Beýik Göreş
27—Nji Bap.
Biziň Günlerimizdäki Galkynyş
Hudaýyň Sözi nirede meýletin wagyz edilen bolsa, ol şol ýerde-de, Özüniň Hudaýdan gelip çykandygyna şaýatlyk edýän hasyly getirýär. Rebbiň hyzmatkärleriniň işinde Hudaýyň Ruhy hemralyk etdi, şonuň üçin olaryň sözleri ygtyýarlydy. Günäkärler oýandylar. “Dünýä gelýän her bir adamy ýagtylandyrýan nur” kalplaryň iň gizlin ýerlerinide ýagtyltdy, şeýdip, “bar syrlar aýan boldy”. Olaryň akyllaryny we ýüreklerini çuň toba gurşap aldy. Olar günäsiniň bardygyna, dogrulyga hem geljek höküme ynandylar. Olarda Yehowanyň dogrulygyna akyl ýörite peýda boldy, şol sebäpli-de, özleriniň günäleri hem haramçylyklary içinde ýürekleri Derňeýäniň öňünde durjakdyklary hakda pikir edenlerinde, gaty gorkdular. Şoňa görä-de, kalplaryndaky hasrat bilen: “Kim meni bu ölüm teninden azat eder?” diýip naladylar. BG 377.1
Golgotanyň çäksiz Gurbanlyk bilen bilelikdäki bar ajaýyplygy özleriniň öňlerinde açyldygyça, adamlar Mesihiň hyzmatyndan başga hiç zadyň öz kanunsyzlyklaryny tekizläp, Hudaý bilen ýaraşdyryp bilmejekdigine düşünip başladylar. Şeýdip, olar iman hem tabynlyk bilen dünýäniň günäsini Öz üstüne alýan Hudaýyň Guzusyny kabul etdiler we Isanyň Gany arkaly “günälerini taşlamany gazandylar. BG 377.2
Bu ýürekler “tobanyň mynasyp miwesini” getirdiler. Olar iman etdiler, suwda çokundyryldylar we suwdan täze durmuş üçin, eýýäm Isa Mesihdäki täze ýaradylyş bolup çykdylar. Indi olar “öňki ten islegleri” boýunça hereket etmän, eýsem, Hudaýyň Ogluna bolan imanda, Onuň häsiýetini şöhlelendirmek hem-de edil Onuňky ýaly, Hudaýyň arassalygyna ýetmäge jan edip, Onuň yzy bilen gitdiler. Indi olar ozalky ýigrenen zadyny söýdüler, ozalky söýen zadyny bolsa, ýigrendiler. Keçjal hem özüne göwniýetiji bolanlar tabyn hem kiçigöwünlilere, şöhratparaz hem tekepbir adamlar, salykatly hem agras adamlara, ahlaksyzlar takwalara, arakhorlar paýhaslylara, azgynlar päk aklaklylara öwrüldiler. Yerdäki boş hereketleriň bary terk edildi. Hudaýy tananlar üçin “bezegi saç örmek, oltynlar dakynmak ýa esbaplar geýmek bilen, daşky görnüş” esasy zat bolmady-da, “Hudaýyň ýanynda has gymmady bolan ýumşak, ýuwaş ruhuň bozulmaz bezegi, ýüregiň gizlin ynsany” boldular (l Petrus 3:3-4). BG 377.3
Gelip ýeten galkynyş adamlary özleriniň ýüreklerini öwrenmeklige we tabyn bolmaklyga ruhlandyrdy. Iň dabaraly hem çynlakaý çagyryşlar ugrunda Mesihiň Öz Ganyny döken günäkärlerine gönükdirildi. Erkekler hem aýallar dogalar edip, janlary halas etme ugrunda Hudaý bilen göreşdiler. Bu galkynyşyň netijeleri özlerini pida etmäge taýýar bolan, Mesihiň adyny hatyrasyna sögünçler hem sylaglary çekmegi bagt hasaplaýan kalplarda göze göründi. Isany wagyz edýän adamlaryň durmuşynda bolup geçen haýran galdyryjy özgerlişikleri hemmeler gördüler. Ol adamlar jemgyýete gowy täsirlerini ýetirdiler. Olar ebedi ýaşaýyş hasylyny ýygmak üçin Mesih bilen ýygnadylar we Ruhda ekdiler. BG 378.1
Olar hakda: “Toba üçin gaýgylandyňyz” diýip bolar. “Çünki Hudaýyň islegi boýunça gaýgylanmaklyk gutulyş üçin ökünçsiz tobany emele getirýändir. Dünýäniň gaýgylary bolsa, ölümi emele getirýändir. Bu gaýgyňyzyň Hudaýyň islegine görä bolmagy, gör, sizde nähili gaýrat, nähili ökünç, nähili gahar, nähili gorky, nähili küýseg, nähili yhlas, nähili adalata ymtylyş döretdi! Siz bu işde her taýdan tämizdigiňizi görkezdiňiz” (2 Korintoslylar 7:9-11). BG 378.2
Bu Hudaýyň Ruhunyň hereketiniň netijesidi. Diňe durmuşda bolup geçýän özgerlişikler hakyky toba şaýatlyk edýär. Eger günäkär girewine alan zadyny gaýtaryp berse, ogurlan zadyny berse, öz günälerine toba etse we Hudaýy hem ýakynlaryny söýüp başlasa, onda ol özüniň Hudaý bilen ýaraşandygyna ynamly bolup biler. Öňki ýyllaryň dini galkynyşynyň netijeleri şeýledi. Özleriniň bereketli hasylyna görä, olar Reb tarapyndan adamlary halas etmek we bütin adamzat neslini ýokary galdyrmak Liçin bellenildi. BG 378.3
Ýöne biziň günlerimizdäki şuňa meňzeş köp hereketler geçmişdäki Hudaýyň gullarynyň zähmetlerine hemralyk eden Hudaýyň merhemetiniň aýan bolmasyndan düýpgöter tapawutlanýar. Dogry, ählumumy gyzyklanma oýanýar, köpler imana gelýärler, ýygnaklar ulalýar, şeýlede bolsa, hakyky ruhy durmuşyň ösýändigni aýdyp bolmaýar. Nur birazrak wagtlyk şöhle saçýar, soň bolsa sönýär, şeýdip, garaňkylyk öňküsinden-de goýy bolýar. BG 378.4
Örän köp ýagdaýlarda dini galkynyşa pikirlere hem emosiýa ýüz tutma, adamlara mahsus bolan täze hem täsin zatlary bilesigelijiligini ulanma ýoly bilen ýetilýär. Şunuň ýaly manipulýasiýalaryň kömegi bilen imana gelen adamlar Mukaddes Kitap hakykatyny diňlemäge juda bir höwesjeň bolmaýar. Olarda pygamberleriň hem resullaryň şaýatlyklaryna gyzyklanma - da bolmaýar. Eger ýygnanyşyklarda hiç hili sesasion zat bolmasa, onda ýygnanyşyk olary özüne çekmeýär. Şol sebäpli-de, göçgünli duýgular bilen dumanlanmadyk sagdyn düşünjä çagyrýan habar olarda seslenme tapmaýar. Olar Hudaýyň Sözüniň özleriniň ebedi bähbidine degişli bolan duýduryşyny äsgermezçilik edýärler. BG 378.5
Çyn ýürekden iman eden jan üçin Hudaý bilen hem bakyýet bilen gatnaşyk bu durmuşdaky esasy zady düzýär. Biziň günlermizdäki atly ýygnaklaryň niresinde Hudaýa bagyş etme ruhy nirede? Iman edenler özleriniň tekepbirliginden we dünýä bolan söýgüsinden el çekmeýärler. Hatda imana gelenlerinden soňam. özleriniň “men”-inden ýüz öwürmäge, haçyny alyp, kiçigöwünli hem tabyn isanyň yzyna düşmäge çalyşmaýarlar. Din hudaýsyzlar hem şübheçiller üçin degişme predmetine öwrüldi, sebäbi mesihi adyny göterýänleriň köpüsiniň durmuşy mesihilik prinsiplerinden daşdadyr. Päk ahlak güýji köp ýygnaklardan kowuldy diýen ýalydyr. Göwün açyjy gezelençler, ýygnak jygyllyklary, tomaşalar, oýunlar we kaşaň öýler - bu zatlaryň hemmesi Hudaý baradaky pikirlenmeleri basýar. Adamlar dünýewi aladalar, özleriniň ýerleri hem emläkleri bilen şeýle bir başagaý welin, ebedi gymmatlyklar, olar üçin ujypsyzja, ownuk hem gerek däl zat bolup galýar. BG 379.1
Imanyň we takwalygyň ählumumy pesedüşmesinegaramazdan,barybirbu ýygnaklarda Mesihiň yzyna ýürekden eýeiýän adamlar bar. Hudaýyň soňky hökümleri biziň ýurdumyza gelmezden öň, Hudaýyň halkynyň arasynda entek resullaryň döwründen bäri görlüp eşidilmedik takwalygyň hem mukaddesligiň täzeden döremesi bolar. Hudaýyň çagalarynyň üstüne Onuň Ruhy bilen güýji guýlar. Şonda köpler dünýä bolan söýgüsi Hudaýa hem Onuň Sözüne bolan söýgüsini gysyp çykaran ýygnaklardan giderler. Köp gullukçylardyr ýönekeý halk adamlary Rebbiň Ikinji gezek gelmesine taýýarlamak üçin Hudaýyň erki bilen biziň günlerimizde yglan edilýän beýik hakykatlary şatlyk bilen kabul ederler. Yöne adam janynyň duşmany güýjünde baryny edip, munuň ýaly işe päsgel bermäge çalşar; ol bu hereketiň emele gelmegine ýol bermezlige dyrjaşyp, ony öz galp hereketi bilen çalşar. Özüne aldamak başardan ýygnaklarda ol edil Hudaýyň aýratyn ak patalary inen ýaly täsirleri döreder, şonda beýik dini galkynyş bolan ýaly bolup görner. Sansyz - sajaksyz adamlar bu hereketi özlerinde düýbünden başga ruh eden wagtynda, Hudaýyň gudratly täsiriniň bolandygyna şatlanarlar. Şeýtan dindarlyk maskasynyň aňyrsynda gizlenip, tutuş mesihilik dünýäsine özüniň täsirini ýetirmäge çalşar. BG 379.2
Soňky ýarym asyryň dowamynda bolup geçen dini hereketlerde az ýada köp derejede geljekdäki has uly hereketlerde özüni aýan etjek güýjiiň hereketleri görünýär. Biz adamlary emosional taýdan ýokary galmany duýýandyldaryny, hakykatyň ýalan bilen garyşyp, köpleri ýalňyşlyklara alyp barýandygyny görýäris. Yöne aldawdan gaça durmak mümkindir. Hudaýyň Sözüniň nurunda munuň ýaly hereketleriň tebigatyny kesgitlemek kyn däldir. Mukaddes Kitabyň şaýatlygyny adamlaryň äsgermezçilik edýän ýerinde, özüňi inkär etmäni we dünýewi lezzetlerden el çekmäni talap edýän aýdyň hem ýüregi synaýjy hakykatlardan ýüz öwrülýän ýerlerde Hudaýyň ak patasynyň ýokdugyny biz ynam bilen aýdyp bileris. Eger Mesihiň Özüniň: “Siz olary miwelerinden tanarsyňyz” (Matta 7:16) diýip beren prinsipin ulansak, onda ol hereketleriň Hudaýyň Ruhundan däldigi düşnükli bolar. BG 379.3
Hudaý Öz Sözüniň hakykatlarynda adamlara Özüni açdy. Şol hakykatlary kabul edýänleriň hemmesi üçin bu hakykatlar şeýtanyň aldawyna garşy bolan galkan bolup durýandyr. Ýöne bu hakykatlary äsgermezçilik etmeklik bu gün dini dünýäde giň ýaýran günälere gapy açýandyr. Hudaýyň Kanunynyň düýp özeni hem ähmiýeti uly derejede gözden salnandyr. Hudaýyň Kanuny tebigaty, mizemezligi we talaplary hakda nädogry düşünjeler iman etmä we mukaddes edilmä ýalňyş düşünmeklige alyp bardy. Bu bolsa, özi bilen Ýygnakdaky takwalygyň pese düşmesini alyp geldi. Häzriki zaman täzeden döreme hereketlerinde Hudaýyň Ruhunyň we güýjüniň ýoklugy hut şunuň bilen hem düşündirilýär. BG 380.1
Dürli iman taglymatyny wagyz edýän, öz takwalygy bilen meşhur bolan adamlar bu faktyň dogrudygyny boýun alyp, bolup geçýän zatlara juda gynanýarlar. Professor Eduard A. Park häzirki zaman dinine abanýan howplar barada: “Abanýan howplaryň biriniň çeşmesi münberlerden wagyz edilende, Hudaýyň Kanunyny äsgermezçilik etmeklikde gizlenendir. Öňki döwürlerde münber wyždanyň sesi bolupdy... Biziň iň meşhur wagyzçylarymzyy ň çykyş1ary dabaraly ajaýyplykdan doludy, sebäbi olar özleriniň Mugallymynyň göreldesine eýerdiler-de, iň esasy orny Kanuna, onuň tabşyryklaryna we gadagan etmelerine berdiler. Olar iň beýik bolan iki prinsipi, has takygy: “Kanun Hudaýyň kämilliginiň şöhlelenmesidir, şonuň üçin Kanuny söýmeýän adam Hoş Habary-da söýýän däldir, sebäbi Kanunam, edil Hoş Habar ýaly, içinde Hudaýyň hakyky häsiýeti görkezilen aýna kimindir. Bu meseledäki sowuk — salalyk günäniň agyrlygyna, onuň masştabyna we ýigrenji tebigatyna doly baha bermezlik howpuny salýandyr. Tabşyryl näderejede dogry bolsa, ony ýerine ýetirmezligem, şol derejede erbetdir” diýip ýatlatmakdan ýadamaýar. BG 380.2
Hudaýyň adalatyna doly baha bermezlik howpy-da, muňa goşulýar. Häzirki zaman wagyzçylary Hudaýyň adalatyny Onuň rehimdarlygyndan aýra etmäge çalyşýarlar, şol sebäpdenem, rehimdarlygy prinsip hökmünde ýokary galdyrmagyň deregine, ony duýgy derejesine çenli pese düşürýärler. Häzirki zaman teologlary Hudaýyň birikdiren zadyny aýyrýarlar. Asýyýetinde Hudaýyň Kanuny nähili - ol ýagşylykmy ýada ýamanlyk? Ol ýagşylykdyr! Eger şeýle bolsa, onda adalatlylygam ýagşylykdyr, sebäbi ol Kanuny ýerine ýetirme islegini bildirýär. Adamlar Hudaýyň Kanunyna we adalatyna, adam diýenetmezliginiň masştabyna we derejesine doly baha bermezlige endik edinmek bilen günälerden halas etmäni amala aşyiyan merhemetede, doly baha bermezlige endik edinýärler. Şeýle etmek bilen Hoş Habar adamlaryň aňynda gymmatyny ýitirýär-de, adamlar eýýäm Mukaddes Kitabyň özündenem ýüz öwürmäge taýýar bolýarlar. BG 380.3
Dini halypalaryň köpüsi Mesihiň Öz ölümi bilen Kanuny ýatyrandygyny, şoňa görä-de, adamlaryň onuň talaplaryndan azatdyklaryny aýdýarlar. Kanunyň agyr ýükdügini aýdýan we Kanunyň gulçulygyny Hoş Habaryň sowgat beren azatlygyna garşy goýýanlaram tapylýar. BG 381.1
Ýöne pygamberler bilen resullar Hudaýyň mukaddes Kanunyna başgaça seretdiler. Dawut: “Hemişe rahatlykda gezerin, çünki Senih buýruklaryňa üns bererin” (Zebur 119:45) diýýär. Resul Ýakup Mesih ölenden soň, On Tabşyrygy: “Patyşalyk kammyny ‘ hem “azatlyk kanunyna” (Ýakup 2:8; 1:25) diýip atlandyrdy. Mesiihiň haça çüýlenenine 50 ýyl geçenden soň, Yahýa Onuň tabşyryklaryny berjaý edenlere beriljek ak pata hakda gürrüň edende: “Ýaşaýyş agajyndan iýmitlenme hakymy alarlar, derwezelerden geçip, şähere girerler” (Ylham 22:14) diýýär. BG 381.2
Mesihiň Özüniň ölümi bilen Atasynyň Kanunyny ýatyrandygy baradaky tassyklama ähli esaslardan mahrumdyr. Eger Kanuny üýtgetmek ýa-da inkär etmek mümkin bolan bolsa, adamy günä üçin berilýän jezadan halas etmek üçin ölmeklik Mesihe gerek bolmazdy. Kanunyň inkär edilmegi bilen hiç hili umumylygy bolmadyk Mesihiň ölümi Kanunyň mizemezligini subut edýär. Hudaýyň Ogly “Kanuny beýgeltmek hem şöhratlandyrmak” (Işaýa 42:21) üçin geldi. Ol: “Meni Mukaddes Kanuny... bozmaga gelendir öýtmäh... Gök bilen ýer geçip gidýänçä, ähli zat berjaý bolýança, Kammyh bir harpyda, bir nokady-da kemelmez” (Matta 5:17-18) diýdi. Şeýle hem, Ol Özi hakda: “Men Senih islegihi berjaý etmekden keýp alýaryn, eý Hudaýym; kanunyh ýüregimih içindedir” (Zebur 40:8) diýýär. BG 381.3
Hudaýyň Kanuny öz tebigaty boýunça üýtgewsizdir. Ol öz Awtorynyň isleginiň we häsiýetiniň açylmasy bolup durýandyr. Hudaý söýgüdir, şol sebäpli-de, Onuň Kanunam söýgüdir. Onuň iň beýik iki prinsipi - Hudaýa hem adama bolan söýgüdir. “Söýgi kanunyh berjaý edilişidir” (Rimliler 13:10). Hudaýyň häsiýeti dogrulyk hem hakykatdyr; Onuň Kanunynyň tebigatam şeýledir. Mezmurçy: “Senih kanunyh hakdyr”, “Senih ähli tabşyryklaryh dogrudyr” (Zebur 119:142, 172) diýýär. Resul Pawlusam: “...kanun mukaddes, buýruk hem mukaddes, adalatly we ohatdyr” (Rimliler 7:12). Hudaýyň akyldarlygynyň hem isleginiň beýany bolup durýan munuň ýaly Kanun öz Awtory ýaly, ebedi bolmalydyr. BG 381.4
Imana gelme bilen mukaddes edilme adamlar Hudaý bilen ýaraşyp, Onuň Kanunynyň prinsiplerine laýyklykda ýaşap başlar ýaly derejede täsir edýändir. Ilkibaşda adam Hudaýyň keşbinde ýaradyldy. Ol tebigat hem HudaýyňKanuny bilendoly sazlaşykda boldy. Dogrulyk prinsipleri onuň ýüreginde möhürlenendi, ýöne günä ony Ýaradyjysyndan jyda diişürdi. Şeýdibem, adam öziinde Hudaýyň keşbini görkezmesini bes etdi. Onuň ýüregi Hudaýyň Kanunynyň prinsiplerine garşy uruş yglan etdi. “Sebäbi tene daýanýan pikir Hudaýa duşmançylykdyr, Hudaýyň kanunyna tabyn bolýan däldir, muny başarýan hem däldir” (Rimliler 8:7). Ýöne “Hudaý dünýäni köp söýýänligi üçin Özüniňýekeje Ogluny berdi” Ol muny adamy Hudaý bilen ýaraşdyrmak üçin etdi. Mesihiň eden işiniň arkasyndan adam öz Ýaradyjysy bilen sazlaşygy ny täzeden dikeltmäge mümkinçilik aldy. Onuň ýüregi Hudaýyň merhemeti bilen täzelenmelidir, ol ýokardan berlen täze ýaşaýşy kabul etmelidir. Bu hem, ikinji dogluşdyr. Şonsuz Isanyň aýdyşy ýaly, “hiç kim Hudaýyň Patyşalygyny görmez”. BG 382.1
Hudaý bilen ýaraşmaklyga tarap barýan birinji ädim - bu günälidigiňe düşünmekdir. “Günä kanunsyzlykdyr“. Şol sebäpli-de, “günäni bilmek kanun arkaly döreýändir” (1 Yahýa 3:4; Rimliler 3:20) günäkär özüniň günälidigini görmek üçin özüni Hudaýyň iň beýik ölçeg birligi bilen synamalydyr. Bu takwa häsiýetiň kämilligini açyp, adama öz ýetmezçiliklerini görkezýän aýnadyr. BG 382.2
Kanun adama diňe öz günälerini açyp görkezýär, ýöne günäsinden halas etmeýär. Kanuny ýerine ýetirjek adama ýaşaýyş wada berilýär, emma ony bozan adama ölüm garaşýandyr. Adamy lagnatdan hem günäniň hapaçylygyndan diňe Mesihiň Hoş Habary azat edip biler. Adam Kanunyny bozan Hudaýynyň öňünde toba etmelidir we Mesihe hem-de Onuň ýaraşdyryjy gurbanlygyna ynanmalydyr. Şeýle etmek bilen ol “günälerini taşlamany” alyp, Hudaýyň tebigatyna şärik bolýar. Ol ogullyga alynma ruhuny alyp, “Abba, Ata!” diýip ýüzlenýär. BG 382.3
Şondan soň ol Hudaýyň Kanunynyň talaplaryndan azat bolýarmy? Pawlus: “Onda biz iman arkaly kanuny ýatyrýarysmy? Ýok, ony berkarar edýäris”. “Ýok! Günä etmeklige ölen biz indi onda gaýtadan nähili ýaşarys? ” (Rimliler 3:31; 6:2) diýýär. Yahýa: “Çünki Hudaýyň söýgüsi Onuň buýruklaryny berjaý etmekdir, Onuň buýruklary bolsa agyr däldir” diýýär. Täzeden doglanda, ýürek Hudaý bilen, şeýle hem, Onuň Kanuny bilen ýaraşýar. Günäkärde şunuň ýaly ägirt uly üýtgeşme bolup geçende, ol ölümden ýaşaýşa, günäden mukaddeslige, kanunsyzlyk hem gozgalaňçylykdan tabynlyk bilen wepalylyga geçýär. Hudaýdan daşda bolma durmuşy gutarýar. Ýaraşmadaky, imandaky we söýgüdäki täze durmuş başlanýar. Şonda Kanun dogrulygy “tende dälde, Ruhda ýörýän bizde ýerine ýeler“. Şeýdip, biz: “Men Senih kanunyhy nähili söýýärin! Bütin gün oý-pikirim şolhakda” (Zebur 119:97) diýip, bütin ýüregimizden aýdyp bileris. BG 382.4
“Rebbiň buýruklary gönüdir, olar ýüregi şatlandyrýandyr” (Zebur 19:8). Adamlar Kanunsyz özleriniň günälidiklerine we hapadyklaryna dogry düşnip bilmeýişleri ýaly, arassalyk hem Hudaýyň mukaddesligi hakda-da hiç zada düşünip bilmezler. Olar özleriniň günälidigine akyl ýetirmeýärler-de, toba mätäçdiklerini duýmaýarlar. Özleriniň Hudaýyň Kanunyny bozujylar hökmündäki öliim derejede duran ýagdaýyny görmeýärler-de, Mesihiň ýaraşdyryjy güýjüne mätäçdiklerine düşünmeýärler. Gutulyşa umyt baglama olaryň ýüreklerini özüne çekmeýär, olaryň durmuşyny üýtgetmeýär. Şunuň ýaly ýüzleý iman gelme hemme ýerde bolýan zada öwrüldi, şoňa görä-de, adamlar Mesih bilen gatnaşygy ýola goýman, Ýygnaga goşulýar. BG 383.1
Hudaýyň Kanunyny äsgermezçilik etmäniň ýa-da inkär etmäniň netijesi bolup durýan mukaddes bolma baradaky ýalan taglymat hem biziň günlerimizdäki dini hereketlerde gömükli orny eýeleýär. Ol teoriýalar taglymat babatda nädogrudyr we öz hökmany netijeleri boýunça howpludyr. Olaryň adamlarda gyzgyn kabul edilmäni tapýandygy hakdaky fakt Ýazgynyň şu mesele boýunça taglymatyny öwrenmäniň hökmany wajyplygyny ýene bir gezek belleýär. BG 383.2
Hakyky mukaddes bolma — bu Mukaddes Kitabyň taglymatydyr. Resul Pawlus Selaniklilere hatynda: “Hudaýyh isleýäni, mukaddes bolmagyhyz” diýýär-de, Hudaýyň olary “bütinleý mukaddes etmegi” üçin doga edýär (1 Selanikliler 4:3; 5:23). Mukaddes bolmanyň nämedigi we oňa nädip ýetmelidigi Mukaddes Kitapda takyk düşündirilýär. Halasgär Öz şägirtleri üçin ” Olary hakykatyň bilen mukaddes et. Senih sözüň hakykatdyr” (Ýahýa 17:17) diýip doga edýär. Resul Pawlusam, imanlylaryň Mukaddes Ruh tarapyndan mukaddes edilmeklerini aýdýar (Rimliler 15:16). Mukaddes Ruhuň wezipesi nämede jemlenen? Isa Öz şägirtlerine: “Hakykat Ruhy gelende, Ol size bütin hakykata tarap ýol görkezer” (Yahýa 16:13) diýýär. Mezmurçy: “Senih Kanunyh hakykydyr” diýýär. Hudaýyň Sözi hem Ruhy arkaly adamlara Onuň Kanunynda ornaşdyrylan dogrulygyň beýik prinsipleri açyldy. Hudaýyň Kanuny “mukaddes, dogry hem oňatdygy” we Hudaýyň kämilligini açyp görkezýändigi iiçin şol Kanuna tabyn bolmanyň esasynda emele gelen häsiýetem mukaddes bolar. Mesih şonuň ýaly häsiýetiň kämil Mysalydyr. Ol: “Men Atamyh buýruklaryny berjaý etdim”, “Men hemişe Oha ýaraýan zatlary edýärin” diýýär (Yahýa 15:10, 8:29). Mesihiň yzyna eýerijiler Oňa meňzeş bolmalydyrlar. Hudaýyň merhemeti arkaly olar özleriniň häsiýetini Onuň mukaddes Kanuny bilen sazlaşykda emele getirmelidirler. Bu Mukaddes Kitap mukaddes bolmasydyr. BG 383.3
Bu diňe bizde ýaşaýan Hudaýyň Ruhunyň güýji bilen Mesihe bolan iman arkaly bolup biler. Pawlus imanlylara: “...gorky hem titreme bilen öz gutulyşyhyzy amala aşyryň. Çünki Öz halaýşyna görä, sizde hem islemegi, hem-de emele getirmegi hasyl edýän Hudaýdyr” (Filipililer 2:12-13) diýip nesihat berýär. Günä mesihini azdyrýandyr, ýöne ol günä bilen hemişe söweşip biler. Ine, şu ýerde-de, Mesihiň kömegi gerek bolar. Adam ejizligi Hudaýyň güýji bilen biriger, şonda günäkär: “Rebbimiz Isa Mesih arkaly bize ýeňşi yhsan eden Hudaýa şükür!” (1 Korintoslylar 15:57) diýip, iman bilen şatlykly gygyryp biler. BG 384.1
Mukaddes bolma işiniň dyngysyz, dowamly prosesdigi barada Yazgyda anyk gürrüň edilýär. Günäkär imana gelip, halas ediji Gan arkaly Hudaý bilen ýaraşanda, mesihilik ýaşaýşy başlanýar. Indi ol kämillige gitmeli, “Mesihiň doly ösüş derejesine çenli” ösmelidir. Pawlus: “...yzdaky zatlary unudyp, öňdäkilere el uzadyp, Hudaýyň Mesih Isadaky arşa tarap bolan çakylygynyň baýragyna mynasyp bolmak üçin, pellehana tarap ylgaýaryn” (Filipililer 3:13-14). Petrusam Mukaddes Kitap mukaddes edilmesine ýetýän basgançagy biziň öňümizde goýýar: “Şonuň üçin bütin gaýraty sarp edip, imanyňyzda artyklygy, artyklykda bilimi, bilimde nebsiňize buýurmagy, nebsiňize buýurmakda sabry, sabyrda takwalygy; takwalykda dogan söýgüsini, dogan söýgüsinde hem Hudaýyň söýgüsini köpeldiň... Şeýle etseňiz, asla büdremersiňiz” (2 Petrus 1:5-10). BG 384.2
Mukaddes Kitap mukaddes bolmasyny şahsy taýdan başdan geçirenler hemme zatda tabynlyk ruhuny görkezerler. Olar Musa kimin, mukaddesligiň özüne çekiji ýakymlylygyny gördüler, Çäksiziň päkligi hem ýetip bolmajak derejedäki kämilligi bilen deňeşdirende, öz işleriniň gowy däldigini gördüler. BG 384.3
Danyýel pygamber hakyky mukaddesligiň mysaly bolup durýandyr. Onuň dowamly durmuşy öz Ýaradyjysyna hormat goýup gulluk etmeden doludy. Ol Gögüň söýgüli adamydy (Danyýel 10:11 serediň). Ýöne öz päkligine hem mukaddesligine buýsanmagyň deregine, bu hormatly pygamber özlini günäli Ysraýyl bilen deň derejede goýup, Hudaýdan Öz halkynyň tarapyny almagyny ýalbaryp soraýar: “Biziň dogruçyldygymyz sebäpli dälde, eýsem Seniň beýik rehimdarlygyň sebäpli öz nalyşlarymyzy Seniň huzuryňa getirdik”, “Biz bolsa giinä gazandyk, erbetlik etdik“. Ol göni: “Men dileg edip, öz günämi we haltym Ysraýylyň günäsini boýun aldym” diýýär. Birneme soňrak Hudaýyň Ogly özüne nesihat bermäge gelende, Danyýel: “...mende güýç galmady, ýüzümde reňk-pet galmady, men takatdan düşdüm” diýdi (Danyýel 9:18, 15, 20; 10:8). BG 384.4
Eýýup güýçli şemalyň arasynda Hudaýyň sesini eşidende: BG 384.5
“Başymdan gum, kül sowrup toba edýärin” (Eýýup 42:6) diýdi Işaýa Hudaýyň şöhratyny gördi we keburlaryň bar: BG 384.6
“Hökmürowan Reb mukaddesdir, mukaddesdir, mukaddesdir” diýip aýdym aýdyşlaryny eşidende: “Meniň dat günüme! Men heläk boldum, çünki men agzy murdar adamdyryn” (Işaýa 6:3, 5) diýip gygyrdy. Pawlus üçünji göge çenli alnyp, adama düşündirip bolmajak sözleri eşideninden soň, özi hakda: “mukaddesleriň iň ähmiýetsizi” (Efesliler 3:9) hökmünde gürrüň etdi. Isanyň döşüne birnäçe gezek kellesini goýan söýgüli Ýahýa Onuň şöhratyny görende, öli kimin bolup perişdäniň aýagyna ýykyldy (Ylham 1:17 serediň). BG 385.1
Golgota haçynyň kölegesinde ýaşaýanlar hiç haçan özlerinden göwnühoş duýgyny duýmazlar we günäden azatdyklaryny aýdyp öwünmezler. Olar Öz günäleriniň Hudaýyň Ogluna şonça görgi görkezendigine we Onuň ýüregini paralandyklaryna akyl ýetirýärler, şonuň üçin bu pikir olary özlerini öňkülerden-de, pes tutmaklyga alyp barýar. Adam Mesihe näçe ýakyn bolsa, şonça-da, ynsanyň bar ejizligini hem günäliligini aýdyň görýär we diňe haça çüýlenilen hem ölümden direlen Halasgäriň işine bil baglaýar. BG 385.2
Mukaddes bolma häzirki zamanda öztini beýgeltme we Mukaddes Kitap dinine ýat bolan hökmünde Hudaýyň Kanunyny äsgermezçilik etme ruhunda garamaklyk gitdigiçe ýaýraýar. Şunuň ýaly teoriýanyň tarapdarlary mukaddes bolmaklyk - bu adam diňe imanyň kömegi bilen kämil mukaddeslige ýetýän birwagtlaýyn aktydyr diýip öwredýärler. Olar: “Diňe ynanyň, şonda ak pata alarsyňyz” diýýärler. Olaryň pikiriçe, ak patany alan adamdan, mundan soň hiç hili tagalla talap edilmeýär. Şol bir wagtyň özünde-de, tabşyrygy berjaý etme zerurlygyndan azatdyklaryny aýdyp, Hudaýyň Kanunynyň mertebesine garşy çykýarlar. Eger adam Hudaýyň tebigatyny we islegini beýan edip, Onuň göwnünden turýan zatlary görkezýän prinsipleri äsgermezçilik edýän bolsa, onda ol Rebbe ýaraýan hem Onuň häsiýetine laýyk gelýän mukaddeslige ýetip bilermi? BG 385.3
Göreşi,özüňiretetmänihem dünýewi gymmatlyklardan ýüz öwürmäni talap etmeýän ýeňil hem oňaýly dini wagyz etme isleginden imanyň, diňe ýekeje imanyň ýeterlikdigi baradaky taglymat emele geldi. Bu taglymat örän meşhurdyr, ýöne Hudaýyň Sözi näme diýýär? Resul Ýakup: “Eý doganlar, biriniň amallary ýokka, imanym bar diýmeginiň nämepeýdasy bar? Ony ol iman saklap bilermi? Bir erkek dogan ýa bir aýal dogan ýalaňaç, gündelik iýmite zarka, siziň biriňiz olara: «Asuda gidiň-de, ýylynyň, doýuň» diýse, ýöne bedene gerekli zatlary bermesiňiz, näme peýdasy bar? Şeýle, iman-da amallary ýok bolsa, öz-özünden ölüdir Biri diýer: «Seniň imanyň bar, meniň amallarym bar. Sen imanyňy amalsyz maňa görkez, men-de saňa imanymy amallarym bilen görkezeýin». Sen Hudaýyň birligine ynanýarsyň; ýagşy edýärsiň; jynlar hem ynanýar, sandyraşýar. Eý akylsyz adam, amalsyz imanyň öliidigini bilmek isleýärsiňmi? Atamyz Ybraýym ogly Yshagy gurbanlyk edilýän ýerde bagyş edip, amallary bilen aklanmadymy? Ana, görýärsiň, iman onuň amallary bilen işledi, iman onuň amallary arkaly kämilleşdi. Şeýlelik bilen, «Ybraýym Hudaýa iman gelirdi, bu oňa dogrulyk saýyldy» diýen Ýazgy-da ýerine ýetip, oňa Hudaýyň dosty diýildi. Ine, görýärsiňiz, adam diňe bir iman bilen däl, amallary bilen aklanýar” (Ýakup 2:14-24) diýýär. BG 385.4
Hudaýyň Sözi amalsyz iman hakdaky taglymata garşy çykýar. Gögüň ýagşylygyna dalaşgärlik edýän, şol bir wagtyň özünde - de, üsti bilen merhemet sowgat berlip biläýjek şertlere tabyn bolmazlyk—bu zatlaryň hemmesi gödek özüňe göwnüýetme bolýandyr, sebäbi hakyky iman Mukaddes Ýazgynyň wadalaryna esaslanýandyr. BG 386.1
Goý, hiç kim özüni aldatmasyn, Hudaýyň hiç bolmanda ýekeje tabşyrygyny bilgeşleýin bozmak bilen mukaddeslige ýetip bolýan däldir. Bilgeşleýin edilýän günä Mukaddes Ruhuň paş ediji sesini eşitdirýän däldir hem-de jany Hudaýdan jyda düşürýändir. “Günä kanunsyzlykdyr”. “Günä edýän kişi Ony ne görendir, nede tanandyr” (1 Ýahýa 3:6). BG 386.2
Ýahýa öz hatlarynda söýgi hakda şeýle köp ýazýan bolsa-da, ol mukaddeslige dalaşgärlik edibem, Hudaýyň Kanunyny bozýan adamlaryň hakyky häsiýetini ikirjiňlenmän paş edýär. “Kim «Ony tanaýaryn” diýip-de, buýruklaryny berjaý etmeýän bolsa. ýalançydyr, onda hakykat ýokdur. Ýöne kim Onuň sözüni berjaý edýän bolsa, dogrudan-da, onda Hudaý yň söýgüsi kämilleşendir. Ondadygymyzy şundan bilýäris” (1 Ýahýa 2:4-5). Bu ýerde-de, her bir adamyň imany synalýar. Gökde bolşy ýaly, ýerde-de, ýeke - täk ölçeg birligi bolan ölçeg bilen ölçenýänçä, adamyň mukaddesligi hakda gürrüň edip bolmaz. Ahlak Kanunynyň öňünde öz jogapkärçiligini doly derejesinde duýmaýan, Hudaýyň tabşyryklaryny peseldýän we gymmatdan düşürýän, şol tabşyryklaryň hiç bolmanda, iň kiçijigini bozýan hem-de şonuň ýaly etmegi başgalara öwredýän adamlaryň Rebbiň ak patasyna umyt baglamaga haky ýokdur hem-de olaryň ähli garşy çykmalarynyň ähli esaslardan mahrum edilendigini ynam bilen aýtmak bolar. BG 386.3
Özüniň günäsizdigini aýdýan adam şeýle diýmek bilen mukaddeslikden uzakdadygyny görkezýär. Diňe Hudaýyň çäksiz päkligi hem mukaddesligi, Reb bilen ýaşaýan adamlaryň nähili bolmalydyklary hakda hakyky düşünjeleri bolmadyklar özlerini mukaddes hasaplap bilerler, sebäbi olarda Isanyň päkligi we beýgeldilen söýgüsi hakda, günäniň ýigrenjiligi hem hapalygy hakda dogry düşünjeleri ýokdur. Adam bilen Meishiň arasyndaky aralyk näçe köp bolsa, onuň Rebbiň tebigaty hem talaplary baradaky düşünjeleri şonçada, bikemal bolar hem-de ol şonça-da öz - özüne dogry bolup gömer. BG 386.4
Mukaddes Ýazgynyň gürrüňini edýän mukaddes bolmasy adamyň tutuş durkuna - ruhuna, janyna hem tenine-degişlidir.Pawlusselaniklilere: “Ruhuňyz, janyňyz we teniňiz saklanyp, Rebbimiz Isa Mesih gelende nogsansyz hem müýnsüz bolsuri” (1 Selanikliler 5:23) diýip ýalbardy. Ol ýene-de imanlylara: “Eý doganlar, özüňizi diri, mukaddes, Hudaýyň halajak gurbany hökmünde hödürläň diýip, Hudaýyň rehimleri arkaly size ýalbarýaryn” (Rimliler 12:1) diýip ýüzlendi. Gadymy Ysraýylda Hudaýa niýetlenilen gurbanlyk gowuja barlanylýardy. Maldan tapylan islendik kemçiligem, ony gurbanlyk bermeklige ýaramsyz edýärdi, sebäbi Hudaý “kemçiliksiz” gurbanlygy talap edýärdi. Edil şonuň ýaly, imanlylaram, özleriniň tenini “diri, mukaddes, Hudaýyň halajak gurbany hökmünde hödürlemelidirler“. Munuň üçin adam özüni gaty gowy ýagdaýda saklamalydyr. Adamy fiziki hem akyl taýdan ejizledýän her bir endik adamy Ýaradana gulluk etmeklige ýaramsyz edýändir. Eger biz Özüne iň gowy zady edip bilýän bolsak, onda Hudaý ujypsyzja zat bilen kanagatJanarmy? Mesih: “”Rebbiň Hudaýy bütin ýüregiň bilen söý” diýdi. Hudaýy bütin ýüregi bilen söýüp, Oňa öz durmuşy bilen iň gowy usulda gulluk etmäge çalyşjaklar özüniň bütin durkuny Hudaýyň islegini ýerine ýetirmäge kömek etjek kanunlara laýyk getirmäge»de çalşar. Hudaýy söýýän adam horanlyga ýa-da höwese özüniň Gökdäki Atasyna getirmeli bolan gurbanlygyny peseltmäge ýa-da haramlamaga ýol bermez. BG 387.1
Petrus:“... sizden haýyş edýärin, jana garşy söweş edýän günäli höweslerden ... gaça duruň” (1 Petrus 2:11). Günäli islegi kanagatlandyrmaklyk her bir ruhy hem akyl ukybyny peseldip, düşünjäni küteldýär welin, Hudaýyň Sözi ýa-da Mukaddes Ruh ýürekde döretmeli täsirini döretmeýär. Pawlus korintoslylara: ... her hili ten we ruh pisliginden tämizlenip, Hudaýdan gorkmakda mukaddesligi kämilleşdireliň” (2 Korintoslylar 7:1) diýýär. Ruhuň miwelerine - “söýgi, şatlyk, parahatlyk, sabyr, mähribanlyk, ýagşylyk, sadyklyk, ýumşaklyga” (Galatýalylar 5:22-23) - bolsa, ol “nebsiňe buýurmaklygy” goşýar. BG 387.2
Bu ruhlandyrylan sözleri ünssüz galdyrmak bilen bu gün näçe mesihi ýeňil eklenje kowalaşyp ýada moda ýaranjak bolup, özleriniň saglygyny weýran edýärler! Horanlyk, serhoşluk edip hem-de biabraýçylykly göwün açmalar bilen olar Hudaýyň keşbine nähili ysnat getirýärler. Ýygnagam, bu günäleri ýigrenmäniň deregine, köp ýagdaýlary ýamanlygy höweslendirýär, Mesihe bolan söýginiň dolduryp biläýjek hazynalaryny baýlaşdyrmak üçin açgözlüge, öz bähbidini bilmeklige hem lezzetlere teşnelige çagyrýar. Eger Isa häzirki zaman ýygnaklaryna girip, ol ýerdäki bikärçiligi hem daşky hudaýhonlugy ýüztutaryk edinen haramçylykly söwdany gören bolsa, ondaybadathanadaky pul çalyşýanlary kowşy ýaly, olaram kowmazmydy? BG 387.3
Resul Ýakup “ýokardan gelen akyldarlygyň”, birinjiden, arassadygyny aýdýar. Şol sebäplide, eger ol temmäki bilen hapalanan dili bilen Isanyň adyny tutýan, temmäkiniň ysyny özüne gowy siňdiren, töweregindäkileri zäherden dem almaga mejbur edýän mesihä duş geläýse, eger Hoş Habaryň arassalygyna garşy bolan endige duşaýsa, onda ol muny “ýerdäki, ýürekden çykýan hem arwahy” zat hökmünde ýazgarmazmydy? Temmäkiniň gullary doly mukaddeslige ýetendiris öýdüp, göge barmaklyga umyt baglaýarlar, ýöne Hudaýyň Sözi “oňa hiç hii haram zadyň girmejekdigini” (Ylham 21:27) aýdýar. BG 388.1
“Ýa-da teniňiziň sizde ýaşaýan we siziň Hudaýdan alan Mukaddes Ruhuňyzyň ybadathanasydygyny, siziň özüňiziňki däldigiňizi bilmeýärsiňizmi? Çünki siz bir baha alyndyňyz. Munuň üçin, Hudayyňky bolan teniňiz we ruhuňyz bilen Hudaýy şöhratlandyryň” (1 Korintoslylar 6:19-20). Teni Mukaddes Ruhuň ybadathanasy bolan adam ölüm getiriji endigiň guly bolmaz. Ol bar güýjüni özüni gymmatly Gany bilen satyn alan Mesihe bagyş eder. Oňa degişli bolan zatlaryň hemmesi Rebbiňkidir. Eger ol özüne ynanylan kapitaly ýele sowursa, günäsiz bolup galarmy? Özlerini mesihi hökmünde atlandyrýan adamlaryň köpüsi peýdasyz hem ölüm getiriji lezzetlere ummasyz pul sarp edýärler. Şol bir wagtyň özünde-de, olaryň janlary ýaşaýyş sözüni eşitmän, ölüme gidýär. Özleriniň günäli islegleriniň gurbanlyk sypasynyň üstünde, garyplara hem Hoş Habary ýaýratmaklyga zekat bermäniň deregine, köp serişde ýakmak bilen Hudaýy gazanjynyň ondan bir bölegini berme we zekat getirme meselesinde talaýarlar. Eger özüni mesihi hökmünde atlandyrýanlaryň hemmesi hakykatdan mukaddes bolan bolsalar, onda peýdasyz hem zelelli endiklere özleriniň serişdelerini sarp etmezdilerde, olary Rebbiň hazynasyna berip, nebsine buýurmanyň we özüni inkär etmäniň nähili gowy göreldesini görkezerdiler! Şonda olar dünýäniň nury bolardylar. BG 388.2
Bütin dünýä keýpiň hem göwün açmalaryň yzyna düşdi. Adamlaryň köpüsiniň aňlarynda “ten islegi, göz höwesi hem ýaşaýyş tekepbirligi”, ine, nähili güýçler höküm sürýän eken. Ýöne Mesihiň yzyna eýrijilere: “Reb: “Olaryň arasyndan çykyň-da, daş duruň, haram zada galtaşmaň” diýýär diýen mukaddes çagyryş gönükdirilendir. Biz Hudaýyň Sözüniň esasynda, adam günäli endiklerinden we dünýewi keýplerden ýüz öwürýänçä, ondaky mukaddes edilmäniň hakyky bolmaýandygyny aýtmaga doly hukuklydyrys. BG 388.3
“Olaryň arasyndan çykyp... haram zada galtaşmazlyk” şerti bilen ylalaşanlara Hudaýyň: “Her zady başarýan Reb: “Men siziň Ataňyz bolaryn, siz hem Meniň ogul-gyzlarym bolarsyňyz” (2 Korintoslylar 6:1718) diýen wadasy berilýär. Her bir mesihide artykmaçlyk bar, şonuň üçin ol manyly durmuşda ýaşamaga haklydyr. Isa: “Men dünýäniň nurudyryn. Meniň yzyma eýeren garaňkylykda gezmez, onda ýaşaýyş nury bolar” (Ýahýa 8:12) diýdi. “Dogrularyň ýodasy bolsa ýaňy dogan Gün ýalydyr, bütinleý gündiz bolana deňeç gitdigiçe parlar” (Süleýmanyň pähimleri 4:18). Iman bilen ädilen her bir ädim jany içinde “garaňkylyk bolmadyk” Nura ýakynlaşdyrýar. Dogrulyk Gününiň şöhleleri Hudaýyň gullaryny şöhlelendirýär, şonuň üçin olaram, Onuň şöhlelerini öwşün atdyrmalydyrlar. Ýyldyzlaryň gökde beýik nuruň bardygyny tassyklap, onuň şöhlesini görkezişleri ýaly, tutuş Äleme Hudaýyň hökümdarlyk edýändigini, Onuň şöhratlandyrylma hem öýkünmä mynasypdygyny görkezmelidirler. Onuň Ruhunyň päkligi hem Onuň häsiýetiniň mukaddesligi Özüniň şaýatlarynda görünmelidir. BG 388.4
Pawlus özüniň Koloselilere hatynda Hudaýyň çagalaryna wada berlen sahy ak patalar hakda gürrüň edýär. Ol: “Muny eşiden günümizden bäri, biz hem siziň üçin doga etmegiň, bütin akyldarlyk we ruhy düşünjede Hudaýyň isleginiň bilimi bilen dolmagyňyzy dilemegih yzyny üzmeýäris. Rebbe mynasyp ýagdaýda gezip, Ony her babatda hoşnut etmegihiz, her ohat işde miwe berip, Hudaýy tanamakda ösmegihiz, Onuh şöhratly gudratyna görä, bütin sabyr, çydam üçin, her hili güýç bilen güýçlenmegiňiz itçin dileg edýäris” (Koloseliler 1:9-11) diýip ýazýar. BG 389.1
Efesdäki doganlaryňam, mesihilik ruhunyň beýikliklerine düşünmekleri üçin Pawlus olara-da, edil şunuň ýaly ýüzlenme bilen ýüzlenýär. Pawlus örän düşnükli dil bilen olaryň öňünde özleriniň Hudaýyň ogullary hem gyzlary hökmünde eýe bolup biläýjek gudratly güýjüni hem bilimini açyp görkezýär. “Hudaýyh bütin dolulygy bilen dolar ýaly, söýgüde kök urup, düýp tutup, hemme mukaddesler bilen bilelikde Mesihih söýgüsinih nähili gih, uzyn, belent we çuňňurdygyna düşünmekleri” üçin olara “Hudaýyh Ruhy arkaly içki häsiýetihizde gudrat bilen güýçlenmek” gerekdi. Yöne “bilimden ýokary çykan bu söýgini tanamaklaryny” (Efesliler 3:16, 18, 19) soranda, resulyň dogasy kulminasiýasyna ýetýär. BG 389.2
Bu tekstlerde, Hudaýyň talaplaryny ýerine ýetiren ýagdaýymyzda, Gökdäkii Atamyzyň wadalaryna bolan imanymyz arkaly ýetip biljek beýikliklerimiz görkezilendir. Mesihiň işi bizi Çäksiz Kuwwatyň tagtyna ýakynlaşdyryp bilýär. “Öz Ogluny gaýgyrman, bizih hemmämiz üçin ölüme beren Hudaý Onuh bilen bile bize bar zady nähili bagyşlamaz?” (Rimliler 8:32). Ata Öz Ogluna Mukaddes Ruhy ölçeg bilen bermedi, bizem şol dolulyga eýe bolup bileris. Isa: “Şeýlelikde, erbet bolan siz öz oglanlaryhyza ohat sylaglar bermegi bilýän bolsahyz, Gökdäki Atahyz Özünden dilänlere has-da köp Mukaddes Ruhy berer! ” (Luka 11:13) diýýär. Hem-de: “Menih adym bilen bir zat dileseňiz, berjaý ederin “Şu wagta çenli siz Meniň adymdan hiç zat dilemedihiz. Diläň, alarsyhyz, şatlygyňyz dolup-daşar” (Ýahýa 14:14; 16:24) diýýär. BG 389.3
Mesihiniň durmuşy tabynlyk bilen tapawutlanýan bolsa-da, bu gaýgylylygy hem özüňe pes baha bermäni aňlatmaýar. Her bir adamyň artykmaçlygy - Hudaý ony makullar hem ak pata berer ýaly edip ýaşamagyndadyr. Gökdäki Atamyz biziň hemişe garaňkylykda hem wyždan horlamasynyň içinde bolmagymyzy islemeýär. Hakyky tabynlyk başyňy sallap, elmydama öz günäleriň hakda pikir edip ýörmegi aňlatmaýar. Biz Isanyň ýanyna baryp, arassalanyp hem Kanunyň öňünde utançsyz wyždanyň horlamasyny duýman durup bileris. “Şeýlelik bilen, Mesih Isada bolanlara, ten bilen dälde, Ruh bilen gezýänlere häzir hiç hili iş kesme ýokdur” (Rimliler 8:1). BG 390.1
Isa arkaly Adam atanyň günäli ogullary “Hudaýyň ogullary” bolýarlar. “Çünki mukaddes Eden bilen mukaddes edilenleriň hemmesi bir Atadandyr. Şonuň üçin hem Isa olara dogan diýmekden utanmaýar” (Ýewreýler 2:11). Mesihiniň durmuşy Rebde imanly, ýeňişli hem şatlykly durmuş bolmalydyr. “Çünki Hudaýdan dogan kişi dünýäni ýeňýändir, dünýäden üstün çykan ýeňiş biziň imanymyzdyr” (1 Yahýa 5:4) Hudaýyň hyzmatkäri Nehemýa: “Taňrymyzyň eçilýän şatlygy size güyç-kuwwat berer” (Nehemýa 8:10) diýip nähili adalatly gürleýär. Pawlus: “Rebde hemişe şatlanyň, ýene-de aýdýaryn: şatlanyň” (Filipililer 4:4). “Hemişe şatlanyň. Dyngysyz doga ediň. Ähli ýagdaýda şükür ediň. Çünki Hudaýyň Mesih Isada siz baradaky islegi şudur” (1 Selanikliler 5:16-17). BG 390.2
Mukaddes Kitaba laýyklykda iman etmäniň we mukaddes bolmanyň miwesi şeýledir, ýöne ony seýrek görmek bolar, sebäbi mesihilik dünýäsi Hudaýyň Kanunynda beýan edilen beýik prinsipleri äsgermezçilik edýär. Şu sebäbe görä-de, biz Hudaýyň Ruhunyň geçen ýyllardaky täzeden dogluşlara mahsus bolan çuň hem dowamly işini şeýle az görýäris. BG 390.3
Biz synlamalar hem oýlanmalar arkaly özgerýäris. Eger adamlar Hudaýyň Öz häsiýetiniň kämilligini hem mukaddesligini açyp görkezen mukaddes prinsiplerini äsgermezçilik edýän bolsalar, onuň deregine adam taglymatlaryna hem teoriýalaryna ýüzlenýän bolsalar, onda Ýygnakda diri ak patanyň azdygyna haýran galmalymydyr? Reb: BG 390.4
“Çünki Meniň halkym iki sany pis iş etdi: .. BG 390.5
Akar suwlaryň gözbaşy bolan Meni terk etdiler, özlerine howdanlar, gyrasy çat açan, suw saklamaýan howuzlar gazdylar ” (Ýermeýa 2:13) diýýär. BG 390.6
“Erbetleriň maslahadyna gitmedik, günäkärleriň ýolunda bolmadyk, masgaralaýjylaryň m eýl isinde oturmadyk adam bagtlydyr; Onuň keýpi diňe Rebbiň kanunyndadyr, gijegündiz Onuň kanuny hakda pikire gidýändir. Ol akar suwlar ýakasynda ekilen, miwesini möwsüminde berýän we ýapragy solmaýan agaç ýaly bolar; eden ähli işi rowaçlanar” (Zebur 1:1-3). Diňe Hudaýyň Kanuny beýgeldilende we bolmaly ýokarlygyna galdyrylanda, Hudaýyň saýlan halkynyň arasynda ilkibaşdaky iman bilen takwalyk täzeden dörär. BG 390.7
“Reb şeýle diýýär: BG 391.1
«Ýoluň çatrygynda durup serediň, owalky ýodalar hakda sorap, ýagşy ýoluň nirdedigini öwreniň; ondan ýöräň, janyňyz rahatlyk tapar” (Ýermeýa 6:16). BG 391.2