Beýik Göreş

24/51

19—Njy Bap.
Tümlükdäki Nur

Rebbiň ýer ýüzünde edýän dini hem reformasion işleriniň ähli asyrdakylary täsin galdyryjy ýagdaýda meňzeşdir. Hudaýyň adamlara bolan gatnaşygynyň prinsipleri hemişe şol bir gatnaşykdyr. Häzirki zamanyň wajyp hereketleri geçmişiň tejribeleri bilen berkidilýär, şonuň üçin Ýygnagyň geçen ýüzýyllyklarda başdan geçiren zatlary biziň günlerimiz üçin gymmatly bolan sapagy özünde saklaýar. BG 278.1

Mukaddes Kitap Hudaýyň Mukaddes Ruh arkaly janlary halas etme ýaly beýik işde Özüniň ýerdäki hyzmatkärlerine ýolbaşçylyk edýändigini gaty kesgitli aýdýar. Reb Özüniň gowy hem rehimdar niýetlerini amala aşyrmak üçin adamlary gural hökmünde ulanýar. Her kim işiň özüne degişli bolan bölegini edýär. Her kime öz döwrüniň mätäçliklerine laýyk gelýän we Hudaý tarapyndan öz üstüne ýüklenilen borçlary ýerine ýetirmek üçin ýeterlik bolan belli bir derejede nur berilýär. Ýöne Gök tarapyndan her neneň ýokary baha berlen bolsa-da, ýekeje adamam, halas etmäniň beýik planyna doly düşünen däldir ýa-da hatda öz döwründe BG 278.2

berjaý edilýän Hudaýyň planlarynyň kämil düşünjesine ýeten däldir. Adamlar Rebbiň özlerine haýsydyr bir işi ynanmak bilen haýsy maksada eýerýändigine doly akyl ýetirmeýärler. Olar Hudaýyň adynyň hormatyna wagyz edýän habaryna hemme taraplaýyn akyl ýetirip bilmeýärler. BG 278.3

“Hudaýyň syrlaryna akyl ýetirip bilermiň? BG 278.4

Gudratygüýçliniň ahyrsyna ýetip bilermih? ‘ (Eýýup 11:7) BG 278.5

“«.Meniň pikirlerim sizih pikirleňhiz däl, BG 278.6

siziň ýollaryňyz Meniň ýollarym däl” diýýär Reb. BG 278.7

Gökler ýerden nähili beýiklikde bolsa, BG 278.8

Meniň ýollarym-da siziň ýollaryňyzdan, BG 278.9

Meniň pikirlerim-de siziň pikirleriňizden beýikdir” BG 278.10

“Gadymda bolan-goýan zatlary ýatlaň, BG 278.11

çünki Hudaý Mendirin, Menden başga Hudaý ýokdur, BG 278.12

Men Hudaýdyryn, Maňa meňzeýän ýokdur. BG 278.13

Owaldan ahyra boljagy, heniz bolmadyklary aýan edýärin” (Işaýa 55:8-9; 46:9-10). BG 278.14

Hatda Ruhuň aýratyn derejede aň - bilim beren pygamberleri-de, özlerine berlen ylhamlarýň, manysy asyrdan - asyra uzap, Hudaýyň halkynyň öňünde olarda saklanylýan maslahatlara we öwütlere bolan talaba laýyklykda açy Imaly bolan ylhamlaryň wajyplygyna doly düşünmändirler. BG 279.1

Petrus Hoş Habar nurunyň sowgat beren gutulyşy hakda gürrüň edende: “Size bolan bu merhemeti welilik edip aýdan pygamberler bu gutulyş hakda gözleg, barlag geçirdiler Olar özlerindäki Mesihiň Ruhy Mesihiň görgülerine we ondan soňky şöhratlara öňünden güwälik berende, haýsy ýa-da nähili wagty görkezýänini barladylar. Ine şonda, Gökden iberilen Mukaddes Ruh arkaly Hoş Habary wagyz edýänler tarapyndan häzir size yglan edilýän zatlar bilen özlerine däl-de, size hyzmat edýändikleri olara äşgär boldy...” (1 Petrus 1:10 - 12) diýdi. BG 279.2

Pygamberler özlerine açylan zatlara doly düşünmeseler-de, Hudaýyň iberen nuruny dolulygyna almak üçin çyn ýürekden dyrjaşdylar. Olar “özlerinde ýaşaýan Mesihiň Ruhunyň haýsy we nähili wagty görkezýändigini” “derňediler we öwrendiler”. Mesihilik döwründe ýaşaýan Hudaýyň halky, ýagny özleriniň bähbidi üçin bu pygamberlikler berlen halk üçin nähili sapak! “...özlerine däl-de, size hyzmat edýändikleri olara äşgar boldy. . . ” özlerine berlen ylhamlary geljekki nesiller iiçin “derňän hem öwrenen” Hudaýyň mukaddes adamlary hakda oýlanyň. Olaryň mukaddes yhlasyny soňky asyrlardaky mesihileriň gökden berlen sylaglara biperwaý garaýyşlary bilen deňeşdiriň. Pygamberliklere düşünmegiň mümkin däldigini aýtmak bilen kaganatlanyp oturýan bikär, dünýewi lezzetlere batan adamlar üçin nähili igenç! BG 279.3

Akly çäklendirilen adamyň Çäksiz Hudaýyň maslahatyna girmäge Onuň planlaryna soňuna çenli akyl ýetirmäge adamyň güýji ýetmeýän bolsa-da, gökden gelen habarlara ümüzli düşünmekligiň sebäbi özümiziň ýalňyşlyklarymyzda ýada geleňsizligimizde jemlenýär. Adamlaryň, hatda Hudaýyň hyzmatkärleriniňem, düşünjesiniň ynsanlyk pikirleri, rowaýatlary hem ýalan taglymatlar bilen kör edilen, şol sebäpli-de, olaryň Hudaýyň Sözünde açylan beýik hakykatlara bölekleýin düşiinmäge ukyply bolan gezekleri az bolmady. Mesihiň şägirtlerindede, Halasgär ýanyndaka edil şunuň ýaly ýagdaý boldy. Olaryň aňy Mesih hakdaky ýerdäki Patyşa, ýagny Şonuň kömegi bilen Ysraýyl bütindünýä hökümdarlyga ýeter öýdülen Patyşa hökmünde bolan ählumumy düşünje bilen kör edilendi, şonuň üçinem, olar Mesihiň Öz görgiileri hem ölümi hakda öňünden aýdan sözlerine düşünip bilmediler. BG 279.4

Mesihiň Özi olary: “Wagt doldy, Hudaýyň Patyşalygy golaýlady. Toba ediň, Hoş Habara ynanyň! ” (Markus 1:15) diýen habar bilen iberdi. Bu habar Danyýeliň habaryna esaslanýardy (9 bap). Perişdäniň aýdan altmyş dokuz hepdesi “Mesih Hökümdara” çenli uzady, şonuň üçin şägirtler Mesihiň bütin ýer ýüzüne hökümdarlyk etmek üçin Iýerusalimde Öz Patyşalygyny guraryna şatlykly umyt hem-de arzuw bilen garaşdylar. BG 279.5

Olar özleri nädogry düşünselerde, özlerine Mesihiň tabşyran habaryny wagyz etdiler. Olar özleriniň wagyzlarynda Danyýeliň kitabynyň 9-njy babyna esaslandylar (25-nji aýat), ýöne şol babyň indiki aýadynyň mesihiň gutulgysyz ölümi hakda aýdýandygyny görmediler. Olar çagalykdan ýerdäki patyşalygyň ajaýyplyklaryny bilýärdiler, şol sebäpdenem, bu olara şu pygamberligiň aýratynlygyna-da, Mesihiň sözlerinede düşünmäge mümkinçilik bermedi. BG 280.1

Olar özleriniň wezipesini ýerine ýetirdiler-de, ýehudylara teklip edilen merhemeti yglan etdiler. Şol bir wagtyň özünde-de, olar özleriniň Rebbiniň Dawudyň tagtyna çykanyny görmäge garaşanlarynda, Ony edil bir ýalançy kimin tutup, üstünden gülendikleriniň, höküm edip, soňundanam, Golgotada haça çüýlenilendiginiň şaýady boldy duruberdiler. Özleriniň Rebbiniň gabyrhanada ýatan günlerinde şägirtler nähili lapykeçlik bilen hasraty başdan geçirdiler! BG 280.2

Mesih hut pygamberlikde görkezilen wagtda we görkezilen usulda geldi. Mukaddes Ýazgynyň şaýatlygy Onuň gullugynyň her bir ownuklyklarynda amala aşdy. Ol gutulyş habaryny wagyz etdi, “Onuň Sözi ygtyýarlydy”. Diňleýj ileriniň ykrar etmeklerine görä, bu habar Gökden iberilendi. Söz hem Hudaýyň Ruhy Isa Mesihiň missiýasynyň Hudaý tarapyndandygyny tassyklady. BG 280.3

Şägirtler hemişekileri ýaly, özleriniň söýgüli Mugallymlaryna wepalydylar, ýöne şeýle-de bolsa, doly düşünmezlik bilen şübheler olary paralaýardy. Ýürekden hasrat çekýändikleri üçin olar Mesihiň Öz görgüleri hem ölümi hakda özlerine aýdan sözlerini-de ýatdan çykarypdylar. Eger Nasyraly Isa, dogrudanam, Mesih bolan bolsa, olar beýle ruhdan düşüp hem ejir çekip bilerdilermi? Ine, Halasgär şol gaýgyly sabat gününde, Onuň ölümden direljek gününden öňki günde, gabyrda ýatanda, olaryň kalbyny näme paralan eken! BG 280.4

Gaýgy gijesinde Isanyň yzyna eýerenleri garaňkylyk örten bolsa-da, olar terk edilmändiler. Pygamber: “...Garaňkylykda otursam-da, Reb maňa nur bolar. BG 280.5

...Ok meni ýagtylyga çykarar, BG 280.6

..Men Onuň hakykatyny göreriri” (Mika 7:8-9), BG 280.7

Garaňkylyk hem Seniň üçin garaňky bolmaz, gaýtam gije gimdiz kimin ýagty holar”, “Dogrulara garaňkyda nur dogar” (Zebur 139:12; 112:4), BG 280.8

Körleri hilmeýän ýollaryndan äkiderin, iderin tanyş bolmadyk ýodalaryndan, öňlerinde garaňkylygy ýagtylyga, çarkandakly ýerleri tekiz ýere öwrerin. BG 280.9

Mendirin bulary etjek, olary terk etmerin” (Işaýa 42:16) diýýär. BG 280.10

Şägirtleriň Rebbiň ady bilen wagyz eden habary her bir jikme - jikliklerinde dogrudyr. Edil şol pursatda hem, bu habaryň görkezen wakalary bolup geçdi. Olar: “Wagt geldi, Hudaýyň Patyşalygy golaýlady” diýip wagyz etdiler. Danyýeliň Kitabynyň 9-njy babynda agzalyp geçilýän, Mesihe, “Mesh Edilene” çenli uzap giden uwagt” - altmyş dokuz hepde, gutarandan soň, Mesih Ruh tarapyndan mesh edildi-de, ondan soň, Iordanda Ýahýa Çokundyryjy tarapyndan çokundyryldy. Olaryň gelenini wagyz eden “Hudaýyň Patyşalygy” bolsa, Mesihiň ölümi bilen döredildi. Bu olara çagalykda öwredilişi ýaly, ýerdäki patyşalyk däldi. Bu “Patyşalyk, hökümdarlyk tutuş gögün astyndaky patyşalyklaryň beýikligi Beýik Hudaýyň mukaddes adamlaryna berlende” guruljak geljekki çüýremez Patyşalyk däldi, bu “ähli hökümdarlar bu halka gulluk edip, Oňa boýun egiljek” ebedi Patyşalyk däldi (Danyýel 7:27) Mukaddes Kitabyň dilinde “Hudaýyň Patyşalygy” merhemet Patyşalygyny, şöhrat Patyşalygyny aňladýar. Merhemet Patyşalygy barada resul Pawlus Ýewreýlere hatda gürrüň berýär. 01 Mesihi “biziň ejizliklerimize gynanyp bilmeýän däl” rehimli Töwellaçy hökmünde görkezip, resul: “Rehimdarlyga gowşup, gerek wagtynda bize kömek berjek merhemeti taparýaly, Hudaýyň merhemet tagtyna ynam bilen golaýlaşalyň” (Ýewreýler 4:5-16) diýip ýazýar. Merhemet tagty merhemet Patyşalygyny aňladýar, sebäbi tagtyň bolmagynyň özi patyşalygyň barlygyny göz öňünde tutýar. Mesih Hudaýyň merhemetiniň adamlaryň ýüreklerinde edýän hereketine ünsi çekmek üçin Öziiniň tymsallarynyň köpüsinde “Hudaýyň Patyşalygy” diýen jümläni ulanýar. BG 280.11

Edil şunuň ýaly hem, şöhrat tagty şöhrat Patyşalygyny alamatlandyrýar, şonuň üçin biz Halasgäriň sözlerinde Patyşalyga salgylanmalara duş gelýäris: “Ynsan Ogly öz şöhraty içinde ähli perişdeler bilen gelip, şöhratly tagtynda oturar. Ahli milletler Onuň onüne ýygnanar” (Matta 25:31-32) . Şeýle-de bolsa, bu geljegiň Patyşalygydyr. Ol mesihiň Ikinji gelmesine çenli esaslandyrylmaz. BG 281.1

Merhemet Patyşalygy günäli adamzady halas etme plany oýlanylyp tapylanda, ýagny adam günä eden badyna esaslandyryldy. Bu Patyşalyk şu plana we Hudaýyň wadasyna laýyklykda hereket etdi, şol sebäpden hem, adamlar iman arkaly onuň agzalary bolup bilýärler. Şeýle-de bolsa, ol bar dolulygynda Mesihiň ölüminden soň guruldy. Adamlaryň kejirliginden hem gadyr bilmezliginden ýaňa surnugan Mesih hatda ýerdäki gullugyna başlan wagtynda-da, Golgotadaky gurbanlykdan ýüz öwrüp bilerdi. Getsemanide görgüler käsesi Onuň elinde sandyrady. Hatda şol pursatdada, Isa maňlaýyndaky ganly derleri süpürip, günäli adamzady öz günäsi içinde ölmegi üçin terk edip bilerdi. Eger Ol şeýle eden bolsa, onda günäkär adam halas edilme mümkinçiliginden mahrum bolardy. Yöne Halasgär janyny berjek wagtyndaky soňky deminde haçda: “Berjaý boldy” diýende, gutulyş planynyň ýerine ýetjegine kepil geçildi. Eremde günä eden är—aýala berlen gutulyş wadasy ýerine ýetdi. Şu wagta çenli diňe Hudaýyň wadasynyň üstünden saklanylan merhemet Patyşalygy indi gutarnykly guruldy. BG 281.2

Şeýlelikde, gaty erbet lapykeç bolan şägirtleriň özleriniň umytlarynyň doly weýran bolmasy hökmünde garan Mesihiň ölümi aslyýetinde olaryň umytlaryny berkitdi we özleriniň BG 282.1

imanynyň dogrulygynyň iň güýçli subutnamasy boldy. Olary şeýle gaýgylardan hem umytsyzlykdan dolduran wakalar Adam atanyň her bir ogluna we gyzyna umyt gapysyny açdy. Ol waka Hudaýyň ähli asyrlardaky wepaly adamlarynyň geljekki ýaşaýşynyň we ebedi bagtyýarlygynyň merkezi bolup durýar. BG 282.2

Şägirtleriň ruhdan düşendiklerine garamazdan, Hudaýyň çäksiz rehimdarlygy aýan boldy. Hudaýyň merhemeti bilen “hiç haçan hiç kim bu Adam ýaly gürlemändi” diýlip gürrüňi Edileniň taglymatynyň güýji olaryň ýüreklerini tabyn eden bolsada, barybir olaryň sap altyna hem Isa bolan söýgüleri üýtgewsiz dünýewi tekepbirlik hem şöhratparazlyk duýgulary bilen garyşdy. Hatda Pesahyň öň ýanyndaky dabaraly sagatda ýokarky balahanadada, Mugallymyň üstüne eýýäm Getsemaniniň kölegesi abanyp duran pursatynda-da, “aralarynda haýsysynyň uly saýylmalydygy barada jedel turdy” (Luka 22:24). BG 282.3

Masgaraçylyk, bagdaky kalbyň ezýeti, Pilatusyň hökümi bilen gamçylanma we Golgota görgüsi ýakyn bolan pursatda-da, şägirtler tagt, täç hem şöhrat hakda arzuw etdiler. Tekepbirlik bilen dünýewi şöhrata teşnelik olary öz döwrüniň ýalan taglymatyna şeýle berk ýapyşyp, Halasgäriň Öz Patyşalygynyň hakyky tebigatyny, Özüniň görgülerini hem öžümini görkezen sözlerini äsgermezçilik etmäge höweslendirdi. Bu ýalňyşmalar hem, öz yzy bilen hupbatly, şol bir wagtyň özündede, özleriniň düzelmegi iiçin zerur bolan synaglary alyp geldi. Şägirtler özleriniň wagyz edýän habarynyň manysyna düşünmeseler-de, özlerini ýalan garaşmalar bilen köşeşdirdiler. Olar barybir Hudaýyň özlerine beren duýduryşyny wagyz etdiler, Reb hem, olary imany we tabynlygy iiçin sylaglady. Olar ähli halklara ölümden direlen Reb hakdaky habary wagyz etmelidiler. Olary hut şu işe taýýarlamak üçinem, olara şeýle ajy başdan geçirmeler iberildi. BG 282.4

Mesih ölümden direleninden soň, Emmausa barýan ýoldaky şägirtlerine göründi-de “Musa bilen ähli pygamberlerden başlap, bütin Mukaddes Ýazgyda Özi hakda aýdylanlary olara düşündirdi” (Luka 24:27). Şägirtleriň ýürekleri sandyrady. Olaryň imany oýandy. Isa olara Özüni bildirmezinden ozal olar eýýäm “diri ynam üçin” täzeden doglupdylar. Mesih olaryň aňyny ýagtyltmak we imanyny “dogry pygamberlik sözünde” berkitmek isledi. Mesihiň hakykatyň olaryň ýüreklerinde çuň kök urmagyny islemeginiň sebäbi, bu hakykata Onuň Özüniň şaýatlyk edýändiginde däl-de, obrazly kanunyň nyşanlarynda hem kölegelerinde, şeýle hem, Köne Äht pygamberliklerinde inkär edip bolmajak subutnamalaryň barlygyndady. Mesihiň yzyna eýerijileriň diňe bir özleri paýhasly imana eýe bolmaly däldi-de, Mesih baradaky düşünjäni bütin dünýäde ýaýratmalydylar. Şu düşünjäni almakdaky ilkinji ädim hökmünde Isa şägirtlerini “Musa bilen pygamberlere” tarap gönükdirdi. Şeýdip, ölümden direlen Halasgär köneäht Ýazgylarynyň wajyplygyny hem gymmatyny görkezdi. BG 282.5

Şägirtler ýene-de Mugallymyň mährem ýüzüne seredenlerinde, olaryň ýüreklerinde nähili özgeriş bolup geçdi! (Luka 24:32 serediň). Indi olar has kämil hem doly manysynda “Musanyň kanunynda, pygamberleriň ýazgysynda ýazylan Isany tapdylar“. Şübheler, gynamalar, lapykeçlik yranmaz ynamlylyk bilen bulutsyz imana öwrüldi. Mesih göge alnandan soň, olaryň “hemişe ybadathanada bolup, Hudaýa öwgi aýdandyklary we Ony şöhratlandyrandyklary” geň galarlykly zat däldir. Halasgäriň diňe masgaraçylykly ölümi hakda bilen adamlar olaryň ýüzlerinde gaýgy hem utanç göreris öýtdüler, emma ýeňiş şatlygyny görendikleri hemmeleri aňk etdi. Şägirtler öňlerinde duran iş üçin nähili ajaýyp taýýarlygy görüpdiler! Olar iň agyr synaglaryň içinden geçdiler, ýöne henime zat olar üçin ýitirilen ýaly bolup görnende, Hudaýyň Sözi ýeňiş bilen ýerine ýetdi. lndi nämedir bir zat olaryň imanyny garaňkyradyp. söýgi oduny öçürip bilemii? Iň gynaýjy agyryly pursatlarda-da, olarda “berk teselli” hem-de “jan labyry ýaly ynamly hem berk bolan итуt” (Yewreýler 6:18-19) bardy. BG 283.1

Olar Hudaýyň akyldarlygynyň hem güýjüniň şaýady boldular we “ölümiň, ýaşaýşyň, perişdäniň, başlangyjyň hem güýjüň, häziriň hem geljegiň, beýikligiň hem çuňlugyň, başga bir zadyň” özlerini “Hudayyň Isa Mesihdäki söýgüsinden” aýryp bilmejekdigine ynamly boldular. Olaryň hemmesi: “Özümizi Söýeniň güýji bilen ýeňeris”, “Rebbiň sözi ebedi galar”, “Kim iş keser? Biziň üçin töwella edýän ölen, ondan hem beter direlip, Hudaýyň sagynda oturan Mesih Isadyr” diýdiler (Rimliler 8:3839, 37; I Petrus 1:25; Rimliler 8:34). BG 283.2

Reb: “Meniň halkym gaydyp utandyrylmaz” (Ýowel 2:26), “Agşam agy dowam eder, ýöne ertir şatlyk geler” (Zebur 30:5). Ölümden direlen güni Halasgäre duşanlarynda, Onuň sözlerinden ýaňa şägirtleriň ýürekleri ýananda, Onuň özleri üçin deşilan maňlaýyny, ellerini we aýaklaryny görenlerinde, Isa Göge alynmazynyň öň ýanynda olary Beýtaniýa alyp baryp, olara ellerini galdyryp, ak pata berende hem: “Bütin dünýä aýlanyp, Hoş Habary wagyz ediň” diýip buýryk berip, şonda: “Ine, Men siziň bilen asyrlaryň ahyryna çenli bile bolaryn” diýende, Pentikost gününde özleriniň üstünden wada berlen Göwünlik Beriji Ruhuň hem gökden güýç inende, imanlylar Göge alnan Rebbiň öz aralarynda bolýandygyna düşünendikleri üçin sandyranlarynda, özlerine-de, edil Rebbiňki ýaly, pidaly hem görgüli ýoluň garaşýandygyna garamazdan, indi olar merhemetiň Hoş Habaryna gulluk etmäni we Isa gaýdyp gelende aljak “dogrulyk täjini” Mesihiň yzyna düşüp başlanlarynda umyt eden ýerdäki tagta çalşarlarmy? “Biziň dileýän ýada pikir edip bilýän zatlarymyzdan has köp zady edip Bilýän” olara Öz görgülerine gatnaşmak bilen bilelikde Özüniň şatlygyna - “köp ogullary şöhrata alyp gelýän” şatlyga, “ebedi şöhratyň çäksiz bolçulygyndaky” söz bilen beýan edip bolmajak şatlyga, Pawlusyň aýdyşy ýaly, onuň bilen deňeşdireniňde, “biziň gysga wagtlaýyn, ýeňil görgülerimiz” hiç zat bolup galýan şatlyga - birikmäge-de, mümkinçilik berdi. BG 283.3

Mesih Birinji gezek gelende, “Patyşalygyň Hoş Habaryny” wagyz ediji şägirtleriň başdan geçirenleri hem tejribeleri Onuň Ikinji gezek geljegini yglan edýänleriň başdan geçirmelerinde we tejibelerinde şöhlelenmesini tapýar. Şägirtleriň gidip: “Wagt geldi, Hudayyň Patyşalygy golaýlady” diýip wagyz edişleri ýaly, Millerem, öz egindeşleri bilen Mukaddes Kitapda aňladylan soňky iň uzyn pygamberlik döwrüniň tiz gutarjakdygyny, höküm sagadynyň ýakyndygyny, ebedi Patyşalygyň tizara geljekdigini wagyz etdi. Şägirtleriň wagt babatdaky wagzy Danyýeliň Kitabynyň 9-njy babynda agzalyp geçilen ýetmiş hepde baradaky görkezmä esaslanýar. Miller bilen onuň ýaranlarynyň wagyz eden habary 70 hepdäni hem öz içine alýan 2300 günüň gutarmagy barada gürrüň berýärdi (Danyýel 8:14 serediň). Olaryň ikisem, şol bir beýik pygamberlik döwrüniň dürli bölekleriniň ýerine ýetmesine esaslanýar. BG 284.1

Ilkinji şägirtler ýaly, Uilýam Miller bilen ýaranlary-da, özleriniň wagyz edýän habarynyň manysyna doly düşünmediler. Ýygnakda höküm süren ýalňyş düşünjeler pygamberlikdäki iň wajyp pursata dogry düşünmeklige päsgel berdi. Şonuň üçin Hudaýyň özlerine tabşyran habaryny wagyz edendiklerine garamazdan, barybir, nädogry düşünjäniň netijesinde olar güýçli lapykeçligi başdan geçirdiler. BG 284.2

Bu waka iki müň üç ýüz gije-gündiz dowam eder. Soňra mukaddes ýer adalatsyzlykdan tämizlener” (Danyýel 8:14) diýen sözleri düşündireninde, Miller eýýäm aýdylyp geçilişi ýaly, ýeriň mukaddes ýer bolup durýandygy baradaky umumy ykrar edilen nukdaýnazara esaslanyp, mukaddes ýeriň arassalanmasynyň ýeri ot bilen arassalama bolup durýandygyna, munuň Reb Ikinji gezek gelende bolup geçjekdigine ynanypdyr. Şonuň iiçin 2300 günüň gutarýan senesini takyk bilmegiň mümkindigini görende, şol wagtyň Mesihiň Ikinji gezek geljek wagty bolýar diýen netijä geldi. Bu ýalňyşlygyň netijesi şol döwürde mukaddes ýeriň - bu biziň ýerimizdigi baradaky meşhur taglymaty kabul etmeklik boldy. BG 284.3

Mesihiň gurbanlygynyň we ruhanylygynyň kölegesi bolan obrazly gulluk sistemasynda mukaddes ýeri arassalamaklyk gullugyň ýyllyk toplumynyň ahyrynda baş ruhanynyň ýerine ýetirýän iň soňky işi bolupdy. Bu halas etmäniň - ysraýyl jemgyýetini günälerinden arassalamanyň - jemleýji pursaty bolupdy. Bu Gökdäki Baş Ruhanymyz Öz halkyndan göklerdäki kitaplara girizilen günälerini aýran wagtyndaky gullugynyň soňky etapydyr. Bu gulluk derňew bilen hökümi öz içine alýar. Mundan soň, derrew Mesih gögüň bulutlarynyň üstünde güýç hem beýik şöhrat içinde geler, sebäbi Ol gelýänçä, her bir adamyň ykbaly kesgitleniler. lsa: “Berjek sylaglarym ýanymdadyr. Her kese etmişine görä hak bererin” (Ylham 22:12) diýýär. Birinji perişdäniň: “Hudaýdangorkuň! Ony şöhratlandyryň! Çünki Onuň höküm sagady geldi” (Ylham 14:7) diýip, Mesihiň Ikinji gezek gelmesini öňünden yglan edýän habarynda hem, hut şu sud barada gürrüň edilýär? BG 285.1

Bu duýduryşy yglan edijiler adamlara öz wagty üçin derwaýys bolan habary ýetirdiler. Yöne ilkinji şägirtleriň Danyýeliň Kitabynyň 9-njy babyndaky pygamberlige esaslanyp: “Wagt geldi, Hudaýyň Patyşalygy ýakynlaşdy” diýip wagyz etselerem, şol bapda hem, Mesihiň ölümi hakda welilik edilip aýdylandygyna düşünmeýişleri ýaly, Miller bilen egindeşlerem, Danyýel 8:14 we Ylham 14:7 esaslanan habary wagyz edenlerinde, Ylhamyň 14-nji babynda Rebbiň gelmeginiň öň ýanynda habar bermesi gerek bolan başga-da, berlendigine düşünmediler. Şägirtleriň ýetmiş hepdäniň ahyrynda nähili patyşalygyň guruljakdygy babatda ýalňyşyşlary ýaly, adwentistlerem, 2300 günüň ahyrynda bolup geçmeli wakalar babatda ýalňyşdylar. Bu ýagdaýlaryň ikisinde-de, ýalňyşlyk şägirtleriň umumy kabul edilen ýalňyş pikirleri kabul edendiklerindedi hemde şol ýalňyş pikirleriňem. olaryň aňlaryny küteldendiklerindedi. Şägirtler ýaly, Millerem, Hudaýyň adamlara bermek islän habaryny wagyz edip, Onuň erkini ýerine ýetirdi. Şägirtlerem, Millerem, bu habara nädogry düşünendikleriniň netijesinde lapykeçlige uçradylar. BG 285.2

Barybir Hudaý höküm baradaky Duýduryş habarynyň şunuň ýaly wagyz edilmegine ýol berip, Özüniň gowy maksadyna ýetdi. Beýik gün ýakyndy, şonuň üçin Hudaý Özüniň öňden görüj iliginde ýüreklerinde näme bardygyny özlerine açyp görkezmek üçin kesgitli wagt baradaky wagyz bilen halkyň synalmagyna ýol berdi. Milleriň habary Ýygnagy synamaklyga hem arassalamaklyga niýetlenilendi. Adamlar ýürekleriniň nämä - dünýämi ýa-da Mesihe hem Göge - ysnyşandygyna özleri göz ýetirmelidiler. Olar Halasgäri söýýändiklerini aýdypdylar, indi bolsa, olaryň öňlerinde öz söýgüsini subut etmeklik durdy. Olar dünýewi planlaryny hem umytlaryny ret edip, özleriniň Rebbini şatlyk bilen garşy almaga taýýardylarmy? Bu habar olara özleriniň hakyky ruhy ýagdaýyny görmäge kömek etmelidi. Bu habar olara Hudaý tarapyndan toba gelip, kiçigöwünlilik bilen Rebbi gözlemäge höweslenmekleri üçin berildi. BG 285.3

Öz yglan edýän habaryna özleriniň düşünmändikleriniň netijesinde lapykeçligi başdan geçiren bolsalar-da, bu olar üçin bähbit bolup öwrülmelidi. 01 özlerini duýduryşy kabul edenadam hasaplap ýören adamlaryň ýtireklerini synady. Olar ajy lapykeçlik wagtynda berk durup bilerlermi? Hudaýyň Sözüne ynanmagy bes ederlermi? Yada doga etmek hem kiçigöwünlilik bilen özlerini bu pygamberlige nädogry düşünmeklige alyp baran ýalňyşlygy nirede goýberendiklerine düşünmäge çalşarlarmy? Kim bir pursatlyk göçgünliligiň täsiri astynda gorkudan ýaňa habary kabul etdi? Kimi şübhe hem imansyzlyk gurşap alan? Köpler özleriniň Rebbi söýýändiklerini we Onuň gelerine garaşýandyklaryny aýtdylar. Olar özleriniň üstüne ýaňsylamalar bilen diinýäniň ýazgarmasy ýaganda, Giýewiň eglenendigi sebäpli, tamalarynyň ödelmändigi iiçin lapykeçlik bilen synalarlar. Ine, şonda olar öz imanyndan ýüz öwürmezmikäler? Hudaýyň özleri babatdaky niýetine wagtlaýyn düşünmän, olar Hudaýyň Sözi bilen tassyklanylan bu hakykatlardan ýüz öwürmezlermi? BG 286.1

Bu synag çyn iman bilen Söziiň hemde Hudaýyň Ruhunyň taglymatyny kabul edenleriň ynamynyň näderejede berkdigini açmalydy. Bu duýgular başga duýgulardan tapawutlylykda olara Mukaddes Kitabyň öz - özüni düştindirmegine mümkinçilik bermegiň deregine, ynsan teoriýalaryny we düşündirişlerini kabul etmäniň nähili howpludygyny öwretmelidi. Özleriniň ýalňyşlygynyň netijesi bolan aljyraňňylyk bilen gaýgy olara köp zady öwretmelidi. Bu olary pygamberlik sözüni has çuň öwrenmeklige we öz imanynyň esasyny dykgat bilen öwrenmeklige hem-de mesihilik dünýäsinde giňden kabul edilen bolsa-da, hakykat Sözüne esaslanmaýan zatlaryň hemmesini inkär etmeklige ruhlandyrmalydy. BG 286.2

Edil ilkinji şägirtlere bolşy ýaly, bu mesihilere-de, özleriniň synag günlerinde nämä düşünip bilmändikleri diňe soňundan düşnükli bolar. Olaram, ilkinji şägirtleriň başdan geçiren zatlaryny başdan geçirdiler. Olar “hemme zadyň gutarandygyny” görenlerinde, ruhdan düşmediler. Özleriniň ýalňyşlyklarynyň netijesi bolan synagy başdan geçirendiklerine garamazdan, olar Hudaýyň özlerine bolan söýgüsiniň gowşamandygyna düşündiler. Olar özleriniň şahsy, ak pataly tejribelerinde Hudaýyň “duýgudaş hem rehimdar Hudaýdygyna”, Onuň ähli ýollarynyň “Öz tabşyryklaryny hem ylhamlaryny saklaýanlar üçin rehimdarlyk hem hakykat” bolup durýandygyna göz ýetirdiler. BG 286.3