Beýik Göreş
17—Nji Bap.
Daň Şapagynyň Habarçylary
Mukaddes Kitabyň bize açýan iň dabaraly hem ajaýyp hakykatlarynyň biri-de Mesihiň lkinji gezek geljekdigi baradaky habardyr, şol gezekki gelmesi bilenem, adamzady halas etmek boýunça edilýän beýik işiň tamamlanmagydyr. Şu wagta çenli “garaňkylyk jülgesinde we ölüm kölegesinde” sergezdançylyk çekip, jahankeşdelik edip ýören Hudaýyň halkyna “ýaşaýyş hem ölümden direlme” Bolanyň, Özüniň kowlan çagalaryny ýene bir ýere Ýygnajagyň ikinji gezek geljekdigine wada berildi. Bu gaty gymmatly wadadyr. lkinji gezek gelmek baradaky taglymat Mukaddes Ýazgynyň esasy pikiri bolup durýar. Ilkinji jübütiň kellelerini aşak egip, Eremden çykan gününden bäri, çagalary heläk edijiniň ygtyýaryny ýok edip, ýitirilen jenneti gaýtaryp berjegine wada Berleniň gelerine garaşyp başladylar. Mesihiň şöhrat içinde gelmegi gadymyň mukaddes adamlarynyň ähli umytlarynyň birikmesi boldy. Adamyň ýedinji nesli bolan, ýer ýüzünde 300 ýyllap “Hudaýyň öňünde ýören” Enoha geljegine garaşylýan Halasgäri görme hormaty miýesser etdi. 01: “...hemmeleriň üstünden höküm çykrmaga, ... Reb, ine, müňlerçe mukaddesi bilen geldi” (Ýahuda 1415) diýýär. Nesilbaşy Eýýup öz agyr hupbatlarynyň gijesinde yranmaz bil baglama bilen: BG 242.1
“Çünki Arkadagymyň diridigini bilýärin,
Ahyrynda O1 ýer ýüzüne geler.
Hamym çüýränden soňam
Tenimde Hudaýy görerin.
Hudaýy keseki gözi bilen däl-de,
Öz gözlerim bilen görerin,
Ýüregim üzülip barýar”
BG 242.2
(Eýýup 19:25-27) diýýär.
Hakykatyň Patyşalygyny alamatlandyrýan Mesihiň gelmegi mukaddes kitaplaryň awtorlaryny iň göçgünli hem ýalynly jümleleri aýtmaklyga ruhlandyrypdyr.Mukaddes Kitap şahyrlary bilen pygamberleri gögüň ýalny bilen lowlaýan sözleri tapypdyrlar. Mezmurçy Ysraýyl Patyşasynyň güýji hem ajaýyplygy hakda aýdym aýdypdyr: “Gözellikde kämil bolan Siondan Hudaý’ parlady. Hudayymyz gelýär, Ol ümsüm däl... Ol Öz halkyna kazylyk etmek üçin göklere we ýere ýokardan gygyrýar” (Mezmur 50:24). “Gökler begensin, ýer şatlansyn; deňiz we onuň içindäkileriň ählisi güwwüldeşsin... Rebbiň öňünde şatlanar. Çünki Ol gelýär, dünýäniň üstünden höküm çykarmaga gelýär, Ol dünýä dogrulyk bilen, halklara Öz hakykaty bilen höküm çykarar” (Zebur 96:11, 13). BG 242.3
Işaýa pygamber: BG 243.1
“Emma ölüleriň ýaşar,
jesetler direler.
Eý, toprak astynda ýatanlar,
oýanyň, şatlykdan aýdym aýdyň!
Çünki çygyň ertiriň çygy kimindir,
ýer ölüleri ýaşaýşa ýetirer”.
“Ölümi ebedilikýuwdar Ol;
gözýaşlary süpürer Reb Hudaý,
halkynyň utanjyny
bütin ýer ýüzünden aýrar Ol,
çünki muny Reb diýdi.
Şol gün şeýle diýler:
«Ine, Hudaýymyz budur,
biz Oňa umyt bagladyk,
Ol bizi halas etdi.
Biziň umyt baglan Rebbimiz budur;
halas bolanymyz üçin
begeneliň, şatlanalyň ”
BG 243.2
(Işaýa 26:19; 25:8-9).
Mukaddes görnüşden joşa gelen Habakuk Hudaýyň aýan bolşuny gördi: BG 243.3
“Hudaý Temandan,
Mukaddes Bolan Paran dagyndan geldi,
Onuň şöhraty gökleri gaplady
Yer ýüzi Oňa bolan öwgiilerden doldy.
Onuň ýagtysy Gün kimindir,
Elleri nur saçýandyr”
“Ol saklananda, ýer sarsdy,
Ol bakanda, milletleri titretdi,
Gojaman daglar kül boldy,
Gadymy baýyrlar baş egdi.
Onuň ýollary ebedidir”.
Atlaryňa, ýeňilmez söweş
arabalaryňa mündüň...?
Seni göriip, daglar titreşdi,
Siller joşdy,
Çuňluklar seslenip,
Tolkunlar möwç urdy.
Uçuşýan oklaryň ýagtysyndan,
Parlaýan naýzalaryň ýalpyldysyndan,
Gün bilen Aý ýerlerinde durdy...
Sen Öz halkyňyň gutulyşy üçin,
Mesh Edileni halas etmek üçin geldiň”
BG 243.4
(Habakuk 3:3-13).
Halasgär Öz şägirtleri bilen hoşlaşmazdanöň, olaryň gaýgylanýandyklaryny görüp, ýene gaýdyp geljekdigine olary ynandyrdy: “Yüregiňiz gysmasyn... Atamyň öýünde mesgenler köpdür;... Gidip ýer taýýarlanymdan soň...gelip, sizi Özüm bilen alyp giderin” (Yahýa 14:1-3) diýdi. “Ynsan Ogly öz şöhraty içinde ähli perişdeler bilen gelip, şöhratly tagtynda oturar. Ähli milletler Onuň öňüne ýygnanar... ” (Matta 25:31 - 32). BG 243.5
Mesih Zeýtun dagynyň üstünde göge alnandan soň, eglenip duran perişdeler şägirtlere Onuň gaýdyp geljekdigi hakdaky wadany gaýtalap: “Isa Göge alyndy. Ol gidişi ýaly gaýdyp hem geler” (Resullaryň işleri 1:11) diýdi. Mukaddes Ruh tarapyndan ruhlandyrylan Pawlus hem: “Çünki Rebbiň Özi emirli gygyryş bilen, haş perişdäniň sesi bilen, Hudaýyň surnaýy bilen Gökden irter” (1 Selanikliler 4:16). Patmos adasyndaky pygamberem: “Ine, Ol bulutklar bilert gelýär. Her bir göz Ony görer” (Ylham 1:7) diýýär. BG 243.6
Onuň gelmegi “Hudaýyň gadymdan mukaddes pygamberler arkaly aýdanlarynyň barynyn” (Resullaryň işleri 3:21) tamamlanjak wagtyny alamatlandyrýar. Şonda erbetligiň hökümdarlygynyň soňuna çykylar. “Bu dünýäniň patyşalygy” “Dünýä patyşalygy Rebbimizmki we Onuň Mesihiniňki holdy. Ol hem ebedilik hökiim surer” (Ylham 11:15). BG 244.1
“Şonda Rebbiň şöhraty aýan bolar,
ähli ynsanlar orty birlikde görerler”
BG 244.2
(Işaýa 40:5).
BG 244.3
“Taňry Reb-de dogrulyk bilen
şöhraty bütin milletleriň öňünde ösdürer”
BG 244.4
(Işaýa 61:11).
BG 244.5
“Şol gün
halkynyň aman galanlaryna
şöhrat täji, gözellik jygasy bolar
Hökmürowan Reb”
BG 244.6
(lşaýa 28:5).
Şonda ýer ýüzüne Mesihiň uzak garaşylan Patyşalygy geler. BG 244.7
“Reb Siýona,
onuň ähli harabalaryna teselli berer,
onuň çölüni Erem deý eder,
Rebbiň bagy deý eder onuň
sährasyny”
BG 244.8
(Işaýa 51:3).
“Liwanyň gözelligi,
Karmeliň, Şaronyň görki berler oňa”
BG 244.9
(Işaýa 35:2).
“Mundan beýläk “Terk edilen”
diýilmez saňa,
mundan beýläk
“Harabalyk”diýilmez ýurduňa,
emma saňa “Söýdügim”,
ýurduňa “Ärli” diýler;
çünki Reb seni söýýär,
ýurduň ärli bolar.
Ýaş ýigidiň ýaş gyza öýlenişi dek,
ogullaryň-da saňa eýe çykarlar,
giýewiň gelni üçin şatlanyşy dek,
Hudaý-da seniň üçin şatlanar”
BG 244.10
(lşaýa 62:4-5).
Rebbiň geljekdigi asyrlaryň hemmesinde-de, Onuň hakyky yzyna eýerij ileriň hemmesini ganatlandyrdy. Halasgär Zeýtun dagynda şägirtleri bilen hoşlaşanda, gaýdyp gelmeklige wada berdi. Bu Mesihiň hiç bir hasratlaryň hem synaglaryň gysyp çykaryp bilmedik ýa-da kütek edip bilmedik şägirtleriniň geljegini nurlandyrdy. Hasratlaryň hem yzarlarunalaryň içinde “beýik Hudaýymyzyň we Halasgär Isa Mesihiň aýan bolmagy” olar üçin “bagtly daýanç” boldy. Selanikli mesihiler gaýdyp geljek Rebbi dirilikde garşy almaga umyt baglan ýakynlaryny hasrat hem gaýgy bilen jaýlanlarynda, olaryň halypasy bolan resul Pawlus olara Halasgär aýan bolanda boljak dirileriň ölümden direlmesini görkezdi. Şonda Mesihiň Mesihe degişli bolan ölüler ölümden direler-de. Rebbi howada garşy almak üçin “ýokary alnarlar”. Ol: “Şeýlelikde, elmydama Reb bilen bile bolarys. Ine, şu sözler bilen biri-biriňize göwünlik beriň” (1 Selanikliler 4:17-18). BG 244.11
Gaýaly adadaky söýgüli şägirt: “Hawa, basym gelýärin!” diýen wadany eşidýär. Onuň: “Gel, ýa Reb Isa!” yhlasly jogaby ähli asyrlaryň Ýygnagynyň dogasyny hem islegini beýan edýär. BG 244.12
Bakster: “Rebbiň geljekdigi baradaky pikirlermeniň üçin iň şatlykly hem begençli zatdyr”. “Hudaýyň dogry adamlarynyň imany we häsiýeti Mesihiň geljegine söýgi hem bagtly umyt bilen garaşmaklarynda ýüze çykýar. Eger ölüler direlende, iň soňky duşman bolan ölüm çym - pytrak edilse, onda bu imanlylary ýürekden doga etmäge we Mesihiň ikinji gelmesine, doly hem gutarnykly ýeňşiň gazanylmagyna teşne bolmaklyga ruhlandyrmalydyr. Bu günüň tizräk gelmegine imanlylaryň hemmesi iman bilen garaşmalydyrlar. Bu giinde olaryň halas edilme işi tamamlanyp, kalplaryndaky islegleriň hem yhlaslaryň bary amala aşýar. Ya Reb, howluk, şol bagtly güni ýakynlaşdyr!” resullaryň Ýygnagynyň, “Çöllükdäki Ýygnagyň” we reformatorlarynyň Yygnagynyň umydy şeýledi. BG 245.1
Pygamberlik diňe bir Mesihiň gelmeginiň maksadyny we onuň nädip amala aşyryljagyny onuň öňünden aýtman, eýsem, adamlaryň onuň ýakynlaşanyny bilip biljek alamatlarynam öňünden aýdýar. Isa: “Günde, Aýda we ýyldyzlarda alamatlar bolar” (Luka 21:25) diýdi. “Şol günlerde ol muşakgatdan soň, Gün garalar, Aý yşygyny bermez. Ýyldyzlar Gökden gaçar, Gökdäki güýçler titreşer. Şonda Ynsan Oglunyň bulutlar içinde uly gudrat hem şöhrat bilen gelýänini görerler” (Markus 13:24-26). Ýahýa ylahyýetçi Ikinji gelşiň ilkinji alamatlaryny - habarçylaryny - şeýle suratlandyrýar: “Yeriň gaty çaýkananyny gördüm. Gün gara tüýden edilen jul kimin garalyp, bütin Aý gan ýaly boldy” (Ylham 6:12). BG 245.2
Bu alamatlar XIX asyryň başlaryndan öň aýan boldy. 1755 - nji ýylda taryhda görlüp - eşidilen ýer titremeleriň iň weýrançylyklysy bolup geçdi. O1 Lissabon ýer titremesi hökmünde belli bolan bolsada, ol Ýewropanyň, Amerikanyň, Afrikanyň köp böleklerine ýaýrady. O1 Grenlandiýada, West - Indiýada, Madeýra adasynda, Şwesiýada hem Norwegiýada, Beýik Britaniýada hem Irlandiýada duýuldy. 01 dört million inedördül milden az bolmadyk territoriýany öz içine aldy. Afrikadada, sarsgynlar edil Ýewropadaky ýaly güýçli boldy. Alžiriň aglaba bölegi weýran boldy. Marokkodan uzak bolmadyk bir obany sekiz ýa-da on müň ýaşaýjysy bilen bilelikde, ýer ýuwutdy. Ispaniýanyň we Afrikanyň kenarlaryna ägirt uly tolkunlar inip, şäherleri hem tutuş welaýatlary ýuwdy. BG 245.3
Ispaniýa bilen Portugaliýada juda güýçli sarsgynlar duýuldy. Kadisiň üstüne 20 metr ýokarlyga çykan tolkunlaryň inendigini gürrüň berýärler. Daglar, “Portugaliýadaky iň beýik daglar düýp teýkary bilen titredi. Olaryň käbir belentlikleri wulkanlaryň kraterlerini emele getirip, böleklere bölündi welin, içinden ägirt uly göwrümli ýalyn çogup çykdy. Apet gaýalar golaýdaky obalaryň üstlerine döküldi”. BG 245.4
Lissabondan “ilki bilen ýeriň aşagyndan gök gümmürdisiniň sesine meňzeş güwwüldi eşidildi welin, şobada şäheriň uly bölegini güýçli sarsgyn weýran etdi. Nähilidir bir alty minudyň içinde 60 müň adam pida boldy. Ilki deňiz yza çekilen ýalyda boldy, emma soň özüniň adaty derejesinden 16—18 metr ýokary galdy. Lissabondaky weýrançylyk wagtynda bolup geçen adaty bolmadyk wakalaryň içinde sap mermerden ýasalan täze kenar ýakasyny bolan hadysanyň ýok edendigini-de bellemek bolar. Onuň gurluşygyna ummasyz serişde çykarylypdy. Ýere gaçýan bölek zatlardan gaçyp gizlenme umydy bilen ol ýere örän köp millet ýygnanypdy, ýöne kenar ýakasy birden deňziň içine batdy, ýöne ýekeje adamam suwuň ýüzüne çykmady”. BG 246.1
Ýerasty sargsyn “bir pursatyň içinde ybadathanalaryň we monastyrlaryň hemmesini, uly binalaryň baryny diýen ýaly hem-de ýaşaýyş jaýlarynyň dörtden bir bölegini berbat etdi. Sarsgynlardan iki sagat çemesi wagt geçenden soň, şäheriň birnäçe ýerlerinde ýangynlar başlandy. Şonuň üçin üç günüň dowamynda, şäheri doly ýok eden gorkunç ot alawlady. Ýer titremesi baýramçylyk gününde, ybdathanalaryň hem monastyrlaryň hemmesi adamdan doluka boldy, şonuň üçin örän az adam gaçyp halas bolup bildi”. BG 246.2
“Halky gurşap alan gorkyny söz bilen beýan eder ýaly däldi. Hiç kim aglamaýardy, hiç gözýaş ýokdy. Adamlar bir taraşpdan, beýleki tarapa ylgaşýardylar. Gorkudan hem haýran galmadan ýaňa aklyny ýitiren ol adamlar döşlerine urup: “Ahyrzamana geldi!” diýip gygyryşýardylar. Eneler çagalaryny ýatdan çykaryp, ellerine haça çüýlenmäni alyp ylgaşýardylar. Bagtyýatan adamlaryň köpüsi gutulyş gözläp, ybadathanalara ylgap bardylarda, ýöne çörek bölme geçirmeleride, biderek boldy, adamlary biderek ýere ýüzin düşüp, ellerini sypa tarap uzatdylar - ikonalar, ruhanylar we halk bölekleriň astynda jaýlandylar”. Soň derňäp görüşlerine görä, şol aýylganç günde 90 miiň adam ölüpdir. BG 246.3
25 ýyl geçenden soň, pygamberlikde ýatlanylyp geçilen başga bir alamat - günüň hem aýyň tutulmasy - boldy. Hemme zatdan beter geň galdyran zat, bu wakanyň birwagtlar welilik edilip aýdylan wagtynda bolandygydyr. Zeýtun dagynda şägirtleri bilen gürleşip oturanda, Isa ýygnak üçin hasratly bolan döwri—1260 ýyllyk papalyk yzarlamasyny, şol günleriň gysgaldyljakdygyny aýtmak bilen beýan etdi. 01 şeýle hem, Özüniň gelmeginiň öň ýanynda bolup geçjek wakalaryňam birnäçesini ýatlap geçdi hem-de olardan ilkinjileriniň biriniň boljak wagtyny görkezdi: “Şol günlerde ol muşakgatdan soň, Gün garalar, Aý yşygyny bermez” (Markus 13:24). 1260 günüň ýa-da ýylyň döwri 1798-nji ýylda gutardy. Bu seneden çärýek asyr öň yzarlamalar doly diýen ýaly gutardy. Yzarlamalardan soň, Mesihiň sözüne laýyklykda günüň tutulmasy bolup geçmelidi. 1780-nji ýylyň 19-njy maýynda bu pygamberlik ýerine ýetdi. BG 246.4
“1780-nji ýylyň 19-njy maýynyň içgysgynç gününde tutuş Täze Angliýanyň asmanyny garaňkylyk örtdi. Bu waka özbolşuna ýeke - täk wakadyr hem-de iň ýokary derejesinde syrly hem jogaby tapylmadyk fenomen boldy”. BG 247.1
Massaçusets ştatyndaky bu wakany gözi bilen görenleriň biri muny şeýle suratlandyrýar: BG 247.2
“Aýdyň ertirde gün çykdy, ýöne ol tizara gitdigiçe aşak düşýän bulutlaryň aňyrsynda gizlendi. Bu içgysgynç hem ýaramaz bulutlary ýyldyrymyň ýalpyldysy bölüp geçýärdi, gök gürrüldedi we azrak ýagyş ýagdy. Irden sagat dokuzlaryň töwereginde bulut seýrekleşdi-de, bürünç - sary ýa-da mis reňke geçip başlady. ýerem, gaýalaram, agaçlaram, binalaram, suwam, adamlaram - bary adaty bolmadyk syrly dünýäde düýbünden üýtgeşik bolup göründi. Birnäçe minut geçenden soň, äpet uly gara bulut gözýetimdäki inçejik çyzykdan başga ýeri örtdi welin, adatça tomsuna sagat dokuzda bolýan garaňky ýaly boldy... BG 247.3
Adamlary elhenç gorky, tolgunma we nähilidir bir hoşamaý sandyrama gurşap aldy. Aýallar özleriniň gapysynda durup, seslerini çykarman, garaňkylyga seredýärdiler, erkekler bolsa, meýdan işlerinden gaýdyp geldiler, agaç ussalary gurallaryny goýdular, demirçiler ussahanalaryndan gitdiler, söwdagärler dükanlaryny ýapdylar. Gorkudan ýaňa sandyraýan çagalary mekdepden öýlerine goýberdiler. Yolagçylar golaýdaky fermerçilik howlularynda saklandylar. Hemmeleriň solgun, sandyraýan dodaklaryndan hem ýüreklerinden: “Näme bolarka?” diýen şol bir sorag çykýardy. Harasat görlüp - eşidilmedik güýç bilen ýurduň üstüne injek ýaly bolup, zamananyň ahyry gelen ýaly bolup durdy. BG 247.4
Şemler ýakyldy, peçlerde otlar edil bulutsyz güýz gijesindäki ýaly ýagtylyk berip ýanyp durdy... towuklar oturan ýerlerinde irkilişip durdular, mallar örülerdäki haýatlara gysylyşyp, arz ediji äheň-de molaýardylar, gurbagalar warryldaşýardylar, guşlar özleriniň agşamlyk aýdymyny aýdýardylar, ýarganatlaram hemme ýerlerde uçuşyp ýördüler... Yöne adamlar agşam düşere entek wagtyň köpdügini bilýärdiler... BG 247.5
Doktor Nafanail Uitteýker, Salemdäki telär ýygnagynyň ruhy çopany, ýygnanyşyk geçirip, bu garaňkylygyň adatdan daşary gelip çykyşynyň bardygyny wagzynda aýdýardy. Ýygnanyşyklar başga ýerlerde-de bolýardy. Howul - haralykda düzülen wagyzlaryň hemmesinde-de, Mukaddes Yazgynyň bu wakany görkezýän ýerleri hakda birmeňzeş gürrüňler berilýärdi... Gündiz sagat on ikide has-da garaňky boldy”. “Ýurduň köp ýerlerinde şeýle bir garaňky boldy welin, şemsiz sagada seredibem, naharlanybam, öý işlerini edibem bolmaýardy... BG 247.6
Gaty köp territoriýa - gündogarda Falmautdan ... günbatar serhetlerde Konnektikuta we Olbanä çenli - garaňkylyga örtüldi . Günortada garaňkylyk bütin deňiz kenaryna, demirgazykda bolsa, iň uzakdaky amerikan obalaryna baryp ýetdi”. BG 247.7
Günüň batmagyna birýa-da iki sagat galanda, garaňkylyk dargap, asmanyň käýerleri göründi-de, entegem gara bulut abanyp duran bolsa-da, gün göründi. “Gün batandan soň ýene-de asman bulutlara büreldi-de, garaňky örän tiz düşüp başlady. Gijäniň garaňkysy-da, edil gündizki bolan garaňkylyk ýaly, adatdan daşary hem eýmendirijidi. Dolanaýly wagtdygyna garamazdan, eliňde gözedürtme garaňkylykda zordan görünýän çyra bolmasa, hiç zady görüp bolmaýardy. Ol çyralar goňşy jaýlardan asla görünmeýär diýen ýalydy. BG 248.1
Gözi bilen görenleriň biri şeýle diýýär: “Men asmandaky ýagtylyk berijileriň hemmesi iň galyň tutynyň aňyrsynda gizlenen bolsa-da ýada düýbünden sönen bolsa-da, ýeri gurşap alan garaňkylyk beýle tümlükde bolmazdy diýen duýgudan saplanyp bilmedim”. Agşam dokuzda dolan aý çykdy, emma“ol bu tümlügi, ölüme meňzeş garaňkylygy dargadyp bilmedi”.ýarygijeden soň, garaňkylyk aýryldy-da. aýyň gan görnüşlidigi görnüp başlady. BG 248.2
1780-nji ýylyň bu 19 - njy maý güni taryha “garaňky gün” hökmünde girdi. Musanyň döwründen bäri beýle garaňkylygyň beýle giň territoriýa beýle uzak wagtlyk ýaýran wagty entek bolmandy. Bu wakany gözi bilen gören adamlar bu waka bolmazyndan ýigrimi bäş ýüzýyllyk öň Yowel pygamber tarapyndan ýazylan Hudaýyň sözlerini gaýtaladylar: “Rebbiň beýik we gazaply gürti gelmezden ozal, Gün tihnliige, Aý hem gana döner” (Ýowel 2:31). BG 248.3
Mesih Öz halkyna Özüniň gelmesiniň alamatlaryny synlamagy we geljek Patyşanyň öňündäki habar berijilere begenmegi tabşyrdy. “Bu zatlar bolmaga duranda, ýokaryk galyp başyňyzy galdyryň, çünki gutulyşyňyz golaýlap gelýändir Isa Öz yzyna eýerijilere ýazda pyntyklaýan agaçlary görkezýär: “Injire, ähli agaçlara serediň. Olaryň ýapraklandyklaryny görüp, tomsuň golaýdygyny özözüňizden bilýärsiňiz. Şonuň ýaly hem bu zatlaryň bolanyny göreniňizde, Hudaýyň Patyşalygynyň golaýdygyny biliň” (Luka 21:28, 30З1). BG 248.4
Ýöne kiçigöwünlilik ruhunyň we Hudaýa wepalylygyň Ýygnakdaky tekepbirlik bilen formalizme ýerini berendigi üçin Mesihe bolan söýgi hem Onuň gelmegine bolan ynam sowaşdy. Dünýewi işler bilen başagaý hem lezzetleriň yzynda ylgaşýan, özlerini Hudaýyň halky hasaplaýan adamlar Halasgäriň Özüniň gelmeginiň alamatlary baradaky nesihatlaryny äsgermezçilik etdiler. Ikinji gezek gelme baradaky taglymat ünssüz galdy, Mukaddes Ýazgynyň şu soraga degişli bolan tekstleri nädogry düşündirildi, şonuň üçin oňa nädogry düşünildi. Netijede Ikinji gelme baradaky hakykat düýbünden unudyldy diýen ýalydy. Bu, aýratynam, Amerikanyň ýygnaklaryna degişlidi. Azatlyk we jemgyýetiň ähli gatlaklaryna elýeter bolan ýaşaýyş oňaýlyklary, baýlyga hem ajaýyp ýaşaýşa bolan şöhratparazlykly ymtylyş, ýeňil eklenje bolan ýeňip bolmajak teşnelik, hemmelere başardýan ýaly bolup gömen meşhurlyga hem ygtyýara ýetmeklige bolan joşgunly isleg - bu zatlaryň hemmesi adamlary’ ýer ýüzündäki zatlaryň hemmesiniň ýok boljak güni bolan dabaraly giini uzak geljege süýşürip goýup, öz pikirlerini we umytlaryny ýerdäki zatlarda jemlemäge höweslendirdi. BG 248.5
Şägirtlerine Özüniň gaýdyp gehneginiň alamatlaryny görkezende, Halasgär edil Ikinji gezek gelmesiniň öň ýanynda boljak imandan dänmäni öňünden gördi. Şonda dünýä Nuhuň günlerindäki ýagdaýynda bolar. Adamlar durky bilen dünýewi işlere, lezzetlere gark bolarlar. Olar Hudaýy hem geljeki ýaşaýşy düýbünden unudyp, satyn alarlar, satarlar, ekin ekerler, binalary gurarlar, öýlenerler, durmuşa çykarlar. Mesih biziň döwrümizde ýaşaýanlaryň hemmesine: “Habardar boluň! Horanlyk, serhoşlyk, ýaşaýşyň gaýgylaiy ýüregiňize ýük bolup, ol gün duýdansyzlykda üstüňize abanaýmasyn ‘ Bu boljak zatlaryň baryndan gaçyp biler ýaly, Ynsan Oglunyň huzurynda durup biler ýaly, hemişe oýa bolup, doga ediň” (Luka 21:34, 36) diýip duýduryş berýär. BG 249.1
Halasgär bu döwrüň Yygnagynyň ýagdaýyny şeýle häsiýetlendirýär: “Saňa diri diýýärler, ýöne sen ölüsiň” (Ylham 3:1). Gaýgysyz - gamsyzlyk ýagdaýyndan çykmakdan ýüz öwürýänlere bolsa, aşaky dabaraly duýduryş sözleri gönükdirilendir: “Oýanmasaň, bir ogry ýaly gelerin, Meniň haýsy sagatda üstüňe geljegimide bilmän galarsyň” (Ylham 3:3). BG 249.2
Adamlaryň öz howply ýagdaýyna düşünip, soňky synaglar bilen baglanyşykly bolan haýbatly wakalara taýýar bolmaklary zerurdyr. Hudaýyň pygamberi: BG 249.3
“Dogrudan-da, Rebbiň giini beýikdir,
elhençdir şübhesiz - çydajak barmy?”
BG 249.4
(Ýowel 2:11) diýýär.
Özi hakda: BG 249.5
“PisIigi görerden päkdir gözleriň,Ýamanlyga seredip bilýän dälsiň Sen” (Habakuk 1:13) diýilýän Reb aýan bolanda, öňünde kim durar? BG 249.6
“Hudaýymyz, biz Seni tanaýarys” (Hoşeýa 8:2; şeýle hem, Zebur 16:4 serediň) diýip gygyrsalar-da, Onuň tabşyryklaryny bozýanlara, başga hudaýlaryň yzlary bilen gidýänlere, ýüreklerinde ýamanlyk saklaýanlara we haramçylygy gowy görýänlere Rebbiň güni “Rebbiň güni ýagtylyk däl-de, garaňkylyk” (Amos 5:20) getirer. Reb: BG 249.7
“Şonda Men lýerusalymy
Çyra bilen agtaryp,
Düýbüne çöken şerap löderesi deýin çöküp,
Içlerinden: ‘Reb ne ýagşylyk, need
ýamanlyk eder’ diýip, tekepbirlik
edýänleri jezalandyraryn”
BG 249.8
(Sefanýa 1:12) diýýär.
“Men dünýäni ýamanlyg üçin,
etmişleri üçin jezalandyraryn erbetleri;
tekepbirleriň gedemliginiň soňuna çykaryn,
zalymlaryň ulumsylygyny peselderiri”
BG 250.1
(Işaýa 13:11).
“Altyn-kümüşleri halas edip bilmez olary”
“Mal-mülkleri olja bolar,
Jaýlary haraba döner”
BG 250.2
(Sefanýa 1:18, 13).
BG 250.3
Yermeýa pygamber bu gorkunç wagty öňünden görüp: BG 250.4
“Wah janym, wah janym! Agyryma çydamok!
Wah, kalbymyň aýnasy! Ýüregim hasrat çekýär,
ümsüm bolup bilemok, çünki sen, eý janym,
eşitdiň surnaý sesin, söweş nagrasyn.
Betbagdyk üstüne betbagtlyk geldi”
BG 250.5
(Ýermeýa 4:19-20) diýip gygyrýar.
“Şol gün—gazap güni,
Betbagtçylyk, muşakgat güni,
Weýrançylyk we harabalyk güni,
Garaňkylyk we gam-gussa güni,
Bulutly we tüm garaňkylyk güni bolar.
Galalara we beýik diňlere hüjüm edilip,
Uruş surnaýy çalnyp, duýduryş
beriljek gündür оl”
BG 250.6
(Sefanýa 1:15-16).
“lne, Rebbiň güni, ýowuz gün gelýär,
ýer ýüzüni haraba öwürmek üçin,
ondaky günäkärleri ýok etmek iiçin,
gazap bilen, gahar ody bilen gelýär”
BG 250.7
(Işaýa 13:9).
Bu beýik güne iins bermek bilen Hudaýyň Sözi gaty çynlakaýlyk hem ynandyryjy tärde Hudaýyň halkyny ruhy kütekligi ýeňip geçmeklige kiçigöwünlilik bilen Hudaýy gözlemeklige çagyrýar: BG 250.8
“Siýonda surnaý çalyň,
Meniň mukaddes dagymda
howpuň abanýandygyny duýduryň.
Goý, ýurduň tutuş ilaty
gorkudan sandyrasyn,
çünki Rebbiň güni ýetip gelýärgaraňkylyk
hem-de zulmat güni ol”.
“Agyz beklemäge belläň siz wagty,
Halky ýygnap, jemagaty tämizläň,
ýaşululary hem çagalary,
Goý, öýlenýän ýigit öz otagyndan,
gelin-de öz tutusyndan çyksynlar.
Rebbe girelge bilen
gurbanlyk sypasynyň arasynda
hyzmat edýän ruhanylar aglasyn”.
“Reb heniz hem aýdýar:
agyz bekläp, aglap, ýas tutup,
tutuş ýüregiňiz bilen Maňa öwrüliň.
Eşikleriňize derek ýürekleriňizi parçalaň,
Hudaýyňyz Rebbe dolanyp geliň.
Çünki Ol rehimdar hem merhemetli,
giň göwünli, kalby söýgüden doly,
jeza bermekden saklanýandyr Ol”
BG 250.9
(Ýowel 2:1, 15-17, 12-13).
Hudaýyň halky Rebbiň gününde durup biler ýaly, beýik özgerişleri amala aşyrmak gerek boldy. Hudaý Öz yzyna eýerijileriň köpüsiniň özlerine gökde hazyna ýygnamaýandyklaryny gördi. Şonda Hudaý Öz rehimdarlygy içinde olara özlerini gurşap alan küteklikden çykmaga hem-de Rebbiň gelerine taýýarlanmaga kömek etmek üçin duýduryş habarlaryny iberdi. BG 250.10
Şol duýduryş Ylham kitabynyň 14-nji babynda bardyr. Ol ýerde biz üç perişde habary yglan edenden soň, Ynsan Oglunyň “ýeriň hasylyny ormak” üçin peýda bolýar. Birinji habar hökümiň gelendigini aýdýar. Pygamber: “Gögim ortasynda uçup ýören başga bir perişdäni gördüm. Bu perişde Ýer ýüzünde ýaşaýanlara, her millete we taýpa, her dile we her halka yglan etjek bolup, ebedi Hoş Habary getirýärdi. Ol batly ses bilen şeýle diýýärdi: «Hudaýdan gorkuh! Ony şöhratlandyryh! Çünki Onuh höküm sagady geldi. Gögi, Yeri, dehzi wesuw bulaklaryny Yaradana sežde edih!” diýýär. BG 251.1
Bu habar “ebedi Injiliň” bir bölegini düzýär. Injili wagyz etmeklik perişdelere däl-de, adamlara ynanyldy. Perişdelere bu işe ýolbaşçylyk etmeklik, beýik dini hereketleriň ruhlandyryjysy bolmaklyk tabşyryldy, ýöne Injili wagyz etme işini Hudaýyň ýerdäki hyzmatkärleri tamamlaýar. BG 251.2
Diinýä bu habary Hudaýyň Ruhunyň sesine we Onuň Sözüniň taglymatyna gulak asan - “gaty dogry pygamberlik sözüne” “Gün agaryp, dah ýyldyzy ýüregihizde dogýança, garahky ýerde nur saçýan çyra ýaly” (2 Petrus 1:19) üns berýän wepaly adamlar yglan etdiler. Olar akyldarlyk edinmäni “kümüş gazanmakdan gowudyr, onuh önümi sap altyndan gowudyr” (Süleýmanyň pähimleri 3:14) diýip hasaplap, Hudaý baradaky düşünjäni beýleki hazynalaryň hemmesinden-de artyk gözlediler. Şonuň üçin hem, Reb olar Patyşalygyň beýik hakykatlaryny açdy. “Rebbih syry Ondan gorkýanlara aýan edilýändir” (Zebur 25:14). BG 251.3
Hakykata akyl ýetirmäni ylahyýetçi alymlar almady we ony wagyz etmedi. Eger şol alymlar wepaly garawullar bolan bolsalar, janypkeşlik hem doga etmek bilen Yazgyny öwrenen bolsalar, onda olar gijäniň gelendigini bilerdiler; pygambeliikler olara ýetip gelýän wakalary açdy. Yöne olar oýa bolmadylar, şonuň üçin Injili wagyz etmeklik has ýönekeý adamlara tabşyryldy. Isa? “Nur barka, gezih, üstühizi tümlük basaýmasyn” (Yahýa 12:35) diýdi. Hudaýyň goýberen nuruny kabul etmeýän ýa-da nur ýakynyndaka, ony gözlemek islemeýän adam garaňkylykda galýandyr. Halasgär: “Men dünýänih nurudyryn. Menih yzyma eýeren garahkylykda gezmez, onda ýaşaýyş nury bolar” (Yahýa 8:12) diýip ynandyrýar. Hudaýyň erkini yranmaz berklik bilen ýerine ýetirmäge çalyşýan we eýýäm berlen nura çynlakaý garaýan adamyň gözi has-da gowy açylar; munuň ýaly kalba bar hakykaty açmak üçin gögüň ýyldyzy öwşün atar. BG 251.4
Mesihiň Birinji gelen wagtynda Hudaýyň hakykaty ynanylan ruhanylar bilen kanunçylar döwrüň alamatlaryny bilip, wada berlen Mesihiň gelenini yglan edip bilerdiler. Mikanyň pygamberligi Mesihiň doglan ýerini görkezýär; Daniýel Onuň gelmeli wagtyny kesgitledi (Mika 5:2; Danyýel 9:25 serediň). Bu pygamberlikleri Hudaý ýehudy serdarlaryna ynandy, ýöne Mesihiň eýýäm ýakyndadygyny kesgitläp, muny halka aýtmagy başarmandyklary sebäpli, olara aklanma ýokdur. Munuň ýaly bilmezlik olaryň pygamberlikleri bagyşlap bolmajak derejede äsgermezçilik edendikleriniň netijesi boldy. Ýehudylar Hudaýyň öldürilen pygamberlerine ýadygärlik dikdiler, şol wagtyň özünde-de, ýerdäki beýik adamlary hormatlap, şeýtanyň hyzmatkärlerini şöhratlandyrdylar. Ilkinjilik, adamlara täsrini ýetirme we jemgyýetdäki dereje ugrundaky şöhratparazlykly göreşleri bilen başagaý bolan bu adamlar Gökdäki Patyşanyň özlerine teklip eden beýik ak patalaryny nazarlaryndan sypdyrdy. BG 251.5
Ysraýyl ýaşululaty dünýä taryhyndaky bu iň beýik waka - adamy halas etmek üçin Hudaýyň Oglunyň gelmegine - degişli bolan ýer, wagt hem ýagdaýlar baradaky zatlaryň hemmesini düýpli, ýasama bolmadyk gyzyklanma bilen öwrenmelidiler. Ilkinjileriň hatarynda dünýäniň Halasgärini garşy almak üçin bütin halk oýa bolup, bu şöhratly waka garaşmalydy. Yöne gynansakda, beýle bolmady! BG 252.1
Ine, Nasyranyň depelerinden gaýdan iki ýadaw ýolagçy Beýtullahamyň darajyk esasy köçesindäki jaýlaryň hemmesine, şäheriň gündogar gyrasyna çenli aýlanyp, gijesini geçirer ýaly, düşelge agtaryp ýör. Olaryň öňünde ýekeje gapy-da açylmady. Ahyrsoňy, olar mallar üçin ýatak bolup hyzmat edýän gözgyny külbeden burçjagaz tapyndylar. Şol ýerde-de, dünýäniň Halasgäri dünýä inýär. BG 252.2
Gögüň perişdeleri Hudaýyň Oglunyň Öz Atasy bilen diinýä ýaradylmazdan öň bilelikde eýe bolan şöhratyny gördüler, şonuň üçin indi olar Onuň ýerde dogulyşyna - adamlaryň hemmesine iň beýik şatlygy getirjek waka - dartgynly üns bilen seredýärler. Perişdelere bu şatlykly habary kabul etmäge we ony başgalar bilen paýlaşmaga taýýar bolanlaryň hemmesine ýetirmek tabşyryldy. Mesih Özüni adam tebigatyny alma derejä çenli peseltdi. Günä üçin gurbanlyk bolmak bilen 01 Öz üstüne lagnatyň söz bilen beýan edip bolmajak agyr ýüküni almalydy. Ýöne perişdeler Hudaýyň Oglunyň, hatda Özüniň peseldilen ýagdaýyndada, adamlaryň arasynda Älemiň Patyşasyna gelişýän mertebede hem şöhratda peýda bolmagyny islediler. Belki, bu dünýäniň beýik adamlary Mesihiň doglanyna şatlanmak üçin Ysraýylyň paýtagtynda ýygnanyşarlar? Megerem, perişdeleriň goşunlary tolgunýan mähelleleri Onuň bilen tanyşdyrarlar? BG 252.3
Perişde Isany garşy almaga kimiň taýýarlanandygyny görmek üçin ýere indi. Ýöne ol hiç ýerde-de, garaşma alamatyny görmedi. Mesihiň ýetip gelýändigini habar berýän öwgüli sesleriň ýekejesem onuň gulagyna ilmedi. Perişde birnäçe wagtlap, köp ýüzýyllyklaryň dowamynda Hudaýyň şöhratynyň aýan bolan ýeri bolan saýlanylan şäheriň hem ybadathananyň üstünde perwaz urdy, ýöne ol bu ýerdede, şol bir perwaýsyzlyga duş geldi. Tekepbir, kaşaň geýnen ruhanylar ybadathanada hapalanan gurbanlyklary getirýärdiler. Fariseýler halka gaty ses bilen ýüzlenýärdiler ýa-da köçäniň çatryklarynda öwünjeň dogalary okaýardylar. Patyşa köwgünde, filosoflaryň ýygnaklarynda, dini mugallymlar mekdeplerinde hiç kim tutuş asmany şatlyykdan hem öwgüden dolduran ajaýyp habary kabul etmäge taýýar däldi. Yerde dünýäniň Halasgäriniň dogulmaly bolan pursatynyň gelendigini hiç kim duýmady. BG 252.4
Hiç ýerde Mesihe garaşylýandygynyň alamaty, ýaşaýyş Patyşasy bilen duşuşyga taýýarlyk görülýändigi duýulmady. Akly haýran bolan we juda geň galan gögüň habarçysy şunuň ýaly masgaraçylykly habar bilen göge gaýdyp gitmekçi bolanda, birden sürülerini garawullap oturan çopanlaryň bir toparyny görýär. Olar ýyldyzlar pytraşyp duran asmana seredip, gelmegine garaşylýan Mesih hakdaky pygamberlikler barada pikirlenýärdiler. Olaryň jany - teni bilen dünýäniň Halasgäriniň gelmegini isleýändikleri göze görnüp durdy. Hut şu adamlar hem, gökden gelen habary kabul etmäge taýýardylar. Birdenem, olaryň öňlerinde Rebbiň perişdesi peýda boldy-da, beýik şatlygy olara habar berdi. Gögüň şöhraty tekizlikleri doldurdy, sanýetmez mukdardaky perişdeler göründi, sebäbi olary gurşap alan şatlyk ony ýeriň ýaşaýjylaryna bir habarçynyň getirerinden juda uludy, şonuň üçin halas edilenleriň hemmesiniň günleriň birinde: “In ýokarlarda Hudaýa şöhrat, Yer ýüzünde parahatlyk, ynsanlar arasynda hoşniýetlilik holsun! ” (Luka 2:14) diýip aýtjak dabaraly aýdymynda gaty köp sesler birikdi. BG 253.1
Beýtullahamda bolup geçen bu wakada nähili bellärlikli sapak saklanylýar! Ol biziň imansyzlygymyzy, tekepbirligimizi we özümize göwnümiziň ýetmesini nähili paş edýär! Özümizi döwrüň alamatyny bilmekden bihabar galdyryp we Rebbiň özümize gelen gününi bilmezligimize alyp baryp biljek jenaýatçylykly perwaýsyzlygy ol nähili duýdurýar! BG 253.2
Perişdeler diňe bir Yahudanyň depelerinde däl, eýsem, sadaja çopanlaryň arasynda-da Mesihiň gelerine garaşýan adamlary tapdy. Butparaz ýurtlarda-da, Mesihe garaşýan adamlar—Gündogaryň akyldar, baý hem meşhur filosoflary - bardy. Olar tebigaty öwrenenlerinde, Hudaýy Öz ýaradan zatlaiynyň işlerinde gördüler. Olar ýewreý Yazgylaryndan Yakupdan çykjak Yyldyz barada bildiler we diňe bir “Ysraýylyň Teselliçisi” bolman, eýsem, “butparazlary ýagtyldýan Nur” hem-de “ýeriň ujuna çenli gutulyş Daşajagyň” (Luka 2:25, 32; Resullaryň işleri 13:47) gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşdylar. Olar Nura garaşdylar, şol sebäpli-de, Hudaýyň tagtyndan çykan Nur olaryň ýoluny ýagtyltdy. lýerusalimiň ruhanylarydyr dini mugallymlaryny, ýagny haleykatyň hakyky goraýjylary hem garawullaryny garaňkylyk gaplap duranda, Gökden iberilen ýyldyz butparaz ýolagçylary Patyşanyň doglan ýerine alyp geldi. BG 253.3
Mesih “ikinji gezek Özüne garaşýanlara gutulyş getirmek üçin görner” (Ýewreýler 9:28). Mesihiň doglandygy baradaky habaryň halkyň dini ýolbaşçylaryna berilmeýşi ýaly, Onuň ikinji gezek geljekdigi baradaky habaram, olara ynanylmady. Olar Hudaýdan daşdadylar, şonuň üçin gökden iberilen Nury ret etdiler, şol sebäbe görä-de, olar resul Pawlusyň: “Emma, doganlar, ol gün sizi bir ogry kimin basar ýaly, siz garaňkylykda dälsiňiz. Çünki baryňyz nura, gündize degişli adamlarsyňyz. Biz gijä ýa garaňkylyga degişli däldiris” (1 Selanikliler 5:4-5) diýip ýazan adamlarynyň içine girmedi. BG 254.1
Sion diwarlaryndaky garawullar Halasgäriň geljekdigi baradaky habary ilki bolup kabul etmelidiler, Onuň ýakyndadygyny duýduryp, seslerini ilki bolup olar gataltmalydylar. Halky Onuň gelerine ilki bolup ynandyryp başlamalydylar. Emma olar özleriniň keýpi içinde ýaşadylar, parahatçylyk hem howpsuzlyk barada arzuw etdiler, halk bolsa, gitdigiçe günäsi içinde gatady. Isa Öz Ybadathanasynyň çişip duran ýapraklaryny güjeňleýän, emma gymmatly hasylyny bermeýän injir ýalydygyny gördi. Ybadathana dini hereketleri edýändigine guwanýardy, emma onda hakyky kiçigöwünlilik ruhy, toba etme hem iman, ýagny Hudaýyň göwnünden turýan zat ýokdy. Ruhuň gowy işleriniň deregine onda tekepbirlik, formalizm, özüňi söýme, şöhratparazlyk, mejbur etmeklik gülläp ösýärdi. Hudaýdan dänen Ybadathana wagty bilmeýärdi. Hudaý Ybadathanany unutmandy. Onuň Ybadathana bolan wepalylygy üýtgewsizdi, emma Ybadathana Ondan hem Onuň söýgüsinden aýrylypdy. Onuň agzalaiy Hudaýyň şertlerin ýerine ýetirmekden boýun towlapdy, şonuň üçin Hudaýyň wadalary onda ýerine ýetmedi. BG 254.2
Nury hem Hudaýyň iberýän artykmaçlyklaryny äsgermezçilik etmäniň gutulgysyz netijesi şeýle bolýandyr. Eger Ýygnak özüne Hudaýyň akyldarlygynyň görkezen ýolundan gitmese, hemme zatda öz borjuny ýerine ýetirip, Nuruň her bir şöhlesini kabul etmese, onda din gutulgysyz ýagdaýda formallygy boş ýerine ýetirmeklik bolýar hemde durmuşy ak pata ruhy ýitýär. Bu hakykat Yygnagyň taryhynda köp gezekler tassyklanyldy. Sowgat berlen ak patalaryň hem artykmaçlyklaryň mukdarynda Hudaý Öz halkyndan iman işlerini hem tabynlyk talap edýär. Tabynlyk pidany, haçy aňladýar, şu sebäbe görä-de, özlerini Mesihiňyzyna düşýän hökmünde atlandyrýanlaryň köpüsi gögüň nuruny kabul etmekden ýüz öwürdiler we gadymky ýehudylar ýaly, Rebbiň gelmeli wagtyny bilmediler (Luka 19:44 serediň). Reb olaryň, ýagny tekepbir hem imansyz adamlaryň deňinden geçip, Mesihiň doglanyny beýtullahamly çopanlar bilen gündogarly akyldarlara açyşy ýaly, Öz hakykatyny iberilen nura çynlakaýlyk bilen garan adamlara açdy. BG 254.3