Beýik Göreş
24—Nji Bap.
Mukaddesleriň Mukaddesinde
Mukaddes ýer baradaky sorag 1844-nji ýyldaky lapykeçligiň syryna akyl ýetirmeklige kömek etdi. Ol hakykatyň yzygider, gutarnykly hem arabaglanyşykly sistemasyny açdy we Hudaýyň halkynyň ýagdaýyny hem onuň borjuny aýdyňlaşdyryp, beýik adwentist hereketine rebbiň ýolbaşçylyk edenini subut etdi. Isanyn şägirtleriniň ýürek hasraty hem sustupeslikde geçiren eýmenç gijesinden soň, “Rebbi görüp şatlanyşlary” ýaly, Onuň Ikinji gezek geljegine iman edenleriň hemmesi-de, şatlyk duýgusyny başdan geçirdiler. Olar Rebbiň şöhrat içinde gelip, Öz hyzmatkärlerini sylaglaryna garaşdylar. Özleriniň umytlary amala aşmadyk wagtynda bolsa, olar Isany gözlerinden ýitirip, Merýem bilen bilelikde gabryň ýanynda: «Rebbimi mazardan çykaryp äkidipdirler, Ony nirede goýandyklaryny bilmeýärin” diýip, möňňürdiler. Indi olar Ony ýene-de mukaddesleriň Mukaddesinde gördüler. Ol ýerde olar tizara özleriniň Patyşasy hem Halasgäri hökmünde geljek rehimdar Baş Ruhanyny tapdylar. Mukaddes ýerden çykan hakykat nury geçmişi, häziri hem geljegi nurlandyrdy. Olar özlerini Hudaýyň ýalňyşsyz akyldarlygynyň alyp barýandygyny bildiler. Ilkinji şägirtler ýaly, özleriniň wagyz edýän habaryna doly düşünmeselerem, barybir ol habar hemmetaraplaýyn dogrudy. Bu habary wagyz etmek bilen olar Hudaýyň niýetini ýerine ýetirdiler, şol sebäpli-de, olaryň zähmeti Hudaýyň öňünde biderek bolmady. “Diri umyt” üçin täzeden doglan bu adamlar “beýan edip bolmajak we şöhratly şatlyk” bilen şatlandylar. BG 343.1
Danyýeliň: «Bu waka iki müň üç ýüz gije-gündiz dowam eder. Soňra mukaddes ýer adalatsyzlykdan tämizlener” (Danyýel 8:14) diýen weliligi-de, birinji perişdäniň: “Hudaýdan gorkuň! Ony şöhratlandyryň! Çünki Onuň höküm sagady geldi” (Ylham 14:7) diýen habary-da, Öz halkyny halas edip, imansyzlary berbat etjek Mesihiň Ikinji gezek gelmegini däl-de, Onuň gökdäki mukaddes ýerdäki mukaddesleriň Mukaddesinde gulluk edýändigini we derňew suduny görkezýär. Ýalňyşlyk pygamberlik döwürlerini hasaplamakda däl-de, 2300 günüň ahyrynda nähili wakanyň bolmalydygynda gizlenendi. Bu ýalňyşlyk Hudaýyň çagalaryna lapykeçlik getirdi, şeýle-de bolsa, bu zatlaryň hemmesi pygamberlikde öňünden aýdylypdy, şonuň üçinem, Ýazga laýyklykda olaryň garaşan zady berjaý boldy. Olar özleriniň amala aşmadyk umydynyň agysyny aglap ýörkäler, bu habar tarapyndan öňünden aýdylan, Reb Öz hyzmatkärlerini sylaglamak üçin gelmezinden öň ýerine ýetmeli bolan waka bolup geçdi. BG 343.2
Olaryň garaşyşlary ýaly, Mesih diňe bir bu ýere gelmedi-de, höküm gününiň obrazyna laýyklykda, Ol Hudaýyň gökdäki ybadathanasyndaky mukaddesleriň Mukaddesine girdi. Danyýel pygamber Ony “Bar Bolandan” öň aýan Bolan hökmünde suratlandyrýar. “Gije şol gömüşimde ynsana meňzeş biriniň gögüň bulutlary bilen gelýändigini gördüm. Ol owaldan Bar Bolanyň ýanyna ýakynlaşyp, Onuň huzuryna gelirildi” (Danyýel 7:13). BG 344.1
Bu barada Malaky pygamberem: “Siziň gözleýän Taňryňyz duýdansyz Öz ybadathanasyna geler. Siziň isleýän äht wekiliňiz, ine, Ol gelýär, muny Goşunlar Rebbi aýdýar” (Malaky 3:1) diýýär. Rebbiň ybadathana gelmegi Onuň halky üçin garaşylmadyk hem duýdansyz zat bolupdy. Olar Ony ol ýerde görerin öýtmeýärdiler. Olar Reb “Hudaýy tanamaýanlary, Özi baradaky Hoş Habara uýmaýanlary ýalynly otda jezalandyrmaga” geler diýip pikir etdiler. BG 344.2
Ýöne halk entek öz Rebbini garşylamaga taýýar däldi. Halk bu waka taýýarlanmalydy. Adamlar özleriniň aňyny Hudaýyň gökdäki ybadathanasyna ugrukdyryp biljek nura mätäçdiler, şonda özleriniň Baş Ruhanynysyň gullugynda Onuň yzyna iman bilen eýermek bilen täze borçlaryna düşünerler. BG 344.3
Pygamber: “Emma äht wekiliniň geljek gününe kim çydap biler? Ol peýda bolanda, onuň öňünde kim durup biler? Çünki ol demri eredýän ot kimin, kir ýuwujynyň sabyny kimindir. Ol kümşi eredip saplaýan ýaly, oturyp, Lewiniň neslini saplar, olary altynkümüş kimin eredip tämizlär. Şonda olar sadakalaryny Rebbe dogrulyk bilen hödür ederler” (Malaky 3:2-3). Mesihiň gökdäki mukaddes ýerdäki araçylyk gullugy gutaran wagtynda, ýerde ýaşajaklar Mukaddes Hudaýyň ýanynda Goragçysyz bolmaly bolarlar. Olaryň eşikleri tegmilsiz bolmaly, olaryň häsiýeti arassalaýjy gan bilen arassalanan bolmaly. Hudaýyň merhemetiniň we öz tagallarynyň kömegi bilen olar ýamanlyk bilen alyp barýan göreşlerinde ýeňiji bolup çykmalydyrlar. Göklerde derňew sudy bolan wagtynda, toba gelen günäkärleriň günäleri mukaddes ýerden aýrylýan wagtynda, Hudaýyň ýerdäki halkynyň arasynda aýratyn arassalama hem günäleri taşlama işi edilmelidir. Bu iş Ylham Kitabynyň 14-nji babyndaky habarlarda has aýdyň berlendir. BG 344.4
Bu iş tamamlananda, Meishiň yzyna eýerijiler Onuň gelmegine taýýarlanylan bolýarlar. “Onsoň öňki döwürde, geçen ýyllarda bolşy ýaly, Reb Ýahuda we Iýerusalim halkymyň sadakalaryndan hoşal bolar” Şonda Rebbiň Özi gelen güni ýanyna aljak Ýygnagy “tegmiltsiz, ýygyrtsyz ýada şoňa meňzeş zatlarsyz şöhratly” (Efesliler 5:27) Ýygnak bolar. Şonda ol “Şapak deý ýalpyldaýan, aý dek gözel, gün deý parlaýan, tugly goşun deý şöwketir (Aýdymlaryň aýdymy 6:10) bolar. BG 345.1
Rebbiň ybadathana gelmeginden başga-da, Malaky Onuň sud etmek üçin Ikinji gezek hem geljegini-de aýdýar: “Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Soňra Men höküm çykarmak üçin ýanyňyza gelip, jadygöýlere, zynahorlara, ýalan ýere ant içýänlere garşy we talabanyň, dul aýalyň, ýetimiň hakyny iýýänlere garşy, gelmişegi hukugyndan mahrum edýänlere, Menden gorkmaýanlara garşy derrew şaýat bolarym” (Malaky 3:5). Ýahuda-da: “Hudaýsyzlyk bilen eden bütin hudaýsyz işleri zerarly, hudaýsyz günäkärleriň Oňa aýdan ähli paýyş sözleri zerarly hemmeleriň üstünden höküm çykarmaga, bütin hudaýsyzlary höküm etmäge Reb, ine, müňlerçe mukaddesi bilen geldi” (Ýahuda 15) diýende, hut şu wakany göz öňünde tutdy. Bu gelme bilen Rebbiň Öz ybadathanasyna gelmesi - düýbünden dürli wakalardyr. BG 345.2
Danyýeliň Kitabynda suratlandyrylan waka (Danyýel 8:14), ýagny mukaddes ýeri arassalamak üçin Mesihiň Baş Ruhanymyzyň hökmünde mukaddesleriň Mukaddesine girmegi, şol ýerde okaýan zadymyz (7:13), ýagny Ynsan Oglunyň Bar Bolanyň ýanyna gelmegi we Malaky tarapyndan pygamberlik edilip aýdylan waka, ýagny Rebbiň Öz ybadathanasyna gelmegi - bu zatlaryň hemmesi Mesihiň on gyz baradaky tymsalyndaky (Matta 25) giýewiň toý dabarasyna gelmeginde suratlandyrylýan şol bir wakasydyr. BG 345.3
1844-nji ýylyň tomsunda hem güýzünde: “Ine, giýew gelýär” diýen habar yglan edildi. Şonda adamlaryň akylly hem akylsyz gyzlar görnüşindäki iki topary has-da anyk göze ildi. Olaryň bir topary Rebbiň gelerine şatlyk bilen garaşyp, Ony garşy almaga yhlas bilen taýýarlandylar. Beýlekileri bolsa, gorkynyň hem bir pursatlyk göçgünliligiň täsiri astynda hakykatyň diňe teoriýasy bilen kanagatlandylar, ýöne olar Hudaýyň merhemetinden mahrumdylar. Tymsalda giýew gelende “taýýar bolup duranlar onuň bilen toýhana girýärler“. Bu ýerde şekillendirilen giýewiň gelmesi toý dabarasynyň öň ýanynda bolup geçýär. Nika Mesihiň Öz Ýygnagyny kabul etmesini alamatlandyrýar. Patyşalygyň paýtagty hem alamatlandyrylmasy bolup durýan mukaddes şäher, Täze lýerusalim, “Guzynyň gelni, aýally” diýlip atlandyrylýar Perişde Ýahýa: “Gel, men saňa Guza aýal boljak gelni görkezeýin” diýdi. Pygamber: “Perişde meni Ruhda bir uly, belent daga äkitdi. Olýerdenmaňa.. Hudaýyh şöhraty arkaly parlaýan mukaddes şäher Iýerusalimi Gökden Hudaýyh ýanyndan inip gelýärkä görkezdi” (Ylham 21:9, 10). Şonuň üçin gelin mukaddes şäheriň, giýewi garşy alan gyzlar bolsa, Yygnagyň nyşanydyr. Ylham Kitabynda Hudaýyň çagalarynyň toý dabarasynda myhmanlar boljakdyklary aýdylýar. Eger olar myhman bolsalar, onda olar gelin bilen tanyşdyrylmazlar. Mesih Danyýel pygamberiň aýdyşy ýaly, gökde Bar Bolandan “ygtyýar, şöhrat hem patyşalyk” alar. Ol Öz Patyşalygynyň paýtagtyny, “öz adamsy üçin taýýarlanan bezegli gelin” ýaly bolan Täze Iýerusalimi kabul eder (Danyýel 7:14; Ylham 21:20). Ol Patyşalygy alandan soň, Öz Patyşalygynda Guzynyň toýuna gatnaşmak liçin “Ybraýym, Yshak hem Ýakup” (Matta 8:11; Luka 22:30) bilen bile bir saçagyň başynda oturjak Öz halkyny halas etmek üçin şalaryň Şasy, rebleriň Rebbi kimin bolup geler. BG 345.4
1844-nji ýylda: “Ine, giýew geldi” diýlip yglan edilen habar müňlerçe ýürekleri Rebbiň basym gelmegine garaşmaga ruhlandyrdy. Bellenilen wagtda Giýew dabara geldi, ýöne adamlayň garaşyşy ýaly, ýere däl-de, Öz Patyşalygyny kabul etmek üçin göklerde Bar Bolanyň ýanyna bardy. “Taýýar bolup duranlar onuň bilen toýhana girýärler“. Toý dabarasyna olaryň şahsy taýdan gatnaşmagynyň zerurlygy ýok, sebäbi ol göklerde bolýar, olar bolsa ýerde. Mesihiň yzyna eýerijiler “özleriniň Hojaýynynyň toýdan gaýdyp gelerine” (Luka 12:36) garaşmalydyrlar. Ýöne olar Onuň işine düşünmelidirler we iman bilen Hudaýyň tagtyna tarap Onuň yzyna diişmelidirler. Hut şu manyda hem, olaryň toý meýlisine girendikleri aýdylýar. BG 346.1
Tymsalda diňe çyralarynda ýagy bolanlaryň toýhana girendigi aýdylýar. Mukaddes Ýazgynyň hakykatyna akyl ýetirip, Ruh bilen Hudaýyň merhemetini alanlar, juda agyr synaglaryň garaňkylygy içinde sabryny ýitirmän, has ulurak nuruň gözleginde Mukaddes Kitaba ýüzlenenler—gökdäki mukaddes ýer we Halasgäriň täze gullugy baradaky hakykata akyl ýetirdiler hem-de iman bilen Onuň yzyna eýerip, mukaddesleriň Mukaddesine girdiler. Mukaddes Ýazgynyň şaýatlygy arkaly şu hakykaty kabul edýänler, Öziiniň araçylyk gullugynyň soňky bölegini ýerine ýetirmek, onuň soňundanam, Öz Patyşalygyny kabul etmek üçin Mesihiň Hudaýyň öňünde durşuna iman bilen seredenler—bu adamlaryň hemmesi nyşany taýdan toýhana girenler hökmünde suratlandyrylýarlar. BG 346.2
Mattanyň Hoş Habaryny 22-nji babynda beýan edilen tymsalda hem, toý meýlisiniň şol bir nyşany ulanylan. Toý dabarasynyň öň ýanynda Patyşa ähli myhmanlaryň toý geýmini geýen, geýmänini, ýagny hemmeleriň şeksiz, Guzynyň Gany bilen ýuwlan hem aklanandyklaryny ýa däldiklerini görjek bolup gelýär (Matta 22:11; Ylham 7:14). Egninde toý lybasy bolmadyk, juda ýeňil hasaplanylanlar kowulýarlar, synaglarda toý lybasyny geýenleri bolsa, Hudaý kabul edýärde, Öz Patyşalygyna girme we Özi bilen Öz tagtynda oturma hormatyna mynasyp edýär. Adamlaryň bu gözden geçirilişi we kimiň Hudaýyň Patyşalygy üçin taýýarlanylandygyny gutarnykly kesgitlemeklik sud derňewi wagtynda, gökdäki mukaddes ýeriň tamamlaýjy gullugy hökmünde amala aşar. BG 346.3
Derňew sudy gutaranda, ähli asyrlardaky Mesihiň yzyna eýerenleriň işlerine seredilende hem-de olar boýunça karar kabul edilende, diňe şonda. synag wagty gutaryp, merhemet gapysy ýapylýar. Şeýlelikde: “taýýar bolup duranlar onuň bilen toýhana gii-ýärler welin, gapy ýapylýar’’’ diýen gysgajyk jümle Halasgäriň gullugynyň soňky bölegini tutuşlygyna öz içine alyp, bizi adamy halas etme boýunça alnyp barylýan beýik işiň tamamlanan wagtyna alyp barýar. BG 347.1
Biziň eýýäm görşümiz ýaly, gökdäkiniň obrazy bolan ýerdäki mukaddes ýerde baş ruhany Halas etme gününde mukaddesleriň Mukaddesine girende, mukaddes ýeriň birinji bölümindäki guliuk gutarýar. Hudaý: “Harun günäden saplamak üçin, iň mukaddes otaga girip, ...günälerinden saplap, daşaryk çytyança, Rebbe ýüz tutulýan otagda hiç kim bolmasyn” (Lewiler 16:17) diýip buýruk berdi. Şonuň üçin Mesih Özüniň halas edijilikli gullugynyň soňky bölegini ýerine ýetirmek üçin mukaddesleriň Mukaddesine girende, Ol birinji bölümdäki işini bes etdi. Ýöne birinji bölümdäki iş gutarandan soň, ol ikinji bölümde başlandy. Obrazly gullukda baş ruhany Halas etme gününde mukaddes ýeriň birinji bölüminden çykanda, öz günälerine çyn ýürekden toba eden tutuş Ysraýylyň günäleri üçin berlen gurbanlygyň ganyny Hudaýa hödürlemek üçin Onuň öňüne gelýärdi. Mesihem edil şunuň ýaly edip, Özüniň araçy lyk gullugynyň diňe bir bölegini gutaryp, Atasyna öňküsi ýaly, Öz döken Ganyna mynasyp bolan toba gelen günäkärler üçin ýalbaryp, gullugynyň ikinji bölegine başlady. BG 347.2
1844-nji ýy lda bu sorag adwentistlere düşnükli bolmady. Halasgäriň gelerine garaşylan wagt geçenden soňam, olar özleriniň güýçli krizis wagtynda ýaşaýandyklaryna, Mesihiň Hudaýyň öňündäki araçylyk gullugynyň gutaranyna ynamly bolandyklary üçin barybir Onuň basym geljegine ynanmaklaryny dowam etdirýärdiler. Olaryň göwnüne Mukaddes Kitap Mesihiň şöhrat içinde hakykatdan gelmeziniň öň ýanynda adamlaryň synalmasynyň gutarjakdygyny öwredýän ýaly bolup göründi. Şonda olar adamlaryň aglaşyp, ýapyk duran merhemet gapysyny kaksalar-da, onuň açylmajak wagtyny görkezýän tekstlere esaslandylar. Şonda olar Mesihiň geljek wagtyny kesgitlänlerinde, özleriniň bellän senesiniň Ol gelmezinden öň hökman bolmaly bolan muşakgatlar döwrüniň başlangyjy bolandygy ýa däldigi hakyndaky soraglary özlerine berdiler. Suduň ýakynlaşandygyny adamlara duýdurmak üçin ellerinden gelenini etdiler-de, özlerinifi dünýä üçin etmeli işleri gutaranda, gtinäkäri halas etme üçin jogapkärçilik öz üstlerinden aýryldy diýip hasap etdiler. Özleriniň üstlerine ýagan gülkülere hem ýaňsylamalara Hudaýyň merhemetini inkär edenleri Onuň Ruhunyňam terk edendiginiň subutnamasy hökmünde garadylar. Bu zatlaryň hemmesi olary synag wagtynyň gutarandygy ýa-da, şol wagtlarda özleriniň aýdyşy ýaly, “merhemet gapysynyň ýapylandygy” baradaky pikirde berkitdi. BG 347.3
Ýöne mukaddes ýer baradaky soragy öwrenenlerinde, olaryň aňlaryny has ýiti nur ýagtylandyrdy. Indi olar 1844-nji ýylda 2300 günüň gutarmagy wajyp wakany alamatlandyrýar diýip çaklamak bilen mamla bolandyklaryna göz ýetirdiler. Adamlaryň on sekiz asyryň dowamynda içinden geçip, Hudaýa ýüzlenen umyt hem merhemet gapysy, dogrudanam, ýapylan bolsa hem, başga gapy açyldy. Indi adamlar üçin günäleriň bagyşlanmasy Mesihiň mukaddesleriň Mukaddesindäki töwellaçylygy arkaly mümkin boldy. Şoňa görä-de, gullygyň beýleki bölegine orun bermek üçin Onuň gullugynyň diňe bir bölegi gutardy. Mesihiň günäkär üçin Öz gullugyny dowam etdirýän ýeri bolan gökdäki mukaddes ýeriň gapysy entegem açykdy. BG 348.1
Şonda olar Mesihiň Ylham Kitabynda: “Mukaddes hem çyn bolan, Dawut açarynyh eýesi, açanyny hiç kim ýapyp bilmeýän, ýapanyny hiç kim açyp bilmeýän şeýle diýýär: Seniň nämeler edeniňi bilýärin. Ine, öňüňde bir açyk gapy goýdum, hiç kim ony ýapmagy başarmaz. Seniň güýjüň az, muňa garamazdan, Meniň sözümi berjaý etdiň, adymy inkär etmediň” (Ylham 3:7-8) diýip, ýörite olaryň döwründäki Ýygnak üçin aýdan sözleriniň manysyna düşündiler. BG 348.2
Beýik halas etme işinde Isanyň yzyna iman bilen eýerýän adamlar Onuň özleriniň hatyrasyna edýän araçylyk gulugynyň miwelerinden peýdalanarlar. Bu gulluk baradaky nury inkär edýänler bolsa, elbetde, ondan peýda almazlar. Mesih birinji gezek gelende, Onuň beren nurundan ýüz öwren we dünýäniň Halasgäri hökmünde Oňa iman etmekden boýun towlan ýehudylar Ol arkaly gutulyşam alyp bilmediler. Isa göge Öz şägirtleriniň üstünden Özüniň araçylyk gullugynyň ak patasyny guýmak üçin Öz Gany bilen gökdäki mukaddes ýere girende, ýehudylar tüm garaňkylykda galyp, peýdasyz gurbanlyklary getirmeklerini dowam etdirdiler. Obrazlaryň we kölegeleriň gullugy gutardy. Adamlaryň ozal girip, Hudaýyň ýanyna baran gapylary indi ýapyldy. Yehudyar Mesihi tapyp boljak ýerinden - gökdäki mukaddes ýerden - gözlemekden boýun towladylar. Şonuň üçin olar Hudaý bilen hiç hili gatnaşygy ýola goýup bilmediler. Olar üçin gapy ýapylypdy. Olar Mesihi Hudaýyň öňündäki Hakyky Gurbanlyk we ýeke - täk Araçy hökmünde ykrar etmediler, şol sebäpdenem, olar Onuň araçylyk gullugynyň miwesinden peýdalanyp bilmediler. BG 348.3
Imana gelmedik ýewreýleriň düşen ýagdaýy rehimdar Baş Ruhanymyzyň gullugyny bilgeşleýin äsgermezçilik edýän gaýgysyz - gamsyz hem imansyz mesihileriň ýagdaýlarynyň gaty gowy illustrasiýasy bolup durýar. Obrazlaýyn gullukda baş ruhany mukaddeslerift Mukaddesine girende, bütin Ysraýyla mukaddes ýeriň töweregine ýygnanmaklyk we iň dabaraly ýagdaýda ýüreklerini Hudaýyn önünde peseltmeklik, şeýdibem, günälerine bagyşlanma almaklyk we jemgyýetden çykarylmazlyk buýruk berilýärdi. Şol hakyky Halas etme gününde öz Baş Ruhanymyzyň işine, şeýle hem, özümiziň şahsy borjumyza düşünmeklik nähili wajyp! BG 349.1
Adamlar Hudaýyň Öz rehimdarlygy içinde bize goýberýän duýduryşyny inkär edibem, jezasyz galyp bilmezler. Nuhuň günlerinde gökden habar goýberildi, şonuň üçin adamlaryň halas bolmasy özlerinift şol habara bolan garaýyşlaryna baglydy. Olar ähli duýduryşlary inkär edendikleri üçin Hudaýyň Ruhy günäli adam neslinden aýryldy welin, ol nesil suw basmasynda ýok bolup gitdi. Ybraýymyň günlerinde Hudaýyň rehimdarlygy Sodomyň ýaşaýjylaryny çagyrmagyny bes edende, Lutdan, onuň aýalyndan we iki gyzyndan başga hemmeler öldüler. Mesihiň günlerinde-de, şeýle boldy. Şol nesliň imansyz ýewreýlerine ýüzlenip: “Ine, öýüňiz size haraba bolup galýar” (Matta 23:38) diýdi. Soňky günlere ýiizlenende-de, şol bir Çäksiz Giiýç öz gutulyşy üçin hakykat söýgüsini kabul etmediklere: “Ine. şu sebäpden hem ýalana ynansynlar diýip, Hudaý olara bir aldawçy güýç ýollaýar. Ol muny hakykata ynanman, ýamanlygy halaýanlaryň bary höküm edilsin diýip edýär” (2 Selanikliler 2:11-12) diýip yglan edýär. Öz Sözüniň taglymatyny inkär edýändikleri üçin Hudaý olardan Özüniň Ruhuny alýar - da, olary özleriniň söýen günäleriniň içinde galdyrýar. BG 349.2
Ýöne Mesih adam üçin töwellaçylyk etmegini dowam etdirýär, şol sebäplide, hakykat nuruny gözleýänleriň hemmesine ol nur berler. BG 349.3
1844-nji ýylda garaşylýan wagt geçende, öňküleri ýaly, adwentistlik ynamyny saklaýanlar üçin juda uly synag döwri geldi. Adwentistleri özleriniň pozisiýasynyň hakykylygynda saklan ýeke - täk nur olaryň aklyny gökdäki mukaddes ýere ugrukdyran nur bolupdy. Birnäçeleri pygamberlik döwürleriniň hasaplanylyşynyň dogrudygyna bolan öz garaýşyndan ýüz öwrüp, Mukaddes Ruhuň adwentist hereketinde hemralyk eden kuwwatly täsirini ynsanyň ýada şeýtanyň täsirine degişli etdiler. Beýleki adamlar geçen synaglarynda özlerine Rebbiň ýolbaşçylyk edendigine berk ynandylar, şoňa göräde, oýa bolup, Hudaýyň islegini bilmek üçin doga edenlerinde, özleriniň beýik Baş Ruhanysynyň Özüniň ruhanylyk gullugynyň ikinji etapyna başlandygyna düşündiler hem-de iman bilen Onuň yzyna eýerip, ýerdäki Ýygnagyň jemleýji işiniň manysyna- da düşündiler. Olar birinji hem ikinji Kitabynyň 14-nji babyndaky üçünji perişdeleriň getiren habarlaryna perişdäniň dabaraly duýduryşyny aýdyň hem kesgitli düşünje aldylar. kabul etmäge we dünýä yglan etmäge Şol sebäbe görä-de, indi olar Ylham taýýardylar. BG 349.4