdalanyp, zynahorluk etdiň” (Ezekiýel 16:8, 13-15). BG 308.3
“Emma bir aýalyň öz ärine biwepalyk edişi ýaly, siz hem Maňa biwepalyk etdiňiz, eý, ysraýyl halky! Muny Reb aýdýandyr” (Ýermeýa 3:20). BG 308.4
Täze Ähtde resul dünýä bilen dostlaşmaga dyrjaşan imanlylara Hudaýyň rehimdarlygynda däl-de, şunuň ýaly jümlelerde ýüzlenýär. Resul Ýakup: “Eý zynahorlar, dünýä dostlugynyň Hudaýa duşmançylykdygyny bilmeýärsiňizmi? Dünýäniň dosty bolmak isleýän adam özüni Hudaýa duşman edýändir” (Ýakup 4:4) diýýär. BG 308.5
Ylhamyň 17-nji babynda gürrüňi edilýän aýal (Babyl) “goňur hem gyrmyzy eşikler geýnip, altyn, gymmatbaha daşlar, dürler bilen bezenipdi. Elinde bolsa ýigrenji zatlardan, zyna çirkinden doly altyn käse hardy. Onuň maňlaýynda «Beýik Babyl, dünýä kemçinleriniň we ýigrenjileriniň enesi” diýen syrly at ýazylgydy” Pygamber: “Onsoň aýalyň mukaddesleriň, Isa giiwälik edenleriň ganyndan serhoş bolanyny gördüm” diýýär. Mundan soň, Babyl “dünýä patyşalaryna patyşalyk eden uly şäheri” hökmünde görkezilýär. BG 308.6
Mesihi monahlarynyň köp ýüzýyllyklaryň dowamynda tabyn bolan häkimiýeti - bu Rimdi. Goňur hem gyrmyzy eşikler geýnip, altyn, gymmatbaha daşlar - bu zatlaryň hemmesi açyk reňkde bize rim iýerarhiýasynyň ajaýyplyklaryny hem tekepbirligini görkezýär. Başga hiç bir häkimiýet barada-da, “mukaddesleriň, ganyndan serhoş bolan” diýip, beýle dogruçyllyk bilen aýdyp bolmaz, sebäbi hut Rim Mesihiň yzyna eýerij i leri şeýle zalymlyk bilen yzarlady. Babyl, şeýle hem, “ýerdäki patyşalar” bilen bikanun gatnaşyk saklama günäsinde aýyplanylýar. Rebden daşlaşyp, butparazlar bilen birigip, ýehudy ybadathanasy zynahor aýal bolupdy, şonuň üçin ýerdäki häkimiýetlerden goldaw göziän Rimem, edil şunuň ýaly azdy we olam edil şunuň ýaly ýazgarylma degişlidir. BG 308.7
Babyl “kemçinleriň enesi” hökmünde suratlandyrylýar. Onuň taglymatyny we däplerini saklaýan, onuň göreldesine eýerip, dünýä bilen birleşmäniň hatyrasyna hakykaty hem Hudaýyň hoş niýetini pida eden ýygnaklar onuň gyzlary hökmiinde göz öňünde tutulýar. Babylyň ýykylandygyny yglan edýän Ylhamyň i 4-nj i baby birwagtlar arassa bolup, soň günäli ýoladüşen dini birleşmelere degişlidir. Habaryň sud baradaky duýduryşdan soň gelýändigi sebäpli, ol soňky günlerde yglan edilmelidir. Şonuň üçin ol diňe bir rim - katolik ybadathanasyna degişli däldir, sebäbi Ýygnak eýýäm köp ýüzýyllyklardan bäri günäli ýagdaýda bolup gelýärdi. Mundan başga-da, Ylhamyň 18-nji babynda Hudaýyň halky Babyldan çykmaklyga çagyrylýar. Şu tekstden çen tutsaň, Hudaýyň çagalarynyň köpüsi öňküleri ýaly, entegem, Babylda bolup ýör. Isa Mesihiň yzyna eýerijileriň aglaba bölegi haýsy dini birleşmelere degişli? Hiç bir şübhesiz, protestant ýygnaklaryna. Reformasiýanyň giiýçlenen döwründe bu ýygnaklar Hudaýyň we hakykatyň tarapyna geçdiler, şonuň üçin Hudaýyň ak patalary olara hemralyk etdi. Hatda imansyzlaram, Hoş Habar prinsiplerini kabul etmäniň sahawatly netijeleriniň bardygyny boýun almaga mejbur boldular. Ysraýyl pygamberi: “Owadanlygyň sebäpli şöhratyň milletleriň arasyna ýaýrady, saňa bagyşlan şöwketim sebäpli, owadanlygyň kämildi. Muny Taňry Reb diýýär” diýýär. Ýöne olar özleriniň günäli ymtylyşlary, ýagny bir wagtlar Ysraýyly nälete hem ölüme duçar eden ymtylyşlar zerarly, olar nädogry adamlaryň adatlaryna öýkünmek we olaryň dostlugyny gazanmak islediler. “Yone sen owadanlygyňa bil bagladyň, şöhratyňdan peýdalanyp, zynahorluk etdiň” (Ezekiýel 16:1415). BG 309.1
Protestant ýygnaklarynyň köpüsi “ýerdäki patyşalar” bilen bikanun birleşmä girmek bilen Rimiň göreldesine eýerýär. Döwlet ybadathanalary dünýewi häkimiýet bilen şeýle edýärler, beýlekileri bolsa, dünýäniň göwnünden turjak bolýar. “Babyl”,ýagny“bulam-bujarlyk”sözi şu ýygnaklar babatda doly ýerliklidir. Olar özleriniň taglymatyny Mukaddes Kitaba esaslandyrýandyklaryny aýdýan bolsalar-da, şol bir wagtyň özünde garşydaşlykly dogmalary hem teoriýalary bolan köp sanly sektalara bölünýärler. BG 309.2
Dünýä bilen günäli birleşmeden başga-da, Rimden aýrylan ýygnaklar onuň başga häsiýetlerini-de, miras aldylar. BG 309.3
Bir katolik ýazyjysy: “Eger rim Ybadathanasy mukaddeslere hormat goýup, butparazlykda aýyplanylýan bolsa, onda onuň gyzy bolan iňlis Ýygnagy hem, edil şu günäde aýyplanylýandyr, sebäbi onuň Merýem Gyza bagyşlanylan on ybadathanasy bar, ýöne Mesihe bagyşlanylan ýekejesem ýok” diýýär. BG 309.4
Doktor Hopkin özüniň: “1000 - ýyllyk patyşalyk” atly işinde: “Antimesihiň ruhy we onuň işleri diňe rim Ybadathanasyna mahsusdyr diýip hasaplamaga hiç hili esas ýokdur. Antimesih mukaddeslikden hem ahlak arassalygyndan uzakda bolan protestant ýygnaklarynda-da öňe gidýär” diýýär. BG 310.1
Preswiterian ýygnaklarynyň Rimden aýrylyp çykmagy babatda doktor Gutri: “300 ýyl mundan ozal biziň Ýygnagymyz öz baýdagynyň üstünde açyk Mukaddes Kitaby tutup we: “Ýazgyny öwreniň” diýen şygar bilen Rimiň derwezesinden çykdy” diýip ýazýar. Mundan soň ol: “Biziň Ýygnagymyz Babyldan arassa bolup çykdymy?” diýip köpmanyly soragy berýär. BG 310.2
Sperjen: “Iňlis Ýygnagy durşy bilen däp—dessury özüne siňdiren ýaly bolup görünýärdi. Ondan aýrylyp çykanlar bolsa, öz gezeginde filosofik ynamsyzlyga gurşalandy. Biziň köp zady tama edenlerimiz biri—biriniň yzyndan iman esasyndan daşlaşdylar. Men Angliýanyň içinden hudaýsyzlyk lagnaty bilen ýylmanandygyna, şol hudaýsyzlyk bilenem, münbere çykyp, özüni mesihilik hökmünde atlandyrmaga het edip bilýändigine gitdigiçe göz ýetirýärin”. Diýýär. BG 310.3
Bu uly imandan dännie nädip başlandy? Ilkibaşdaky Ýygnak nädip hoşhabaryň ýönekeý taglymatyndan daşlaşyp bildi? Munuň jogaby ýekejedir: butparazlara mesihiligi kabul etmek aňsat bolar ýaly, Ýygnak butparaz däplerini ulanyp başlady. resul Pawlus öz döwründe: “bikanunlyk syry şu wagt hem hereketde” (2 Selanikliler 2:7) diýýär. Resullar dirikä, Ýygnak özüniň arassalygyny saklady. Ýöne “II asyryň ahyrynda ýygnaklaryň köpüsi üýtgedi, öňki ýönekeýliginden nam - nyşan galmady. Wepaly şägirtler ölüp, olaryň ýerini ýaş nesil we täze imana gelenler bildirmän eýelediler... olaryň hemmesi özleriçe hereket etmäge başladylar”. Täze imana gelenleri saklamak üçin ýokary mesihilik prinsipleri peseldildi, netijede “butparazlygyň daşgyny Ýygnaga okdurylyp girdi-de, özi bilen öz däplerini, adatlaryny hem butlaryny alyp geldi”. Mesihilik dini dünýewi häkimiýetiň göwnünden turup, onuň goldawyna ýetende, ol diňe daşyndan mesihi bolan, aslyýetinde bolsa, “hakyky butparazlygyna galyp, gizlinlikde öz butlaryna tagzym edip ýören” köp adamlar tarapyndan formal ýagdaýda kabul edilipdi. BG 310.4
Eýsem, özüni protestant ýygnagy hasaplaýan her bir ýygnakda şeýle bolmadymy? Onuňreformanyňhakyky ruhy bilen herekete getirilen düýbüni tutujylary dünýäden ötenlerinden soň, olaryň işlerini dowam etdirijiler “hemme zady özlerine ýaraýşy ýaly etdiler”. Reformatorlaryň öz ataiarynyň imanyny köre - körlük bilen saklan we özleriniň eýýäm bilýän zatlarynyň çäklerinden çykýan islendik hakykaty kabul etmekden ýüz öwren nesilleri salykatlylykda, özüni pida etmede we dünýäni inkär etmede atalaryna meňzemediler. Şeýdip, “öňki sadalyk gaýyp boldy”. Ýygnaga okdurylyp giren dünýewi akym oňa “öz adatlaryny, däplerini hem butlaryny” girizdi. BG 310.5
Gynansak-da, Mesihiň yzyna eýerij ilerin “Hudaý bilen duşmançylykdaky” dünýä bilen dostlaşmasy häzirki döwürde berkeýär. Bütin dünýädäki umumy ykrar edilen ýygnaklar salykatlylygyň, özüňi inkär etmäniň, ýönekeýligiň we takwalygyň Mukaddes Kitap normasyndan nähili uzaga gitdiler! BG 311.1
Jon Uesli puly dogry ulanmak barada şeýle diýýär: “Gözüň höwesine lezzet bermeklige, ajaýyp hem gymmat eşik we gerek däl bolan şaý - sepler üçin ýekeje teňňänem sowmaň. Öýüňiziň manysyz bezegleri, kaşaň mebeller, gymmat suratlar, altyn şakur - şukurlara we ş.m. ýekeje teňňede sarp etmäň. Tekepbirligiňizi hiç zatda başyna goýbermäň, adamlaryň öwgüsine ýa-da ýokary tutmasyna mynasyp boljak bolup dyrjaşmaň... sen diňe özüň üçin jan edýärkäň, adamlar sen hakda gowy gürrüňleri ederler. Sen aňrybaş hem kaşaň geýimleri geýip, meýlisleri şagalaňly guraýarkaň, köpler, gürrüňsiz, seniň modany inçeden bilýändgiňi, sahylygyňy we myhmansöýerligiňi öwerler. Ýöne olaryň goldamasyny beýle gymmat baha satyn alma. Gowusy Rebbiň goldamasynda kanagatlanmakdyr”. Ýöne biziň döwrümizdäki köp ýygnaklarda bu nesihata üns bermeýärler. BG 311.2
Dünýädäki köp adamlar haýsy hem bolsa bir ynama uýýarlar. Hökümdarlar, syýasatçylar, kanun çykaryjylar, alymlar, telekeçiler Ýygnaga jemgyýetiň hormatyndan we ynamyndan peýdalanjak bolup ýada özüniň material abadançylygyny berkitmek üçin birigýärler. Özlerini mesihi hökmünde yglan etmek bilen olar özleriniň ýakymsyz maksatlarynyň üstüni örtmek isleýärler. Dürli dini birleşmeleriň kuwwaty şunuň ýaly agzalaryň baýlygyna hem täsirine daýanýar. Köp adamly köçelerde ajaýyp, diýseň kaşaň bezelen ybadathanalar gurulýar. Olara baý hem modaly geýnen adamlar gelýärler. Jemagatyň ünsüni çekip hem ony güýmäp bilýän zehinli ruhy çopana uly aýlyk tölenýär. Ol ruhy çopandan günäni paş etmeklik talap edilmeýär, onuň wagzy-da mylaýym hem her bir adamyň gulagyna rahatlandyryjy saz bolup eşidilmeli. Şeýle ýol bilen günäleri hemmelere mälim bolan adamlar ybadathananyň sanawyna girizilýär, olaryň günäleri bolsa, takwalyk maskasynyň astynda gizlenilýär. BG 311.3
Häzirki zaman mesihileriniň dünýä bolan garaýyşlary hakdagürrüň edende görnükli dünýewi žurnallarynyň biri: “Ýygnak göze ilmezek ýagdaýda döwrüň ruhuna tabyn boldy we öz gullugyny härizkizaman talaplaryna görä etdi. Dini özüne çekiji etmek üçin Yygnak häzirki döwürde serişdeleriň baryny ulanýar” diýip ýazýar. Ine, metodizm barada Nýu—Yorkuň “Independent” žurnaly näme ýazýan eken: “Hudaýdan gorkýan adamlar bilen hudaýsyzlaryň arasyndaky tapawut süpürilip aýrylýar-da, ýarym tona geçýär. Iki lagerdäki janköýer adamlar özlerini alyp baryşdaky we göwün açmalardaky tapawutlaryň süpürilip aýrylmagy üçin mümkin bolan zatlaryň hemmesini etmäge dyrjaşýarlar. Diniň meşhurlygy onuň artykmaçlyklaryndan peýdalanmak isleýänleriň, ýöne özüniň mesihilik borjuny ýerine ýetirmek islemeýänleriň hasabyna ösýär. BG 311.4
Howard Krosbi: “Mesihiň Ýygnagynyň Hudaýyň tamasyny şeýle az ödeýändigi bizi gaty çynlakaý tolgundyrýar. Gadymky ýehudylaryň butparaz halklar bilen berk gatnaşykda bolup, Hudaýdan we Onuň hakykatyndan sowaşyşlary ýaly,... Mesihiň häzirki zaman Ýygnagy-da, günäli dünýäniň dostlugyny gözläp, Hudaýyň takwa durmuşdaky prinsiplerine haýynlyk edip, köplenç takwasyran bolýan hudaýsyz jemgyýetiň heläkçilige alyp baryjy adatlaryny ýerine ýetirýärler, öz ruhy boýunça Hudaýyň ylhamyna ýat bolan, şonuň üçin hem, aslyýetinde merhemetde ösme bilen bir ýere sygyşmaýan delilleri ulanýariar we netijelere gelýärler” diýýär. BG 312.1
Dünýewi göwünaçmalaryň akymynda Mesihiň hatyrasyna özüňi inkär etme bilen özüňi pida etme ýaly gowy işler ýitirildi diýen ýalydyr. “Ýygnagyň durmuşyna işjeň gatnaşýan käbir adamlara çagalykda sahy bolmaklygy we Mesihiň hatyrasyna näme-de bolsa, bir zady pida etmekligi öwredýärler. Indi bolsa, serişde gerek bolan wagtynda. hiç kimi zekat bermäge çagyryp bilmeýärsiň. Ýok! Jygyllyklar, sergiler, tomaşaçylykly sud prosesleri, teatrlaşdyrylan şüweleňler gurnalýar - jemagatyň göwnüni açsa bolýar”. BG 312.2
Wiskonsiniň gubernatory Uoşbom özüniň her ýylky hatynyň 1873-nji ýylyň 9-njy ýanwaryndaky sanynda: “Kartçylar ýetişdirilýän mekdepleri ýapmak üçin nähilidir bir kanun gerek. Bu erbetlik hemme ýere ýaýrady. Hatda ýygnagam (elbetde, biygtyýar) käwagt şeýtanyň işini edýär. (Motiwi az derejede gowy niýetli bolsa-sa), gurnalýan haýyr - sahawat konsertleri, lotereýalar, auksionlar, sowgatly paketler bu zatlaryň hemmesi görünmeýän güýç bilen pul gazanmagyň usulydyr. Yöne zähmet çekmän pul gazanmakdan başda ýaşlara erbet täsir edip biljek zat ýokdur. Bu haýyr - sahawat söwdasyny guman hormatly adamlar özleriniň ynsabyny alnan pullaryň gowy maksatlar üçin gidýändigi bilen köşeşdirýrler. Ştatyň ýaşlarynyň humarly oýunlar wagtynda höküm sürýän göçgünliligiň gutulgysyz netijesi bolan howply endiklere beýle meýillidiklerine haýran galyp oturasy zat barmy?” diýýär. BG 312.3
Mesihilik ýygnaklarynyň hemmesi diýenýaly, dünýä görä bolýarlar. Robert Atkins özüniň Londondaky wagzynda Angliýada höküm sürýän ruhy pese düşüşiň keşbini şeýle şekillendirýär: “Hakyky wagyzçylar ýer ýüzünde gutaryp barýar. Hiç kimem muny ýüregine alanok. Biziň döwrümizdäki islendik ýygnakdaky mesihiligi wagyz edijiler dünýewi dunnuş bilen başagaý, dünýä görä bolýarlar, ýerdäki abadançylyklary gowy göi*ýärler we respektabelligiň aladasyny edýärler. Mesih bilen bilelikde görgi görmäge çagyrylan bu adamlar hatda kiçijik ýazgaryş bolanda, uly gorky bilen yza çekilýärler... her bir ýygnagyň gapysynda: “Imandan däniş, imandan däniş-’ diýlip şekillendirilip goýlupdyr. Eger olar muňa akyl ýetiren bolsalar, onda entek umyt etse-de bolardy, ýöne, gynansak-da, beýle däl! Olar gaty ses bilen: “Biz baý, biziň gowy işlerimiz köpelýär, biz hiç zada mätäç däl” diýip gygyrýarlar. BG 312.4
Babylyň iň uly günäsi “ýer ýüzünde ýaşaýanlary zyna şerabyndan serhoş edendigindedir”. Babylyň dünýä berýän serhoşluk käsesi özüniň bu dünýäniň beýikleri bilen saklaýan bikanun gatnaşyklarynyň netijesinde özleşdiren ýalan taglymatlaryny şekillendirýär. Dünýä bilen dostluk imany ýoýýar, şonuň üçin bu adamlaram öz gezeginde özleriniň Hudaýyň Sözüniň aýdyň tassyklamalaryna garşy bolan taglymatlary bilen dünýä çüýrediji täsirleri ýetirýärler. BG 313.1
Rim halkdan Mukaddes Kitaby gizledi-de, munuň deregine adamlara öz taglymatlaryny zor bilen berdi. Reformasiýanyň kömegi bilen adama H udaýy ň Sözi gaýtary ly p beri I d i. Y öne. eýsem, häzirkizaman ýygnaklary Mukaddes Yazga esaslanmanyň deregine adamlara Ybadathananyň ynam nyşanlaryna we rowaýatlaryna esaslanmagy öwretmeýärlermi? Çarlz Biçer protestant ýygnaklary barada gürrüň edende: “Olaryň iman taglymaty azajyk ýazgaryjy bolsada, her bir gödek aýdylan söz olary kemsidýär. Olar özleriniň yhlas bilen eken zady bolan mukaddeslere we görgi görenlere hormat goýulmanyň ösmegine garşy bolan delilleri titremän diňläp bilmeýän mukaddes atalar ýaly, bu babatda juda näzikdirler... Protestant hoşhabar denominasiýalary biri - biriniň we özleriniň ellerini şeýle üstünlikli daňdy welin, indi Mukaddes Kitapdan başga ýene bir kitaby kabul etmän, olarda wagyzçy bolubam bolmaýar... Şonuň üçin olar özleriniň taglymatlaryny ýokary galdyrjak bolup, öz döwründe Rimiň edişi ýaly, gümürtigräk bolsa-da, Mukaddes Kitaby gadagan edip başlaýandyklaryny aýtsak, öte geçdigimiz bolmaz” diýýär. BG 313.2
Hakyky mugallymlar Hudaýyň Sözüni düşündirenlerinde, şobada sagdyn taglymaty ýeres hökmünde yglan edýän, Yazga düşünýändiklerine dalaş edýän alym adamlar hem gullukçylar peýda bolup, hakykaty gözleýjileri aljyradýarlar. Eger dünýä Babylyň şerabyndan gutaran ýagdaýa çenli serhoş bolmadyk bolsa, onda köpler imana gelip, Hudaýyň Sözüniň aýdyň hem kesgitli hakykatlaryny kabul ederdiler. Yöne dini ynam taglymatlary şeýle bulaşyk hem düşnüksiz bolup görünýär-de, adamlaram nämä ynanjaklaryny bilmeýärler. Imana gelmedik dünýäniň günäsi ýygnaklaryň gapylarynyň agzynda ýatyr. BG 313.3
Ylhamyň 14-nji babyndaky ikinji perişdäniň habary 1844-nji ýylda wagyz edildi. Şol döwürlerde ol, esasan hem, iň güýçli ruhy pese düşmäniň bolan we bu duşduryşyň hemme ýerde inkär edilen ýeri bolan Birleşen Ştatlarda ýüzlenilendi. Yöne ikinji perişdäniň habary 1844nji ýylda dolulyga ýetmedi. Şonda ýygnaklar adwentist habarynyň nurundan ýüz öwrendikleriniň netijesi hökmünde ahlak taýdan pese düşmäni başdan geçirdiler, ýöne bu pese düşme gutarnykly bolmady. Özleriniň döwri üçin aýratyn bolan hakykaty inkär etmegi dowam etdirmek bilen olar gitdigiçe pese düşdüler. Yöne häzir entek: “Babyl ýykyldy, ýykyldy... sebäbi ýer ýüzünde ýaşaýanlary zyna şerabyndan serhoş etdi” diýmek bolmaýar. Ol entek beýle etmedi. Dünýä görä bolma ruhy we şu wagt üçin bolan hakykaty duýmaklyga perwaýsyzlyk mesihilik ýurtlarynyň hemmesindäki ýygnaklarda öňküleri ýaly ýaşaýar we berkeýär. Muny-da, ikinji perişde dabara hem gahar bilen paş edýär. Yöne imandan dänmeklik entek öz kulminasiýasyna ýetenok. BG 314.1
Mukaddes Kitap Rebbiň Ikinji gezek gelmesiniň öň ýanynda şeýtanyň “her hili ýalan gudrat, alamat we mugjyza bilen, heläk bolýanlary aldawa salýan her hili ýamanlyk bilen geljegini” aýdýar. Olar “şu sebäpden hem, ýalana ynanma” duçar ediler (2 Selanikliler 2:9-11). Ýokarda aýdylanlaryň hemmesi ýerine ýetip, mesihilik ýygnaklary dünýä bilen doly birigýänçä, Babyl ýykylmaz. Ýygnaklar kem - kemden gaýtadan dogulýarlar, şonuň üçin Ylhamyň 14nji babynyň 8-nji aýadynda welilik edilen zatlaryň doly ýerine ýetmesi geljegiň işidir. BG 314.2
Babyl bolup durýan ýygnaklar ruhy garaňkylyga batyp, Hudaýdan daş duran bolsalar-da, olaryň arasynda entek Mesihiň yzyna hakykatdan eýerýänler köp. Köpüsi geljek döwür üçin niýetlenilen hakykatlary entek eşitmedilerem. Köpüsi özleriniň häzirki ýagdaýy bilen kanagatlanmaýarlar-da, uly nura teşne bolup ýörler. Olar özleriniň degişli bolan ýygnaklarynda Mesihiň keşbini jan edip gözleýärler. Bu ýygnaklar gitdigiçe näçe hakykatdan daşlaşyp. dünýä bilen baglanyşygyny berkitse, ýygnak agzalarynyň arasyndaky tapawut hem, şonça göze ilginç bolup, ahyrynda bölünişik bolar. Rebbi hemme zatda ýokarda goýup söýýänleriň “dönük, ätiýaçsyz, gopbamsy lezzeti Hudaýdan köp söýýän, Hudaýyh ýolunda ýörän bolup, bu ýoluň güýjüni inkär edýänler” (2 Timoteos 3:4-5) bilen galmak islemeýän wagtlary-da geler. BG 314.3
Ylhamyň 18-nji babynda Ýygnagyň üç gezekki duýduryşy ret edip, ikinji perişdäniň öňünden aýdan ýagdaýyna düşjek, şonda Babylyň içinde bolan Hudaýyň halkynyň onuň içinden çykmaga çagyryljak wagty görkezilen. Bu dünýä üçin soňky habar bolar. 01 öz wezipesini ýerine ýetirer. ” … hakykata ynanman, ýamanlygy halaýanlar” (2 Selanikliler 2:12) ýalanyň hem aldawyň içinde bolanda, hakykat nury özüni kabul etmek isleýänleriň hemmesiniň ýüreklerinde öwşün atar we Babyldaky Rebbiň çagalarynyň hemmesi: “Eý halkym! ... ol ýerden çyk” (Ylham 18:4) diýen çagyryşa seslenerler. BG 314.4