Beýik Göreş

18/51

14—Nji Bap.
Giçki Döwrüň Iňlis Reformatorlary

Lýuter Germaniýanyň halkyna ozal halk üçin elýeter bolmadyk Mukaddes Kitaby gowşuran wagtynda Hudaýyň Ruhy tarapyndan ruhlandyrylan Tindal hem, Angliýa üçin şunuň ýaly etdi. Uiklifiň Mukaddes Kitaby içinde köp ýalňyşy bolan latyn dilinden terjime edilipdi. Ol hiç haçan çap edilmedi, onuň elde ýazylanynyň bahasy bolsa, şeýle ýokary bolany üçin ony diňe baý adamlar ýa-da hökümarlar satyn alyp bilýärdiler. Munuň üstesine-de, ol Ybadathana tarapyndan gadagan edilen, şoňa görä-de, azajyk ýaýradylan kitapdy. 1516-njy ýylda Lýuteriň tezisleriniň ýaýramazyndan bir ýyl ozal Erazm ilki bolup, grek dilindäki Täze Ähti neşir etdi, köp wagt geçmänkä-de, onuň latyn dilindäki terjimesi-de peýda boldy. Indi Hudaýyň Sözi ilkinji gezek asyl nusganyň dilinde çap edildi. Bu neşirde öňki köp terjimelerde goýberilen ýalňyşlyklar düzedildi we many has takyk berildi. Bu bolsa, sowatly adamlaryň köpüsine hakykata has gowy akyl ýetirmäge kömek etdi, şol sebäpdenem, elbetde, Reformasiýa işine itergi bolup hyzmat etdi. Şeýle-de bolsa, Hudaýyň Sözi öňküleri ýaly, ýönekeý halk üçin elýeter dälligine galdy. Tindal Uiklifiň başlan işini gutaryp, öz watandaşlaryna Mukaddes Kitaby bermelidi. BG 200.1

Janypkeçlikli öwreniji hem hakykaty çyny bilen gözleýji bolan bu adam Erazmyň grek dilinde neşir eden Täze Ähtini okap, Hoş Habary kabul etdi. Ol öz garaýyşlaryny batyrgaýlyk bilen wagyz etdi we islendik taglymatyň Mukaddes Ýazgy bilen barlanylmalydygyny öňe sürdi. Papalygyň Mukaddes Kitaby Ybadathananyň berendigi, şol sebäpdenem, ony diňe Ybadathananyň düşündirip biljekdigi baradaky aýdanlaryna Tindal: “Bürgütlere öz awuny gözlemegi kim öwretdi, siz muny bilýärsiňizmi? Şol Hudaý hem, Özüniň aç çagalaryna Atany hakykat Sözüniň içinden gözlemegi öwredýär. Ýazgyny bize siz bermediňiz, gaýtam, siz ony bizden gizlediňiz. Siz olary wagyz edenleri oda iberdiňiz. Hawa, eger eliňizden gelse, onda siz Ýazgynyň özünem oda ýakardyňyz” diýip jogap berdi. BG 200.2

Tindalyň wagzy uly gyzyklanma döretdi, şonuň üçin köp adamlar hakykaty kabul etdiler. Ýöne ruhanylaram hüşgärligi elden bermediler, şol sebäpdenem, ol öz iş meýdanyndan çykan badyna, haýbatlar hem aldaw bilen onuň döreden zatlaryny berbat etmäge çalyşdylar. Köp ýagdaýlarda olara muny etmek başartdy. Tindal: “Näme etse bolar? Men bir ýerde ekip, başga ýere gidenimde, duşman gelip, meniň goýup giden atyzymy parçalaýar. Men hemme ýerde bolup bilmeýärin. Eger iman eden adamlarda öz dilindäki Mukaddes Ýazgy bolan bolsa, onda olar bu ýalan akyldarlar bilen göreşip bilerdiler. Mukaddes Kitapsyz sürini berkidip bolmaýar” diýip ýüzlendi. BG 201.1

Bu pikir Tindala rahatlyk bermedi. O1: “Ysraýyl halky ene dilinde Ýehowanyň ybadathanasynda nagmalar aýtdy, şonuň üçin, näme sebäpden, Hoş Habar biziň aramyzda iňlis dilinde ýaňlanmaly dälmişin?... Eýsem, Ýygnak günortan wagty, şapak dogan wagtyndakydan köp ýagtylyk almaly dälmidir?... Mesihiler Täze Ähti özleriniň ene dilinde okamalydyrlar” diýdi. Ybadathananyň ylahyýetçileri bilen mugallymlary biri - birine garşy çykdylar. Adamlar diňe Mukaddes Kitabyň üsti bilen hakykaty tapyp bilýärdiler. “Bir adam bu mugallymy diňleýär, ikinjisi beýlekisini... Alymlaryňam her biri beýlekilere garşy çykýar. Biz hakykaty ýalandan nädip tapawutlandyryp bileris? ... Nädip?... diňe Hudaýyň Sözüniň kömegi bilen”. BG 201.2

Birazrak wagt geçenden soň.katolik ylahyýetçileriniň biri hondan bärisi bolup: “Biz papanyň kanunyny alman galanymyzdan, gowusy Hudaýyň kanunyny alman galaly!” diýip, Tindal bilen çekeleşige girdi. Tindal muňa: “Meniň papa hem onuň kanunlary bilen işim ýok. Eger Hudaý meniň ömrümi uzaltsa, onda birnäçe ýyldan soň, azalyň yzynda ýöreýän oglanjygyňam, Yazgyny sizden gowy bilmegini gazanaryn” diýip jogap berdi. BG 201.3

Indi Tindal köpden bäri ýüreginde göterip ýören - halka Täze Ähti özüniň ene dilinde bermeli - niýetinde berkedi-de, derrew işe girişdi. Öz öýünden kowlan Tindal birazrak wagtlap, päsgelçiliksiz işlär ýaly, Londona gitdi. Yöne papaçylaryň gazaby ýene - de ony gaçmaga mejbur etdi. Bütin Angliýada onuň üçin ýer ýok ýaly bolup göründi, şol sebäpdenem, ol Germaniýada gaçybatalga gözlemegi karar edindi. Şol ýerde hem, ol Täze Ähti iňlis dilinde çap edip başlady. Onuň işi iki gezek saklanyldy, ýöne oňa bir şäherde çap etmegi gadagan edenlerinde, ol başga bir şähere gitdi. Ahyrsoňunda, ol birnäçe ýyllar mundan ozal Lýuteriň seýmiň öňünde Hoş Habary goran ýeri bolan Wormsa gitdi. Bu gadymy şäherde Reformasiýanyň köp dosty bardy, şol sebäpli hem, Tindal öz işini päsgelçiliksiz dowam etdirdi. Tizara Täze Ähtiň üç müň ekzemplýary çap edildi. Edil şol ýylda ýene bir neşir gerek boldy. BG 201.4

O1 öz işlerini gara çyny hem tutanýerlilik bilen dowam etdirdi. Iňlis häkimiýetiniň portlarda gözegçilik edýän hüşgärligine garamazdan, Hudaýyň Sözi gizlin ýol bilen Londona alnyp baryldy, ol ýerdenem, bütin ýurda ýaýradyldy. Papaçylar hakykaty bogjak bolup, bar güýçlerini aýamadylar, ýöne hemme zat biderek boldy. Bir gezek Darhemadan bolan bir ýepiskop Tindalyň kitap satyjy dostundan Mukaddes Kitabyň bar ätiýaçlygyny satyn alma, şeýdibem, olary ýok etmegi hem reformatoryň işine uly zelel ýetirmegi niýetine düwýär. Emma hemme zat tersine bolýar: satylan kitaplardan gelen girdejä täze, hili has gowy neşiri etmek üçin gerek bolan material satyn alynýar. Eger şu serişde bolmadyk bolsa, onda hili gowy neşir edilmezdi. Tindal türmäniň bendisi bolanda, eger Mukaddes Kitaby neşir etmekde özüne material kömegi edenleriň atlaryny aýtsa, goýbermegi wada edýärler. Şonda ol Darhemden bolan ýepiskopy islendik bir adama garanda köp kömek edendigini, sebäbi Mukaddes Kitap üçin ummasyz pul töländigini, şeýle etmek bilenem, öz işiniň üstünlikli öňe gitmegine ýardam edendigini aýdýar. BG 202.1

Tindal duşmanlaryň eline berlip, köp aýyny türmede geçirýär. Ol görgi görüp ölmek bilen özüniň imanyna şaýatlyk edýär, ýöne onuň taýýarlan ýaragy biziň günlerimize çenlide, gelip ýeten ähli ýüzýyllyklaryň dowamynda beýleki esgerlere söweşmäge kömek etdi. BG 202.2

Latimer münberde durup, Mukaddes Kitabyň halkyň öz dilinde okalmalydygyny aýtdy. Ol: “Mukaddes Ýazgynyň Awtory Rebbiň Özüdir, şonuň üçin Ýazgy-da, edil biziň Ýaradyjymyz ýaly, kuwwatly hem ebedidir. Onuň Mukaddes Sözüne tabyn bolmaga borçly däl bolan ýekeje korolam, imperatoram ýa-da hökümdaram ýokdur. Geliň, daşyndan aýlanyp ýörmäliň, bize Hudaýyň Sözi ýolbaşçylyk etsin. Geliň, ata - babalarymyzyň yzy bilen gitmäliň—bize olaryň edenini etmek däl-de, etmeli bolan zatlaryny edeliň” diýdi. BG 202.3

Tindeliň wepaly dostlary Brans bilen Fraýt hakykatyň goragyna aýaga galdy. Ridli bilen Krenmer hem, olaryň göreldesine eýerdi. Iňlis Reformasynyň ýolbaşçylary bilimli adamlardylar. Olaryň köpüsi özleriniň yhlaslylygy hem takwalygy sebäpli, katolikleriň arasynda çuň hormatdan peýdalanýardylar. Olaryň papalyga garşy çykmasy “mukaddes tagtyň” ýalňyşlyklary bilen ýakyndan tanyşmanyň netijesi bolupdy. Babylyň syrlaryny bilmeklik olara oňa garşy şaýatlyklarynda uly güýç berdi. BG 202.4

Bir gezek Latimer öz wagzynda: “Indi maňa size birgeňsiräk soragy bermäge rugsat ediň. Bütin Angliýada kim iň yhlasly ýepiskop hem ruhany bolup durýar?... Onuň adyny aýdaryma garaşýanyňyzy görýärin... Men size aýdaryn: bu şeýtan. O1 öz ýeparhiýasyny hiç haçanam terk etmez. Oňa islendik wagtda ýliz tutsaňyz, hemişe-de öýünden taparsyňyz, sebäbi ol iş bilen meşgul bolýar. Siz onuň hiç haçanam, bikär oturanyny görmersiňiz... muny men size söz berýärin. Şeýtan nirede mesgen tutsa, ... şol ýerde hem, kitaplardan saplanýarlar-da, şem goýýarlar; şol ýerlerde Mukaddes Kitap ýitip, tesbi peýda bolýar, şol ýerde Injiliň nurundan ýüz öwürýärlerde, günüň günortany çyra ýakýarlar... Mesihiň haçyny ret edip, jeza ýerlerini galdyrýarlar... gary plara, betbagt hem ejiz adamlara kömek etmegi bes edýärler. ýalaňaçlary geýindirmekden ýüz öwürýärler, ýöne ikonalary bezäp, jansyz butlara tagzym edýärler, Hudaýy hem Hudaýyň Mukaddes Sözüni inkär edip, adam rowaýatlary bilen kanunlaryny berkidýärler... Wah, eger biziň ýolbaşçy ruhanylarymyz hem. şeýtanyň haşal ot ekişi ýaly, gowy taglymatlaryň tohumyny yhlas bilen ekäýseler!” diýýär. BG 202.5

Bu reformatorlaryň goran esasy prinsipi waldensleriň, Uiklifiň, Lýuteriň, Ýan Gusuň, Swingliniň we olaryň tarapdarlarynyň prinsipidir, has takygy: imanyň hem ýaşaýşyň düzgüni hökmünde Mukaddes Ýazgynyň şeksiz abraýy. Olar papalaryň, soborlaryň, ybadathana atalarynyň we korollaryň dini meselelerde adamyň wyždanyny mejbur etmesine garşy çykdylar. Mukaddes Kitap olar üçin ýeke - täk hökümdarlyk boldy, şonuň üçinem, olar beýleki taglymatlaryň we pikirleriň hemmesini şonuň bilen barladylar. Hudaýa hem Onuň Sözüne bolan iman bu dogry adamlar Hoş Habar ugrunda janlaryny berende, olary goldady. Yalyn özleriniň seslerini hemişelik öçürmäge taýýar bolup duranda, Latimer öz görgi görýän dostuna ýüzlenip: “Ruhdan düşme, biz bu gün bütin Angliýada Hudaýyyň merhemeti bilen hiç haçan sönmejek ody ýakarys. Ol ot hiç haçan öçmez diýip umyt edýärin” diýip gygyrýar. BG 203.1

Şotlandiýada Kolumbanyň hem onuň egindeşleriniň eken tohumy hiç haçanam doly ýok edilmedi. Angliýanyň ybadathanalary Rime tabyn edilenden soňky tutuş ýüzýyllyklaryň dowamynda, şotland ýygnagy öz azatlygyny goramagy dowam etdirdi. Ýöne XII asyrda papalyk bu ýerde-de, öz köklerini goýberdi. Onuň hökümdarlygy başga hiç ýerde-de, bu ýurtdakysy ýaly çäksiz bolmandy. Yöne höküm sürýän garaňkylygyň içine özi bilen daň şapagynyň dogjakdygyna bolan umydy hem alyp gelen nuruň şöhleleride goşuldy. Angliýadan Mukaddes Kitaby we Uiklifiň taglymatyny alyp gelen lollardlar hoşhabar nuruny saklamak üçin köp zatlary etdiler. Her ýüzýyllygyň özüniň şaýatlary hem iman ugrunda görgi gören adamlary bolupdy. BG 203.2

Beýik Refonnasiýanyň başlanmagy bilen bu ýerde Lýuteriň düzmeleri hem-de Tindeliň terjime eden Täze Ähti peýda boldy. Papanyň häkimligine bildirmän geçen bu habarçylar sessiz - üýnsüz daglary hem dereleri söküp geçdiler-de, Şotlandiýada ýaňy ýylap ugran hakykat nury bilen gitdigiçe ýagtylandyryp hem düzedip başlady. Bu ýerde dört ýüz ýylyň dowamynda öz häkimligini guran Rimiň tagallalary peýdasyz bolup çykdy. BG 203.3

Görgi görenleriň dökülen gany bu herekete täze güýç berdi. Papanyň hökümdarlary howpuň ýüze çykandygyny aňyp, Şotlandiýanyň iň meşhur hem takwa ogullarynyň birnäçesini oda taşlady. Emma olar beýle etmek bilen diňe münberleri gurdular. Şol münberlerdenem, halkyň öňünde ölmez - ýitmez maksady - Rimiň gandallary üzme maksadyny - goýan şaýatlaryň, ýagny Hoş Habaryň ölümiň öň ýanynda şu maksadyny yglan eden şaýatlarynyň sözleri bütin ýurda ýaňlandy. BG 204.1

Häsiýeti boýunça-da, gelip çykyşy boýunça-da, takwa adamlar bolan Gamilton bilen Uishart hem beýleki ýönekeý görgi görenler bilen bir hatarda gynalyp öldürildi. Otda ýakylan Uishart mynasyp yzyny dowam etdirijini goýup gitdi. Onuň sesini sem etmäge oduň güýji ýetmedi. Hudaýyň kömegi bilen oňa Şotlandiýadaky papalyga ölümli zarba urmak miýesser etdi. BG 204.2

Jon Noks Hudaýyň Sözüniň hakykatlaryndan iýmitlenmek üçin Ybadathananyň däplerinden we mistisizminden ýüz öwürdi. Uishartytň taglymaty onuň Rim bilen baglanyşyklarynyň hemmesini kesip, yzarlanylýan reofrmatorlara goşulma niýetini has-da berketdi. BG 204.3

Dostlary ony wagyzçy borjuny öz üstüne almaklyga yrdylar. Ol bu beýik borçdan gorky bilen ýüz öwürdi, ýöne köp günläp, gizlin doga edenden we içki gynaýjy göreşlerden soň, barybir razylaşdy. Bu jogapkärçi ligi öz üstüne alandan soň, ol yranmaz berklik bilen ömrüniň ahyryna çenli zähmet çekdi. BG 204.4

Bu barypýatan reformaor gorkyny bilmedi. Görgi görenleriň daşynda alawlap duran oduň ýalynlary oňa diňe güýç berdi. Hatda onuň kellesiniň üstünden ýokary galdyrylan zalym gylyjy hem, ony öz garaýyşlaryny üýtgetmäge mejbur edip bilmedi, şonuň üçin ol gaýduwsyzlyk bilen butparazçylyga weýran edijilikli zarbany urdy. BG 204.5

Şotlandiýanyň zenan korolynyň öňüne baranda, Jon Noks batyrgaýlyk bilen hakykata şaýatlyk etdi. Bu zenan korolyň öňünde köp protestantlar aljyraňňylyga düşýärdiler. Ony ýaranjaňlyk bilenem, haýbat bilenem gorkuzyp bolmaýardy. Zenan korol ony ýeresde aýyplady. Ol halky döwlet tarapyndan gadagan edilen ynamy kabul etmäge çagyrmak bilen Hudaýyň dünýewi häkimiýete tabyn bolmagy buýruk berýän Kanunyny bozýandygyny aýtdy. Yöne Noks muňa gaty berklik bilen jogap berdi: BG 204.6

“Hakyky diniň öz güýjüni dünýewi häkimiýetden däl-de, Ebedi hem Ýeke - täk Hudaýdan alýandygy üçin iman meselesinde diniň tarapdarlarynyň knýazlaryň gowy görýän dinine tabyn bolmaklary hökman däl. Hakyky iman meselesinde knýazlaryň iň habarsyz adamlar bolup çykýan wagtlara köp bolýar... Eger Ybraýymyň tohumy, şeýle uzak döwrüň dowamynda özleriniň tarapynda duran fyrownyň dinini kabul eden bolsa, onda, hanym hökümdar, men Sizden soramaga het edip bilerin, häzir dünýä haýsy hudaýlara tagzym ederdi? Eger resullaryň günlerinde hemmeler rim kesarlarynyň dinini kabul eden bolsalar, onda şu wagt ýer ýüzünde nähili ynam höküm sürerdi?... Şeýlelikde, hanym hökümdar, Siz gol astyndakylar tabyn bolmaga borçly bolsalar-da, olaiyň öz hökümdarlarynyň ynamyny kabul etmeginiň hökman däldigini gördüňiz”. BG 204.7

Mariýa muňa şeýle diýdi: “Siz Ýazgyny bir görnüşde düşündiriň, olar (rim - katolik mugallymlary) başga görnüşde. Men siziň haýsyňyza ynanmaly we kim siziň aýdanlaryňyzy düşündirýär?” BG 205.1

Reformator hem şeýle jogap berdi: “Siz Öz Sözünde hemme zady düşnükli hem açyk aýdan Rebbe ynanmalysyňyz, dürli adamlaryň özüňize düşündirjek zadyna dälde, Sözüň öwredýän zatlaryna ynanmalysyňyz. Hudaýyň Sözi öz - öziindenem düşniiklidir. Eger nähilidir bir düşnüksiz ýeri duş gelse, onda Öz - Özüne hiç haçanam garşy çykmaýan Mukaddes Ruh başga tekstleriň kömegi bilen şol ýere düşiinmäge kömek eder. Şonda hiç hili şübhe galmaz, ýöne öz nadanlygynda kejirlik etmegi dowam etdirýänlerde galmagy mümkin”. BG 205.2

Şeýdip, zenan korolyň öňünde reformator öz janyna töwekgelçilik edip, hakykat hakda gorkman gürrüň etdi. 01 öz öňünde goýan maksadyna doga etmek we Rebbiň işi üçin göreşmek bilen Şotlandiýa ahyrsoňunda papalykdan azat bolýança, edil şunuň ýaly gaýduwsyz batyrlyk bilen öňe gitdi. BG 205.3

Angliýada protestantizmiň milli din hökmünde kanunlaşdyrylmagy ep - esli derejde yzarlamalar gazabyny ýatyrdy, ýöne yzarlamalar barybir doly bes edilmedi. Taglymatlaryň köpiisi ret edildi, emma katolik däpleriň daşky görnüşleriniň köpüsi saklanyldy. Indi papanyň ýokary häkimligi ykrar edilmedi, ýöne onuň Ybadathanadaky ýolbaşçylyk omuny monarh eýeledi. Şonuň üçin ýygnaklarda hoşhabar arassalygyndan we ýönekeýliginden gyşarmalar az bolmady. Din azatlygynyň beýik prinsipi bolmalysy ýaly derejede kabul edilmedi. Protestant ýolbaşçylary BG 205.4

Rimiň ýerese garşy göreşendäkisi ýaly wagşylyk bilen hereket etmäge özlerine az ýol beren bolsalar-da, barybir her bir adamyň wyždanynyň buýrugy boýunça Hudaýa gulluk etme hukugy ykrar edilmän galdy. Hemmeler resmi Ybadathananyň taglymatyny kabul etmäge borçludylar we onuň buýran däp - dessurlaryny ýerine ýetirmelidiler. Başgaça pikir edýän adamlar bolsa, köp ýa-da az derejede yzarlanyldylar. BG 205.5

XVII asyrda müňlerçe ruhy çopanlar gullugyndan boşadyldylar. Resmi Ybadathananyň guramadyk islendik görnüşindäki dini ýygnanyşyklarra barmaklyk uly jerimeleriň salynmagy, türmä salmalar we sürgün edilme howpuny salýardy. Rebbe durky bilen wepaly bolan imanlylar bilelikde doga etmek üçin haýsydyr bir garaňky alleýalarda, telärli ýerlerde ýygnanyşmaga mejbur bolýardylar. Yylyň gyzgyn wagtlarynda bolsa, gijeki tokaý olaryň sümelgesi bolýardy. Tokaýyň geçip bolmaýan ýerlerinde, Ýaradanyň eli bilen ýaradylan bu ybadathanada, Hudaýyň dargadylan hem yzarlanylýan çagalary ýüreklerini minnetdarlyk bildiriji dogada dökmek üçin ýygnanyşypdyrlar. Munuň ýaly seresaplylyk hemişe halas edip durmandyr: köpler özleriniň imany üçin ejir çekdiler. Zyndanlar hyryn - dykyn boldy, maşgalalar dargady, birgiden adamlar öz watanyndan uzaklara sürgün edi ldi. Ýöne Hudaý Öz halkyny terk etmedi, şonuň üçin hem, gazaply yzarlamalar Onuň halkyny dymmaga mejbur edip bilmedi. Köpler okeandan geçip, Amerikada mesgen tutdular-da, ol ýerde raýatlyk hem dini azatlygyň düýbüni tutdular. Bu bolsa, soňy bilen bu ýurdy berkitdi we şöhratlandyrdy. BG 205.6

Ýene-de, edil resullaryň günlerindäki ýaly, yzarlamalar diňe Hoş Habaryň ýaýramagyna itergi bolup hyzmat etdi. Ahlaksyzlardan hem jenaýatçylardan hyryn - dykyn bolan gorkunç ýerzeminde Jon Bunian Gögüň ýakyndygyny duýdy. Ol ýerde Bunian pligrimiň boş galdyrylan ýurtdan Gökdäki şähere eden syýahaty baradaky ajaýyp allegorik hekaýany ýazýar. Bedford türmesiniň diwarlarynyň içinde ilki bolup ýaňlanan bu 200 ýyldan gowrak wagtlap, siňip geçiji güýç bilen adamlaryň ýüreklerine ýüzlendi. Bunianyň ýazan: “Pligrimiň syýahaty” we “Günäkärleriň iň ulusyna bolan bol merhemet” atly kitaplary köp adamlara durmuş ýoluny saýlamaga kömek etdi. BG 206.1

Bakster, Flawel, Allen we beýleki zehinli, bilimli hem-de uly ruhy tejribä eýe bolan adamlar “günleriň birinde mukaddeslere berlen” hakykaty batyrgaýlyk bilen goradylar. Dünýewi hökümdarlaryň yzarlan hem-de kanundan daşary adamlar hökmünde yglan eden bu adamlarynyň eden zatlary öz ähmiýetini hiç haçanam ýitirmez. Flaweliň :Ýaşaýyş çeşmesi” we “Merhemetiň täsiri” atly düzmeleri köplere Isa Mesihe wepaly bolmaklygy öwretdi. Baksteriň “Täzeden doglan ruhy çopan” atly kitaby Hudaýyň işiniň täzeden dikelmegine teşne bolanlar üçin ak pata boldy. Onuň beýleki “Mukaddesleriň ebedi asudalygy” atly kitaby kalplary Hudaýyň halky üçin entek duran “rahatlygyna” gönükdirýär. BG 206.2

Ýüzýyllyk geçenden soň, çuň ruhy garaňkylyk döwründe Uesli bilen Uaýtfild adamlaryň ýollaryny nurlandyrdy. Döwlet Ybadathanasynyň hökümdarlyk eden döwründe Angliýanyň halky butparazlykdan çalaja tapawutlanýan dini pese düşmä çenli baryp ýetdi. Dini ýolbaşçylar tebigy dini öwrenmeklige gümra boldular, şonuň üçin olaryň bar ylahyýeti şu soraga syrykdy. Takwalyk jemgyýetiň özleriniň fanatizmden azatlygyna guwanýan ýokary gatlagynyň gülki obýekti boldy. Aşak gatlaklar bolsa, özleriniň nadanlygyna hem nogsanlyklaryna gark boldy, emma hakykatyň ölüp barýan işine kömek etmek üçin Ybadathanada ne batyrlyk bardy, ne-de iman. BG 206.3

Lýuteriň takyk düşündiren prinsipi bolan iman arkaly aklanma baradaky beýik prinsip unudyldy diýen ýalydy. Birinji ýerde katolik prinsipi durdy. Şol prinsipe laýyklykda adam gowy işleri bolan gutulyşy alyp bilýär. Uaýtfild bilen doganlar Uesliler döwlet Ybadathanasyna degişlidiler, şonuň üçin, özlerine gowy durmuşda ýaşamak we dini buýruklary hem däpleri ýerine ýetirmek bilen ýetilýär diýlip öwredilişi ýaly, Hudaýyň merhemetine mynasyp boljak bolup, jany -teni bilen dyrjaşýardylar. BG 206.4

Bir gezek Çarlz Uesli agyrsyrkawlap, ölüme taýýarlanyp ýatyrka, ondan ebedi ýaşaýşa barma umydynyň nämä esaslanýandygyny soraýarlar. Şonda ol: “Men bar güýjüm bilen Rebbe gulluk etdim” diýip jogap berýär. Oňa bu soragy beren dosty berlen jogap bilen kanagatlanmadyk ýaly bolup görünýär. Uesli hem: “Öz çeken zähmetlerim maňa gutulyşa umyt baglamaga rugsat bermeýärmikä? Eýsem, kimdir biri meni öz eden zatlarymdan mahrum edip bilermi? Meniň başga daýanara zadym ýok” diýip pikir edýär. Ine, Ybadathana nähili garaňkylyga gaplanan eken. Garaňkylyk Ybadathanadan Mesihiň halas edijilikli gurbanlygynam, Onuň şöhratynam gizlän eken. Garaňkylyk adamlary gutulyşa bolan ýeke-täk umytdanhaça çüýlenilen Halasgäriň Ganyndan - mahrum edip, olaryň aňyny örten eken. BG 207.1

Uesli bilen onuň pikirdeşleri ýuwaşýuwaşdanhakyky dindarlykýüreklerde gizlenen, Hudaýyň Kanuny bolsa, söz we hereketler ýaly, adamyň pikirine ýaýraýar diýen ynama gelýärler. Olar dilegler hem şahsy tagallalary bilen özleriniň tebigatyndaky günäli meýilleri ýeňmäge çalşypdyrlar. Özüňi inkär etmeklige hem gowy işleri etmeklige uly ähmiýet berip, olar hemme zatda özlerini çäklendirdiler, arzyly maksatlaryna - Hudaýyň göwnünden turmaga mümkinçilik berjek mukaddeslige ýetmekde özlerine kömek edip biläýjek zatlaryň hemmesini adatdan daşary berklik hem janaýamazlyk bilen ýerine ýetirdiler. Yöne olar özleriniň dyrjaşan zadyna ýetmediler. Özlerini günäniň lagnatyndan azat edip, onuň öz üstlerinden sürýän hökümini çym - pytrak etmek üçin eden hereketleriniň hemmesi biderek boldy. Lýuterem Erfurtdaky monastyr otagynda edil şunuň ýaly göreşi başdan geçiripdi. Olary: “Adam Hudaýyň öňünde nädip aklanýar? ” (Eýýup 9:2) diýen şol bir sorag gynaýardy. BG 207.2

Protestantizmiň sypalarynyň üstünde öçüp galyberen Hudaýyň hakykatynyň ody bogemli mesihileriň asyrlaryň üsti bilen geçiren gadymy fakelinden täze güýç bilen tutaşmalydy. Reformasiýadan soň, Bogemiýadaky protestantizm rim goşunlary tarapyndan basylyp ýatyrylypdy. Hakykatdan ýüz öwürmekden boýun gaçyranlaryň hemmesi gaçmaga mejbur bolupdylar. Saksonide gaçybatalga tapanlaryň käbirleri şol ýerde galyp, gadymy imany dowam etdirdiler. Şol mesihileriň nesillerinden hem, Uesli bilen onuň egindeşleri hakykat nuruny aldylar. BG 207.3

Jon hem Çarlz Ueslilere gulluk üçinel goýlanyndan soň, olary missionerçilik tahşyrygy bilen Amerika ugratdylar. Gäminiň içinde marowly doganlaryň hem bir topary bar eken. Güýçli tupan turup, ýolagçylaryň hemmesem, ölüm bilen ýüzbe - ýüz bolan wagtynda, Jon Uesli özüniň Hudaý bilen ýaraşmandygyny duýdy. Nemesler bolsa, özleriniň rahatlylygy hem-de Jona nätanyş bolan Rebbe ynamlylygy bilen ony haýran galdyrdylar. BG 207.4

O1: “Olaryň özlerini adatdan daşary alyp baryşlaryny uzak wagtlap synladym. Olaryň kiçigöwünliligi iňlisleriň etmek hakda oýuna-da gelmedik hyzmatyny başga ýolagçylara eden her dürli hyzmatlarynda hemişe göründi durdy. Olar bu gara hyzmat üçin pul almadylar-da, munuň tekepbir ýüregi peseltmekde örän peýdalydygyny we Halasgäriň özleri üçin mundanda ullakan zatlary edendigini aýtmak bilen düşündirdiler. Hiç zat olary durnuklylykdan çykaryp hem özüne erk etmeden mahrum edip bilmedi. Özlerini iteklänlerinde, uranlarynda, bir tarapa zyňyp goýberenlerinde, olar ýerlerinden turup gidiberýärdiler, ýöne ýekeje agzam, arz ediji sözi aýtmaýardylar we dillerinden ýekejede nala sypmaýardy. Indi özleriniň tekepbirlikden, gahardan hem ganygyzmalykdan azat boluşlary ýaly, gorkudanam azatdyklaryny görkezmäge mümkinçiligi boldy. Olar ýygnanyşygyna başlap, mezmur aýdyp otyrkalar, gäminiň üstüne ýelkenleri ullakan böleklere bölen, özi bilen tutuş gämini örtüp, edil hemmämizi düýpsiz ummanyň garaňkylygy ýuwdan ýaly eden äpet tolkun çarpaýa galdy. Iňlisler uly nala turuzdylar, nemesler bolsa, arkaýyn mezmur aýtmasyny dowam etdirdiler. Soň men olaryň birinden: “Siz gorkmadyňyzmy?” diýip soradym. Şonda: “Hudaýa minnetdar, ýok” diýen jogaby eşitdim. Men ýene-de: “Näme, aýallaryňyzam, çagalaryňyzam gorkmadylarmy?” diýip soradym. Ol muňa: “Yok. Biziň aýallarymyz bilen çagalarymyzam, ölmekden gorkmaýarlar” diýip, gysgajyk jogap berdiler. BG 208.1

Sawanna baryp ýetenlerinden soň, Uesliler morawly doganlar bilen birazrak wagtlap bile ýaşaýarlar we olaryň mesihilik häsiýetlerine gaty haýran galdylar. Olaryň jansyz iňlis Ybadathanasynyň formalizminden güýçli tapawutlanýan ýygnanyşyklarynyň birini suratlandyranda, ol: “Olaryň ýygnanyşygynyň ýönekeýligi, şonuň bilen bilelikde-de dabaralylygy meni on ýedi asyr öňe alyp gitdi. Şonda men özümi hiç hili formalizmiň we daşky dabaralylygyň bolmadyk wagtyndaky ýygnanyşyklaryň birinde ýaly duýdum. Şol ýygnanyşyklara çadyr ýasaýan Pawlus ýa-da Petrus balykçy ýolbaşçylyk etdi. Olarda Mukaddes Ruhuň täsiri hem güýji duýuldy” diýip belledi. BG 208.2

Uesli Angliýa gaýdyp gelenden soň—moraw ruhy çopanlarynyň biriniň ýolbaşçylygy astynda—Mukaddes Kitap imanyna has çuň düşündi. 01 öz gowy işleriniň kömegi bilen halas bolmaga hiç hili umydyň ýokdugyna, durkuň bilen “dünýäniň günäsini Öz üstüne alan Hudaýyň Guzusyna” bil baglamalydygyna göz ýetirdi. Londondaky moraw jemgyýetiniň ýygnanyşyklarynyň birinde bir gezek Lýuteriň imanly adamyň ýüreginde Hudaýyň Ruhunyň täsiri astynda bolup geçýän üýtgeşmesi hakdaky sözleri okaldy. Bu sözleri eşiden Uesliniň ýüreginde iman ody ýandy. BG 208.3

O1: “Men ýüregimde nähilidir bir adaty bolmadyk ýylylygy duýdum. Men gutulyş meselesinde Mesihe, diňe Oňa ynanmagyň gerekdigine düşiindim. Maňa Onuň öziimi öz günälerimden, hut öz günälerimden, azat edendigine we meni günäniň hem ölümiň kanunyndan halas edendigine ynanmaklyk berildi” diýip ýazýar. BG 209.1

Uzak ýyllaryň surnukdyryjy hem birahat göreşleriniň, gazaply özüňi inkär etmäniň hem tabyn bolmagyň dowamynda, Uesli esasy maksada - Hudaýy tapmak baradaky maksadyna - berk ýapyşdy. Indi ol Ony tapdyda. Ol özüniň agyr hyzmat, doga etmeler we oraza tutmalar, haýyr - sahawatlar bilen mynasyp bolmak islän merhemetiniň mugt hem şertsiz sowgat ekendigini bildi”. BG 209.2

Mesihe bolan imanynda berkemek bilen ol hemme ýerde ajaýyp Hoş Habar, Hudaýyň şertsiz merhemeti hakdaky bilimi ýaýratma isleginden dolup-daşdy. BG 209.3

Ol: “Men bütin dünýä edil öz ybadathanam ýaly garaýaryn. Men nirede bolsam-da, gutulyş baradaky Hoş Habary diňlemek islänleriň hemmesine yglan etmegi öz borjum, hukugym hem wezipäm hasaplaýaryn” diýýär. BG 209.4

O1 öňküleri ýaly, terkidünýälikde, özüni inkär ediji durmuşda ýaşaýardy, ýöne indi bu onuň üçin esas dälde, imanynyň netijesi, kök däl-de, mukaddesligiň miwesi bolupdy. Hudaýyň Mesihdäki merhemeti mesihilik umydynyň esasy bolup durýar, şonuň üçin bu sowgat tabynlykda ýüze çykýar. Uisli Mesihiň halas edijilikli Ganyna iman etme arkaly gutulyş, Mukaddes Ruhuň ýüreklerdäki adamy özgerdip, ony Mesihe meňzeş edýän täzeleýji güýji ýaly beýik hakykatlary wagyz etmeklige bütin ömrüni bagyş etdi. BG 209.5

Uaýtfild bilen doganlar Uesliler öňlerinde duran işe özleriniň gözgyny ýagdaýyna uzak wagtyň dowamynda we ejir çekip akyl ýetirmek bilen taýýarlanyldylar. Olar Mesihiň gowy esgerleri hökmünde soňy bilen mahrym edilmeleriň hemmesine döz gelip biler ýaly, Hudaý olary baryp, entek uniwersitetdekäler hem özleriniň gullugynyň başynda gülküleriň, üstlerinden gülmeleriň hem yzarlanmalaryň içinden geçirdi. Imansyz talyp ýoldaşlary olary ýigrenç bilen “metodistler” diýip atlandyrdy. Bu at häzirki döwürde Angliýada hem Amerikada iň uly hem hormatly mesihilik imany wagyz edilişini aňladýar. BG 209.6

Iňlis Ybadathanasynyň agzalary bolandyklary sebäpli, olar onuň gullugynyň görnüşlerine tarap çekildiler, emma Reb olara Öz Sözünde has kämil nusgany görkezdi. Mukaddes Ruh olary haça çüýlenilen Mesihi wagyz etmeklige ruhlandyrdy. BG 209.7

Gugratygüýçliniň güýji olara hemralyk etdi. Olaryň mamladyklaryna göz ýetiren müňlerçe adamlaiy hakyky imana çekdiler. Bu süri wagşy möjeklerden goralmaga mätäçdi. Ueslinin täze imany wagyz etmäni emele getirmäge hiç hili niýeti ýokdy, ýöne Hoş Habary kabul edenler üçin “metodistik jemgyýet” döretdi. Döwlet Ybadathanasy bu wagyzçylar bilen düşünişmezçilikli we surnukdyryjy göreşe girişdi, ýöne Reb Özüniň akyldarlygynda wakalary reformasiýa Ybadathananyň öz içinden başlar ýaly edip öwürdi. Eger reforma daşdan hökmany edilen bolsa, onda ol ybadathananyň özgerişe mätäç bolan tarapyna degmezdi. Yöne täzeden dogluşyň wagyzçylarynyň ybadathananyň öz agzalary bolandyklary sebäpli, zähmet çekenler özleriniň aralaşyp biljek ýerlerinde işlediler. Şeýlelikde, hakykat başga ýertlerde ol ýere aralaşjak bolaýandada, gapylar onuň öňünde ýapyk bolardy. Dini ýolbaşçylaryň käbirleri ahlak taýdan doňmany ýeňip geçip, özleriniň ybadathanasynda yhlasly wagyzçylar boldular. Formalizm bilen çüýrän ybadathanalar täze ýaşaýyş üçin direldiler. BG 210.1

Ybadathana taryhynyň ähli asyrlarynda bolşy ýaly, Uesliniň döwründe-de, haýsydyr bir gullugy dürli zehinli adamlar ýerine ýetirýärdiler. Doktrinal taglymatyň haýsydyry bir punkty babatda käwagt olarda agzalalyk ýüze çykýardy, ýöne Hudaýyň Ruhy tarapyndan herekete getirilen bu adamlar iň esasy zatda janlary Mesih üçin gazanmada - birikdiler. Bir gezek Uaýtfild bilen doganlar Ueslileriň arasynda peýda bolan garşydaşlyk bölünişige getirip biljekdi. Emma Mesihiň inekdebinde kiçigöwünliligi öwrenen bu adamlar ikitaraplaýyn geçirimligiň we söýginiň kömegi bilen umumy dil tapyp, ýaraşyp bildiler. Töwerekde butparazçylyk, haramçylyk höküm sürýärkä, günäkärler göni ölüm ýoly bilen gidip barýarka, jedelleşere el degmeýärdi. BG 210.2

Hudaýyň hyzmatkärleri külpetli ýola düşdüler. Güýçli hem bilimli adamlar olara garşy hereket edýärdiler. Tizara dini ýolbaşçylaryň gazaby hem. olaryň üstüne indi, şonuň üçin iman päkliginiň we ony wagyz edýänleriň öňlerinde ybadathanalaryň gapylary ýapyldy. Olara münberden wagyz etmegi gadagan eden dini ýolbaşçylaryň syýasaty nadanlygyň hem haramçylygyň ösmegine ýardam etdi. Jon Uesliniň ölümden diňe Hudaýyň merhemeti bilen halas bolan gezekleri az bolmady. Bir gezek ol gazaply garamaýaklaryň arasyna düşende, indi hiç hili çykalga ýok ýaly bolup gömende, Hudaýyň bir perişdesi adam şekiline girip, ony gorady. Halkam yza çekildi, şeýdip. Isa Mesiihiň hyzmatkäri hiç hili zelel görmän, howply ýerden gidip bildi. BG 210.3

Şunuň ýaly gudratly ýagdaýlaryň biri hakda gürrüň edende, Uesli şeýle gürrüň berdi: BG 210.4

“Biz beýik depäniň typançaň ýodasyndan aşaklygyna düşüp gelýärkäk. birnäçe adam meni ýykjak boldy. Olar men ýykylaýan ýagdaýymda, gaýdyp ýerimden turmajagyma gözleri ýeteni üçin şeýle etdiler. Ýöne men ýekeje gezegem büdremän, hatda typmanam, öz ökjäme münenlerden aman sypyp bildim. ... Köpler meniň ýakamdan, ýeňimden tutjak bolup, biderek ýere synanyşdylar. Olaryňbirineýeňsizimiň eteginden tutmak başartdam, emma ol ýeri şobada ýyrtyldy. Ýezsizimiň pully jiibim tarapdaky eteginiň bolsa, diňe ýarysy ýyrtyldy. Nähilidir bir daýaw oglan agyr ýogyn serdesse bilen urjak bolup, ony birnäçe gezek aýlasada, ony maňa degrip bilmedi. Şol serdessäniň ýekeje gezekki urgusam meniň üçin ýeterlik bolardy. Munuň nähili bolanyny men bilmeýärin, ýöne her gezek ol oglan, men saga ýa-da çepe gyşaryp bilmesemem, taýagy degrip bilmedi. Başga biri bolsa, märekäniň içinden atylyp çykyp, meniň ýanyma ylgap geldi-de, urjak boldy, ýöne garaşylmadyk ýagdaýda, onuň eli maňa çalaja degip, aşak düşdi. Şonda ol: “Onuň saçy nähili ýumşajyk!” diýdi. Hakykatyň täsir eden ilkinji adamlarynyň biri-de, şäherdäki ähli uruşlara gatnaşyp ýören kellekeserleridi”. BG 211.1

“Hudaý nähili ýumşaklyk bilen hem-de ýuwaş - ýuwaşdan Öz erkini ýerine ýetirmeklige taýýarlaýar! Iki ýyl mundan ozal özüme zyňlan kerpiç egnimi çalaja ýaralady. Bir ýyl geçenden soň, daş seňrigime degdi. Geçen aýda men bir urgy, diiýn bolsa, ikisini aldym. Bir urgyny şähere girenimizde, ikinjisini bolsa, bizi kowanlarynda, ýöne bu zatlaryň hemmesem bolgusyzja zat boldy. Nähilidir bir erkek adam döşüme uly güýç bilen urdy, beýlekisi bolsa, dodagyma şeýle bir urdy welin, derrew gan çogdurylyp çykdy, ýöne edil saman bilen urlan ýaly, men hiç hili agyry duýmadym”. BG 211.2

Metodistler - hem imanlylar, hem wagyzçylar - özleriniň hereket edip başlan ilkinji ýyllarynda ybadathana agzalary tarapyndan bolşy ýaly, ýalan myş - myşlar bilen meçew beriji aç - açan hudaýsyzlar tarapyndanam, ýaňsylamalara hem azar berilmelere duçar edildiler. Metodistleri köp gezekler sud etdiler, emma ol sudlarda adalat gaty seýrek ýagdaýda myhman boldy. Imanlylar zorluklara köp sezewar edildiler. Köçedäki garamaýaklar olaryň öýüne hüjüm edip, mebellerini agdar - düňder etdiler, erkekleriň we aýallaryň hem çagalaryň üstlerinden güldüler. Käwagtlar dagy, metodistleri derbi - dagyn etmäge gatnaşmaga isleg bildirýänleriň hemmesini, belli bir wagtda, belli bir ýere çagyrýan bildirişlerem asylýardy. Raýatlyk hem Hudaýyň Kanunyny beýle gödek hem aç - açan bozmaklyk hiç hili garşy çykylmalara duş gelmeýärdi. Dowamly yzarlanylmalara we azar berilmelere duçar edilýän bu adamlaryň ýeke - täk günäsi olaryň günäkärleriň aýaklaryny ölüme alyp barýan ýoldan mukaddeslik ýodasyna ugrukdyrmakdan ybaratdy. BG 211.3

Jon Uesli özüne we egindeşlerine ýöňkelen aýyplama jogap berende: “Birnäçeleri bu adamlaryň taglymatynyň ýalandygyny, ýalňyşdygyny, fanatikdigini, muňa meňzeş zady ozal eşitmändiklerini, olaryň tarapdarlarynyň bolsa. kwakerler, fanatikler hem papaçylardygyny aýdýarlar. Yöne muňa meňzeş aýyplamalar üçin hiç holi esas ýok, sebäbi bu iman taglymatlarynyň elementleriniň hemmesiniň Mukaddes Ýazgynyň iňlis Ybadathanasynyň düşündirişi ýaly, aýdyň, hakyky taglymatyna gabat gelýändigi subut edildi. Eger Ýazgy hakyky bolýan bolsa, onda bu taglymatam, ýalan ýa-da ýalňyş bolup bilmez. Başgalary bolsa: “Olaryň taglymaty juda gazaply; olar göge alyp barýan ýoly has-da, inçeldýärler” diýýärler. Aslyýetinde, bu olara ýöňkelen iň esasy (öz wagtynda ýeke - täk bolan), şondan soňkularynyň hem, esaslanan aýyplamasydy. Yöne, eýsem, olar bu ýoly Mesihiňkiden we resullaryňkydan beter inçeldip bilermi? Eýsem, olaryň taglymaty Mukaddes Kitap tabşyryklaryndan beter berkmidir? Olaryň diňe birnäçelerine üns beriň: “Rebbiň Hudaýy bütin ýüregiň, bütin janyň, durkuň, bar düşünjäň bilen söý”. “Adamlar özleriniň aýdan her bir boş sözi üçin höküm gününde jogap berer”. “Iýseňizem, içseňizem, hemmesini Hudaýyň şöhraty üçin edin”. BG 212.1

Eger olaryň taglymaty şu talaplara gabat gelmese, onda olar, dogrudanam, ýigrenilmäge mynasypdyr, ýöne siz ýüregiňiziň jümmüşinde munuň beýle däldigini bilýärsiňiz. Ýöne Hudaýyň Sözüni ýoýmaga töwekgelçilik etmän, nädip, hiç bolmanda dyrnak ýalyjak derejede-de, az berklikde bolup biljek? Hudaýyň syrlaryny gizleýji, eger bu hazynanyň içinde nämedir bir zady üýtgetse, onda ol wepaly hasaplanylyp bilnermi? Elbetde, ýok. ol ýekeje hakykaty hem kiçeldip ýada ýumşadyp bilmez. Ol adamlaryň hemmesine: “Men Mukaddes Ýazgyny siziň islegiňize laýyk getirip bilmeýärin. Siz ýa-ha onuň talaplaryna laýyklykda ýaşamalysyňyz, ýa-da ebedi ölmelisiňiz” diýmäge borçludyr. Ine, näme üçin adamlar: “Olarda söýgi ýok” diýip gygyrýan ekenler. Şeýlemi? Eýsem, olar açlary naharlamaýarlarmy hem ýalaňaçlary geýindirmeýärlermi? Ýok, bu meselede olary aýyplamak bolmaz. Olar aşa rehimsiz däldirler, sebäbi özleriniň göreldesine eýermeseler, onda hiç kimiň halas bolmajakdygyny bilýärler”. BG 212.2

Angliýada Uesliniň peýda bolmagynyň öň ýanynda belli bolan ruhy pese düşmesini, esasan hem, “antinoma” diýilýän zat döretdi. Köpler Mesihiň ahlak Kanuny aradan aýrandygyny, şol sebäpli hem, mesihileriň olary ýerie ýetirmäge borçly däldiklerini, imanlylaryň “gulçulykdan gowy işler arkaly” azat bolýandyklaryny aýtdylar. Beýlekileri bolsa, Kanunyň mäkämligini ykrar edýän bolsalarda, Kanunyň buýruklaryny ýerine ýetirmelidigini wagyzçylaryň halka öwretmeginiň gerek däldigini, sebäbi Hudaýyň gutulyş üçin saýlan adamlarynyň “Hudaýyň merhemetiniň ýeňip bolmazak dartmasy bilen takwalyga we gowy işlilige” özleriniň geljekdiklerini, ebedi ölüme sezewar edilenleriň bolsa, “Hudaýyň Kanunynyň talaplaryny ýerine ýetirip bilmejekdiklerini” aýtdylar. BG 212.3

“Saýlanylanlaryň Hudaýyň rehiminden hem merhemetinden mahrum bolup bilmeýärler” diýip hasaplanlaryň beýleki leri has-da gorkuzyjy netijä gelip, “şunuň ýaly adamlaryň edýän bikanun işleri günä hem-de Hudaýyň Kanunyny bozmaklyk bolmaýar, şol sebäpdenem, olara özleriniň günälerine toba edip, ötünç soramak gerek däl” diýdiler. Şonuň üçin olar hatda “Hudaýyň kanunyny gaty erbet bozmaklyk hasaplanylýan iň ýigrenji günäniňem, eger şol günä saýlanylan adamlaryň biri tarapyndan edilen bosa, Hudaýyň nazarynda günä däldigini, sebäbi Onuň saýlanlarynyň Hudaýa ýaramaýan ýa-da Onuň Kanunynyň gadagan edýän zadyny etmeýändigi bilen tapawutlanýandygyny” aýtdylar. BG 213.1

Bu ýigrenji taglymatlara Hudaýyň hakykatyň ölçeg birligi hökmündäki sarsmaz kanunynyň ýokdugyny, hemişe özgerişlere duçar bolýan ahlak normalaryny jemgyýetiň özüniň saýlaýandygyny tassyklan soňky meşhur ylahyýetçileriň hem halypalaryň taglymatynda duş gelip bolýar. Bu ideýalaryň hemmesi Hudaýyň Kanunynyň adalatly çäklendirmelerini ýok etmäge dyrjaşmak bilen günäsiz hudaýsyzlaryň arasynda öz işine başlan şol bir ruh tarapyndan ynandyryldy. BG 213.2

Her bir adamyň ykbalynyň Hudaýyň karary bilen öňden kesgitlenilendigi baradaky taglymat köp adamlar üçin Hudaýyň Kanunyny ret etmeklige esas bolup hyzmat etdi. Uesli bu antinomian taglymatynyň ýalňyşlyklary bilen gaýduwsyz göreşip, onuň Mukaddes Ýazga garşy çykýandygyny subut etdi. “Çünki Hudaýyň hemme ynsanlara gutulyş getiren merhemeti üşgär boldy” “Çünki bu oňat we Halasgärimiz Hudaýyň halaýan zadydyr. Ol bütin adamlaryň gutulmagyny, hakykat bilimine ýetmegini isleýändir. Çünki Hudaý birdir. Hudaý bilen adam arasynda durýan ýeke-täk Töwellaçy bardyr. Ol hem ynsan bolan, Özüni hemmeler üçin töleg hökmünde hödürlän Mesih Isadyr” (Titus 2:11; 1 Timoteos 2:3-6). Hudaýyň Ruhy her bir adama gutulyş sylaglaryndan peýdalanmaklygy teklip edip, hemmelere şertsiz berilýär. Mesih, “hakyky Nur” “dünýä gelýän her bir adamy nurlandyrýar” (Ýahýa 1:9). Ýaşaýyş sowgadyndan meýletin ýüz öwürmek bilen adamlar gutulyşdan mahrum bolýarlar. BG 213.3

Mesihiň ölüminiň On Tabşyrygyda, dessury kanyny-da, inkär edýändigi baradaky sözlere Uesli: “On Tabşyrykda beýan edilen we pygamberler tarapyndan goldanylan ahlak kanuny Mesih ýatyrmady. Ol ýer ýüzüne bu Kanunyň haýsy hem bolsa bir bölegini ýatyrmak üçin gelmedi. Ahlak Kanun hiç haçanam üýtgedilip bilinmez. Ol edil “gökdäki wepaly şaýat kimin” mizemezdir... ol dünýä ýaradylandan bäri bardyr hemde daş sahypalarda däl-de, Ýaradanyň eli bilen ýaradylan adam ýüreklerine ýazyldy. Birwagtlar Hudaýyň eli bilen ýazylan hatlar günä zerarly ýoýulan bolsa-da, olar biziň içimizde ýagşylyga we ýamanlyga düşünmeklik ýaşaýar-ka. doly ýok edilip bilinmez. Bu Kanunyň her bir tabşyrygy hemme asyrlarda-da adamzat üçin güýjünde galmalydyr, sebäbi bu kanuna wagta, ýere hem-de üýtgemä duçar edilen başga faktorlara bagly dälde, Hudaýyň tebigatyna we adamyň tebigatyna, olaryň biri—birine bolan gatnaşyklarynyň üýtgewsizligine baglydyr” diýip jogap berdi. BG 213.4

“Men bozmaga däl-de, ýerine ýetirmäge geldim” ... Mesih bu ýerde hiç bir şübhesiz aşakylary (ýagny Onuň öňki hem soňky sözlerine laýyk gelýän zatlary) göz öňünde tutýar: “Men adamyň azgynçylykly düşündirişlerine garamazdan, ony bar dolulygynda dikeltmek üçin geldim; Men aýdyň hem düşnükli bolmadyk zatlaryň hemmesini ahyryna çenli düşündirmek üçin geldim; Men her bir tabşyrygyň hakyky manysyny açmak, onuň uzyny hem inini we hereket ediş sferasyny görkezmek üçin; beýikligini hem çuňlugyny, akyl ýetirip bolmajak päkligini we Kanunyň bar ýüze çykmalaryndaky ruhulygyny görkezmek üçin geldim”. BG 214.1

Uesli Kanun bilen Injiliň doly sazlaşygy hakda gürrüň berdi: “Kanun bilen Injiliň arasynda göz öňüne getirmesi mümkin bolan iň berk baglanyşyk bardyr. Birtarapdan Kanun hemişe Injile tarap ýol ýasaýar-da. Ony bize görkezýär. Başga bir tarapdan, Injil bizi hemişe Kanuny has takyk ýerine ýetirmeklige gönükdirip durýar. Mysal üçin, Kanun bizden Hudaýy, ýakynlarymyzy söýmegi, kiçigöwünli, tabyn hem mukaddes bolmaklygy talap edýär. Ýöne biz munuň ýaly ýaşamaga ukyply däldigimizi duýýarys, sebäbi bu “adama mümkin däl”. Şeýle-de bolsa, biz özümize şonuň ýaly söýgini bermegi we bizi tabyn, kiçigöwünli hem mukaddes etmäge wada beren Rebbiň wadalaryny ýatda saklaýarys, şol sebäpdenem. biz bu Hoş Habary kabul edýäris, iman boýunça wadany alýarys, şeýdibem, Isa Mesihe bolan iman arkaly “bizde dogrulyk kanuny ýerine ýetýär”... BG 214.2

Uesli şeýle dowam edýär: “Injiliň iň esasy duşmanlary - bu Kanuna açyk hem aýdyň şek ýetirip, ony höküm edýänlerdir; adamlara diňe bir iň ýeňil ýa-da iň agyr tabşyrygyň ýekejesini bozmagy. aradan aýyrmagy, ýatyrmagy däl-de, olaryň hemmesini ýok etmegi öwredýänlerdir... Şol adamlaryň Kanuny inkär etmek bilen Mesihi hem Onuň gullugyny beýgeldýändigine çyn ýüreklerinden ynanýandyklary hemmesinden-de beter aklyňy haýran edýär! Ýöne olar Isany: “Şatlan, Rebbim!” diýip ogşan ludadan köp sylamaýarlar. Şonuň üçin Rebde olaryň her birinden: “Ogşamak bilen Ynsan Ogluna haýynlyk edýärsiňmi?” diýip soramaga doly esas bardyr. Eger olar Isanyň Gany hakda wagyz etmek bilen bilelikde, Özünem, patyşalyk jygasyndan mahrum edýän bolsalar, Hoş Habaryň ýaýramagyna ýardam edýänsirän bolup, Onuň Kanunynyň haýsydyr bir bölegini inkär edýän bolsalar, onda şeýle etmek bilen Oňa ogşamak arkaly haýynlyk etmeýärlermi? Bu aýyplama hakykat barada wagyz edip, göni ýada göçme manysynda tabynlygyň zerurlygyny aradan aýyrýanlardanam, Hudaýyň tabşyryklarynyň iň kiçisini peseldýänlerdenem aýrylmaýar”. BG 214.3

“Hoş Habary wagyz etmekligiň Kanunyň ähli talaplaryny ýerine ýetirýändigini” aýdanlara bolsa, Uesli şeýle jogap berdi: “Biz muňa doly garşy çykýarys. Kanunyň, hatda, iň esasy wezipesi-de-günäkäleri paş etmeklik, dowzahyň gyrajygynda irkilip oturanlaryň oýandyrylmaýandygy - ýerine ýetirilmeýär. Resul Pawlus: “Günä kanun arkaly bilinýär” diýýär. Adam öz günäsiniň üsti açylýança, Mesihiň halas ediji Ganyna özüniň mätäçl igini duýmaýar... Biziň Halasgärimiz: “Lukmana saglar dälde, syrkawlar mätäç” diýdi. Şonuň üçin, sagdyn adamlara ýa-da özlerini sagdyn hasaplaýanlara lukmany teklip etmeklik akmaklyk bolýandyr. Siz ilki bilen özleriniň syrkawdygyna olary ynandyrmalysyňyz, ýogsam, olar siziň aladaňyza üns bermezler. Şeýle hem, ýüregi hiç wagt gynanç görmedik adama Mesihi teklip etmekligem paýhassyzlykdyr”. BG 215.1

Şeýdip, Hudaýyň merhemetiniň Hoş Habaryny wagyz etmek bilen öz Mugallymy kimin “kanuny beýgeltmäge we şöhratlandyrmaga” dyrjaşdy. Ol özüne Rebbiň tabşyran işini dogry hem päk wyždan bilen ýerine ýetirdi, şol sebäpli-de, öz eden hyzmatynyň ajaýyp miwesini görüp bildi. Onuň uzak ömrüniň ahyrynda - ol 80 ýaşady, şonuň ýarym asyryny missionerçilik syýahatlarynda geçirdi - yzyna eýerij ileriniň sany ýarym milliona çenli köpeldi. Şeýle-de bolsa, onuň zähmetiniň arkasyndan günäniň hem ýazygyň harabaçylygyndan ýokary galyp, beýik hem arassa ýaşaýşa ýetenleriň sanynyň näçedigini, onuň taglymatynyň arkasyndan has çuň hem baý ruhy tejribäni alanlaryň sanynyň näçedigini halas edilenleriň bütin maşgalasy üýşüşende bileris. Onuň durmuşy her bir mesihi üçin gymmatly sapak bolup durýar. Häzirki ýygnaklara Isa Mesihiň bu gullukçysynyň imany hem tabynlygy, tükenmez tagallasy, janaýamazaklygy hem bagyş edilmesi nähli ýetmezçilik edýär! BG 215.2