Beýik Göreş

42/51

35—Nji Bap.
Wyždan Azatlygy Howp Astynda

Häzirki döwürde öňkülere garanda, protestantlar Rim - katolik ybadathanasyna has mährem garaýarlar. Katolik ýokary galmaiaryň bolmaýan we papaçylaryň öz pozisiýasyny berkitmek üçin ýaraşma pozisiýany eýeleýän ýurtlarynda protestant ýygnaklary bilen papalyk iýerarhiýasyny tapawutlandyrýan taglymatlara bolan perwaýsyzlygyň ösýändigini gitdigiçe ýygy - ýygydan görmek bolýar. Galybersede, esasy meseleler boýunça biziň agzalalygymyz öň pikir edilişi ýaly, gaty bir ulam däl, biz tarapdan ediljek ujypsyzja eglişigiň Rim bilen has gowy ikitaraplaýyn düşnüşmäniň boljagyna ýardam etjekdigine bolan ynam gitdigiçe giň ýaýraýar. Protestantlaryň şeýle gymmat baha bilen gazanylan wyždan azatlygyny diýseň gymmat hasaplan wagtlaram bolupdy. Olar öz çagalarynda papalyga bolan ýigrenji döretdiler, şonuň üçin Rim bilen barlyşyk etmeklige Hudaýa dönüklik etme ýaly baha berildi. Indi bolsa, düýbünden başga pikirler aýdylýar. BG 459.1

Papalygyň tarapdarlary Ybadathana töhmet atylandygyny, protestant dünýäsiniň munuň bilen ylalaşmaga meýillidigini aýdýarlar. Köp adamlar häzirki Ybadathanany onuň nadanlyk hem garaňkylyk döwürlerindäki dolandyryşynda eden ýigrenji işleri we biderek zatlary boýunça ýazgarmaklygyň adalatsyzlyk bolýandygyny aýdýarlar. Olar Ybadathananyň eýmenç zalymlygyny şol döwürleriň wagşyçylykly häsiýetleri bilen aklap, häzriki zaman siwilizasiýasynyň täsiriniň Ybadathananyň köp zatlara bolan garaýşyny üýtgedendigini belleýärler. BG 459.2

Adamlar, näme, bu tekepbir hökümdarlygyň sekiz asyryň dowamynda günäsizlige dalaş edendigini ýatdan çykaraýdymykalar? Papaçylaryň el çekmegi pikir hem etmedik talaplary on dokuzynjy asyrda öňküsine garanda, has uly kesgitlilik bilen tassyklanyldy. Rimiň “Ybadathananyň hiç haçan ýalňyşmandygyny hemde Yazga laýyklykda, hiç haçan ýalňyşmajakdygynam” aýdýandygy sebäpli, ol geçen asyrlarda esaslanan prinsiplerinden nädip ýüz öwrüp bilýär? BG 459.3

Papalyk ybadathanasy günäsizlige dalaş etmekden hiç haçanam el çekmeýär. Ol geçmişde öz taglymaty bilen ylalaşmadyklaryň yzarlanylmagyny dogry hasaplamagy dowam etdirýär, şonuň üçinem, eger mümkinçilik bolsa, şol öňki hereketlerini gaýtalamazmy? Dünýewi häkimiýet girizilen çäklendirmeleri aýryp, Rime öňki ygtyýaryny gaýdyp berse, owalky yzarlamalar bilen zalymlyk derrew gaýtadan başlar. BG 460.1

Bir meşhur ýazyjy papalyk iýerarhiýasynyň wyždan azatlygyna bolan garaýşy we papalyk syýasatynyň üstünlik gazanaýan ýagdaýynda ilkinji nobatda Birleşen .Ştatlara abanýan howp barada şeýle diýýär: BG 460.2

“Köp adamlar Birleşen Ştatlarda Rim - katolik ybadathanasyndan gorkmaklyk fanatizme ýa-da çagalyk etmeklige degişli edilýär. Olar katolikligiň häsiýetinde we gurluşlarynda biziň azatlyk institutlarymyza duşmançylykly bolan hiç zady görmeýärler we bu Ybadathananyň ösmeginde hiç hili erbetlik tapmaýarlar. Geliň, döwletimiziň esas bolupdurýan birnäçe prinsiplerini katolik Ybadathananyň prinsipleri bilen deňeşdireliň. BG 460.3

Birleşen Ştatlaryň konstitusiýasy wyždan azatlygyny wada berýär. Mundan gymmat hem fundamental bolan zat ýokdur. Papa Piý IX özüniň 1854-nji ýylyň 15-nji awgustyndaky ensiklikasynda: “Wyždan azatlygyny goraýan manysyz hem ýalňyş doktrinalar ýa-da ugursyz taglymatlar iň howply ýeresdir. Bu döwletde beýleki zatlardan-da, gorkmaly bolan mergidir” diýýär. Hut şol papa 1864-nji ýylyň 8-nji dekabryndaky ensiklikasynda “wyždan hem dini azatlygyň tarapyny alýanlary”, şeýle hem, “ybadathana güýç ulanmaly däl diýip hasaplaýanlary” anafema berdi. BG 460.4

Rimiň Birleşen Ştatlardaky ýaraşyjylykly äheňi papalykda garaýyşlaryň üýtgändigine şaýatlyk etmeýär. Katolik Ybadathana özüniň ejiz bolýan ýerinde çydamlylyk görkezýär. Ine, ýepiskop O’ Konnor näme diýýär: “Biz din azatlygyna katoük dünýäsi üçin zelel bolmajak garşydaşlykly prinsip bilen çalyşmak başardýança nalaman çydam edýäris...”. Arhiýepiskop Sent - Luisa bir gezek şeýle diýýär: “Ýeres bilen ynamsyzlyk - bu jenaýatdyr. Italiýa, Ispaniýa ýaly mesihilik ýurtlarynda, ýagny raýatlarynyň hemmesi katolik bolan we katolik diniň kanunçylygyň wajyp bölegi bolan ýurtlarynda, ol beýleki jenaýatlaryň hemmesi ýaly jezalandyrylýar...”. BG 460.5

“Her bir kardinal, katolik Ybadathanasynyň her bir arhiýepiskopy we ýepiskopy papa wepaly bolmaklyga kasam edýärler. Şol kasamda: “Men ýeretikleri, bölünişik getirijileri we biziň jenabymyza (papa) ýa-da onuň yzyny dowam etdirijilere tabyn bolmaýanlaryň hemmesini kowmagy we yzarlamagy borç edinýärin” diýen sözler bar. BG 460.6

Elbetde, Rim — katolik Ybadathanasynda hakyky imanlylaram bar. Bu Ybadathana degişli bolan müňlerçe adamlar özlerinde bar bolan nura laýyklykda Hudaýa gulluk edýärler. Olara Hudaýyň Sözüni azat öwrenmäge rugsat bermeýärler, şol sebäpdenem, olar hakykatdan bihabardyrlar. Olar Hudaýa çyn ýürekden gulluk etmeklik bilen formallygy hem däpleri ýerine ýetirmäniň arasyndaky tapawudy hiç haçan görmändiler. Reb kalby gandyrmaýan galp ynamda terbiýelenen bu adainlara rehimdarlyk bilen seredýär. Ol hökman olary gurşap alan tüm garaňleylygy nuruň şöhleleri bilen aýyrmaga synanyşar. Ol olara hakykaty bolşy ýaly - Isada—açar, şonda ençeme adamlar Onuň halkyna biriger. BG 460.7

Ýöne katolik dünýägaraýyş şu günem, edil öňki döwürlerdäkisi ýaly, Mesihiň Injili bilen bir ýere sygyşmaýar. Protestant ýygnaklary gözedürtme garaňkylykda otyrlar, ýogsam, olar döwrüň alamatlaryny tapawutlandyryp bilerdiler. Katolik Ybadathanada uzaga gidýän planlary hem iş usullary bar. Onuň täsirini giňeltmek we ygtyýaryny güýçlendirmek üçin ähli serişdeler ulanylýar, yzarlamalaryň täzeden dikelmesini we protestantizmiň gazananlarynyň hemmesini ýok etmäni göz öňünde tutýan gazaply hem aýgytly göreşe, ýagny bütindünýä hökümdarlygyny dikeltme ugrundaky göreşe, taýýarlyklar gidýär. Katolikler ähli frontlar boýunça hüjüm edýär. Protestant ýurtlaryndaky olaryň ybadathanalaryna we kiçi buthanalaryna serediň. Serediň, olaryň. esasan hem, protestantlaryň howandarlygy astynda bolan Amerikadaky kollejlerini we seminariýalary nähili meşhurlykdan peýdalanýar. Angliýada däp - dessurlylygyň ösüşine, ol ýerde katolik Ybadathanasyna geçme ýagdaýlarynyň ýygylaşyşyna serediň. Bu arassa Hoş Habar prinsiplerini gymmat görýänleriň hemmesinde ynjalyksyzlyk oýarmalydyr. BG 461.1

Protestantlar papalyk bilen ýakynlaşýarlar we ony goraýarlar. Olar hatda katolikleriň özlerindede haýran galma döredýän, protestantlaryň özleriniňem düşünip bilmeýän şeýle uly eglişiklere hem ylalaşyklara gidýärler. Adamlar katolikligiň hakyky häsiýetine we katoliklik hökümdarlygy öz eline alan ýagdaýynda özlerine abanjak howpa gözlerini ýumýarlar. Halk raýatlyk hem dini azatlygyň iň ýokary derejedäki howply bu duşmanynynyň hüjümine garşy durmak üçin oýanmalydyr. BG 461.2

Ençeme protestantlar katolik dinini ýakymsyz, onuň çärelerini bolsa, içgysgynç hem manysyz dabara hasaplaýarlar. Ýöne olar ýalňyşýarlar. Katoliklik ýalana esaslanýan bolsada, ol ýalany gödek hem özüne çekiji däl hökmünde atlandyryp bilmeýärsiň. Rim Ybadathanasynyň dini çäreleri iň ýokary derejede täsir galdyryjy dabaralar bolup durýandyr. Onuň däpleriniň ajaýyplygy hem dabaralylygy adamlaryň aklyny hem wyždanyny köşeşdirip, olaryň duýgularyna çuň täsirini ýetirýär. Kaşaň ybadathanalar, dabaraly çäreler, tylladan nuruny saçyp duran sypalar, gymmat bahaly zatlar bilen bezelen gabyrhanalar, aňrybaş suratkeşleriň çeken suratlary, mermer heýkeller, aňrybaş saz - bu zatlaryň hemmesi ajaýyplyk duýgusyny döredýär. Organyň çuň hem şirin mukamy aýdymçylaryň sesleri bilen garyşyp, gözel ybadathanalar toplumlarynda ýaňlanýar-da, ol ýerdäkileriň ýüreklerini mähirden hem mukaddeslikden doldurýar we hiç kimi biperwaý goýmaýar. BG 461.3

Bu daşky ajaýyplyk, ýalkymlar we günä zerarly basmarlanylýan kalplaryň arzuwlarynyň üstünden gülmeden başga hiç zat bolmadyk dabaralaryň içki taýdan çüýremä şaýatlyk edýändigi göze görnüp durandyr. Mesihiň dini özüne beýle çişirilen lybasyň geýdirilmegine mätäç däldir. Haçdan çykýan nurda hakyky mesihilik şeýle arassa hem söýgüden doly bolup durýar welin, daşky bezegleriň hiç birem onuň hakyky gymmatyny ulaldyp bilmeýär. Mukaddesligiň gözelligi, tabyn hem sessiz ruh - ine, Hudaýyň öňünde näme gymmat eken. BG 462.1

Daşky ýalpyldy arassa hem beýgeldilen pikir hakda gürrüň bermeýär. Sungata ýokary derejede düşünmeklik, sungatyň inçe hem aňrybaş lezzetini bilme - bu zatlaryň hemmesi köplenç duýgurlyk hem bibaşlyk bilen goňşulylykda bolýar. Adamlara kalbyň talaplaryny äsgermezçilik etmäge, geljegi, ebedi ýaşaýşy unudyp, özüniň ebedi Kömekçisinden ýüz öwürmäge hemde diňe bu dünýä üçin ýaşamaga mejbur etjek bolup, şeýtan şunuň ýaly serişdelere ýüz urýar. BG 462.2

Täzeden dogulmadyk ýürek diniň daşky görnüşleri bilen gyzyklanmaga ukyplydyr. Katolik Ybadatnananyň ajaýyplygy hem dabaralary eýýäm köpleri azdyran aladawa salyjy, jadylaýjy güýje eýedir. Şonuň üçin adamlar Rim—katolik ybadathanasyna jennetiň derwezesi hökmünde garap başlaýarlar. Diňe hakykatyň fundamentinde ýerleşenler we ýürekleri Hudaýyň Ruhy tarapyndan täzelenenler bu täsir üçin elýetmezekdirler. Mesih barada praktiki şahsy bilimi bolmadyk müňlerçe adamlar takwalygyň güýjüni däl-de, diňe daşky görnüşini kabul edýärler. Hut şonuň ýaly dine köplere ýaraýar. BG 462.3

Katolik Ybadathananyň günä bagyşlamaga özüniň hukugynyň bardygyny aýdýandygy sebäpli, onuň tarapdarlary arkaýyn günä etmek bolýandyr diýip pikir edýärler. Günäňe toba etme däbi, ýagny tobasyz bagyşlama berilmeýän däbi hem, erbetlik etmäge azatlyk berýär. Günäli adamyň öňünde dyza çöküp, oňa iň gizlin pikirlerini we ýüregiň meýillerini açýan adam şeýle etmek bilen özüniň ynsanlyk mertebesini hem kalbyň iň gowy joşgunlaryny peseldýär. Ruhanynyň - günäkär, ýoldan çykan ölümli adamyň, köplenç ýagdaýlarda arakhorluga we azgynçylyga baş goşan ynsanyň - öňünde öz günäleriňi açmak bi len adam özüne bolan talaplylygy peseldýär-de, netijede murdar bolýar. Onuň Hudaý baradaky düşünjesi günäli adamyň keşbine syrygýar, sebäbi ruhany Hudaýyň wekiliniň rolunda çykyş edýär. Bir adamyň başga bir adamyň öňündäki kemsidiji günäni boýun alyş däbi dünýäni çüýredýän we ony gutarnykly ölüme itekleýän erbetligiň syzyp çykýan ep—esli böleginiň syrly çaşmasy bolup durýandyr. Şeýle-de bolsa, özüne ýaranmagy gowy görýän adama Hudaýyň öňünde ýüregini açandan, ölümli adamyň öňünde günälerini boýun almaklyk has aňsat, ýakymly hem oňaýly bolýar. Günäden ýüz öwrenden, ybadathana temmisini kabul etmeklik adam tebigaty üçin has aňsatdyr. Özüniň ten höweslerini haça çüýläninden, jul geýmeklik, özüni gamçylama we beýleki gynamalara duçar etmeklik adama aňsat bolýar. Ten höwesli ýürek Mesihiň boýuntyrygy astynda baş egenden, agyr ýük götermäge taýýar bolýar. BG 462.4

Katolik ybadathanasy bilen Mesih Birinji gezek gelen döwründäki ýehudy ybadathanasy täsin ýagdaýda meňzeşdir. Ýehudylar daşyndan ençe, ýagny kanuna tabyn bolmany gynaýjy hem agyr edýän düzgünler hem däpler kynlaşdyryp, islendik duýduryşy ylhas bilen goraýan ýaly bolsalarda, gizlinlikde Hudaýyň Kanunynyň her bir prinsipini depgi1eýärdi1er. Kanuna hormat goýýandyklaryny aýdýan ýehudylar ýaly, katoliklerem, haçy sylaýandyklaryny aýdýarlar. Olar Mesihiň görgüleriniň nyşanyny beýgeldýärler, şol bir wagtyň özündede, özleriniň durmuşynda onuň üstünde haça Çüýlenilenden ýüz öwürýärler. Haç daşky taýdan hemme ýerde-de, beýgeldilen we sylanylýar. Ýöne Mesihiň taglymaty manysyz däpleriň, ýalan düşündirişleriň we zalym düzgünleriň üýşmeginiň astynda jaýlanylanlygyna galýar. Halasgäriň fanatik ýehudylara gönükdirilen sözleri Rim - katolik ybadathanasynyň ýolbaşçylaryna hasda degişlidir: “Olar agyr, götermesi kyn ýükleri baglap, adamlaryň gerşine goýýandyrlar, ýöne özleri bu ýükleri götermek üçin bir barmaklaryny hem gymyldatmak isleýän däldirler” (Matta 23:4). Päk wyždanly adamlary hemişe kemsidilen Hudaýyň gazabynyň öňündäki gorkuda saklaýarlar, emma ybadathana iýerarhlarynyň özleri welin, kaşaňlykda ýaşaýarlar we duýguly lezzetlere berilýärler. BG 463.1

Heýkellere we mukaddeslere tagzym etmeklik, mukaddesleriň goragy, papany beýgeltmek - bu zatlaryň hemmesi şeýtanyň halkyň ünsüni Hudaýdan we Onuň Oglundan sowmaklyga gönükdiren duzaklarydyr. Adamlary ölüm uçudyndan iteklemäge synanyşanda, şeýtan olaryň ünsüni özlerini halas edip biljek ýeke - täk Rebden sowmak üçin elinde baryny edýär. Şeýtan adamlara: “Eý argynlar, agyr ýüklüler, Menih ýanyma geliň, Men size dynçlyk bereýin” (Matta 11:28) Diýeniň ýerine geçip biljek zatlaryň hemmesiniň ýanyna iberip biler. BG 463.2

Şeýtan hemişe Hudaýyň häsiýetini, töwereginde beýik göreş alnyp barylýan günäniň tebigatyny ýalan görnüşde görkezmek isleýär. Şeýtan özüniň mekir gep gezdirijiligi bilen adamyň Hudaýyň Kanunynyň öňündäki jogapkärçiligini azaltmaga we özleriniň günä etmäge hukugynyň bardygyna ynandyrmaga dyrjaşýar. Şol bir wagtyň özünde-de şeýtan adamlary Hudaý baradaky ýalan düşünjelere ynandyrýar welin, adamlar Hudaýdan gorkup we Ony gowy görmegiň deregine ýigrenip başlaýarlar. Şeýtan Yaradana öz zalymlygyny degişli etjek bolýar. Ol dini taglymatlarda we sežde ediş görnüşlerinde öz beýanyny tapýar. Şeýlelikde, adamlar ruhy taýdan kör bolýarlar, şeýtanam olary özüniň Hudaýa garşy alyp barýan urşunda öz hyzmatdaşlaryna öwürýär. Hudaýyň häsiýetleri hakdaky ýoýulan düşünjeler butparazlary hudaýlaryň rehimini getirmek üçin adam pidalarynyň zerurdygyna bolan ynama alyp bardy, şeýdip, dürli butparazlyk tagzym etmeleriniň dürli görnüşleriniň örtgüsi astynda eýmenç zalymlyk ebedileşdirildi. BG 463.3

Özünde butparazlyk bilen mesihiligi birikdirýän Rim - katolik ybadathanasy Hudaýyň häsiýetini ýoýýan butparazlar ýaly, az bolmadyk derejedäki ýigrenji zalymlyga ýüz urdy. Papalygyň hökümdarlygy döwründe Ybadathana gynama gurallarynyň kömegi bilen öz ynam taglymatyny öňe sürdi. Onuň talaplaryna tabyn bolmakdan ýüz öwrenlere bolsa, otda ýanma garaşýardy. Parçalamalar şeýle giň gerim bilen geçirildi welin, şonda ölenleriň sany diňe sud gününde açylar. Ybadathananyň ýokary wezipedäkileri şeýtanyň gybatçylygy bilen olaryň pidalaryna iň zalymçylykly ezýetleri beren gynama gurallaryny döretdiler, ýöne barybir ýaşaýyşdan mahrum edip bilmediler. Dowzahy, wagşyçylykly gynamalar adam çydap bilýänçä gaýtalandy, soň welin, organizm göreşmekden boýun gaçyranda, görgi görýän adam ölümi uzak garaşylan gutulyş hökmünde kabul etdi. BG 464.1

Rimiň garşydaşlarynyň hemmesine şunuň ýaly takdyr garaşýardy. Onuň Ybadathanasynyň tarapdarlarynyň üstünde gazaply düzgüniň, surnukdyryjy orazanyň we her hili özüňi gynamalaryň gamçyzy asylgy durdy. Gögüň mährini gazanjak bolup, toba gelen günäkärler tebigatyň kanunyny depgilemek bilen Hudaýyň Kanunyny bozdular. Adama Hudaýyň şatlyk hem bagt üçin ýaradan zatlarynyň hemmesinden ýiiz öwürmegi öwretdiler. Ybadathana gonamçylyklarynda ýerdäki haýsydyr bir duýgy bilen Hudaýyň gaharyny getirmejek bolup, tebigy meýilleri, ysnyşygy we duýgudaşlyk duýgusy bilen biderek göreşen adamlaryň millionlarçasy jaýlanylandyr. BG 464.2

Şeýtanyň Reb hakda hiç haçan eşitmedik adamlaryň arasynda däl-de, mesihi ligin edil ýüreginde we onuň ähli çäkleride tutuş ýüzýyllyklaryň dowamynda görnen sowukganly zalymlyga düşünmek üçin katoliklikligiň taryhyna bir gezek nazar aýlamak ýeterlikdir. Hudaýy abraýdan düşürmek we adamzady gözgyny ýagdaýa alyp barmak bilen garaňkylygyü patyşasy öz maksadyna ýalanyň wagşyçylykly sistemasynyň üsti bilen ýetdi. Şeýtanyň öz ýüzüne maska tutmakda we Ybadathana ýolbaşçylarynyň üsti bilen hereket etmekde nähili üstünlik gazanandygyny görsek, onda onuň Mukaddes Kitaba bolan beýik ýigrenjiniň sebäplerina gowy düşüneris. Eger Mukaddes Kitaby öwrenseler, onda rehimdarlyk bilen Hudaýyň söýgüsi açylýar, Hudaýyň hiç kimiň üstüne güýç bilen agram atmaýandygy derrew düşnükli bolar. Hudaýyň adamdan bar soraýan zady - bu tabyn, toba gelen ýürek we kiçigöwünli hem peseldilen ruh. BG 464.3

Mesih Öz göreldesi bilen ebedi ýaşaýşa taýýarlanmak üçin adamlara özlerini monastyrlarda gabamalydygyny öwretmedi. Ol hiç haçanam adamyň özündäki söýgi hem rehimdarlyk ruhuny basyp ýatyrmalydygyny aýtmady. Halasgäriň ýüregi hemişe söýgüden doludy. Adam ahlak kämillige näçe köp ýakynlaşsa, ol şonça-da inçelik bilen duýar, günäni duýuşy şonça-da ýiti bolar, jepa çekýänlere şonça-da doly duýgudaşlyk görkezer. Papa özüniň Mesihiň ýerdäki wekilidigini aýdýar, ýöne ol biziň Halasgärimiz bilen deňeşdirilmä döz gelip bilermikä? Eýsem, Mesih Öztine Gökdäki Patyşa hökmünde hormat goýmadyklary zyndana saldyrdymy ýa-da kimdir birini gynamaklyga berdimi? Özüni kabul etmek islemedikleri ölüme höküm etdimi? Bir gezek samariýanyň bir obasynyň ýaşaýjylarynyň Oňa sylaşyksyz hereket edendikleri üçin ýigrençden dolan Ýahýa: “Ýa Reb! Olary heläk etsin diýip, Ylýasy edişi ýaly Gökden ot ýagdyrmagymyzy isleýärsiňmi? ” diýip ýüzlendi. Emma Isa Öz şägirdine duýgudaşlyk bilen seretdi-de, ony zalymlykda aýyplap: “Ynsan Ogly adamlary heläk etmäge däl-de, halas etmäge geldi” (Luka 9:54, 56) diýdi. Mesih Özüniň hyýaly ýerdäki wekiline nähili meňzeş däl eken! BG 465.1

Bu gün rim Ybadathanasy geçmişdäki elhençlikleri üçin ötünç sorap, dünýäniň öňünde owadan ýüz ýasap goýýar. Ýöne ol mesihilik lybasyny geýinýän bolsa-da, tebigaty öňküligine galýandyr. Papalygyň garaňky orta asyrlar döwründe bar bolan prinsipleriniň hemmesem şu wagt hem bar. Orta asyrlarda işlenilip düzülen taglymatlar şu wagta çenli-de ýaşap gelýär. Goý, hiç kim aldanmasyn. Biziň günlerimizdäki protestantlaryň el uzatmaga taýýar bolan papalygy Reformasiýa döwründäkisi, Hudaýyň adamlarynyň janlaryna abanýan howp içinde onuň kanunsyzlygyny paş etmek üçin aýaga galan döwründäkisi ýalylygyna galandyr. Ol şol bir tekepbirligini, şol bir tekepbir talaplaryny, ýagny özüni islendik patyşalyk we döwlet häkimiýetinden ýokary tutan we Rebbiň hukugyna özüne göwniýetme bilen dalaş etmäge meýillendiren talaplaryny saklap gelýär. Ondaky hökümdarlyk edýän ruh adam azatlygyny depgilän we Hudaýyň mukaddeslerini öldüren şol zalymlykdan we wagşylykdan hiç zatda-da tapawutlanmaýar. BG 465.2

Papalyk pygamberlikde soňky günlerdäki imandan dänme hökmünde atlandyrylan zatdyr (2 Selanikliler 2:34 serediň). Papalygyň syýasaty juda çeýedir, ol özüne öz maksatlaryny amala aşyrmaga iň gowy tärde ýardam etjek görnüşi bermäge dyrjaşýar, ýöne hameleonyň her bir reňkiniň astynda ýylan zäheriniň üýtgewsiz ölüm getirijiligi gizlenendir. Papaçylar: “Ýeretiklere we ýeresde şübhelenilýän adamlara beren wadaňy ýerine ýetirmek gerek däldir” diýýärler. Taryhy müňýyllyklaryň dowamynda mukaddesleriň gany bilen ýazylan häkimiýet Mesihiň Ýygnagynyň bir bölegi hasaplanylyp bilnermi? BG 466.1

Protestant ýurtlarynda biziň günlermizde katolikligiň protestantizmden geçmişdäki Ýaly tapawutlanmaýandygyny esassyz aýtmaýarlar. Hawa, dogrudanam, özgerlişikler bolup geçdi, ýöne papalykda däl. Katoliklik köp zatda häzirki zaman protestantizmi bilen gysylyşýar. Munuň şeýle bolýandygynyň sebäbi protestantizmiň öz reformator atalary bilen deňeşdireniňde, juda pese düşendigindedir. BG 466.2

Protestant ýygnaklarynyň dünýäniň göwnünden turjak bolmaga dyrjaşýandygy sebäpli, şol ýalan mylaýymlyk olaryň gözlerini gapdy. Olar her bir erbetlige ýagşylyk bilen garamaly däldigine düşünmeýärler. Netijede olar her bir ýagşylygy erbetlik hasaplarlar. “Mukaddeslere bir gün berlen imany” goramagyň we tarapyny çalmagyň deregine, olar Rimiň öňünde ýol berlen gödeklikleriň hemmesi üçin ötünç soraýarlar we özleriniň fanatizmi üçin bagyşlama soraýarlar. BG 466.3

Katoliklige hatda duşmançylykly garaýanlaram onuň güýjünde we täsirinde jemlenen howpy doly görnüşinde örän az göz öňüne getirýärler. Orta asyrlar döwründe agdyklyk eden intellektual hem ahlak garaňkylygynyň ybadathana dogmalarynyň, ters pikirleriniň we ybadathana süteminiň ýaýramagyna ýardam edendigini köp adamlar nygtap aýdýarlar. Emma olar indi sowatlylygyň, medeniýetiň we dini meselelerdäki liberalizmiň çydam etmezligiň we zalymlygyň gaýtadan dikelmegine ýol bermejekdigini aýdýar. Hawa, biziň ösen asyrymyzda munuň ýaly zadyň mümkin bolmagy baradaky pikiriň özi gülkünç ýaly bolup görünýär. Biziň neslimiziň ylym, ahlak we dini ulgamlarda beýik nur bilen ýagtyldylandygyna hiç kim garşy çykyp bilmez. Hudaýyň Mukaddes Sözüniň sahypalaryndan dünýäniň üstüne gögüň nurunyň akymlary indi. Ýöne bir zady hiç haçan ýatdan çykarmaly däldir: nur näçe ýagtylyk bilen şöhle saçsa, nury ýoýýanlar we inkär edýänler üçin bolan garaňkylyk şonça-da goýy bolar. BG 466.4

Eger protestantlar Mukaddes Kitaby öwrenmeklige doga edip girişen bolsalar, onda papalygyň hakyky häsiýetini görerdiler-de, ondan ýigrenç bilen yza serpilerdiler, ýöne ençe adamlar özleriniň akyldarlygyna juda ynamly bolansoňlar, hakykata akyl ýetirmek üçin tabynlyk bilen Hudaýy gözlemeklige hiç hili mätäçligi duýmaýarlar. Olar özleriniň bilimliligine guwanýan bolsalarda, Mukaddes Ýazgynam, Hudaýyň güýjünem bilmeýärler. Olar diňe özleriniň wyždanyny köşeşdirýän zada ymtylýarlar, ruhulygy we tabynlygy az talap edýän zatlaryň hemmesi olara ýaraýar. Olar Hudaýy ýatdan çykarmak isleýärler-de, Ony ýatda saklaýan ýaly görnüşe girýärler. Şonuň üçin papalyk olaryň tamalaryny kanagatlandyrmak üçin gaty gowy gabat gelýär. Papalyk adamlaryň bütin dünýäni diýen ýaly düzüp duran iki görnüşiniň: şahsy tagallalarynyň üsti bilen halas bolmaga umyt baglaýanlaryň we günäsi içinde halas edilendigine ynanýanlaryň talaplaryna jogap berýärder. Papalygyň meşhurlygynyň bar syry şunda hem jemlenendir. BG 466.5

Görkezilip geçilişi ýaly, çuň nadanlyk döwri papalygyň üstünlikli ösüşine ýardam etdi. Tizara beýik bilimliligiň hem, edil şonuň ýaly ýagdaýda oňa gowy täsirini ýetirjekdigi göze görner. Adamlaryň Hudaýyň Sözüni hem hakykaty bilmän maksatsyz durmuşda ýaşan geçen asyrlarynda olar kördüler, şonuň üçin müňlerçe adamlar öz ýollarynda goýlan duzaklary görmän, duzaga düşdüler. Biziň neslimiziň içinde-de, “ýalan atly bilim” diýlip atlandyrylýan adam toslamalarynyň öwüşginine göziini gapdyrypdyr. Olar öňlerindegoýlantorlarygörmän,edilkör ýaly, torlara aňsatlyk bilen çolaşýarlar. Hudaýyň maksady boýunça adam öz aklynyň güýjüni Ýaradanyň sowgady hasaplap, ony dogrulyga hem hakykata bagyş etmelidir, ýöne tekepbirlik bilen ulumsylygyň adamlary öz teoriýalaryny Hudaýyň Sözünde ýokary tutmaga meýillendirende, bilimlilik nadanlykdan beter zelel getirip biler. Şeýdip, Mukaddes Kitaba bolan ynamy ýok edýän häzirki zaman ýalan ylmy, edil orta asyrlarda nadanlygyň papalygyň beýgeldilmegine ýardam edişi ýaly, papalygy bar özüne çekiji däpleri bilen bilelikde kabul etmek üçin ýoly arassalamakda diýseň iistünlikli hereket edýär. BG 467.1

Birleşen Ştatlarda döwlet häkimiýetiniň goldawy bilen ýygnak pudaklaryny üpjün etmäge çalşyp, protestantlar katolikleriň yzy bilen barýar. Munuň üstesinede, olar protestant Amerikasynda köne döwürde ýitiren häkimligini dikeltmäge papalyga mümkinçilik açýarlar. Bu herekete onuň esasy maksady, has takygy, ýekşenbe gününi - gelip çykyşy boýunça Rime borçly bolan, katolik Ybadathanasynyň öz ygtyýarynyň nyşany hasaplan adatyny - hökman berjaý etmäni girizmeklik bu herekete has uly ähmiýet berýär. Hut papalygyň ruhy -dünýewi adatlar bilen ylalaşmaklyk, adam tymsallary ny Hudaýyň tabşyryklaryndan ýokary tutmaklyk - protestant ýygnaklaryna böwsüp girýär-de, edil papalygyň ozal edişi ýaly, ýekşenbe giinüni beýgeltmäge we hormatlamaga meýillendirýär. BG 467.2

Eger okyjy geljek göreşe nähili güýçleriň çekiljekdigine düşünmek islese, onda, goý, ol geçen ýüzýyllyklarda öz maksadyna ýetmek üçin Rimiň nähili serişdeleri ulanandygyna üns bersin. Gadyrly okyjy, eger sen katolikler bilen protestantlar birigip, özleriniň taglymatlaryny inkär etjeklere nähili darajakdyklaryny bilmek isleseň, onda Rimiň sabat gününe we onuň goragçylaryna nähili garaýandygyna seret. BG 468.1

Korollyk permanlary, bütindünýä soborlary dünýewi häkimiýet tarapyndan goldanylýan ybadathana kararlary bu butparaz baýramçylygyň hormatly derejä ýetmek üçin ýokary galan basgançaklary boldy. Ýekşenbäni hökmany berjaý etmäni berkidýän ilkinji köpçülikleýin akt Konstantiniň 321-nji ýylda çykaran kanuny bolupdy. Bu kanun şäher ýaşaýjylarynyň “günüň hormatly gününde” dynç almaklaryny talap edýär, ýöne daýhanlara meýdan işleri bilen meşgullanmaga rugsat berilýärdi. Bu baýramçylygyň butparaz gelip çykyşy bar bolsa-da, mesihiligi formal kabul eden imperator tarapyndan tassyklanyldy. BG 468.2

Hudaýyň abraýyny çalyşmak üçin imperatoryň karary ýeterlik bolmady, şonuň üçin tizara rim ýepiskopy, Konstantiniň ýakyn dosty hem gadyrdany, knýazlaryň göwnünden turjak bolup ýören Ýewsewiý sabady ýekşenbe gününe Mesihiň Özüniň geçirendigini aýtmaga başlaýar. Yöne bu ýagdaý Mukaddes Ýazgynyň ýekeje teksti bilenem tassyklanylmady. Ýewsewiýiň özi öz aýdýanlarynyň ýalandygyny biygtyýar boýun alýar-da,bu üýtgeşmeleriň hakyky awtorlarymy görkezýär. Ol: “Sabat gününde etmeli bolan zatlaryň hemmesini biz Rebbiň gününe geçirýäris” diýdi. Yekşenbe gününiň bähbidine bolan delil her neneň esassyz bolsa-da, ol adamlara Rebbiň sabat gününi depgilemäge batyrlyk berdi. Şonuň üçin dünýäniň hormatyny gazanmaga dyrjaşanlaryň hemmesi meşhur baýramçylygy kabul etdiler. BG 468.3

Papalyk ygtyýary berkedigiçe we ornaşdygyça, ýekşenbe gününiň ähmiýetem ulaldy. Adamlar birnäçe wagtlap adamlar, ybadathana barmadyk wagtynda, meýdan işleri bilen meşgullandylar, emma ýedinji güni welin, sabat güni hkmünde hemmeler hormatladylar. Şeýle-de bolsa, ýuwaş - ýuwaşdan özgerişler bolup geçdi. Mukaddes gullugy edýänlere haýsydyr bir raýatlyk işleri boýunça ýekşenbe gününde karar çykarmaklyk gadagan edildi. Tizara ähli gatlaga we derejelere degişli bolan adamlaryň hemmesine bu günde nähilidir bir iş etmegi gadagan edýän kanun çykaryldy. Bu kanun bozulan ýagdaýynda azat raýatlara pul jerimesi salynýar, gullar bolsa gamçylanylýar. Soňrakky çykan permana laýyklykda ýekşenbe günleri iş edendigi üçin baý adamlar özleriniň emläginiň ýarysyndan mahrum bolupdyrlar. Eger barybir olar özleriniň diýenini edip, kejirlik etmesini dowam etdirseler. onda olar gulçulyk garaşypdyr. Aşak gatlagyňkylar ömürlik sürgünlere höküm edilipdirler. BG 468.4

Oýlanylyp tapylan gudratlaram.herekete girizilipdir. Gudratlar baradaky gürrüňleriň arasynda ýekşenbe giini ýerini sürjek bolup, bir ýer eýesi azaldan demir bölejigi bilen kesekleri aýryp durka, şol demir bölejiginiň onuň eline sanjylandygy, ony çekip aýyrmagyň mümkin bolmandygy, şonuň üçin ony “masgara bolup, iki ýylyň dowamynda elinde göterip ýörendigi hakdaky gürrüňem bardy. BG 469.1

Soňrak papa monastyrlaryň ruhanylaryna ýekşenbe gününiň asudalygyny bozujylara nesihat bermegi hem-de özleriniň we ýakynlarynyň başyna bela indermez ýaly, ybadathana baryp doga etmäge ynandyrmagy buýruk berýär. Ybadathana sobory ýekşenbäniň peýdasyna bolan delili öňe sürdi. Ol soňy bilen protestantlaryň arasynda-da meşhur boldy. Ol ýekşenbe günlerinde işleýän adamlary ýyldyrymyň urýandygy sebäpli, bu güni sabat gün hasaplamagyň gerekdiginde jemlenendi. Ruhanylaryň ýolbaşçylary: “Rebbiň Öz gününi äsgermezçilik edýänleri ýigrenýändigi göze görnüp dur” diýýärdiler. Ondan soň, ähli ruhanylary, gullukçylary, monahlary, knýazlary hem imanlylary “bu güne özüne gelişýän hormaty gaýtaryp bermek iiçin we mesihilik ynamynyň hatyrasy üçin ony mundanda, artyk wepalylyk bilen berjaý etmeklige tagalla baryny etmäge hem dyrjaşmaga” çagyrdylar. BG 469.2

Yöne soborlaryň görkezmeleriniň ýeterlik bolmandygy sebäpli, ybadathana kömek sorap, dünýewi häkimiýete ýüz tutdy. Munuň netijesinde, jezalandyrylma gorkusy astynda halky ýekşenbe güni bar işini bes etmäge mejbur eden perman çykdy. Rim sinodynyň mejlisinde gelnen kararlaryň hemmesi dabaraly tassyklanyldy. Olar ybadathana kanunynyň bir bölegi boldy, şonuň üçin raýatlyk häkimiýeti tarapyndan berkidilip, bütin mesihilik dünýäsine mejbury dakyldy. BG 469.3

Şeýle-de bolsa, ýekşenbe gününi baýramçylyk etmäniň peýdasyna Mukaddes Kitap subutnamalarynyň ýok bolmagy az kynçylyklary döretdi. Halk öz halypalarynyň Ýehowanyň: “Ýedinji gün - Rebbiň Hudaýyň sabat günüdir” diýlip, aýdyň beýan edilen talaplaryny äsgermezçilik etmäge hem-de günüň gününi baýramçylyk etmäge hukugynyň bardygyna şübhelendi. Nähili hem bolsa bir usul bilen Mukaddes Kitap şaýatlyklarynyň ýoklugynyň öwezini dolmaklyga zerurlyk döredi .XII asyryňahyrlarynda iňlis ýygnaklaryna ýekşenbe gününiň ölemen goragçylarynyň biri barýar. Ýöne hakykatyň wepaly şaýatlary tarapyndan aýgytly garşy çykmalara duş gelip, hiç hili üstünlik gazanmansoň, ol has ynandyryjy subutnamalary gözläp, ýurtdan wagtlaýynça gitdi. Tizara ol ýene-de Angliýa üstünlik gazanma umydy bilen gaýdyp geldi-de, uly üstünliklere eýe boldy. 01 özi bilen hamala Rebbiň Özüniň ýazan ýekşenbäni mukaddes saklama baradaky buýrugyny içinde saklaýan pergamenti, şeýle hem, muny etmekden ýüz öwürýänleriň adyna aýdylan gorkunç haýbatlar bilen gaýdyp geldi. (Pergament - kagyz çykmazyndan öň hat ýazmak üçin ulanylan göle hamyndan taýýarlanylan material hem-de şeýle materiala ýazylan golýazma). Yigrenji galplykdan başga hiç zat bolmadyk bu “gymmatly dokumentde” onuň gökden düşendigi we Iýerusalimde mukaddes Simeonyň Golgotadaky gurbanlyk sypasynyň üstünden tapylandygy gürrüň berilýär. Yöne aslyýetinde bu ýalan Rimde papanyň köşgünde doguldy. Papalyk iýerarhiýasy ähli döwürleriň dowamynda islendik serişdeler bilen öz ygtyýaryny we Ybadathananyň abadançylygyny berkitmek üçin kezzaplyga hem her hili galplyklara ýüz urdy. BG 469.4

Pergamentde işi sagat dokuzdan, ýagny gündiz sagat üçden sabat giini gün ýaşýança, bes etmelidigi baradaky talap bardy. Munuň ýaly talaby ýerine ýetirme zerurlygy telim gudratly wakalar bilen esaslandyrylýardy. Mysal üçin, sabat gününde sagat üçden soň işlän adamlaryň ysmaz bolandygy habar berilýärdi. Däne üwäp duran haýsydyr bir degirmençi unuň deregine ganyň çykandygyny görenmişin. Şonda suwuň basyşynyň güýçlüdigine garamazdan, degirmeniň tigirleri saklananmyşyn. Yekşenbe güni güýçli gyzan pejiň içine hamyr goýan aýal ony çigligine çykaryp alanmyşyn. Beýlekisi bolsa, hamyr taýýarlandan soňam, ýekşenbe gününiň girendigini görende, ony duşenbe gününe çenli goýanmyşyn. Ertesi gün olaryň ikisem, Hudaýyň güýji bilen öz çöreginiň bişendigini, hatda böleklere-de bölünendigini görenmişler. Sabat gününde sagat dokuzdan soň, çörek bişiren biri çöregini döwüp alanda, ondan ganyň akandygyny görenmişin. Bolgusyz hem yrymçyl galplygyň kömegi bilen ýekşenbe gününiň goragçylary onuň mukaddesligini subut etmäge çalyşdylar. BG 470.1

Şotlandiýada hem, edil Angliýadaky ýaly, oňa gadymy sabadyň bir böleginiň goşulandygynyň arkasyndan ýekşenbe gününe uly hormat goýmaklyk gazanyldy. Ýöne mukaddes hasaplanylan wagt üýtgedi. Şotland koroly tarapyndan: “Mukaddes wagt sabat güni günortan sagat 12 başlanýar, şonuň üçin şol pursatdan başlap, duşenbe günüň ertirine çenli dünýewi işleri etmäge hiç kimiň haky ýokdur” diýen dekret çykaryldy. BG 470.2

Yöne ýekşenbäniň mukaddesligini subut etjek bolup, tagalla baryny edýändiklerine garamazdan, papaçylaryň özleri sabadyň Hudaý tarapyndan berlen mertebesini we onuň deregine gelen adam tarapyndan döredilen täze baýramçylygyň mertebesini özleri köpçülikleýin ykrar etdiler. XVI asyrda papalyk maslahaty: “Mesihileriň hemmesi ýedinji günüň Hudaý tarapyndan mukaddes edilendigini bilmelidirler. Biz olaryň sabadyny Rebbiň gününe geçiren bolsagam, bu güni diňe bir ýehudylar däl-de, eýsem, Oňa gulluk eden adamlaryň hemmesem hormatladylar we ýerine ýetirdiler” diýdi. Hudaýyň Kanunyny aýak astynda depgilänler öz işiniň häsiýeti babatda habarsyz galdylar. Olar özlerini akyl ýetirip, Hudaýdan ýokary tutdular. BG 470.3

Bir bölegi sabat gününi berjaý edýän Waldensleriň uzak hem gandöküşikli yzarlanylmasy Rimiň başgaça pikir edýänlere bolan garaýşynyň haýran ediji illýustrasiýasy bolup durýandyr. Dördünji tabşyryga wepaly bolandygy üçin töleg tölän başga-da adamlar bardy. Efiopiýa ýygnagynyň taryhy bu babatda aýratyn gyzyklanma döredýär. Garaňky orta asyrlar döwründe Merkezi Afrikanyň mesihileri ençeme ýüzýyllyklaryň dowamynda ünsden düşündirdi, dünýä tarapyndan unudyldy,şolsebäpdenem, iman wagyz etme azatlygyndan peýdalandyrlar. Ahyrsoňunda Rim olaryň bardygyny bilip, aldaw ýoly bilen imperator Abissiniýany papany Mesihiň ýerdäki wekili hökmünde ykrar etmäge mejbur etdi. Bu eglişikden soň, başgada eglişikleriň hatarlary geliberdi. Iň gazaply jezalar bilen haýbat atyp, sabat gününi baýramçylyk edip bellemeklik gadagan edilýän perman çykdy. Ýöne tizara papalygyň zalymlygy çekerden çökder gelip başlady welin, afrikalylar ony agdarma kararyna geldiler. Eýmenç göreşden soň olar özleriniň mülklerinden kowdular, şeýdip, gadymky iman täzeden doguldy. Imanlylaryň hemmesi Rimiň zalym hem fanatik hökümdarlygynyň beren ajy sapagyny hiç haçan ýatdan çykarman azatlygy täzeden gazandylar. Olarda beýleki mesihi dünýäden uzakda ýaşaýandyklaryna begenmäge esas bardy. BG 471.1

Afrikan Ýygnagy papaçylygyň imandan doly dänýänçä edişi ýaly, sabat gününi berjaý etdiler. Olar Hudaýyň tabşyrygyna laýyklykda ýedinji güni mukaddes edýän bolsalarda, ýekşenbe güni-de, işlemeýärdilerde, bu babatda ybadathananyň kararlaryna meňzeş bolýardylar. Çäklendirilmedik ygtyýary ele almak bilen Rim Hudaýyň sabat gününi depgiläp, onuň deregine öz gününi mejbury belletdi. Ýöne müňe golaý ýyllap bilinmän galmak başardan afrikan ýygnaklary imandan dänme ýoluna düşmediler. Rimiň ygtyýary astyna düşmek bilen olar hakyky sabady galp sabat bilen çalyşmaga mejbur boldular, emme tiz wagtyň içinde ýitirilen garaşsyzlygy yzyna gaýtaryp aldylar-da, ýene dördünji tabşyrygy ýerine ýetirip başladylar. BG 471.2

Bu taryhy faktlar Rimiň hakyky sabady hem onuň goraýjylaryny ýigrenendigine hem-de öz döreden zadyny beýgeltmek üçin ulanýan serişdelerine şaýatlyk edýär. Hudaýyň Sözi geçmişdäki wakalaryň, ýekşenbäni bolmaly beýikligine çykarmak üçin katolikler bilen protestantlaryň birigen wagtynyň, gaýtalanýandygyny aýdýar. BG 471.3

Guzynyňky ýaly şahly janawar görnüşinde berlen hökümdarlygyň “Ýer ýüzüni we onda ýaşaýanlary” “barsa meňzeş janawar” görnüşinde berlen papalyga tagzym etmäge mejbur etjekdigini pygamberlik aýdýar (Ylham 13). Guzynyňky ýaly şahly janawaram ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň özlerine janawaryň keşbini etmelidiklerini” aýdar, soň hem, “kiçi hem ulularyň, baý hem garyplaryň, azat hem gullaryň” hemmesine “janawaryň tagmasyny” almagy buýruk berer (Ylham 13:1116). Birleşen ştatlaryň nyşany taýdan guzynyňky ýaly şahly janawar gömüşinde berlen hökümdarlyk bolup durýandygyny we bu pygamberligiň Birleşen Ştatlar Rimiň öz ygtyýarynyň aýratyn alamaty hasaplaýan ýekşenbe gününi hökman berjaý etme barada perman çykaran wagtynda ýerine ýetjegini biz eýýäm subut edipdik. Ýöne papalyga diňe ABŞda hormat goýulmaz. Birwagtlar Rimiň täsiri ykrar edilen ýurtlarda onuň ygtyýary durnuklylygyna galýar. Pygamberligem onuň hökümdarlygynyň dikeldiljekdigini welilik edip aýdýar: “Janawaryň başlarynyň birine öldürýän ýara degene meňzeýärdi. Yöne bu öldürýän ýara bitdi. Bütin dünýä täsin galyp, janawaryň yzyna düşdi” (Ylham 13:3). 1798-nji ýylda papalyga ölüm howply ýara salyndy. Bu bolsa, onuň ýykylmagyna alyp abrdy. Yöne pygamberiň aýdyşy ýaly, “Yöne bu öldürýän ýara bitdi”, bütin dünýäde, haýran galyp, janawaryň yzyna düşdi. Pawlus “günä adamsynyň” Mesih Ikinji gezek gelýänçä hereket etjekdigini kesgitli aýdýar (2 Selanikliler 2:3-8). Taryhyň iň soňky pursatyna çenli ol adamlary azdyrar. Ýahýa pygamberem, papalygy göz öňünde tutup: “Yer ýüzünde ýaşaýanlaryň bary, damagy çalnan Guzynyň ýaşaýyş kitabynda dünýä gurlaly bäri ady ýazylmadyk her ynsan oňa sežde eder” (Ylham 13:8) diýdi. Hem Köne, hem Täze dünýäde ýeke - täk Rim ybadathanasynyň abraýy bilen döredilen ýekşenbe gününi berjaý etmeklik papalyga hormat hem tabynlyk salgydy bolar. BG 471.4

XIX asyryň ortalaryndan bäri ABŞdaky pygamberlikleri öwrenijiler bu habary dünýä yglan edýärler. Häzirki döwürde bolup geçýän wakalar welilikleriň aýdýan zatlarynyň ýakynlandygyna şaýatlyk edýär. Protestant mugallymlary ýekşenbe gününi berjaý etmekligiň Hudaýyň buýrugy bilen tassyklanylandygyny aýdýarlar, ýöne Hudaýyň tabşyrygyny çalyşmak üçin her hili gudratlary oýlap tapan papaçylar ýaly, Mukaddes Kitap subutnamalaryny getirip bilmediler. Biz ýene-de, ýekşenbäni bozýanlaryň hemmesine Hudaýyň sudunyň garaşýandygy barada eşidýäris. Şoňa meňzeş haýbatlar eýýäm ýaňlanyp başlady. ýekşenbe gününi hökman baýramçylyk etme ugrundaky hereket tizlik bilen güýç toplaýar. BG 472.1

Rim Ybadathanasynyň syzgyrlygy hem mekirligi haýran galynmaga mynasypdyr. Wakalaryň gidişini öňden görüp, ol öz sagadyna sabyrlylyk bilen garaşyp, protestant ýygnaklarynyň ýalan sabady kabul edip. özüne eýýäm eglişik edişini, olaryň beýlekileri-de, katolikleriň geçen asyrlarda ulanan serişdelerini ulanyp, mejbur etmeklige ýuwaş - ýuwaşdan yrylýandyklaryny synlaýar. Hakykat nuruny inkär edýänler günleriň birinde özüniň günäsizligini yglan edýän, öz—özüne at berýän bu hökiimdarlyga, onuň özüniň döredenlerini beýgeltmek üçin ýüz tutarlar. Rim Ybadathanasynyň protestantlara kömek bermek üçin nähili höwes bilen howlukjakdygyny öňünden bilmekkyndäldir. Ybadathana tabyn bolmaýanlar bilen gepleşmegi papalygyň ýolbaşçylaryndan başga kim gowy başarar? BG 472.2

Rim - katolik ybadathanasy özüniň bütin dünýä ýaýran köp sanly şahalary bilen bilelikde papalyk tagtynyň gözegçiligi astynda bolýan we onuň bähbidine gulluk edýän ägirt uly guramany emele getirýär. Onuň ýer şaryndaky millionlarça tarapdarlaryna papada Ybadathananyň başyny görmeklik we oňa wepalylygy hem tabynlylygy saklamaklyk öwredilipdir. Olar özleriniň milletine hem raýatlygyna garamazdan, Ybadathanany hemme zatdan ýokary tutmaly. Olar özleriniň ýaşaýan ýurduna wepaly bolmaga kasam içip bilseler-de, Rime tabyn bolma kasamy olar üçin hemme zatdan beýikdir, şonuň üçin ol olary ybadathananyň bähbidi bilen bir ýere sygyşmaýan ähli borçlardan azat edýär. BG 473.1

Rim Yadathanasynyň halklaryň içki işlerine juda ussatlyk hem tutanýerlilik bilen goşulmagy başarandygyna we pozisiýasyny berkidip, hatda meşhur hem ýönekeý adamlaryň ölüminiň bahasy bilenem, öz maksadyny ýerine ýetirmäge başlandygyna taryh şaýatlyk edýär. 1204 —nji ýylda papa lnnokentiý III Aragoniýanyň koroly Pýotr ll-den aşaky adaty bolmadyk kasamy alyp bildi: “Men, Pýotr, Aragoniýanyň koroly, öz jenabyma - papa Inneketiýä, onuň katolik yzyny dowam etdirijilerine, rim Ybadathanasyna—hemişe wepaly hem diýen ediji bolmaga söz berýärin hem-de öz korollygymy papa gulak asyp saklamaklyga, katolik ynamyny goramaklyga we ýeretikleri yzarlamaga kasam edýärin”. Munuň ýaly kasam özüni “imperatorlary agdarmaga hukukly” we “özüne wepaly bolanlary özleriniň hudaýsyz hökümdarlarynyň öňündäki wepalylyk kasamyndan azat etmäge” hukukly hasaplaýan rim papasynyň talaplary bilen hemme zatdan-da, gowy ylalaşýar. BG 473.2

Rimiň öz durnuklylygyna buýsanýandygyny ýatdan çykarmak gerekdäldir. Grigoriý VII we Innokentiý III - iň esaslanan prinsipleri öňküsi ýaly, Rim - katolik ybadathanasynyň prinsipiligine galýar. Şol sebäpden hem, eger ol real ygtyýara eýe bolup biläýse, onda öňki gaýraty bilen şol prinsipleri geçmişdäkisi ýaly, durmuşa ornaşdyrardy. Yekşenbe gününi beýgeltme meselesinde Rimden kömek almagy planlaşdyrýan protestantlaryň özleriniň näme edýändigine düşünýändikleri gümanadyr. BG 473.3

Protestantlar bu maksadyny amala aşyrmaga gümra bolan wagtynda, Rim özüniň öňki ygtyýaryny we ýitirilen hökiimdarlygyny dikeltmäge dyrjaşar. ABŞ-daky ybadathanalar döwlet häkimiýetini ulanmagy ýa-da oňa gözegçilik etmegi, kanunyň güýji bilen dini däpleri girizmegi başaran badyna, bir söz bilen aýdanda, Ybadathana bilen döwlet wyždanyň üstünden ygtyýary öz eline alanda, Rim şol ýurtda ýeňiş bilen üpjün ediler. BG 473.4

Hudaýyň Sözi ýakynlaşyp gelýän howpy duýdurýar, şol sebäpdenem, eger protestant dünýäsi şol duýduryşlara üns bermese, onda tizara rim Ybadathanasynyň hakyky maksadynyn nähilidigini biler, ýöne eýýäm giç bolar. Katolik Ybadathana bildirmän güýç ýygnaýar. Onuň ygtyýary kanun çykaryjy ýygnaklarda, ybadathanalarda we adamlaryň ýüreklerinde duýulýar. Ajaýyp hem kaşaň binalar gurulýar. Olaryň gizlin labirintlerinde geçmişiň ganly taryhy gaýtalanýar. Katolik Ybadathana hiç hili şübhe döretmezden, göreşiň aýgytly pursaty gelende, gutarnykly zarba urmak üçin öz pozisiýasyny berkidýär. Oňa gerek bolan zat - bu bähbitli pozisiýadyr. Ybadathana şol pozisiýany eýeledem diýse bolar. Rim - katolik iýerarhiýasynyň niýetiniň nämeden ybaratdygyny biz tizara göreris we düşüneris. Hudaýyň Sözüne iman edýäne we oňa tabyn bolýana gazaply garalamalar we yzarlamalar garaşýar. BG 474.1