Beýik Göreş

2/51

Ýelena Garmon Uaýt Ýazyjy Hem Hoşhabar Gymmatlyklarynyň Wagyzçysy Hökmünde

Ýe. G. Uaýt ýazyjy hem hoşhabar gymmatlyklarynyň wagyzçysy hökmünde on dokuzynjy we ýigriminji ýüzýyllygyň başlaryndaky meşhur hem täsin şahsyýetdir. Ol özüniň adamzada gulluk etmäge öňden bellenilendigine we çagyrylandygyna çuň ynamly bolupdyr. Şeýle hem, ol öz eserleriniň adam kalplaryny ruhlandyrmak, köşeşdirmek, ýylatmak bilen bahasyna ýetip bolmajak golgty boljakdygyna hem-de olary Hudaýa we ýakynlaryna gulluk etmeklige ugrukdyrjakdygyna ynanypdyr. BG 6.1

Ol: “Özümiň ýaşajak ýaşamajakdygyma garamazdan, eserlerim hemişelik şaýatlyk bolar hem-de olaryň täsiri hiç haçan bes edilmez... Men öläýenimde-de, Rebbiň maňa beren sözleri barybir ýaşar-da, adamlary çagyrýar” diýip ýazypdyr. BG 6.2

Ýelena Garmon Men ştatynyň (ABŞ) Gorham şäherinde 1827-nji ýylyň 26-njy noýabrynda dogulýar. Zähmete hem bilime bolan söýgi bilen birlikde onuň ene - atasy çagalai-ynda ruhy zatlara hem bolan çuň söýgini-de ösdüripdirler. BG 6.3

Ýelena imana, Mukaddes Ýazga örän çynlakaý garapdyr we ýaşlykdan her hili yrymçyllyk, dini fanatizm hem-de Hudaý, Onuň häsiýeti we Onuň Öz ýaradan zatlaryna bolan garaýşy hakdaky Mukaddes Kitabyňka meňzeş bolan ýasama düşünjeler bilen göreşdi. BG 6.4

Ol: “Hudaý Öz çagalaryny söýýär, şonuň üçin hem, olaryň Öz ýanyna ýönekeý iman hem ynam arkaly barmagyny isleýär... Hudaýy çyn ýürekden gözleýän islendik adam Onuň söýgüsinden mahrum bolmaz” diýip ýazypdyr. BG 6.5

Şeýle wajyp meselä şunuň ýaly düşünilmegi şol döwürlerdäki ýeňil bolmadyk wagtda adamlaryň aňlaryna we ýüreklerine ägirt uly teselli berdi, olary özleriniň Hudaý barada gorkunç zat, köre - kör tabynlyga mejbur edýän we ýerdäki ýaşaýjylary gynaýan zalym hökümdar hökmünde edýän ýalňyş pikirlerinden halas edýär. BG 6.6

Ol adam aklynyň “ebedi görgüler” baradaky ýalan taglymatyň özi bilen näçe erbetlikleri getirenine baha bermäge ukypsyzdygyny ýazýar. 01 taglymat millionlarça şübheçilleri we hudaýsyzlary döretdi, şol bir wagtyň özünde-de, Hudaýyň sözýgüsi baradaky Mukaddes Kitap taglymaty bilen laýyk gelmeýär. 1846-njy ýylda Ýelene Garmon Jeýms Uaýt atly ýaş gullukça durmuşa çykýar. Olaryň dört ogly bolýar. Ýelena öz çagalary bilen gepleşiklerden lezzet alýan aladaçyl ene bolupdyr. BG 6.7

Ýelena Uaýt 70 ýyllyk jemgyýetçilik gullugynyň dowamynda 100 000-dende gowrak golýazma sahypasytny ýazýar. Bu bolsa, 135 kitabyň peýda bolmagyna esas bolup hyzmat etdi. BG 7.1

Onuň çaga terbiýesi, maşgala bolan gatnaşyk, sagdyn ýaşaýyş obrazy, sosial soraglar, bilim, takwalyk, gutulyş, Mukaddes Ýazgynyň abraýy ýaly temadaky işleri - medeniýetdäki, mentalitetdäki we dini däplerdäki tapawutlara garamazdan - adam ýüreklerinde ähli abadançylyklary Berijiniň kömegi bilen gowy, arassa we bagtly ýaşamak baradaky pynhan islegleri oýandyrýar. BG 7.2

Doktor Rojer Kunuň Kongressiň kitaphanasynda geçiren barlaglaryna laýyklykda, Ýelene Uaýt dünýäde iň köp terjime edilýän aýal awtordyr. BG 7.3

Yelena Uaýt ýaşlary gowy görüpdir. Onuň köp işleri ýaşlara. olaryň dürli taraply gyzyklanmalaryna we durmuşdaky borçlaryna bagyşlanylypdyr. Syýahatçylyk bilen meşgullanmagy, ýelken astynda ýüzmegi, bagda işlemegi, tikin tikmegi ol gowy görüpdir. Yöne ol wagyz etmek bilen kitap ýazmagy has-da gowy görüpdir. BG 7.4

Ýelena Uaýt özüniň uzak wagtlyk gullugynda öz ýazan işleriniň we wagyzlarynyň üsti bilen, şeýle hem, şahsy tagallalaryny etmek bilen we öz meşhurlygyndan peýdalanyp, Ýewropada, Awstraliýada, Demirgazyk Amerikada mekdepler, kollejler, keselhanalar we çaphanalar açmaga kömek etdi. BG 7.5

Ýelena Uaýt öz işlerinde sosial meselelere ýygy - ýygydan degip geçmek bilen mesihileri garyplaryň we ejir çekýänleriň mätäçliklerine seslenmäge ruhlandyrýar. Onuň özi hemişe mätäçlere duýgudaşlyk we rehimdarlyk bildirýär we her hili ýol bilen sosial deňsizlige garşy gönükdirilen reformalary goldaýar. BG 7.6

Ol Hudaýyň Kanunynyň we onuň Hudaýa hem ýakynyňa bolan söýgüsiniň gaýratly hem gaýduwsyz jarçysy bolupdy. Ýöne ol has uly söýgi we ýürek titremesi bilen Isanyň akla sygmajak söýgüsini we hemme zady öz içine alýan merhemetini beýan edip, Ony adamzadyň Halasgäri hökmünde şöhratlandyrýar. BG 7.7

Bu zatlaryň we başga-da, köp zatlaryň hemmesi barada onuň ýazan eserlerinden bilersiňiz. BG 7.8

Mesihi awtory Ýe. G. Uaýtyň haýran galdyrjy we dürli taraply kitaplar dünýäsine hoş geldiňiz. BG 7.9

Goý, Hudaý size ak pata bersin! BG 7.10