Beýik Göreş
20—Nji Bap.
Beýik Dini Galkynyş
Mesihiň Ikinji gezek gelmegi baradaky wagzy döredýän beýik dini galkynyş Ýahýa Ylahyýetçiniň Ylham kitabynyň 14-nji babynda, perişdäniň ilkinji habarynda welilik edilipdir. Biz “Gögiiň ortasynda uçup ýören ... Yer ýüzünde ýaşaýanlara, her millete we taýpa, her dile we her halka yglan etjek bolup, ebedi Hoş Habary getirýan” perişde hakda okaýarys. Ol gaty ses bilen: “Hudaýdan gorkuň! Ony şöhratlandyryň! Çünki Onuň höküm sagady geldi. Gögi, Ýeri, deňzi we suw bulaklaryny Ýaradana sežde ediň!” (Ylham 14:6-7) diýip gygyrýardy. BG 287.1
Bu duýduryşyň wajyplygy onuň prişde tarapyndan yglan edilendigi bilen bellenilýär. Gökdäki habarçynyň arassalygy, şöhraty we güýji bilen bu habaryň, şeýle hem, oňa hemralyk etjek güýç bilen şöhratyň ýerine ýetirmeli bolan işiniň beýik hem ajaýyp häsiýetini beýan etmek Hudaýyň Akyldarlygyna makul boldy. Perişdäniň “Gögiiň ortasynda” uçup ýörmegi, onuň “Yer ýüzünde ýaşaýanlara, her millete we taýpa, her dile we her halka” gönükdirilen duýrudyşynyň “gaty sesi” - bu zatlaryň hemmesi bu habaryň tiz hem bar ýere ýaýrandygy hakda gürrüň berýär. BG 287.2
Habaryň özi bu hereketiň haçan başlanmalydygynyň wagtyny görkezýär. Ol “edebi Hoş Habaryň” bir bölegini düzýär we hökümiň gelendigini habar berýär. Gutulyş baradaky habar asyrlaryň hemmesinde-de wagyz edildi, ýöne bu habar diňe soňky günlerde yglan edilip bilinjek Hoş Habaryň bir bölegidir, sebäbi diňe şonda hökiim sagady geler. Pygamberliklerde höküm başlanmazyndan öň bolmaly bolan wakalar hakda gürrüň edilýär. Bu Danyýel pygamberiň Kitabyna has-da degişlidir. Ýöne soňky günlere degişli bolan pygamberlikleri “zamananyň ahyryna çenli” gizlemeklik we möhürlemeklik Danyýele buýruldy. Bu pygamberlikleriň ýerine ýetmegine esaslanýan sud baradaky habar şol wagt gelmezden öň yglan edilip bilinmez. Ýöne pygamberiň aýdyşy ýaly, zamananyň ahyrynda “köp adamlar bilimini artdyrmak üçin özlerini ol ýere, bu ýere urarlar” (Danyýel 12:4). BG 287.3
Resul Pawlus Yygnaga öz günlerinde Mesihiň gelmejekdigini duýdurýar. Ol: “Çünki imandan dönme gelýänçä, bikanun adarn, heläkçilik ogly peýda bolýança, ol gün gelmez” (2 Selanikliler 2:3) diýýär. Biz imandan güýçli dänme we “günä adamsynyň” uzak wagtlap hökümdarlyk etmezinden öň, Rebbimiziň gelerine garaşyp bilmeris. “Kanunsyzlygyň syry”, “heläkçilik ogly” we “kanunsyz” hem diýlip atlandyrylýan “günä adamsy” - bu pygamberligiň aýdyşy ýaly, dünýäniň üstünden 1260 ýyllap höküm sürmeli bolan papalykdyr. Bu döwür 1798-nji ýylda gutardy. Mesihiň gelmesi bu wagtdan öň bolup bilmezdi. Pawlusyň beren duýduryşy 1798-nji ýyla çenli, mesihilik eralarynyň hemmesine-de degişlidir. Diňe şundan soň, Mesihiň Ikinji gezek gelmesiniň wagyz edilmesi başlanmalydy. BG 288.1
Ondan öňki asyrlarda dünýä muňa meňzeş habary eşitmändi. Biziň görşümiz ýaly, Pawlus bu barada wagyz etmedi. Ol öz doganlarynyň ünsüni uzak geljege, Rebbiň gelmeli wagtyna gönükdirdi. Ony reformatorlaram wagyz etmediler. Martin Lýuter sud 300 ýyldan öň bolmaz diýip hasaplapdyr. Ýöne 1798-nji ýyldan soň, Danyýeliň Kitabyndan möhür aýryldy-da, bilim köpeldi we köpler suduň ýakyndygy baradaky dabaraly habary wagyz edip başladylar. BG 288.2
XVI ýüzýyllygyň reformasy ýaly, adwentist hereketi bir wagtda dürli mesihilik ýurtlarynda başlandy. Ýewropada-da, Amerikada-da, pygamberligi öwrenmäge ruhlandyrylan imanly hem doga edýän adamlar ruhlandyrylan sözleri gaýta - gaýta okadylar-da, dünýäniň soňunyň ýakynlaşýandygyna ynandyryjy subutnamalarytapdylar. Dürliýurtlarda mesihileriň dagynyk toparlary peýda bolup başlady. olar Ýazgyny çynlakaý öwrenenlerinde, Halasgäriň gelmeginiň ýakynlaşandygy baradaky netijä geldiler. BG 288.3
1821-nji ýylda, Milleriň höküm wagtyny görkezýän pygamberlikleri düşündirenine üç ýyl geçenden soň, Rebbiň tizara geljekdigi baradaky habary losif Wolf, “bütindünýä missioner”, yglan edip başlady. Wolf Germaniýada ýewreý maşgalasynda doguldy. Onuň kakasy dini mugallym bolupdyr. Ol çagalykda mesihilik dininiň hakykylygya göz ýetiripdir. Ýiti akla eýe bolandygy sebäpli, ol öz kakasynyň öýünde, ýagny her gün bagyş edilen ýehudy laryň ýygnanyşyp. öz halkynyň umytlary hem arzuwlary hakda, gelmegine garaşylýan Mesihiň şöhraty hem Ysraýylyň täzeden dikelmegi hakda pikir alyşmalaryň bolup geçen ýerinde söhbetdeşlikleri diňläpdir. Bir gezek Nasyraly Isa hakda diňländen soň, oglanjyk Isa barada sorap başlaýar. Oňa: “Ol örän akylly ýewreý bolupdyr. Ol Özüni Mesih diýip yglan edendigi sebäpli, ýehydy tribunaly Ony ölüme höküm edipdir” diýip düşündirýärler. Oglanjyk: “Näme üçin lýerusalim weýran edilipdir, näme üçin biz gulçulykda?” diýip sorag baryny ýagdyrypdyr. Kakasy oňa: “Gynansak-da, şeýle bolupdyr, sebäbi biz, ýehudylar, pygamberleri öldürdik” diýip jogap berdi. Wolf “Isanyňam, pygamber bolan bolmagynyň mümkindigini, şol sebäpli-de, ýehudylaryň Ony, hiç hili günäsi Bolmadygy, öldürendikleri” baradaky çaklamany aýtdy. Bu pikir ony şeýle bir eýeledi welin, mesihilik ýygnanyşygyna barmagyň gadagan edilendigine garamazdan, ol käwagtlar ybadathananyň gapysynda durup, wagyzlary diňleýärdi”. BG 288.4
Bir gezek ol özüniň garry mesihi bolan goňşusynyň ýanynda Ysraýyla garaşýan şöhratly geljegiň garaşýandygyny,munuň Mesihgelende şeýle boljakdygyny aýdyp öwünende, Wolf bary - ýogy ýedi ýaşyndady. Şonda goja oňa ýagşylyk bilen: “Gadyrdan oglanjyk, kimiň hakyky Mesihdigini men saňa aýdaýyn. Ol seniň atababalaryňyň edil gadymky pygamberleri edişleri ýaly, haça çüýlän Nasyraly Isadyr. Öýüňe bar-da, Işaýanyň 53-nji babyny oka, şonda Isa Mesihiň Hudaýyň Ogludygyna özüň göz ýetirersiň” diýdi. 01 öýüne gelip, aýdylan baby okanda, Mesih baradaky pygamberligiň Nasyraly Isanyň durmuşynda takyk ýerine ýetendigine haýran galýar. Belki, onuň mesihi goňşusy mamladyr? Oglanjyk bu pygamberligi düşündirmegini sorap, kakasyna ýüzlenýär, emma şeýle tutanýerlik hem gazaply dymmalygyň üstünden bardy, şonuň üçin gaýdyp, bu tema barada gürrüň etmäge het edip bilmedi. Ýöne bu ondaky mesihilik barada köp bilme islegini güýçlendirdi. BG 289.1
Oglanjygyň ene - atasy şeýle bilmek islän hakykatyny ondan diýseň berk gizleýärdiler, ýöne ol bary—ýogy ll ýaşanda, bilim alyp, özüne din hem hünär saýlamak üçin atasynyň öýüni terk edip, dünýä gitdi. Ol birazrak wagtlap, garyndaşlarynyňkyda ýaşady, ýöne köp wagt geçmänkä, ony dinden çykan hökmünde ol ýerdenem kowdular. Şol sebäpli-de, öýsüz - öwzarsyz hem pulsuz galan oglanjyk ýat ýerlerde öz durmuş ýoluny özi gurup başlady. ol ýerden bu ýere elenip ýörşüne ol bilim almaga çalyşýardy we güzeranyny iwrit dili sapagyny bermek bilen dolandyrýardy. Katolik halypanyň kömegi bilen ol rim - katolik ynamyny kabul edýär-de, öz halkynyň arasynda missioner bolma kararyna gelýär. Ol şu maksat bilen birnäçe ýyl geçenden soň, Rimdäki katolik missionerçilik kollejine okuwa girýär. Ýöne garaşsyz pikirleri hem aç - açan aýdýan sözleri sebäpli, tizara ýeresde aýyplanma duçar boldy. Ol dini ýolbaşçylary ň hyýanatçy lyklaryna aç - açan hüjüm edýär we reformanyň zerurlygyny nygtaýar. IIki ol papanyň wekilleriniň aýratyn sylagyndan peýdalandy, ýöne ahyrsoňunda ony Rimden kowdular. Ybadathananyň yzygiderli hem irniksiz gözegçiligi astynda, Rim zulumy bilen hiç haçan ylalaşmajakdygy anyk bolýança, bir ýerden başga bir ýere göçüp - gonup ýöredi. Ahyrsoňy omy düzelmezek hasapladylar-da, oňa azat hereket etmekligi berdiler. Şonda ol Angliýa gidip, protestant ynamyny kabul etdide, iňlis Ýygnagynyň agzasy boldy. Iki ýyl okandan soň, ol 1821-nji ýylda özüniň missionerçilik işine başlady. BG 289.2
“Ezýetler gören, keselçilikleri bilen Adam” hökmünde Mesihiň Birinji gelmesi baradaky beýik hakykaty kabul etmek bilen Wolf pygamberlikleriň Onuň Ikinji gezek güýç hem şöhrat içinde geljegini aýdyň görkezýändigini hem görýär. Öz halkyna Nasyraly Isanyň wada berlen Mesihdigini we Onuň Birinji gezekde adamlaryň günäleri üçin kemsidilme içinde gurbanlyk kimin bolup gelendigini görkezmek bilen Wolf Mesihiň Ikinji gezek Patyşa hem Halasgär hökmünde geljeginem öwretdi. BG 290.1
Ol: “Nasyraly Isa elleri, aýaklary deşilen, damagy çalynmaga äkidilen guzy kimin bolan, ezýetleri hem agyrylary gören hakyky Mesih birinji gezek geldi, ýöne Ol ikinji gezekde gögüň bututlarynyň üstünde Arhangel perişdäniň sumaýynyň sesi bilen gelip, Zeýtun dagynyň üstünde durar, şonda birwagtlar Adam ata hemme zatlaryň üstünden höküm sürmek üçin berlen, ýöne onuň ýitiren tutuş hökümdarlygy Isa berler (Gelip çykyş 1:26; 3:17). 01 bütin ýer ýüzüniň Patyşasy bolar. Nalalar hem agylar bes ediler-de, hemme ýerde öwgi hem minnetdarlyk aýdymlary ýaňlanar... Isa Öz Atasynyň şöhraty içinde mukaddes perişdeleri bilen gelende... Mesihe degişli bolan ölüler ilki direler (1 Selanikliler 4:16; 1 Korintoslylar 15:52 serediň). Bu bizi, imanlylaryň, birinji ölümden direlme hökmünde atlandyrýan zadymyzdyr. Şonda haýwanlaryňam aralarynda özgerişler bolup (Işaýa 11:6-9), olaram Isa tabyn bolarlar (Zebur 8 serediň). Ählumumy paratahçylyk höküm sürer. Şonda Reb ýene-de ýere sereder-de: “Ine, juda gowy!” diýer” diýdi. BG 290.2
Wolf Rebbiň gelmeginiň ýakyndygyna ynanýar. Onuň pygamberlik döwürlerini düşündirişi we beýik soňuň wagtyny anyklamasy Milleriň görkezen wagtyndan azajyk tapawutlanýar. Adamlar Rebbiň gelmeli wagtynyň ýakynlygy hakda hiç zat bilmeli däl öýdüp, Ýazgynyň: “Güni we sagady hiç kim bilmeýär” diýen sözleri görkezenlere Wolf: “Eýsem, biziň Rebbimiz günüň hem sagadyň hiç haçan belli bolmajakdygyny aýtdymy? Biz hiç bolmanda, ýapraklaryny çykaran injire seredip, tomsuň ýakynlandygyny bilşimiz ýaly (Matta 24:32), Özüniň geljek wagtynyň ýakynlandygyny bilmegimiz üçin, eýsem, Ol bize wagtyň alamatyny bermedimi? Eger Danyýel pygamberiň Kitabyny diňe bir okaman, eýsem, oňa düşünmelidigini Onuň Özi öwreden bolsa, onda biz bilimsizlikdeligimize galybermelimi? Danyýel pygamberiň sözleriň zamananyň (ýagny pygamberiň wagtynyň) ahyryna çenli möhürlenjekdigi aýdylan şol kitabynda “ony köpleriň okajakdygy (“gözegçilik edip hem wagt hakda pikirlenip” diýen ýewreý jümlesi) we (şu wagt babatda) bilimiň köpeljekdigi hem aýdylýar (Danyýel 12:4). Görnüşi ýaly, Rebbimiz biziň bu wagtyň gelenini bilmejekdigimizi aýtmadyda, “güni hem sagady hakda hiç kimiň bilmejekdigini” aýtdy. Gaýtam, Ol wagtyň alamatlarynyň üsti bilen birwagtlar Nuhuň gämi taýýarlaýşy ýaly, Özüniň geler wagtyna biziňem taýýar bolmagymyz üçin bize köp zatlaryň açyljakdygyny göni aýtdy” diýdi. BG 290.3
Ýazgyny düşündirmäniň we ýoýmanyň umumy kabul edilen sistemasy barada Wolf: “Mesihilik Ýygnagynyň aglaba bölegi Yazga dogry düşünmeklikden çekilip, adamzadyň bagtly geljeginiň hiç bir päsgelçiliksiz adamlaryň howada ondan oňa geçjekdiginde jemlenendigine ynanýan buddistleriň ruhly sistemasyna ýüzlendiler. Şonuň üçin şol mesihiler “ýehudy” diýlip ýazylan ýerde “butparaz” diýip okamaly, “lýerusalime” “ýygnak” diýip düşünmeli”, “ýere” bolsa, “asman” diýip, “Rebbiň geljegine” “missionerlik jemgyýetleriniň ösüşi” düşünmeli diýip pikir edýärlerde, “Rebbiň öýüniň dagyň üstüne çykmasyny” “metodistleriň uly klas ýygnagy” hökmünde düşündirýärler. BG 291.1
Wolf 24 ýylyň dowamynda, 1821-nji ýyldan, 1845-nji ýyla çenli, Afrikada, şol sanda Müsürde hem Abissiniýada, Aziýada boldy. Palestinany, Siriýany, Parsiýany, Buharany we Hindistany aýlanyp çykdy. Ol Birleşen Ştatlarda boldy. Ýol ugruna-da, mukaddes Ýelene adasynda wagyz etdi. 1837-nji ýylyň awgustynda Nýu - Ýorka baryp, bu şäherde wagyz etdi. Soň hem, Filadelfiýada, Baltimorda wagyz etdide, ahyrsoňy Waşingtona baryp ýetdi. Bu ýerde ol öz ýazyşyna görä, “wise - prezident Jon Kuinsi Adamsyň teklibi bilen Kongressiň palatalarynyň birinde maňa Kongressiň zalynda çykyş etmäge mümkinçilik berildi. Men bu çykyşy şenbe güni etdim. Bu leksiýa Kongressiň agzalarynyň hemmesi, Wirginiýanyň ýepiskopy, şeýle hem, Waşingtonyň dini ýolbaşçylary hem raýatlary gatnaşmak bilen özleriniň sylaşygyny görkezdifer. Edil şunuň ýaly sylaşyga men Nýu - Jerside Pensilwaniýada mynasyp boldum, bu ýerlerde men özümiň Aziýadaky derňewlerim baradaky habar bilen çykyş etdim we Isa Mesihiň şahsy dolandyryşy hakda leksiýa okadym” diýýär. BG 291.2
Doktor Wolf iň çetdäki ülkelere hiç bir ýewropa döwletiniň hiç hili goragyny alman syýahat etdi, uly kynçylyklary hem mahrum bolmalary başdan geçirdi we hemişe her hili howplara duçar bolup ýördi. Ony taýak bilen urdular, açlykda saklap gynadylar, bir gezek gul hökmünde satdylar we oňa üç gezek ölüm jezasyny berdiler. Ol garakçylaryň ellerine birnäçe gezek düşdi. Şolaryň birinde tas suwsuzlykdan ölüpdi. Bir gezek hemme zatlaryny elinden aldylar, şonuň üçin ol ýüzlerçe mil aralygy daglaryň üsti bilen geçip gitmeli boldy. Onuň ýüzüne gar urup durdy, ýalaňaç aýaklary bolsa, sowukdan ýaňa doňup galypdy, sebäbi ol doňup galan daşlaryň üstünden ýöreýärdi. BG 291.3
Oňa duşmançylykly garaýan taýpalaryň arasyna ýaragsyz gitmezligi maslahat berenlerinde, ol adatça: “doga etmek we Mesihe hyzmat etme islegi hem-de Onuň kömegine bolan ynam bilen ýaraglandym. Şeýle hem, Hudaýa we ýakynyma bolan söýgi bilen ýaraglandym, elimde-de, Mukaddes Kitap bar” diýýärdi. Ol hemişe we hemme ýerde iňlis hem ýewreý dillerindäki Mukaddes Kitaby göterip ýörýärdi. Özüniň soňky syýahatyhakda:“Men...hemişeelimde Mukaddes Kitaby açyp saklaýardym. Men öz güýjümiň bu Kitapdadygyny, onuň kuwwatynyň özümi aman saklajakdygyny duýýardym” diýip ýatlaýar. BG 291.4
Ol suduň geljekdigi baradaky habar ýeriň köp böleginde ýaňlanýança, ýadaman zähmet çekdi. Ol ýewreýleriň, türkleriň, parslaryň, induslaryň we başga-da köp milletleriň arasynda Hudaýyň Sözüni dürli dillerde ýaýratdy-da, hemme ýerde Mesihiň Patyşalygynyň golaýlandygyny wagyz etdi. BG 292.1
Buhara syýahat edende, ol Rebbiň tizara geljekdigi baradaky taglymatyň siwilizasiýadan uzakda ýaşaýan adamlara tanyşdygyny bildi. Ol: “Ýemenli araplarda Mesihiň Ikinji gezek geljekdigi hem-de şöhrat içinde hökümdarlyk etjekdigi hakda gürrüň berýän “Seera” atly kitap bar. Olar 1840-njy ýylda bolmaly bolan uly wakalara garaşýarlar...” diýip ýazýar. “Men Ýemende Rehawyň çagalary bilen alty gün boldum. Olar şerap içmeýärler, üzüm ekmeýärler, ekinem ekmeýärler, çadyrlarda ýaşaýarlar we Rehawyň ogly bolan gowy goja lonadawy ýatlaýarlar. Men olaryň arasynda Ysraýylyň Dan taýpasyndan bolan ogullaryny tapdym. Olar Rehawyň ogullary bilen bilelikde mesihiň tizara gögüň bulutlarynda gelerine garaşýarlar”. BG 292.2
Başga bir missioneriň görşi ýaly, şuňa meňzeş taglymat Tatarstanda-da bar eken. Tatar mollasy missionerden Isa Mesihiň ikinji gezek haçan geljegini soranda, bu barada oňa hiç zadyň mälim däldigini eşidip, Mukaddes Kitap mugallymynyň roluna dalaşgärlik edýän adamyň nadanlygyna haýran galýar. Molla Mesihiň takmynan 1844-nji ýylda geljegine berk ynamly bolupdyr. BG 292.3
Ängliýada Mesihiň Ikinji gezek geljekdigi baradaky habar 1826-njy ýyldan ýaňlanyp başlandy. Bu ýerde ol hereket Amerikadakysy ýaly giň gerime eye bolmady. Taleyk wagt barada hiç ýerde aýdylmady, ýöne Mesihiň güýç hem şöhrat içinde tizara geljekdigi baradaky beýik hakykat giňden wagyz edildi. ol diňe bir sektaçylaryň we bölünip aýrylan dini toparlaryň içinde wagyz edilmedi. Iňlis ýazyjysy Mýuran Brok iňlis Ýygnagynyň 700 - e golaý gullukçysynyň “Patyşalygyň Hoş Habaryny” wagyz edendiklerini aýdýar. Ýöne Beýik Britaniýada-da Rebbiň 1844-nji ýylda geljekdigi baradaky habar eşidilýärdi. Bu ýerde Birleşen Ştatlardan gelen adwentist kitapçalary giňden ýaýradylýardy, kitaplar hem žurnallar täzeden çap edilýärdi. 1842-nji ýylda gelip çykyşy boýunça iňlis bolan Robert Uinter Amerikada adwentist ynamyny kabul edip, Rebbiň geljekdigi baradaky yglan etmek üçin ýurduna gaýdyp gelýär. Oňa işinde köp adamlar goşuldylar, şonuň üçin sud baradaky habar gysga wagtyň içinde Angliýanyň dürli ýerlerinde wagyz edilip başlandy. BG 292.4
Nadanlyga hem ybadathana hilelerine gark bolan Günorta Amerikada gelip çykyşy boýunça ispan bolan Lakunza atly bir ýezit Mukaddes Ýazgyny öwrenip, Mesihiň tiz geljekdigi baradaky hakykaty kabul etdi. Halka duýdurmaklyga ruhlanýandygyny duýup, munuň bilen bilelikde Rimiň ýazgarmasyndan gaça durjak bolup, ol öz garaýyşlaryny “Rawwi - ben - Ezra” diýen oýlany lyp tapylan at bilen çap eden, ýehudylara gönükdirilen düzmelerinde beýan etdi. Lakunza XVIII ýüzýyllykda ýaşady, ýöne onuň kitaby diňe 1825nji ýylda Londona geldi-de, şol ýerde hem, iňlis diline terjime edildi. Bu kitap Angliýada Rebbiň Ikinji gelmesi baradaky galkynyp başlan meselä bolan gyzyklanmany has-da çuňlaşdyrdy. BG 293.1
Germaniýada bu habary adamlara lýuteran ýygnagynyň gullukçysy XVIII asyryň görnükli ylahyýetçisi hem tankytçysy bolan Bengel ýetirdi. Bengel bilim alandan soň özüni teologiýany öwrenmeklige bagyş etdi. Bu meselede oňa çagalykda güýçli okandygynyň we özüni tertibe salandygynyň kömegi bilen ösen salykatly hem ruhy akyldarlygy kömek etdi. Beýleki oýlanyşykly ýigitler ýaly, ol ruhy durmuş sferasyndaky şübheler hem kynçylyklar bilen agyr göreşmekden gaça durmady. Şonuň üçin ol soňundan şeýle çuň duýgy bilen: uözüniň görgüli ýüregini deşim - deşim edip, ýaşlygyny agyr ýüke öwren köp sanly peýkamlar” hakda ýatlaýar. Wýurtenberg ýygnak sudunyň agzasy bolmak bilen ol dini azatlygyň goragyna aýaga galdy. “Ýygnagyň hukugyny hem artykmaçlygyny goramak bilen bir wagtda ol wyždan düşünjesi boýunça ýygnagyň jemgyýetinde galyp bilmedikler üçin paýhasly azatlyk prinsipini hem gorady”. Onuň işiniň peýdaly täsiri öz ýurdunda şu wagta çenli-de duýulýar. BG 293.2
Bir gezek ol wagyz etmäge taýýarlyk görüp, Ylham Kitabynyň 21nji babynyň üstünde oýlanyp otyrka, Bengel onda Mesihiň Ikinji gelmesi baradaky maglumatlaryň saklanylandygyna haýran galdy. Ylham Kitabynyň pygamberlikelri onuň öňünde adaty bolmadyk aýdyňlyk bilen açyldy. Pygamberiň şekillendiren keşbiniň köpmanylylygy hem ägirt uly beýikliginden ýaňa akly haýran bolan Bengel başga zat barada pikir etmäge güýç tapmady. Ertesi gün bu hakykat onuň öňünde özüniň bar aýanlygynda hem güýjünde ör boýuna galdy. Şol wagtdan başlap, ol özüni pygamberlikleri, aýratynam, Ahyrzamany öwrenmeklige bagyş etdi, şonuň üçinem, köp wagt geçmänkä, pygamberlikleriň Mesihiň gelmeginiň ýakynlanyny görkezýändigine göz ýetirdi. Onuň bu wakalaryň senesini hasaplamak bilen çykaran sany Milleriň ondan soňrakky çykaran hasabyndan azajyk tapawutlandy. BG 293.3
Bengeliň düzmeleri bütin mesihilik dünýäsine ýaýrady. Onuň pygamberlikler baradaky garaýyşlary Wýurtenberg topragynda biragyzdan, Germaniýanyň beýleki böleklerinde belli bir derejä çenli kabul edildi. Bu hereket Bengeliň ölüminden soňam dowam etdi, şonuň üçin Rebbiň lkinji gezek gelmegi baradaky habary Germaniýa bilen bir wagtda başga ýurtlaram eşitdi. BG 294.1
Nur Fransiýada-da, Şweýsariýadadaşöhlesiniseçdi. Ferel bilen Kalwiniň Reformasiýa ideýasyny ýaýradan ýeri bolan Ženewada Gaussen Mesihiň tiz geljekdigini wagyz etdi. BG 294.2
Gaussen entek talypka, XVIII asyryň ahyrynda, XIX asyryň başlarynda bütin Ýewropada höküm süren rasionalizmiň şol ruhuna duş geldi, şonuň üçin ruhy dereje alandada, ol diňe bir hakyky iman hakda hiç zat bilmezlik bilen çäklenmän, eýsem, spektisizme-de, meýilli boldy (spektisizm - obýektiw dünýä akyl ýetirip boljakdygyny inkär edýän filosofik ugur). Yaşlykda ol pygamberlikler bilen örän gyzyklanypdyr. Rollanyň “Gadymy taryhyny” okanda, ol Danyýeliň kitabynyň 2-nji babyna üns berýär. Şonda ol pygamberlikleriň haýran galdyryjy takyk bilen ýerine ýetişine haýran galýar. Taryhy ýyl ýazgysynda hut şu hem şöhlelendirilipdi. Bu soň Gausseni durmuş howplarynyň içinde labyr kimin suwuň ýüzünde saklan Ýazgynyň Hudaý tarapyndan ruhlandyrylandygynyň subutnamasy bolupdy. Rasionalistik taglymatlar oňa kanagatlanma getirmändi. Diňe Mukaddes Kitaby öwrenmeklige doly berilmek. hemişe has köpräk nura dyrjaşmak bilen ol birnäçe wagt geçenden soň, hakyky durmuşy imana gelýär. BG 294.3
Pygamberlikleriň üstünde oýlanmagyny dowam etdirmek bilen ol Rebbiň gelmeginiň ýakyndygy hakdaky netijä gelýär. Bu beýik hakykatyň dabaralylygyndan we ähmiýetliliginden ýaňa güýçli tolgunan Gaussen ony adamlar bilen paýlaşmak isleýär, ýöne Danyýeliň pygamberlikleriniň syrlylygy we akyl ýetirip bolmazaklygy babatdaky ählumumy garaýyş onuň ýolundaky çynlakaý päsgelçilik boldy. Ahyrsoňy ol Fareliň göreldesine eýerip, çagalar bilen işläp başlady, sebäbi ol şeýle etmek bilen çagalaryň ene - atalarynam gyzyklandyrmak isleýärdi. BG 294.4
Soňrak bu usul hakda gürrüň edende, ol: “Öz işimiň başynda ululara ýüzlenmän, näme sebäpden çagalar bilen işlänimi hemmelere düşnükli bolmagyny örän isleýärin. Men muny öz yglan edýän hakykatymyň ähmiýetsiz bolandygy üçin etmedim. Gaýtam, iň beýik gymmatlyk bolup durýan hakykaty men düşünmek üçin iň ýeňil bolan görnüşde beýan etmek isledim. Men özümiň diňlenilmegini diýseň isleýärdim, şol sebäpdenem, eger göni ululara ýüzlensem, diňlenilmän galmagymyň mümkinliginden heder etdim. Şol sebäpli hem, kiçijekleriň ýanyna gitdim. “Eger meniň toparym össe, eger eşidýän zatlarynyň olara gyzyklydygy, gürrüňiň näme hakda barýandygyna düşünýändikleri we eşiden zatlary hakda pikirlenýändikleri görünse, diýmek, men şuňa meňzeş ikinji toparyň boljagyna umyt baglap bilerin. Ulularam özleriniň gezeginde bu sapakda oturyp, ol hakda pikirleneniňe degýändigine göz ýetirerler. Şeýle bolsa, iş öňe gider” diýen pikir bilen men çagalary topladym. BG 294.5
Gausseniň tamasy çykdy. Ol çagalara ýüzlenmek bilen ulularyda gyzyklandyrdy. Onuň ýygnagy diňleýjilerden hyryn - dykyn boldy. Diňleýjileriň arasynda ýokary derejeli adamlaram, alymlaram, Zenewa gelen daşary ýurtlularam bardy, şol sebäplide, Mesihiň Ikinji gezek geljegi hakdaky habar başga ülkelere-de ýaýrady. BG 295.1
Üstünlikden ruhlanan Gaussen pygamberlik kitaplaryny öwrenmeklik fransuz dilinde ýygnanyşyk geçirilýän ýygnaklary-da gyzyklandyrar diýen umyt bilen öz leksiýalaryny çap etdi. Gaussen: “Çagalar üçin nesihatlary çap etmek bilen men, aslyýetinde, köplenç bu kitaplary olara akyl ýetirip bolmaýandygyna we syrlylygyna salgylanmak bilen äsgermezçilik edýän ululara ýüzlendim. Eger olara çagalar düşünýän bolsa, bu ýerde düşünmez ýaly näme bar? Men öz ýygnagymy şu pygamberlikler bilen tanyşdyrmagy örän isleýärdim. Olar maňa diýseň öz wagtynda berlen pygamberlik bolup görünýär. Olary öwrenmeklik bize öňde duran synaglara taýýarlanmaga, kömek eder, Isa Mesihe umyt bilen garaşmakda oýa bolmaga ýardam eder”. BG 295.2
Gausseniň Zenewadaky fransuz dilinde ýygnak alyp baran iň söýgüli wagyzçylaryň biri bolandygyna garamazdan, birazrak wagt geçenden soň, ony işden aýyrdylar. Oňa garşy öňe sürülen aýyplamalaryň düýp özeni ybadathananyň öli hem rasional katehizisiniň deregine, ýaşlara öwüt berende, Mukaddes Kitaby ulanandygynda jemlenendi. Şondan soňolylahyýetmekdebiniňmugallymy boldy, ýekşenbe günleri bolsa, öňküleri ýaly, sorag - jogap görnüşinde çagalara Mukaddes Kitaby öwretmäge başlady. Onuň pygamberükleri öwrenmesi hem uly gyzyklanma döretdi. Professorlyk münberinden, öz kitaplarynyň sahypalaryndan, özüniň mugallymçylyk omundan ol uzak ýyllaryň dowamynda adamlara sahawatly pikirleri iberdi, köpleriň ünslerini Rebbiň gelmeli wagtynyň ýakynlaşandygyny görkezýän pygamberliklere gönükdirdi. BG 295.3
Rebbiň Ikinji gezek geljegi baradaky habar Skandinawiýada hem wagyz edildi. Ol hemme ýerde uly gyzyklanma döretdi. Köpler gaýgysyz - gamsyz ukusyndan açyldylar-da, günälidiklerine akyl ýetirip, günälerini taşladylar we Mesihiň adynda bagyşlama gözlediler. Yöne döwlet ybadathanasynyň ýolbaşçylary olaryň işine garşy gozgalaň turuzdylar. Olaryň nygtap durmasy bilen wagyzçylaryň birnäçesi zyndanlara taşlanyldy. Ýöne Mesihiň tiz geljegini aýdýan habarçylary dymmaga mejbur edilen köp ýerlerde Reb bu habary gudrat bilen - çagalaryň üsti bilen yglan etmegi makul bildi. Çagalar kämillik ýaşyna ýetmedik bolandyklary sebäpli, döwlet kanunlary olara täsir etmeýärdi, şol sebäpli-de, olar hakykat hakda päsgelçiliksiz gürläp bildiler. BG 295.4
Şunuň ýaly görnüşdäki wagyzlar esasan hem, ýönekeý zähmetkeşleriň arasynda meşhurdy, sebäbi olaryň sadaja öýlerinde duýduryş habaryny diňlemek üçin adamlar ýygnanyşýardylar. Wagyzçy çagalaryň köpüsi garyp maşgalalardan çykandy. Olar alty—ýedi ýaşdan uiy däldiler. Olaryň durmuşy özleriniň Halasgäri söýýändiklerine şaýatlyk edýärdi. Olar Onuň mukaddes talaplaryna eýermäge çalyşýardylar. Olar ösüşi özleriniň ýaşyna gabat gelýän adaty çagalardylar. Yöne olar halkyň öňünde çykyş edenlerinde, olara gökden bir güýjüň ýolbaşçylyk edýändigi göze görnüp durdy. Hatda ýakynlaşyp gelýän sud baradaky duşduryşy Mukaddes Kitapdan alnan tekstiň: “Hudaýdan gorkuň, Ony şöhratlandyryň, çünki Onuň höküm sagady geldi” diýen sözleri bilen berkidip dabaraly yglan edenlerinde seslerem başgaça eşidildi. Ol ar adamlaryň günälerini paş etdiler, diňe bir ahlaksyzlyk bilen nogsanlyklary ýazgarman, eýsem, dünýewi bolan zatlaryň hemmesine ysnyşyklydyklary we imandan dänýändikleri üçin hem ýazgardylar hem-de özleriniň diňleýjilerini ýakynlaşyp gelýän gazapdan gaça durmak üçin haýal etmän Mesihiň gelerine taýýarlyk görmeklige çagyrdylar. BG 296.1
Adamlar olaryň sözlerini sandyrama bilen diňlediler. Hudaýyň Ruhunyň güýji ýüreklere täsir etdi. Köpler täzeçe gyzyklanma bilen Mukaddes Ýazga çuň aralaşdylar. Ahlaksyz hem kezzap adamlar özleriniň ýaşaýyş durmuşyny üýtgetdiler, erbet endiklerini taşladylar, şol sebäpli-de, gowy tarapa bolan öwrülişikler şeýle bir göze ilginçdi welin, hatda döwlet ybadatnahasynyň gullukçylary-da, bu hereketde Hudaýyň eliniň bardygyny boýun almaga mejbur boldular. BG 296.2
Skandinaw ýurtlarynyň Halasgäriň geljekdigi baradaky habary almaklaryny Reb isledi, şoňa görä-de, Onuň hyzmatkärleriniň sesi kesilende, 01 başlanan işi tamamlamak üçin Öz Ruhuny çagalaryň diline goýdy. Isa ellerinde palma agaçlaryny bulaşyp, Özüni “Dawut Ogly” diýip yglan edýän şatlykly märekäniň ugratmagynda lýerusalime golaýlanda, görip fariseýler Onuň adamlary seslerini sem etmeklige mejbur etmegunu talap etdiler, ýöne Isa bolýan zatlaryň hemmesiniň pygamberligiň ýerine ýetmesidigini, şol sebäpli-de, eger olar seslerini sem etseler, onda daşlaryň gygyryp başlajakdyklaryny aýtmak bilen jogap berýär. Ruhanylaryň we ýolbaşçylaryň haýbatyndan gorkan halk lýerusalimiň derwezesiniň girelgesine ýetende ýuwaşady, ýöne hiç hili gorkyny bilmeýän çagalar palma şahalaryny bulaýlaşyp: “Dawut Ogluna şöhrat!” (Matta 21:8 - 16) diýşip gygyryşdylar. Fariseýler gaty gaharlanyp: “Name, Sen olaryň name… diýýänim eşideňokmy? ” diýdiler. Isa hem olara: “Eýsem, siz hiç haçan süyt emýän çagalaryň dillerinden Özüňe öwgi aldyn’ diýlenini okamadyňyzmyl” diýdi. Mesih Birinji gezek gelen wagtynda, Rebbiň çagalaryň üsti bilen hereket edişi ýaly, 01 Onuň Ikinji gezek geljegi hakdaky habary yglan etmäge - de, çagalary çekdi. Hudaýyň Halasgäriň geljekdigi baradaky habaryny ähli halklara, dillere, taýpalara ýaýramalydygy hakdaky sözi berjaý bolmalydyr. BG 296.3
Uilýam Miller bilen onuň egindeşlerine bu habary Amerikada yglan etmeklik tabşyryldy. Bu ýurt beýik adwentist hereketiniň merkezi boldy. Bu ýerde birinji perişdäniň pygamberlik habary has doly berjaý boldy. Şuýerdenhem,Millerbilenonuň egindeşleriniň düzmeleri dürli ýurtlara ýaýrady. Missionerler nirä barsalaram, hemme ýere özleri bilen Mesihiň tiz geljekdigi baradaky şatlykly habaryny alyp bardylar. Yer şarynyň ähli künjeklerinde: “Hudaýdan gorkuň we Ony şöhratlandyryň, çünki Onuň höküm sagady geldi” diýen hoşhabar hakykaty ýaýrady. BG 297.1
Adamlaryň aňlarynda Mesihiň 1844-nji ýylyň ýazynda geljegini görkezen ýaly bolup gömen pygamberlik şaýatlygy berk ornapdy. Wagyzçylar hemme ýerde iň çuň gyzyklanmany döredip, bu habary bir ştatdan beýlekisine ýaýradýardylar. Köpler pygamberlik döwrüniň dogry hasaplanandygyna ynanyp, özleriniň nukdaýnazarynyň bolmagyna tekepbirlik bilen dyrjaşmagyndan el çekip, hakykaty şatlyk bilen kabul edýärdiler. Birnäçe gullukçylar Özleriniň öňki garşydaşlykly garaýyşlaryndan hem pikirlerinden ýüz öwrüp, aýlykdan boýun towlap, özleriniň ybadathanasyny terk etdilerde, Isanyň geljekdigi hakda wagyz etmäge gitdiler. Yöne munuň ýaly gullukçylar azdy. Bu habaryň aglaba bölegini ýönekeý zähmetkeşler ýaýratdylar. Fermerler özleriniň atyzlaryny terk etdiler, ussalar gurallaryny, täjirler söwdasyny, gullukçylar edaralaryny terk etdiler. Şeýle-de bolsa, munuň ýaly ägirt uly gerimli bolan işi ýerine ýetirmek üçin wagyzçylar juda azlyk edýärdi. Az imanly Ybadathanalaryň gözgyny ýagdaýy, haramçylyga gark bolan dünýä - bu zatlaryň hemmesi hakyky goragçylaryň eginlerinde agyr ýük bolup ýatyrdy, şonuň üçin olar adamlary toba etmäge çagyryp, gutulyş ýoluny görkezmek üçin kynçylyklary, mahrum edilmeleri, görgüleri meýletin çekdiler. Şeýtanyň garşy çykmalaryna garamazdan, iş gyşarnyksyz öňe gidýärdi, şonuň üçin köp müňlerçe adamlar adwentist habaryny kabul etdiler. BG 297.2
Hemme ýerde ýetip gelýän gazapdan gaça durmak üçin mümkin bolan zatlaryň hemmesini etmeklige günäkärleri - hem imanlylary, hem imansyzlary - çagyrýan sesler ýaňlanýardy. BG 297.3
Mesihiň öňünden gelen Yahýa Çokundyryjy ýaly, habarçylar paltany agajyň düýbüne getirdilerde, tutanýerlilik bilen toba miwesini getirmegini sorap, hemmelere ýalbardylar. Olaryň birahatlykdan we biynjalykdan doly bolan dünýä ýüzlenmesi ybadathana münberlerinden ýaňlanýan ýakymly huwwalaýjy sözlere meňzeş däldi. Ýazgynyň ýönekeý, kesgitli şaýatlyklary Mukaddes Ruhuň täsiri astynda adamlaryň ýüreklerini şeýle ygtyýar bilen tabyn etdi welin, oňa juda az adam garşy çykyp bildi. Dini mugallymlar özlerine göwniýetmeden we gaýgy—gamsyzlykdan oýandylar. Olar özleriniň ýalňyşlyklaryny, dünýewi zatlara bolan söýgüsini, ynamsyzlygyny, tekepbirl igini hem egoistligini gördüler. Olaryň köpüsi toba hem tabynlyk bilen Hudaýy gözlediler. Indi olaryň şeýle köp wagtlap ýerdäki zatlarda jemlenen duýgulary göge dikildi. Hudaýyň Ruhy olaryň üstünden indi, şonuň üçin hem, olar tabyn hem ýumşan ýürek bilen: “Hudaýdan gorkuň we Ony şöhratlandyryň, çünki Onuň höküm sagady geldi” diýen sözleri şatlykly garbap aldylar. BG 297.4
Günäkärler aglaşyp: “Halas bolmak üçin biz näme etmeli?” diýip sorady lar. Kezzaplar çeken zelelleriniň öwezini özleriniň aldap bilenleriniň hasabyna doldurmaga dyrjaşdylar. Mesihde rahatlyk alanlaryň hemmesi bu ak patany töweregindäkileriň hemmesi bilen paýlaşmak isledi. Ene - atalaryň ýürekleri çagalara, çagalaryň ýürekleri ene - ata tarap öwrüldi. Gatnaşyklarda tekepbirlik bilen gizlinlik päsgelçilik bolmasyny bes etdi. Hemme ýerde ak ýürekden yglan etmeler eşidildi, adamlar öz ýakynlarynyň we gadyrdanlarynyň gutulyşy hakda alada etdiler, biri - birleri üçin gyzgyn töwellaçylyk dogalaryny etdiler. Hemme ýerlerde Hudaýdan gutulyş ýalbaryp soraýan adamlar duş gelýärdi. Köpler doga edip, uzak gijelerini geçirýärdiler, sebäbi Rebbiň özleriniň günälerini bagyşlandygyna ynamly bolmak isleýärdiler. Başga birleri özleriniň ýakynlarynyň we goňşularynyň imana gelmegi üçin doga edýärdiler. BG 298.1
Ähli gatlaklara degişli bolan adamlar adwentistleriň ýygnanyşyklaryna uly akym kimin bolup barýardylar. Baýlar hem garyplar, ygtyýarlylar hem hukuksyzlar bir isleg bilen - Rebbiň Ikinji gezekgeljegi baradaky taglymaty diňleme islegi bilen - alawlaýardylar. Hyzmatkärleri özleriniň imanynyň esasyny beýan edenlerinde, Reb garşy çykma ruhuny öçürdi. Kä halatlarda Hudaýyň Ruhy gowşak hem ejiz guraly ulanyp, olara güýç bilen Özüniň hakykatyna şaýatlyk etmekligi berýärdi. Şunuň ýaly ýygnanyşyklarda mukaddes perişdeleriň barlygy hemişe duýulýardy, şonuň üçin hem, her gün köpler imanlylara goşulýardylar. Adamlaryň ummasyz mähellesi demlerini alman diýen ýaly, Mesihiň tiz geljegi baradaky subutnamalary diňleýärdiler. Asman ýere ýakynlaşan ýaly bolup görünýärdi. Hudaýyň güýji garrylarda, ýaşlarda hem çagalarda mese - mälim görünýärdi. BG 298.2
Erkekler öýlerini dillerindäki öwgi aýdymlar bilen dolanyp gelýärdiler, şatlykly sesler sessiz—sedasyz gijäni bozýardy. Bu ýygnanyşyklara gatnaşyjylaryň hiç haýsysy-da, özleriniň üstünde höküm süren, ýokary galyp duran ruhy atmosferany hiç haçan ýatdan çykarmaz. Mesihiň geljek wagtynyň takyk görkezilmesi jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň, ybadathana gullukçylaryndan başlap, barypýatan günäkärleriň arasynda uly nägilelik döretdi. “Ozaly bilen, biliň, ahyrky günlerde öz höweslerinde gezýän ýaňsylaýjylar ýaňsyly sözler bilen gelip: «Rebbiň gelmeginiň wadasy hany? Atalar ölenden bäri hemme zat ýaradylyşyň başlangyjynda bolşy ýaly dur» diýer” (2 Petrus 3:34) diýen pygamberlik takyk ýerine ýetdi. Halasgäri söýýändiklerini aýdanlaryň köpüsi: “Biz Rebbiň Ikinji gezek gelmesi baradaky taglymaty kabul edýäris, ýöne bu wakanyň takyk senesini görkezmek nämä gerek?” diýdiler. Ýöne olaryň ýürekleri hemme zady görýän Hudaýa açykdy. Olar dünýäni adalatlylyk bilen höküm etjek Mesihiň geljekdigi barada eşitmek islemeýärdiler. Olar biwepa gullardylar. Olar ýürekleri derňeýän Hudaýdan gorkýardylar, Reb bilen duşuşmakdan gorkýardylar, sebäbi çynlakaý barlaga döz gelmeýärdiler. Mesih Birinji gezek gelen wagtyndaky ýehudylar kimin, bu adamlar Mesihi garşy almaga taýýar däldiler. Olar diňe bir Mukaddes Kitabyň takyk subutnamalaryny diňlemekden ýüz öwürmän, eýsem, Rebbe sandyrama bilen garaşýanlaryňam üstlerinden gülýärdiler. Şeýtan öz perişdeleri bilen heşelle kakyp, Mesihe we mukaddes perişdelere Hudaýyň halkynyň Ony az söýýändiginiň görnüp durandygyny, sebäbi Onuň gelmegini islemeýändigini ýaralaýjy äheňde görkezdi. BG 298.3
“Güni-de, sagady-da, ýekeje adamam bilýän däldir” - bu sözler adwentist ynamynyň garşydaşlary üçin degerli subutnama bolup gulluk edýärdi. Ýazgy: “Emma ol güni em ol sagady hiç kim, Gökdäki perişdeler-de bilýän däldir, diňe Ata bilýändir” (Matta 24:36) diýýär. Rebbiň gelmegine garaşýanlar bu tekstiň düşnükli hem Yazga gabat gelýän düşündirişini berdiler, olaryň garşydaşlary bolsa, ony nädogry düşündirdiler. Bu sözleri Mesih Zeýtun dagynda şägirtleri bilen eden meşhur söhbetdeşliginde aýdýar. Şondan soň, Ol soňky gezek ybadathana barýar. Şägirtleri Ondan: «Bize aýt, bu zatlar haçan bolar? Seniň gelmegiňiň we ahyrzamanyň alamaty näme bolar?» diýip soranlarynda, Isa olara alamatlar hakda gürrüň berip, “Şonuň ýalyda, bu zatlary göreniňizde, Ynsan Oglunyň golaýdygyny gapynyň agzyndadygyny biliň” (Matta 24:3,33) diýýär. Halasgäriň bir aýdan sözi beýlekisini aradan aýyrmaýar. Onuň geljek gününi hem sagadyny ýekeje adam bilmeýänem bolsa, barybir bize bu wakanyň ýakynlaşanyny bildirýän alamatlar berildi. Bize, şeýle hem, Mesihiň duýduryşlaryny äsgermezçilik edip, Onuň gelmeginiň alamatlaryny görkezýän zatlaryň hemmesine göz ýummak bilen Nuhuň günlerindäki adamlaryň onuň suw basmasynyň golaýlap gelýäni baradaky beren duýduryşyna üns bermek islemedik adamlaryňky ýaly, gaty erbet ýalňyşlyklary goýberjekdigimiz hem aýdylýar. BG 299.1
Edil şol bapda ýazylan tymsalda wepaly hem biwepa hyzmatkär garşydaşlykda goýulýar. Şeýle hem, ýüreginde: “Hojaýynym tiz gelmez” diýip pikir eden hyzmatkäriň gynandyryjy ykbaly-da görkezilendir. Bu tymsal Mesihiň oýa bolup, Öziine garaşanlara, Öziiniň geljegini başgalara-da öwredenlere nähili garajakdygyny, bu zatlara garşy çykanlara nähili garajakdygyny aýdyň aýdýar. Isa: “Agasy gelende, şeýle edip ýörenini görjek hyzmatkäri nähili bagtlydyr!” (Matta 24:46) diýdi. “Oýanmasaň, bir ogry ýaly gelerin, Meniň haýsy sagatda üstüňe geljegimide bilmän galarsyň” (Ylham 3:3). BG 300.1
Pawlus Mesihiň gelmesi kimiň üçin duýdansyz bolýan bolsa, şolar hakda hem giirrüň edýär: “Çünki Rebbiň gününiň bir ogrynyň gije gelşi ýaly bolup geljegini özüňiz oňat bilýänsiňiz. Adamlar: «Her zat parahatlyk, aman» diýen badyna, ... birdenkä olaryň üstüne heläkçilik iner, gaçyp bilmezler”. Ol şeýlede, ünsli hem oýa bolanlara ýüzlenip: “Emma, doganlar, ol gün sizi bir ogry kimin basar ýaly, siz garaňkylykda dälsiňiz. Çünki baryňyz nura, gündize degişli adamlarsyňyz. Biz gijä ýa garaňkylyga degişli däldiris” diýýär (1 Selanikliler 5:2-5). BG 300.2
Şeýlelikde, Mukaddes Yazgynyň adamyň Mesihiň geljeginiň ýakynlygy babatda bilmän galmaly diýip pikir etmäge hiç kime esas bermeýändigini gördük. Diňe özleriniň hakykaty inkär edýändigini nämedir bir zat bilen düşündirmek üçin ýylmanak bahana tapmak isleýänler bu düşündirişleri diňlemek islemediler. Gödek ýaňsylaýjylar, hatda Mesihiň el goýlan gullukçylary-da, ýadaman: “Ol gün hem sagat barada hiç kim bilmeýär” diýip gaýtaladylar ýördüler. Halk ukudan oýanyp, gutulyşyň ýoluny gözläp başlanda, dini mugallymlar olar bilen hakykatyň arasynda durup, Hudaýyň Sözüniň ýalan düşündirişleri bilen olaryň gorkusyny aýyrmaga dyrjaşdylar. Mesih parahatçylyk hakda gürlemese-de, biwepa goragçylar beýik azdyryjy bilen birigip: “Parahatçylyk, parahatçylyk” diýip gygyrdylar. Mesihiň günlerindäki fariseýler kimin, köpleriň özleri Hudaýyň Patyşalygyna girmekden ýüz öwürdiler, girmek islänlere-de, päsgel berdiler. Olar şol janlaryň ganynda günäkärdilrler. BG 300.3
Bu habary ilki bolup, iň sada hem Hudaýa wepaly bolan Yygnak agzalary kabul etdiler. Mukaddes Kitaby özbaşdak öwrenenler pygamberlikler babatdaky umumy kabul edilen garaýyşlaryň esassyzdygyny hem ýalňyşdygyny görmän bilmediler. Dini ýolbaşçylaryň täsiri astynda bolmadyk ýerlerde adamlar, Hudaýyň Sözüniň üstünde özleri pikirlenip, adwentist taglymaty kabul etdiler, sebäbi bu taglymat Mukaddes Kitap bilen berkidilendi. BG 300.4
Köpler özleriniň Mesihiň geljegi barada diňlemek islemeýän doganlary tarapyndan yzarlanylmalara sezewar boldular. Birnäçe adamlar ýygnagyň abraýyny saklajak bolup, oýanan umyt hakda gürlemediler, ýöne başgalary Rebbe wapalylygyň Onuň özlerine ynanan hakykatlaryny gizlemek bilen bir ýere sygjak zat däldigini duýdular. Köp adamlary Mesihiň geljegine bolan ynamyny beýan edendikleri sebäpli, resmi ybadathanadan çykardylar. Hakykat ugrunda görgi görenler pygamberiň: BG 300.5
“Sizi ýigrenýän, BG 301.1
Meniň adym üçin sizi ret edýän doganlaryňyz: BG 301.2
“Reb şöhratlandyrylsyn, bizem siziň şatlygyňyzy göreli!” diýdiler. BG 301.3
Emtna olaryň özleri utandyrylar” (Işaýa 66:5) diýen sözlerinden teselli tapdylar. BG 301.4
Hudaýyň perişdeleri bu işiň netijelerine gaty uly gyzyklanma biolen seretdiler. Ýygnaklar duýduryş habaryny kabul etmekden ýüz öwrenlerinde, perişdeler hasrat bilen ýüzlerini ýapdylar. Yöne köp adamlar adwentist hakykatynyň synagyndan geçmediler. Köpler adwentistleriň öwredýän ýeresi ýaly zady diňlemegiňem günä bolup durýandygyny aýdýan ärleri, aýallary, ene - atalary, çagalary tarapyndan azaşdyryldy. Perişdelere şonuň ýaly janlara gowy gözegçilik etmeklik tabşyryldy, sebäbi olary Hudaýyň tagtyndan çykan başga ýagtylyk ýagtyltmalydy. BG 301.5
Habary kabul edenler bolsa, sabyrsyzlyk bilen Halasgäriň gelerine garaşdylar. Görkezilen sagat ýakynlaşýar. oňa dabara bilen taýýarlyk görýärler. Olar Hudaý bilen gatnaşykdan lezzet aldylar, ýagtyly geljekde nähili rahatlykda boljakdyklaryny öňünden datdylar. Bu umydy başdan geçirenleriň hiç biri-de, garaşmanyň şol gymmatly sagatlaryny ýatdan çykaryp bilmedi. Görkezilen sagada çenli birnäçe hepde galanda, köpler ýerdäki işlerini soňa goýdular. Imanly adamlar edil ölüm ýassygynda ýatan ýaly, özlerini ebedi rahatlykdan diňe birnäçe sagat aýra saýlan ýaly, özleriniň her bir pikirlerini, ýürekleriniň her bir islegini derňediler. Göge alynmak üçin hiç kim özüne ýörite geýim tikdirmedi, sebäbi hemmeler Halasgär bilen duşuşmak üçin janyňy taýýarlamanyň wajypdygyna akyl ýetirdiler. Olaryň Mesihiň halas ediji Gany bilen arassalanan kalplarynyň päkligi özleriniň ak geými boldy. BG 301.6
Wah, Hudaýyň biziň günlerimizdäki çagalarynda-da, özleriniň ýüreklerini derňemäge şeýle islegi bolan bolsady, şonuň ýaly hakyky hem şertsiz imany bolan bolsady! Eger olar hem, özlerini Hudaýyň öňünde kiçeldip, ýalbaryşlaryny merhemet tagtynyň öňüne iberseler, onda olaryň ruhy dünýäsi has baý bolardy. Yöne biziň döwrümizde nähili az doga edýärler, günälere az gynanýarlar! Adamlarda diri iman ýok, diýmek, Halasgärimiziň şeýle sahylyk bilen guýan merhemetem ýok. BG 301.7
Hudaý Öz halkyny synamak isledi. Onuň eli pygamberlik döwrüni sanamakdaky ýalňyşlygy gizledi. Adwentistler bu ýalňyşlygy görmediler, ony hatdagarşydaşlarynyň iň ökde alymlary-da tapyp bilmediler. Soňkulary: tLSiziň pygamberlik BG 302.1
döwrüni sanaýşyňyz dogry. Nähilidir bir beýik waka bolup geçmeli, ýöne Milleriň aýdan zady däl. Bu Mesihiň Ikinji gelmesi däl-de, bütin dünýäniň imana gelmesi bolar” diýdiler. BG 302.2
Bellenilen wagt geldi, Öz halkyny halas etmek üçin Mesih bolsa gelmedi. Çyn ynam hem söýgi bilen özüniň Halasgärine garaşanlar ajy ruhdan düşmäni başdan geçirdiler. Şeýle-de bolsa, Hudaý Öz niýetini amala aşyrdy: Ol Rebbiň gelerine garaşýandyklaryny aýdanlaryň ýüreklerini synady. Olaryň arasynda ýokary islege esaslanman, diňe gorky basyşy astynda Mesihe gelenler bardy. BG 302.3
Olaryň ýüzleý ynamy ýüreklerinde hiç hili üýtgeşmäni döretmändi. Olaryň çyndan garaşan wakasy bolmady, şonuň üçin ol adamlar hiç hili ruhdan düşmäni duýmaýandyklaryny aýtdylar, sebäbi Mesihiň geljegine hiç haçan ynanmandylar. Olar Hudaýyň hakyky çagalarynyň hasratlarynyň üstünden ilki bolup gülüp başladylar. BG 302.4
Ýöne Isa bilen gökleriň goşuny sustupes bolsa-da, Hudaýyň synalan hem wepaly çagalaryna söýgi hem duýgudaşlyk bilen gözegçilik etdiler. Eger görünýän dünýä bilen görünmeýän dünýäni aýryp duran tutyny süýşürsek, onda gökdäki perişdeleriň berk halka bolup, Hudaýyň wepaly çagalaryn şeýtanyň oklaryndan goraýandyklaryny görmek bolardy. BG 302.5