Beýik Göreş

17/51

13—Nji Bap.
Niderlandlardaky We Skandinawiýadaky Reformasiýa

Niderlandlardapapalygyňzalymlygy aýgytly garşylygy örän ir döredipdi. Lýuterden 700 ýyl ozal rim papasyna garşy iki sany ýepiskop gaýduwsyz göreşdi. Olar Rimde bolanlarynda, “mukaddes tagtda” oturanyň hakyky häsiýetini gördüler. Hudaý “Ýygnagy, Öz şa zenanyny we gelinligini ömürlik döretdi, ony Öz mirasynyň takwa howandary etdi; Ol ony täç hem şalyk hasasy bilen adaglady... sen ogry bolsa, bu sylaglaryň hemmesini özüňe aldyň, sen ybadathanada Hudaý kimin oturýarsyň; sen çopan bolmanyn deregine, goýunlaryň arasyndaky möjek bolduň... sen bizi özüňiň ýokary ýepiskopdygyňa ynanmaga mejbur etjek bolýarsyň, ýöne özüňi welin, zalym kimin alyp barýarsyň... sen, özüňi atlandyryşyň ýaly, hyzmatkärleriň hyzmatkäri bolmalysyň, emma hökümdarlaryň hökümdary bolmaga jan edýärsiň. Sen Hudaýyň kanunlaryny ýigrenýärsiň... Mukaddes Ruh ýer ýüzündäki ähli ýygnaklary döredýär... biziň raýaty bolup durýan şäherimiz, ýagny Hudaýyň şäheri göklere çenli BG 193.1

ýaýbaňlanyp girýär. Ol pygamberleriň “Babyl”diýip atlandyran şäherinden uludyr; ol (papa) özüni Hudaýyň göklere çenli galan, adamy hasaplaýar, özüniň ölümsiz akyldarlygyna buýsanýar, ahyrynda-da, hiç bir esassyz hiç haçan ýalňyşmandygyny we ýalňyşmajakdygyny hem aýdyp öwünýär”. BG 193.2

Bu garşylygy her asyrda täze—täze adamlar gaýtaladylar. Köp ýurtlary atlaryny üýtgedip aýlanan ilkinji mugallymlar hemme ýerde Hoş Habar hakykatyny wagyz edip, waldens missionerleriniň ruhunda işledilerde, Niderlandlaryň içinede aralaşdy. Olaryň taglymaty gaty tiz ýaýrady. Olar Mukaddes Kitaby waldens dilinden golland diline terjime edip, “onuň ummasyz peýda getirjekdigini, sebäbi ol ýerde manysyz hiç zadyň ýokdugyny, basnýalaryň degişmeleriň, gülkünç zatlary, mekirlikleriň ýokdugyny, diňe hakykat sözüniň bardygyny; elbetde, bu ýerde öz kynçylyklarynyň duş gelýändigini, ýöne gowy hem mukaddes zatlaryň hemmesiniň her kim üçin doly düşnüklidigini” aýtdylar. Gadymy imanyň XII ýüzýyllykdaky dostlary şeýle ýazypdyrlar. BG 193.3

Yzarlamalar başlandy, ýöne gynamalara we otlara garamazdan, imanlylaryň sany artmagyny dowam etdirdi. Olar dini meselede Mukaddes Kitabyň ýeke - täk kitap bolup durýandygyny batyrgaýlyk bilen aýtdylar we “ýekeje adamy-da zor bilen iman etmäge mejbur edip bolmaýandygyny, diňe wagyz etme bolýandygyny” tassykladylar. BG 194.1

Lýuteriň taglymaty Niderlandlarda bereketli topragy tapdy. Ol ýerdede Hoş Habary wagyz etmek üçin onuň çyn ýürekden iman eden hem wepaly goragçylary aýaga galdylar. Menno Simons Gollandiýanyň welaýatlarynyň birinde doglandy. Rim - katolik ynamynda terbiýelenen hem ruhanylyga el goýlup bellenilen bu adam Mukaddes Kitaby asla bilmeýärdi. Ol ýeresiň toruna düşmekden gorkup, ony okamagam islemändir. Günleriň birinde özünde ýolbaşçylyk meselesinde şübhe emele gelende, ol muny şeýtanyň hüjümi hasaplap, doga etmek hem günäsini boýun alma bilen muňa meňzeş pikirlerden saplanmak isleýär, ýöne bary biderek bolýar. O1 wyždanyny oýarjak bolýan sesi ýeňles güýmenjeler bilen öçürmek isleýär, emma bu-da netije bermeýär. Birazrak wagt geçenden soň, ol Täze Ahti we Lýuteriň işlerini öwrenip başlaýarda, ahyrsoňunda reformatorçylyk imanyny kabul edýär. Şondan köp wagt geçmänkä, ol suwda çokundyrylmany gaýtadan etdirendigi sebäpli, kellesi kesilen adamyň jezalandyrylyşynyň şaýady bolýar. Bu ony çagalary suwda çokundyrma baradaky soragyň çözgüdini gözläp, Mukaddes Kitaba ýüzlenmäge ruhlandyrýar. 01 Mukaddes Ýazgyda şuňa meňzeş ýekeje wakany tapmagam başartmaýar, gaýtam, suwda çokundyrylma üçin toba etme bilen imanyň wajyp şert bolup durýandygyna göz ýetirdi. BG 194.2

Menno rim Ybadathanasyny taşlap, bar ömrüni öz kabul eden hakykatlaryny wagyz etmeklige bagyş etdi. Germaniýada-da, Niderlandlardada şol wagtlarda jemgyýetiň esaslaryny weýran etmeklige hemde zorluk bilen tolgunyşyklara öjükdirmäge gönükdirilen manysyz hem gozgalaňçylykly taglymatlary ýaýradýan fanatikleriň birgideni peýda boldy. Menno bu hereketiň eýmenç netijeleriniň boljagyny öňünden görüp, fanatikleriň ýalan ideýalaryna we ýabany planlaryna garşy çykyş etdi. llki gozgalaňçylykly taglymat bilen gyzyklanan adamlaryň köpüsi soň özleriniň heläkçilikli ýalňyşlyklaryndan ýüz öwürdiler. Mundan başga-da, gadymky mesihileriň tarapdarlary, waldensleriň nesilleri köpdi. Bu adamlaryň içinde hem, Menno öz işine başlady, özem, diýseň uly üstünlik bilen başlady. BG 194.3

O1 aýaly hem çagalary bilen bilelikde uly kynçylyklary çekip hem mahrum edilmelere duçar bolup, köp ýagdaýlarda-da, öz janyny howp astyna salyp, ýigrimi bäş ýyllap syýahat etdi. O1, esasan hem, ýönekeý halkyň içinde zähmet çekmek we uzaga gidýän täsirleri ýetirmek bilen bütin Niderlandlara we Demirgazyk Germaniýa syýahat etdi. Menno tebigy dilewarlygy eýe bolandygy üçin hemmetaraplaýyn bilim almadygam bolsa, satyn alyp bolmaýan derejedäki dogruçyl, syzgyr hem pespäl adamdy. Ol salykatly hem hakyky takwa adamdy, adamlara öwredýän prinsiplerini durmuşyna ornaşdyrýardy, şol sebäpdenem, uly ynamdan peýdalanýan adamdy. Onuň çar tapara ýaýran tarapdarlary uly kynçylyklara duş geldiler. Olar özlerini fanatik - mýunsteritler bilen çalşandyklary üçin juda agyr günleri gördüler. Şeýle-de bolsa, onuň zähmetiniň we janypkeşliginiň arkasyndan köp adamlar Hudaýa iman etdiler. BG 194.4

Iki ýeke bolaýmasa, beýleki ýurtlaryň hemmesiniňkiden-de yzarlamalaryň gazaply bolandygyna garamazdan, reformatorlyk imanynyň Niderlandlardaky ýaly biragyzdan kabul edilen ýeri bolmandy. Germaniýada Karl V Reformasiýany gadagan etdi, şonuň üçin onuň tarapadarlarynyň hemmesini höwes bilen oda ibermäge-de taýýardy, emma knýazlar tutauýerlilik hem batyrlyk bilen onuň zalymlygyna garşy durdular. Niderlandlarda onuň ygtyýary güýçlüdi, şol sebäpdenem, ol ýerde kowmalar we yzarlamalar hakdaky buýruklar yzly-yzyna çykyp durýardy. Mukaddes Kitaby okamak, ony wagyz etmek we muňa meňzeş wagyzlary diňlemek, hatda ol barada ýöne bir gürrüň etmek—bu zatlaryň hemmesi öz başyňdan otdaky ölümi indermegi aňladýardy. Elde ýasalan heýkeliň däl-de, Hudaýa ýeke ýerde doga etmek, Oňa nagma aýtmak hem, ölüme mynasyp saýylýan jenaýatdy. Hatda öz ýalňyşlyklaryndan el çeken adamlary-da. barybir janyndan jyda düşürýärdiler. Erkekler gylyçdan öldüler, aýallary bolsa, diriligine ýere gömdüler. Karl V-iň we Filipp II -niň patyşalyk eden döwründe müňlerçe adamlar pida boldular. BG 195.1

Bir gezek inkwizasiýanyň öňünde messa gatnaşmazlykda we öýünde doga etmekde aýyplanylýan bir maşgala durdy. Bu maşgalanyň iň kiçi agzasyny sorag edenlerinde, oglanjyk: “Biz dyza çöküp, Hudaýyň öz aklymyzy durlamagy we günälerimizi bagyşlamagy üçin doga edýäris; biz korolymyzyň gol astyndaky ýerleriň hemmesinde abadançylyk bolmagy, onuň özüniň bagtly bolmagy üçin doga edýäris; biz şäher ýolbaşçylary üçin doga edip, Hudaýyň olary aman saklamagyny soraýarys” diýip jogap berýär. Munuň ýaly sözler birnäçe kazynyň ýüregine çuň täsir edýär-de, ahyrsoňunda bu oglanjygyň kakasy we doganlarynyň biri otda ýakylmaga höküm edilýär. BG 195.2

Yzarlaýjylaryň gazaby görgi görenleriň imany bilen deňleşdi. Diňe erkekler däl, eýsem, näzijek aýallar bilenýaş gyzlaram sarsmaz edermenlik görkezdiler. “Aýallar ärleriniň ýanyp duran odunyň ýanyndan aýrylman, teselli beriji sözleri pyşyrdadylar ýada mukaddes nagmalary aýdyp, olary ruhlandyrdylar”. “Diriligine gabra gömülen gyzlar özlerini edil öz ýatýan otagynda ýatyp uklajak ýaly alyp bardylar. Eşafota ýa-da otda ýanmaga çykanlarynda bolsa, olar ölüme däl-de, edil adaglanma barýan ýaly, özleriniň iň gowy köýneklerini geýdiler”. BG 195.3

Butparazlaryň Hoş Habary ýok etmäge dyrjaşan wagtyndakysy ýaly, mesihileriň dökülen gany mukaddes tohum boldy. Yzarlamalar hakykatyň şaýatlarynyň sanyny artdyrdy. Halkyň ýeňip bolmajak aýgytlylygy sebäpli erkini elinden aldyran monarh ýylba - ýyl özüniň gorkunç işini dowam etdirdi, ýöne hemme zat biderek boldy! Ahyrsoňy, takwa Wilgelm Oranskiniň ýolbaşçylygy astynda bolan rewolýusiýadan soň, Gollandiýa Hudaýa gulluk etmäge azatlyk aldy. BG 196.1

Pýetmanyň daglaryndaky, Fransiýanyň düzlerindäki, Gollandiýanyň kenarlaryndaky Hoş Habar tohumy onuň şägirtleriniň ganyna boýalypdy. Ýöne demirgazyk ýurtlarda ol parahatçylykly ýol bilen ýeňdi. Skandinawiýa reformatorçylyk imanyny Wittenburgdan öýlerine gaýdyp gelen talyplar alyp geldiler. Lýuteriň düzmelerini çap etmekligem, nuruň ýaýramagyna ýardam etdi. Demirgazygyň ýönekeý, taplanan halky Mukaddes fÇitabyň ýaşaýyş berýän arassa hem ýönekeý taglymatyny kabul etmek üçin Rimiň haramçylyklaryndan, dabaralylygyndan we butparazlygyndan ýüz öwürdi. BG 196.2

“Daniýanyň reformatory” bolan Tauzen daýhanyň ogludy. Oglanjyk gaty kiçiliginden öz ukyplaryny ýüze çykaryp başlady. 01 jany - teni bilen bilim almaga dyrjaşdy, emma ene - atasy onuň okuwy üçin töleg töläp bilmänsoň, ol monastyra girmeli boldy. Ýigidiň akyldarlygy, janypkeşligi we dogruçyllygy monastyryň ýolbaşçysynyň göwnüni awlady. Bilim barlanylanda, ol geljekde Ybadathana gulluk edip biläýjek köp zady wada berýän zehini ýüze çykardy. Oňa Germaniýanyň ýada Niderlandlaryň uniwersitetleriniň birinde bilim berme kararyna gelindi. Ýaş talyba okuw ýerini özüniň saýlamagyna rugsat berildi, ýöne bir şert bilen, Wittenbergden başga ýeri saýlama şerti bilen rugsat berildi. Geljekki ylahyýetçä howply hem heläk edijilikli ýeresden gaça durmaklyk gerek - köp monahlar şuny aýtdylar. BG 196.3

Tauzen şol wagtlarda şu wagta çenlide, papalygyň garamagynda bolan Kelne ugrady. Örän tiz wagtyň içinde öz ýolbaşçylarynyň mistizmi ýigitde ýigrenç döredip başlady. Takmynan şu wagtlarda ol Lýuteriň eserleri bilen tanşyp başlady. Ol onuň eserlerini gaty haýran galma hem yhlas bilen okady we reformatoryň özüni görüp, onuň bilen maşlahattlaşma isleginden dolup daşdy. Elbetde, ol monastyryň ýolbaşçysyny kemsitmäge we onuň goldawyndan mahrum bolmaga töwekgelçilik etme islemeýärdi. Köp wagt geçmänkä, saýlaw edildi, şeýdibem, Tauzen Wittenburg uniwersitetiniň talyby boldy. BG 196.4

Ol Daniýa gaýdyp gelenden soň, ýene-de monastyra gitdi. Ony lýuteriançylygyň tarapdarydyr diýip, entek hiç kimem güman etmeýärdi. Ol özsyryny açmady-da, özýoldaşlarynyň ters pikirlerine degmezden olary has arassa hem mukaddes durmuşa ugrukdyrmaga çalyşdy. Ol Mukaddes Kitaby açyp, onuň hakyky manysyny düşündi rdi hem-de aklanma we gutulyş meselesinde günäkärleriň ýeke - täk umydy hökmünde Mesih hakda açyk wagyz edip başlady. Rim Ybadathanasynyň şöhratly goragçysy hökmünde şeýle uly umytlary baglan adamyna monastyryň ýolbaşçysy gaty gaharlandy. Tauzeni başga monastyra geçirdiler-de, berk gözegçilik astynda bir otaga gabap goýdular. BG 197.1

Onuň täze ýolbaşçylarynyň ýüregini ýaryp, birnäçe monahlar özlerini protestant hökmünde yglan etdiler. Tauzen öz oturan otagynyň gözeneklerinden ýoldaşlaryna hakykat hakda gürrüň berýär. Eger bu daniýaly atalar ýeretiklere näme etmelidigini bilen bolsalar, onda Tauzeniň sesi ömürlik öçerdi. Ýöne ony haýsydyr bir ýerasty zyndana goýbermäniň deregine, olar Tauzeni monastyrdan kowup goýberdiler. Indi olar ejiz. Korolyň ýaňyja çykaran permany täze taglymatyň mugallymlarynyň hemmesini gorag astyna aldy. Tauzen wagyz edip başlady. Ybadathanalar onuň öňünde açyldy. Halk bolsa, uly toparlar bolup, ony diňlemäge barýardy. Başgalaram, Hudaýyň Söziini wagyz edýärdiler. Daniýanyň dilie terjime edilen Täze Äht iň giň ýaýrama eýe boldy. Papalygyň bu işi saklajak bolup eden synanyşygy onuň ýaýramagyna alyp bardy, şonuň üçin gysga wagtyň içinde Daniýa protestant ynamyny ykrar etdi. BG 197.2

Şwesiýadaky wittenberg çeşmesiniň dirilik suwundan doly bolanýaşýigitler bu sylagy özleriniň watandaşlary bilen paýlaşdylar. Şwed Reformasiýasynhyň iki serdary, Olaý hem Lawrentiý Petri, Orebruly ussanyň ogullary Lýuter bilen Melanhtonyň ýolbaşçylygy astynda okadylar we öz gezeklerinde hakykaty özleriniň ýurtlarynda wagyz etdiler. Beýik reformator kimin, Olaý halky öz yhlaslylygy hem dilewarlygy bilen ruhlandyrdy, Melanhton ýaly oýlanyşykly hem asuda häsiýetli bolan Lawrentiý bolsa, alyma meňzeýärdi. Olaryň ikisinde-de hakyky takwalyk, uly teologiki düşünjeler hakykaty wagyz etmekde yranmaz batyrgaýlyk bardy. Ýöne papaçylar hereketsiz oturmadylar. Katolik ruhanylar nadan hem düşünjesiz halky reformatorlara garşy öjiikdirdiler. Olaý Petri garamaýak halkyň hüjümine ýygy ýygydan sezewar boldy, şol sebäpdenem, birnäçe gezek zordan halas bolmak başartdy. Şeýle-de bolsa, korol bu reformatorlara goldaýjylyk bilen garap, olara howandarlyk etdi. BG 197.3

Rim Ybadathanasynyň sütemi astynda halk garyp durmuşda ýaşaýardy. Yazgydan daşda bolan, diňe daşky nyşanlar bilen däplerde syrygýan, emma aň - bilim bermeýän dine eýe bolan adamlar özleriniň butparaz ata - babalarynyň butparaz däp - dessurlaryna gaýdyp geldiler. Millet duşmançylykda bolan partiýalara bölündi. Olaryň Arasynda hemişe dowam eden göreşler ählumumy garyplygy has-da agyrlaşdyrdy. Korol Reformasiýany döwletde kanunlaşdyrma kararyna gelip, bu ukyply kömekçilerine Rim bilen göreşmekde her hili ýol bilen goldaw berdi. BG 197.4

Monarhyň we Şwesiýanyň ýokaryky işgärleriniň ýanlarynda Olaý Petri uly başarnyk bilen reformartorçylyk imanyny katolik ylahyýetçileri bilen bolan çekeleşikde gorady. Ol atalaryň taglymatyny diňe onuň Mukaddes Ýazgy bilen ylalaşykda bolan ýagdaýynda kabul edilmelidigini; imanyň esasy prinsipleriniň Mukaddes Kitapda adamlaryň hemmesi düşünip biler ýaly, düşnükl i hem aňsat görnüşde beýan edilendigini yglan etdi. Mesih: “Meniň öwredýänlerim Özümiňki däl, Meni Ibereniňki” (Ýahýa 7:16) diýdi. Resul Pawlusam, hatda özi Hudaýdan almadyk zadyny wagyz edip başlasada, anafema boljakdygyny aýdýar (Galatýalylar 1:8 seret). Reformator: “Onda näme üçin başgalar özleriniň garaýşyna görä taglymalar döredip, olary gutulyş üçin zerur bolan bir zat hökmünde ýerine ýetirmäge het edip bilýärler?” diýdi. Ol Hudaýyň tabşyryklaryna garşy gidende, Ybadathana kanunlarynyň hiç hili güýjüniň bolmaýandygyny subut etdi hem-de protestantizmiň: “Mukaddes Kitap, diňe Mukaddes Kitap” diýen beýik prinsipini imanyň hem ýaşaýşyň düzgüni hökmünde yglan etdi. BG 198.1

Az adamlara belli bolan bu göreş “bize Reformasiýanyň goşunynda adaty esgerler bolan adamlary açyp görkezýär. Olar özleriniň töwereginde galmagal turzup ýören az sowatly fanatikleri däldiler. Yok, ýene bir gezek ýok. Olar Hudaýyň Sözüni çuň öwrendiler, şonuň üçine Mukaddes Kitabyň özlerine beren ýaragyny nädip ulanmalydygyny bilýärdiler. Olaryň düşünjeleri hakda aýtsak. onda olar özleriniň wagtyny uzakdan kesgitlediler. Eger biz diňe Wittenberg hem Sýurih ýaly öwşün atyp duran ylmy merkezlere we Lýuter, Melanhton, Swingli hem Ekolampadius ýaly meşhur adamlara üns bersek, onda, elbetde, olaryň hereketiň serdarlary bolandyklaryny aýdarlar we olardan, elbetde, adatdan daşary akla hem ajaýyp işlere garaşmaly, ýöne olaryň yzlaryna eýerenler özleriniň serdarlaryndan ep - esli tapawutlandylar. Hawa, bu zatlaryň hemmesi şeýledir, ýöne indi, geliň, Şwesiýadaky az meşhurlygy bolan wakalara, Olaf bilen Lawrentiý Petriniň sadaja şahsyýetlerine - mugallymlardan okuwçylaryna - tarap öwrüleliň. Biz näme tapýarys?... Bular hoşhabar hakykatyna doly düşünen we Rimiň ideologlarynyň hem iň gowy akyldarlarynyň üstünden ýeňiljek ýeňşi gazanan alymlar hem ylahyýetçilerdir”. BG 198.2

Agzalyp geçilen çekeleşikde şwed koroly protestançylyk ynamyny kabul etdi. Birazrak wagt geçenden soň, parlamentem onuň göreldesine eýerdi. Olaý Petriý Täze Ähti şwed diline terjime etdi hem-de korolyň islegine tabyn bolup, doganlar tutuş Mukaddes Kitabyň terjimesine girişdiler. Şeýdip, şwed halky ilkinji gezek Mukaddes Kitaby özüniň ene dilinde aldy. Parlament tutuş döwletde ybadathana gullukçylarynyň Mukaddes Ýazgyny düşündirmeklerini, mekdeplerde çagalary Mukaddes Kitaby okamaga ruhlandyrmak hakda perman çykardy. BG 198.3

Hoş Habaryň bereketli nury kem - kemden hem ynam bilen nadanlyk hem butparazçylyk garaňkylygyny dargatdy. Rimiň zulumyndan azat edilen millet görlüp - eşidilmedik gülläp ösüşe hem beýiklige ýetdi. Şwesiýa protestantizmiň berkitmeleriniň birine öwrüldi. Ýüz ýyl geçenden soň, bu kiçi hem ozal ejiz bolan ýurt Germaniýa otuz ýyllap dowam eden eýmenç urşuň gaty howply wagtynda, kömek elini uzadan ýeke - täk Ýewropa döwleti boldy Tutuş Demirgazyk Ýewropa ýene-de Rimiň zulumy astyna düşjek ýaly bolup göründi, ýöne şwed goşuny papaçylaryň hüjümini saklamaga we protestantlar - hem kalwinistler, hem lýuteranlar - üçin dine çydam etmäni gazanmak üçin hem-de Reformasiýany kabul eden ýurtlara wyždan azatlygyny gaýtaryp bermek üçin Germaniýa kömek etdi. BG 199.1