Beýik Göreş

49/51

42—Nji Bap.
Göreşiň Soňy

Müň ýyl gutarandan soň, Mesih halas edilenleriň toparlary we hatar - hatar perişdeler bilen bilelikde ýene-de ýere geler. 01 şöhratly beýikliginden aşak düşende, hudaýsyz bolup ölenlere özleriniň ykbalyny kabul etmek üçin direlmegi buýruk berer. Olar deňziň çägeleri kimin bolup, yzy lizülmez köpçülikde gabyrlardan çykarlar. Birinji direlişde direlenlerden olar nähili düýpgöter tapawutlanýarlar! Dogrular ölümsiz ýaşlyga hem gözellige beslenen! Hudaýsyzlar bolsa, özlerinde keselleriň hem ölümiň yzlaryny göterýärler! BG 538.1

Aňyrsy - bärsi bolmadyk bu jemagatdakylaryň hemmesiniň gözleri Hudaýyň Oglunyň şöhratyna gönügen. Hudaýsyzlaryň köpüsi: “Rebbiň adyndan gelen Mesih mübärekdir!” diýip gygyryşdylar. Yöne olary bu sözleri aýtmaga Isa bolan söýgi mejbur edenok. Hakykatyň güýji olaryň dillerinden bu biygtyýar aýdylan sözleri çekip çykarýar. Hudaýsyzlar gabyrdanam, Mesihe bolan şol bir ýigrenç hem-de gozgalaňçylyk ruhy bilen çykýarlar, olar ol ýere şol ruhlar bilenem giripdiler. Olarda geçen durmuşyň nogsanlyklaryny düzetmäge indi merhemet wagty bolmaýar. Bu synag döwri hiç zady üýtgetmezdi. Kanunsyzlykda ýaşalan durmuş olaryň ýüreklerini tabynlyga getirmedi. Şonuň üçin eger merhemet wagty olara ýene-de sowgat berlen bolsa, onda olar ony-da, Hudaýyň talaplaryny berjaý etmekden daşlaşyp we Oňa garşy gozgalaň turzup ýaşardylar. BG 538.2

Mesih ölümden direlenden soň, Özüniň göge alnan ýerine we perişdeleriň Onuň gaýdyp geljekdigi baradaky wadany gaýtalan ýerine, Zeýtun dagyna çykar. Pygamber: “Şol wagt menih Hudaýyň Reb ähli mukaddesler bilen bile geler”. “Şol gün Onuh aýagy gündogarda Iýerusalimih öňündäki Zeýtun dagynda bolar. Bu dag gündogardan günbatara ägirt uly jülge bolup, ikä bölüner”. “Reb tutuş ýer ýüzünih Şasy bolar. Şol gün Reb ýeke-täk Reb bolar we Onuh ady ýeke-täk at bolar” (Zakarýa 14:5, 4, 9) diýýär. Mundan soň, göz gamaşdyryjy ajaýyplygynda Täze lýerusalim gökden inende, ol arassalanyp, özi ňçin taýýarlanyp goýlan ýere düşer. Soň Mesih Özüniň halky hem perişdeleri bilen mukaddes şähere girer. BG 538.3

Indi şeýtan Älemdäki hökümdarlyk ugrundaky soňky beýik göreşine taýýarlyk görýär. Güýçden hem adamlary azdyrma mümkinçiliginden mahrum bolan erbetligiň patyşasy gözgyny hem lapykeç ýagdaýda boldy, emma indi hudaýsyzlar ölümden direlenlerinden soň, öz tarapynda ummasyz köpçüligiň bardygyny görýär. Onuň umytlary janlanyp ugraýar, şonuň üçin ol beýik göreşde tabyn bolmazlygy karar edinýär. Ol ölüleriň ähli goşunlaryny öz baýdagynyň astynda äkidip, olaryň kömegi bilen öz arzuwlaryny amala aşyrmaga synanyşýar. Hudaýsyzlar - onuň ýesirleri. Olar Mesihi inkär edip, gozgalaňçylaryň ýolbaşçysynyň hökümdarlygyny ykrar etdiler, şol sebäpli-de, onuň buýruklaryna hem görkezmelerine tabyn bolmaga taýýar. Emma öz mekirligine wepaly bolan şeýtan özüniň hakyky ýüzüni açmaýar. Ol özüni emlägi elinden bikanun alnan bu dnýäniň doly hukukly hökümdary hökmünde görkezer. Ol öz aldanan ýaranlarynyň azat edijisi hökmünde görkezilip, olary özleriniň şeýtanyň güýji bilen gabyrdan çykarylandyklaryna, indi bolsa, onuň olary elhenç zalymlykdan halas etme niýetiniň bardygyna ynandyrýar. Mesih ýok wagtynda, şeýtan öz talaplarynyň kanunydygyny subut etmek üçin gudratlar görkezýär. Ol hemmeleri öz ruhy hem güýji bilen ruhlandyryp, ejizleri güýçlendirýär. Ol olara mukaddesleriň mekanyna baryp, Hudaýyň şäherini çozup girip eýelemegi teklip edýär. Şeýtan içigaraçylykly dabara bilen ölümden direlenleriň sansyz - sajaksyz millionlaryny görkezip, olaryň öňbaşçysy bolmak bilen şäheri agdarmaga we öz tagtyny hem patyşalygyny gaýtaryp almaga güýjüniň ýetýändigini yglan edýär. BG 539.1

Bu sansyz - sajaksyz mähelläniň içinde dünýäni suw basmazyndan öňki uzak ýaşan, pälwanpisint we güýçli akylly bolan, ýöne erbet mhlaryň täsiri astyna düşüp, bilimlerini hem zehinlerini özlerini beýgeltmäge bagyş eden adamlaram bar. Ol adamlar sungatyň aňrybaş eserlerini döretdiler, olaryň paýhasynyň öňünde bütin dünýä baş egdi, ýöne olar zalymlygy hem wagşyçylykly döredijiligi bilen ýeri murdar etdiler, Hudaýyň keşbini ýoýdular hem-de Rebbi olary ýeriň ýüzünden süpürip taşlamaga mejbur etdi. Bu ýerde patyşalar hem ýekeje söweşde-de ýeňlip görmedik serkerdebaşylar bilen edermen adamlar, ýakynlaşanda patyşalyklary sandyradan tekepbir hem gedem esgerler bar. Ölüm olary üýtgetmändir. Olar mazardan çykan batlaryna, ölümiň öň ýanynda özlerini näme biynjalyk eden bolsa, şonuň hem pikirini etmegi dowam etdirýärler. Olara geçmişde möwç alan basyp alma yhlasy hökümdarlyk edýär. BG 539.2

Şeýtan öz perişdeleri, şeýle hem, bu dünýäniň basybalyjylary hem güýçlüleri bilen maslahatlaşýar. Olar özleriniň güýjüne we san taýdan arty kdyklary na düşünýändi k leri sebäpli, şäher diwarynyň aňyrsyndaky goşunyň özleri bilen deňeşdirende güýjüniň azdygyny, ony ýeňip bolýandygyny yglan etdiler. Olar Täze Iýerusalimiň baýlygyny hem şöhratyny almanyň planyny düzýärlerde, hemmesi şol sagadyň özünde söweşe taýýarlanyp başlaýarlar. Ussat ýaragçylar göreş serişdelerini ýasap başladylar. Öz ýeňişleri bilen şöhratlanan harby ýolbaşçylar esgerleri nyzama goýýar. BG 540.1

Ahyrsoňy, hüjüm etmäge buýruk berilýär welin, agyr goşun ýerinden gozganýar. Yer ýüzünde uruş başlaly bäri, ýerdäki basybalyjylarda ähli döwürleriň birleşdirilen güýji bolup duran beýle goşun bolmandy. Iň güýçli urşujy bolan şeýtan öňde barýar, onuň perişdeleri bolsa, bu soňky tutluşyk üçin güýçlerini birikdirýärler. Onuň hatarynda patyşalar hem esgerler bar. Adamlaryň sanýetmez köpçüligi dürli polklara bölünen, olaryň hersinde öz öňbaşçysy bar. Gysylyp goýlan hatarlar doly söweş tertibinde agdar - diiňder edilen, belentli - pesli edilen ýeriň ýüzi bilen Hudaýyň şäherine tarap süýşýär. Isanyň buýrugy boýunça Täze lýerusalimiň derwezeleri ýapylýar, şeýtanyň agyr goşunam, hüjüme taýýar bolup, şäheriň daşyny gabaýar. BG 540.2

Indi Mesihiň duşmanlary Ony ýene-de görýärler. Şäheriň üstünden ýokarlarda düýbi gözüňi gamaşdyryjy altyndan guýlan beýik arşa galdyrylan tagt gurlan. Onuň üstünde Hudaýyň Ogly otyr, töwereginde bolsa, Onuň Patyşalygynyň wekilleri bar. Mesihiiň kuwwatyny hem ajaýyplygyny ýekeje galamam, ýazyp wasp edip bilmeýär, ýekeje dilem beýan edip bilmeýär. Ebedi Atanyň şöhratly Ogly gurşaýar. Onuň barlygynyň özi bilen Hudaýyň şäherini dolduryp duran nury derwezeden geçip, öz öwşüni bilen ýeri ýagtyldýardy. BG 540.3

Tagtyň edil ýanynda birwagtlar şeýtana jany bilen gulluk edenler, ýöne oduň içinden garbalyp alnan, çuň hem çyn ýürekden bagyş edilme bilen öz Halasgäriniň yzyndan gidenler dur. Olaryň yzlarynda aldawyň hem imansyzlygyň içinde mesihilik kämilligine ýetenler, bütin mesihilik dünýäsi Hudaýyň Kanunyny gerek däl diýip yglan edende, ony hormatlanlar dur, olardan soň hemme halklardan we asyrlardan bolup, özleriniň imany üçin ejir çekenler dur. Aşakda bolsa, “her milletden, her taýpadan, her halkdan we her dilden bolan, hiç kimih sanap bilmejek bir uly märekesinih tagtyň hem Guzynyh öhünde dur... Bular ak don geýnipdi, ellerinde bolsa hurma agajynyh pürleri bardý” (Ylham 7:9). Olaryň göreşi gutarypdy, ýeňiş gazanylypdy. Olar durmuş ýoluny baýraga mynasyp bolar ýaly edip geçdiler. Olaryň ellerindäki palma agajynyň şahalary - olaryň ýeňşiniň nyşanydyr, ak donlary bolsa, Mesihiň, indi hem özleriniň, tegmilsiz dogrulygyny alamatlandyrýar. BG 540.4

Halas edilenleriň dillerinden öwgi aýdymy ýaňlanýar, ol gökdäki toplumlaryň astynda ýaň berýär: «Halas etmek tagt üstünde outran Hudaýymyza we Guza mahsusdyr!». Perişdeleriň we seraflaiyň sesleri halas edilenleriň göçgünli hory bilen utgaşýar. Halas edilenler şeýtanyň güýjüni hem gazabyny görenlerinde, özlerini diňe Mesihiň güýjüniň ýeňiji edendigine hemişekilerinden has gowy düşünerler. Halas edilenleriň aňyrsyna göz ýetmejek köpçüliginiň içinde öz gutulyşyny özüne degişli etjek, ýeňşe öz gowy işleri hem güýji bilen ýetilendigini aýtjak adama duş gelinmez. Olaryň eden hem başdan geçiren zatlary hakda kelam agyz söz aýdylmaýar. Her bir aýdymyň we her bir senanyň leýtmotiwi: «Halas etmek tagt üstünde oturan Hudaýymyza we Guza mahsusdyr!» diýen sözler bolar. BG 541.1

Ýeriň hem gögiiň bu ýere ýygnanan ýaşaýjylary Hudaýyň Ogluny öz Hökümdary hökmünde ykrar edýär hem täç geýdirýär. Mundan soň, iň beýik ajaýyplyga hem güýje beslenen şalaryň Şasy Öz hökümdarlygyna garşy gozgalaň turzanlaryň üstlerinden höküm çykarýar hem Hudaýyň Kanunyny bozup, Onuň halkyny ezenleri adalatly sud edýär. Hudaýyň pygamberi: “Men bir uly ak tagt we onuň üstünde Oturany gördütn. Ýer, Gök Onuň öňünden gaçdy, ýöne gidere ýerleri ýokdy. Tagtyň öňünde duran uly, kiçi ölüleri gördüm. Onsoň käbir kitaplar açyldy. Ýaşaýyş kitaby diýenýene bir kitap açyldy. Kitaplarda ýazylanlara seredilip, ölüleryň üstünden edenlerine görä höküm çykaryldý‘ (Ylham 20:11-12). BG 541.2

Kitaplar açy lan bady na, Isa nazaryny hudaýsyzlara dikýär welin, olar eden günäleriniň hemmesini ýada salýarlar. Olar durmuşyň haýsy pursatynda arassaçylyk hem mukaddeslik ýolundan çykandyklaryny, tekepbirlik bilen özerkliligiň özlerini Hudaýyň Kanunyny bozmaklyga alyp barşyny görýärler. Olaryň öňlerinde edil otly galam bilen ýazylan ýaly bolup, özleriniň günäli öz göwnünden turma arkaly ýol beren azdyryjy synaglary, nädogry ulanan ak patalary , Hudaýyň habarçylaryna ýigrenç bilen garamalary, özleriniň inkär eden duýduryşlary, Hudaýyň rehimdarlygynyň özleriniň toba gelmedik kejir ýüreklerine baryp urlan tolkunlary ör boýuna galar. BG 541.3

Tagtyň ýokarsynda, biri - biriniň yzyndan gelip, synag sahnasyndan Adamyň günä edişine, ondan soň hem, beýik gutulyş planynyň wakalaryna geçýän ýaly bolup çalşyp duran görnüşde, haç ýokary galyp dur. Halasgäriň sadaja dogluşy, Onuň tabynlykda hem pukaraja durmuşda geçen ýaşlygy, Onuň Iordandaky suwda çokundyrylmasy, çöldäki orazasy hem synaga salynmasy, Onuň adamlara açan Gögüň iň gymmat ak patasy, söýgi hem rehimdarlyk işlerinden doly bolan günler, daglaryň ýalňyzlygy içinde doga edip hem oýa bolup geçirilen gijeler, Onuň ýagşylygyna minnetdarlyk hökmünde göripçilik. ýigrenç hem gahar zerarly emele gelen dildüwşükler, Onuň üstünden bütin dünýäniň günäsiniň güýçýetmez agramy agramyny salyp durka, Getsemanide çeken syrly, gorkunç ejirleri, ine, Ol ludanyň üsti bilen ganhor mähelläniň eline berildi, ine, Onuň, hiç hili garşylyk görkezmeýän, şägirtleri tarapyndan terk edilen Tussagyň gödeklik bilen öňe itekläp, lýerusalimiň köçelerinden alnyp gidilen gijesindäki eýmenç wakalar, heşelleli dabara bilen mähelläniň Annanyň ýanyna alyp gelen we baş ruhanynyň köşgünde sud edilen Hudaýyň Ogly, Pilatusyň sudunda, gorkak hem zalym Hirodesiň öňünde, ýagny üstünden gülnen, sögülen, gynanylan hem ölüme höküm edilen ýerinde - bu zatlaryň hemmesi gömüşde aýdyň berlen. BG 541.4

Soň sandyrap duran jemagata soňky sahnalar açylýar - sabyrly Görgüli Golgota tarap barýar, Gögüň Patyşasy haçda asylgy dur, Onuň ölümiň öň ýanyndaky janhowly görgüleriniň üstünden gülýän tekepbir ruhanylar bilen şatlykly gygyrýan ýönekeý halk, adatdan daşary tümlük, titreýan ýer, kül - owram bolan daglaryň ala gopguny, dünýäniň Halasgäriniň ölüm pursatyny alamatlandyran mazarlaryň açylmasy. BG 542.1

Bu eýmenç tomaşa özüniň bar hakykylygynda ör boýuna galýar. Şeýtan, onuň perişdeleri we tarapdarlary öz eden işleriniň suratyndan gözleriniaýrypbilmeýärler. Şonda bu wakalaryň gatnaşyjylaryň her biri öz oýnan roluny ýada salýar. Ysraýyl Patyşasyny öldürmek üçin Beýtullahamyň bigünä çagalaryny öldürmegi buýruk beren Hirodes, wyždanynda Yahýa Çokundyryjynyň gany bolan nejis Hirodiýa, ejiz erkli, ýagdaýlary hem wagtyň ugruna ýykylýan Pilatus, heşelle kakýan esgerler, ruhanylar, başlyklar we: «Onuň ganyna biz, biziň çagalarymyz jogapkär!” diýip, aklyndan azaşan ýaly gygyrýan mähelle - bularyň hemmesi öz günäsiniň wagşyçylyklydygyny görýärler. Olar Hudaýyň beýikliginden we Onuň ýüzüniň günüň şöhratynyň şöhlesinden-de, artyk bolan şöhratyndan gizlenjek bolup, biderek ýere synanyşýarlar. Bu wagtda halas edilenler täçlerini Halasgäriň aýaklarynyň astyna taşlap: “Ol meniň üçin öldi!” diýip, şatlykly gygyryşýarlar. BG 542.2

Halas edilenleriň märekesiniň içinde mesihiň şägirtlerem bar. Bu ýerde gahrymançylyk görkezen Pawlusam, göçgünli Petrusam, söýýän hem söýülýän Yahýa-da, olaryň wepaly doganlary-da, olar bilen bilelikde görgi görenleriň köpüsi bar. Şäher diwarlarynyň aňyrsynda olary yzarlanlar, zyndanlara salanlar, öldürenler - her hili günälerden hem nejisliklerden doly bolan adamlar - bar. Bu ýerde Neron - zalym hem azgyn wagşy hem - bar. Ol özüniň birwagtlar üstlerinden gülen we eýmenç gynalmalaryndan şeýtan kimin, lezzet alan adamlarynyň şatlygyny hem bagtyýarlygyny görýär. Onuň ejesem, şu ýerde—ol öz terbiýesiniň miwesini görýär. Neron öz ejesinden käbir häsiýetleri miras alyp, ejesiniň harap ediji täsiri astynda bolup we onuň göreldesine eýerip, ogly dünýäni sandyramaga mejbur eden jenaýatlary etdi. BG 542.3

Bu ýerde özlerini Mesihiň ilçileri hökmünde görkezen, Onuň halkynyň wyždanyny gul etmek üçin gynaýjy gurallar, zyndanlar, otlar bilen mümkin bolan zatlaryň hemmesini ulanan papanyň gullukçylary bilen ýolbaşçy ruhanylar hem bar. Bu ýerde özlerini Hudaýdan ýokary tutan we Hudaýyň Kanunyny üýtgetme hukugyny özlerine degişli eden gedem papalaram bar. “Ybadathananyň atalary” diýlip atlandyrylan bu adamlar Rebbiň öňünde hasabat bermelidirler. Olar mümkin bolsa, Rebbiň ýanyndan höwes bilen gaçardylar. Hemme zady bilýän Hudaýyň Öz Kanunynyň Howandarydygyna, hiç bir ýagdaýdada, günäkäri aklamaýandygyna olar juda giç akyl ýetirýärler. Indi olar Mesihiň görgi görenleriň tarapyndadygyny, Onuň: “Size dogrusyny aýdýaryn, Meniň bu iň kiçi doganlarymdan birine edeniňizi Maňa edensiňiz” (Matta 25:40). BG 543.1

Gökdäki hökümdarlyga biwepalyk etmekde aýyplanylýan hudaýsyzlaryň hemmesi indi Hudaýyň sudunyň öňünde durýarlar. Olarda goragçysy ýok. Olar üçin aklanma ýok, olara ölüm jezasy berilýär. BG 543.2

Indi günäniň netijesi azatlygyň iň ýokary derejesi bilen ebedi ýaşaýyş däl-de, gulçulyk, weýrançylyk hem ölüm bolýandygy olaryň hemmesi üçin göze görnüp duran zat bolýar. Imansyzlar özleriniň kejirliginiň we gulak asmazlygynyň netijesinde nämeden mahrum bolandyklaryny görýärler. Olar özlerine teklip edilen hemme zatdan ýokary hem ebedi bolan şöhrata ýigrenç bilen garadylar, ýöne indi ol olara nähili arzyly BG 543.3

görünýär! Ölüme giden günäkär: “Men bu zatlaryň hemmesini alyp bilerdim, ýöne bularyň hemmesini inkär edenimi gowy gördüm” diýýär. “Wah, şum körlük! Men parahatlygy, bagty hem hormaty sustluga, görgä hem masgaraçylyga çalyşdym!” diýip gygyrýar. Hemmeler özlerini göge goýbermän adalatly iş edilendigine düşünýärler. Olar özleriniň durmuşy bilen: “Biz bu Adamyň, Isanyň özümize hökümdalyk etmegini islemeýäris” diýdiler. BG 543.4

Imansyzlar jadylanan ýaly bolup, Hudaýyň Oglunyň patyşalyk sürüşine seredýärler. Olar Onuň elinde özleriniň ýigrenen hem bozan zatlaryny, ýagny Hudaýyň Kanunynyň hem tabşyryklarynyň daş sahypalaryny görýärler. Olar halas edilenleriň haýran galmadan, guwançdan, gyzgyn söýgüden doly seslerini eşidýärler. Sazyň maýyl ediji sesi şäheriň derwezesiniň aňyrsynda duran mähellä baryp ýetende, hemmeler biragyzdan: “Güýji her zada ýetýän Reb Hudaý, Seniň işleriň uly hem geňdir. Eý, milletler patyşasy, Seniň ýollarym dogry hem hakdyr!” (Ylham 15:3) diýip ýüzlenip gygyryşýarlar. BG 543.5

Mesihiň şöhratyny hem ajäýyplygyny görende, şeýtan ysmaz bolan ýaly we ýyldyrym uran ýaly boldy. Birwagtlar akyl - paýhas beriji kerub bolan şeýtan özüniň nireden kowlandygyny ýatlaýar. Nurly seraf, “daň ogly”, ol nähili üýtgäpdir! 01 nähili günä edipdir! Ol birwagtlar hormatdan peýdalanan maslahatyndan hemişelik çykaryldy. Ol indi Atanyň şöhraty bilen gurşalyp, Onuň ýanynda başga biriniň duranyny görýär. Ajaýyp syratly hem gujur - gaýratly we ýakymly keşpli perişdäniň Mesihiň kellesine täç geýdirenini görýär. Bu beýik hormatyň (eger gökden kowulmadyk bolsa) özüne, Lýusifere, degişli boljakdygyny ol bilýär. BG 543.6

Hudaýa garşy nalap hem Mesihe göripçilik edip başlamazyndan öňki öz päkliginiň we arassalygynyň, içki rahatlygynyň hem kanagatlanmasynyň mesgeni şeýtanyň ýadyna düşýär. Ol haýran galdyryjy takyklyk bilen beýleki perişdeleriň goldawyny hem söýgüsini gazanjak bolup, ýüz uran öz aýyplamalaryny, gozgalaňlaryny, her hili mekir duzaklaryny ýada salýar. Şol wagtlarda Hudaý oňa bagyşlamasyny sowgat berip bilýärdi, emma ol toba etmekden çürt - kesik boýun towlady. Onuň göz öňüne eden zatlarynyň hemmesi—adamlaryň arasyndaky duşmançylyklar, eýmenç ganhorluklary, döwletleriň emele gelşi hem agdarylyşlary, döwlet agdarlyşyklary we gozgalaňlaryň, dawalaryň, rewolýusiýalaryň uzyn zynjyry - gelýär. Ol Hudaýyň işine garşy hereket etmäge hem adamy günäniň girdabyna has batyrmaga hemişe synanyşandygyny ýatlaýar. Mesihe durky bilen ynananlary ýok etjek bolup guran dowzahy dildüşwi kleriniň güýçsüz bolup çykanyny ol görýär. Şeýtan öz patyşalygyna göz aýlanda, öz işleriniň miwesine seredende, diňe ýeňliş bilen ölümi görýär. Ol Hudaýyň şäheriniň ýeňil olja boljakdygyna köp halklary ynanmaga mejbur etdi, ýöne özi munuň ýalandygyny bilýär. Bu ýerik göreşde ol telim gezekler ýeňliş gazanyp, yza çekilmäge mejbur boldy. Ebedi Bolanyň güýji bilen beýikligi oňa-da gaty gowy tanyşdyr. BG 544.1

Beýik gozgalaňçy özüni aklamagy we gozgalaň üçin jogapkärçiligi Hudaýyň hökümdarlygynyň üstüne ýüklemegi hemişe öz öňünde maksat edinip goýupdy. Munuň üçin ol öz kuwwatly aklynyň bar güýjüne zor salypdy. Oýlanyşykly, yzygiderli işlemek we haýran galdyryjy üstünligi gazanmak bilen ol sansyz - sajaksyz adamlary bu beýik, ebedi göreş babatdaky öz nukdaýnazaryny kabul etmäge ruhlandyrdy. Ençe müňýyllyklaryň dowamynda bu dildüwşikleriň beýik ussady hakykaty ýalan bilen çalyşdy. Ýöne indi onuň gozgalaňynyň soňuna çykylmaly, niýetleri bilen häsiýetiniň hemmeleriň öňünde üsti açylmaly wagty geldi. Bu beýik ýalançy Mesihi tagtdan mahrum etjek, Onuň halkyny ýok etjek we Hudaýyň şäherini eýelejek bolup, etjek soňky synanyşygynda özüni doly paş edýär. Şonuň üçin oňa birigenler onuň maksatlarynyň hemmesiniň çym - pytrak bolanyny görýärler. Şeýtanyň Hudaýyň hökümdarlygyna garşy guran hileleri Mesihiň yzyna eýerijilere we wepaly perişdelere göze görnüp duran bolýar. Şol sebäpli-de, hemmeler ony ýigrenýärler. BG 544.2

Şeýtan özüniň tutanýerli gulak asmazlygynyň göge barma meselesini mümkin däl edenini görýär. Ol Hudaýa garşy alyp baran göreşlerinde öz güýçlerini uzak wagtlap türgenleşdirdi. Gökdäki arassalyk, parahatlyk hem höküm sürýän sazlaşyk onuň üçin ejirli gynama bolardy. Onuň Hudaýyň rehimdarlygyna hem adalatyna garşy bildirýän aýyplamalary indi sem bolýar. Onuň Ýehowanyň garşysyna görkezmäge het edip bilen ýazgarmasy özüniň garşysyna öwrüldi. Indi şeýtan Hudaýyň öňünde dyza çöküp, özüne çykarylan hökümiň adalatlydygyny ykrar edýär. BG 545.1

ýa Reb, Senden gorkman, adyňy Şöhratlandyrmajak kimdir? Çünki mnkaddes diňe Sensiň! Butin milletler gelip, Seniň öňüňde sežde eder. Çünki Seniň adyl işleriň aýan boldy” (Ylham 15:4). Ozal dowamly jedelleriň predmeti bolan hakykat hem ýalňyşlyk boýunça soraglaryň hemmesi aýdyň bolýar. Akylly ýaradylan jandarlaryň hemmesiniň gözlerine gozgalaňlaryň netijeleri, Hudaýyň buýruklaryny inkär etmäniň netijeleri görkezilýär. Şeýtanyň dolandyryşynyň nämä alyp barýanyny, Hudaýyň dolandyryşynyň nämä alyp barýanyny bütin Alem görýär. Şeýtan öz işleri boýunça höküm edildi. Hudaýyň akyldarlygy, Onuň adalaty hem ýagşylygy doly aklanyldy. Iki güýjüň garşydaşlykly göreşindäki Öz hereketlerinde Hudaýyň Özüniň halkynyň, şeýle hem, Öz ýaradan dünýäleriniň hemmesiniň ebedi abadançylygyny maksat edinendi. “Ähli ýaradanlaryň Saňa şükür eder, ýa Reb; takwalaryň Saňa alkyş eder” (Zebur 145:10). BG 545.2

Günäniň taryhy bütin bakyýetiň dowamynda, Rebbiň ýaradanlarynyň hemmesiniň bagtynyň Hudaýyň Kanunyny berjaý etmeden aýra däldigine şaýatlyk edýär. Beýik göreşiň faktlary bilen tanşandan soň, bütin Älem, Hudaýa wepalylar we gozgalaňçylaryň hemmesi bir azgydan: “Mukaddesleriň Patyşasy, Seniň ýollaryň dogry hem hakdyr” diýýärler. BG 545.3

Ata bilen Ogluň adamyň hatyrasyna getiren beýik gurbanlygy bütin Älemde aýdyň görkezilen. Mesihiň kanun boýunça Özüne degişli bolan derejäni eýelemeli wagty geldi. Ol ähli ýolbaşçylyklardan, hökümdarlyklardan we her bir atdan ýokary şöhratlandyryldy. Özüne degişli bolan - köp ogullary şöhrata getirme - şatlygynyň hatyrasyna 01 haça döz geldi we masgaraçylygy äsgerinedi. Ol akla sygmajak görgüleri gören hem masgaraçylygy çeken bolsa-da, bu zatlar Onuň häzirki eýe bolan şatlygy hem şöhraty bilen deňeşdireniňde, hiç zadam däldir. Ol halas edilenlere, olardaky dikeldilen Öz keşbine, Hudaýlygyň kämil möhrüni göterýän her bir ýürege, öz Patyşasynyňka meňzedilen her birýüze seredýär. Mesih Öz janynyň olardaky amala aşyran ýeňşiniň miwelerine kanagatlanma bilen seredýär. Soň ähli dogrular bilen imansyzlar Onuň: “Ine, Meniň Ganym bilen satyn alnanlar! Men olar üçin ejir çekdim. Olaryň asyrlar boýy Meniň ýanymda bolmaklary üçin, Men olaryň ugrunda öldüm” diýen sözlerini eşidýärler. Soň, tagtyň ýanynda ak lybasly duran satyn alnanlar: «Damagy çalnan Guzy güýji, baýlygy, akyldarlygy, gudraty, hormaty; şöhraty we öwgini almaga mynasypdyr” (Ylham 5:12) diýen öwgi senasyny aýdýarlar. BG 545.4

Şeýtan Hudaýyň adalatyny we Mesihiň ýokary hökümdarlygyny ykrar etmäge mejbur bolany bilenem, onuň tebigaty üýtgewsizligine galýar. Gozgalaňçylyk ruhy güýçli akym kimin, ony gurşap alýar-da, daşyna böwsülip çykýar. Guduzlama ýagdaýyna düşen şeýtan beýik göreşde ýan bermezlik kararyna gelýär. Gökdäki Patyşa bilen somy gutulgysyz tutluşygyň wagty geldi. Şeýtan öz tarapdarlarynyň iň gür ýerine ylgap baryp, öz gazaby bilen olary ruhlansdyrmaga we derrew söweşe başlamagyň gerekdigine ynandyrmaga çalyşýar. Yöne şeýtanyň gozgalaňa çeken sansyz millionlarynyň içinden hiç kimem indi onuň ýokary hökümdarlygyny ykrar etmeýär. Onuň hökümdarlygynyň soňy geldi. lmansyzlaram, edil şeýtanyňky ýaly, Hudaýa bolan ýigrençden doludylar, ýöne olar öz işleriniň umytsyzdygyny, Yehowany ýeňip bilmejekdiklerini bilýärler. Şeýtana hem onuň ýaranlaryna bolan gaharynda ýalynlan kimin bolup, olar arwahy guduzlyk bilen olaryň üstlerine topulýarlar. BG 546.1

Reb: “Sen ýüregiňi hudaý ýaly tutdyň. Munuň üçin Men gelmişekleri, milletleriň iň rehimsizini seniň üstüňe getirerin; olar seniň ajaýyp danalygyňy gylyç bilen kesip, şanşöhratyňy harlarlar. Seni gabra indererler” “Men seni murder hökmünde Hudaýyň dagyndan aşak taşladym. Men seni, eý, goragçy kerup, otly daşlaryň arasyndan kowup ýok etdim... Men seni ýere çaldym; görsünler diýip, patyşalaryň öňüne zyňdym... Men seni ähli görýänleriň gözleriniň alnyndaýakyp, ýerýüzünde kül etdim... sen elhenç howpa uçrap, ebedilikýok bolarsyň” (Ezekiýel 28:68, 16-18). BG 546.2

“Söweşdäki esgerleriň ädikleri,
ähli gana bulaşan eşikleri,
oda taşlanyp ýakylar”.
“Çünki Reb milletlere gaharlanýar,
goşunlaryna garşy gazaby tutaşýar,
olary bütinleý ýok eder,
ölüme berer’.
BG 546.3

(Işaýa 9:5; 34:2).

Ol erbetleriň üstüne közler ýagdyrar; olaryň käseleriniň paýy ot, kükürt we ýandyryjy ýel bolar” (Zebur 11:6) diýýär. OtgökdenHudaýtarapynýagar. Yer opurylyp, onuň çuňluklarynda gizlenilen ýarag göterilip ýüze çykýar. Ähli ummanlardan we ýaryklardan bar zady ýuwudýan ýalyn atylyp çykýar. Hatda gaýalaram ýanýar. “Ine, ol gün ojak ýaly ýanyp gelýär” (Malaky 4:1). “..elementler ýanyp dargar, ýer, ondaky zatlar ýanyp ýok bolar” (2 Petrus 3:10). Yeriň tutuş ýüzi eredilen massa, ýanýan deňiz kimin bolar. Imansyzlaryň höküm hem ölüm güni geldi, BG 546.4

“...Rebbiň öç güni, Siýonyň ynjamasyndan ar alyş ýyly bolar” (Işaýa 34:8). Erbetler ýerde öz muzduny alýarlar (Süleýmanyň pähimleri 11:31 serediň). Olar “saman kimin bolarlar Ol gün olarym hemmesini ot ýandyrar. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr” (Malaky 4:1). Olaryň käbirleri bir pursatda ýok ediler, beýlekileri uzak günläp ejir çekerler. Hemmesi öz işlerine laýyklykda jezalandyrarlar. Dogry adamlaryň günäleri şeýtanyň üstüne ýüklenilen, şonuň üçin ol diňe öz gulak asmazlygy üçin dälde, Hudaýyň halkyny etmeklige alyp baran günäleriň hemmesi üçinem ejir çekmeli bolar. Ol öz aldanlarynyň hemmesinden-de, berk jezalandyrylar. Şeýtan öz aldawynyň pidalarynyň hemmesi ölenden soňam, gynanylar we ejir çeker. Arassalaýjy otda erbetleriň hemmesi - köki hem şahalary - gutarnykly ýok ediler. Şeýtan—kök, onuň yzyna eýerijiler bolsa - şahalar. Kanuny bozma üçin doly öç alyndy, adalatyň talaplary kanagatlandyryldy. Bu zatlary gören asman hem ýer Ýehowanyň dogrulygyny bilýärler. BG 546.5

Şeýtanyň weýran ediji işiniň soňuna çykyldy. Alty müň ýylyň dowamynda ol öz erkine hereket edip, ýer ýüzüni hasratdan doldurdy, bütin Äleme ezýet baryny berdi. Bar ýaradylyş agyrydan ýaňa nala çekdi we gynaldy. Indi Hudaýyň ýaradylyşy şeýtanyň barlygyndan hem sylaglaryndan müdimilik halas edildi. BG 547.1

Bütin dünýä dynçlykda, rahatlykda; olar aýdyma başlaýarlar” (Işaýa 14:7). Günä etmedik bütin Älem Öwgi aýdýar we şatlanýar. “...bir uly märekäniň sesine, uly suwuň şaggyldysyna, gaty Gök gürrüldisine meňzeş sesler eşitdim. Olar şeýle diýýärdiler: «Haleluýal Çünki her zada güýji ýetýän Reb Hudaýymyz höküm sürýär” (Ylham 19:6). BG 547.2

Ýeri ýalmaýjy ot gurşap alanda, dogrular Mukaddes şäherde doly howpsuzlykda bolýarlar. Birinji direlişe gatnaşyjylara ikinji ölüm höküm sürüp bilmeýär. Eger Hudaý erbetler üçin iýiji ot bolsa, onda Öz halky üçin “Gündür hem Galkandyr” (Ylham 20:6; Zebur 84:11 serediň). BG 547.3

Mundan soň bir täze Gök bilen bir täze Ýer gördüm. Çünki öňki Gök, öňki Ýer aradan aýrylypdy” (Ylham 21:1). Erbetleri ýuwdan ot şol bir wagtyň özünde ýerem arassalaýar. Lagnatyň ähli yzlar ýok edildi. Ebedi alawlaýan dowzah halas edilenlere günäniň gorkunç netijelerini ýatlatmaz. BG 547.4

Diňe bir zat ebedi galar, olam, Halasgärimiziň tenindäki haça çüýlenmäniň yzlary. Onuň gana boýalan maňlaýyndaky, böwründäki, ellerindäki we aýaklaryndaky ýaralar günäniň zalymlygynyň ýeke - täk ýatmalasy bolar. Pygamber Mesihiň şöhratyny görüp: BG 547.5

Elleri nur saçýandyr,
Gudratynyň syry elindedir
BG 547.6

(Habakuk 3:4) diýýär.

Adam bilen Hudaýy ýaraşdyran al ganyň akan ýeri bolan Onuň deşilen elleri bilen böwri - bu Halasgäriň şöhratydyr, bu ýerde “gudratynyň syry” bardyr. Halas ediş gurbanlygynyň üsti bilen “halas etmäge güýji ýetýän” Hudaý Hudaýyň rehimini ýigrenenleriň üstünden höküm çykaryp bilýändir. Kemsidilmäniň alamatlary - bu Onuň iň beýik mertebesidir, şol sebäplide, Golgotanyň ýaralary tükeniksiz asyrlaryň dowamynda Mesihi şöhratlandyrar we Onuň güýjüni wagyz eder. BG 547.7

Eý, süriniň gözegçi minarasy bolan Siýon gyzynyň galasy! BG 548.1

Gaýtarylyp berler hökümdarlygyň” (Mika 4:8). Otly gylyç ilkinji är - aýalyň Ereme barjak ýoluny ýapandan bäri, ähli mukaddes adamlaryň uzak garaşan sagady, “Oňa degişli bolanlar gutuljak” (Efesliler 1:14) wagty gelip ýetdi. Beýik halas etme plany adama ilki özüne emläk edilip berlen, ýöne soň şeýtana aldyran we munça wagtlap, özüniň kuwwL duşmanynyň ygtyýarynda bolan ýeri gaýtaryp berýär. Günä bilen ýitirilen zatlaryň hemmesi gaýdyp gelýär. BG 548.2

“...dünýäni ýaradan, oňa şekil beren,
ony berkiden,
boş bolmasyn,
adamly bolsun diýen
Reb şeýle diýýär
BG 548.3

(lşaýa 45:18).

Hudaýyň ýeri ýaradandaky ilkinji niýeti, ýeriň halas bolanlaryň ebedi öýi bolmalydygy babatdaky maksady ýerine ýetýär. “Dogry adamlar ýeri miras alyp, onda ebedi ýaşar” (Zebur 37:29). BG 548.4

Mukaddesleriň geljekki mirasynyň juda material we ýere düşürilen ýaly görünmeginiň mümkinliginden heder eden ençe adamlar geljek reallyga diňe ruhy düşündiriş bermäge, şeýle etmek bilenem, geljekki watanymyza öz öýümiz hökmünde garamaga mümkin berýän hakykatlary “ýoga” çykarmaga çalyşýarlar. Mesih şägirtlerine Özüniň Atasynyň öýünde olar üçin jaý taýýarlamaga barýandygyna söz berdi. Hudaýyň Sözüniň taglymatyny kabul edýänler gökdäki jaýlar barada hiç zat bilmän galmaýar. Şeýle-de bolsa, “Hudaýyň Özüni söenler üçin taýýarlan zatlaryny ne göz görendir, ne gulak eşidendir, ne-de adam ýüregi hyýal edendir” (1 Korintoslylar 2:29). Dogrularyň aljak baýragyny ynsan dili suratlandyrmaga ukyply däldir. 01 diňe ony görenler üçin düşnükli bolar. Hudaýyň jennetiniň şöhratyna çäkli akyl ýetip bilýän däldir. BG 548.5

Mukaddes Kitapda halas edilenleriň mirasy “watan” diýlip atlandyrylýar (Ýewreýler 11:14-16 serediň). 01 ýerde Gökdäki Çopan Öz goýunlaryny dirilik suwunyň çeşmelerine alyp gidýär. Ol ýerde ýaşaýyş agajy her aýda öz miwesini getirip dur, onuň ýapraklaram, halkyň abadançylygyna gulluk edýär. Ol ýerde kristall kimin arassa bulaklar akyp dur, olaryň ýanynda ösüp oturan agaçlar Rebbiň satyn alanlary üçin taýýarlanylan ýoda kölege salyp dur. Ol ýerde giç jülgeler ýumşaklyk bilen ajaýyp depelere geçýär, Hudaýyň daglaram, özleriniň beýik başlaryny ýokarlarda howalandyryp dur. Ol ýerdäki parahat jülgelerde, dirilik çeşmeleriniň kenarynda Hudaýyň halky - bu ýadaw sergezdanlar hem ýolagçylar—ahyrsoňy özleriniň Watanyna eýe bolýarlar. BG 548.6

“Halkym öýlerinde rahatlykda,
howpsuz ýerlerde,
asuda mesgende ýaşar”.
“Ýurduňda mundan beýläk zorluk,
serhetleriň içinde weýrançylyk,
gyrgynçylyk bolmaz;
Hudaý halas edýär,
alkyş bolsun Hudaýa”.
BG 548.7

“Olar jaýlar salyp, onda ýaşarlar, üzüm agaçlaryny ekip, miwesini iýerler.
Başga biri ýaşamaz olaryň guranynda,
başga biri iýmez olaryň ekenin.
Çünki halkymyň ömri daragtyňky deý uzak bolar.
saýlanlarym öz elleriniň işlerinden lezzet alar
BG 549.1

(lşaýa 32:18; 60:18; 65:21-22).

Ol ýerde “Göl-beýewan we guryýer şatlanar, çöl guwanyp, nerkes kirnin güllär”, “Tikenekli gyrymsy agajyň ýerine serwi, çitçitiýerine mirt biter”, “Möjek bilen guzy bir ýerde ýaşar, gaplaň bilen owlak bir ýerde ýatar... olary birýaş bala bakar” (Işaýa 35:1; 55:13; 11:6, 9). BG 549.2

Gökde jepalar hem agyry bolup bilmez. Ol ýerde indi gözýaşam, öli jaýlama çärelerem, hasratly agylaram bolmaz. “Indi ne ölüm, neýas, ne agy, ne-de agyry bolar. Çünki öňki zatlar aradan aýryldy” (Ylham 21:4). BG 549.3

“Siýon ilatynyň hijisi: «Men syrkaw» diýmez; .
ol ýerde ýaşaýan halkyň etmişleri ötüler
BG 549.4

(Işaýa 33:24).

Ol ýerde Täze lýerusalim, şöhratlandyrylan täze .ýeriň paýtagty, “Rebbiň elinde gözellik täji, Hudaýyňyň elinde şalyk jygasy” bardyr. “Onuň parlaklygy bir juda gy-mmat daşyň, kristallaşan ýaşma daşynyň parlaklygy kimindi” “Milletler şäheriň yşygynda gezer Dimýäniň patyşalary şöhratlaryny bu ýere getirer ” BG 549.5

Iýerusalim üçin şatlanaryn, halkym üçin begenerin”. “Hudaýyň çadyry şindi ynsanlaryň arasynda. Hudaý olar bilen bile ýaşar. Olar Onuň halky bolar, Hudaýyň Özi-de olaryň arasynda bolar” (lşaýa 62:3; Ylham 21:11, 24; Işaýa 65:19; Ylham 21:3). BG 549.6

Hudaýyň şäherinde “gije bolmaz”. Ol ýerde hiç kim dynç almaga zar bolmaz ýa-da dynçlyga teşne bolmaz. Hudaýyň islegini ýerine ýetirmeklik we Onuň adyny şöhratlandyrma olarda ýadawlyk döretmeýär. Biz hemişe tükeniksiz säheriň terligini duýarys. “Ne çyranyň yşygy ne-de Günüň nury gerek bolar. Reb Hudaý olara yşyk bolup, olar ebedilik höküm sürer” (Ylham 22:5). Gün şöhleleri biziň güneşimiziň günortandaky ýalkymyndan-da, köp esseler artykmaç bolan ýakymly ýumşak öwüşgine öwrüler. Hudaýyň hem Guzynyň şöhraty Öz şäherini öçmejek nur bilen ýagtyldar. Satyn alnanlar güneşden gelmeýän bolsa-da, ebedi günüň şöhratynda gezerler. BG 549.7

Bu şäherde ybadathana görmedim. Çünki her zadagüýjiýetýän Reb Hudaý we Guzy şäheriň ybadathanasydyr” (Ylham 21:22). Hudaýyň halky Ata hem Ogul bilen açyk, azat gatnaşykda bolma artykmaçlygyny alar. “Şindi her zady aýnadaky ýaly ümüzli görýäris” (1 Korintoslylar 13:12). Biz Hudaýyň keşbini aýnada şekillenen ýaly, tebigatyň ýaradylyşlarynda we Onuň adamlar bilen gatnaşyklarynda görýäris, ýöne şol wagtda biz Ony ýüzbe - ýüz göreris, biziň aramyzda aralyk tutusy bolmaz. Biz Onuň barlygynda bolup, ýüzüniň şöhratynam göreris. BG 549.8

Ol ýerde satyn alnanlar özleriniň bilnişleri ýaly bilerler. Hudaýyň adamlaryň ýüreklerinde eken näzik söýgi hem rehimdarlyk duýgusy şol ajaýyp keşp bilen beýan ediler we mundan beýläkki ösüşi alar. Mukaddes jandarlar bilen arassa gatnaşyk, bagtly perişdeleriň we ähli asyrlardaky öz geýimleriniGuzynyňgany bilenýuwup agardan wepalylaryň jemgyýetindäki sazlaşykly durmuş, “Ýerde-Gökde her maşgalany” (Efesliler 3:15) birlikde baglaýan mukaddes baglar - bu zatlaryň hemmesi halas edilenleriň eşretini düzer. BG 550.1

Ol ýerde ölümsiz akyl solmajak guwanç bilen döredijilikli güýjüň gudratyny we halas ediji söýginiň syryny görer. Ol ýerde Hudaýy unutmaga yrjak bolýan aldawçy zalym duşman bolmaz. Ähli ukyplar, başarnyklar we endikler öser, her bir zehin artar. Alynýan bilimler akyl taýdan ýadamaklyga ýa-da ýaşaýyş güýçleriniň gutarmagyna alyp barmaz. Ol ýerde iň ullakan proýektleri-de amala aşyrmak, iň ýokary meýilleride, iň batyrgaý planlary-da durmuşa ornaşdyrmak mümkin bolar. Yöne mundan soň, almasy gerek bolan täze belentlikler bolar, guwanç döretjek täze gudratlar, akyl ýetirmek gerek bolan täze hakykatlar, güýç, akyl, kalby hem teni talap edýän täze öwreniş obýektleri bolar. BG 550.2

Hudaýyň halas edilen halkynyň öňünde öwrenmek üçin Älemiň ähli hazynalary açylar. Ölüm gandallaryndan azat edilen bu adamlar ýadawsyz pikiriň uçuşyny adamyň betbagtçylygyny görende çuň gynanan her bir janyň gutulyşyna şatlykly senalar aýdyp begenen uzakdaky dünýälere gönükdirýär. Yeriň çagalary beýan edip bolmajak begenç bilen günäsiz jandarlaryň şatlygyna hem akyldarlygyna goşuýarlar. Olar ýeriň çagalary bilen köp asyrlaryň dowamynda Hudaýyň işlerini görmek bilen alan bilimlerini hem akyldarlygyny paýlaşýarlar. Olar dury görüşler bilen ýaradylyşyň şöhratynyHudaýyň tagtynyň daşyndan bellenilen tertipde aýlanýan güni, ýyldyzlary, gökdäki sistemalary - görerler. Iň kiçiden başlap, iň ula çenli bütin ýaradylyşyň ýüzüne Yaradanyň ady ýazylypdyr, olaryň hemmesi özünde Onuň güýjüniň baýlygyny açýar. BG 550.3

Bakyýete gidýän ýyllaram, Hudaý hem Mesih hakdaky has çuň we şöhratly hakykatlary açarlar. Bilim köpeldigiçe, söýgi, hormat hem bagt köpeler. Adamlar Hudaýy näçe köp tanasalar, şonça-da, Oňa guwanarlar. Isa olaryň öňlerinde halas edişiň baýlygyny we şeýtan bilen alyp baran beýik söweşindäki haýran galdyryjy ýeten derejelerini açyp görkezende, halas edilenleriňýürekleri öňküsindende güýçli bolan söýgi bilen alawlap, has uly joşgun bilen altyn arfalarda saz çalarlar, şonda san ýetmez müňlerçe sesler güýçli şöhratlandyryjy hora goşular. BG 550.4

Onsoň Gökdäki, Yer ýüzündäki, ýer astyndaky we deňizdäki her mahlugyň, älemdäki bar zadyň: «Öwgi, hormat, şöhrat we gudrat ebedilik tagt üstünde Oturanyňky hem Guzynyňky bolsunl” diýenini eşitdim” (Ylham 5:13). BG 551.1

Beýik göreş gutardy. Indi günäde, günäkärem ýok. Tutuş Älem arassa. Tükeniksiz ýaradylyşlarda agzybirligiň hem şatlygyň bir pulsy urýar. Çäksiz giňişligiň ähli künjüne bar zady Yaradandan çykýan ýaşaýşyň, nuruň we şatlygyň akymy akýar. Iň kiçi atomdan başlap, iň uly galaktika çenli - ähli janly hem jansyz zatlar özleriniň gaýgylandyrylmadyk gözelliginde we kämilliginde: “Hudaý söýgüdir” diýip yglan edýär. BG 551.2