Beýik Göreş

28/51

23—Nji Bap.
Mukaddes Ýer Näme?

Adwentistlik ynamynyň düýbi hem esasy Mukaddes Yazgynyň: «Bu waka iki müh üç ýüz gije-gündiz dowam eder. Sohra mukaddes ýer tämizlener” (Danyýel 8:14) diýen ýeridir. Bu sözler Rebbiň tizara geljegine ynanýanlaryň hemmesine tanyşdyr. Müňlerçe diller öz imanynyň nyşany hökmünde bu pygamberligi aýtdylar. Olar şol ýerde öňünden aýdylan wakalara özleriniň iň gowy umytlarynyň we tamalarynyň esaslanýandyklaryny bilýärler. Şol pygamberlik günleriniň 1844-nji ýylyň güýzünde gutarmalydygy düşnüklidi. Beýleki mesihilik dünýäsi bilen bilelikde şol döwrüň adwentistlerem, mukaddes ýeriň ýer ýa-da onuň haýsydyr bir bölegi bolup durýandygyna ynanýardylar. Olar mukaddes ýeri arassalamaklyk soňky beýik günde ýeriň ot bilen arassalanmagyny aňladýar, bu Reb Ikinji gezek gelende bolup geçer diýip çaklaýarlar. Şu ýerden hem, Mesih ýere 1844-nji ýylda gaýdyp gelýär diýen netije gelip çykdy. BG 330.1

Emma bellenilen wagt geçdi, Rebbem gelmedi. Imanlylar Hudaýyň özüniň ýalňyşmaýandygyny 3bilýärler, şonuň üçin pygamberligi olaryň özleri nädogry düşündirdiler, ýöne ýalňyşlyk nirede gizlendikä? Köpler 2300 günüň 1844-nji ýylda gutarmandygyny howul - hara aýtmak bilen garşydaşlyklaryň baglaryny kesmäge howlukdylar. Munuň ýaly zady subut edip bolmaýardy, dine Mesihiň Özüne garaşylan wagtda gelmändigine salgylanmak galýardy. Olar: “Eger pygamberik günleri 1844nji ýylda gutaran bolsa, onda Mesih mukaddes ýeri (ýagny ýer ýüzüni) ot bilen arassalardy, gelmedimi, diýmek şol günler gutarmandyr” diýdiler. BG 330.2

Munuň ýaly netijä gelmeklik pygamberlik döwürleriniň öňki hasaplamalaryny ret etmegi aňladýardy. Belli bolşy ýaly, 2300 giin Artakserksiň lýerusalimi dikeltlek we gurmak baradaky permany güýje giren wagtyndan, ýagny biziň eramyzdan öňki 457-nji ýylyň güýzlinde başlady. Eger bu senäni başlangyç nokady hökmünde hasaba alsak, onda Danyýel pygamberiň Kitabyndaky (9:2527) welilik edilip aýdylan seneler görkezilen möhlet bilen sazlaşýar. 69 hepde ýa-da 2300 ýylyň birinji 483 ýyly Hökmürowan Mesihiň gelmesiniň öňünde gutarýar, Onuň suwda çokundyrylmasy hem Mukaddes Ruh tarapyndan çokundyrylmasy biziň eramyzyň 27-nji ýylynda boldy. Bu bolsa, şol sanawa doly gabat gelýär. 70 hepdäniň ortarasynda Mesih ölmelidi. Suwda çokundyrylanyna üç ýarym ýyl geçenden soň, 31-nji ýylyň ýaz aýynda Mesih haçda çokundyryldy. 7hepde ýa-da 490 ýyl ýörite ýehudylar üçin aýrylyp goýuldy. Bu döwür geçenden soň, ýehudy halky Mesihi gutarnykly inkär etdi-de, Onuň şägirtlerini yzarlady. 34-nji ýylda resullar butparazlara ýüzlendiler. 2300 ýyl döwrüň 490 ýyly geçenden soň, ýene 1810 ýyl galypdy. Eger 34-nji ýyldan öňe 1810 ýyly hasaplasak, onda 1844 ýyly alýarys. Perişdäniň aýdyşy ýaly, “Şonda mukaddes ýer arassalanylar”. Pygamberligiň öňdäki bölekleri berk kesgitlenen wagtynda amala aşdy. BG 330.3

Bu hasaplamada bir zatdan başga hemme zat aýdyň hem arabaglanyşykly ýaly bolup göründi. 1844-nji ýylda mukaddes ýeriň arassalanmasy hasaplar ýaly, göze gömüp duran hiç hili waka bolmady. 1844-nji ýylda pygamberlik günleriniň gutarandygyna garşy çykmak hemme zady doly bulaşdyrmagy, şol bir wagtyň özünde-de, pygamberligiň ýalňyşsyz berjaý bolmagy bilen tassyklanylan ýagdaýlaryň hemmesinden ýüz öwürmeklik bolar. BG 331.1

Ýöne beýik adwentist hereketinde Hudaý Öz halkyna ýölbaşçylyk etdi. Bu işi Onuň güýji bilen şöhraty ugrukdyrdy. Şonuň üçin hem. Ol adwentist hakykatynyň ýalan hem fanatik öjükdirme hökmünde masgaraçylyk bilen tagmalanyp galyp, ony tümliigiň ýuwutmagyna ýol bermedi. Ol Öz sözleriniň düşnüksiz anyklanylman galmagyny islemedi. Pygamberlik döwürleriniň öňki hasaplanylmasyndan köpler ýüz öwren bolsalar-da, oňa esaslanan hereketleriň dogrulygyna garşy bolan bolsalar-da, beýlekileri, tersine, öz imanyndan hem Mukaddes Ýazgy bilen Hudaýyň Ruhunyň kuwwatly şaýatlygy bilen tassyklanylan tejribesinden ýüz öwürmediler. Olar pygamberlikleri düşündirenlerinde sagdyn prinsipleri kabul edendiklerine ynanýardylar, şol sebäpli-de, indi eýýäm gazanylan hakykatlary terk etmezligi hemde Yazgyny öwrenmekde kabul edilen ugry saklamagy özleriniň borjy hasapladylar. Olar doga edip, özleriniň gelen netijelerini gaýta — gaýta barladylar we özleriniň ýalňyşyny görjek bolup, Mukaddes Kitaby gaýtalap — gaýtalap okadylar. Pygamberlik döwürlerini hasaplamakda hiç hili ýalňyşlyklary tapmanlaryndan soň, mukaddes ýere degişli bolan soraga çynlakaý üns berdiler. BG 331.2

Ony öwrenenlerinde, olar Mukaddes Kitapdan mukaddes ýer hökmünde ýer baradaky umumy kabul edilen pikiri tassyklaýan hiç hili subutnamany tapmadylar, ýöne mukaddes ýer - onuň gurluşy, ýerleşýän ýeri we onda ýerine ýetirilen gulluklar - baradaky gutarnykly düşündirişi tapdylar. Mukaddes Kitap awtorlarynyň BG 331.3

düşündirişleri şeýle kesgitli hem gutarnyklydy welin, şübhelere eýýäm hiç hili orun galmady. Resul Pawlus Ýewreýlere hatda: “Ilkinji ähtiň hem ybadat dessurlary, dünýewi ybadathanasy bardy. Bir çadyr gurlupdy. Mukaddes Jaý diýilýän birinji bölümde şemdan, saçak, Hudaýa hödürlenip goýlan çörekler bolardy. Ikinji tutynyh ahyrsynda Ih Mukaddes Jaý diýilýän içki bölüm bardy. Altyn buhurdan, bütinleý gyzyl bilen gaplanan äht sandygy bu ýerdedi. Sandygyň içinde gyzyldan ýasalan manna gaby Harunyň güllän hasasy ýüzi ýazgyly daş sahypalar bardy. Sandygyh üstünde günäleriň ötülýän ýerine kölege salyp duran şöhrat kerubileri bolardy” (Ýewreýler 9:1-5) diýýär. BG 332.1

Pawlusyň gürrüňini mukaddes jaýy ýa-da ýeri Musanyň Hudaýyň buýrugy bilen Gudratygüýçliniň ýerde bolýan ýeri hökmünde guran çadyrydy. “Men olaryň arasynda ýaşar ýaly, Maha mukaddes öý gursunlar” (Müsürden çykyş 25:8). Musa Hudaý bilen dagda gürrüň eden wagtynda, oňa şeýle buýruk berildi. Ysraýyllylar çölde sergezdançylyk çekenlerinde, bir ýerden başga ýere göçüp—gonup ýördüler, şonuň üçin çadyram, şonuň ýaly göçe - göçlüge ýarar ýaly edilip gurlupdy. Ýöne muňa garamazdan, ol juda owadan ymaratdy. Onuň diwarlary galyň altyn gatlagy bilen örtülen, daşyna kümüşden çarçuwa edilen tagtalardan edilendi, birnäçe örtgüler ýa-da tutular, üstüniň üçegi bolup hyzmat edýärdi. Çadyryň BG 332.2

daşyndaky örtgi eýlenen derilerden ybaratdy, içki tutusy bolsa, inçejik ýüplükden dokalan, kerublaryň ajaýyp keşpleri şekillendirilen tutudan ybaratdy. Howluda ýakma gurbanlygy üçin gurbanlyk sypasy bardy. Çadyryň özi bolsa, iki bölümden—Mukaddes ýerden hem Mukaddesleriň Mukaddesinden—ybaratdy. Olar gymmatbaha matadan edilen kaşaň tuty bilen bölünip durdy. Edil şonuň ýaly tuty girelgäni hem birinji bölümi ýapyp durdy. BG 332.3

Birinji bölümde, ýagny Mukaddes ýerde, günorta tarapda gije - gündiz mukaddes ýeriň içini ýagtyldyp duran ýedi şemdan durdy. Demirgazyk tarapda hödür çöregi goýlan hantagta durdy. Mukaddes ýer bilen Mukaddesleriň Mukaddesini aýry edip duran tutynyň öňünde tütetgi üçin altyn sypa durdy. Şol sypadan her gün ýakymly ysly tütetginiň müşk - anbar ysy bilen bilelikde Ysraýylyň dogalary Hudaýa tarap göge galýardy. BG 332.4

Mukaddesleriň Mukaddesinde gymmatbahaly agaçdan ýasalyp, altyn çaýylan äht sandygy bardy. Ol sandykda Hudaýyň Öz beýik Kanunynyň On Tabşyrygyny ýazan iki sany daş sahypasy bardy. Sandygyň üstünde onuň gapagy bolup hyzmat edýän sünnälenip ýasalan ajaýyp merhemet tagty bardy. Ony iki tarapdan iki kerub saklap durdy. Ol sap altyndan ýasalandy. Bu ýerdäki iki kerubyň arasyndaky şöhrat buludynyň içinde içinde baş ruhana Hudaýyň şöhraty açylýardy. BG 332.5

Ýewreýler Kengan ýurdunda mekan tutanlarynda, çadyry Süleýmanyň guran ybadathanasy bilen çalyşdylar. Ol öňki çadyryň deň ölçegliligini hem gurluşyny özünde saklap, daşdan gurlan äpet uly ajaýyp ymaratdy. Ine, mukaddes ýer 70 - nji ýyla çenli nähili bolan eken. Danyýeliň günlerinde haraba bolup ýatanyny hasaba almanymyzda, 70 - nji ýylda rimliler ony weýran etdiler. BG 333.1

Bu şu wagta çenli ýer ýüzünde bar bolan ýeke - täk mukaddes ýer bolup, Mukaddes Kitabam, diňe ol hakda habar berýär. Pawlusyň aýdyşy ýaly, birinji ähtiň mukaddes ýeri bolupdy. Eýsem, Täze Ähtde mukaddes ýeri ýokmy? BG 333.2

Ýene-de Ýewreýlere hata ýüzlenmek bilen hakykaty gözleýjiler resul Pawlusyň sözlerinde ikinji ýa - da täzeäht mukaddes ýeriniňem bardygynyň görkezilýändigini bildiler: “Ilkinji ähtiň hem ybadat dessurlary dünewi ybadathanasy bardý“. Bu ýerdäki “hem” sözi Pawlusyň bu mukeddes ýer barada ozal eýýäm agzap geçendigini aýdýar. Öňdäki babyň başyna dolanyp gelenlerinde, olar: “Aýdanlarymyzyň özeni şunda: biziň Gökde, hemmeden Ulynyň tagtynyň sagynda oturyp, Mukaddes ýeriň, ýagny ynsanyň däl-de, Rebbiň guran hakyky çadyrynyň hyzmatyny edýän bir Baş Ruhanymyz bar” (Ýewreýler 9:1, 8:1-2) diýen sözleri okadylar. BG 333.3

Bu ýerde Täze Ähtiň mukaddes ýeri hakda gürrüň edilýär. Birinji ähtiň mukaddes ýeri adam tarapyndan gurlupdy. Ony Musa gurupdy. Täze Ähtiň mukaddes ýerini adam dälde, Hudaý gurupdy. Ol mukaddes ýerde ýerdäki ruhanylar gulluk edipdiler, soňkusynda bolsa, beýik Baş Ruhanymyz, Mesih Hudaýyň sag tarapynda duran ýerinde ruhanylyk edýär. Mukaddes ýerleriň biri ýerdedi, ikinjisi gökdedi. BG 333.4

Musanyň guran çadyry Rebbiň teklip eden nusgasy boýunça guruldy. Ol: “Mukaddes çadyr we onuň ähli esbaplary Meniň size görkezme berşim ýaly gurulsyn” diýip buýruk berdi. Bu buýruk gaýtalanyldy: “Ynha, sen bularyň hemmesini dagda saňa görkeziljek nusganyň esasynda ýasarsyň” (Müsürden çykyş 25:9, 40). BG 333.5

Resul Pawlusam, birinji çadyryň “häzirki zaman üçin bir mysal bolup, hödiirlenen sylaglar hem gurbanlary... görkezýandigini” onuň aýra edilmesiniň “gökde bolan zatlaryň nusgalarý’ bolandygyny, kanun boýunça gurban getiren ruhanylaryň “asmana degişli zatlaryň nusgasy hem kölegesine” hyzmat edendiklerini, “Mesihiň aslyň nusgasy bolup, ynsan eli bilenýasalan mukaddes ýere däl-de, biziň üçin Hudaýyň öňünde görünjek bolup, asyl Göge girendigini” aýdýar (Ýewreýler 9:9, 23; 8:5; 9:24). BG 333.6

Mesihiň biziň üçin Öz gullugyny edýän Gökdäki mukaddes ýeri Musanyň ýerdäki çadyryň keşbini göçürip alan ajaýyp asyl nusgasydyr. Yerdäki mukaddes ýeriň gurluşykçylaryny Hudaýyň Özi ruhlandyrdy. Bu işiň beýik çeperçilik derejede edilmegi Hudaýyň akyldarlygynyň aýan bolandygyna şaýatlyk edýär. Mukaddes ýeriň diwarlary guýma altyndan ýasalan ýaly duýgyny döredýärdi, sebäbi altyndan ýasalan ýedi şemli şemdanyň şöhlesiniň ýalkymy şöhlelendirip durdy. Hödür çörek hantagtasy bilen ýakymly ysly tütetgi üçin gurlan sypa altyn bilen ýylmanan ýaly öwşün atýardy. Yokarky toplumy emele getirip duran gök, badam, gyrmyzy ýüplük bilen perişdeleriň keşbi şekillendirilen tutular mukaddes ýeriň gözelligini kämillige çenli ýetirýärdi. lkinji tutynyň aňyrsynda mukaddes Şekina, Hudaýyň şöhratynyň göze görnüp durmasy, bardy. Bu ýere baş ruhanydan başda hiç kim girip, diri galyp bilmeýärdi. BG 333.7

Yerdäki mukaddes ýeriň deňeşdirip bolmajak öwüşgini we ajaýyplygy adamyň gözüniň öňünde gökdäki ybadathananyň şöhratyny, ýagny Mesihiň biziň Araçymyz hökmünde, biz üçin Hudaýyň tagtynyň öňünde gulluk edýän ýeriniň şöhratyny aňýar. Şalaryň Şasynyň mesgeni, müňlerçe müňleriň Oňa hyzmat edýän we garakçylyklaryň hem Onuň öňünde durýan ýeri (Danyýel 7:10), ebedi tagtyň şöhratyndan doly, serafimleriň, Onuň ýalkym saçyp duran garawullarynyň hormat bilen ýüzlerini ýapýan ýeri bolan ybadathanasy - bu zatlaryň hemmesi Iýerusalim ybadathanasynda, şu wagta çenli adam eli bilen gurlan binalaryň iň ajaýybynda, diňe çalaja şöhlelenmesini tapdy. BG 334.1

Şeýle-de bolsa, ýerdäki mukaddes ýer we onda edilýän gulluklar bize gökdäki mukaddes ýer we adamy halas etmäniň hatyrasyna edilýän şol beýik iş babatda wajyp hakykatlary habar berýär. BG 334.2

Gökdäki mukaddes ýeriň aýra edilmegi ýerdäki mukaddes ýeriň iki bölekden ybarat edilmegi bilen berlendir. Resul Ýahýa Hudaýyň Gökdäki ybadathanasy görkezilende, Ýahýa ol ýerde “tagtyň öňünde ýanyp duran ýedi çyranyň” (Ylham 4:5) bardygyny görýär. Ol şeýle hem, başga bir perişdäniň “gurbanlyk edilýän ýeriň öňünde duranyny onuň elinde altyn buhurdan bardygyny, oňa tagtyň öňündäki altyn gurbanlyk edilýän ýerde ähli mukaddesleriň dogalary bilen hödürlemegi üçin köp buhurlaryň berlenini” (Ylham 8:3) gördi. Pygambere gökdäki mukaddes ýeriň birinji bölegini görmäge rugsat edildi, şonuň üçin ol şol ýerde ýerdäki mukaddes ýerde altyn şemdan hem ýakymly ysly tütetgi üçin gurbanlyk sypasy hökmünde görkezilen “ýanyp duran ýedi çyrany” we “altyn gurbanlyk edilýän ýeri” görýär. Yenede, “Hudaýyň Gökdäki ybadathanasy açyldy” (Ylham 11:19), şonda ol içki tuty ny ň aňyrsyny, “mukaddes leriň Mukaddesini” görüp bildi. Ol şol ýerde Musanyň ýerdäki mukaddes ýeriň içindäki äht sandygynyň nusgasyny alan, içinde Hudaýyň Kanunynyň tabşyryklary ýüzüne ýazylan iki sany daş sahypa saklanylan, “äht sandygyny” gördi. BG 334.3

Bu sorag ünsli öwrenilende, gökdäki mukaddes ýeriň bardygynyň inkär edip bolmajak subutnamalary tapyldy. Musa ýerdäki mukaddes ýeri özüne görkezilen nusga boýunça gurdy. Pawlusam, Ýewreýlere hatynda ýerdäki mukaddes ýeriň gökdäkiniň nusgasy bolandygyny tassyklaýar, Ýahýa-da, ony gökde görendiigine şaýatlyk edýär. BG 334.4

Gökdäki ybadathanada, Hudaýyň ýaşaýan mesgeninde, Onuň tagty adalata we suda esaslanýar. Mukaddesleriň Mukaddesinde Onuň Kanuny - bütin adamzadyň synalýan beýik hakykat ölçeg birligi - saklanylýar. Ýüzüne Kanun ýazylan daş sahypalarynyň saklanylýan ýeri bolan äht sandygynyň üstünde gapak - merhemet tagty - bar. Şol tagtyň öňünde Mesih Öz Ganynyň ady bilen günäkärler üçin töwellaçylyk edýär. Adamzady halas etme planyndaky adalatyň hem rehimdarlygyň birleşmesi şeýle şekillendirilen. Munuň ýaly birleşmäni diňe Tükeniksiz Akyldarlyk teklip edip biler we ony diňe Tükeniksiz Güýç amala aşyryp biler. Bu birleşme bütin Gögi haýran galmadan we öwgüden dolduryp bilýär. Ýerdäki mukaddes ýeriň içindäki nazarlary şeýle hormat bilen merhemet tagtyna gönügip duran kerublar bütin gökdäki goşunlaryň adamzadyň halas edilişine seredip duran gyzyklanmasyny şekillendirýär. Bu perişdeleriň aralaşmak isleýän rehimdarlygynyň syrydyr. Eger Hudaý toba eden günäkäri aklap, onuň günäli adamzat bilen gatnaşygyny täzelese. onda Ol nädip adalatly bolup biler? Mesih nädip adamlary ölüm ummanyndan alyp çykyp, olara Öz dogrulygynyň tegmilsiz eşigini geýdirip, olar Hudaýyň barlygynda ebedi bolup biler ýaly, olary günäni bilmeýän perişdeler bilen birikdirip biler? BG 335.1

Biz Mesihi adamyň Töwellaçysy hökmünde Zakarýanyň ady “Pudak” bolan Adam hakdaky ajaýyp pygamberliginde görýäris. Pygamber: “Hawa, Rebbe ybadathana gurjak şoldur. Ol şalyk şöhratyny gazanar, tagtynda oturyp şälyk sürer. Onuň tagtynyň ýanynda ruhany bolar we ol ikisiniň arasynda ylalaşykly maslahat bolar” (Zakarýa 6:13) diýýär. BG 335.2

Rebbe ybadathana gurjak şoldur“. Öz gurbanlygynyň we araçylyk gullugynyň arkasyndan mesih bir wagtyň özünde Hudaýyň Ybadathanasynyň hem düýbi, hem gurluşykçysy bolup durýar. Resul Pawlus Ol hakda gürrüň edende: “Isa Mesihiň Özi burç daşy bolup, siz resullaryň, pygamberleriň düýp-teýkarynda bina edildiňiz. Bütin ymarat Rebde bir mukaddes ybadathana bolsun diýip, Onda örülýär, beýgelýär. Siz hem Ruhda Hudaýyň mesgeni bolmak üçin, bilelikde Mesihde bina edilýärsiňiz” (Efesliler 2:20-22) diýýär. BG 335.3

Ol şöhrat gazanar. Günäli adam neslini halas etme şöhraty Mesihiňkidir. Bakyýetde halas edilenleriň: “Şöhrat hem gudrat bizi söýýän, Öz gany bilen günälerimizden azat eden... Mesihiňki bolsun... şöhrat hem hökümdarlyk ebedi Onuňkydyr” (Ylham 1:5-7) diýen aýdymy ýaňlanar. BG 335.4

Ol “Öztagtyndaoturyp, hökümdarly k eder, Öz tagtynda ruhany-da bolar”. Häzir Ol entek uÖzüniň şöhrat tagtynda” oturmady, sebäbi entek şöhrat tagty ýerde gurulmady. Onuň araçy bolma gullugy gutarandan Hudaý Oňa “Atasy Dawudyň tagtyny berer”, Onuň patyşalygynyň “sohy bolmaz” (Luka 1:32-33). Mesih häzir ruhany hökmünde Atasynyň tagtynda, Onuň bilen bile otyr (Ylham 3:21). Biziň “kesellerimizi Oz üstüne Alan’” “synalanlara kömek etmek üçin” “günäden başga zatda biz ýaly Synalan” Ebedi Yaşaýan bilen bile tagtda otyr. “Kimdir biri günä eden bolsa, Atanyň ýanynda Töwellaçymyz... bardyr” (Işaýa 53:4; Ýewreýler 4:15; 2:18; I Ýahýa 2:1 serediň). Ol Özüniň ýaralanan hem deşilen tenine, günäsiz durmuşyna biz mynasyp bolduk diýip hasaplaýar. Deşilen eller, dilinen böwür, çüý yzlary galan aýaklar - bu zatlaryň hemmesi şeýle ýokary baha, tükeniksiz gymmat baha satyn alnan günäkär adama rehim edilmegini soraýar. BG 335.5

“...ol ikisiniň arasynda ylalaşykly maslahat bolar“. Ogluň söýgçsinden pes bolmadyk Atanyň söýgüsi azaşan adamzady halas etme çeşmesidir. Isa göge alynmazynyň öň ýanynda: “Men siziň üçin Atadan dilärin diýmeýärin. Çünki Atanyň Özi sizi söýýär” (Yahýa 16:26-27) diýýär. “Hudaý dünýäni Özi bilen Mesihde ýaraşdyrdy” (2 Korintoslylar 5:19). Şonuň üçin gökdäki mukaddes ýerdäki gullukda “...ol ikisiniň arasynda ylalaşykly maslahat bolar”. “Çünki Hudaý dünýäni köp söýýänligi üçin, Ogluna iman edenleriň hiç biri heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowuşsyn diýip, Özüniň ýekeje Ogluny berdi” (Ýahýa 3:16). BG 336.1

“Mukaddes ýer näme?” diýen soraga Mukaddes Ýazgy juda kesgitli hem aýdyň jogap berýär. “Mukaddes ýer” jümlesi Mukaddes Kitapda ulanylyşynda, birinjiden, Musanyň gökdäki nusga boýunça guran çadyrydyr, ikinjiden, ýerdäki mukaddes ýeriň görkezýän gökdäki hakyky çadyrydyr. Mesihiň ölümi bilen bilelikde obrazly gullugam gutardy. Gökdäki “hakyky çadyr” Täze Ähtdäki mukaddes ýer bolup durýandyr. Danyýeliň pygamberliginiň (Danyýel 8:14) täzeäht döwründe berjaý bolandygy sebäpli, onda gürrüňi edilýän mukaddes ýer Täze Ähtiň mukaddes ýeri bolmalydyr. 1844-nji ýylda 2300 gün tamamlananda, ýerde bireýýämden bäri mukaddes ýer ýokdy. Şeýlelikde, “Bu waka iki müň üç ýüz gije-gündiz dowam eder. Soňra mukaddes ýer adalatsyzlykdan tämizlener” diýen pygamberlik, şübhesiz, gökdäki mukaddes ýeri görkezýär. BG 336.2

Indi iň wajyp soraga jogap beräýmeklik galdy: “Mukaddes ýeriň arassalanmasy näme?”. Köne Ähtde mukaddes ýeri arassalama gullugy hakda gürrüň edilýär, ýöne gökde nämedir bir zat arassalanma mätäçmi? Yewreýlere hatyň 9-njy babynda ýerdäki ýaly, gökdäki mukaddes ýeriňem, arassalanmasy hakda gürrüň edilýär: “Mukaddes Kanun boýunça zatlaryň hemmesi diýen ýaly gan bilen tämizlenýär. Gan dökülmän, bagyşlanma bolmaz. Şeýlelikde, Gökde bolan zatlaryň nusgalaryny bu gurbanlar bilen, ýöne Gökdäki asyllaryny bulardan gowy gurbanlar bilen tämizlemek gerekdi” (Yewreýler 9:22-23). BG 336.3

Obrazly gullukda bolşy ýaly, hakyky durmuşda-da, arassalanma gan arkaly ýerine ýetirilýär. Birinji ýagdaýda mallaryň gany arkaly, ikinjide - Mesihiň Gany arkaly. Resul Pawlus Ýewreýlere hatda arassalanmanyň gan arkaly ýerine ýetirilýändigini, sebäbi gan dökmezden bagyşlamanyň bolmajakdygyny aýdýar. Günä bagyşlanylmaly, goýberilmeli ýa-da tekizlenilmeli. Ýöne günäniň gökdäki ýa-da ýerdäki mukaddes ýere näme dahyly bar? Bu soraga jogaby nyşany gulluga ýüz tutmak bilen alyp bolar, sebäbi ruhanylar ýerdäki gullugy edenlerinde, “asmana degişli zatlaryň nusgasy hem kölegesine hyzmat etdiler” (Ýewreýler 8:5). BG 337.1

Ýerdäki mukaddes ýeriň gullugy iki böliimden ybaratdy: ruhanylar Mukaddes ýerde her gün gulluk edýärdiler, ýöne baş ruhany bir ýylda bir gezek mukaddes ýeri arassalamak üçin mukaddesleriň Mukaddesinde aýratyn ýaraşdyrma adatyny ýerine ýetirýärdi. Toba gelen günäkär her gün çadyryň gapysyna gurbanlyk berjek malyny getirýär-de, malyň kellesine elini goýup, günäleriniň hemmesini boýun alýardy, şeýdibem, giinäkäriň giinäsi obrazlaýyn bigünä gurbanlyga geçýär. Şondan soň, maly öldürýärdiler. Resul: “Gan dökülmän, bagyşlanma bolmaz” diýýär. “...jandaryň jany - onuň ganyndadyr” (Lewiler 17:11). BG 337.2

Hudaýyň Kanunyny bozmaklyk jenaýatçynyň janyny talap edýärdi. Günäkäriň, günäsi gurbanlyk malyna geçirileniň, janyny alamatlandyrýan gany ruhany Mukaddes ýere alyp girip, ony aňyrsynda äht sandygy, ýagny içinde günäkäriň bozan Kanuny bolan sandygy, duran tuta sepýär. Bu däbiň üsti bilen günä nyşany taýdan gan arkaly mukaddes ýere girizilýär. Käbir ýagdaýlarda gan Mukaddes ýere girizilmeýär, ýöne ol ýagdaýda ruhanylar Musanyň Harunyň ogullaryna buýruk berşi ýaly: “Bu gurbanlyk bize jemagatyň günälerini aýryp, olary Rebbiň öňünde arassalamagymyz üçin berildi ” (Lewiler 10:17) diýip iýmelidiler. Däpleriň ikisem deň derejede toba eden günäkärden günäni aýryp, mukaddes ýere girizmegi alamatlandyrýar. BG 337.3

Bu gulluk tutuş ýylyň dowamynda her gün ýerine ýetirilýärdi. Şeýdip, Ysraýylyň giinäsi mukaddes ýere getirilýärdi, ýöne olary aýyrmak üçin ýörite däp talap edilýärdi. Mukaddes bölümleriň her biri üçin aýratyn arassalama gullugynyň geçirilmegini Hudaý talap etdi: “Ysraýyl halkynyň murdarlyklary we olaryň bar etmişleri, günäleri zerarly Harun iň mukaddes otagy halallasyn. Ol Rebbe ýüz tutulýan öýi-de halallasyn, çünki Rebbeýüz tutulýan buöý murdarlykdan doly düşelgäniň ortarasyndadyr” Gurbanlyk sypasyny-da arassalamak gerekdi. “Ol ony Ysraýyl halkynyň m urdarlyklaryndan halallap, mukaddes etsiri! BG 337.4

Ýylda bir gezek, beýik Halas etme gününde baş ruhany mukaddesleriň Mukaddesine mukaddes ýeri arassalamk üçin girýärdi. Bir ýyllyk gulluklar toplumy şeýle gutarýardy. Beýik Halas etme gününde iki erkeji çarydyň gapysynyň agzyna getirýärdiler-de, olaryň üstünde bije atýardylar: “bir erkeç Rebbe gurbanlyk hökmünde hödürlenýärdi, beýlekisi bolsa günä alyp gidýçin erkeç bolýardy” (Lewiler 16:8). Üstüne Reb üçin atylan bije düşen erkeji günäler üçin gurbanlyk hökmünde hödürleýärdiler. Baş ruhany onuň ganyny alyp, tutynyň aňyrsyna geçirýärdi-de, ony äht sandygynyň öňüne hem gapagynyň üstüne sepýärdi. BG 338.1

Onsoň Harun ellerini diri erkejiň başyna goýup, Ysraýyl halkynyň bar pisliklerini, etmişlerini we gnälerini boýun alsyn. Ruhany şeýle etmek bilen halkyň günäsini geçä geçirip, ony ýörite çöle boşadyp ibermek üçin bellenen adam bilen çöle ibersin. Erkeç olaryň ähli ýazyklaryny göterip, adam aýagy sekmedik bir ýere äkider. Ýaňky bellenen adam erkeji boşadyp çöle ibersin” (Lewiler 16:21-22). BG 338.2

Ýazyk äkidýän erkeç gaýdyp, ysraýyl düşelgesine gelmändir. Ony äkiden adam bolsa, diňe eşiklerini, tenini suw bilen ýuwandan soň, düşelgä gaýdyp gelip bilipdir. BG 338.3

Bu dabaralaryň hemmesi ysraýyl halkyny Rebbiň mukaddesligi hakdaky hakykata ynandyrmak we Onuň günäni ýigrenýändigini ýatlatmak üçin ýerine ýetirilipdir. Olar günä islendik galtaşmanyň adamy murdar edýändigine düşünmelidiler. Arassalanma gullugy geçirilen wagtynda, her bir adam öz ýüregini tabyn etmelidi. Adaty işleriň hemmesi bes edilýärdi we ysraýyllylaryň hemmesi bu güni Hudaýyň öňünde dabaraly tabyn bolmada doga edip, oraza tutup we özüni çuňdan öwrenmek bilen geçirýärdi. BG 338.4

Obrazly gulluk özünde wajyp hakykatlary saklaýar. Günäkäriň deregine mal gurban edilýärdi, ýöne barybir gurbanlyk malynyň gany günäleri ýuwmaýardy. Şonuň üçin ol mukaddes ýere alnyp girizilýärdi. Günäkär gany ol ýere getirmek bilen Kanunyň ygtyýaryny ykrar edýärdi, ony bozup eden günäsine toba edýärdi we gelmeli bolan Halasgäre bolan imany arkaly özüniň gutulyş almaga dyrjaşýandygyny beýan edýärdi. Ýöne barybir ol Kanuny ýazgarmasyndan doly azat bolmaýardy. BG 338.5

Beýik Halas etme gününde baş ruhany jemagatdan gurbanlygy alyp, gan bilen mukaddesleriň Mukaddesine girýärdide, göni Kanun ýazylan daş sahypalaryň üstündäki sandygyň gapagynyň üstüne gan sepýärdi. Ol muny Kanunyň talaplaryny kanagatlandyrmak üçin edýärdi. Soň, araçy bolandygy üçin, günäleri öz üstüne alyp, olary mukaddes ýerden alyp çykýardy. Soň, goýberilmeli erkejiň kellesine elini goýup, onuň üstünde günäleriň hemmesini boýun alýar. Şeýle etmek bilen ol nyşany ýagdaýda günäleri öz üstünden alyp, erkejiň üstüne geçirýär. Erkeç günäleri alyp, ýok bolup gidýär, şonuň üçin günäler halkdan hemişelik aýrylan hasaplanylýar. BG 338.6

Bu gulluk “asmana degişli zatlaryň nusgasy hem kölegesine hyzmat etme” bolupdy. Ýerdäki mukaddes ýerde nyşany gömüşde ýerine ýetirilen zatlar gökdäki mukaddes ýerde hakykatdanam bolup geçýär. Halasgär göge alnandan soň, Özüniň başruhanylyk gullugyny ýerine ýetirip başlady. Resul Pawlus: “Çünki Mesih aslyň nusgasy bolup, ynsan eli bilen ýasalan mukaddes ýere däl-de, biziň üçin Hudaýyň öňünde görünjek bolup, asyl Göge girdi” (Ýewreýler 9:24) diýýär. BG 339.1

Ruhanynyň bütin ýylyň dowamynda mukaddes ýeriň birinji bölliminde, gapy kimin bolup, Mukaddes ýeri daşky howludan aýra edýän cctutynyň aňyrsynda” edýän gullugy, Mesihiň göge alnandan soň, başlan gullugyny alamatlandyrýar. Ruhanynyň gündelik gullugynyň işi Hudaýyň öňüne günäler iiçin gurbanlyklary getirmekden, şeýle hem, Ysraýylyň dogalary bilen bilelikde göge galdyrylan ýakymly ysly tütetgileri ýakmakdan ybaratdy. Mesihem, Atasynyň öňüne gtinäkärler üçin Öz Ganyny getirip we toba eden günäkärleriň dogalaryny Öz dogrulygynyň gymmatly atyr ysy bilen bilelikde Atasyna hödürläp, edil şonuň ýaly edýär. 01 bu gullugy gökdäki mukaddes ýeriň birinji böltiminde edýär. BG 339.2

Mesih ýanlaryndan göge alnan wagtynda, Onuň şägirtleriniň nazarlary gökdäki mukaddes ýere iman bilen gönükdi. Onda olaryň bar umydy jemlenendi. Bu barada Pawlus: “Biziň jan labyry ýaly ynamly hem berk bolan bu umydymyz tutynyň aňyrsyna geçýändir. Isa ... ebedi Baş Ruhany bolup, öňbaşçymyz hökmünde biziň üçin ol ýere girdi... Mukaddes ýere girip, erkeçleriň, göleleriň gany bilen däl-de, Özgany bilen birgezek.de ebedi gutulyşy gazandy” (Ýewreýler 6:19-20; 9:12) diýýär. BG 339.3

Mukaddes ýeriň birinji bölümindäki ruhanylyk gullugy on sekiz asyryň dowamynda dowam etdi. Mesihiň Gany günäsine toba eden günäkäri Atasy bilen ýaraşdyryp, onuň iiçin töwellaçylyk etdi, emma ol günäler barybir gökdäki kitaplarda öňküleri ýaly, ýazylgylygyna galdy. Obrazly gullukda ýylyň ahyrynda mukaddes ýeriň arassalanmasynyň geçirilişi ýaly, Mesihiň adamzady halas etme gullugy tamamlanmazdan öň, gökdäki mukaddes ýerden günäleriň hemmesini aýryp, ony arassalamak gerek bolupdy. Bu hem, 2300 pygamberlik güni gutaranyndan soň, başlanan gullukdyr. Bu wagtda, Danyýeliň pygamberligine laýyklykda, biziň Baş Ruhanymyz Öztiniň dabaraly gullugynyň soňky bölegini ýerine ýetirmek - mukaddes ýeri arassalamak - üçin mukaddesleriň Mukaddesine girýär. BG 339.4

Gadymda halkyň günäsiniň gurbanlyk malynyň üstüne iman bilen goýluşy we onuň gany arkaly obrazly görnüşde ýerdäki mukaddes ýere geçirilişi ýaly, Täze Ähtde-de, biziň günälerimiz Mesihiň üstüne iman bilen ýüklenilýär-de, gökdäki mukaddes ýere geçirilýär. Yerdäki mukaddes ýeriň obrazly arassalanmasynyň ondan günäleri aýyrma ýoly bilen berjaý edilişi ýaly, gökdäki mukaddes ýeriň hakyky arassalanylyşy-da, ol ýere girizilen günäleriň aýrylmagy ýa-da ýok edilmegi bilen berjaý edilýär. Ýöne toba gelip, Mesihe iman etme arkaly kimiň gutulyşa hukuk alýandygyny anyklamak üçin gögüň kitaplaryny okamak wajypdyr. Şonuň üçin, mukaddes ýeriň arassalanylmasy ölüleriň hem dirileriň işlerini derňemekligi - derňew suduny - öz içine alýandyr. 01 Mesih Öz halkyny halas etmek üçin gelmezinden öň tamamlanylmalydyr, sebäbi 01 gelen wagtynda, “her kese etmişine görü hak berer” (Ylham 22:12). BG 339.5

Şeýlelikde, pygamberlik sözüniň nuruna ynananlar Mesihiň 2330 günüň ahyrynda, 1844-nji ýylda, ýere gelmegiň deregine, halas etme işini tamamlap, zerur bolan zatlaryň hemmesini Özüniň gelerine taýýarlamak üçin gökdäki mukaddes ýeriň mukaddesleriniň Mukaddesine girendigini gördüler. BG 340.1

Eger damagy çalnan erkeç gurbanlyk hökmünde Mesihi görkezen bolsa, baş ruhany-da, araçy hökmünde Mesihi alamatlandyran bolsa, onda kowlup goýberilen erkeç günäni döreden, ahyrynda çyndan toba gelen adamlaryň hemmesiniň günäleri üstüne ýükleniljek şeýtany alamatlandyrýar. Baş ruhany günäler üçin damagy çalnan gurbanlyk malynyň gany bilen mukaddes ýeri arassalandan soň, ol şol günäleriň hemmesini kowlup goýberilen erkejiň üstüne ýükledi. Mesih Öz Gany bilen gökdäki mukaddes ýerden Öz halkynyň günälerini aýranda, gökdäki suduň hökümi boýunça gutamykly jezany çekjek şeýtanyň üstüne ýüklär. Günä ýüklenilip kowlup goýberilen erkeji gaýdyp, Ysraýyl ogullarynyň düşelgesine gaýdyp gelmez ýaly, adam aýagy sekmedik çöllüge äkidip taşlapdyrlar. Edil şunuň ýaly usul bilen şeýtanam, Hudaýyň we Onuň halkynyň ýanyndan ebedilik kowlarda, günä bilen günäkär ýok edilenden soň, ýaşamasyny bes eder. BG 340.2