Beýik Göreş

22/51

18—Njy Bap.
Amerikan Reformatory

Uilýam Miller dogruçyl hem salykatly fermer bolupdyr. Ol Mukaddes Kitabyň Hudaý tarapyndan ýazylandygyna şübhelenipdir. Şeýlede bolsa, hakykaty bilmäge jany bilen ymtylypdyr. Hut şol hem, Mesihiň Ikinji gezek gelmegi hakdaky wagyz üçin Reb tarapyndan saýlanylypdy. Beýleki köp reformatorlar ýaly, Millerem çagalygynda garyplyk bilen göreşipdir. Güzeranyny dolandyrmak ugrundaky göreşem, oňa beýik zatlary - özüne hemme zady gadagan etmekligi, öz güýjüni bir zada gönükdirmekligi - öwredipdir. Onuň gelip çykan maşgalasy garaşsyzlyyga dyrjaşmaklyk, azatlygy söýmeklik, çydamlylyk hem watana bolan gyzgyn söýgüsi - bir söz bilen aýtsak, onuň häsiýetine mahsus bolan gylyklaryň hemmesi - tapawutlanypdyr. Onuň kakasy rewolýusion goşunyň kapitany bolupdyr, maşgala göreşleriň hem görgüleriň şol agyr wagtynda, köp zady pida etmeli bolýar. Milleriň çagalykdaky durmuşynyň agyr ýagdaýlary şunuň bilen düşündirilýär. BG 255.1

Uilýam Miller berk bedenliligi bilen tapawutlanyp, çagalykdan adatdan daşary akylly ukyplaryny görkezip başlapdyr. Bu bolsa, çaga ulaldygyça göze görnüp başlapdyr. Onda janly, ösen akyl hem-de bilime bolan ganmajak teşnelik bardy. Oňa uniwersitet bilimini alma bagty miýesser etmedigem bolsa, bilime bolan söýgi, dürli hadysalaryň üstünde oýlanyşykly hem tankydy pikirlenme endigi ony sagdyn pikire eýe bolan aňly - düşünjeleri adamlaryň hataryna girizdi. Ol ahlak taýdan çirksiz arassa, tegmilsiz abraýly, dogruçyllygy hem aýawlylygy, ak ýürekliligi sebäpli, hemmeleriň sylagyna eýe bolan adamdy. Özüniň gaýratlylygynyň we janypkeşliginiň kömegi bilen material garaşsyzlyga ir ýetdi, ýöne okuwy hiç haçan taşlamady. Raýatlyk hem harby işlerde işlände, ol uly üstünlikler gazandy, şonuň üçinem, baýlyga hem şöhrata tarap barýan ýol onuň öňünde giňden açylan ýaly bolup göründi. BG 255.2

Onuň ejesi diýseň takwa aýal bolany üçin ogluny dini ruhda terbiýelemäge çalşypdyr. Emme ogly ýaşlykda deist bolupdyr. Deistler göreldeli, ynsanperwer hem ýüregiýuka adamlar bolandyklary sebäpli, jemgyýetde olaryň täsiri uludy. Içinde ýaşaýan mesihilik sredasy olaryň ahlak keşbine ýakymly täsirini ýetirdi. Elbetde, olar özlerine adamlaryň hormatyny hem söýgüsini getiren beýik häsiýetleri üçin Mukaddes Kitaba borçludylar, ýöne gowy sylaglar juda ýoýulyp, bu adamlar töweregindäkilere Hudaýyň Sözüniň taglymatyna garşy gidýän täsirleri ýetirip ugradylar. Olar bilen gatnaşykda bolany üçin Miller olaryň garaýyşlaryny biygtyýar kabul edýärdi. 01 döwürlerde bar bolan Mukaddes Kitap düşündirişleri az kynçylyklary döretmeýärdi. Bu kynçylyklar oňa ýeňip geçip bolmaýan ýaly bolup görünýärdi. Munuň bilen bilelikde onuň Mukaddes Kitap bilen hiç hili umumylygy bolmadyk täze ynamy oňa hiç zat bermeýärdi, şonuň üçin ol kanagatlanmazlygyna galýardy. Şeýle-de bolsa, ol öz garaýyşlaryna on iki ýyllap eýerýär. 01 Mukaddes Ruhuň täsiri astynda özüniň günäliligine ilkinji gezek çuň akyl ýetireninde, eýýäm 34 ýaşapdy. Özüniň dini oňa ölümden soň, eşretli durmuşy wada bermeýärdi. Geljekoňa garaňky hem syrly bolup görünýärdi. Soňrak ol öz başdan geçirenleri hakda ýatlanda, şeýle diýýär: uÖlüm baradaky pikir meniň bütin bedenime sowuk, ýakymsyz gagşama getirýärdi. Meniň göwnüme gorkunç sudda hiç kim aklanylman, hemmeler öljek ýaly bolýardy. Asman meniň üçin mis ýalydy, aýagymyň aşagyndaky ýer bolsa, demir ýalydy. Bakyýet - bu näme? Ölüm - ol nämä gerek? Men köp pikirlendigimçe-de, bu soraglaryň jogabyndan şonça-da daşlaşdym. Näçe köp oýlansam, gelýän netijelerim şonça-da, bitertip bolýardy. Men özümi bu zatlar hakda oýlanmazlyga mejbur etmäge synanyşdym, emma bu meniň güýjüm ýeterden ýokarydy. Men gözgyny ýagdaýdadym, ýöne özümde bolup geçýän zatlaryň sebäbine düşünmeýärdim. Meniň kimden nalaýandygym we arz edýändigim belli däldi. Men nämedir bir zadyň bolmalysy ýaly däldigine düşünýärdim, ýöne hakykaty nädip we nireden tapmalydygyny bilmeýärdim. Men gaýgylydym we hiç hili umydym ýokdy”. BG 255.3

Şunuň ýaly ýagdaý birnäçe aýlap dowam etdi. Ol: “Birden Halasgäriň nähilidigine akyl ýetirdim. Meniň göz öňümde şeýle gowy hem rehimdar, meniň günälerime töleg tölemek üçin Özüni beren we günäniň jezasyndan bizi halas eden Biri ör boýuna galdy. Men Onuň nähili ajaýypdygyna derrew düşündim-de, şol ýerde-de, Onuň gujagyna özümi taşlap, Onuň rehimine ynanyp biljekdigim hakda pikirlendim. Ýöne edil şol wagtda, munuň ýaly Zadyň bardygyny nädip subut etmelidigi hakdaky sorag peýda boldy. Şonda men Halasgäriň bardygyna ýa-da geljekki ýaşaýyş hakdaky düşünjelere subutnamany Mukaddes Kitapdan başga ýerden tapyp bolmajakdygyna düşündim... BG 256.1

Özümiň mätäç bolan Halasgärimi maňa Mukaddes Kitap açyp görkezdi, şol sebäpli hem, men adaty ynsanlyk kitabynyň günäli dünýä şeýle gerek bolan düzgünleri öz içinde saklaýandygyna aňk boldum. Şonuň üçin men Mukaddes Yazgynyň Hudaýyň ylhamydygy bilen ylalaşmaga mejbur boldum. Mukaddes Kitap meniň şatlygym boldy, Isada bolsa. men Dost tapyndym. Halasgär meniň üçin “başga on müň adamdan gowy” boldy. Özüme ozal düşnüksiz hem garşydaşlykly ýaly bolup görnen Ýazgy bolsa, indi “aýaklaryma çyra, ýoluma nur” boldy. Meniň kalbym rahatlanyp, parahatlyga ýetdi. Indi men kanagatlanma duýdum, sebäbi Rebbiň Gaýadygyna we okeandaky “galadygyna” göz ýetirdim. Şol wagtdan başlap, Mukaddes Kitap meniň üçin öz derňewlerimiň esasy predmetine öwrüldi, şonuň üçin men ony öwrenmegiň özüme beýik lezzeti getirendigini mekirlik etmän aýdyp bilerin. Men şeýle hem, bu kitapda bar bolan gowy zatlaryň ýarysyny-da eşitmändigimi bildim. Ozal özümiň Mukaddes Kitabyň gözelligini hem şöhratyny görmän, ony inkär edip bilenime haýran galdym. Ol kitapda men öz ýüregimiň ähli arzuw - umytlaryna jogap tapdyrn. Men onda öz kalbymyň her bir keseline derman tapdym. Men beýleki kitaplaryň hemmesine bolan gyzyklanmamy ýitirdim-de, ýüregime Hudaýyň akyldaiiygyna akyl ýetirmekligi guýdum”. BG 256.2

Miller özüniň ozalky ýigrenen dininiň tarapdary bolandygyny köpçüligiň öňünde boýun aldy. Onuň imansyz dostlary Mukaddes Yazgynyň Hudaýdan gelip çykandygyny inkär edenlerinde, Milleriň özüniň öňki getiren subutnamalarynyň hemmesini getirmegi yza goýup durmadylar. Şol wagtlarda ol olara bolmalysy ýaly jogap berip bilmedi, sebäbi: “Eger Mukaddes Kitap Hudaýyň ylhamy bolýan bolsa, onda ol öz - özüne garşy çykmaly däldir, eger ol adama ündew bermeklige niýetlenilen bolsa, onda hemmelere düşnükli bolmalydyr’’ diýip pikir edýärdi. OI Ýazgyny özbaşdak öwrenip, garşydaşlykly ýaly bolup görünýän zatlary ylalaşdyryp bolýan bolmaýanyna düşünmegi makul bildi. BG 257.1

Takyklanylmadyk pikirlerdengaça durmak üçin ol hiç hili düşündirişleri ulanmady, teksti bolsa, parallel ýerler bilen bellenilen teksti deňeşdirdi, çykytlardan hem Simfoniýadan peýdalandy. Ol Mukaddes Kitaby yzygiderli hem dowamly öwrendi. Gelip çykyşdan başlap, aýatma - aýat okady. Nähilidir bir kynçylykly ýer ýa-da düşnüksizlik bar bolan ýere duş gelse, şol ýerden gymyldaman durdy. Kynçylyk çekýän ýerinde durup, ol adatça şol ýeri öwrenilýän soraga degişli tekstler bilen deňeşdirdi. Ol şol tekstiň manysyna düşünjek bolup, her bir sözüň üstünde oýlandy. Eger onuň düşünjesi parallel tekstler bilen gabat gelse, sorag öwrenilen bolýardy. Düşünmesi kyn bolan ýerlere duş gelende, ol Mukaddes Ýazgynyň beýleki böleklerinden olara hemişe düşündiriş tapýardy. O1 özüne aň - bilim bermegini we ozal özünden gizlin bolan zada jogap tapmaga kömek etmegini sorap, Rebbe dileg edip, Mukaddes Kitaby yhlas bilen öwrendi. O1 mezmurçynyň: Seniň sözüň açylyşy nur saçýar, garamaýaklara akyl berýär” (Zebur 119:130) diýen sözleriniň hakykylygyna öz tejribesinde akyl ýetirdi. BG 257.2

Ol Danyýeliň kitabyny we Ylhamy Mukaddes Kitabyň beýleki kitaplaryny öwrenende ulanan prinsipini ulanyp. aýratyn gyzyklanma bilen öwrendi. Şonda pygamberlik nyşanlaryna düşünip bolýandygynyň üstüni açyp bolýandygyna juda begendi. Ol pygamberlikleriň sözüň göni manysynda ýerine ýetýändigini, dürli deňeşdirmeleriň, tymsallaryň, deňeşdirmeleriň we ş.m. arabaglanyşyklykda we kontekstde düşündirilýändigini ýa-da Mukaddes Kitabyň başga ýerlerinde, manysynyň açylýandygyny gördi. Miller: “Men şeýle ýol bilen Mukaddes Kitap - bu şeýle ýönekeý hem düşnükli beýan edilen açyk hakykatlaryň sistemasydygyna, oňa hatda akyl taýdan ukyby çäkli bolan adamyňam oňa düşünip bilýär diýen netijä geldim” diýip ýazýar. BG 258.1

Ol pygamberlikleriň beýik zynjyryny halkama—halka öwrendi, şonuň üçin onuň eden tagallasy üstünlik gazandy. Gögüň perişdeleri onuň pikirlerine ýolbaşçylyk edip, onuň aňyny Hudaýyň Sözüne açdy. BG 258.2

Geçmişde pygamberlikleriň ýerine ýetişine esaslanan Miller geljege degişli bolan pygamberliklerem, şonuň ýaly amala aşar diýen netijä gelýär. Bu ony Mesihiň dünýäniň taryhy gutarmazynyň öň ýanyndaky ýerdäki müňýyllyk hakdaky ruhy Patyşalygy baradaky düşünjäniň Hudaýyň Sözi tarapyndan tassyklanylmaýar diýen netijä getirdi. Reb gelmezinden öňki müňýyllyk dogrulyk hem parahatçylykly müňýyllyk baradaky teoriýa laýyklykda, Hudaýyň gorkunç güni örän uzak wagta süýşürilýär. Yöne bu teoriýa her neneň köşeşdiriji bolsada, ol düýp esasynda bugdaý bilen haşal otuň hasyl ýygnalýan wagtyna çenli, ýagny dünýäniň ahyryna çenli bile ösmelidigine (Matta 13:30, 3841 serediň); “erbet, kezzap adamlar aldap hem aldanyp, erbetlikde ýene ilerlejegine” “soňky giinlerde kyn pursatlaryň boljagyna” (2 Timoteos 3:13, 1), garaňkylygyň patyşalygynyň bolsa, Reb gelýänçä boljakdygyna, onuň Reb Isa agzynyň demi bilen öldiiriljegine, gelmeginiň haýbaty bilen ýok ediljegine (2 Selanikliler 2:8) şaýatlyk eden Mesihiň we Onuň resullarynyň taglymatyna garşy gelýärdi. BG 258.3

Resullyk Ýygnagy Mesihiň müňýyllyk patyşalygy döwründede, bütin dünýäniň imana geljegini aýtmaýar. Bu taglymat XVIII asyryň başyna çenli mesihileriň arasynda giň ykrar etmäni almady. Beýleki islendik ýalňyşlyk ýaly, munuň netijelerem heläkçilikli boldy. Şu taglymata esaslanyp, adamlar Rebbiň gelmegine örän uzakdaky waka hökmünde seredip, Onuň ýakynlaşmasynyň ýerine ýetýän alamatlaryna hiç hili üns bermediler. O1 adamlarda esassyz ynanmlylyk hem howpsuzlyk duýgusyny döretdi, şonuň üçin hem, köpler Reb bilen duşuşygy äsgermezçilik etdi. BG 258.4

Miller Mukaddes Ýazgynyň Mesihiň Özüniň göni manysyndaky we şahsy gelmesini aýdyň görkezýär. Pawlus: “Çünki Rebbiň Özi emirli gygyryş bilen, baş perişdäniň sesi bilen, Hudaýyň surnaýy bilen Gökden iner” (I Selanikliler 4:16) diýýär. Halasgärem: “Onsoň Gökde Ynsan Oglunyň alamaty görner... bulullarda gudrat hem uly şöhrat bilen gelýänini görerler“Çünki ýyldyrym nähili gündogardan turup, günbatarda hem görünýän bolsa, Ynsan Oglunyň gelşi hem şeýle bolar” (Matta 24:30, 27) diýýär. Ol gökdäki goşunlaryň hemmesiniň hemralyk etmeginde geler. “Ynsan Ogly öz şöhraty içinde ähli perişdeler bilen gelip, şöhratly tagtynda oturar” (Matta 25:31). “Ol Öz perişdelerini belent surnaý sesi bilen ýollar. Olar-da Onuň saýlananlaryny dört tarapdan, Gögüň bir ujundan ol ujuna çenli ýygnarlar” (Matta 24:3 1). BG 259.1

Ol gelende, ölen dogry adamlaryň hemmesi direler, diri ýörenleriniň bolsa, keşpleri üýtgär. Resul Pawlus: “Biziň hemmämiz öljek däl, soňky surnaý çalnanda, birden göz açypýumasy salymda üýtgediljekdiris. Çiinki surnaý çalynjak, ölüler çüýremez bolup, direljek, biz üýtgediljekdiris. Sebäbi bu çüýreýän çüýremezlik donuny geýmelidir, bu ölürnli ölmezlik donuny geýmelidir” (l Korintoslylar 15:51-53) diýdi. Pawlus özliniň selaniklilere ýazan hatynda Reb gelenden soňky wakalary şeýle suratlandyrýar: “Çünki Rebbiň Özi emirli gygyryş bilen, baş perişdäniň sesi bilen, Hudaýyň surnaýy bilen Gökden iner, şeýlelikde, ilki bilen Mesihe degişli ölüler direler. Ondan soňra biz, galan diriler olar bilen bile Rebbi howada garşylamak üçin, bulutlar içinde alnyp göterileris. Şeýlelikde, elmydama Reb bilen bile bolarys” (1 Selanikliler 4:16-17). BG 259.2

Hudaýyň halky Patyşalygy Mesih gelmezinden öň alyp bilmez. Halasgär: “Ynsan Ogly öz şöhraty içinde ähli perişdeler bilen gelip, şöhratly tagtynda oturar. Ahli milletler Onuň öňüne ýygnanar, çopanyň goýunlary geçilerden saýlaýşy ýaly, Ol hem olary biri-birinden saýlar. Goýunlary sagynda, geçileri hem solunda goýar. Onsoň Patyşa sagyndakylara diýer: Eý, Atamyň gutlanlary! Geliň, dünýä gurlaly bäri siziň üçin taýýarlanan patyşalygy miras alyň” (Matta 25:31-34) diýýär. Mukaddes Ýazgydan getirilen ýerlerden Ynsan Ogly gelende, ölüleriň çüýremez bolup direljekdigini, dirileriň üýtgediljekdiklerini bilýäris. Olarda bolup geçjek bu beýik özgeriş olary Patyşalygy kabul etmäge taýýarlaýar, sebäbi Pawlus “et bilen ganyň Hudaýyň Patyşalygyndan paý alyp bilmeýänini, şeýle hem çüýreýäniň-de çüýremezlikden paý alyp bilmeýänini” (I Korintoslylar 15:50) aýdýar. Adam özüniň hakyky ýagdaýynda çüýremä duçar bolandyr, ýöne Hudaýyň Patyşalygy çüýreýän däl-de, ebedilikdir. [ne, näme üçin adam özüniň hakyky ýagdaýynda Hudaýyň Patyşalygyna girip bilmeýän eken. Emma Isa Mesih gelende, Ol Öz halkyna öliimsizlik berip, olary özleri üçin dünýä ýaradylmazdan öň taýýarlanylan Patyşalygy kabul etmeklige çagyrar. BG 259.3

Mukaddes Ýazgydan getirilip görkezilen ýerler ýaly, beýleki tekstleriň hem, Miller üçin hemmeleriň Mesih gelmeginden öň garaşan wakalary—ýagny bütindünýä bagtly ýaşaýşy we Hudaýyň Patyşalygynyň kararlary - hakykatynda Mesihiň lkinji gelmesinden soň bolup geçýär. Munuň üstesine-de, döwrüň ähli alamatlary bilen dünýäniň ýagdaýy soňky günleriň welilik edilip suratlandyrylyşy bilen gabat geldi. Diňe Mukaddes Ýazgyny öwrenmek bilen ol ýeriň häzirki ýagdaýyna berlen wagt gutarýar diýen netijä geldi. BG 260.1

Ol: “Mukaddes Ýazgynyň wagt boýunça gidýän yzygiderliligi-de, mende gaty güýçli täsir galdyrdy... Men geçmişiiň öňnden aýdylan wakalarynyň görkezilen wagtda bolandygyny gördüm. 120 ýyl suw basmasyndan öň (Gelip çykyş 6:3 serediň); suw basmasynyň öň ýanyndaky ýedi gün, ýene-de 40 günläp ýagşyň ýagmasy (Gelip çykyş 7:4 serediň); Ybraýymyň nesliniň 400 ýyllyk sergezdançylyk çekmegi (Gelip çykyş 15:13 serediň); baş saky bilen çörekçi üçin bellenilen üç gün (Gelip çykyş 40:12-20 serediň); fyrown üçin ýedi ýyl (Gelip çykyş 41:28-54 serediň); 40 ýyllap çölde bolmaklyk (Sanlar 14:34 serediň); üç ýarym ýyllyk açlyk (1 Patyşalar 17:1 serediň); 70 ýyllyk ýesirlik (Ýermeýa 25:11 serediň); Nebukadnesarda bolup geçen ýedi wagt (Danyýel 4:13-16); ýetmiş hepde, 62 hepde we bir hepde, umumylykda ýehudylar üçin bellenilen 70 hepde (Danyýel 9:24-27) - bu zatlaryň hemmesi welilik edilip öňden aýdylan we juda takyklyk bilen ýerine ýeten” diýýär. BG 260.2

Ol mundan soň, Mukaddes Kitaby öwrenende, öz pikiri boýunça Mesiniň lkinji gelmesine çenli ýaýbaňlanyp gidýän dürli seneler döwrüni tapanda, wagtyň bu böleklerine Reb Hudaýyň Öz gullaryna açan “bellenilen wagty” hökmünde garady. Musa: “Gizlin syrlar Hudayyňyz Rebbe degişlidir. Emma ... aýan edilen zallar ebedilik bize we biziň çagalarymyza degişlidir” (Kanun taglymaty 29:29) diýýär. Reb hem, Amos pygamberiň üsti bilen: BG 260.3

“Hakykatdan-da Taňry Reb
syryny gullary pygamberlere
aýan etmezden hiç zat etmez” .
BG 260.4

(Amos 3:7) diýýär.

Şonuň üçin Hudaýyň Sözüni öwrenijiler bu çeşmeden adamzat taryhynyň iň wajyp wakasy baradaky gutarnykly maglumaty tapj akdyklaryna ynamly bol up bilerler. BG 260.5

Miller: “Tutuş Ýazgynyň Hudaý tarapyndan ruhlandyrylandygyna we peýdalydygyna (2 Timoteos 3:16 serediň), onuň adam islegi bilen döremän, ony Mukaddes Ruh tarapyndan herekete getirilen adamlaryň ýazandyklaryna (2 Petrus 1:21 serediň), onuň bize “bary çydam arkaly, Ýazgylaryň tesellisi arkaly umytly bolar ýaly, bize tälim üçin ýazylandygyna” (Rimliler 15:4) doly göz ýetirenimde, Mukaddes Kitabyň seneler bölegini Hudaýyň Sözüniň Mukaddes Ýazgynyň beýieki bölekler bilen bilelikde çynlakaý öwrenmek üçin niýetlenilen doly hukukly bölekleri hasaplaman bilmedim. Şonuň üçin men Hudaýyň Öz islegi boýunça bize açmak gerek diýip hasaplan zadyna aralaşmaga synanyşanda, pygamberlik döwürleriniň deňinden geçip gitmeli däldigime düşündim” diýdi. BG 260.6

Danyýeliň kitabynda, Milleriň düşünişine görä, gürrüňsiz Ikinji gelşiň wagtyny görkezýän pygamberlik saklanylan: “Bu waka iki müň üç ýüz gije-gündiz dowam eder. Soňra mukaddes ýer adalatsyzlykdan tämizlener” (Danyýel 8:14). Synagdan geçen, ýagny Ýazgynyň öz - özüni düşündirýändigi baradaky düzgüne eýerip, Miller Mukaddes Kitap pygamberliginiň wagtyndaky bir günüň bir ýyly aňladýandygyna düşündi (Sanlar 14:34; Ezekiýel 4:6 serediň). Ol 2300 pygamberlik gününiň ýa-da göni manysyndaky ýylynyň ýehudylar üçin bellenilen merhemet wagtynyň çäklerinden uzaklara ýaýylyp gidýändigini, şol sebäpdenem, Köne Ähtiň mukaddes ýerine degişli däldigini gördi. Miller mesihilik eýýamynda mukaddes ýeriň biziň ýerimiz bolup durýandygy baradaky umymy kabul edilen nukdaýnazaryna eýerdi, şonuň üçin hem, mukaddes ýeriň arassalanmasy baradaky weliligiň (Danyýel 8:14) Reb Ikinji gezek gelende, ot arkaly ýeriň arassalanmasyny aňladýar diýen netijä geldi. Ol eger 2300 günüň başlangyç nokadyny tapsa, onda Ikinji gezek gelmäniň hem, wagtyny bilmek mümkin bolar diýip pikir etdi. Şunuň ýaly ýol bilen bütin häzirki zaman dünýäsiniň öz tekepbirligi, häkimiýeti, gözelligi, “şöhratparazlygy, haramçylygy we ezişleri bilen bilelikde soňunyň geljek”, lagnatyň “ýer ýüzünden aýryljak, ölümiň ýok ediljek, Hudaýyň gullarynyň, pygamberleriň hem mukaddesleriň we Hudaýdan gorkýanlaryň hemmesiniň sylanyljak, ýeri zaýalanlaryň bolsa - ölüme beriljek” wagtyny, beýik soňky wagty bilmek bolardy. BG 261.1

Miller indi özüne adatdan daşary ýagdaýda wajyp hem gyzykly bolup görnen bu hakykatlara uzyn günlerini hem gijelerini bagyş edip, pygamberlikleri öwrenmegini yhlas hem çynlakaýlyk bilen dowam etdirdi. Danyýeliň kitabynyň 8-nji babynda ol 2300 günüň başlanýan nokadyny tapyp bilmedi. Jebraýyl perişdä görnüşi Danyýele öwretmeklik tabşyrylan bolsa-da, ol bu işi diňe bölekleýin etdi. Pygamber Ýygnaga garaşýan eýmenç yzarlamalary görende, güýçden gaçdy. 01 görnüşler onuň üçin çekerden çökder gelipdi, şol sebäpli-de, perişde wagtlaýyn onuň ýanyndan gitdi. Danyýel “takatdan düşüp, birnäçe günläp ýaramadý” Danyýel: “Men bu görnüşe aňka-taňka boldum, oňa düşünmedim” diýýär. BG 261.2

Ýöne Hudaý Öz iberenine: “...bu adama görnüşden many çykarmaga kömek et” diýdi. Bu tabşyryk ýerine ýetirilmelidi, şonuň üçin birazrak wagt geçenden soň, perişde Danyýeliň ýanyna gaýdyp geldi: “men saňa akyl-paýhas we düşünje bermek üçin geldim”. “Indi bolsa buýruga gulak goý we bu görmişe düşün” (Danyýel 8:27, 16; 9:22, 23, 25-27). 8 - nji bapda suratlandyrylan görnüşde düşündirilmän galan wajyp pursat - has takygy 2300 günüň döwrdi - bardy. Şonuň üçin perişde ikinji gezek gelende, esasan hem. wagt baradaky soragyň üstünde durup geçdi. BG 261.3

... seniň halkyňa we mukaddes şäheriňe ýetmiş hepde möhlet karar edildi. Şuny bilip goý we düşün: lýerusalimi täzeden dikeltmek iiçin çykan buýrukdan tä mesh Ediljek Hökümdaryň döwrüne çenli ýedi hepde geçer. Altmyş iki hepdäniň içinde lýerusalimde köçeler we garymlar ýene-de täzeden gurlar. Emma bu hem muşakgatly zamanda bolar. Altmyş iki hepdeden soň mesh Edilen heläk bolar we ondan hiç zat galmaz. ... Hökümdar köpler bilen bir hepdelik berk äht baglaşar. Ýaiym hepdeden soň bolsa gurbanlyk we sadaka bermesini goýar“. BG 262.1

Perişde Danyýeliň ýanyna görüşdäki düşünmedik zadyny düşündirmek üçin iberildi (8-nji bap). Has takygy ol wagtyň döwrüni suratlandyrýan: “Bu waka iki mun üç ýiiz gije-gündiz dowam eder. Soňra mukaddes ýer adalatsyzlykdan tämizlener” diýen sözleri düşündirmek üçin iberildi. Perişde Danyele “buýruga gulak goýup, görnüşe düşünmegi” buýrandan soň, “seniň halkyňa we mukaddes şäheriňe ýetmiş hepde möhlet karar edildi” diýdi. Bu ýerde “karar edildi” diýip terjime edilýän söz göni terjime edilende, “kesilip (bölünip) goýlan” diýmegi aňladýar. 70 hepde ýa-da 490 ýyl perişdäniň sözlerine laýyklykda ýörite ýehudylar üçin bölünip goýlan. 01 nämeden bölünip goýlan? 2300 günüň 8-nji bapda agzalyp geçilýän ýeke—täk wagt bolandygy üçin 70 hepde 2300 günden bölünip alnan, şoňa görä-de, iki bölek bir wagtda başlamalydy. Perişdäniň sözlerine laýyklyka şol 70 hepde lýerusalimiň dikeldilmegi baradaky buýruk çykan wagtyndan başlanýar. Eger şol buýrugyň çykarylan gününi bilip bolsa, 2300 günlük beýik döwrüň başlangyç nokadyny tapmak kyn bolmazdy. BG 262.2

Ezranyň kitabynyň 7-nji babynda şol karar hakda aýdylýar (Ezra 7:1226 serediň). Bu kanun gutarnykly görnüşde Mesih dogulmazyndan öňki 457-nji ýylda Pars patyşasy Artakserks tarapyndan çykarylýar. Yöne Eaanyň kitabynda Rebbiň öýüniň “Ysraýyl Hudaýynyň emri we Pars patyşalary Kureşiň, Daýrusyň we Artakserksiň emri boýunça” guruljakdygy aýdylýar. Bu kanun 2300 günüň başlananyny alamatlandyryp biler ýaly, ony pygamberlikde öňden görlen kämillige ýetirýänçäler üç patyşa düzdüler, takykladylar we üstüni doldurdylar. Mesih dogulmazyndan öňki 457-nji ýyly, gutarnykly kanunyň çykarylan wagtyny hasaba alyp, ýetmiş hepde baradaky pygamberligiň ähli takyklyklary bilen bilelikde ýerine ýetişine gözegçilik etmek kyn däldir. BG 262.3

“lýerusalimiň dikeldiljegi baradaky karar çykan wagtyndan Mesih Hökümdara çenli ýedi hepde we altmyş iki hepde” - ýagny 69 hepde ýa-da 483 gündür. Artakserksiň buýrugy Mesih dogulmazyndan öňki 457-nji ýylyň güýznde güýje girdi. Şu pursatdan 483 ýyl sanasak, biz Mesih doglanyndan soňky 27-nji ýylyň tomsuny alýarys - bu pygamberlik şol wagtda hem ýerine ýetdi. “Mesih” sözi “Mesh edilen” diýen manyny berýär. 27-nji ýylyň güýzünde Mesih Ýahýa Çokundyryjy tarapyndan çokundyryldy we Mukaddes Ruh bilen mesh edildi. Resul Petrus: “Hudaý Mukaddes Ruh we gudrat berip, Nasyraly Isany wezipä belldi” (Resullaryň işleri 10:38) diýip şaýatlyk edýär. Halasgäriň Özi: “Rebbiň Ruhy üstümdedir Çünki garyplara Hoş Habary bildirmegim üçin Meni mesh etdf” (Luka 4:18) diýdi. Mesih çokundyrylandan soň, “Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary wagyz edip, Jelilä geldi” (Markus 1:14) we wagtyň golaýlandygyny aýtdy. BG 262.4

“... köpler bilen bir hepdelik berk äht baglaşar”. Bu ýerde agzalýan hepde ýetmiş hepdäniň iň soňkusydyr. Bu ýörite ýehudylar üçin aýrylyp goýlan soňky ýedi ýyldyr. Bu wagtyň dowamynda - 27-njiden, 34-nji ýyla çenli - ilki lsanyň Özi, soň hem, şägirtleri Hoş Habary diňe ýehudylar wagyz etdiler. Halasgär resullaryny Gögüň Patyşalygyny yglan etmäge goýberende: “Özge milletlere degişli ýerlere gitmän, samariýalylaryň şäherleriniň hiç birine barman, Ysraýyl öýüniň ýiten goýunlarynyň ýanyna baryň” (Matta 10:5-6) diýdi. BG 263.1

“Ýarym hepdeden soň bolsa gurbanlyk we sadaka bermesini goýar”. Suwda çokundyrylanyna üç ýarym ýyl geçenden soň, Reb 31-nji ýylda haça çüýlenildi. Golgotada bu beýik gurbanlygy getirmek bilen dört müň ýylyň dowamynda Hudaýyň Guzusyny görkezen gurbanlyk sistemasy hem gutardy. Haçda obraz bilen Reallyk duşuşdy, şonuň üçin bu ýerde gurbanlyklaryň hemmesi we dessury sadakalar öz hereket etmesini tamamlamalydy. BG 263.2

Ýetmiş hepde ýa-da 490 ýyl biziň görşümiz ýaly, Mesih doglanyndan soňky 34-nji ýylda gutardy. Bu wagtda ýehudy dini maslahatynyň karary bilen Stefanusy daşlap öldürip we Mesihiň yzyna eýerijileri yzarlap, halk özüniň Hoş Habara bolan gatnaşygyna möhür goýdy. Mundan soň, gutulyş habary ýehudy jemgyýetiniň çäklerinden daşa çykyp, bütin dünýäde wagyz edilip başlanyldy. Yzarlanylan şägirtler Iýerusalimden gidip dargaşdylar-da, “aýlanyp, Hudaýyň sözüni yglan edýärdiler”. “Filipusda Samariýanyň bir şäherine gelip, ol ýerde Mesihi wagyz etdi” Hudaý tarapyndan ündew berlen Petrus Kaýsariýadaky ýüzbaşa, Hudaýdan gorkýan Korneliusa, gutulyş habaryny açdy; joşgunly Pawluas bolsa, Isa iman edenden soň, bu Hoş Habary “uzakdaky butparazlara” wagyz etme tabşyrygyny aldy (Resullaryň işleri 8:4-5; 22:21). BG 263.3

Bu pygamberligiň her bir jikme - jikliginiň ýerine ýetendigi göze görnüp durdy, şonuň üçin ýetmiş hepdäniň başlangyjy, gürrüňsiz, Mesih dogulmazyndan öňki 457-nji ýyl bolup, bu döwrüň ahyry Mesih doglanyndan soňky 34-nji ýyldyr. Bu maglumatlaryň barlygy üçin 2300 günüň gutarjak senesini kesgitlemek kyn däldir. Ýetmiş hepde - 490 gün - 2300 günden bölünip aýrylandygy üçin 490 gün döwürden soň, geçmeli bolan 1810 gün galýardy. Mesih doglanyndan soňky 34 ýyldan 1810 ýyl sanap, biz 1844 ýyly alýarys. Şol sebäpli-de, Danyýeliň kitabynda (8:14) gürrüňi edilýän 2300 gün 1844-nji ýylda gutarýar. Pygamberlik edilen bu beýik döwür gutarandan soň, Hudaýyň perişdesiniň şaýatlygyna görä, “mukaddes ýeriň arassalanmasy” bolmalydy. Şeýlelikde, hemmeleriň hasap edişine görä, Mesih Ikinji gezek gelende bolup geçmeli bolan mukaddes ýeriň arassalanmaly wagty takyk anyklanyldy. BG 264.1

Ilki bilen Miller hem onuň egindeşleri 2300 gün 1844-nji ýylyň baharynda gutarýar diýip hasapladylar, emina pygamberlik şol ýylyň güýzüni görkezýär. Şu ýere nädogry düşünmeklik Rebbiň Ikinji gezekki gelmegi baharda bolmaly diýip pikir edýänleri lapykeçlige hem düşnüksizlige alyp bardy. Ýöne bu 2300 günüň 1844-nji ýylda gutarandygy, mukaddes ýeriň arassalanmagy hökmünde görkezilen beýik wakanyň ýerine ýetmelidigi baradaky hakykaty aslakiçeltmedi. BG 264.2

Mukaddes Ýazgynyň Hudaýyň ylhamydygyna ýa däldigine göz ýetirme maksady bilen öwrenip başlanynda, Miller özüniň nähili netijelere geljekdigini göz öňünede getirip bilmedi. Öz derňewleriniň netijelerine onuň özi-de zordan ynanýardy, ýöne Mukaddes Ýazgynyň subutnamalary şeýle aýdyň hem degerlidi welin, olary äsgermezçilik etmek asla mümkin däldi. BG 264.3

Ol Mukaddes Kitaby öwrenmeklige iki ýylyny bagyş etdi-de, 1818 - nji ýylda: “25 ýyldan soň, Mesih Öz halkyny halas etmek üçin gelýär” diýen dabaraly netijä geldi. Miller: “Şöhratly geljek, öz kalbymdaky halas edilenleriň şatlygyny paýlaşmaga yhlasly isleg hakda pikir edenimde, öz ýüregimi dolduran şatlyk hakda gürrüň edip oturmagyň geregi ýokdur. Indi Mukaddes Kitap meniň üçin täzeden açyldy. Bu hakyky aklyň dabarasydy. Ozal Mukaddes Kitabyň taglymatlaryndaky garaňky, syrly hem düşnüksiz bolup görnen zatlaryň hemmesi onuň sahypalaryndaky nuruň şöhlelerinde dargap gitdi. Hakykat maňa nähili nurly hem ajaýyp bolup göründi! Ozalky gözüme dürtülip duran garşydaşlyklary hem dürli okalyşlaryň hemmesi gaýyp boldy. Akyl ýetirmek başartmadyk ýerler entek köp bolsa-da, Mukaddes Lotabyň sahypalaryndan meniň üstüme şeýle bol nur seçilip, garaňky aklymy ýagtyltdy welin, men ozal arzuw hem etmedik guwanjy we şatlygy duýdum” diýip ýazýar. BG 264.4