Beýik Göreş

7/51

3—Nji Bap.
Ruhy Garaňkylygyň Eýýamy

Resul Pawlus Selaniklilere ýazan ikinji hatynda papalyk häkimiýetiniň dikelmegi bilen tamamlanjak beýik imandan dänmäniň boljagyny öňünden aýtdy. 01: “... imandan dönme gelýänçä hikanun adam, heläkçilik ogly peýda bolýança, ol gun gelmez. Bu adam Hudaý diýilýän ýa-da çokunylýan her zada garşy durup, özüni hemmeden ýokary tutar, hatda Hudaýyň ybadathanasynda oturyp, öziini Hudaý diýip yglan eder” (2 Selanikliler 2:3-4) diýmek bilen şu wakalar amala aşýança, Rebbiň gününiň gelmejegini ýazdy. Munuň üstesine-de, resul “kanunsyzlyk gününiň eýýäm hereketdedigini” doganlara duýdurdy. Resul, baryp, mesihilik eýýamynyň irki döwürlerinde ýygnaga papalyga ýol taýýarlaýan ýalňyşlyklaryň aralaşýanyny gördi. BG 43.1

“Kanunsyzlyk syry” ilki gizlinlikde, bildirmän özüniň azdyryjy hem Hudaýa ysnat getiriji işini etdi, soň bolsa, kem - kemden güýjäp, gitdigiçe adamlaryň aňyny eýeledi. Butparaz däpler asla bilinmeýän ýagdaýda mesihilik Ýygnagyna girdi. Bu ylalaşma we ýol berme ruhy köp wagtlap, gazaply yzarlanmalarda saklandy. Yöne yzarlanmalar bes edilip, mesihilik patyşa howlusyna we otaglaryna girende, Mesihiň we Onuň resullarynyň sadalygyny we kiçigöwünliligini butparaz ruhanylarynyň we ýolbaşçylarynyň ulumsylygy hem tekepbirligi bilen çalyşdylar, Hudaýyň kanunlaryny bolsa, adam toslamalary hem rowaýatlary bilen çalyşdylar. IV ýüzýyllygyň başynda imperator Konstantiniň formal ýagdaýdaky ýüzlenmesi mesihileriň arasynda uly şatlyk döretdi. Şeýdibem, dünýewi täsir dogrulyk görnüşinde Ýygnagyň içine girdi. Ýygnak derrew dargamaga başlady. Daşyndan göräýmäge ýeňlen ýaly bolup görnen butparazlyk ýeňiş gazanan bolup çykdy. Onuň ruhy Ýygnagy gurşap aldy. Butparaz taglymatlar, däpler we yrymçyllygy özlerini Mesihiň yzyna eýerijiler hasaplaýanlaryň imany bilen birikdi. BG 43.2

Butparazlyk bilen mesihiligiň arasyndaky ylalaşyk pygamberlikde özüni Hudaýdan ýokary tutup, Hudaý bilen göreş alyp barjakdygy aýdylan “adam günäsiniň” peýda bolmagyna alyp bardy. Ýalan diniň bu beýik sistemasy şeýtanyň häkimliginiň iň beýik eseridir, tagtda hökümdarlyk edip, ýeri öz islegi boýunça dolandyrmaga eden synanyşygynyň ýadygärügidir. BG 43.3

Günleriň birinde şeýtan eýýäm Hudaý bilen ylalaşyga girjek bolup synanyşyp görüpdi. Synag çölünde şeýtan Hudaýyň Oglunyň ýanyna gelip, Oňa dünýäniň patyşalyklaryny hem olaryň şöhratyny görkezdi, ondan soňam, bir şert bilen olary Isanyň eline bermekligi söz berdi, ýagny Isa garaňkylygyň patyşasynyň beýik hökümdarlygyny ykrar etmelidi. Mesih bihaýa synaýja güýçli gaýtawul berip, Öz ýanyndan ýitirim bolmaga mejbur etdi. Ýöne şeýtan şu zatlary adama teklip edende, has köp üstünlikler gazandy. Şöhrata hem baýlyga gyzan Ýygnak bu dünýäniň beýik adamlaryndan howandarlyk bilen goldaw gözläp başlady. Ol şeýle etmek bilen Mesihiden ýüz öwrüp, şeýtanyň wekiline—Rim ýepiskopyna - tabyn bolmaga mejbur boldy. BG 44.1

Rim Ybadathanasynyň esasy taglymatlarynyň biri-de, papany Mesihiň bütindünýä Ýygnagynyň ýer ýüzündäki tutuş dini dünýäniň üstünden beýik ygtyýar berlen göze görnüp duran başy hökmünde ykrar etmekdir. munuň üstesine-de, papa Hudaýlyk derejesi berlip, ol “Reb Hudaý - Papa” diýlibem atlandyrylýar we günäsiz hasaplanylýar. Papa özüni hemme adamlaryň sylamagyny talap edýär. Rim Ybadathanasynyň üsti bilen şeýtan synag çölünde öňe süren şol bir talaplaryny öňe sürýär. Köpler oňa şol hormaty etmäge-de taýýar. BG 44.2

Ýöne Hudaýdan gorkup ýaşaýan adamlar bu gödek sözleri Mesihiň mekir duşmanyň meçewlerini kabul edişi ýaly kabul etdiler: ” Meniň ýanymdan güm bol, şeýtanl Oz Hudaýyň Rebbe sežde et, diňe Oňa gulluk et diýip ýazylgydyr” (Luka 4:8). Hudaýyň Sözünde haýsydyr bir adamyň Ýygnaga baş bellenilýändigi hakda kakdyrylybam aýdylmandyr. Papanyň ygtyýary baradaky bu taglymat Mukaddes Ýazga çapraz gelýär. Papanyň bikanun ýol bilen özüne degişli eden ygtyýaryndan başga, Mesihiň Ýygnagyna hiç hili ygtyýary ýokdur. BG 44.3

Rim Yadathanasynyň janköýerleri protestantlary ýeresde we hakyky Ýygnakdan öz ygtyýarly aýra bolmakda aýyplaýarlar. Ýöne munuň ýaly aýyplama olaryň diňe özlerine degişlidir. Mesihiň baýdagyny hut şolar taşladylar we “günleriň birinde mukaddeslere berlen” imandan dändiler (Ýahuda 3). BG 44.4

Mukaddes Ýazgynyň kömegi bilen adamlaryň şeýtanyň azgynçylygyny bilip, onuň güýjüne garşy durup biljekdiklerini şeýtan gaty gowy bilýärdi. Dünýäniň Halasgäri-de, şeýtanyň hüjümlerini Sözüň kömegi bilen yza serpikdiripdi. Şeýtanyň her gezekki hüjüminde Mesih: “Şeýle ýazylypdyr’ diýjek bilen ebedi hakykatyň galkanyny öňe tutdy. Mesih duşmanyň her bir bihaýa teklibine Sözüň akyldarlygy we güýji bilen jogap berdi. Şeýlelikde, şeýtan bir zada düşündi: adamlarya hökümdarlyk edip, papanyň zor bilen alyjy ygtyýaryny döretmeli. Ol halky Mukaddes Yazgynyň taglymatyny bilmezlikde saklamaly. Mukaddes Kitap Hudaýy beýgeldip, ölümli adamlaryň hakyky ýagdaýyny açyp görkezýär, şonuň üçin şeýtan Mukaddes Kitabyň hakykatlarynyň gizlin hem basylyp galmagy üçin elinden gelen zatlaryň hemmesini edýär. Rim Ybadathanasy hem, şunuň ýaly karary özüne ýarag edinip aldy. Birnäçe asyrlaryň dowamynda rim Ybadathanasy Mukaddes Kitabyň ýaýramagyna päsgel berdi. Halka bu kitaby okamak, ony hatda öýde saklamagam gadagan edildi. Şol wagtda ahlaksyz ruhanylar bilen ruhanylaryňam ýolbaşçylary Mukaddes Kitap hakykatlaryny özbaşdak düşündirip, özleriniň talaplarynyň dogrudygyny subut etmäge çalyşdylar. Şeýlelikde, hemmeler papanyň Ybadathanada bolşy ýaly, döwletde-de, ýokary ygtyýar berlen Hudaýyň ýerdäki wekilidigini ykrar etdiler. BG 44.5

Ýalňyşlygy hem aldawy paş edýän Mukaddes Kitaby bir gira süýşürip, şeýtan öz maksatlaryny amala aşyrmaga mümkinçilik aldy. Papalygyň u “Baýramçylyk senelerini we kanunyny üýtgetmäge dyrjaşýandygyna” (Danyýel 7:25) şaýatlyk edýär. Papalyk haýal etmän, şonuň ýaly synany şygy etmäge başlady. Butparazlaryň mesihilige gelmegini belli bir derejede ýeňilleşdirmek we olaryň öňki butparazlyk däpleriniň öwezini bir zatlar bilen doldurmak üçin mesihilik ýygnanyşyklaryna kem - kemden ikonalara we “mukaddes güýçlere” tagzym etmeklik girizildi. Ahyrsoňunda, bütindünýä sobory butparazlygyň bu görnüşini kanunlaşdyrdy. Hudaýa ysnat getirýän bu işiň ahyrynda, Rim Hudaýyň Kanunynyň ikinji tabşyrygyny, ýagny başga hudaýlara tagzym etmäni gadagan edýän tabşyrygyny, aýryp, tabşyryklaryň başdaky sanyny saklamak üçin onunjy tabşyrygy ikä bölmäge het edip bildi. BG 45.1

Butparazçylyk bilen ylalaşma ruhy Gögüň ygtyýaryny mundan beýlägem äsgermezçilik edilmegine ýol açdy. Ybadathananyň iman gelmedik ýolbaşçylarynyň üsti bilen hereket edip, şeýtan Hudaý tarapyndan mukaddes edilen we ak pata berlen gadymy sabat gününem aradan aýyrmaga çalşyp, dördünji tabşyrygyda ýoýmaga (Gelip çykyş 2:2-3) we ony butparazlaryň hormatlaýan hem ýerine ýetirýän “günüň hormatly güni” bilen çalyşmaga synanyşdy. Başda bu synanyşyk ürç edilip nikap astyna salyndy. Birinji ýüzýyllyklaryň dowamynda sabat günini ähli mesihilerem ýerine ýetirdiler. Hudaýy jany - teni bilen hormatlamak we Onuň Kanunlarynyň sarsmazlygyna ynanmak bilen olar Kanunyň tabşyryklarynyň mukaddesligini goradylar. Şeýtan beýik seresaplylyk we mekirlik bilen özüniň ýerdäki wekilleri arkaly öz maksadyna ýetmegini dowam etdirdi. Halkyň ünsüni ýekşenbe gününe çekmek üçin bu gün Mesihiň ölümden direlmeginiň hatyrasyna baýramçylyk güni hökmünde yglan edildi. Şonuň üçin bu günde ýygnanyşyklar geçirilýän bolsa-da, ol dynç güni hasaplanyldy, sabat güni bolsa, barybir takwalyk bilen ýerine ýetirildi. BG 45.2

Öz hereketleri üçin ýol taýýarlajak bolup, şeýtan Mesih gelmezinden öň ýehudylary halk üçin güýçýetmez ýüke öwrer ýaly, ýehudylary sabat gününi iň berk talaplar bilen gurşap almaga meýillendirdi. Indi bolsa, şeýtan özüniň ynandyran zady bolan sabat gününiň ýalan düşünjesini öz peýdasyna ulanyp, adamlary şol düşünjä “ýehudy kanunlary” hökmünde garamaga mejbur etdi. Mesihiler ýekşenbe gününi şatlykly, bagtly gün hökmünde bellemeklerini dowam etdirenlerinde, şeýtan olary ýehudylara bolan ýigrenjini görkezme maksady bilen sabat gününi oraza, gaýgy—gussa gününe öwürmäge meýillendirdi. BG 46.1

IV asyryň başlarynda imperator Konstantin öz buýrugy bilen bütin Rim imperiýasynda ýekşenbe gününi ählumumy ýerine ýetirmäni karar etdi. Şol bir wagtyň özünde butparazlaryň sylaýan Günüň güni baýramçylygyny mesihilerem belläp başladylar. Imperatoryň syýasaty mesihilik bilen butparazçylygyň biri - birine garşy bolan gyzyklanmalaryny birikdirmeklige gönükdirilendir. Ony munuň ýaly etmeklige dindarlar mejbur etdiler, sebäbi ol dindarlar şöhrata, häkimlige ymtylyp, mesihiler bilen butparazlaryň şol bir güni sylamaklarynyň butparazlary formal ýagdaýda mesihilige kabul etmegine kömek etjekdigine, munuň bolsa, öz gezeginde Ybadathananyň güýjüni güýçlendirjekdigine düşünýärdiler. Hudaýdan gorkýan mesihiler wagtyň geçmegi bilen belli derejede ýekşenbäni hasaplap başlan bolsalarda, öňküleri ýaly, Rebbiň mukaddes güni hökmünde hakyky sabat gününi ýerine ýetirmegi dowam etdirdiler we ony dördünji tabşyryga laýyklykda hormatladylar. BG 46.2

Ýöne beýik ýalançy munuň bilen saklanyp oturmady. Ol tutuş mesihilik dünýäsini özüniň iblislik baýdagynyň astyna ýygnamagy we häkimligi özüniň wepaly şäriginiň - özüni Mesihiň ýerdäki wekili hökmünde yglan eden tekepbir papanyň - üsti bilen durmuşa ornaşdyrmagy karar edindi. Şeýdip, ýarym imana gelen butparazlaryň, dünýäni söýýän ulumsy ruhany ýolbaşçylarynyň we ýepiskoplaryň kömegi bilen ol öz maksadyna ýetdi. Käwagt Bütindünýä soborlary ýygnanyşdy. Muňa dünýäniň ähli ýurtlaryndan ýokary derejedäki dindarlar gelýärdiler. Her gezekki soborda diýen ýaly, Hudaý tarapyndan bellenilen sabat gününiň ähmiýeti gitdigiçe peseldi, ýekşenbe güni hasda beýgeldi. Ahyrsoňunda butparaz baýramçylygyna Hudaýyň buýrugy hökmünde garap, Mukaddes Kitap sabat güni ýehudylygyň köneçilligi hökmünde yglan edildi, şol sebäpden ony ýerine ýetiren adamlar ýazgaryldy we näletlenildi. BG 46.3

Beýik azgyna “Hudaý ýa-da mukaddeslik” diýlip atlandyrylan zatlaryň hemmesinden beýige galmak başartdy (2 Selanikliler 2:4). Ol hakyky diri Hudaýy adamlaryň hemmesine ýalňyşsyz görkezýän Hudaýyň Kanunyň özbaşyna bir ýeke - täk bolan tabşyrygyny üýtgetmäge het edip bildi. Dördünji tabşyrykda Reb ýeriň - gögüň Yaradyjysy hökmünde açylýar. Ol şunuň bilenem, beýleki ýalan hudaýlardan tapawutlanýar. Sabat güni döredijilikli zähmetiň ýadygärligi bolup durýar we ýedinji günüň dynç alýan güni hökmünde mukaddes edilendigine şaýatlyk edýär. Bu gün adamlara diri Hudaýy - ýaşaýyş Çeşmesini we hormat hem tagzym Obýektini - elmydama ýatladyp durmak üçin döredildi. Şeýtan adamlaryň Rebbe bolan wepalylygyny bozdurmaga we Onuň Kanunyny ýerine ýetirtmezlige dyrjaşýar, şonuň üçin ol bar güýjüni hut şu tabşyrygyň, ýagny Hudaý hakda Yaradyjy hökmünde gürrüň berýän tabşyrygyň üstünde jemleýär. BG 47.1

Häzirki döwürde protestantlar Mesihiň ýekşenbe gününde direlmeginiň bu güni mesihiligiň sabat gününe öwrendigini aýdýarlar. Yöne Mukaddes Yazgy munuň üçin hiç hili esas bermeýär. Mesihem, resullaram ýekşenbe gününi hiç zat bilenem aýratyn gün etmediler. Mesihuleriň ýekşenbe gününi baýramçylyk etmegi resul Pawlusyň günlerinde peýda bolup başlan “kamnsyzlyk syryndan” (2 Selanikliler 2:7) gelip çykýar. Papalygyň bu giden çagalaryny Reb haçan we nirede ogullyga aldy? Hudaýyň Sözi bilen mukaddes edilmedik üýtgeşmeleri nähili paýhasly deliller bilen aklap bolar? BG 47.2

VI ýüzýyllykda papalyk dünýäde has berkedi. Imperator şäheri onuň merkezi edilip saýlanyldy, rim ýepiskopy bolsa, bütin Ybadathananyň başy edilip saýlanyldy. Butparazlyk öz ornuny papalyga berdi. Aždarha janawar “öz güýjüni, tagtyny we uly ygtyýar berdi” (Ylham 13:2). Papalygyň 1260 ýyllyk yzarlamasy, ýagny Danyýeliň we Ylham kitabynyň pygamberliklerinde welilik edilip aýdylan yzarlamalar başlandy (Danyýel 7:25; Ylham 13:5-7). Mesihiler ýa-da özleriniň pikirlerinden el çekip, papalyk kanunlaryny we däplerini kabul etmegi, ýa-da ömrüni zyndanda, gynamalar astynda. otda ýa-da jellat kündesiniň üstünde soňlamagy saýlamalydylar. Isanyň: “Size ene-ataňyz, doganlaryňyz, garyndaşlaryňyz, dostlaryňyz hem haýynlyk ederler, käbiriňizi öldürerler. Meniň adym üçin hemmeler sizi ýigrener” (Luka 21:16-17) diýen sözleri ýerine ýetdi. Imanlylar ozal görlüp eşidilmedik yzarlamalara sezewar edildi. Şeýdip, dünýä durşuna söweş meýdanyna öwrüldi. Tutuş ýüzýyllyklaryň dowamynda Yygnak özüne çola hem çöllük ýerlerde gaçybatalga tapyndy. Pygamber: “Aýal çöle gaçyp gitdi. Ol ýerde müň iki ýüz altmyş günläp iýmitlener ýaly Hudaý tarapyndan onuň üçin taýýarlanan bir ýer bardy” (Ylham 12:6). BG 47.3

Rim Ybadathanasynyň häkimiýet başyna gelmegi bilen garaňky orta asyryň başy başlandy. Bu häkimiýet berkedigiçe, garaňky-da goýulaşdy. Adamlar hakyky kök hökmünde Mesihe däl-de, rim papasyna ynandylar. Günälere bagyşlama hem ebedi gutulyş berýän Hudaýyň Ogluna bil baglamagyň deregine, halk rim papasyna, şeýle hem, rim papasynyň ygtyýar beren adamlary bolan ruhany ýolbaşçylaryna we ruhanylaryň özlerine bakdylar. Adamlar papanyň Hudaý bilen adamyň arasyndaky araçydygyny, onsuz hiç kimiňem Hudaýyň ýanyna baryp bilmejekdigini; papanyň olar üçin Hudaýyň deregine durandygyny, şol sebäpdenem, hemmeleriň oňa gürrüňsiz tabyn bolmalydygyny öwretdiler. Onuň talaplaryndan gyşarmalar günäkärleri iň eýmenç jeza sezewar etmeklige degerli sebäp bolup gulluk edýärdi. Şunuň ýaly ýol bilen halkyň ünsi Hudaýdan sowlup, günäkär, zalym adamlar tarapa, has beterem, olaryň üsti bilen öz häkimligini dikelden garaňkylygyň patyşasyna—tarap gönükdirildi. Günä mukaddes geýim geýindi. Mukaddes Yazgy aradan aýrylyp, adam özüni hakykatyň etalony hasaplanda, diňe kezzapçylyga we iň kemsidiji nogsanlyklara garaşmak bolar. Adam kanunlarynyň we adatlarynyň ýokary galanda, hemişe Hudaýyň Kanunyny ýatdan çykarmanyň netijesi bolup durýan zaýaçylyk hem dargama görner. BG 48.1

Bu Mesihiň Ýygnagy üçin howsalaly günler bolupdy. Hakykatyň wepaly baýdak göterijileri nähili az galypdy! Hemme wagtda-da hakykatyň hakyky şaýatlary bolan bolsa-da, käwagt azaşma bilen boş hyýallylyk eýýäm dabaralanan, hakyky imanyň bolsa, aýrylyp taşlanan ýaly bolýan wagtlaram bolýardy. Hoş Habar adamlaryň ellerinden alnan wagtynda, dini formalar hem adatlar köpeldi, şonuň üçin halk zalym talaplaryň we çäklendirmeleriň labyry astynda surnukdy. BG 48.2

Adamlary diňe bir papa özlerini araçysy hökmünde garamagy öwretmän, eýsem, günäleriniň bagyşlanmasyny gazanmagy-da, haýsydyr bir işleri etmek bilen gazanmaklygy hem öwretdiler. Ýadadyjy hemuzagaçekýänzyýaratlar, toba eden günäkäre ybadathana tarapyndan berilýän jezalar, güýçlere tagzym etmeler, ybadathanalary, doga edilýän ýerleri we sypalary gurmaklyk, ybadathana üçin köp haýyr - sahawatlar - bu zatlaryň hemmesi we başga-da köp zatlar, edil Reb bolgusyz zatlar üçin gaharlanýan adamlara meňzeş ýaly, Ony sowgatlar hem toba eden günäkärlere berilýän jeza bilen yryp bolýan ýaly, Rebbiň gaharyny ýumşatmak we Onuň göwnünden turmak üçin adamlardan talap edilýärdi. BG 48.3

Kanunsyzlyklara, hatda Rim Ybadathanasynyň ýolbaşçylarynyň arasynda-da, kanunsyzlyklaryň bardygyna garamazdan, onuň täsiri gitdigiçe ulaldy we ösdi. VII ýüzýyllygyň ahyrynda papanyň tarapdarlary birinj i ýüzýyllyklardada rim ýepiskoplarynyň özlerine häzirki degişli eden ruhy ygtyýaryna eýe bolandyklaryny aýdypdyrlar. Bu tassyklamanyň dogrudygyny görkezmek üçin belli bir çäreleri görmek zerur bolupdyr, şonuň üçin “ýalanyň atasy” näme etmelidigini höwes bilen aýtdy. Monahlar gadymy golýazmalary galplaşdyrdylar. Şol wagta çenli nämälim bolan soboryň kararlary tapyldy. Şol tapylan kararlar papanyň doly ygtyýarynyň iň irki döwürlerde-de bolandygyny tassyklaýarmyş. Hakykaty ret eden Ybadathana bu ýalany-da, derrew höwes bilen özüne siňdirdi. BG 48.4

Hakyky esasyň üstünde gurýan az sanly bolan wepaly gurluşykçylar (1 Korintoslylar 3:10-11 serediň) özleriniň ýolunyň ýalan taglymatlaryň zibilinden doludygyna gaharlandylar we biynjalyk boldular. Nehemýanyň günlerindäki lýerusalim diwarynyň gurluşykçylary ýaly, birnäçeleri: “Yük daşaýanlar güýçden gaçýar, ýykykýumruklar bolsa gaty köp; şonuň üçinem biz diwary örüp bilmeris” (Nehemýa 4:10) diýmäge taýýardylar. Yzygiderli göreşlerden, yzarlamalary, töhmetleri, kanunsyzlyklary çekmelerden we her hili ýol bilen özleriniň üstünligine päsgel bermäge çalyşýan şeýtanyň berýän dürli azaplaryndan ýaňa surnugan wepaly gurluşykçylaryň käbirleri ruhdan düşdüler. Rahatlygyň, janlaryny hem emlägini aman saklamanyň hatyrasyna olar hak bolan köki taşladylar. Beýlekileri bolsa, gaýtam, özleriniň duşmanlaryndan gorkman, batyrlyk bilen: “Olardan gorkmaň! Beýik we haýbatly Rebbi ýatlaňl” (Nehemýa 4:14) diýdiler-de, hakykat gylyjyny biline dakynandyklary üçin işlerini etmeklerini dowam etdirdiler (Efesliler 6:17). BG 49.1

Her ýüzýyllykda Hudaýyň duşmanlary üýtgewsiz ýigrenç hem güýç bilen hakykatyň üstünden indiler, şol sebäpdenem, Mesihiň hyzmatkärlerinden hüşgärlik bilen wepalylyk talap edildi. Mesihiň ilkinji şägirtlerine: “Size aýdýanlarymy hemmelere aýdýaryn: oýa boluň!” (Markus 13:37) diýip aýdan sözleri Onuň döwürleriň ahyrynda ýaşaýan şägirtlerine-de degişlidir. BG 49.2

Garaňkylyk gitdigiçe goýulaşdy. Butlara hemme ýerlerde tagzym edildi. Şekiljikleriň öňünde şemler ýakylyp, olardan dilegler edildi. Hemme ýerlerde iň manysyz hem yrymçyl adatlar ýaýrady. Adamlar yrymçyllygyň täsirine şeýle bir duçar edilipdiler welin, sagdyn pikir doly ýitirilen ýaly bolup görünýärdi. Eger adamlaryň ýüz tutýan dindarlary bilen ruhanylarynyň özleri zaýa hem azgyn bolsa, onda adamlardan nadanlyk bilen günäden başga bir zada, heý, garaşyp bolarmy? BG 49.3

XI ýüzýyllykda papa Grigoriý VII Rim Ybadathanasynyň çirksizligini yglan edende, Ybadathana özüniň tekepbir beýgelme ýolunda ýene bir ädim öňe süýşdi. Grigoriý VII-niň öňe süren düzgünleriniň birinde Mukaddes Yazga laýyklykda Ybadathananyň hiç haçan ýalňyşmandygy we ýalňyşmajakdygy aýdylýardy. Emma Mukaddes Kitap hiç haçan munuň ýaly tassyklamany goldamandy. Tekepbir ýepiskop şeýle hem, öz çykaran kararyny hiç kimiň inkär edip bilmeýändigini, başgalaryň çykaran kararlaryny ýatyrmaga diňe özüniň hukugynyň bardygyny aýtmak bilen monahlaryň ygtyýaryny-da, özüne degişli etdi. BG 49.4

Günäsizligiň bu goragçysynyň zalym häsiýeti onuň german imperatory Genrih IV bilen eden dawasynda doly derejede ýüze çykdy. Papalyk mertebesini gödeklik bilen äsgermezçilik edendigi sebäpli, bu monarh Ybadathanadan çykarylyp, tagtdan mahrum edildi. Özüniň ýekeliginden we papanyň mandatyny alyp, özüne garşy aýaga galan knýazlaryň haýbatyndan gorkan Genrih özüniň Rim bilen ýaraşmagynyň gerekdigine düşündi. Ol aýaly hem wepaly hyzmatkäri bilen bilelikde, özüniň papanyň öňünde kaýyl bolýandygyny şeýle ýol bilen subut etmek üçin gyşyň içinde Alplaryň üstünden geçip, ol ýere barýar. Papanyň ýerleşýän ýeri bolan gala baranda, Genrih ýoldaşlaryny galdyryp, daşky howla alnyp gidildi. Ol şol ýerde kellesi açyk we aýak ýalaňaç, gedaýlyk eşiginde içiňden geçip barýan sowukda papa bilen duşuşyga garaşdy. Üç günlük orazadan we toba etmeden soň, papa ahyrsoňy ony bagyşlady we imperatoryň mundan beýläk diňe papanyň rugsady bilen hereket etmelidigini aýtdy. Patyşalaryň tekepbirligini ýatyrmagy özüniň gönüden—göni borjy hasaplap, Grigoriý VII ýeňşi dabaralandyrdy. BG 50.1

Bu tekepbir ruhanynyň çendenaşa ulumsylygy bilen ynsan ýüreginiň gapysynda durup, içeri girip, günäkäre bagyşlama hem parahatlyk bermegi üçin Özüni kabul etmegini ýalbaryp soraýan Mesihiň mylaýymlygynyň arasynda nähili haýran ediji gapma - garşylyk bar. Mesih şägirtlerine: “Araňyzda kim ilkinji bolmak isleýän bolsa, hemmäniň guly bolsun” (Matta 20:27) diýip öwretdi. BG 50.2

Ondan soňky ýüzýyllyklar hakykaty Rimden çykýan taglymatlar bilen has güýçli ýoýmalara şaýat boldy. Papalyk döredilmezden öňem, butparaz filosoflarynyň ideýalary özüne ünsi çekip, Ybadathana-da täsirini ýetirýärdi. Özlerini iman eden hasaplaýanlaryň köpüsi öňküleri ýaly, butparaz filosofiýany saklaýardylar we diňe bir ony öwrenmegi dowam etdirmek bilen çäklenmän, eýsem, butparazlara öz täsirini ýetirişini giňeltmegiň serişdesi hökmünde ony başgalara-da teklip edýärdiler. Şeýlelikde, mesihilik ynamyna çynlakaý azgynçylyklar girdi. Olaryň arasyndaky esasy zatlar: adamyň tebigy ölümsizligine we ölümden soňky akyl ýetirip ýaşalýan durmuşyň bardygyna bolan ynamdy. Rim şu taglymatyň esasynda mukaddeslerden gorag sorap dileg etmäni tassyklady we Merýemi hudaýlaşdyrdy. Toba etmedik günäkärleriň ebedi ezýet çekjekdikleri hakdaky ýeresem şu ýerden döredi-de, derrew papanyň ynam nyşanynyň bir bölegi boldy. BG 50.3

Şeýdip, başga bir butparaz toslamasy - syrat köprüsi - üçin esas döredildi. Rim bu toslamanyň üsti bilen ynanjaň hem yrymçyl halkda gorky döretdi. uSyrat köprüsi” diýlip, ebedi ölüme mynasyp bolmadyk janlaryň düşýän görgüler mesgeni, ýöne günäleri üçin çekmeli jezasyny çekenden soň, jennete goýberilýän ýerine düşünýärdiler. BG 51.1

Rim öz tarapdarlarynyň gorkusyny we günälerini ulanmak üçin ýene bir toslama mätäçdi. Bu indulgensiýalar baradaky taglymatdy (indulgensiýa - Rim papasy tarapyndan kilise öňünde görkezilen hyzmaty üçin köplenç pula berilýän hat). Papanyň mülküni giňeltmek ýa-da onuň ruhy häkimligine garşy çykmaga het edip bilen adamlary ýok etmek üçin alnyp barylýan uruşlara gatnaşan adamlara geçmişdäki, häzirki we geljekdäki günälerinden saplamaklyk, şeýle hem, ähli gynamalardan hem jezalardan halas etmeklik wada berilýärdi. Ybadathana pul tölemek bilen hem özlerini, hem dowzahyň ezýetli ody içinde güýçden gaçan öli dostlarynyň janlary halas edip bilýändiklerini adamlara öwredýärdiler. Şu zatlaryň hasabyna Rim baýady, kaşaňlyga, kellesini goýara ýeri bolmadyk Mesihiň ikiýüzli wekilleriniň agzynçylyklaryna gark boldy. BG 51.2

Rebbiň Agşamynyň Mukaddes Kitap boýunça döredilişi butparazlyk ybadat etmeleri bilen gysylyp çykaryldy. Papanyň ruhanylary manysyz hem bolgusyz däbiň kömegi bilen ýönekeý çörek bilen şeraby hakyky “Mesihiň Ganyna we tenine” öwrüp bilmeklige dalaşgärlik etdiler. BG 51.3

Olar haýasyz özüne göwniýetme bilen barçanyň Yaradyjysy bolan Hudaýyň döredijilikli güýjüni özlerine degişli etdiler. Ölüm howpuny atmak bilen mesihilerden özleriniň Gök üçin kemsidiji bolan bu gorkunç ýerese ynanýandyklaryny boýun almagy talap etdiler. Muny etmekden boýun towlanlaryň köpüsi oda taşlanyldy. BG 51.4

XII ýüzýyllykda papalygyň iň eýmenç ýaragy - inkwizasiýa - döredildi. Garaňkylygyň patyşasy bu meselede papalyk iýerarhiýasynyň wekilleri bilen hyzmatdaşlyk etdi. Olaryň göze görünmeýän ýygnaklarynda bu günäli adamlaryň pikirlerini ol ýere göze görünmän gatnaşan şeýtan bilen onuň perişdeleri ýolbaşçylyk etdi. Şol wagtda Hudaýyň göze görünmeýän perişdesi olaryň islendik ölümli adamy gorkuzmaga ukyply bolan eýmenç kararlaryny we wagşyçylykly ýamanlyklarynyň hemmesiniň taryhyny ýazyp aldy. “Beýik Babyl mukaddesleriň ganyna boýaldy” millionlarça görgi görenleriň şikes ýetirilen jesetleri bu imandan dänen deržawadan ar almagyny Hudaýdan gygyryp sorady. BG 51.5

Papalyk bütindünýä zalymy boldy. Imperatorlar bilen patyşalar rim papasynyň buýruklaryna tabyn bolýardylar. Her bir adamyň ýerdäki hem ebedi ykbaly şolaryň elinde ýaly bolup görünýärdi. Köp ýüzýyllyklaryň dowamynda hemmeler hiç hili garşylyksyz Rimiň taglymatlaryna tabyn bolýardylar we uly hormat bilen onuňdäplerinihem baýramçylyklaryny ýerine ýetirýärdiler. Rimiň ýolbaşçy dindarlary ählumumy hormatdan peýdalanýardylar, haýyr - sahawat serişdelerem akym bolup inýärdi. Şondan bäri Rim Ybadathanasy hiç haçan şonuň ýaly beýik şöhrada we kuwwata eýe bolup görmedi. BG 51.6

Ýöne “papalyk kuwwatynyň günortanyň şöhlesi kimin öwşün atmasy dünýä üçin ýarygijänin garaňkysy kimin bolupdy” Mukaddes Ýazgy diňe halka däl, eýsem, ruhanylara-da nätanyş boldy diýen ýalydy. Gadymky fariseýler ýaly, papalygyň ýolbaşçylary-da, özleriniň günälerini açyp görkezýän ýagtylygy ýigrenýärdiler. Dogrulygyň ölçeg birligi hökmünde Hudaýyň Kanunyny taşlamak bilen olar çäksiz ygtyýara eýe boldular we günäleri içinde saklap bolmaýan adamlar boldular. Hemme ýerde aldaw, öz bähbidini aramaklyk we azgynçylyk gülläp ösdi. Adamlar baýlyk ýa-da jemgyýetdäki derejäni wada berýän hiç bir jenaýatdan gorkmaýardylar. Papanyň we ruhany ýolbaşçylarynyň köşkleri jenaýatçylaryň mekanyna öwrüldi. Baş ýepiskoplaryň käbirleri juda agyr jenaýatlarda günäkärdiler, şonuň üçin dünýewi häkimiýet bu ýokary derejeli adamlary mundan beýläk çydam etmesi mümkin bolmadyk wagşylar hökmünde aýryp taşlamaga çalyşýardylar. Bimäçe ýüzýyllyklaryň dowamynda Ýewropa ylym, sungat we medeniýet ulgamynda hiç hili ösüşlere ýetmed. Mesihilik ahlak hem intellektual ysmazlyk bilen zaýalanylypdy. BG 52.1

Rimiň gol astynda bolan dünýäniň ýagdaýy Hoşeýa pygamberiň: BG 52.2

Meniň halkym bilimsizlikden weýran edilýär.
Sen bilimi ret edeniňden soň,Men seni Maňa ruhany bolmakdan ret edýärin.
Sen Hudaýyň kanunyny unudanyňdan soň,
Men-de seniň çagalaryňy unudaryn”

“...ýurtda wepalylyk-da, söýgi-de,
Hudaýy tanamaklyk-da ýok.
Gargyş we ýalançylyk, ganhorluk,
ogurlyk we zyna.
BG 52.3

..Jenaýatçylyk artýar we gan üstüne gan dokulýär” (Hoşeýa 4:6; 1-2) diýen gorkunç hem täsin sözleriniň ýerine ýetmesi boldy. Ine, Hudaýyň Sözüni ret etmäniň netijesi şeýle bolýar. BG 52.4