Beýik Göreş
15—Nji Bap.
Mukaddes Kitap We Fransuz Rewolýusiýasy
XVI asyrda Reformasiýa halka Mukaddes Kitaby açmagy teklip etmek bilen Ýewropanyň ähli ýurtlaryna girmäge synanyşdy. Käbir döwletler ony gökden gelen arzyly habarçy hökmünde şatlyk bilen garşy aldylar. Papalygyň Reformasiýanyň täsirine garşy çykyp bilen ýerinde Mukaddes Kitap hakykatynyň beýik nury özüniň gözelleşdiri ji täsiri bilen bilelikde hiç hili ýaýramany alyp bilmedi. Bu bapda gürrüňi ediljek ýurdy hakykat nury ýagtylandyrdy, ýöne garaňkylyk onuň öňünde yza çeklimedi. Tutuş ýüzýyllyklaryň dowamynda bu iki güýjüň garşydaşlykly göreşleri gitdi. Ahyrsoňunda, erbetlik ýeňdi-de, gögüň hakykaty ret edildi. “Hökürn şundan ybarat: dünýä nur indi, ýöne adamlar garaňkydygy nurdan gowy gördüler, çünki olaryň işleri ýamanlykdý ” (Ýahýa 3:19). Şonuň üçin hem, bu halk öz saýlan ýolunyň miwesini ýygmaly boldy. Hudaýyň Ruhunyň saklaýjy güýji Onuň merhemetini sowgat almakdan ýüz öwren halkdan alnypdy. Hudaý ýamanlygyň ösmegine ýol beripdi, şol sebäpli-de, bütin dünýä nury özbaşdaklyk bilen inkär etmäniň netijesini gördi. BG 216.1
Ýüzýyllyklaryň dowamynda Fransiýadaky Mukaddes Kitaba garşy alnyp barlan uruş rewolýusiýa wagtynda, iň ýokary nokadyna baryp ýetdi. Şonuň ýaly erbet partlama Rimiň Mukaddes Ýazgyny basyp ýatyrmasynyň netijesi bolupdy. Bu uruş rim Ybadathanasynyň bütin taglymatynyň müň ýyldan gowrak döwrüň içinde alyp baran papalyk syýasatynyň netijesini görkezýän iň aýdyň illýustrasiýa boldy. BG 216.2
Papanyň hökümdarlyk eden döwründe Mukaddes Ýazgynyň basylyp ýatyryljakdygyny pygamberler welilik edip aýtdylar. Ýahýa-da, Ylham kitabynda “günä adamsynyň” hökümdarlygynyň eýmenç netijeleri hakda gürrň berýär. Bu, aýratynam, Fransiýada güýçli bilindi. BG 216.3
…….Rebhiň perişdesi: “... ol ýer mukaddes şäheri kyrk iki aýlap depelejek milletlere berildi. Men iki güwäme güýç bererin, olar jul geýnip, müň iki ýüz altmyş günläp … welilik eder”... Olar güwäliklerini tamamlanlarynda, dowzahdan çykan janawar olar bilen urşup, olary ýeňip öldürer. Maslyklary Sodom we Müsür diýilýän uly şäherleriň köçelerinde alamat hökmünde ýatar. Ol ýerde olaryň Rebbi haça çüýlenipdi... Ýer ýüzünde ýaşaýanlar olaryň bu ýagdaýyna begenişip, baýram eder, biribirlerine sowgatlar ýollar. Çünki bu iki pygamber Yer ýüzünde ýaşaýanlara köp sütem etdi. Üç gün ýarymdan soň, Hudaýdan gelen ýaşaýyş demi olaryň bedenine girende, olar aýak üstüme galdylar. Olary görenleriň üstüne uly howp abandy” (Ylham 11:2-11). BG 216.4
Ýokarda görkezilen wagtlar - “kyrk iki aý” we “müň iki ýüz altmyş gün” - şol bir döwri, Mesihiň Yygnagynyň Rim zulumynyň astynda ejir çekmeli bolan döwrüni görkezýär. Papalygyň 1260 ýyllyk hökümdarlygy 538 -nji ýylda başlap, 1798-nji ýylda, ýagny faransuz goşuny Rime girip, papany ýesir alan, papanyň hem, sürgünde ölen wagtynda gutardy. Tizara täze papa saýlanylan bolsa-da, papalyk iýerarhiýasy hiç haçan öňki ygtyýaryna we güýjüne eýe bolup bilmedi. BG 217.1
Ýygnagy yzarlamaklyk 1260 ýylyň bütin dowamynda üsnüksiz dowam etmedi. Reb Öz merhemeti bilen Öz halky üçin otly synaglaryň wagtyny gysgaltdy. Halasgär Yygnaga garaşýan “beýik hasrat” hakda aýdanda: “Ol günler gysgaldylmadyk bolsady, onda, hiç kim halas bolmazdy, ýöne saýlananlaryň hatyrasyna ol günler gysgaldylar ” (Matta 24:22) diýdi. Reformasiýanyň täsiri yzarlamalaryň 1798-nji ýyldan köp öň bes edilmegine alyp bardy. BG 217.2
Pygamber iki şaýat babatda mundan soň: “Dünýäniň Rebbiniň öňünde duran iki zeýtun agajy, iki şemdan bulardyr ” (Ylham 11:4) diýýär. Mezmurçy onuň aýdanyny gaýtalap: “Sözüň aýaklaryma çyra, ýoluma nurdur” (Zebur 119:105) diýýär. Şol iki şaýat Köne hem Täze Ähtleri alamatlandyrýar. Olaryň ikisi-de gelip çykyş we Hudaýyň Kanunynyň ebediligi, şeýle hem, gutulyş plany hakda birmeňzeş derejede şaýatlyk edýärler. Köne Ähtiň obrazlary, gurbanlyklary hem pygamberlikleri geljek Halasgäri görkezýär. Täze Ähtiň Hoş Habary bilen hatlary hut obrazlarda hem pygamberliklerde öňünden aýdylyşy ýaly gelen Halasgär hakda gürrüň berýär. BG 217.3
“Men iki giiwäme güýç bererin, olar jul geýnip, müň iki ýüz altmyş günläp welilik eder“. Bu wagtyň aglaba böleginde Hudaýyň işçileri habarsyz galdylar. Hakykat sözüni halkdan gizlejek bolup, papalyk mümkin bolan zatlaryň hemmesini etdi we Mukaddes Kitabyň şaýatlaryna garşy çykýan ýalan giiwäleri iberdi. Mukaddes Kitap dini we dünýewi häkimiýet tarapyndan gadagan edilende, onuň şaýatlyklary ýoýulanda, adamlaryň aňlaryny Mukaddes Kitapdan sowjak bolup, adamlar hem arwahlar ellerinden gelenini edenlerinde, onuň mukaddes haky katlaryny yglan etmäge het edip bilenleri yzarlanlarynda, ölüme tabşyranlarynda, gynanlarynda, diriligine ýere gömenlerinde, ölüm jezasyny berenlerinde ýa-da baryp bolmaýan daglardan, jülgelerden, gowaklardan gaçybatalga gözlemäge mejbur edenlerinde—şonda wepaly şaýatlar “jul geýnip... welilik etdiler”. Yzarlamalaryň bolandygyna garamazdan, olar 1260 ýylyň dowamynda şaýatlyk etdiler. Iň garaňky döwürlerde-de, Hudaýyň Sözüni söýen we Hudaýyň Sözüne gabanjaňlyk bilen garan adamlap tapyldy. Bütin bu döwrüň dowamynda bu wepaly hyzmatkärlere Hudaýyň hakykatyny yglan etmäge akyl, güýç hem ygtyýar berildi. BG 217.4
“Biri olara zyýan ýetirjek bolsa, olaryň agzyndan çykan ot duşmanlaryny iýip sohuna çykar. Olara zelel berjek bolýan adam şeýle öldürilmelidir” (Ylham 11:5). Adamlar Hudaýyň Sözüni depgiläp, jezasyz galyp bilmezler. Bu gorkunç duýduryşyň manysy Ylhamyň soňky babynda beýan edilendir: “Bu kitabyh weli sözlerini eşiden kişä duýdurýaryn! Biri bu sözlere bir zat goşsa, Hudaý hem onuh jezasyna bu kitapda agzalan belalary goşar. Egerde biri bu weli kitabyh sözlerinden bir zady aýyrsa, Hudaý hem bu kitapda agzalanýaşaýyş agajyndan, mukaddes şäherden oha ýeten paýy yzyna alar ” (Ylham 22:18-19). BG 218.1
Reb şunuň ýaly duýduryşlary öz açýan we buýruk berýän zatlaryny adamlaryň üýtgetjek bolup synanyşyk etmezlikleri üçin öňünden berdi. Bu dabaraly duýduryş öz derejesiniň arkasyndan Hudaýyň Kanunyny äsgermezçilik etmekügiň göreldesini görkezýänleriň hemmesine berilýär. Olar perwaýsyzlyk bilen Hudaýyň Kanunyna tabyn bolmany bolmajak zat hasaplaýanlara gorky hem sandyrama salmalydyrlar. Özüniň şahsy pikirini Hudaýyň ylhamlaryndan ýokary tutýanlar, özüniň oňaýlylygynyň hatyrasyna ýa-da dünýä uýgunlaşdyrmak üçin Ýazgynyň aýdyň manysyny ýoýýanlar özleriniň üstlerine gaty gorkunç jogapkärçiligi alýandyr. Yazylan Söz, Hudaýyň Kanuny her bir adamyň häsiýetiniň ölçeg birligidir. Bu kämil nusga laýyk gelmedikleriň hemmesi höküm ediler. BG 218.2
“Olar güwäiiklerini iamamlanlarynda” Jul geýnen iki şaýadyň pygamberlik etmeli bolan wagtynyňdöwri 1798-njiýyldagutardy. Olaryň garaňkydaky habarsyzlyk işiniň ahyry gelende, “ummandan çykan haýwanyň” şekillendirýän häkimiýeti olar bilen urşa başlamaly bolýar. Ýewropanyň köp ýurtlarynda ybadathana hem döwlet ýolbaşçylary bütin ýüzýyllyklaryň dowamynda papalygyň üsti bilen hereket eden şeýtanyň ygtyýary astynda boldular. Ýöne biz bu ýerde şeýtanyň güýjüniň täze peýda bolşuny görýäris Rimiň syýasaty Mukaddes Kitaba bolan yhlasly gatnaşygyň maskasy astynda ony halka düşnüksiz bolan diliň gulpy astynda saklamaklyga, şeýdibem, ony adamlardan gizlemeklige gönükdirilendi. Şoňa görä-de, Rimiň hökümdarlygy döwründe şaýatlar “jul geýnip”, welilik etdiler. Ýöne başga häkimiýet - “ummandan çykan haýwan” - peýda bolup, Hudaýyň Sözüne garşy uruş yglan etmelidi. BG 218.3
Köçelerinde şol şaýatlar öldürilen we olaryň maslyklary ýatan “beýik şäher” ruhy manysynda: “Müsür” diýlip atlandyrylýar. Mukaddes Kitapda görkezilen ähli halklaryň arasynda Müsür diri Hudaýyň bardygyna has-da gödek garşy çykdy we Onuň buýruklaryna garşylyk görkezdi. Ýekeje monarham, Müsüriň hökümdarynyň edişi ýaly, beýle açyk hem öz erklilik bilen Gögüň hökümdarlygyna garşy baş galdyryp bilmedi. Musa Rebbiň adyndan fyrowna dabaraly habary aýdanda, bu tekepbir monarh: “Kimmiş Ol Reb. Onuň söziine gulak asyp, men ysrayyllary goýberer ýaly? Men Rebbi bilmeýürin, ysraýyllaryň gitmegine ýol berjek däl ” (Çykyş 5:2) diýdi. Bu ateizmdir. Müsüri alamatlandyrýan halkam, edil şonuň ýaly, diri Hudaýyň talaplaryny inkär edip, şol imansyzlyk hem tabyn bolmazlygy döredýän ruhy görkezmelidi. “Beýik şäher” şeýle hem, “ruhy taýdan” Sodom bilen deňeşdirilýär. Hudaýyň Kanunyny bozan Sodomyň zaýalygy kanunlaşdyrylan azgynçylykda aýratyn güýç bilen ýüze çykdy. Bu günä ykbalynda şol pygamberligiň ýerine ýeten halkynyň häsiýetli gylygy bolmalydy. BG 219.1
Pygamberiň sözlerine laýyklykda, 1798-nji ýyldan köp öň bolmadyk wagtda, şeýtandan gelip çykan we iblisiň häsiýetindäki nähilidir häkimiýet peýda bolup, Mukaddes Kitaba garşy uruş alyp barýar. Bu iki şaýadyň sesleriniň sem bolýan ýurdunda fyrownyň ateizmi bilen Sodomyň azgynçylygy çogup çykar. BG 219.2
Bu pygamberlik haýran galdyryjy takyklyk bilen Fransiýanyň taryhynda ýerine ýetdi. 1793-nji ýyldaky rewolýusiýa wagtynda, “dünýä ilkinji gezek siwilizasiýaly jemgyýetde doglan hem terbiýelenen, özlerini Ýewropanyň aňrybaş ýurtlarynyň birini dolandyrmaga hukukly hasaplan adamlaryň biragyzdan adama bütin taryhyň dowamynda berlen iň beýik hakykaty inkär edenini, Hudaýa bolan imandan we Oňa gulluk etmekden biragyzdan ýüz öwrenini eşitdi”. BG 219.3
“Fransiýa - ynamdar çeşmelere laýyklykda, dünýäde Älemiň Ýaradyjysyna garşy aç - açan gozgalaň turzan ýeke—täk ýurtdur. Angliýada, Germaniýada, Ispaniýada we beýkeli ýurtlarda imansyzlar hem hudaýsyzlar bar bolan we häzriem bar bolsa-da, Fransiýa dünýä taryhynda öz kanun çykaryjy ýygnagynyň ýörite karary bilen Hudaýyň ýokdugyny yglan eden ýeke - täk ýurt bolupdy. Bu karardan soň, paýtagtyň bütin ilaty hem bütin ýurtdaky adamlaryň aglaba bölegi bu karara begenip, aýdym aýtdylar we tans etdiler”. BG 219.4
Sodomyň tapawutlandyryjy aýratynlyklary doly derejesinde Fransiýada ýüze çykdy. Rewolýusiýa wagtynda, ol ýerde öz döwründe Sodomyň ölümine sebäp bolan üýtgewsiz azgynçylyk höküm sürdi. Taryhçy Fransiýanyň ateizmini we ahlaksyzlygyny pygamberlige doly laýyklykda suratlandyrýar: “Dine degişli kanun bilen berk baglanyşyklykda nika birleşmesi baradaky täze düzgünem peýda boldy. Jemgyýetiň berkliginiň girewi bolup durýan ýer ýüzündäki iň mukaddes baglanyşyklar är—aýal çalaja islän wagtynda hiç hili päsgelçiliksiz bozup bilýän wagtlaýyn häsiýetli ýönekeý raýatlyk şertnamasyna öwrüldi duruberdi. Eger arwahlar maşgaladaky iň mukaddes, takwa hem ebedi zatlaryň hemmesini ýok etmek üçin iň täsirli usuly oýlap tapmagy maksat edinen bolsa, öz eken ýamanlygynyň üýtgewsiz ýagdaýda nesilden nesle geçjegine kepili almak islän bolsa, onda mundan kämil bolan zady oýlap tapyp bilmediler... Ozüniň ýiti akyldarlygy bilen meşhur bolan aktrisa Sofi Arno raýatkyk nikasyny “zyna etmäniň syry” hökmünde suratlandyrýar”. BG 219.5
“Biziň Rebbimiziň haça çüýlenen ýerinde”. Fransiýada pygamberligiň bu bölegem amala aşdy. Yekeje ýurdam, şu ýurduňky ýaly, Mesihe beýle köp duşmançylyk etmedi. Hakykat bu ýurtdakysy ýaly, zalym yzarlanma duçar edilmedi. Fransiýa özüniň eglişiksiz zalymlygy bilen yzarlan şägirtleriniň üsti bilen Mesihi haça çüýledi. BG 220.1
Dogry adamlaryň ganlary ýüzýyllyklaryň dowamynda döküldi durdy. Waldensler Pýemont daglarynda “Hudaýyň Sözi hem Isa Mesihe şaýatlyk edendikleri” üçin janlaryny berende, olaryň doganlary, fransuz albigoýslary, şoňa meňzeş şaýatlygy ýaýratdylar. Reformasiýa günlerinde onuň tarapdarlary eýmenç gynamalarda we görgülerde janlaryndan jyda düşdüler. Koroldyr köşk emeldarlary, milletiň buýsanjy hem bezegi bolan meşhur aýallardyr näzik gyzlar, Isanyň şaýatlarynyň ölümiň öň ýanyndaky ezýetlerinden lezzet aldylar. Gaýduwsyz gugenotlar adamyň iň mukaddes hukugy ugrunda söweşip, iň gazaply uruşlarda ganlaryny dökdüler. Protestantlar kanundan daşary dilýip yglan edildi. Olaryň kelleleri üçin belli bir baha kesgitlenildi, edil ýabany haýwan kimin, olary awlajak bolup ýördüler. BG 220.2
“Çöldäki ýygnak”, gadymky mesihileriň ýurduň gündogaryndaky daglaryň içinde özlerine gaçybatalga tapynan we öz atalarynyň imanyny saklamagy başaran az sanly nesilleri XVIII asyrda-da Fransiýada bardy. Eger olar käwagt gijelerine dag eteklerinde ýa-da baryp bolmaýan bir ýerde ýygnanyşmaga het edip bileninde, olary yzarlap ýören harby gullukçylar olary tutsalar, onda olar kürek bilen sürülýän gämilerde ömürlik sürgünde bolýardylar. Fransiýanyň iň takwa hem bilimli ogullaryny hem gyzlaryny ogrular hem ganhorlar bilen bilelikde eýmenç gynamalara duçar etdiler we gandalladylar. Käbirleri has bagtly ykbala mynasyp boldular; olary, ýagny ejiz hem güýçsüz adamlary dyza çöküp dileg edýärkäler, sowukganlylyk bilen öldürdiler. Ýygnanyşyklar wagtynda ýüzlerçe garrylar, ejiz aýallar hem bigünä çagalar öldürildi. Köplenç olary ýygnanyşýan ýerleri bolan dag eteklerine we tokaýlara baranlarynda, her dört ädimden “öldürilenleriň jesetlerini we agaçlara asylan adamlary görmek bolýardy”. Gylyç, aýpalta, “ýeretikler” ýakylan otlar arkaly boşadylan ýurt “ummasyz çöllüge” öwrüldi duruberdi. “Bu wagşyçylyklar garaňkylyk hem nadanlyk döwürlerinde däl-de, Lýudwik XIV - iň ajaýyp eýýamynda, ylmyň we edebiýatyň gülläp ösen döwründe, köşgüň we paýtagtyň dini ýolbaşçylarynyň kiçigöwünlilik hem haýyr - sahawat ýaly gowy işleriň ösmegine ýardam eden bilimli hem dilewar adamlardan ybarat bolan döwründe edildi”. BG 220.3
Şol garaňky ýüzýyllyklarda edilen jeýanatlaryň iň agyry, iň gorkunjy mukaddes Warfolomeý gijesindäki çapawullyk bolupdy. Şol ýalançylykly hem zalym hüjümi dünýä entegem sandyrama bilen ýatlaýar. Korol rim ruhanylarynyň we ýolbaşçy ruhanylaryň talaplaryna eglişik edip, başga ynama ynanýanlary wagşyçylyk bilen öldürmäge razylyk berýär. Ýarygijedäki jaňyň ýaňy çapawullygyň başlananynyň nyşany boldy. Müňlerçe protestantlar korolyň howandarlygy astyndadyrys öýdüp, özleriniň öýlerinde asuda ýatyrdylar. Olary hiç bir duýduryşsyz daşaryk alyp çykyp, sowukganlylyk bilen öldürdiler. BG 221.1
Öz halkyny müsür gulçulygyndan halas edende, Mesihiň göze görünýän ýol görkezişi ýaly, şeýtanam, göze görünmän, özüniň gol astyndakylar bigünä pidalaryň sanyny artdyranlarynda, olara ýolbaşçylyk etdi. Pariždäki öldürişik bütin hepdeläp dowam etdi. Onuň ilkinji üç güni hasda gazaplylygy bilen tapawutlandy. Gandökülişik Parižin diwarlarynyň içi bilen çäklenip durmady. Korolyň aýratyn permany bilen protestantlary öldürmeklik ähli welaýatlarda hem şäherlerde bolup geçdi. Yaşam, jynsam hiç hili ähmiýete eýe bolmady. Bigünä bäbege-de, saçy agaran garrada şol bir ykbal geldi. Meşhur adam, ýönekeý adam, garry hem ýaş adam, ene hem çaga hemmesi bilelikde wepat boldy. Bu öldürişik bütin Fransiýada iki aýlap dowam etdi. 70 müň adam—milletiň gözguwanjy - öldi. BG 221.2
“Rim bu gyrlyşyk hakda eşideninde, dini ýolbaşçylaryň şatlygynyň çägi bolmady. Şu habary alyp baran habarça kardinal Loranskiý müň kron gowşurdy. Mukaddes Anželonyň toplary hem atylyp, bu wakany goldady. Her bir jaňlar goýlan ýerlerde, jaňlaryň sesleri ýaňlandy, ýakylan otlar gijäni gündize öwürdi, Grigoriý XIII kardinallaryň we ruhy ýolbaşçylaryň hemralyk etmeginde, mukaddes Lýudwik soboryna bardy. Ol ýerde kardinal Lorenskiý: uSaňa, Reb” diýen aýdymy aýtdy. Bu gyrlyşygy ebedileşdirmek üçin medallar ýasadylar. Şu wagta çenlide, Watikanda üç sany wizantiýa freskisi saklanylýar. Olarda admiral gugenotyň üstüne edilen hüjüm, öňde duran gandöküşligi öz maslahatçylary bilen bilelikde ara alyp maslahatlaşyp oturan korol we gyrlyşygyň özi suratlandyrylypdyr. Grigoriý ,Altyn Bägüli” iberdi. Dört aý geçenden soň bolsa, ol fransuz ruhanysy nyň “bagtdan hem şatlykdan doly bolan, mukaddes atanyň bu şatlykly habary alyp, dabara bilen Hudaýa we mukaddes Lýudwige minnetdarlyk bildirmek üçin sobora gidendigi” barada beren gürrüňini lezzet bilen diňledi. BG 221.3
Warfolomeý gijesinde ruhlandyryjy bolan ruh rewolýusiýanyň höweslendiriji güýji boldy. Isa Mesih ýalançy hökmünde yglan edildi, şonuň üçin fransuz hudaýsyzlarynyň şygary: “Deýýusy agdararys” (Mesih göz öňünde tutuldy) diýen şygar boldy. Hudaýa gödeklik bilen dil ýetirmeklik we ýigrenji haramçylyk elden - ele geçdi. Şeýdip, iň pes adamlar, iň barypýatan haramzadalar we azgynlar ýokary galdyryldy. Bu zatlaryň hemmesinde iň ýokary hormatlar şeýtana goýuldy, tene giren hakykat, arassalayk hem akýürekli söýgi bolan Mesih haça çüýlenildi. BG 222.1
“...dowzahdan çykan janawar olar bilen urşup, olary ýeňip öldürer Fransiýada rewolýusiýa wagtynda döredilen hudaýsyz häkimiýet hem terroryň hökümdarlygy Hudaýa we Onuň Mukaddes Sözüne garşy dünýäniň entek görüp - eşitmedik urşuny alyp bardy. Milli ýygnak Hudaýa sežde etmekligi ýatyrdy. Mukaddes Kitaplary ýygnap, köpçüligiň öňünde iň ajy gülküler hem ýaňsylamalar bilen ýakdylar. Hudaýyň Kanuny depgilenildi. Mukaddes Kitap kanunlary-da, inkär edildi. Her hepdedäki dynç güni ýatyryldyda, munuň deregine her bir onunjy giin Hudaýa ysnat getirmeklige we şady - horramlyga bagyşlanyldy. Gonamçylyklarda öliimi ebedi uky hökmünde atlandyrýan plakatlar peýda boldy. BG 222.2
Hudaýdan gorkmaklyk akyldarlyk däl-de, akylsyzlygyň başlangyjydygy baradaky pikir ýaýrady. Azatlyga hem ýurda gulluk etmekden beýleki dini gulluklaryň hemmesi bes edildi. Şol wagta çenli halkyň adyndan oýnalan hileleriň iň pes derejeli hem dawalysynda Parižiň ýepiskopy baş roly oýnamaly boldy... Ony konwentiň (konwent - käbir ýurtlarda aýratyn ygtyýarly guramanyň ady) ýygnagyna getirip, hemmeleriň öňünde özüniň şunça ýyllap gulluk eden gullugyny eden dininiň taryhda-da, mukaddes hakykatda hiç hili esasynyň ýokdugyny, munuň bary - ýogy ruhanylaryň aldawydygyny aýtmaga mejbur etdiler. Ol gullugyna özüni bagyş eden Hudaýyny dabaraly hem kesgitli usulda inkär etdi hem-de Onuň ýokdugyny yglan edip, mundan beýläk azatlyga, deňlige, ýagşylyga hem ahlaklylyga gulluk etjekdigini aýtdy. Soň ol özüniň ýepiskoplyk eşigini egninden çykaryp, stoluň üstünde goýdy. Mundan soň, konwentiň başlygy ony doganlarça gujaklady. Bu dini ýolbaşçynyň göreldesine ýene birnäçe ynamyndan ýüz öwren ruhanylar hem eýerdi”. BG 222.3
“Ýer ýüzünde ýaşaýanlar olaryň bu ýagdaýyna begenişip, baýram edert biribirlerine sowgatlar…. ýollar. Çünki bu iki pygamber Yer ýüzünde ýaşaýanlara köp sütem etdi” Hudaýsyz Fransiýa Hudaýyň iki şaýadynyň seslerini kesmäge mejbur etdi. Hakykat Sözi onuň köçelerinde öli bolup ýatdy, şol sebäpli-de, çäklendirilmeleri hem Hudaýyň Kanunynyň taiaplaryny ýigrenýänleriň hemmesi şatlandylar. Adamlar Gökdäki Patyşa aç - açan garşy çykdylar. Gadymdaky günäkärler kimin olar: “Hudaý nähili biler? Hemmeden beýik Bolanda bilim barmy? ” (Zebur 73:11) diýşip gygyrdylar. BG 222.4
Täze tertibiň işgärleriniň biri hatda göz öňüne getirmesi-de kyn bolan gödeklik bilen: “Hudaý! Eger Sen bar bolsaň, onda Öz adyňa dil ýetirilendigi üçin ar al. Men Saňa garşy çykýaryn! Sen dymýarsyň, Sen gök gürrüldisiniň ala - gopguny bilen jogap bermäge het edip bilmeýärmiň? Mundan soň, Seniň bardygyňa kim ynanar?” diýdi. Eýsem, bu: “Kimmiş Ol Reb, Onuň söziine gulak asyp, men ysraýyllary goýberer ýaly? Men Rebbi bilmeýärin” diýen fyrownyň talabynyň ýaňy dälmidir? BG 223.1
“Akylsyz adam ýüreginden: “Hudaý ýok” diýdi (Zebur 14:1). Reb hakykata dil ýetirijiler babatda: “... bularyň-da akylsyzlygy hemmelere belli bolar” (2 Timoteos 3:9).Fransiýanyň diri, “beýik, arşa galan hem ebedi ýaşaýan” Hudaýa gulluk etmekden ýüz öwrenine azajyk wagt geçenden soň, ýurt juda gysga wagtyň içinde haýsydyr bir azgyn aýalyň şahsyýetinde Akyl zenan hudaýyn tagzym edip, butparazlygyňam iň pes derejesine ýetdi. Bu zatlaryň hemmesini dünýesi hek kanun çykaryjy häkimiýet Assambleýanyň deputatlarynyň öňünde etdiler! Taryhçy: “Şol aklyndan azaşan zamananyň dabaralarynyň biri öz bolgusyzlygy boýunça betbagtçylyk bilen utgaşmakda öňüne geçip bolmaýanlygyna galýar. Konwentiň gapylary dabaraly ýörişiň öňünde giňden açyldy. Munisipalitetiň agzalary sazandarlar bilen bilelikde azatlygy şöhratlandyryp aýdym aýdyp ýörediler. Yygnananlaryň ortarasynda örtgä dolananolaryň geljekki nesileriniň nyşany, özleriniň “Akyl zenan hudaýy” diýip atlandyrylan - aýal bardy. Aýaly konwentiň agzalarynyň öňüne getirip, dabara bilen ondan örtgini aýyrdylar-da, başlygyň sag tarapynda oturtdylar. Şol wagt bu aýalyň operettanyň tansçysydygyny hemmeler aňsatlyk bilen bildiler... Olaryň tagzym edýän aklyny aňrybaş şekillendiren bu aýala Fransiýanyň milli konwenti köpçüligiň öňiinde hormatyny bildirdi. BG 223.2
Bu bolgusyz hem gülkünç maskarad tötänlik bolmandy; Akyl zenan hudaýyna täç geýdirmeklik özleriniň rewolýusiýanyň ähli beýiklikleriniň hemmesine ýetendiklerini görkezmek islän ýerleriniň hemmesinde geçirildi”. BG 223.3
Akla tagzym etmäge çagyran orator: “Kanun çykaryjylar! Fanatizm ýerini sagdyn pikire berdi. Onuň dumanlaşan göreçleri munuň ýaly ýiti ýagta döz geiip bilmezdi. Bu gün bu gotiki toplumlarynyň astynda, hakykatyň ilkinji ýaňlanjak ýerinde, köp adam ýygnandy. Bu ýerde Fransiýa ýeke—täk hakyky gullugy - Azatlyga hem Akla gulluk etmäni - ýerine ýetirýär. Bu ýerde biz respublikanyň ýaragynyň güýjüne umydymyzyň bardygyny beýan edýäris. Bu ýerde biz Aklyň, bu diri obrazyň, tebigatyň kämil eseriniň hatyrasyna jansyz butlary taşlaýarys. BG 223.4
Akyl zenan hudaýyny konwente getirenlerinde, baş beýemçi onuň elinden tutup, ýygnaga ýüzlenýärde: “Ölümli adamlar! Hudaýyň özüňizi gorkuzan güýçsüz gök gümmürdileriniň öňünde sandyramaňyzy bes ediň. Şu pursatdan başlap, sizde Akyldan başga hiç hili keramat ýokdur. Men size onuň takwa hem päk nusgasyny berýärin; eger size hudaýlar gerek bolsa, onda diňe şuňa meňzeş hudaýlara gurbanlyk getiriň. Azatlygyň iň beýik ýolbaşçylarynyň öňünde ýere ýykylyň. Eý, Aklyň örtgüsi!” BG 224.1
“Mundan soň zenan hudaý başlyk bilen gujaklaşyp, juda kaşaň bezelen ekipaža mündi-de, uly märekäniň ugratmagynda keramatyň ýerini eýelemek üçin Nortdam soboryna ugrady. Bu ýerde-de, beýik sypanyň üstünde-de, ol ýygnananlaryň hemmesinden tagzym kabul etdi”. BG 224.2
Tizara Mukaddes Kitaby köpçülikleýinýakmaklyk başlandy. Bir gün “Muzeýleriň halk jemgyýetiniň” agzalary munisipalitetiň zalyna: “Ýaşasyn Akyl!” diýip gygyryşyp girdiler. Olar uzyn syrygyň üstünde ýanan Mukaddes Kitaplary getirdiler. Beýleki ybadathana neşirleriniň arasynda başlygyň aýdyşy ýaly, “adamlara ýerine ýetirmäge mejbur edilen akylsyzlyklarynyň hemmesini uly otda satyn alan” Köne hem Täze Ähtler bardy”. BG 224.3
Şeýdip, papalyk ateizmiň tamamlan işiniň başyny başlady. Rimiň syýasaty Fransiýanyň ölümi üçin sosial, syýasy hem dini taýýarlyklary döretdi. Rewolýusiýanyň eýmençlikleri hakda ýzanlaryň hemmesi adatça bu bolgusyzlyklarda döwlet bilen Ybadathanany aýyplaýar. Adalatyň hatyrasyna ähli günäniň Ybadathananyň üstüne düşýändigini bellemek gerek. Papalyk Reformasiýany tagtynyň duşmany, dünýä we döwletiň abadançylygyna abanýan howp hökmünde görkezip, monarhlary oňa garşy öjükdirdi. Monarhlary aňrybaş zalymlyga we halky wagşyçylykly ezmäge Rim ruhlandyrdy. BG 224.4
Mukaddes Kitap özi bilen azatlyk alyp geldi. Hoş Habaryň kabul edilen ýerlerinde, adamlaryň düşünjeleri oýandy. Olar gulçulygyň gandallaryny, nogsanlyklaryny we ters pikirliligi özlerinden aýryp taşladylar. Olar özbaşdak pikirlenip we hereket edip başladylar. Muny görenlerinde, monarhlar özleriniň ygtyýaryndan gorkup sandyradylar. BG 224.5
Rim ýadaman olaryň gabanjaňlykly howatyrlanmasyny oýaryp durdy. 1525-nji ýylda papa Fransiýanyň regentine: “Bu was — wasylar (protestantizm) diňe bir dini däl, eýsem. döwletem, dworýanlygam, hukuk tertiplerinem, gatlaklaryň arasyndaky ähli tapawutlary weýran edýär we ýok edýär” diýip, duýduryş berdi. Birnäçe ýyl geçenden soň, papanyň ilçisi: “Siziň aly hezretleriňiz, aldanmaň! Protestantlar dünýewi häkimiýet bilen ruhy häkimiýete deň derejede howp salýar... Tagtam, edil sypa ýaly howp astynda... Täze dini girizmeklik hökman täze hökümetiň zerurlygyny-da talap eder” diýip duýdurdy. Ylahyýetçiler hemmeleri protestant1aryň taglymatynyň “täzeligi hem akylsyzlygy bilen adamlary azdyrýandygyna; koroly öz tabynlygyndakylaryň wepalylygyndan mahrum edip, Ybadathanany berbat edişi ýaly, döwleti-de berbat edýändigine” ynandyrmaga synanyşjak bolup, halkyň köne pikirliliginden peýdalanjak boldular. Şunuň ýaly usullar bilen hereket edip, Rim Fransiýany Reformasiýa garşy öjükdirdi. “Fransiýada tagty goramak, ýokarky adamlary goramak we kanuny saklamak üçin ilkinji gezek gylyç ýalaňaçlandy”. BG 224.6
Bu ýurduň hökümdarlarynyň munuň ýaly syýasatyň erbet netijelerini öňden görendigi gümanadyr. Mukaddes Kitap taglymaty adamlaryň aňlarynda hem ýüreklerinde milli gülläp ösüşiň burç daşy bolup durýan adalatyň, saklanmanyň, hakykatyň, deňligiň hem haýyr - sahawatyň prinsiplerini berkiderdi. “Milleti dogrulyk beýgeldýcmdir” şonuň üçin “tagt dogrulyk bilen berkarar bolýandyr” (Siileýmanyň pähimleri 14:34; 16:12). BG 225.1
“Dogruçyllygyň miwesi rahatlyk, netijesi ümsümlik, ebedi howpsuzlykdyr” (Işaýa 32:17). BG 225.2
Hudaýyň Kanunyna tabyn bolýan adam öz ýurdunyň kanunyna has-da berk hormat goýar. Hudaýdan gorkýan adam hökümdaryny ähli adyl hem kanuny talaplarynda hormatlar. Emma betbagt Fransiýa Mukaddes Kitaby gadagan edip, onuň tarapdarlaryndam, kanundan daşary diýip yglan etdi. Inçe akla hem ahlak güýjüne eýe bolan prinsipial hem tertip - düzgünli adamlar ýüzýyllyklaryň dowamynda hakykat ugrunda görgi görmek üçin özleriniň garaýyşlary hem imany hakda yglan etmäge ýeterlik bolan batyrgaýlyga eýediler. Asyrlaryň dowamynda bu adamlar gullar kimin, sürgünligiň işlerinde zorluklary çekdiler, otlarda ýandylar ýa-da ýerasty türmelerde diriligine çüýrediler. Müňlerçe we müňlerçe adamlar gaçmak bilen gutulmaga mejbur boldular. Bu zatlaryň hemmesi Reformasiýa başlanandan soň, 250 ýyllap dowam etdi. BG 225.3
“Bu dowamly döwrüň tutuş dowamynda fransuzlaryň hiç bolmanda bir nesli Hoş Habara eýerýänleriň özlerini yzarlaýjylaryň gazabyndan gaçmaga mejbur bolanyna şaýat bolmak miýesser etmedi. Gaçgaklar özleri bilen bilim, sungat, sebet hem tertip - düzgün alyp gitdiler. Şol gymmatlyklar bilenem, özleriniň pena tapan ýurtlaryny baýlaşdyrdylar. Olar özleriniň adatdan daşary zehinleri bilen özleriniň ata watany çökme derejesine ýetende, başga ýurtlaryň gülläp ösmegine ýardam etdiler. Şonuň üçin, eger bu zehinler Fransiýada galan bolsa, eger 300 ýylyň dowamynda kowlanlaryň ussatlygy ata watanyna gulluk eden bolsa, eger olaryň çeperçilik ukyplary ulanylan bolsa, eger olaryň döredijilik akly hem paýhasyň güýji edebiýaty baýlaşdyryp, ylmy ösdüren bolsa, eger olar özleriniň akyldarlygy bilen häkimiýete kömek eden bolsa, özleriniň edermenligi bilen serkerdelere kömek eden bolsa, eger olaryň Mukaddes Kitap dini fransuzlaryň akyl güýjüni berkidip, özleriniň wyždanyny gönükdiren bolsa, onda bu gün Fransiýa nähili beýiklige ýeterdi! Ol beýik, gülläp ösýän, bagtly ýurt bolup, ähli halklar üçin nähili görelde bolup bilerdi! BG 225.4
Ýöne kör hem rehimsiz fanatizm onuň çäklerinden gowy işleriň halypalarynyň, kanuny tertip üçin söweşýänleriň, tagtyň hakyky goragçylarynyň hemmesini kowdy. Öz ýurduny “meşhur hem şöhratly” etmek islänleriň hemmesine: “Islän zadyňyzy saýlaň: otmy ýa-da kowulma?” diýildi. Ahyrsoňunda ýurt derbi—dagyn edildi, wyždanam indi yzarlanylmady, sebäbi halk galmandy, dini garaýyşlar zerarly indi ýakmaýardylar, sebäbi indi din ýokdy, indi hiç kime kowulma howpy abanmaýardy, sebäbi watansöýüjiler galmandy”. Rewolýusiýa özüniň bar aýylgançlyklary bilen bilelikde şunuň ýaly syýasatyň gorkunç miwesi bolupdy. BG 226.1
“Gugentleri Fransiýadan kowmak bilen ählumumy krizis başlandy. Gülläp ösýän şäherler pese düşüp başlady, hasylly ýerler çöllüge öwrülip başlady, adaty progres akyl taýdan dumuklylyk hem ahlak dargama bilen ornuny çalyşdy. Pariž ägirt uly maýyplar öýüne öwrüldi. Sanalyp görülmä laýyklykda rewolýusiýadan soň, 200 müň garyp koroldan kömege garaşýardy. Weýran edilen ýurtda diňe ýezitler hezil edýärdiler we ybadathanalaryň, mekdepleriň, türmeleriň we düzediş edaralarynyň üstünden görlüp—eşidilmedik zalymlygyny görkeňýärdiler”. BG 226.2
Fransiýada Hoş Habaryň kömegi bilen dini ýolbaşçylary, koroly hem kanun çykaryjylary, galyberse-de, bütin milleti anarhiýa hem ölüme duçar eden syýasy hem sosial meseleleri çözüp bolýardy. Emma halk Rimiň täsiri astynda Halasgäriň özüňi pida etme we şertsiz söýgi hakdaky nesihatlarynyň gymmatly manysyny ýitirdi. Adamlar başgalaryň bähbidi üçin özlerini pida ederden daşdady. Garyplara azar berýändigi üçin baýlary hiç kim paş etmeýärdi, garyplar özleriniň agyr zähineti üçin hiç hili gazanç almaýardy. Baýlaryň egoizmi we barly adamlaryň ygtyýary gitdigiçe göze ilginç bolýardy hem-de zalymlaşýardy. Tutuş ýüzýyllyklaryň dowamynda ýokary gatlak adamlarynyň açgözlügi hem serişdeleri bisarpa tutmaklary garyplaryň eginlerine agyr labyr bolup düşýärdi. Baýlar garyplary ezýärdiler, garyplar bolsa, baýlary ýigrenýärdiler. BG 226.3
Köp welaýatlarda ýerler ýokary gatlak adamlaryna degişlidi, zähmetkeşler bolsa, diňe kärendeçilerdiler. Olaryň durmuşy hojaýynlarynyň rehimdarlygyna baglydy, şonuň üçin olar hemme zatda olaryň adalatsyz talaplaryna tabyn bolmaga mejbur bolýardylar. Ybadathanany hem döwleti eklemekligiň agyr ýüki orta hem aşak gatlaklaryň egnine düşýärdi. Olara raýatlyk häkimiýetiniň arkasyndan bolşy ýaly, dini ygtyýarlyklar tarapyndanam salgyt bary salynýardy. “Ýokary gatlak adamlarynyň ynjyklygy bilen islegi iň ýokary kanun hasaplanylýardy. Daýhanlar açlykdan ölübermelidi, hojaýynlarynyň bu zatlar bilen işleri ýokdy. Adamlar hemme zatda ýer eýeleriniň bähbidini ileri tutmalydylar. Daýhanlaryň durmuşy üznüksiz zähmetden hem aňyrsyna - bärsine göz ýetmeýän mätäçliklerden doludy. Olar arz etmäge het edip biläýenlerinde-de, olaryň arzlarynyň hemmesi tekepbirlikli ýigrenç bilen ret edilýärdi. Sud hemişe garyby däl-de, baýy goraýardy. Kazylar para alýardylar, şonuň üçin ýokary gatlak adamlarynyň eden ujypsyzja ynjyklygam, ählumumy satylanlygyň arkasyndan kanunyň güýjüne eýe bolýardy. Ýokary gatlagyň we dini ýolbaşçylaryň ýönekeý halkdan ýygnan salgytlaryň ýarysam, korollyk hem ybadathana gaznasyna baryp ýetmeýärdi. Olpullar baýlaryň üýtgewsiz islegleri üçin tölenilýärdi. Utanman öz ýakynlaryny talaýanlar, özleri hiç hili salgyt tölemeseler-de - kanun ýa-da däp boýunça - döwletde islendik wezipäni eýeläp bilýärdi. Artykmaçlyklardan peýdalanýanlaryň sany 150 müň adama ýetýärdi. Olaryň isleglerini kanagatlandyrmak üçin millionlarça adamlar aňyrsy görünmeýän garyplyga we kemsidiji, aňkaňy aşyryjy zähmete duçar edilendi. BG 226.4
Köşkdäkiler owadan hem azgynçylykly durmuşda ýaşaýardy. Halk bilen hökümdarlarynyň arasynda hiç ynanç ýokdy. Hökümdarlyk ediji gatlagyň her bir her bir ädimi hilegärlikli hem öz bähbidini araýjy bolup görünýärdi. Rewolýusiýadan öňki elli ýyldan gowrak wagt öň tagty hatda iň erbet döwürde-de, özüniň boşlugy, ýeňilkelleligi hem azgynçylygy bilen tapawutlanan Lýudwik XV eýeledi. Azgyn hem zalym ýokary gatlak, garyp düşen halk, maliýe krizisi başdan geçirýän döwlet, sustupeslige ýetirilen adamlar - bu zatlaryň hemmesi seredibem, bu zatlaryň gorkunç hem gutulgysyz boljakdygyny pygamber bolmazdanam, aýdyp bolýardy. Korol bolsa, öz maslahatçylarynyň berýän duýduryşlarynyň hemmesine: “Men dirikäm, hiç hili weýrançylygyň bolmazlygy üçin jan ediň, ölenimden soň, näme bolmaly bolsa bolubersin” diýip jogap berýärdi. Reformanyň wajyplygy hakdaky gürrüňleriň hemmesi biderek boldy. Ol erbetligi gördi, ýöne oňa garşy durmaga güýjem, batyrlygam ýokdy. Onuň ýeňilkellelik bilen: “Menden soň dünýäni suw alybersin” diýip berýän egoistik jogaby Fransiýa garaşýan ykbaly hemme zatdan-da gowy kesgitleýärdi. BG 227.1
Korollaryň we hökümdarlyk edijileriň şübhelenmesini hem göripçiligini öriizmek bilen Rim olary halky gulçulykda saklamaga mejbur etmäge dyrjaşýardy, sebäbi Rim şeýle ýagdaýyň döwleti ejizledýändigini, şonuň ýaly ýagdaýda hem halkyň, hem hökümdarlaryň Rime tabyn boljakdygyny bilýärdi. Rimiň öňden görüji kardinallary adamlary gul etmek üçin olaryň kalplaryny gul etmegiň gerekdigine, olary gulçulykda saklamanyň iň gowy usulynyň bolsa, özleriniň azatlygyndan paýhasly peýdalanmaga düşünmäge ukypsyz etmeklik bolup durýandygyna düşünýärdiler. Rimiň şunuň ýaly tebigy netijä alyp baran ahlak dargamasy fiziki ejirlerden ýüz esse elhenç boldy. Mukaddes Kitapdan mahrum edilen, fanatik taglymatlaryň ygtyýaryna galdyry lan halk nadanlygy, butparazlygy, günäleri içinde halys öz—özüni dolandyryp bilmezek bolup galdy. BG 227.2
Emma bu zatlaryň hemmesi Rimiň umyt baglan netijelerine alyp barmady. Rim öz taglymatlary bilen halky köre - kör tabynlykda saklajak bolup, tersine halkyň hudaýsyz hem rewolýusioner bolup ýetişmegini gazandy. Halk katolisizmi ýigrendi, sebäbi ony özleriniň agyr güne düşmesiniň sebäpkäri hasaplaýan dini ýolbaşçylaryň hileli pirimi bilen deňeşdirýärdiler. Olaryň tanan ýeke - täk hudaýy, Rimiň hudaýydy, ýeke - täk dini bolsa, Rim—katolik ybadathanasynyň dinidi. Olar Rimiň açgözlüligi bilen zalymlygyny Mukaddes Kitap taglymatynyň kanuny miwesi hasapladylar-da, ondan ýüz öwürdilar. BG 228.1
Rim Rebbiň häsiýetini ýalan görnüşde görkezip. Onuň talaplaryny ýoýdy. Netijede adamlar Mukaddes Kitabam, onuň Awtorynam inkär etdiler. Rim Ýazgynyň şeýle diýýändigini tassyklamak bilen öz taglymatyna köre - körlükli ynanmaklygy talap etdi. Munuň garşysyna giden Wolter bilen onuň ýaranlary Hudaýyň Sözüni inkär edip, hemme ýerde imansyzlyk zäherini ýaýratdylar. Rim özüniň demir dabany bilen halky mynjyratdy, şol sebäpli hem, indi kemsidilen, ýabanylaşan, adamçylyk keşbini ýitiren halk zalymlyga ýigrenç bildirip, Rimden çekildi-de, öz üstünden çäklendirmeleriň hemmesini aýryp taşlady. Özlerini şeýle uzak wagtlap aldandyklaryna gaharlanan bu adamlar hakykaty-da, ýalan bilen bilelikde ret etdiler hem-de günäniň gullary azgynçylygy azatlyk hasaplap. özlerini azat saýyp şatlandylar. BG 228.2
Rewolýusiýanyň öň ýanynda halk korolyň eglişik etmegi bilen ýokary gatlagyň hem-de dini ýolbaşçylaryň ikisini birikdireniňdäkidenem, parlamentde köp ýer aldylar. Şeýdip, häkimiýet olaryň eline düşdi, ýöne olar häkimiýeti paýhasly hem oýlanyşykly ulanmaga taýýar däldiler. Özlerine edilen ýamanlyklar sebäpli, özlerini sylaglamaga jan edip, jemgyýeti üýtgetmäge başladylar. Şeýle uzak wagtlap ýüreginde ajy öýke göterip ýören halkyň gahary hem-de tükeniksiz kemsitmeler üçin ýygnanan gahar öz görgülerine sebäpkär hasaplanylyp ýörenleriň üstlerinden indi. Zalymlygyň sapaklary netijesiz bolup geçmedi. Bütin ömrüne ezilen adamlar özlerini ezenlere azar berip başladylar. BG 228.3
Begbagt Fransiýa gana boýalyp, öz ekenini özi ordy. Rime köre - körlük bilen tabyn bolmaklyk nähili elhenç miwe getirdi! Reformasiýanyň başynda katolik dindarlarynyň basyşy astynda Fransiýanyň ilkinji “ýeretigi’’‘ ýakan ýerinde rewolýusiýa özüniň ilkinji gilotinasyny döretdi (gilotina - ölüni jezasy berlen adamyň kellesini kesmek üçin maşyn). Edil şol ýerde, XVI asyrda ilkinji ejir çeken protestantlaryň ýakylan ýerinde, iki ýüzýyllyk geçenden soň, ilkinji pidalar gilotinirlendi. BG 229.1
Özüne şypa getirip biläýjek Hoş Habary inkär etmek bilen Fransiýa hudaýsyzlyga hem dargamaklyga tarap gapy açdy. Hudaýyň Kanunlarynyň çäklendirmeleri taşlanylanda, adam höwesleriniň akymyny saklamaga adam kanunlarynyň güýjüniň ýetmejekdigi aýdyň göründi. Şonda adamlar bulam - bujarlygyň hem anarhiýanyň kerebine düşdüler. Mukaddes Kitaba garşy alnyp barlan uruş dünýä taryhynda “terrory dolandyryşy” atly täze sahypany açdy. Parahatlyk bilen bagt adamlaryň öýlerini em ýüreklerini terk etdi. Hiç kimem özüni howpsuzlykda duýmady. Bu begenen adam ertir şübheleni lýänleriň we tussag edilenleriň sanyna girip bilýärdi. Hemme ýerde zorluk bilen aýgyrlyk höküm sürdi. BG 229.2
Korol, dini ýolbaşçylar we ýokary gatlak aklyndan azaşan halkyň wagşylygyna çydam etmäje mejbur bolupdy. Korolyň ölüme höküm edilmegi ar alma ýalnyny has-da güýçli parlatdy, şol sebäpdenem, ony ölüme höküm edenleriň özlerem, tizara eşafotuň üstüne barmaly boldular. “Ölüm!” - bu höküm rewolýusiýa duşmançylykda garalmakda şübhe astyna düşenleriň hemmesi üçin çykarylypdy. Türmeler hyryn—dykyndy. Bir wagtda türmelerde 200 müň adam surnukdy. Şäherlerde kalbyňy doňara getirýän tomaşalary görmek bolýardy. Rewolýusionerleriň aralarynda-da, barlyşyksyz göreşler gidýärdi, şonuň üçin Fransiýa äpet söweş meýdanyna we höwesleriň bulam - bujarlygna öwrüldi duruberdi. BG 229.3
“Parižde bir gozgalaňyň yzyndan beýlekisi turýardy, onuň ýaşaýjylary diňe biri - birini ýok etmäge çalyşýan ýaly bolup görünýän köp sanly partiýalara bölündi”. Fransiýanyň Ýewropanyň kuwwatly döwletleri bilen uzaga çekilen hem weýrançylykly uruşlara goşulmagyda, ählumumy bulam - bujarlygy hasda agyrlaşdyrdy. “Ýurt doly tuwmaýak galmanyň gyrasyna baryp ýetdi. goşun pul talap edýärdi, parižliler açlykdan ölýärdiler. Garakçy galtamanlar obalary talaýardylar, siwilizasiýa anarhiýa hem başynagidenlik sebäpli, doly ýok edildi diýen ýalydy”. BG 229.4
Halk Rimiň şeýle janypkeşlik bilen öwreden sapagyny gaty gowy özleşdiripdi. Şonuň üçin, ine-de, onuň muzduny bermeli günem ýetip geldi. Indi türmeleri Isanyň şägirtleri türmäni doldurmaýardylar we eşafotlarda gan dökmeýärdiler. Olar bireýýäm wepat bolupdylar ýa-da kowlan ýerlerinde bolup ýördüler. Rehimsiz Rim indi ganly zejalandyrmalardan lezzet almagy öwreden adamlarynda ölüm howply güýjüň bardygyny duýýar. “Birnäçe ýüzýyllyklaryň dowamynda fransuz dini ýolbaşçylarynyň guraly bolan yzarlamalar indi onuň öz üstüne adaty bolmadyk gazap bolup indi. Eşapotlar ruhanylaryň ganlaryna gark boldy. Birwagtlar gugenotlardan doly bolan türmelerdir zyndanlar indi olary yzarlanlaryň mesgeni boldy. Zynjyrlar bilen oturgyçlara hem küreklere berkidilen katolik ruhanylary öz ybadathanasynyň kiçigöwünli “ýeretiklerini” rehimsizlik bilen sezerwar eden görgüleriniň hem ejirlemiň hemmesini çekdiler”. BG 229.5
“Iň wagşy kazylar tarapyndan tutuş adamzat taryhynyň dowamyndaky iň wagşyçylykly kanunlarynyň çykarylan wagtam gelip ýetdi. Şol wagtda hiç kim öz tanşy bilen salamlaşyp ýada ölüm jezasy berilýän jeneýatda aýyplanylan bolmaga töwekgelçilik etmezden doga edip bolunmaýan. ertirden başlap, günuzyn gilotinleriň saklanman işlän, türmeleriň edil gul eýeleriniň gämisindäki türmeler ýaly hyryn—dykyn bolan , suw akdyrylýan turbalar arkaly Sena köpürjikläp duran adam ganlarynyň akan döwri boldy... Parižiň köçelerinde ölüme höküm edilen adamlary daşaýan kerwenleriň üznüksiz hatary her gün uzalyp gidýärkä, ýokary komitet tarapyndan parlamente iberilen prokonsullar hatda Pariž üçinem görlüp-eşidilmek, beýan edip bolmajak zalymlyk bilen hereket etdiler. Gilotiniň öldüriji pyçagy özüniň bar işine ederden juda haýal galyp düşdi, şonuň üçin tussaglaryň köpüsini goşunlaryň ýaraglaryndan öldüler. Tussaglardan ýüki ýeten baržalaryň astynda bilgeşleýin deşikler goýdular. Lion şäheri çöl - beýewanlyga öwrüldi. Arede dagy, tussaglara tiz ölüm “artykmaçlygyny” bermekligem gadagan edildi. Luara derýasynyň bütin uzynlygynda - Somurdan deňze çenli - gargalaryň hem çaý - çaňňalaklar ummasyz süri bolup, ölümiň öň ýanyndaky eýmenç gujaklaşmalarda birigen jesetlerden iýmitlendiler. Aýallara-dsa. çagalarada rehim edilmedi. 17 ýaşdan uly bolmadyk ýüzlerçe ýaş ýigitler hem ýaş gyzlar şu wagşyçylykly režimde ýok edildiler. Ejeleriniň emziginden sogrulyp alnan çagalary ýakobinçiler naýzadan - naýza, ol tarapdan bu tarapa zyňdylar. On ýaşa çenli bolan çagalaryňam ummasyz mukdary öldi. BG 230.1
Hemme zat şeýtanyň oýlap tapyşy ýaly edildi. Ol bu maksadyna tutuş asyrlap ýetdi. Onuň syýasaty - bu başyndan aýagyna çenli duranja ýalan. Onuň üýtgewsiz maksady - bu adamlara ezýet hem betbagtçylyk getirmekdir, Hudaýyň niýetlerine şek ýetirip, olary ýoýmakdyr, Hudaýyň merhemeti bilen söýgüsini ýok edip, tutuş Göge hasrat getirmekdir. Şeýtan adamlary ussatlyk bilen köre öwürýär-de, Rebbi bolup geçen zatlaryň hemmesiniň günäkäri edip görkezýär-de, bar betbagtçylyklaryň baryny Hudaýyň maksadynyň amala aşmasynyň netijesi diýip pikir etmäge mejbur edýär. Onuň azdyran hem haýwan keşbine öwren adamlary Hudaýdan saplananlarynda, şeýtan olary iň soňky derejesindäki zalymlyga itekleýär. Soň zalymlar bilen ezijiler başyna giden günäni azatlygyň miwesi hökmiinde düşündirýärler. BG 230.2
Ýalňyşlyk bir örtiginiň astyndan tapylanda, şeýtan ony başga bir keşbe öwürýär. Adamlary ony-da edil öňkini kabul edişi ýaly, höwes bilen kabul edýärler. Halk papalygyň aldawdygyna düşünende, şeýtan olary Hudaýyň Kanunyny bu ýol bilen bozmaga eýýäm mejbur edip bilmedi-de, dinleriň hemmesini aldawçylyk, Mukaddes Kitaby bolsa, basnýa hasaplamaga mejbur etdi. Hudaýyň kanunlaryny taşlamak bilen adamlar jylawlap bolmajak betbagtçylyga berildiler. BG 231.1
Fransiýany beýle görgülere alyp baran agyr ýalňyşlyk onuň “Hakyky azatlyk Hudaýyň Sözüniň çäklerinden çykmaýar” diýen beýik hakykaty inkär edendiginde jemlenipdi. BG 231.2
“Käşgä tabşyryklaryma gulak asan bolsadyňyz, şonda abadançylygyňyz derýa deý, deňiz tolkunlary deý bolardy dogrulygywyz” (Işaýa 48:18). BG 231.3
“Emma Meni diňleýän aman ýaşar we ýamanlyk gorkusyndan dynç bolar“( 1:33). BG 231.4
Ateistler, müňkür adamlar hem hudaýsyzlar Hudaýyň Kanunyny ret edýärler we oňa garşy göreşýärler, ýöne bu zatlaryň netijeleri adamyň abadançylygynyň Hudaýyň tabşyryklaryna tabyn bolmada jemlenendigini dilewarlyk bilen aýdýar. Hudaýyň Kitaby boýunça öwrenmek islemeýän adam halklaryň taryhyndan sapak alyp biler. BG 231.5
Katolik Ybadathananyň kömegi bilen şeýtan adamlary Hudaýa tabyn bolmany ýoldan aýyrmaga mejbur edende, öz niýetini gaty gowy gizledi welin, onuň işi juda ussatlyk bilen nikaplanyp, ahlagyň pese düşmesi bilen weýrançylyk kanuny bozmanyň netijesi däl ýaly bolup göründi. Munuň üstesine-de, Hudaýyň Ruhy şeýtana garşy hereket etdi, şonuň üçin hem, şeýtan öz niýetini dolulygyna ýerine ýetirip bilmedi. Ýöne rewolýusiýa wagtynda, Hudaýyň Kanuny milli maslahat tarapyndan aç - açan ýatyryldy. Şeýdibem, terror ýyllarynda sebäp - netijesiniň baglanyşygy hemmeler üçin aýdyň boldy. BG 231.6
Fransiýa Hudaýy hem Mukaddes Kitaby köpçülikleýin inkär edende, gara güýçler bilen garaňkylygyň ruhlary arzyly maksadyna ýetip begendiler - bütin ýurt Hudaýyň Kanunynyň talaplaryndan azat boldy. Erbet işler derrew höküm edilmeýär “ynsanlaryň ýüregi ýamanlyk etmäge taýyndyr” (Wagyz kitaby 8:11). Ýöne adalatly hem dogry kanuny bozmaklyk gutulgysyz ýagdaýda betbagtçylyga we weýrançylyga alyp barýandyr. Adamlaryň haramçylyklary derrew jezalandyrylmadyk bolsada, olar, şübhesiz, gutulgysyz ölüme gitdiler. Hudaýdan ýüz öwürmeler hem jenaýatlar asyrlar boýy gazap käsesini doldurdy. Käse dolandan soň, daşyp başlanda, Hudaýy ýigrenýänler Onuň sabry gutaranda nähili gorkunç bolýandygyny bildiler. Hudaýyň Ruhunyň saklajy güýji indi şeýtanyň jenaýatçy güýjüni çäklendirmedi, şonuň üçin adamlaryň görgi görmeginden lezzet alýan şeýtan hereketleriň azatlygyny aldy. Gaharlanma ýoluny saýlanlara bolsa, bütin ýurt söz bilen beýan edip bolmajak jenaýatlardan dolýança, gaharynyň hasylyny ýygnamaklyga berildi. Boşap galan obalardan hem harabaçylyga öwrülen şäherlerden göge lapykeçligiň gorkunç nalasy bilen beýan edip bolmajak hasratlary galdy. Fransiýa güýçli ýer titremesinden juda tolgunan ýaly bolup göründi. Din, kanun, jemgyýetçilik esaslary, maşgala, döwlet Ybadathana - bu zatlaryň hemmesi Hudaýyň Kanunyna tarap salgan zabun el bilen süpürildi. Akyldar: “erbet adam bolsa öz erbetligi zerarly ýykylar” (Süleýmanyň rähimleri 11:5). “Günäkar ýüz gezek ýamanlyk edip, ömrüni uzaldýan bolsa hem, men ýene Hudaýdan gorkýanlaryň gowulyk görjekdigini bilýärin, çünki olar Onuň huzurynda gorkýarlar. Emma pis adam gowulyk görmez, kölegäniň uzalyşy ýaly onuň ömri uzalmaz, çünki ol Hudaýyň huzurynda gorkýan däldir ” (Wagyz kitaby 8:11-12). “Çünki olar bilimi ýigrendiler, Rebden gorkmagy saýlap almadylar. Munuň üçin, olar öz ýollarynyň hasylyny iýerler, öz ýaman pällerinden taparlar ” (Süleýmanyň pähimleri 8:29, 31). BG 231.7
Hudaýsyz häkimiýet tarapyndan basylyp ýatyrylan Hudaýyň wepaly şaýatlary “düýpsizlikden çykyp”, uzak dymyp ýörmediler. “Üç gün ýarymdan soň, Hudaý’dan gelen ýaşaýyş demi olaryň bedenine girende, olar aýak üstüne galdylar. Olary görenleriň üslüne uly howp abandy ” (Ylham 11:11). 1793-nji ýylda Fransiýada mesihilik ynamyny ýatyrýan we Mukaddes Kitaby inkär edýän dekret kabul edildi. Emma üç ýarym ýyl geçenden soň, şu ýygnak hem, Hudaýyň Sözüni okama azatlygyny ýene gaýtaryp berdi. Mukaddes Ýazgyny inkär etmäniň netijesiniň şeýle elhenç bolýandygyny bütin dünýä gördi, şol sebäpdenem, adamlar Hudaýa we ýagşylyk etmäniň hem ahlaklylygyň esasy hökmünde Onuň Sözüne iman etmegiň zerurdygyny gördüler. Reb: “Sen kimi masgaralap, kime dil ýetirdiň? BG 232.1
Kimiň garşysyna sesiňe bat berip, kime ulumsylyk bilen gabak galdyrdyň? BG 232.2
Ysraýylyň Mukaddesine! ” (Işaýa 37:23). BG 232.3
“Şonuň üçin hem, Men-Reb bu gezek olara güýjümi we gudratymy hökman görkezerin. Şonda olar Meniň adymyň Rebdigini bilerler” (Ýermeýa 16:21). Pygamber iki şaýat hakda: “Ýokary, bu ýere çykyň!» diýen batly sesi eşitdiler, duşmanlarynyň gözüniň alnynda bulutda ýokaryk Göge çykdylar ” (Ylham 11:12) diýýär. Fransiýa Hudaýyň iki şaýadyna garşy uruş yglan edipdi, ýöne olar indi hiç haçan görmedigini görüp, beýgeldilipdi. 1804-nji ýylda Britan hem Daşary ýuil Mukaddes Kitap jemgyýeti döredildi. Bu bolsa bütin Yewropada köp sanly şahamçalary bolan şuňa meňzeş jemgyýetleriň başyny başlady. 1816njy ýyl - Amerikan Mukaddes Kitap jemgyýetiniň döredilen ýylydyr. Britan jemgyýeti döredilende, Mukaddes Kitap çap edilip, eýýäm bäş dilde ýaýradyldy. Şondan bäri ol dünýädäki ýüzlerçe dillere we dialektlere terjime edildi. BG 232.4
1792-nji ýyldan öňki geçen elli ýylyň dowamynda daşary ýurt missiýalaryna juda az üns berildi. Hiç hili täze jemgyýetler döredilmedi. Diňe birnäçe ýygnaklar butparaz ýurtlarda mesihiligi ýaýratmak üçin tagalla baryny etdiler. Yöne XVIII asyryň ahyrynda ýagdaý birden üýtgedi. lndi rasionalizm adamlary kanagatlandyrmady, şol sebäplide, olar Hudaýyň ylhamlaryna hem durmuşy, diri imana bolan talaby duýdular. Şu wagtdan hem, daşary ýurt missiýalarynyň işi görlüp - eşidilmedik beýiklige ýetdi. BG 233.1
Çap ediş işleriniň ösmegi Mukaddes Kitabyň ýaýramagynada gowy täsirini ýetirdi. Yurtlaryň arasyndaky aragatnaşyk serişdeleriniň gowulaşmagy, köne ters pikirleri hem milli aýratynlyklary ýeňip geçmeklik, rim papasynyň dünýewi häkimligi ýitirmegi, bu zatlaryn hemmesi Hudaýyň Sözüne tarap ýoly açdy. Birnäçe ýyldan soň, Mukaddes Kitap eýýäm Rimiň köçelerinde aç — açan satylyp başlandy we ýer şarynyň iň uzakdaky kiinjeklerine-de aralaşdy. BG 233.2
Hudaýsyz Wolter bir gezek öwünip: “Men on iki adamyň mesihilik ynamyny döredendigi baradaky lenji çykan jümleleri diňlemekden ýadadym. Ony ýok etmek üçin bolsa, ýekeje adamyňam ýeterlikdigini men subut ederin” diýipdir. Ol ölenden soň näçe nesiller ýaşap geçdi... Mukaddes Kitaba garşy turusylan uruşlara millionlarça adamlar goşuldylar. Yöne bu Kitap şeýle ýeňilmezek, ýok edilmeden şeýle uzakdadyr! Eger Wolteriň zamanynda Mukaddes Kitabyň ekzemplýary ýüzlerçe mukdarda bolan bolsa, onda indi onuň mukdary ýüzmüňlerçe sanlara ýetýär! Ilkinji refonnatorlaryň biri: “Mukaddes Kitap - bu ençe çekiçleri döwen sandaldyr” diýýär. Reb: BG 233.3
“Seniň garşyňa ýasalan ýarag derde ýaramaz , hökümde garşyňa çykýan her dili aýyplarsyň. BG 233.4
Rebbiň bendeleriniň mirasy şudur, Men olary aklaryrn ” (Işaýa 54:17) diýýär. BG 233.5
“Hudaýytnyzyň sözi ebedi galýar” (Işaýa 40:8). BG 233.6
“…ähli buýruklary ähtibarlydyr, ebedi we mydam berkdir. Olar hakykat we dogrulykda berkidilendir” (Zebur 111:7-8). Adam abraýynyň üstünde gurlan zatlaryň hemmesi irde - giçde dargaýandyr, ýöne Hudaýyň Sözüniň üýtgewsiz gaýasynyň üstünde gurlan zat ebedi durýandyr. BG 233.7