Beýik Göreş

1/51

Beýik Göreş

I

Seniň gul bolup ýaşan ýurduň Müsürden alyp çykan Hudaýyň Reb Mendirin. Seniň Menden başga hudaýlaryň bolmasyn. BG 3.1

II

Özüň tiçin ýokarda gökde, aşakda ýerde ýa-da ýerasty suwlarda ýaşaýan zatlaryň hiç birine meňzeş şekilde but ýasama. Sen olara tagzym etme ýa-da olara gulluk etme, çünki Men Hudaýyň Reb gabanjaň Hudaýdyryn. Meni ýigrenýän atalaryň etmişiniň jezasyny olaryň çagalarynyň üçünji we dördünji arkasyna çekdirerin. Emma kim Meni söýüp, buýruklarymy ýerine ýetirse, onuň müňlerçe nesline tükeniksiz söýgimi görkezerin. BG 3.2

III

Hudaýyň Rebbiň adyny boş ýere agzama, çünki Reb Öz adyny boş ýere agzan adamy jezasyz goýmaz. BG 3.3

IV

Sabat gününi ýerine ýetirip, ony mukaddes sakla. Alty günde ähli işleriňi edersiň. Emma ýedinji gün Hudaýyň Rebbe bagyşlanan dynç günüdir. Bu gün seniň özüň, ogul-gyzyň, gul-gyrnagyň, mal-garaň, galaňyzda ýaşaýan gelmişek hijisi bir iş hem etmesin. Çünki Reb Ýeri, Gögi, deňzi we olardaky ähli zatlary alty günde ýaratdy, ýedinji gün bolsa dynç aldy. Şonuň üçin hem, Reb Sabat günllni alkyşlap, ony mukaddes etdi. BG 3.4

V

Ata-eneňe hormat goý, şonda Hudaýyň Rebbiň özüňe beren ýerinde ömrüň uzak bolar. BG 3.5

VI

Adam öldürme. BG 3.6

VII

Zyna etme. BG 3.7

VIII

Ogurlyk etme. BG 3.8

IX

Başga adamyň garşysyna ýalan şaýatlyk etme. BG 3.9

X

Başga adamyň öýüne, aýalyna, gul-gyrnagyna ýa-da öküzine, eşegine oňa degişli zatlaryň hiç birine göz dikme. BG 3.10

Her hili yzarlamalaryň bolandygyna garamazdan, Hudaýyň wepaly şaýatlarynyň sesleri asyrlaryň dowamynda hiç haçanam ýatmady. Bu kitap Katolik ybadathanasynyň taryhy, Ýewropadaky Reformasiýa, Mesihiň hakyky yzyna eýerijileriniň sezewar edilen yzarlamalary, göze görnüp duran geljekde biziň dünýämize nämäniň garaşýandygy we zamananyň ahyrynda Hudaýyň wepaly çagalaryna garaşýan şöhratly baýrak hakda gürrüň berýär. BG 3.11

Okyjylaryň giň köpçüligi üçin. BG 3.12