Beýik Göreş

45/51

38—Nji Bap.
Soňky Duýduryş

Mundan soň uly ygtyýarly başga bir perişdäniň Gökden aşak inenini gördüm. Ünuň dabarasyndan Yer ýüzi ýagtyldy. Perişde giiýçli ses bilen gygyryp şeýle diýdi: «Ýykyldy! Uly Babyl ýykyldy! Ol jynlaryň jaýy her hili murdar ruhuň mekany, her pis we ýigrenji guşuň penasy boldy “. uMen Gökden başga bir ses eşitdim, ses şeýle diýýärdi: «Eý halkym! Onuň gimälerine şärik bolup, onuň belalaryma uçramazlyk üçin, ol ýerden çyk” (Ylham 18:1-2,4). BG 493.1

Bu tekst Ylham Kitabynyň 14-nji babynda ikinji perişdäniň yglan eden Babylyň ýykylyşy hakdaky habarynyň, 1844-nji ýylyň tomsunda şol habar ilkinji gezek berlenden bäri, Babyly düzýän dürli ýygnak guramalarynyň içine aralaşan günäleri goşmaça ýatlatma bilen gaýtalanjakdygyny görkezýär. Bu ýerde dini dünýäniň gaty eýmenç ýagdaýy suratlandyrylan. Hakykatyň her gezekki täze şöhlelenmesi adamlaryň aklyny has-da garaňkyradyp, gödek imansyzlygynda gatap galýançalar, ýüreklerii gatadar. Hudaýyň duýdurşlaiynyň tersine gidip, olar öňküleri ýaly, Hudaýyň tabşyryklarynyň birini depgiläp, ahyrsoňunda ony çyn ýürekden sylaýanlary yzarlap başlarlar. Olar Hudaýyň Sözüni hem Onuň halkyny ýigrenip, Mesihem, hiç zatça görmeýärler. Ýygnaklar spiritizm taglymatyny kabul edenlerinde, ten höwesli ýürek üçin ähli çäklendirmeler bar bolmasyny bes eder-de, daşky dindarlygymyzam, iň pes günäleri gizleýän perde bolar. Spiritik hadysalara bolan ynam azdyrjy ruhlaryň we “arwahlaryň taglymatlarynyň” ýoluny açýar, şeýdip, ýygnaklarda erbet perişdeleriň täsiri duýulýan bolar. BG 493.2

Beýan edilen pygamberlikde Babyl hakda: “Çünki onuň günäleri küdelenip göge ýetdi, Hudaý onuň günälerini ýatlady” (Ylham 18:5) diýilýär. Ol öz kanunsyzlykarynyň ölçeglerini doldurdy, şonuň üçinem, ölüm bosagasynda dur. Yöne entek Babylda Hudaýa wepaly bolan janlar bar, şonuň üçin Onuň sudy berjaý bolmazyndan ozal, olar Babylyň şärik bolup, onuň “belalaryna uçramaz” ýaly, ol ýerden çykarylmalydyrlar. Şonuň üçin ýeri öz şöhraty bilen ýagtyldyp, güýçli gygyryp, gaty ses bilen Babylyň günäleri hakda aýdyp, gökden inen perişdede nyşany edilip görkezilen hereket emele gelmelidir. Şu habar bilen baglanyşyklykda: uEý halkym! ... ol ýerden çykdiýen çagyryş ýaňlanýar. Bu çagyryş üçünji perişdäniň habary bilen bilelikde ýeriň ýaşaýjylaryna gönükdirilen soňky duýduryşy düzýändir. BG 493.3

Dünýä eýmenç soňlanma garaşýandyr! Yerdäki hökümdarlar Hudaýyň tabşyryklarynyň garşysyna bolan söweşde birigerler we kanunlaryň kömegi bilen “kiçi hem ululary, haý hem garyplary, azat hem gullary” (Ylham 13:16) ýalan sabady saklaýan ybadathana däplerini berjaý etmäge mejbur eder. Mundan boýun towlanlar raýatlyk hökümdarlary tarapyndan jezalandyrylyp, ahyrsoňunda ölüme mynasyp hasaplanylarlar. Başga bir tarapdan, ýedinji günde dynç almagy buýruk berýän Hudaýyň Kanuny tabynlygy talap edýär we ony bozanlaryň hemmesine Hudaýyň gazaby hakda duýduryş berýär. BG 494.1

Hemme zat aňry ýany bilen düşnükli: Hudaýyň Kanunyny depgileýänleriň we adam kararlaryna tabyn boljaklaryň hemmesi janawaryň keşbini kabul eder; ol Hudaýdan ileri tutan hökümdarlygyndan wepalylyk alamatyny alar. Gögüň duýduryşynda: “Olaryň yzyndan gelen iiçünji bir perişde batly ses bilen şeýle diýýärdi: «Eger biri janawara we onuň suratyndaky buta sežde etse, maňlaýyna ýa eline onuň tagmasyny kabul etse, Hudaýyň gahar käsesinde hiç bir goşantsyz taýýarlanan Hudaý gazabynyň şerabyndan içer. Ol adam mukaddes perişdeleriň, Guzynyň öňünde ot, kükürt bilen gynalar” (Ylham 14:9-10) diýilýär. Ýöne her bir ynsanyň aňyna we wyždanyna hakykat ýetirilýänçä, ol inkär edilýänçä, hiç kim Hudaýyň gazabyny duýmaz. Köpler entek şu wagt üçin bolan aýratyn hakykaty eşitmedi. Olar dördünj i tabşyrygyň talabyna hakyky manysynda hiç haçan düşünmediler. Her bir ýüregi okaýan we her bir höwesi duýýan Hudaý hakykaty bilmäge teşne bolan ýekeje adamy ňam, aldanylmagyna we bu meseläniň töweregindäki mekir örümleriň hemmesine düşünme mümkinçiligini almazlygyna ýol bermez. Adamlar bu görkezmäni köre - körlük bilen kabul ederler. Öz saýlawyny akyl ýetirip eder ýaly, her kimde ýeterlik bolan nur bolar. BG 494.2

Sabat wepalylygyň beýik synagy bolar, sebäbi ol hüjümlere sezewar edilýän hakykatyň baş meselesi bolup durýar. Aýgytlaýjy wagt gelende, Hudaýa gulluk edýänler bilen etmeýänleriň arasynda takyk çäk geçiriler. Döwlet kanuny boýunça we dördünji tabşyrygyň tersine ýalan sabat berjaý edilen wagtynda, Hudaýa garşy göreşýän häkimiýetiň açyk wepalylyk kasamy bolar, Hudaýyň Kanunyna tabynlygyň alamaty hökmünde hakyky sabady ýerine ýetirmeklik Yaradana wepalylygyň şaýatlygy bolar. Ýerdäki hökümdarlara tabynlyk nyşanyny kabul edenler janawaryň suratyny alarlar, Hudaýyň hökümdarlygyna wepalylygyň alamatyny saýlanlar Hudaýyň möhürini alarlar. BG 494.3

Üç perişdäniň habaryny özünde jemleýän habary şu wagta çenli wagyz edenleri ýöne bir dowulçylar hasapladylar. Olaryň Birleşen Ştatlarda ýene-de dine çydam etmezligiň höküm sürjekdigi, Ybadathananyň bolsa, Hudaýyň tabşyryklaryny ýerine ýetirýänleri yzarlamakda döwlet bilen birikjekdigi baradaky duýduryşy esassyz hem bolgusyz hasaplanyldy. Bu ýurduň dini azatlygyň goragçysy bolandygy, hemişe-de şeýleligine galjakdygy ynamly aýdyldy. Ýöne ýekşenbe gününi hökmany baýramçylyk etme baradaky mesele giňeldigiçe, şübhelenilen hem ynanylmadyk wakalar reallaşyp barýar, üçünji perişdäniň habary-da, ozal arzuwy hem edilmedik täsiri ýetirýär. BG 495.1

Hudaý her nesle her dünýädäki, hem Ýygnakdaky günäni paş etmek üçin Öz hyzmatkärlerini iberdi. Ýöne adamlar ýakymly zatlary diňlemek isleýärler, arassa, reňklenilmedik hakykat kabul edilmeýär. Reformatorlaryň köpüsi özleriniň işlerine başlanda, Ybadathananyň hem halkyň günälerini uly seresaplylyk bilen paş etdiler. Olar özleriniň arassa mesihilik durmuşynyň göreldesi bilen halky Mukaddes Kitap taglymatyna getirmäge umyt bagladylar. Öz wagtynda, Ylýasyň üstüne inip, ony nähak işleri edýän patyşanyň we Hudaýdan daşlaşan halkyň günälerini ýigrenmäge meýillendiren Hudaýyň Ruhy reformatorlaryňam üstlerine indi. Reformatorlar yglan etmek islemeseler-de, Mukaddes Kitabyň aýdyň taglymatlaryny wagyz etmän bilmediler. Olar hakykaty yglan etme we adamlaryň üstlerine abanýan howp hakda göni gürleme yhlasy bilen höweslendirildiler. Olar soňky netijelerinden gorkman, Rebbiň özleriniň dillerine salan sözlerini aýtdylar, şonuň üçin halk duýduryşa üns bermäge mejbur boldy. BG 495.2

Üç perişdäniň habary hem, edil şunuň ýaly wagyz ediler. Ony uly güýç bilen wagyz etmäniň wagty gelende, Reb tabyn ýürekleriň üsti bilen hereket edip, özlerini Rebbe gulluk etmäge bagyşlanlaryň aklyny gönükdirer. Işçiler bu zähmete ýörite bilimiň dälde, Mukaddes Ruhuň mesh etmesi arkaly taýýarlanylarlar. Mukaddes tagalla bilen herekete getiriljek imanly hem doga edýän adamlar özleriniň agyzlaryna Rebbiň salan zatlaryny aýdarlar. Babylyň günäleriniň üsti açylar. Ybadathana kanunlaryny raýatlyk häkimliginiň güýji bilen mejbury berjaý etdinnäniň, spiritizmiň gelmeginiň, papalygyň bildirmän tiz ýaýramasynyň eýmenç netijeleri - bu zatlaryň hemmesi paş ediler. Bu dabaraly duýduryşlar ozal munuň ýaly zady hiç haçan eşidip görmedik müňlerçe we müňlerçe adamlary tolgundyrar. Olar haýran galma bilen Babylyň öz ýalňyşlyklarynyň hem giinäleriniň netijesinde hemde Gökden iberilen hakykaty inkär edendigi sebäpli, ýykylan ybadathanadygyny bilerler. Adamlar özleriniň öňki mugallymlaryna: “Bu şeýlemi?” diýen sorag bilen ýüzlenenlerinde, gullukçylar olaryň gorkusyny hem oýanan ynsabyny köşeşdirmek üçin bolsady ekerler we abadançylygyň boljakdygyny aýdarlar. Emma köp adamlar adamyň beýik pikirleri bilen kanagatlanman: “Reb şeýle diýýär” diýip, aýdyň subutnama talap ederler. Şonda meşhur ybadathana gullukçylar, gadymky fariseýler kimin, özleriniň abraýyna şübhelenen adamlara gaharlanyp, üçünji perişdäniň habaryny şeýtanyň habary hökmünde ýazgararlar. Olar günäni, paýyş sözlemegi we Hudaýyn habarçylary kowmagy gowy görýän jemagaty öjükdirip başlarlar. BG 495.3

Bu göreş giňeldigiçe, halkam, Hudaýyň depgilenen Kanuny hakda gitdigiçe köp oýlandygyça, şeýtanam wagtyny biderek geçirmez. Bu habardan syzyp çykýan güýç onuň garşydaşlaryna gazap donuny geýdirer. Dini ýolbaşçylar özleriniň adamlaryndan nury gizlejek bolup, adam güýjünden ýokary gelýän tagallalary ederler. Olar islendik serişdeler bilen bu derwaýys meseläni gizlemäge dyrjaşýarlar. Ybadathana kömek sorap, döwlet häkimiýetine ýüz tutar, papaçylar bilen protestantlar hakykata garşy göreşde birigerler. Yekşenbe gününi hökman baýramçylyk etme hereketi berkände, tabşyryklary berjaý edýänlere garşy kanunyň güýji ulanylar. Olaryň käbirlerine pul jerimesi salma, türmä salma haýbat atylar, başgalary bolsa, diňe öz imanyndan el çekmäge mejbur etmek üçin uly wezipeler we her hili baýraklar bilen satyn aljak bolarlar. Ýöne olar sarsmazak bolarlar: “Biziň ýalňyşýandygymyzy Hudaýyň Sözüniň kömegi bilen subut ediň”. Şunuň ýaly ýagdaýlarda Lýuterem şu sözleri aýtdy. Sud edilmeklige berlen adamlar hakykaty goranlarynda, şeýle bir ynandyryjy geplärler welin, hatda olary diňlänleriň käbirlerem, Hudaýyň tabşyryklarynyň hemmesini berjaý etme kararyna gelerler. Şeýdip, başga ýagdaýlarda bu hakykatlar barada hiç zat bilip bilmejek müňlerçe adamlara nur şöhle saçar. BG 496.1

Hudaýyň Sözüne akyl ýetirip tabyn bolmaklyga gozgalaň hökmünde garalar. Şeýtan tarapyndan kör edilen ene - atalar özleriniň imanly çagalaryna gazaply hem zalym dararlar, hojaýynlar özleriniň Hudaýyň tabşyryklaryny berjaý edýän gullaryna azar bererler. Ganybir adamlar biri - birine ýat bolarlar, çagalary mirasdan we ene—atasynyň howandarlygyndan mahrum ederler. Resul Pawlusyň: “Mesih Isada Hudaýyň ýoluna mynasyp ýaşamak isleýänleriň bary azar çeker” (2 Timoteos 3:12) diýen sözleri göni manysynda berjaý bolar. Hakykaty goraýjylaryň sabat gününiň deregine, ýekşenbäni hormatlamakdan boýun towlaýandyklary sebäpli, olaryň käbirleri türmelere salnarlar, başgalary sürgüne höküm edilerler, üçünjilerine edil gullara sereden ýaly serederler. Häzirki döwürde bu mümkin däl ýaly bolup görünýär, ýöne Hudaýyň saklaýjy güýji adamlary terk edende, olar Hudaýyň buýruklaryny ýigrenýän şeýtanyň hökümdarlygy astyna düşerler, şonda köp zatlar üýtgär. Adamyň ýüreginde Hudaýdan gorka we Rebbe bolan söýgä orun ýokka, onuň örän gatamagy mümkin. BG 496.2

Tupan ýakynlaşan badyna, üç perişdäniň habaryna ynananlaryň, ýöne hakykata gulak asma arkaly mukaddes bolmadyklaryň köpüsi özleriniň garaýyşlaryndan ýüz öwrüp, hakykatyň duşmanlarynyň hataiyny doldurarlar. Dünýä bilen birigip, onuň ruhundan dolanda, olar hemme zada edil dünýäniň garaýşy ýaly garar. Şonuň üçin synaglar gelende, olar aňsat ýoly saýlap almaga taýýar bolarlar. Birwagtlar hakykata şatlanan özüne çekiji zehinli adamlar başgalary aldap, olary ýalňyşlyga alyp barma üçin bar güýji bilen jan ederler. Munuň ýaly adamlar özleriniň öňki doganlarynyň ganym duşmanlary bolarlar. Sabat gününi berjaý edýän adamlar özleriniň imany üçin suda berlenlerinde, bu imandan dänen adamlar olara myjabat atmak we olary aýyplamak bilen şeýtanyň iň işjeň gurallary bolýarlar. Özleriniň ýalan gybatlary hem toslamalary bilen hökümdarlary özleriniň öňki doganlaryna garşy aýaga galdyrarlar. BG 497.1

Yzarlamalar wagtynda, Rebbiň hyzmatkärleriniňem imany synalar. Olar diňe Hudaýa seredip we Onuň Sözüne bil baglap, duýduryş habaryny dogry ýaýratdylar. Olaryň ýüreklerine Hudaýyň Ruhy ýolbaşçylyk edip, olary gürlemäge höweslendirdi. Hudaý tarapyndan ruhlandyrylan bu adamlar mukaddes tagallalar bilen özleriniň borçlaryny berjaý etdiler we özlerine Rebbiň ynanan sözlerini halka wagyz etdiler, ýöne munuň netijeleri hakda pikir etmediler. Olar özleriniň ýerdäki bähbitleriniň aladasyny etmediler, abraýyny, hatda janlarynam, goramadylar. Şonuň üçin garşydaşlyk tupany başlaryndan inende, olaryň gorka düşenleriniň käbirleri: “Wah, eger aýdan sözlerimiziň nämä alyp barjagyny bilen bolsak, onda biz ýekeje sözem aýtmazdyk!” diýip gygyrmaga taýýar bolýarlar. Kynçylyklaryň soňy görünýän däldir. Şeýtan olaryň daşyny agyr synaglar bilen gurşap alar. Özleriniň baş goşan işlerine olaryň güýçleri ýetmejek ýaly bolup görünýär. Olara ölüm howpy abanýar. Öňki hyjuw öçdi, ýöne barybir olar yza öwrülip bilmeýärler. Şonda olar düýbünden ejizlige düşüp, Gudratygüýçlä ýüzlenýärler. Olar özleriniň aýdan ähli sözleriniň özleriniňki däl-de, bu duýduryşlary yglan etmegi buýruk Bereniňkidigini ýatlaryna salýarlar. Reb olaryň ýüreklerine hakykaty saldy, şonuň üçin olar ony yglan etmän bilmediler. BG 497.2

Geçmişde Hudaýyň hyzmatkärleri şunuň ýaly synaglaryň içinden geçmeli boldular. Uiklif, Gus, Lýuter, Tindal, Bakster, Uesli dagy ähli taglymatlaryň Mukaddes Kitap bilen barlanylmagyny talap etdiler we Mukaddes Ýazga garşy çykýan zatlaryň hemmesinden ýüz öwürmäge taýýardyklaryny aýtdylar. Hudaýyň bu hyzmatkärlerini egsilmez zalymlyk bilen yzarladylar, ýöne barybir olar hakykaty yglan etmegi bes etdirmediler. Ýygnagyň taryhyndaky dürli döwürler hut gerek wagtynda Hudaýyň halkynyň mätäçliklerine jogap berýän hakykatyň aýratyn wagyz edilmesi bilen şöhratlandy. Şonda her bir hakykat ýigrenj iň we garşylyklaryň üstünden özüne ýol ýasady, onuň nuruny ýaýradanlar bolsa, synaglara hem yzarlanmalara duçar edildiler. lň sustupeslikli pursatda Reb Öz halkyna aýratyn hakykaty goýberýär. Ony wagyz etmezlige kim het edip biler? Reb Öz hyzmatkärlerine dünýä soňky rehimdar çakylygy bermegi buýruk berýär. Şonuň üçin olar özleriniň janyny heläk etmejek bolup, dymyp bilmeýärler. Mesihiň habarçylary soňunyň pikirini etmeli däldirler. Olar özleriniň borçlaryny ýerine ýetirmelidirler, soňuny bolsa, Hudaýyň eline bermelidirler. BG 497.3

Garşylyklar iň ýokary nokadyna baryp ýetende, Hudaýyň hyzmatkärleri ýene-de, dartgynlylygy özleri döredendir öýdüp, biynjalyk bolarlar. Ýöne ynsaplary bilen Hudaýyň Sözi olaryň dogry hereket edendiklerini tassyklar, şonuň üçin synaglaryň yzy üzülmese-de, olar synaglara döz gelip bilerler. Göreş gitdigiçe dartgynlaşar we ýitileşer, ýöne agyr ýagdaýlarda olaryň imany hem batyrlygy köpeler. Olar: “Biz Hudaýyň Sözüni ýoýmaga we Onuň mukaddes Kanunyny, dünýäniň göwnünden turjak bolup, bir böleginiň wajypdygyny, beýlekisiniň hökman däldigini aýtmak bilen bölmäge het edip bilmeris. Biziň gulluk edýän Rebbimiz bizi halas edip biler derejä çenli güýçlüdir. Mesih ýerdäki güýçleri ýeňdi, näme biz indi eýýäm ýeňlen dünýäden gorkmalymy?” diýip şaýatlyk edýärler. BG 498.1

Yzarlamalar nähili görnüşde ýiize çyksa-da, ol şeýtan barka we mesihilik diri güýje eýekä, hereket etjek prinsipiň ösüşidir. Yekeje adamam, dowzahyň ruhlarynyň garşylygyny döretmän Hudaýa gulluk edip bilmez. Erbet güýçler özüniň oljasynyň ogurlanaryndan gorkýan adamlaryň töweregini gurşap alarlar. Hudaýyň gullugyny edýän adamyň göreldesi bilen paş edilen erbet adamlar arwahlara birigip, her hili aldawlar bilen ony Hudaýdan jyda düşürmäge dyrjaşýar. Beýle etmek başartmanda bolsa, olar wyždanyň sesini güýç bilen basyp ýatyrmaga synanyşýarlar. BG 498.2

lsa Gökdäki mukaddes ýerde adamyň Töwellaçysy bolup otyrka, hökümdarlar bilen halk Mukaddes Ruhuň saklaýjy täsirini duýarlar. Şol täsir belli bir derejede ýerdäki kanunlarda-da ýüze çykar. Eger şol kanunlar bolmadyk bolsa, onda dünýäniň ýagdaýy häzirkisindenem, gözgyny bolardy. Hökümdarlaryň köpüsi şeýtanyň ýaragy bolan wagtynda, dürli halklaryň ýolbaşçylarynyň arasynda Hudaýyň hyzmatkärleri-de bardyr. Duşman özüniň gol astyndakylarynyň hemmesini Hudaýyň işine her hili ýol bilen päsgel bermäge öjükdirýär, ýöne Rebbi hormatlaýan we mukaddes perişdeleriň täsiri astynda bolan döwlet işgärleri olaryň proýektlerine garşy bolan inkär edip bolmajak delilleri öňe sürýärler. Şeýdip, hakykatyň tarapdarlary erbetligiň kuwwatly akymyna döz gelýärler. Üç perişdäniň habary öz işini tamamlap biler ýaly, şeýtanyň ýaranlarynyň garşylyklary saklanylar. Soňky duýduryş Reb haýsy ýolbaşçylaryň üsti bilen işleýän bolsa, şolaryň hem, ünsüni özüne çeker, şonuň üçin olaryň käbirleri şol duýduryşy kabul edip, hasrat wagtynda Hudaýyň halkynyň tarapyna geçer. BG 498.3

Üçünji perişdäniň habarynyň wagyz edilmesine goşuljak perişde öz şöhraty bilen bütin ýer ýüzüni nurlandyrmalydyr. Bu pygamberlik sözleri bütindünýä ýaýbaňlanmasyna eýe boljak we adatdan daşary güýçlüligi bilen tapawutlanjak iş hakda gürrüň berýär. 1840—1844nji ýyllardaky adwentist hereketi Hudaýyň güýjüniň şöhratly aýan bolmasy bolupdy. Birinji perişdäniň habaryny missionerler bütin dünýäden wagyz etdiler. Netijede bimäçe ýurtlarda XVI asyryň Reformasiýasy döwründen bäri görlüp -eşidilmedik derejede dine bolan uly gyzyklanma döredi. Ýöne üçünji perişdäniň soňky duýduryşynyň döreden kuwwatiy hereketi Reformasiýadan köp derejede üstün bolar. BG 499.1

Bu iş Pentikost gününde bolup geçen işe meňzeş bolar. Gymmatly tohum gögerip çykar ýaly, Hoş Habaryň ýaýramasynyň başynda Mukaddes Ruh inende, “irki ýagşyň” goýberilişi ýaly, zamananyň ahyrynda, hasylyň ýetişmegi üçin “giçki ýagşam” ýagar. BG 499.2

“Geliň, Rebbi tanalyň, tanamaga gaýrat edeliň.
01 daň şapagy ýaly takyk geljek.
01 ýagyş ýaly bize geljek,
Topragy gandyrýan ýaz ýagşy ýaly ýanymyza geljek”
BG 499.3

(Hoşeýa 6:3).

BG 499.4

“Şondan soň Men her bir ynsan üstüne
Öz Ruhumy dökerin .
Pygamberlik eder oguldyr gyzlaryňyz,
düýşler görer garrylaryňyz,
aýanlyk alarlar ýigitleriňiz”
BG 499.5

(Yowel 2:28).

“Onsoň Rebbi çagyran adam gutular” BG 499.6

(Resullaryň işleri 2:17, 21)

Hoş Habaryň beýik işi tamamlananda, Hudaýyň işi edil şol iş başlanan wagtyndakysy ýaly, ýüze çykar. Wagzyň başynda irki ýagşyň ýagmagy bilen berjaý bolan pygamberlikler zamananyň ahyrynda giçki ýagyş ýagan wagtynda, ýene gaýtalanmalydyr. Bu Petrusyň: “Indi günäleriňiziň geçilmegi üçin toba ediň, döniiň. Şeýlelikde, Rebbiň huzuryndan täzelenme pursatlary geler, Ol siziň üçin bellenen Mesih Isany ýollar” (Resullaryň işleri 3:1920) diýmek bilen öňünen dadan “şatlyk döwürleridir “. BG 499.7

Üstlerinde mukaddes bagyş edilmäniň möhüri duran Hudaýyň ýüzleri nurlandyrylan hyzmatkärleri ýeriň ähli künjeklerine ýaýratmaga howlugarlar. Bu duşduryşy müňlerçe sesler hemme ýerde yglan edýär. Ençe gudratlar bolup geçer, keseller sagalarlar, imanlylara alamatlar hem adatdan daşary ýagdaýlar hemralyk eder. Şeýtanam, “uly alamatlar görkezip, ynsanlaryň gözleriniň alnynda Gökden Ýere ot hem ýagdyrar” (Ylham 13:13). Şondaýeriň ýaşaýjylarynyň öňünde gutarnykly saýlawy etmeklik durar. BG 499.8

Bu habar adam akyldarlygy bilen däl-de, Hudaýyň Ruhunyň çuň ynandyrmasy bilen ýaýrar. Subutnamalar eýýäm berildi. Tohum ekildi, indi ol gögerip, hasyl getirer. Missionerleriň ýaýradan kitaplary eýýäm özleriniň täsirini ýetirdiler, emma hakykatyň öz täsrini ýetiren käbir adamlara hakykata soňuna çenli düşünmäge we ony kabul etmäge nämedir bir zat päsgel berdi. Indi nuruň şöhleleri hemme ýere aralaşýar, hakykat aýdyň açyldy, şonuň üçin Hudaýyň çagalary özlerini baglan baglary üzýärler. Garyndaşlyk baglanyşyklaryň, Ybadathananyň öňündäki borçlaryň olary saklamaga güýji ýetmeýär. Hakykat hemme zatdan-da gymmat bolar. Hakykatyň garşydaşlarynyň güýçleriniň birikdirilenine garamazdan, iman edenleriň ummasyz mukdary Rebbiň tarapyna geçer. BG 500.1