Beýik Göreş

48/51

41—Nji Bap.
Ýeriň Boşap Galmagy

Çünki onuň günäleri küdelenip göge ýetdi, Hudaý onuň günälerini ýatlady... Edenleriniň öwezini iki esse edip beriň. Taýýarlan käsesini oňa iki esse dolduryp beriň. Ol özüni näçe şöhratlandyryp, aýşy-eşret eden bolsa, şonça-da oňa dert, gam-gussa beriň. Çünki ol öz ýüreginden: <Men melike bolup otyryn, men dul däl, asla gamgussaýüzüni görmerin!> diýý’är. Şonuň üçin, oňa uçrajak belalar: ölüm, gamgussa, açlyk bir günüň içinde geler, ot ony ýakar. Çünki ony höküm eden Reb Hudaý güýçlüdir. Onuň bilen zyna eden, onuň aýşy-eşretinde ýaşan bu dünýäniň patyşalary ony ýakan oduň tüssesini görenlerinde, oňa aglaşyp, gursaklaryna urarlar. Olar onuň çekýän derdiniň gorkusyndan daşda durup: «Waý, waý! Uly şäher, güýçli şäher Babyl! Seniň hökümiň bir sagadyň içinde geldi!» diýer” (Ylham 18:5-10). BG 531.1

Onuň güýçli aýşyeşretinden baýan” “dünýäniň täjirleri” “daşda durar, aglap, ýas tutup: «Watý, waý nepis keteni, goňur we gyrmyzy geýnen, altyn, gymmatbaha daşlar, dürler bilen bezenen beýik şäher! Şeýle uly baýlyk bir sagadyň içinde ýogaldy!» diýer” (Ylham 18:11, 3, 15-17). BG 531.2

lne, Hudaýyň gazap gününde Babylyň başyndan şeýle belalar iner. Bu zynahor ölçeglerini kanunsyzlykdan doldurdy, onuň wagty geldi, ol ýok edilmek üçin ýetişdi. BG 531.3

Hudaýyň sesi Öz hal kyny ýesirlikden gaýtaryp getirende, ýaşaýyş göreşinde bar zadyny ýitirenleriň gorkunç galkynyşy bolar. Synag wagtynda, olar, şeýtanyň aldawlary bilen gözleri gapylanlar, özleriniň günäli ýaşaýşyny akladylar. Baýlar özleriniňki ýaly artykmaçlyklardan mahrum bolanlardan ýokarydyklaryna guwandylar, ýöne olar Hudaýyň Kanunyny bozup, baý bolupdylar. Ol ar özleriniň açlary doýurma, ýalaňaçlary geýindirme, adalatly hereket etme we rehimdarlyk işlerini söýme borjuny äsgermezçilik etdiler. Olar özlerini beýgeltmäge we özleri ýaly ölümli adamlaryň hormatyny gazanmaga çalyşdylar. Indi olar özlerini beýik eden zatlaryň baryny ýitirdiler-de, garyp hem ejiz bolup galdylar. Olar özleriniň Ýaradandan ýokary tutan butlarynyň ýok edilişine gorky bilen seredýärler. Ýerdäki baýlyklara we lezzetlere janyny satyp, olar Hudaýda baýamanyň aladasyny etmediler. Netijede, doly weýran boldular. Olaryň içki lezzetleri gaýga hem hasrata öwrüldi. Olaryň ähli hazynalary guma döndi. Bütin ömrüne gazanan zatlary bir pursatda berbat edildi. Baýlar özleriniň ajaýyp jaýlarynyň harabalary üçin, ýeliň ugruna pytrap giden altyn - kümüşleri üçin möňňürýärler. Birden, olar butlary bilen bilelikde özleriniňem heläk bolmalydyklaryna düşünenlerinde, seslerini goýýarlar. BG 531.4

Hudaýsyzlar Hudaýy hem ýakynlaryny äsgermezçilik edip günä edendiklerine däl-de, Hudaýyň ýeňiş gazananyna gynanýarlar. Olar öz günäleriniň netijesine möňňürýärler, ýöne hudaýsyzlygyna toba etmeýärler. Eger mümkin bolan bolsa, onda olar ýeňmek üçin islendik serişdäni ulanardylar. BG 532.1

Indi dünýä özüniň üstünden gülen we ýaňsylan, hatda ýer ýüzünden süpürip hem taşlamak islän adamlarynyň ýaralardan, tupanlardan we ýer titremelerden aman galandyklaryny görer. Öz Kanunyny bozanlar üçin iýiji ot bolan Reb Özüniň halky üçin howpsuz gaçybatalga bolup durýandyr. BG 532.2

Adamyň göwnüni tapmak üçin hakykaty pida edýän ruhy gullukça indi öz taglymatynyň düýp esasy açylýar. Ol münberde duranda, köçeden ýörände, adamlar bilen gürleşende, hemme zady görýän Göz ony synlady. Indi şol zatlaryň hemmesi açyk görünýär. Onuň adamlary ýalňyşlyga alyp baran her bir duýgusy, her bir ýazan setiri, her bir aýdan sözi, her bir eden hereketi ekilen tohum bolupdy. Şonuň üçin indi ol özüni gurşap alan gözgyny, ölüp barýan janlarda ýetişen hasyly görýär. BG 532.3

Reb şeýle diýýär: “Parahatlyk bolmasa hem, olar ,,parahatlyk, parahatlyk’’ diýip, halkymyň ýarasyny ýüzleý bejerdiler” (Ýermeýa 8:11). “Meniň ynjatmak islemedik dogruçyl kişimiň ýüregini ýalan zatlar bilen ynjatdyňyz we erbet adam öz erbet ýolundan dönüp, diri galmaz ýaly onuň goluna kuwwat berdiňiz” (Ezekiýel 13:22). BG 532.4

Meniň örimiň goýunlaryny ýok edip, dargadýan çopanlaryň waý halyna!... Ine, Menýaramaz işleriňiz zerarly sizi jezalandyraryn ” .. BG 532.5

“Möňňüriň, eý, çopanlar! Dadyperýat ediň! BG 532.6

Eý, süriniň baştutanlary, küle togalanyň! BG 532.7

Çünki geldi öldüriljek, dargadyljak günüňiz, ýykylyp parçalanarsyňyz gymmatly gap kimin. BG 532.8

Çopanlar gaçyp bilmezler, süri baştutanlary gutulyp hilmezler” (Ýermeýa 23:1-2; 25:34-35). BG 532.9

Gullukçylar hem halk özleriniň Hudaý bilen dogry gatnaşyklary saklamandyklaryna düşünýärler. Olar adalatly hem dogry kanunlaryň Awtory na garşy baş galdyrandy klary ny görýärler. Hudaýyň buýruklaryny aradan aýyrmaklyk ýer äpet duşmançylyk meýdanyna we azgynçylyk ummanyna öwrülýänçä. erbetlikleriň, dawalaryň, ýigrençleriň, kanunsyzlyklaryň baryna ýol açdy. Hakykaty inkär edenleriň, aldaw ýoluny saýlanlaryň hemmesi muny görerler. Hudaýsyzlaryň we näletkerdeleriň hemmesi ebedi ýaşaýşyň özleri üçin ebedilik ýitirilendigi hakda pikir edenlerinde, duýjak küýsegini dil bilen beýan edip bilmeýär. Zehininiň, dilewarlygynyň öňünde bütin dünýäni dyza çökeren adamlar indi hemme zady hakyky nurunda görýärler. Olar özleriniň jenaýatlary sebäpli, nämeden mahrum bolandyklaryna düşünýärler. Olar öň wepalylygynyň üstünden gülen we ýaňsylan adamlarynyň aýaklaryna ýykylarlar-da, olary Hudaýyň söýendigini ykrar ederler. BG 532.10

Adamlar özlerini aldandyklaryna düşünerler. Olar özleriniň ölüminde biri - birini günäkärleýärler, ruhy çopanlaryň paýyna iň ajy aýyplamalar diişýär. Bu wepasyz ruhy çopanlar Hudaýyň Kanunyny hakyky däl hasaplap, ony mukaddeslikde hormatlanlara azar bermelidigini öz diňleýjilerine öwredende, diňe ýakymly zatlary welilik edip aýdýardylar. Indi şol mugallymlar hemmeleriň öňünde özleriniň adamlary aldandyklaryny boýun alýarlar. Adamlaryň jemagatyny gazap gurşap alýar. Olar: “Biz öldük, siz zerarly öldük” diýşip gygyryşyp, ýalan ruhy çopanlaryň üstlerine topulýarlar. Özleriniň ruhy çopanyna hemmelerden beter guwananlar olaryň üstlerine iň eýmenç lagnatlary ýagdyrýar. Birwagtlar özlerine lawr täj ini geýdiren eller indi olary öldürmek üçin ýokary galdyrylýar. Hudaýyň halkyny ýok etmek üçin taýýarlanylan gylyçlar indi duşmanlary tarapa öwrülýär. Hemme ýerlerde göreş bilen gandöküşikler gidýär. BG 533.1

“Arryldysy ýer ýüzüniň uçlaryna ýeter, çünki Rebbiň milletler bilen dawasy bar. Ol ähli adamzada höküm çykarar, erbetleri gylyçdan geçirer” (Ýermeýa 25:31). Beýik göreş alty müň ýyllap dowam etdi. Hudaýyň Ogly bilen gögüň ilçileri iblisiň garşy çykmalaryny ýeňip, ýeriň çagalaryna duýduryş, aň - bilim berdiler. Indi her kim özi üçin saýlaw etdi; hudaýsyzlar Hudaýa garşy göreşde şeýtan bilen doly birikdiler. Hudaýyň depgilenen Kanunyny täzeden dikeltmäniň wagty geldi. Indi Hudaý diňe şeýtan bilen däl, eýsem, adamlar bilenem göreşe girişýär. “Rebbiň milletler bilen dawasy bar”; “erbetleri gylyçdan geçirer BG 533.2

Edilýän nejis işlerden ýaňa ah çekip, aglaýanlaryň maňlaýyna” gutulyşyň görünmeýän belligi goýlar. Soň Ezekiýele berlen görnüşdäki ölüm perişdesi: “Gojalary, ýigitleri, boý gyzlary, çagalar bilen aýallary öldiiriň, emma maňlaýynda bellik bolanlara golaýlaşmaň. Meniň mukaddes öýümden başlaň” (Ezekiýel 9:4-6) diýlip buýruk berlen ölüm getiriji ýaragy bolan adamlar bilen çykar. Ilkinji nobatda özlerini halkyň ruhy halypasy hasaplanlar ýok ediler. Wepasyz garawullar ilki bolup gyrlar, olara rehim edilmez. Erkekler, aýallar, boý gyzlar hem kiçi çagalar hemmesi bile ölerler. BG 533.3

Çünki Reb dünýäniň ähli ilatyna
etmişleri üçin jeza bermäge
Öz mekanyndan çykyp gelýär;
ýer üstüne dökülen gany äşgär eder,
öldürilenlerini ýaşyrmaz indi
BG 534.1

(Işaýa 26:21).

Iýerusalimiň garşysyna urşan halklary Reb şu belalar bilen jezalandyrar: heniz aýak üstünde gezip ýörkäler—tenleri, hanasyndaka—gözleri, agyzlaryndaka dilleri çüýrär. Şol gün olary Reb uly aljyraňňylyga salar, her kim öz gapdalyndakynyň elinden tutar, biri-birine ýumruk salarlar” (Zakarýa 14:12-13). Özlerinde möwç alýan ýiti höweslerden we Hudaýyň rehimdarlyk garylmadyk gazabyndan ýaňa ýeriň hudaýsyz ýaşaýjylary - ruhanylar, başlyklar, baýlar, garyplar, beýikler we kiçiler—ölerler. “Ol gün Rebbiň öldürenleri ýeriň bir ujundan beýleki ujuna ýeter. Olar üçin ýas tutulmaz, ýygnalyp jaýlanylmaz. Olar topragyň ýüzüne dökülen derse öwrüler” (Yermeýa 25:33). BG 534.2

Mesih Ikinji gezek gelende, hudaýsyzlar ýeriň ýüzünden süpürilip taşlanar, Onuň diliniň ruhy bilen gyrlar we Onuň şöhratynyň ýalkymy bilen ýok ediler. Mesih Öz halkyny Öz ýanyna, Hudaýyň şäherine alar, şonda ýer adamsyz galar. BG 534.3

Ine, Reb ýer ýüzüni weýran edip çolardar, ýeriň ýüzüni tanar ýaly etmez 01, ilatyny dargadar” . BG 534.4

‘Yer ýüzi bütinleý weýran edilip talanar, çünki muny Reb diýdi”. BG 534.5

“...çünki olar kanunlardan çykdylar, parzlary saklamadylar, ebedi ähti bozdular. BG 534.6

Muňa görä dünýä lagnat ýagýar, ilaty ýazyklarynyň jezasyny çekýär, şonuň üçin ýer ýüzüniň ilaty ýanyp, gaty az adam galýar” (Işaýa 24:1, 3, 5, 6). BG 534.7

Bütin ýer taşlanylan çöl bolup görünýär. Hemme ýerde ýer titremesiniň weýran eden şäherleridir obalary, köki bilen goparylan agaçlar, deňziň çykaryp taşlan ýada gaýalardan goparylyp düşen daş harsaňlary bar, daglaryň düýbüne çenli iki bölünen ýerlerinde äpet oýlar hem gowaklar bar. BG 534.8

Obrazda höküm gününiň soňky dabaraly gullugyny görkezýänw^akalar bolup geçýär. Mukaddesleriň Mukaddesindäki gulluk gutaranyndan we günä üçin berlen gurbanlygyň gany bilen Ysraýylyň günäleri aýrylandan soň, Rebbiň öňüne günä ýüklenilip kowulmaly erkeji getirýärler. Soň tutuş ýygnagyň öňünde baş ruhany “Ysraýyl halkynyň bar pisliklerini, etmişlerini we günälerini boýun alyp, halkym günäsini geçä geçirýär” (Lewiler 16:21). Edil şunuň ýaly edilip, gökdäki mukaddes ýerde halas etme işi gutaranda, Rebbiň, gögüň perişdeleriniň, halas edilenleriň jemagatynyň öňünde Hudaýyň halkynyň günäleri şeýtanyň üstüne ýükleniler, ol ähli erbetlikleriň sebäpkäri hökmünde yglan ediler, şol erbetliklere Hudaýyň çagalaryny ol küşgüripdi. Günä ýüklenilen erkejiň adam aýagy sekmedik çöllüge kowluşy ýaly, şeýtanam, boşan çöllüge, ýaşalmaýan garaňky çöllüge kowlar. BG 534.9

Ylham Kitabynyň awtory şeýtanyň kowuljagyny we ýeriň düşjek bulam - bujarlyklaryny hem başyna gitmelerini welilik etmek bilen bu ýagdaýyň müň ýyllap dowam etjekdigini aýdýar. Mesihiň Ikinji gezek gelşiniň suratlandyrylmasyndan we hudaýzyslaryň gyrylmasyndan soň, pygamberlikde: “Onsoň Gökden aşak inen bir perişde gördüm. Onuň elinde dowzahyň açary bilen bir uly zynjyr bardy. Perişde aždarhany, ýagny iblis ýa şeýian diýlen ol köne ýylany tutup, müň ýyllygyna baglady. Müň ýyl dolýança, ikilenç milletleri azdyrmasyn diýip, ony dowzaha zyňdy, baglap möhür basdy. Mundan soň ol az wagtlaýyn çözülmelidir” (Ylham 20:1 -3) diýilýär. BG 535.1

Ýazgynyň başga ýerlerinden “boşluk” jümlesiniň garaňkylyga hem bulam - bujarlyga gurşalan ýeri aňladýandygy gelip çykýar. “Başda” ýeriň ýagdaýy hakda Mukaddes Kitap “şekilsiz boşlukdy; suwlaryň ýüzi tüm-garaňkylyk bilen örtülendi” (Gelip çykyş 1:2) diýip aýdýar. Pygamberlikde ýeriň, hiç bolmanda bölekleýin, şol görnüşe gaýdyp barjakdygy aýdylýar. Hudaýyň beýik gününe seredip, Ýermeýa pygamber: BG 535.2

Men—Ýermeýa ýere syn etdim,
ine, ol şekilsizdi, boşlukdy.
Asmana bakdym, onda yşyk ýokdy.
Daglara seretdim, olar titreýärdi,
ähli depeler iki ýana yraň atýardy.
Seretdim, hiç bir ynsan ýokdy,
gökdäki ähli guşlar uçup gidipdir.
Seretdim, ine, Rebbiň huzuryndan,
Onuň lowlaýan gazabyndan ýaňa
hasylly toprak çöle dönüpdir,
ähli şäherler weýran bolupdyr”
BG 535.3

(Ýermeýa 4:23-26) diýipdir.

Bu ýerde müň ýyllap şeýtan bilen arwahlary ýaşar. Yere daňylan şeýtan günä etmedik ýaşaýjylaryny azdyrmaz we olaryň janlaryny ýakmaz ýaly, başga dünýälere aralaşyp bilmeýär. Bu manyda şeýtan gandallanyp goýlar, sebäbi ol üstünden güýjüni görkezer ýaly hiç kim galmaýar. Ol adamlary aldama we heläk etme mümkinçiliginden, ýagny uzak ýüzýy Ilyklary ň dowamy nda ýeke - täk şatlyk tapan zadyndan, doly mahrum bolar. BG 535.4

Işaýa pygamber şeýtanyň ýere taşlanylyşyny görende: BG 535.5

Eý, parlak ýyldyz, daň ogly,
gökden nähili gaçdyň!
Eý, milletleri ýeňen sen,
indi özüň ýere ýykyldyň!
BG 535.6

Sen ýüregiňde diýdiň: BG 535.7

«Göklere çykaryn,
tagtymy Hudaýyň ýyldyzlaryndan
ýokarda goýaryn
Allatagala ýaly ederin özümi
Emma sen ölüler dünýäsine,
gabryň düýbüne inderilersiň.
Görenler çiňerlip serederler saňa,
sen hakda oýlanyp, şeýle diýerler:
BG 535.8

«Ýeri sarsdyran,
patyşalyklary titreden,
dünýäni çöle dönderen,
şäherleri ýer bilen ýegsan eden,
ýesirleri öýlerine goýbermedik şumyl ”
BG 535.9

(Işaýa 14:12-13) diýýär.

Alty müň ýylyň dowamynda şeýtanyň gozgalaňlary “ýeri yralady”. Ol “älemi çöle öwrüp, onuň şäherlerini weýran etdi” we öz “ýesirlerini azatlyga goýbermedi”. Alty müň ýylyň dowamynda, ol Hudaýyň çagalaryny öz zyndanyna kabul etdi, emma Mesih şol gandallary gyryp, ýesirlere azatlygyny gaýdyp bermedik bolsa, onuň ýesirleri ol ýerde hemişelik galardylar. BG 535.10

Şeýtanyň, hatda hudaýsyzlara-da, ygtyýary bolmaz. Ol günäniň getiren näletleriniň netijesiniň özünde çekmek üçin arwahlar bilen ýekelikde galar. BG 536.1

“Milletleriň patyşalarynyň ählisi,
Hersi öz gabrynda, şöhrat içinde ýatyr.
Emma terk edilen çaga kimin
gabryňdan daşary atyldyň;
...beýleki şalar ýaly jaýlanmarsyň;
çünki sen öz ýurduňy weýran etdiň,
öz halkyňy gyrdyň”
BG 536.2

(Işaýa 14:1820).

Müň ýylyň dowamynda şeýtan Hudaýyň Kanunyna garşy turzan gozgalaňynyň miwesine seredip, boş ýeriň ýüzünde aýlanar ýörer. Bu wagtda ol güýçli ejir çeker. Günä eden pursatyndan başlap, onuň öz edýän işleriniň üstünde pikirlenmäge wagty bolmady, ýöne öz güýjünden mahrum bolan şeýtanda gökdäki hökümdarlyga garşy ilkinji gezek gozgalaň turzan gününden başlap eden zatlary hakda oýlanmaga wagt bolar. Şonda ol sandyrama hem gorky bilen özüniň gorkunç geljegine, eden erbetlikleriniň hemmesi üçin görgi görjek we adamlary iteklän günäleriniň hemmesi üçin jeza çekjek gününe garaşar. BG 536.3

Şeýtanyň ýesirlige alynmagy Hudaýyň halkyny gaty begendirer. Pygamber şeýle diýýär: BG 536.4

“Reb sizi yzaňyzdan, gaýgyňyzdanwe çeken agyr işiňizden azat edende ” bu ýerde şeýtany aňladýan Babyl patyşasyna şu tymsaly aýdarsyňyz: BG 536.5

«Ine, zulumkeşiň soňy geldi!
... Reb pisleriň taýagyny,
hökümdarlaryň hasasyny döwdi.
Ol halklara gazaply,
üznüksiz zarbalar urdy,
milletleri gazap bilen,
dynuwsyz zulum bilen dolandyrdý’
BG 536.6

(Işaýa 14:3-6).

Müň ýylyň dowamynda, birinji hem ikinji ýekşenbäniň arasynda hudaýsyzlar sud edilerler. Resul Pawlus bu suduň Rebbiň Ikinji gezek gelmesinden soň başlanjakdygyny aýdýar: “Şonuň üçin Reb gelýänçe, wagtyndan öň hiç bir zadyň iistünden höküm çykarmaň. Ol garaňkylygyň gizlin zatlaryny ýagtyldar, ýürekleriň niýetlerini aýan eder, şol wagt her kes Hudaýdan özüne laýyk tarypyny alar” (1 Korintoslylar 4:5). Danyýel Bar Bolan gelende, “Özüniň mukaddes adamlarynyň haýryna höküm çykarandygyny” (Danyýel 7:22) aýdýar. Şol wagtda dogrularyň Hudaýyň patyşalary hem ruhanylary bolar. Yahýa Ylhamda: “Men tagtlary, olaryň üstiinde oturanlary gördüm. Olara höküm etme ygtyýary berlipdi” ” Olar Mesihiň ruhanylary bolup, Onuň bilen bile müň ýyl höküm sürer” (Ylham 20:4, 6) diýýär. Bu resul Pawlusyň: “mukaddeslerm dünýäniň üstünden höküm çykarar” (1 Korintoslylar 6:2) diýip aýdan wagty hem bolup durýandyr. Olar Mesih bilen bilelikde hudaýsyzlary sud ederler-de, olaryň eden işlerini Kanun Kitaby, Mukaddes Kitap, bilen deňeşdirerler we her kimiň işini tende ýaşan wagtynda eden işone laýyklykda çözerler. BG 536.7

Mesih hem Onuň halky şeýtany hem erbet ruhlary sud ederler. Pawlus: biziň perişdeleriň-de üstünden höküm çykarjakdygymyzy bilmeýärsiňizmi? ” (1 Korintoslylar 6:3) diýýär. Resul Ýahuda-da: “Ol öz mertebelerini saklaman, mesgenlerini terk eden perişdeleri hem ebedi zynjyrlar bilen baglap, tümlük astynda magşar günüň hökümine saklady” (Ýahuda 6) diýýär. BG 537.1

Müň ýyl geçenden soň, ikinji ölümden direlme bolýar. Şonda hudaýsyzlar ölümden direlip, özlerine çykarylan hökümi diňlemek üçin Hudaýyň öňünde durarlar. Ýahýa, Ylham Kitabynyň awtory, dogrularyň ölümden direlişini suratlandyranda: “Galan ölüler müň ýyl dolýança direhnedr (Ylham 20:5) diýýär. Işaýa pygamber hudaýsyzlar hakda: BG 537.2

“Ýerzemine tussag kimin toplanarlar,
zyndana gabalarlar,
birnäçe günden soň jezalandyrylarlar”
BG 537.3

(Işaýa 24:22) diýýär.